Jeýhun joşly döwrebap işler

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýanyň 1000 kilometrden hem gowragynyň Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize eýýäm mekdep ýyllaryndan bäri mälim. Bu çägiň esasy bölegi welaýatymyza degişlidir. Ýurdumyzyň dirilik damaryna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen hem hormatly Prezidentimiz ýakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyryldy.

Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze görnüşde esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk serişdesi bolan bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçirmek, bu işleriň netijesinde üýşürilen derýa çägesini isleg bildirýän edara-kärhanalara ýerlemek ýaly işlerden ybarat bolup durýar. Kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilip guralmagy bilen, täze görnüşli işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredi. Bularyň hatarynda derýa ýük we ýolagçy ulaglaryny ulanmak, suw ulaglaryny abatlamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek, ammarlarda ýükleri saklamak, suw desgalaryny gurmak, gämi gurluşygy we beýleki görnüşli işler alnyp barylýar. Kärhana düzümindäki 40-a golaý derýa ulaglary bilen Amyderýanyň 813 kilometr hem-de Garagum derýasynyň 200 kilometr töweregi aralygynda ulag hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol sanda Türkmenabat — Kerki, Zähmet — Zeýit aralygynda dürli halk hojalyk ýüklerini daşamak, gum sorujylary çekmek işlerini alyp barýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklaryna degişli wajyp ýükleri daşamak işleri bilen meşgullanýar. Halaç etrabynyň «Pelwert», Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiklerini derýanyň üsti bilen birleşdirýän ponton geçelgesi hem bu kärhana tarapyndan ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň biridir. Her ýylda bu geçelgeden ýüz müňlerçe ulag geçirilýär.

Gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölümi iň iri bölümleriň biridir. Kärhananyň çäginde 2 sany demir ýol bolup, olar gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminiň çäginden geçýärler. Olar şertli wagon sygyjylygy 20 wagon, uzynlygy 1008 metr bolan we Türkmenabat ulanyş bölümine ugrukdyrylan şertli wagon sygyjylygy 11 wagon, uzynlygy 295 metr bolan demir ýollardan ybaratdyr. Bilşimiz ýaly, halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gämileriň tehniki taýdan howpsuz ýüzüşiniň amala aşyrylmagyny berjaý etmek üçin ortaça her 2,5 ýyldan gämilerde bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hökmanydyr. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminiň Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda we howdanlarynda hereket edýän gämileriň we ýüzüji serişdeleriň gatnawara, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge, gurmaga mümkinçiligi bar. Bölümde dürli göwrümli gämileriň bejergisi, ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak ýa-da bejermek işleri ýerine ýetirilýär. Özi hem bu bölümde diňe bir döwlet edaralary bilen däl, hususy taraplar bilen hem yzygiderli işleşilýär. Dürli görnüşli hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary we beýlekiler bu bölümiň müşderileri bolup durýarlar. Umuman, bölüm ýylda uly mukdardaky demri, agajy gaýtadan işlemäge, kislorod öndürmäge, gämileriň we läbiksorujylaryň 20-sini abatlamaga ukyplydyr. Geljekde bu ýerde kiçi göwrümli gämileri hem-de läbiksorujylary gurnamak işleri meýilleşdirilýär. Önümçilik bölüminde guruljak bu gämiler Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda ýük daşamagyň, adam gatnatmagyň howpsuz bolmagy, derýa akabalarynda, kanallarda çuňaldyş we gönüleýiş işleriniň ýokary derejede bolmagy hem-de suw hojalyk ulgamynyň ösmegi üçin uly goşant bolar.

Kärhananyň düzüminde gurluşyk bölüminiň hem hereket edýändigini ýatlatmak isleýäris. «Derýaýollary» AGPJ-i tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi häzir Türkmenabat şäherine bezeg berýär. Täzeçe röwüşde işe başlan kärhana ýakyn wagtda welaýatyň çäginde paýly gurluşyk esasynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işini giňeltmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Kerpiç we gurluşyk çägesi birleşigiň özünde öndürilýär. Galan gurluşyk harytlaryny hem Köýtendag sebitlerinden gämi ýa-da ýük ulaglary arkaly az çykdajy bilen getirip bolýar. Kärhana tarapyndan welaýat merkezinde häzir hem birnäçe desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27186