Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty uzak geljegi nazarlaýan köpugurly ýörelgeleri öz içine alýar. Ösüşleriň örän çalt depginlerde öňe ilerleýän zamanynda ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçilikleri giň gerimli taslamalaryň çäklerinde sazlaşykly herekete getirilýär. Türkmenistan senagat we durmuş maksatly täze gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa, häzirki zaman serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary hem giňden ulanýar. Öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa «ýaşyl ykdysadyýetiň» kemala getirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Ekologiýa babatda gürrüň gozgalanda, geçen asyryň iň uly möhüm halkara duşuşyklarynyň biri bolan Ýer ýüzüniň Sammitinden ýa-da BMG-niň daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatyndan ýigrimi ýyl geçenden soň geçirilen «Rio+20» bütindünýä maslahatyna Türkmenistanyň gatnaşmagy, şol maslahatda hormatly Prezidentimiziň çykyşyna uly orun berilmegi bu ugurda biziň ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Şunda bellenilişi ýaly, önümçiligiň innowasion, serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan zyýansyz tehnologiýalaryna esaslanýan «ýaşyl ykdysadyýete» geçilmegi adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaldýar. Munuň özi umumydünýä meýli bolup, ol tutuş adamzadyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

2017-nji ýylda ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etdi. Onuň 28-nji mejlisi 50 döwletden gatnaşyjylaryň 200-den gowragyny bir ýere jemläp, Aşgabadyň häzirki döwrüň hem-de dünýä ösüşiniň, şol sanda ählumumy energetika meseleleri boýunça ösüşiň ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly çekişmeler meýdançasy diýen belent derejesini nobatdaky gezek tassyklapdy. Şonda maslahata gatnaşan daşary ýurtly bilermenler, maslahatçylar hem-de kompaniýalaryň öňdebaryjy menejerleri energetika ulgamyndaky maýa goýumlaryň töwekgelçiliklerine baha bermek babatda garaýyşlaryny aýtdylar, şeýle hem halkara bazaryň esasy meselelerine hem-de görnüşlerine seljerme berdiler. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, gaýtadan dikeldilen energiýa çeşmelerini peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek we beýlekiler babatda taslamalary amala aşyrmak boýunça milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli berjaý edildi. Täze gurlan onlarça senagat kärhanalarynyň ählisiniň hem kämil derejeli iň täze tehnologiýalara esaslanýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Arkadagymyzyň çuň paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň durmuşynyň ösüşleriniň ýeten belent derejeleri bu gün her bir türkmenistanlyda uly buýsanç duýgularyny döredýär.

Akgül AKMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27655