Möhüm ugurda gymmatly tejribe

Elektrik energetikasy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup, ol diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleriň çözülmegine däl, eýsem, durmuş ähmiýetli wajyp wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sanly ulgama geçirilmegini gaýragoýulmasyz döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitleýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatlaryna laýyklykda, iri senagat toplumlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem energetika pudagy üçin ylym-bilimiň we tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebimizde ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy çuňňur öwretmek maksady bilen, ösen döwletleriň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Muňa mysal edip, ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda energetika pudagynda öňdebaryjy döwletleriň alymlarynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň, şeýle hem «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Okuw maslahatynyň barşynda Awstriýa, Belarus Respublikasy, Gazagystan, Ermenistan ýaly döwletlerden bilermenler bilen gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ornaşdyrmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Häzirki wagtda elektrik energiýasyny öndürmegiň halkara tejribesi öwrenilende, elektrik energiýasyny sarp etmegiň ekologiýa taýdan arassa ulgamynyň ylmy nukdaýnazarlaryny tejribede peýdalanmak döwrümiziň iň derwaýys meseleleriniň biridir. Bütin dünýäde energiýanyň daşky gurşaw üçin zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine bolan gyzyklanma barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda hem döwrüň talabyna eýerilip, energetika kuwwatlyklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek we ýerüsti hem-de ýerasty baýlyklarymyzy halkymyzyň eşretli durmuşyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirmek ugrundaky tagallalaryň mundan beýläk hem ilerlemegine ýardam edýär.

Gülälek GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27867