Mahabatlandyrma — önümlere we hyzmatlara gyzyklanma

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen, haryt bolçulygyny döretmekde we düýpli gurluşyk işlerinde göwrümli işleri ýerine ýetirýän kiçi we orta telekeçileriň işlerine uly goldaw berip biljek kanunlaryň biri-de, «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu biziň kanunçylyk ulgamymyzdaky täzelikleriň biri, mahabatlandyrmak işini düzgünleşdirýän ilkinji Kanundyr. Agzalan  Kanun mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň, ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Bellenilen Kanunyň 2-nji maddasynyň birinji bölegindäki mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygynyň bellenilmegi, onuň kadalarynyň ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklaryna esaslanýandygynyň, demokratik ýol-ýörelgelere eýerilýändiginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň esaslaryny berkitmekden ugur alýandygynyň tekrarlanmasydyr. Şu nukdaýnazardan, mahabatyň umumy talaplary onuň kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabatyň sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmezlikden ybarat bolmagy bilen baglydyr. Şeýlelik bilen, mahabatyň kanuny bolmagy onuň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyny esaslandyrýar we bu düzgüniň bozulmagy mahabat beriji üçin ýaramaz netijelere getirip biler.

Kanunda ýaýradylýan mahabatyň manyly we düşnükli beýan edilmegi barada aýratyn talap bildirilýär. Kanunyň 5-nji maddasynyň 2-nji böleginde mahabata, ony ýaýratmagyň görnüşlerine ýa-da ulanylýan serişdelerine garamazdan, ýörite bilimler bolmazdan ýa-da ýörite (tehniki) serişdeleri ulanmazdan, onuň berlen pursadynda, oňa gös-göni düşünilýän bolmalydygy kesgitlenilendir. Bu düzgün mahabatlandyrylýan zadyň obýektine degişlilikde ýeterlik düşünjesi bolan her bir adam üçin onuň düşnükli bolmalydygyna we hakykylygyna göz ýetirmek üçin goşmaça barlag geçirmezden, düşünip bilinmegine bildirilýän talapdyr.

«Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda mahabat işini düzgünleşdirýän beýleki düzgünler, şol sanda mahabaty ýaýratmagyň aýry-aýry usullarynyň aýratynlyklary, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň mahabatlandyrylyşynyň aýratynlyklary, göwnejaý bolmadyk mahabatlar, mahabat çygrynda döwlet gözegçiligi we beýleki meseleler hem düzgünleşdirilendir.

Berkarar döwletimizde mahabatlandyrmak işi telekeçilik işiniň has-da ilerlemegine oňyn täsirini ýetirip biljekdigi ikuçsuzdyr.

«Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäni öňe sürüp, halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren, ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere, gazanylýan ägirt uly üstünliklere halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, döredijilikli zähmete ugrukdyrýan, raýatlarymyzyň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! 

Jennet MYRATBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň maglumatlary seljeriş bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27351