Ýerli çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagy ýurdumyzda-da, onuň çäklerinden daşarda-da uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu pudakda uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu taslamalar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mineral dökünleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga şert döreder.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny, azyk howpsuzlygyny gazanmakda oba hojalyk pudagy aýratyn ähmiýete eýedir. Pudagy ylmy esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmek syýasatynyň özenini emele getirýär. Yssy howa şertlerinde ýer-suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň ýollaryny öwrenmek we oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri hasaplanýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüş strategiýasy ýerli çig mallary has işjeň ulanmaga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, oba hojalygynyň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilendir.
Ýurduň bar bolan çig mal gorlary mineral dökünleriň dürli görnüşlerini içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek derejede öndürmäge, şeýle-de olaryň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ekinleriň hasyllylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagyna, olaryň zyýanly mör-möjeklere we dürli kesellere garşy çydamlylygyna aýratyn üns berilýär. Tebigy kaliý duzlary önümçilik üçin esasy çig mal bolup durýar. Şeýle duzlaryň ägirt uly gorlary Türkmenistanyň Garlyk, Garabil ýataklarynda ýüze çykaryldy.
Düýpli özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzyň oba hojalygy üçin niýetlenen ýokary hilli döküniň öndürilişini artdyrmak «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Maryazot» önümçilik birleşigi, Tejen we Mary şäherlerindäki karbamid öndürýän zawodlar, Türkmenabadyň azot we fosfor dökünlerini taýýarlaýan himiýa kärhanasy, Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy hasyllylygyň artdyrylmagyna ýardam berýän dökünleri uly möçberde öndürýärler.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodlaryň önümleri dünýä ülňülerine laýyk gelýär we olar bäsdeşlige ukyplydyr. Şeýlelikde, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkemegi onuň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna ýardam berer.
Kadyr AMANOW.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.