Ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty artdyrylýar

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, milli Liderimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda ösdürilmelidigini belledi. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we pudaga degişli häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň üçünji müňýyllygyň beýik maksatlaryna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibine laýyklykda, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".