Ykdysadyýet

ZYÝANSYZLANDYRYŞ SERIŞDESINIŇ ÖNDÜRILIŞI ARTÝAR

«Lukmançylyk enjamlary» kärhanasynyň Daşoguz welaýat şahamçasynda ilaty dürli ýokançlardan goramak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde wiruslara we bakteriýalara garşy esasy zyýansyzlandyryş serişdesi bolan natriniň gipohloridiniň öndürilişi barha artýar. Geçen 2021-nji ýylda hem kärhanada bu ugurda ýokary netijeler gazanyldy. Has takyk aýdylanda, geçen ýyl kärhanada bu zyýansyzlandyryş serişdesiniň 3 müň 100 tonna golaýy öndürildi. Kärhananyň bu babatdaky gazanan ösüşi 148,7 göterime barabar boldy.

* * *

MYNASYP GOŞANT

Welaýatymyzyň «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň agzybir işgärleri birnäçe ýyldan bäri her möwsümde pomidoryň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Toplumda 2 sany önümçilik bölümi bolup, olaryň hersiniň meýdany 5 gektara barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde işçi-hünärmenleriň 108 sanysy agzybirlikli zähmet çekýärler. Şu möwsümde ýyladyşhanada pomidoryň hasylly we tagamly, ýyglandan soň uzak wagtlap zaýalanman saklanýan «Bandito» görnüşi ýetişdirildi. Ýyglan önümiň belli bir bölegi içerki bazarlarymyzyň üsti bilen ýurdumyzyň ilatyna ýetirilse, galan bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. Toplumyň işgärleri geçen 2021-nji ýylda pomidoryň 1068 tonnasyny daşary ýurtlara goýberdiler. Bu ýerde önümçiligiň ýokary netijeliligine mynasyp goşant goşup, köplere görelde bolmagy başarýan işgärler az däl. Olardan Maýagözel Hudaýnazarowanyň, Nahal Atabaýewanyň, Saýat Uzakowanyň, Oguljahan Dostjanowanyň, Haýtgül Öwezowanyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak bolar. Döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen toplumyň işçi-hünärmenleri işlemäge amatly mümkinçilikleri döredip berýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.

* * *

ABATLAÝJYLARYŇ ÝOKARY GÖRKEZIJILERI

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ähli daýhan birleşiklerinde şu günler möwsümleýin meýdan işleri giň gerimde alnyp barylýar. Güýzlük bugdaýlara ideg etmek, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, onda ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak etrabyň oba hojalykçylarynyň esasy aladalaryna öwrüldi. Bu işleri geçirmekde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy aýratyn üstünlikleri gazanýar. Kärhana degişli bolan dürli kysymly tehnikalaryň 50-siniň sürüm, tekizleme işlerinde, 67-siniň gowaça ekmekde peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly hem daýhan birleşiklerine degişli bolan boronalar, malalar, ekijiler, derman pürküjiler, dökün sepijiler, hatarara bejergi gurallary tejribeli hünärmenler, ezber abatlaýjy ussalar tarapyndan gözden geçirilip, möwsüme doly taýýar edilýär. Şeýle hünärmenleriň hatarynda Aşyr Ýegendurdyýew, Gumman Hudaýberdiýew, Ýagşymyrat Magtymow, Magsat Gökjäýew dagyny görkezmek bolar.

Gülhumar HOJAHMETOWA.