Buýsanja beslenen dabara

Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzda ýokary derejeli belent sepgitleri nazarlaýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri bedew bady bilen öňe alyp barýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň üstünliklere beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär. Muny şu ýylyň fewral aýynyň 11-ine ýurdumyzyň Maslahat köşgünde döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem dolulygyna tassyklaýar. Onda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ýurdumyzyň geljekki 30 ýyllyk döwri üçin taryhy çözgüt kabul etdi.

Şoňa görä-de, düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahat geçirilip, oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri — ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, sungat, döredijilik işgärleri, ussat halypalar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegini nazarlaýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri barada çykyş edip, Gahryman Arkadagly ilimiziň geljegini nazarlaýan şöhratly gadamlaryň tarypyny ötgür galamyndan dörän setirlerdir şirin owazly aýdym-sazlary bilen ýetirjekdiklerini belläp geçdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda çykyş edenler milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, oňa gatnaşyjylar ýörite bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde

«Arkadagym bar!» atly aýdymyň belent owazyna goşulyp, milli Liderimize bolan çäksiz buýsançlaryny gyzgyn el çarpyşmalary bilen beýan etdiler.

Baýmyrat MUSAÝEW,

«Esger».