Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «akylly şäher» taslamasy esasynda ägirt uly gurluşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Akylly öý» taslamasy esasynda ilkinji durmuşa geçirilen gurluşyklar hökmünde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny mysal getirmek bolar. Bu döwrebap öýlerde häzirki zaman enjamlar we Internet ulgamy arkaly işleýän döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. «Akylly şäher» maksatnamasy esasynda häzirki wagtda gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi bu ugurda ägirt uly toplumlaýyn taslamalaryň biridir. Özi hem, bu dolandyryş merkeziniň ilkinji tapgyrynyň ýakyn wagtda, ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dekabr aýynda ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi has-da guwandyryjydyr. Täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda durmuş maksatly 336 sany desganyň açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi 950 gektar çäkde ýerleşip, onda 70 müňe golaý ilatyň döwrebap ýaşamagy üçin şertleri döretmäge niýetlenendir. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň döwrebap şäherleri gurup, döredip, halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda dünýäni haýrana goýup bilýän beýik işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şäher gurluşygynda döwrebap aragatnaşyk we maglumat ulgamlarynyň, «ýaşyl tehnologiýalaryň» giňden ulanylmagy bu ýerde geljekde zamanabap, ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän şäher gurşawynyň kemala geljekdigini buşlaýar.
Geçen ýyl, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilen günlerinde, hormatly Prezidentimiz ýene-de bir ägirt uly taslamanyň — «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna ak pata berdi. Bu gurluşyk taslamasyny paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurmak bellenilip, ol özüniň uly möçberi we sanly innowasiýalary özünde jemleýänligi bilen aýratyn tapawutlanýar. «Aşgabat-sitiniň» baş meýilnamasynyň taslamasyna laýyklykda, bu ýerde 200-den gowrak binany öz içine alýan 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Täze döwrebap şäheriň taslamasy 744 gektar çäkde 107 müň ilatyň bagtyýar we döwrebap durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýakynda bu ägirt uly taslamanyň Internet ulgamynda resmi internet saýty hem işläp başlady. Internet ulanyjylar «www.ashgabatcity.gov.tm» salgysy arkaly bu taslama baradaky maglumatlar, täzelikler bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Şeýle hem, iň häzirki zaman programma usullarynyň ýerlikli ulanylmagy bilen döredilen Internet saýtynda okyjylar geljegiň ägirt uly şäherinde wirtual görnüşde «gezelenç» edip, janly görnüşe ýakyn şekilde has içgin tanşyp bilerler.
Hasaplamalara görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli bu sanyň 70 göterime çenli artjakdygy habar berilýär. Şeýlelikde, şäherleşme hadysasynyň ösmegi bilen, köp ilatly şäherlerde dolandyryşyň kadaly, döwrebap we ekologik talaplaryň berjaý edilmegi üçin döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçilikleri zerur bolup durýar. Eýsem, şu talaplary özünde jemleýän «akylly şäherler» hökmünde, ilkinji nobatda, dünýäniň haýsy şäherleri göz öňüne gelýär? Ada şäher döwleti bolan Singapur, Günorta Koreýanyň paýtagty Seul, Norwegiýanyň paýtagty Oslo, Finlandiýanyň paýtagty Helsinki, ABŞ-nyň iň iri şäherleriniň biri Nýu-Ýork, dünýä bank we maliýe merkezleriniň biri bolan Şweýsariýanyň Zurik şäherini «akylly şäher» maksatnamasy esasynda yzygiderli ösýän şäherleriň hataryna goşýarlar. Geljekde, bu şäherleriň hataryna biziň ýurdumyzdan hem şäherleriň goşuljagy barada oýlananyňda, hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine buýsanjyň, guwanjyň artýar.
Halkymyzy bir başa jemläp, belent üstünliklere tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».