Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa babatdaky we adamzadyň howpsuz ýaşamagynyň beýleki ugurlary boýunça başlangyçlarynyň çuňňur ylmy we amaly esasy umumadamzat bähbidine gönükdirilendir.
Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalar, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň kadalarynda energiýa üpjünçiligi çygryny düzgünleşdirýän düzgünler öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýerüsti we ýerasty baýlyklaryň, suwuň, ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilendir. Şeýle hem döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi, her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy görkezilendir.
Häzir Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň geljekki ösüşine onuň ekologiýa ugruny göz öňünde tutmazdan garamak mümkin däldir. Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr. Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit işleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýän we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny we Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.
Energiýa üpjünçiligi islendik ýurduň ykdysadyýetiniň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň işine we ösmegine uly täsir edýär. Şol sebäpli energetikany kadaly ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak hemmeler üçin möhüm ähmiýetli wezipe bolup durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diňe bir öz milli kanunçylygyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hukuk kadalarynyň hem döredilmegi üçin oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär, ýagny öz milli bähbitlerini nazara almak bilen, sebit hem-de halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylykly ösüşine gönükdirilen umumadamzat meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar.
Bu Kanun gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň energiýa howpsuzlygynyň strategik meselelerini energiýa üpjünçiligi we ekologiýa taýdan arassa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamak bilen pugta baglanyşdyrmagy wajyp ähmiýete eýedir. Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi, ozaly bilen, Günüň we ýeliň özgerdilen energiýasynyň binýadynda alynýan tebigy energiýanyň tükeniksiz gory bilen şertlendirildi. Häzirki wagtda dünýäniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly maýa goýumlaryny goýýar, olaryň hatarynda daşky gurşawy goraýan we durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga ýardam edýän «ýaşyl energetika» taslamalaryny — ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmek, hususy telekeçilik işini ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglydyr.
Döwletiň ekologik wezipelerini amala aşyrmakda tebigy gurşawy goramagyň we rejeli peýdalanmagyň hukuk esaslarynyň ähmiýeti has uludyr. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar tebigatdan rejeli peýdalanmaga we ony goramaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Kanunlarda görkezilen kadalar ähli adamlar, kärhanalar we guramalar tarapyndan berk berjaý edilmelidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak arkaly milli we halkara bähbitlerine laýyk gelýän durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky öňe süren başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.
Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.