Milli ykdysadyýetimizde hususyýetçileriň paýy artýar. Olar diňe içerki däl, eýsem, daşarky bazara-da geçginli önümlerini iberýärler.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ilkinji aýynda welaýatyň hususyýetçileri tarapyndan ter pomidorlaryň 488, ot-iýmlik darynyň 850, bitumlyk mastikanyň 1277, regenirlenilen pagta süýüminiň 42 tonnasy eksport gümrük düzgüninde ýerleşdirildi. «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna goşant goşýarlar. Döwlet tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň hereket etmeginiň netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler ösüşlere eýe bolýar. Welaýatyň çägindäki döwlet kärhanalarynyň nah ýüplük, buýan köki we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty boýunça görkezijiler hem artýar.
Kurbandurdy ÇARYÝEW
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.