Alyslary ýakyn edýän ýollar

Her bir güni guwandyryjy wakalardan doly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan özgertmeler buýsançly başymyzy gök diredýär. Ajaýyp zamanamyzda yzda galýan ýyllary, dost-doganlyk baýdagynyň astynda geçilýän ýollaryň her birine nazar aýlanyňda, ilki bilen, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin amala aşyrylan işler göz öňüňe gelýär. Dürli ugurlardan durmuşa geçirilýän täzeçillikler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna gönükdirilse, şol ajaýyp maksatlar üçin gurulýan belentden-belent binalar türkmen bagtyýarlygynyň nyşany bolup, ýüreklere şatlyk duýgularyny paýlaýar.

Sahawatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýollary haýsydyr bir döwrüň çäginde dowam etmän, eýsem, döwürlere, eýýamlara barabar bolýar. Agzybir il-ulsumyzyň bagtyýarlyk menzilleriniň alyslara uzamagy ugrunda bu Watanda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuşy her birimiz üçin ajaýyp ýörelgä öwren milli Liderimiziň iň uly sport baýramçylygynyň — XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýerine — Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary hem şeýle wakalara baýlygy bilen taryha girdi.

Olimpiadanyň asyrlaryň aňyrsyna alyp gidýän taryhyna nazar aýlanymyzda, onuň düýp özeninde parahatçylyga we dostanalyga ymtylyşyň ýatandygyna göz ýetirmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň dünýä halklaryny bir ýere jemlän, planetanyň iň iri sport baýramynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy halkymyzyň asuda durmuşa söýgüsiniň beýanyna öwrüldi. Şonuň bilen bir wagtda-da milli Liderimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýaly iri ýaryşlar üstünlikli geçirilen ýurdumyzda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Hoşniýetlilik — her bir ädilen ädimiň şowlulyga, üstünlige, goldawa eýe bolmagynyň ilkinji şerti. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň hoşniýetliligi ýörelge edinip alan daşary syýasat ugry özüniň ajaýyp miwelerini berip gelýär. Muny dünýäniň ykdysady taýdan iň iri döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň mysalynda-da görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ýurda iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpi bilen ýokary derejedäki söhbetdeşligi hem birek-birege hormat goýmak arkaly dowam edýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygynyň tassyknamasyna öwrüldi.

Şu ýerde bir zady — Garaşsyzlyk ýyllary içinde iki dostlukly ýurduň arasynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Ýyllara uzap gidýän we barha ýygjamlaşýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada gürrüň açylanda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika ulgamynda ýetilen sepgitler göz öňüne gelýär. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komiteti bolsa bu ugurda işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýän gurala öwrüldi. Bu komitetiň geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen mejlisinde 5 resminama, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekilmegi-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has belent derejelere galjakdygyndan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň, «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň wekilleri bilen sowal-jogap söhbetdeşliginde-de: “Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi” diýip bellemegi hem gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem nebitgaz pudagydyr. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän gaz geçirijiniň gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändigini aňladýar. Bu taslama sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr. Şu ýyl Garaşsyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň geçen 30 ýyldaky ösüşli ýollaryna nazar aýlanyňda-da, Hytaý Halk Respublikasy bilen dürli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, ulag ulgamynda we energetikada, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň miwelerine, oňyn netijelerine göz ýetirmek bolýar. Strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bolsa deňhukuklylyk, özara bähbitlere düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Amyderýanyň sag kenaryndaky nebitli-gazly ýataklary özüne birleşdirýän bu sebitde uly işler amala aşyrylýar. Uly maýa goýum taslamasy bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy barada hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa akdyrylmagy dünýä belli behişdi bedewleriň ýyndamlygy ýaly okgunly we birkemsiz bolmalydyr...» diýen sözleri türkmen we hytaýly hünärmenler üçin gaz geçirijiniň gurluşygynyň bütin dowamynda baş şygar bolup hyzmat etdi. «Asyryň taslamasy» adyny alan bu gaz geçirijiniň gurluşygy Özbegistanyň, Gazagystanyň ymgyr çölleriniň, dag-düzleriniň içi bilen geçende-de gowşamady. Netijede, ol iki ýyldan sähelçe gowrak wagtyň içinde Hytaýyň içindäki bellenilen çäklere baryp ýetdi.

2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Amyderýanyň sag kenaryndaky Samandepe meýdançasynda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine türkmen tebigy gazynyň ilkinji akymynyň goýberliş dabarasy bolup geçdi. Taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka dünýä ýaň saldy. Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde ylalaşygyň gazanylmagy we Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmegiň tabşyrylmagy geljekki ýyllarda hem hyzmatdaşlyklaryň ýygjam we depginli häsiýete eýe bolmagynda galjakdygynyň guwandyryjy güwäsidir. Sebäbi haýsydyr bir ugurda hyzmatdaşlygyň uzak ýyllaryň dowamynda yzygiderli alnyp barylmagy, ilkinji nobatda, birek-birege ynamdan, taraplaryň ygtybarlylygyndan habar berýär. Garaşsyz ýurdumyz dünýä ýüzünde ähli babatda ygtybarly döwletiň abraýyna eýedir. Milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň miwesi bolan parahatçylyk, asudalyk bolsa hyzmatdaşlyk ygtybarlylygynda esasy şertleriň biridir.

Ýagşy niýet bilen ädilen ädimler özüniň oňyn miwesini, döwlet-berekedini eçilýär. Munuň şeýledigini geçilen menzillere nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ak lybasda sport baýramçylygyny toýlaýan Pekine sapary hem ak geljegiň uzak menzilleriniň şowly gadamlarynyň başlangyjy bolar. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ylym-bilim, medeniýet, sungat ugurlaryndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidiljekdigine biziň ählimiz ynanýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly syýasaty alyslary ýakyn etmek bilen arka atylýan ýyllary ösüşlere besleýär.

Goý, biziň ýüreklerimizde mukaddes ynam daragtyny ekip, bagt ýollarymyzy dünýä sary uzaldýan Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mukaddes tutumlary rowaç bolsun!

Gaýgysyz ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.