Durmuş ugurly karz syýasatynyň mümkinçilikleri

Islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ykdysadyýetiň beýleki gurallary bilen birlikde pul-karz syýasatyna-da aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň banklary tarapyndan edara-kärhanalara we ilata berilýän karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylýar, möhleti uzaldylýar. Şeýlelikde, kärhanalaryň maliýe mümkinçilikleri ýokarlanýar, göz öňünde tutulan maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär, önümçiligi düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan amatly şertler döredilýär.

Karz edaralary tarapyndan berilýän karzlar bir gezekde ýa-da karz ugruny açmak görnüşlerinde berilýär. Karz ulgamy tarapyndan ykdysadyýetiň pudaklaryna, şol sanda döwlete dahylsyz bölege berilýän karzlar olara ýeterlik möçberde dolanyşyk serişdelerini almaga, önümçilik maksatly işleri çaltlandyrmaga, öňdebaryjy tehnikalary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýokary ykdysady netijeliligi gazanmaga, durnukly ösüşe saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Raýatlara ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar olaryň harytlara, hyzmatlara ösen isleglerini kanagatlandyrmaga, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga amatly şertleri döredýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary soňky ýyllarda karz syýasatyny döwrüň talabyna laýyklykda we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirýärler. Bu ugurda karz edaralarynyň hyzmatlar bazarynda halkara karz institutlarynyň tejribesini öwrenmekleri, milli ösüş aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, olary bank önümçiligine ornaşdyrmaklary maksadalaýyk ýagdaýdyr. Şunda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Karz amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe wagty we serişdeleri tygşytlaman, eýsem, karzyň maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi ýola goýmaga, ýüze çykarylan kemçilikleri çalt düzetmäge, karzyň ykdysady ösüşdäki ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilýän döwründe banklaryň karz gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär we täze görnüşleri peýda bolýar. Olaryň arasynda şahsy hojalygyny ýöredýän müşderilere goldaw bermek maksady bilen, kiçi göwrümli karz hyzmatlarynyň ýola goýulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kiçi göwrümli karzlar mellek ýeri, kömekçi hojalygy ýa-da bellenilen tertipde bölünip berlen ýer bölegi bar bolan raýatlara 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterimine, 6 aý ýeňillikli döwür bilen, 3 ýyla çenli möhlete berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi kabul edilýär. Bu karzlaryň berilmegi ýurdumyzyň welaýatlarynyň oba ýerlerindäki kiçi önümçilikleriniň ýa-da önüm öndürijileriň ýerli çig mallar bilen üpjün edilmegine amatly şertleri döredýär.

Soňky ýyllarda banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzyň täze görnüşleri hödürlenýär. Olardan «Overdraft», «Talyp karzyny», ipoteka, ýaş maşgalalar üçin, sarp ediş we kiçi göwrümli beýleki karzlary görkezmek bolar. Täze ýola goýulýan döwrebap hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklar arkaly bank kartlaryndan goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär. Olaryň ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrylmagy, bank kartynda ýeterlik serişde ýok mahalynda, indiki aý geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz berilmegi, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin tölegleriniň, banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirilmegi we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalaryň bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn ýüzlenme arkaly ýollanmagy müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly geçirilýän çäreleriň ählisi kärhanalaryň we raýatlaryň karz serişdelerine isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.