«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» häzirki zaman bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy çemeleşmelere esaslanýan durmuş-ykdysady syýasatyň ähli ugurlary, ýakyn we uzak geljek üçin öňde durýan wezipeler, olary ýerine ýetirmegiň ýollary öz beýanyny tapýar. Şunda Döwlet býujetiniň oýlanyşykly işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meselä uly orun degişlidir.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen nobatdaky maslahatynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilip taýýarlanylan birnäçe kanunçylyk namalary bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun hem deputatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan kabul edildi. Onda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş üpjünçiligi syýasatynda raýatlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, adam mümkinçiliginiň artmagy üçin şertleri döretmek ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň dürli ugurlarda işleýän raýatlarymyzyň zähmet haklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli serişdelerdir kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki tölegler Döwlet býujetinde dolulygyna orun aldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, döwlet kömek pullarynyň möçberine täzeden seredilmegi, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleriň berilmegi üçin degişli serişdeleriň hem göz öňünde tutulmagy örän guwandyryjydyr.
Maýa goýum syýasaty barada aýdylanda, ol 2022-nji ýylda degişli milli maksatnamalarda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlary hasaba almak bilen, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde anyk netijeleri gazanmaga, ykdysadyýetiň düzümini kämilleşdirmäge, hereket edýän önümçilikleri çalt depginde döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, ýokary tehnologik önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir. 2022-nji ýylda köp möçberdäki maýa goýumlary nebitgaz, gurluşyk, obasenagat toplumlaryna, durmuş-medeni we beýleki ulgamlara gönükdirmek meýilleşdirildi. Olaryň ösmegi ýurduň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge, ykdysadyýetiň öz-özüni üpjün edişiniň we goýlan serişdeleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Gazhimiýa pudagynyň kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagy netijesinde dürli önümleriň önümçiligi artdyrylar. Ulag ulgamynyň ähli ugurlarynda döwrebaplaşdyrmak we ösüş işleri boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar. Şähergurluşyk, ýaşaýyş jaý maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ep-esli möçberdäki maýa goýumlary goýuldy. Üstümizdäki ýylda gündelik sarp edilýän harytlaryň önümçiligini has-da artdyrmaga hem uly üns berilýär. Senagatlaşmaga we senagaty hil taýdan kämilleşdirmäge alnan ugur mineral serişdeleriň baý düzümine esaslanýar. Onuň gazylyp çykarylýan önümçilik bilen bir hatarda, himiýa, gurluşyk materiallary, derman önümçiligi, ýeňil, azyk senagatynyň, balykçylygyň we beýleki pudaklaryň mundan beýläkki ösüşlerine ýardam etjekdigi gümansyzdyr.
2022-nji ýylyň Döwlet býujetine laýyklykda, elektroenergetika ulgamy hem depginli ösdüriler. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky elektrik bekediniň durkuny täzelemek we giňeltmek, Aşgabat şäherinde energetika enjamlaryny bejermek hem-de hyzmat etmek boýunça merkezi gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi bolsa energiýany netijeli we ýerlikli ulanmak bilen çäklenmän, onuň öndürilişini ýokarlandyryp, eksport mümkinçiligini-de has artdyrar.
Obasenagat önümçiliginde gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek dowam etdiriler. Täze kärhanalary döretmek, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak öňde duran wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Oba hojalyk pudagynyň ösüşini üpjün etmek üçin ählitaraplaýyn goldaw berilýär. 2022-nji ýylda 1 million 402 müň 500 tonna bugdaý we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýetişdirmek maksat edinilýär. Gök-bakja, şeýle-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberini artdyrmak, olaryň käbiriniň eksport mümkinçiliklerine ýol açmak ugrunda uly işler amala aşyrylar. Şunda et önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçilikleri aýratyn orun eýeleýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde raýatlaryň durmuş goraglylygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp, aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin welaýatlarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işleri-de dowam etdirilýär.
Görnüşi ýaly, 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şeýle-de sebitleri has depginli we sazlaşykly ösdürmegi, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny göz öňünde tutýar. Döwletiň ýakyn we uzak geljek üçin maksatlaryna hyzmat etjek durnukly we depginli ykdysady ösüş halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin ygtybarly binýady döredýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň has-da dabaralanmagyna oňyn şertleri döretmek bilen, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini täze belentliklere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.