Bagtyýarlygyň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy Watana buýsanjyň beýany, oňa ak ýürekden hyzmat etmäge çagyryş boldy.

Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna ýugrulan dürdäne setirleri biziň ýüreklerimiziň mukamyna öwrüldi.

Türkmen halky hemişe ýagşy söze hormat goýupdyr. Ýagşy niýetli halkymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da batly gadamlary diňe öňe!

Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz bize ata Watany jandan ezizläp söýmegiň belent nusgasyny görkezýär. Mukaddes ýörelgelerden ruhlanýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri bitirip toý-baýramyny uludan toýlaýar. Bagtyýar mekdep okuwçylarymyz, talyplarymyz hem Watany başyna täç edip okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz yhlasly zähmeti, ukyp-başarnygy, kämil hünär derejesi bilen dünýä çykýar, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny dowam etdirýär.

Ýurdumyzyň ösüşi hakynda söhbet edilende, şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza, edebiýatymyza goýulýan sarpa dogrusynda hem kelam agyz aýtmak ýerliklidir, sebäbi her bir halk taryhy we medeniýeti bilen tanalýar.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, özboluşly edebiýaty, sungaty, medeniýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär, dünýä dillerine terjime edilýär. Paýtagtymyzyň ilerisinde Köpetdagyň eteginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň belent heýkeliniň açylyş dabarasyna hem taýýarlyk görülýär. Bu dabara Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň nusgalyk milli mirasynyň, ýol-ýörelgesiniň bardygyny görkezýär. Şeýle gymmatlyklarymyzy umumadamzat gymmatlyklygyna öwürmek boýunça beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan gözbaş alýar. Munuň gymmatyny düşündirmek, wagyz-nesihat etmek üçin bu ugurda tejribeli hünärmenler yhlasly zähmet çekýärler.

Alnymyzdan dogýan ak günlere şöhrat-şan berýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, saglygy goraýyş, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek, medeniýet ulgamyny ösdürmek bilen bagly maksatlarymyz myrat tapýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Bu günki gün ähli ugurlarda buýsandyryjy ösüşleri görmek bolýar.

Milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy, halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagy aýratyn bellärliklidir. Ynha, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa, eziz ildeşlerimizi juda buýsandyrdy we milli medeniýetimize bolan söýgini has-da artdyrdy. Bularyň her biri bagtyýarlykdyr, hoşniýetlilikdir, asylly ýörelgedir. Şonuň üçin hem bu bagtyýarlyga her birimiz buýsanýarys we şeýle ajaýyp günleri ýüzümize sylýarys.

Türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş eden hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulnabat MUHADOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kitaphana müdiri.