Geljegi kuwwatly pudak

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny kadaly ösdürmek boýunça örän uly işler durmuşa geçirildi. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini we bu ugurda öňde duran wezipeler barada aýratyn belläp geçdi. Bu babatda «Türkmenistan — Hytaý» halkara gaz geçirijisiniň kuwwatyny tapgyrlaýyn artdyrmak, «Bagtyýarlyk» käninde täze ýataklary işe girizmek, känleri senagat taýdan özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energiýasyna degişli iri senagat desgalaryny gurmak, pudak boýunça geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek wezipeleri esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Her bir welaýatda täze gazhimiýa toplumlaryny — polietilen, polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinil asetat, metonal öndürýän toplumlary gurmak, dokma pudagy üçin sintetik süýümleri öndürmek boýunça başlangyçlar hem guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyz bu pudak boýunça uglewodorod däl ugurlary — wodorod ýangyjy we bioýangyç ýaly ugurlaryň hem ösdürilmelidigine örän ýerlikli üns çekdi. Her bir işde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine üns berýän hormatly Prezidentimiz bu pudakda amala aşyrylýan taslamalaryň daşky gurşawa edýän täsirine baha bermek boýunça işleriň durmuşa geçirilmelidigini hem belledi.

Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary kämil, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri bilen gönüden-göni baglydyr. Çünki nebitgaz pudagynda düýbi tutulan we geljekde işe girizilmegi göz öňünde tutulýan önümçilik toplumlar ylmyň we inženerçilik pikiriniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek, toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça goýan wezipeleri ylmy, bilimi we önümçiligi utgaşdyryp alyp barmak arkaly çözülýär. Milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň ygtybarly girewidir.

Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Diňe Garaşsyzlygymyz bize öz mümkinçiliklerimizi öz eşretlerimiz üçin ulanmak, öz baýlyklarymyza eýe bolmak bagtyny berendir» diýip, milli baýlygymyzy halkymyzyň abadançylygy üçin ulanmak mümkinçiliginiň uly bagtdygyny beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşyny, durnukly ösüşini üpjün etmek ugrundaky tutumly başlangyçlary, milli ykdysadyýetiň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek babatda alyp barýan işleri geljekde-de kuwwatly dowamata eýe bolar.

Gyzylgül MEZILOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

* * *

Döwrebap ösüşleriň aýdyň beýany

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meýilleşdirilen maksatnamalarda elektrik energetikasy pudagyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki hereket edýän, şeýle hem bina edilýän täze senagat we durmuş maksatly desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça işler toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedir.

Energetika pudagynyň häzirki zaman ösen düzümini döretmek tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şertidir. Bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak, oňa iň gowy dünýä tejribesini, innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak şu günüň esasy wezipeleriniň biridir. Sebitlerde häzirki zaman gazturbina elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, paýlaýjy kiçi elektrik beketleri gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň elektrik üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy täzelenýär. Bu çäreleriň netijesinde energetika senagatynyň kuwwatlyklary birnäçe esse ýokarlandy. Ýurdumyzda elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegi giňeltmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda binagärligiň gadymy milli däpleri, şeýle hem häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi nazara alnyp, senagat, işewür, durmuş we medeni ähmiýetli desgalar bina edilýär. Gahryman Arkadagymyz golaýda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Görogly etrabyndaky «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk jemgyýetine baryp gördi we işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň telekeçileriň netijeli işlemegi, täze önümçilikleriň ýola goýulmagy üçin mundan beýläk-de zerur şertleriň dörediljekdigini bellemegi milli ykdysadyýetimiziň altyn gaznasyna öwrülen hususyýetçileri has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy.

Ýurdumyzyň sebitleriniň köpugurly ösmegine, milli ykdysadyýetiň döwrebap derejede öňe ilerlemegine, bu ösüşlere ýaşlaryň mynasyp goşant goşmagyna döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, döwletli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Koýumberdi ALLABERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.