Aşgabat, 7-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň başyndan bäri alyp baran kanun çykaryjylyk işi hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada maglumat berdi.
Geçen dört aýyň dowamynda 42 resminama, şol sanda Türkmenistanyň 23 Kanuny hem-de Mejlisiň 19 karary kabul edildi. Döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda hukuk namalary kabul edildi.
Mejlisiň agzalary iri halkara guramalar tarapyndan geçirilen 46 çärä gatnaşdylar. Şolaryň 40-sy wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň şanly seneleri bilen baglanyşykly 15 ýurduň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny” atly sanly wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn möhümdigini belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň işini guramak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.
Halk Maslahatynyň agzalary öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge girişdiler. Häzirki wagtda milli parlamentiň täze palatasynyň komitetleriniň düzümi döredildi, işgärler düzüminiň wezipe sanawy tassyklanyldy hem-de şunuň bilen baglanyşykly degişli işler alnyp barylýar.
Halk Maslahatynyň agzalary döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisde alnyp barylýan işler bilen tanyşýarlar, iş toparlarynyň işine gatnaşýarlar hem-de dürli guramaçylyk meseleleri boýunça tejribe alyşýarlar, iş meýilnamalaryny taýýarlaýarlar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek, giňden wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalardyr jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara we beýleki çärelere gatnaşýarlar. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar, ýörite gepleşikler, “tegelek stollar” guralýar.
Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň işini guramak maksady bilen, zerur çäreleri görmek boýunça anyk tabşyryklar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Halk Maslahatynyň ähli agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň Döwlet gullugy akademiýasynda okadylmagynyň, şeýle-de olaryň öňde durýan wezipeler bilen tanyşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtda Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmäge girişmek, onuň işini ýokary derejede guramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli tabşyryklar berdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibini yglan edip, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris diýip belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol toparyň şu mesele boýunça geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 982 sany raýatymyzyň hem-de 53 sany daşary ýurtly raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanlara gol çekýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler, şol sanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär.
Ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça önümçiligiň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,8 göterim artdy. Şeýle hem bölek-satuw haryt dolanyşygynyň mukdary köpeldi. Şu ýylyň dört aýynda bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,5 göterim artdy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 128,3 göterim, çykdajy bölegi 96 göterim ýerine ýetirildi. 2020-nji ýylyň degişli döwrüne görä, ortaça aýlyk haklary 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk zähmet haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,3 göterim artdy.
Wise-premýer Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň depginleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň şu ýylyň dört aýyndaky görkezijileriniň, döwletimiziň durnukly ösýändigini subut edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz maliýe-ykdysady toplumyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň, täze taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň wise-premýeriň gözegçilik edýän pudaklarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini belledi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän önümçilikleri döretmek we öz harytlarymyzyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgama geçmek, döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işlerini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, wise-premýere öňde durýan wezipeleri öz wagtynda we anyk ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmakda, gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Benzin önümçiliginiň meýilnamasy 109 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 107,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyna garamazdan, aýry-aýry pudaklarda heniz kemçilikleriň dowam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz polietileniň we polipropileniň önümçilik möçberlerini artdyrmak, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini artdyrmak we tebigy gazy eksport etmek boýunça halkara taslamalary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça meýilleşdirilýän foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maý aýynyň 12-13-ünde geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu maslahata daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we banklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeler berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe “Önümi paýlaşmak hakyndaky” Ylalaşyga degişli goşmaçalara gol çekmäge ygtyýar bermek hakynda Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeler berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň boldy. Şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,4 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,3 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazda ygalyň ýeterlik ýagmandygyny we şu ýyl suwuň az bolmagyna garaşylýandygyny belläp, ekin meýdanlarynyň, derýalaryň, akabalaryň ýagdaýyny çaltrak seljermegi, olary arassalamak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Oba hojalygyna häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän ministrliginiň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini, gowaça ekişiniň alnyp barlyşyny ýerinde görmegi hem-de oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, olara zerur kömegi bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Döwlet ýer kadastry baradaky meselä geçip, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ýaly wajyp wezipe bilen baglydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we aragatnaşyk ulgamyna degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça önümçilik meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirildi.
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş 103,9 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 129,1 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 116,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly, ulag ulgamynyň käbir pudaklarynyň kynçylyklary hem-de ýaramaz täsirleri başdan geçirýändigini belledi.
Milli Liderimiz howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy hem-de ýük akymlarynyň azalmagy bilen bagly, önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeginde kynçylyklaryň döreýändigini aýdyp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň maliýe meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi hem-de olara goldaw bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 129,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 117,2 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 108,7 göterim berjaý edilip, 100,5 göterime barabar ösüş gazanyldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 125,2 göterim berjaý edildi. Bu babatdaky ösüş bolsa 119,3 göterime deň boldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 119,7 göterim berjaý edilip, 117,9 göterim ösüş gazanyldy.
Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 109,9 göterime deň boldy. Elektrik energiýasynyň eksport boýunça meýilnamasy 144,3 göterim berjaý edilip, ösüş 145,3 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 159,3 göterim ýerine ýetirilip, 141,2 göterim ösüş gazanyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan gurluşyk işleriniň netijesiniň ortaça bolandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda işleriň depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.
Ýubileý ýylynda dürli desgalary işe girizmek boýunça örän köp çäreler bellenildi we şoňa görä-de, işiň depgini gowşadylmaly däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek işini talabalaýyk alyp barmagy talap etdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bar bolan kynçylyklara garamazdan, senagat we durmuş maksatly, aýratyn-da, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça işleriň hem dowam etdirilmelidigini belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,7 göterim ýerine ýetirildi, öndürilen önümleriň ösüşi 109,1 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 114,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 100,4 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişi 123,3 göterime, gön önümleri 100,1 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim berjaý edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 10 müň 422 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 106,1 göterime deň boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 124 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 129,6 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň, aýratyn hem halkyň sarp edýän önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, importyň möçberini azaltmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu babatda anyk tabşyryklar berdi.
Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de düzümini giňeltmek, onuň eksport mümkinçiliklerini, çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek babatda kiçi we orta telekeçilik ýurdumyzyň söwda toplumyny has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berdi diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligiň ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, hususy ulgamyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň, täze maýa goýum mümkinçiliklerini gözlemegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp birnäçe medeni çäreler geçirilýär. Sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, konsertler, wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi we birnäçe halkara resminamalara gol çekildi.
Onlaýn tertibinde Türkmenistanyňdyr türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň konserti, “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de beýleki çäreler guraldy.
Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri onlaýn duşuşyklara, maslahatlara, dürli halkara okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Şu ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 148 görnüşi neşir edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň merkezi edaralarynyň gurluşynda “Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” bölümleri döredildi.
Hasabatyň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlarda Garaşsyzlygymyzyň 30, Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýlerine, döwletimiziň Bitaraplygyna bagyşlap, gowy we täsirli gepleşikleriň taýýarlanmalydygyna, teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze eserleriň, pýesalaryň sahnada goýulmalydygyna, täze aýdymlaryň döredilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz arassaçylyk bilen bagly meseleler, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler boýunça ilatyň arasynda alnyp barylýan giň düşündiriş işlerini dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeler berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilatynyň tomus döwründe dynç alşyny talabalaýyk guramak maksady bilen, düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmek barada görkezmeler berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmelere laýyklykda, bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygy, ynanyşmak hem-de dostlukly ýörelgelere esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek, ýaş nesli Watanymyza çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar.
Hasabat döwründe halkara guramalaryň wekilhanalary bilen bilelikde möhüm meseleler boýunça hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn okuw, ylmy maslahatlar geçirildi.
Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda toplumlaýyn işler dowam etdirildi.
Döwlet ýaşlar syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaş nesli terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty işjeň wagyz etmek boýunça çäreler geçirildi.
Ýaş olimpiýaçylary hem-de milli ýygyndy toparlarymyzy XXXII Tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Şu ýylyň başyndan bäri içeri we daşary syýasatymyza, taryhy özgertmelere bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri bilen teleköpri arkaly dürli duşuşyklar, şanly seneler — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäni gurşap alan koronawirus pandemiýasyna garamazdan, häzirki wagtda has möhüm ugurlar boýunça täze okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga zerurlygyň ýüze çykandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz maliýe, oba hojalyk, senagat we elektron senagaty üçin hünärmenleri, halkara hukuk öwrenijileri taýýarlamagy iň wajyp ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Şeýle hem koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen häzirki ýagdaý bilen baglylykda, saglygy goraýşyň milli ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, dürli keselleriň, esasan-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň, bejermegiň häzirki zaman usullaryny öwrenmegiň hem-de giňden peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda netijeli tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmek möhümdir.
Milli Liderimiz sporty wagyz etmegiň aýratyn möhümdigine ünsi çekip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, milli we halkara derejedäki dürli sport ýaryşlaryny geçirmegiň amala aşyrylýan durmuş ugurly içerki syýasatyň strategik ugry hökmünde çykyş edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz “1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda” Permana gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere bu resminamany talabalaýyk ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow şu ýylyň 29-30-njy aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň (ÝYB) ýolbaşçy edaralarynyň biri bolan Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Forumyň barşynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar”, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Ýurdumyzyň ÝHG-niň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşandygy bellärliklidir. Munuň özi taraplaryň uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýän möhüm waka öwrüldi. Bu şeýle hem Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde GDA, ŞHG, ÝYB ýaly döwletara bileleşikler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ugruna laýyk gelýär.
Şeýle hem ÝYB-ä agza döwletleriň ählisi bilen ýurdumyzy taryhy we dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde, 30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika pudaklarynda, ynsanperwer-medeni ulgamlarda okgunly ösdürilýär.
2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Türkmen wekiliýetiniň bir aý mundan ozal Moskwa bolan iş saparynyň netijeleriniň köpýyllyk gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Şol saparyň çäklerinde russiýaly kärdeşler bilen duşuşyklaryň 60-dan gowragy geçirildi, ikitaraplaýyn resminamalaryň 10-dan gowragyna gol çekildi.
Şol gün Kazanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary babatda aýdyň mysal bolup durýar. Şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy netijesinde, pudaklaryň ençemesini gurşap alan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýän resminamalaryň köp sanlysyna gol çekildi.
Kazanda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary russiýaly, şol sanda tatarystanly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady we bank ulgamlarynda, nebitgaz toplumynda, oba hojalygynda, howa we suw ulaglary ulgamynda, işewürler düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň yzygiderli öňe sürýän anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzy we ÝYB-ä girýän döwletleri däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlar Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlary bolup durýar. Olar bilen hyzmatdaşlyk köpugurly kuwwata eýedir. Döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýady şol kuwwatdan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Bu binýat bolsa yzygiderli berkidilýär we onuň üsti täze ikitaraplaýyn resminamalar bilen ýetirilýär. Bilelikdäki Hökümetara toparlar, beýleki degişli düzümler netijeli işleýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklary barada durup geçip, olaryň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň hem-de özara goldaw bermegiň berk binýadynda guralýandygyny belledi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy köp ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-logistika, senagat hem-de gurluşyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem döwletara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir.
Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Onuň bilen hyzmatdaşlyk dünýä giňişliginde hem işjeň ösdürilýär. Russiýa tarapy ýurdumyzyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda, onuň täze wajyp ugurlaryny kesgitlemekde, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa bu ugurdaky degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we gepleşikler möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklary boldy. Mart aýynda milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХIV sammitine gatnaşdy we Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Ýanwar — aprel aýlary aralygynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 638-si geçirildi. Daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen bilelikde duşuşyklaryň we gepleşikleriň 35-si guraldy.
DIM-niň ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň daşary syýasat edaralary bilen ençeme gepleşikler we maslahatlaşmalar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky “С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus, hökümetara türkmen-rus toparlarynyň çäklerinde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň duşuşyklary boldy. Şeýle hem birnäçe ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen köp sanly halkara çärelere we maslahatlara ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak boýunça wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berdi.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli dörän daşarky ýagdaýlara hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsirine garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň ýubileý ýylynda bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edendigini belledi.
Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede saklanýar. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly ýubileý desgalary guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys. Ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz känleri özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek syýasaty alnyp barylýar.
Döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek hem dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze edarasy döredildi we işe başlady.
Ýöne oňat görkezijilere garamazdan, heniz üstünde işlemeli köp meseleler hem bar. Biz bu meseleleri bilýäris we olary çözmegiň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik hem-de kemçilikleri aradan aýyrmagyň wezipelerini kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şeýle hem ýurdumyzy 2021 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamany tutanýerli durmuşa geçirmek dowam etdirilmelidir. Baş baýramlarymyz bolan ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli we Bitaraplyk baýramy bilen bagly bellenen çärelere gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda 9-njy maýda uly baýramyň — Ýeňiş gününiň bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Şu ýyl bu şanly sene beýleki uly baýramlar, ýagny Oraza aýyndaky seneler bilen gabat gelýär.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň däp-dessuryny, şeýle hem beýleki seneleri göz öňünde tutup, ähli dabaraly çäreleri 9-njy maýda agşam geçirmegi teklip etdi. Şol gün Bekrewedäki ýadygärlikler toplumyna gül goýlar. Soňra bolsa sadaka berlip, uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanylar.
Öňümizdäki çäreler ýurdumyz üçin möhüm wakalar bolup durýar we olar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Oraza baýramy bellenýän 13-nji maýy iş güni däl diýip yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýene bir täzeligi — özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ata Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň biridir. Aşgabadyň keşbi diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen däl-de, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Ýazuw çeşmelerinde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk taryhy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr, ýöne Köpetdagyň çeşmelerinden suwarylan bu toprakda ýaşaýşyň has irki döwürlerde hem bolandygy gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan myhmansöýer hem-de özüne çekiji merkez bolupdyr. Bu baradaky hakykat asyrlara uzap gidýär. Mysal üçin, Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa galasy ýerleşýär. Şol galadan bu beýik döwletiň taryhyny öwrenip bolýar.
Aşgabada «aşyklaryň şäheri» hem diýýärler. Bu tassyklama şäher ilatynyň açyk göwünlidigini we hoşniýetlidigini wasp edýän ençeme täsin taryhy wakalara esaslanýar. Ol paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň duýgurlygynda, ýürekdeşliginde, zähmetsöýerliginde we mähriban şäherine wepalylygynda hem aýdyň ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan hem onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr. Şäheriň köp sanly desgalary özboluşly aýratynlyklara eýe bolandygy üçin, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Aşgabat 140 ýylyň dowamynda taryhyň kyn we çylşyrymly pursatlaryny başdan geçirdi. Aşgabatlylar hiç wagt tutuş halkymyzyň egnine düşen kynçylyklardan çetde durmady. Şatlykly günlerde-de, hasratly pursatlarda hem halkymyz jebisleşdi.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilen bagly horluk-hasratlardyr kynçylyklar aşgabatlylardan hem sowlup geçmedi. 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylykda şäher sanlyja sekundyň dowamynda ýer bilen ýegsan boldy. Bu pajygaly ýertitremeden ýitgi we ejir çekmedik maşgala galmady. Emma, muňa garamazdan, biz mähriban şäherimizi dikeltdik we täzeden gurduk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz häzirki döwürde sport, medeni we ylym-bilim merkezi hökmünde depginli ösýär. Binagärlik-gurluşyk babatda tanalmaz derejede özgerýär.
Bu ýerde şäher ilatynyň medeniýetli dynç almagy üçin köp işler edilýär. Aşgabat häzirki zaman şäheriniň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde ulanmaga berilýän desgalar «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda bina edilýär. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze «Aşgabat-siti» döredilýär. Günbatar böleginde bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasy ýerleşýär.
Bu abraýly halkara guramanyň biziň paýtagtymyzy depginli ösýän şäherleriň ulgamyna goşmagynyň özi hem Aşgabadyň ösüşiniň täze derejesine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, bu ýerde hemişe iň bir öňdebaryjy garaýyşlar öz beýanyny tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Aşgabadyň häzirki keşbine buýsanmazlyk mümkin däl. Onuň gaýtalanmajak gözelligini doly wasp edere söz ýok bolsa gerek. Biziň ajaýyp şäherimize geljek döwürler has hem hormat we şöhrat getirer. Bu barada hemişe ýürekden çykýan goşgudyr aýdymlar dörediler.
Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlaryň ählisini şu kitapda beýan etmäge çalşandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu kitabyň gyzykly we peýdaly hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza sowgat boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlis tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň bu kitaby alyp biljekdiklerini mälim etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa baýramçylyga çenli galan wagtyň dowamynda “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm wezipelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28146?type=feed
Ak bugdaý etraby, 5-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.
Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk işini kämilleşdirmek, dürli düzümleýin desgalary gurmak, harby gullukçylaryň hem-de ýaşlaryň zähmete bolan söýgüsini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bu ýerde geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, täze toplumyň guruljak ýerini hem-de tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu ýerleriň özboluşly aýratynlygy, dag howasy ahalteke bedewlerine ýaramly howa gurşawyny döreder.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy hem-de bu düzümlere degişli ähli işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.
Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak hem-de at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň şöhratly atçylyk däpleriniň täze taryhy eýýamda hem dowam etdirilmegine ýardam etmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda, bedewleri seýislemek, at çapmak, alabaýlar bilen degişli türgenleşikleri geçmek ýaly hünärleri ele almagynyň, olarda zähmete bolan söýgini ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy türkmen halkynyň buýsanjy we baýlygy hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň, alabaýlarymyzyň — milli taryhymyzyň hem-de häzirki döwrüň janly nyşanlarynyň ata Watanymyzyň döredijiliginiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlarynyň beýanydygyny belledi. Geçmişde bolşy ýaly, ýelden ýüwrük bedewler, buýsançly alabaýlar häzir hem halkymyzyň wepaly hemrasy hem-de Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileridir.
Döwlet Baştutanymyz binagärlik nukdaýnazaryndan athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň häzirki zaman ösen tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, ekologiýa ýagdaýynyň nazarda tutulmagynyň möhüm talapdygyny belledi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneler bilen utgaşmagynda çuňňur many bardyr. Täze atçylyk toplumy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrebap derejede ösdürmekde ähmiýetli bolar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şöhratly pederlerimiziň, taryhyň dowamynda öçmejek yz goýan ussat seýisleriň yhlasyndan kemal tapan ahalteke bedewleri dünýäniň medeni gymmatlygyna ägirt uly goşantdyr. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýar. Bu bolsa bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galmagynyň gözbaşydyr diýip, Arkadag Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy halkymyzyň “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Pyýada gözi bilen at alma...”, “At rysgaly alnynda” diýen ajaýyp jümleleri döredendigini we bu gün ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly işleriň halkara derejede ösdürilýändigini belledi.
Buýsançly bedewiň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Milli Liderimiz bedewleriň adamlaryň ruhuny götermäge ukyplydygyny, aýratyn yhlas bildirip, olar bilen iş salyşýan adamlaryň tutumlarynyň rowaç alýandygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesiniň subut edendigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekdi.
Belent Serkerdebaşymyz täze desganyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Bu ýerde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary milli Liderimiziň toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular. Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.
Harby okuwçylar ýöriteleşdirilen harby mekdepde sanly ulgamyň kömegi arkaly döwrebap bilim alýandyklary, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändikleri barada gürrüň berip, ýaş nesil baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem okuwçylaryň biri saýlap alan hünäri barada aýdyp, harby psiholog bolmagy arzuw edýändigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň bu hünäre bolan dünýägaraýşy bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy ýaly, psihologiýa hünäri adamlar, olaryň häsiýetleri bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň hünäre höwesini, aýratyn-da, dünýä ylmynda ähmiýetli ugur hasaplanylýan psihologiýa ylmyna bildirýän gyzyklanmasyny goldap, oňa maksada okgunly, tutanýerli, yhlasyny gaýgyrman köp okamagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi ündew etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny sport, zähmet bilen utgaşdyrmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, bu ugra uly üns bermelidiklerini nygtady. Milli Liderimiz sanly ulgamy, kompýuter tehnologiýasy boýunça hemmetaraplaýyn bilim almak, innowasion işläp düzmeleri öwrenmek meseleleriniň ähmiýetlidigini, bu ugurlaryň şu günüň we geljegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ýaşlara maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki ylmy-tehniki ösüş döwründe ýaşlar, aýratyn-da, körpe nesiller sanly ulgam, kompýuter tehnologiýasy bilen içgin gyzyklanýarlar. Munuň özi olaryň döwrebap ýörelgeler bilen utgaşykly ösýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, okatmak işini guramaga döwrebap çemeleşmek, okuw meýilnamalaryna täze usullaryň ornaşdyrylmagy zerurdyr. Ýaşlaryň bu ugurdaky ukybyny ösdürmek wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň Watana söýgüsini has-da artdyrmak, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylaryna bu ýerde guralan dabaraly çäre mynasybetli sowgatlary gowşurdy.
Harby tälim boýunça bilim alýan ýaşlar sowgatlar, Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmaga berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen okuwçylara alýan bilimlerini tejribede özleşdirmek, bedenterbiýe we zähmet bilen utgaşdyrmak meselelerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bagçylykda we üzümçilikde alnyp barylýan işler, onuň suwaryş ulgamynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dag eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde miweli baglaryň we üzümiň köp görnüşleri ekildi.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimize ekilen baglaryň görnüşleri, aýratynlygy, suwaryş ulgamy barada maglumat berýän taslamalary görkezdi. Bu ýerde ir-iýmişleriň alma, armyt, beýi, erik, garaly, hoz, hurma, pisse, şetdaly, zeýtun görnüşleri ekildi. Häzir üzüm dalbarynyň özboluşly görnüşini döretmegiň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.
Bu ýerde üzümleriň alty görnüşi sazlaşykly ösýär. Üzüm agaçlaryny ýörite germewlere galdyrmak we üzüm dalbarlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň üzümiň hasyllylygynyň artdyrylmagynda hem-de olaryň kesele durnukly bolmagynda ähmiýetlidigini milli daýhançylyk tejribeleri subut etdi.
Bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby bölümleriniň her biriniň miweli baglary hem-de üzümçiligi ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleri berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda zähmet terbiýesiniň hem-de harby düzgün-nyzamyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işler giň gerimde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, suwaryşyň damjalaýyn usulynyň ornaşdyrylmagyna, ylmyň gazananlarynyň we ösen tejribäniň milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine ugrady.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde geçen dört aýda ýerine ýetirilen işler, Milli goşunymyzyň harby düzümlerini iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýazky çagyryş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýändiginiň, çünki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranmak häsiýetine eýedigini belledi. Soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan iň täze ýerüsti hem-de howa tehnikalary döwletimiziň döwrüň talaplaryna laýyklykda, harby edaralaryň işini guramagyň meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, Milli goşunymyzyň hünärmenler bilen üpjünçiligini berkitmegiň hem-de harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň we şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nobatdaky çagyryş möwsümi barada aýdyp, ony ýokary derejede geçirmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramak babatynda aýratyn tabşyryklar berildi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzda hukuk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almaga hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamaga, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, degişli düzümlerde sanly ulgama geçmek işleriniň barşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini nygtady. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmegiň meseleleri mydama üns merkezinde saklanylmalydyr.
Milli Liderimiz IIM-niň ähli düzümlerinde işleri guramagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, şonuň ýaly-da, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlardygyna ünsi çekip, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edarasynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişini seljermek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň hukuk düzgünlerini goramak hem-de kanunçylygy üpjün edýän wajyp döwlet edarasy hökmündäki ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz giň gözýetimli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek boýunça tejribeli, ýokary hünärli işgärleri saýlap almaga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow Türkmenistanda 2017 —2021-nji ýyllarda kazyýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler, şonuň ýaly-da, degişli düzümleriň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, işgärleriň netijeli gulluk etmegi üçin degerli şertleri döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, ilatyň arasynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygy, şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de bellenilen ähli giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti bolan amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, syýasy durnuklylygyň, halkymyzyň mizemez agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň parahatçylykly, döredijilikli zähmetiniň ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm şertidigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek barada ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde bitirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramagy güýçlendirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk serhedi bolan Döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň söweşjeň, beden taýdan, syýasy taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýanwar — aprel aýlarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunlary halkara hukugyň kadalaryna kybap getirmek işlerini öz içine alýan hukuk özgertmeleriniň wajyp ugurlaryna ünsi çekip, hereket edýän kanunçylyga yzygiderli esasda seljermäni geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ilatyň arasynda kabul edilýän hukuk resminamalary barada düşündiriş işlerini ýokary derejede guramagyň wajypdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük gözegçiliginiň berk berjaý edilmegi babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhetlerinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň artmagy bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna laýyklykda gullugyň işini guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň zerurdygyny belledi.
Ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesiniň berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň hem-de netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow geçen dört aýda durmuşa geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjün edilişini pugtalandyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmagy, ýaş, başarjaň işgärleri taýýarlamagy mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň netijeli ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalardaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijesi barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda depginli ösüşi gazanmaga gönükdirilendigini belläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda hem-de bellenilen tertibe laýyklykda berjaý edilmegine gözegçilik edilmelidigini aýdyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň hiline we möhletlerine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, şonuň ýaly-da, durmuş meselelerini çözmekde bitirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz goranmak häsiýetli Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň hem-de Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna özüniň garamagyndaky düzümleriň tabşyryklary öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme mejlisi jemläp, ýygnananlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27929?type=feed
Milli Liderimiziň Ahal welaýatyna iş sapary
Ahal welaýaty, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.
Obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol strategiýa bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Obasenagat ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga ýardam edýär.
Soňky ýyllarda bazar ykdysadyýetine yzygiderli geçilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, oba hojalygynda hususy ulgam has işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda işewür düzümleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olaryň eksportyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýan döwrebap ugurdaş önümçilikleriň sany barha artýar.
Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerini rejeli ulanmaga, ekin meýdanlaryny suwarmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, suw hojalyk pudagynda suwa aýawly garamak ýörelgelerine hem-de ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekediň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar.
Hormatly Prezidentimiz suw göteriji bekediň suw eltiji akabasynyň hem-de suw durlaýjy desgasynyň işini synlap, bu desganyň tehniki üpjünçiligi bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimizi “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji beketleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrliginden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan, her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.
Ondan soňra suw bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda 61 metr beýiklikdäki 2-nji suw göteriji bekedine, ondan hem 10 kilometr uzaklykdaky 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekedine, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki, göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýulýar.
Soňra milli Liderimiz “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji suw göteriji bekediniň işi bilen gyzyklandy. Wise-premýer E.Orazgeldiýew onuň önümçilik kuwwaty, wezipeleri hem-de tehniki häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.
Kuwwatly göteriji enjamlaryň hereket edýän bekedine suw Garagum derýasyndan öz akymyna gelýär. Suw geçiriji ulgamyň umumy uzynlygy 27,5 kilometre golaýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideogörnüşler hem hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýeti miwe we beýleki gök önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar. “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş orny döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, hojalyk jemgyýetleriniň — paýdarlaryň her birine uzak möhletli ulanmak üçin Kaka etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginden 300 gektar ýer bölekleri bölünip berildi. Gök, miwe önümlerini hem-de üzüm öndürmek üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr.
“Gök bulut” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýylda 370 tonna hoz, 520 tonna alma, 120 tonna garaly, 140 tonna şetdaly, 1 müň 500 tonna armyt öndürmäge niýetlenendir.
“Hemsaýa” hojalyk jemgyýetinde ýylda 180 tonna badam hem-de 2 müň 100 tonna hurma öndürmek meýilleşdirilýär.
“Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri hem badam öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde ýylda bu gymmatly önümiň degişlilikde 340 we 320 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, görnüşi bilen baglylykda, badam terligine azyk hökmünde ulanylýar, süýji-köke önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda goşundylar hökmünde peýdalanylýar. Ondan şeýle hem badam ýagy, goýaltma, hatda süýt hem taýýarlanylýar.
Mundan başga-da, tutuş hojalyk jemgyýetleri boýunça gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanany gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 8 müň tonna barabardyr.
Hojalyk jemgyýetleriniň her birinde degişli inžener-tehniki düzüm döredildi, ýollar çekildi, sowadyjy ammary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Wideoşekillerde “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw hojalyk desgalary hem-de suwaryş ulgamy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly miweli agaçlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işi hem amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, bu açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi ýurdumyzyň bazarlaryny uly islegden peýdalanýan, tagamy hem-de saglyk üçin peýdalylygy bilen tapawutlanýan, dürli ýokary hilli miwe önümleri bilen üpjün etmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.
Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň ýerleşişiniň Baş meýilnamasy hem-de suw hojalyk ulgamyna degişli taslamalar hödürlenildi.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew suw göteriji bekediň 1-nji, 2-nji we 3-nji desgalary boýunça umumy maglumatlary beýan etdi. Suw bu ýerden howdana akdyrylýar we soňra damjalaýyn suwaryş ulgamy boýunça ekin meýdanlaryna barýar. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyna ýardam edýär, akabalaryň arassalygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylandyr we oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda suwdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça we bugdaý ekinlerine ideg etmegiň barşy, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ekinleri suwarmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew TSTB-niň suw hojalyk desgalaryny gurmak, hususan-da, suwuň 35 — 50 göterim tygşytlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän suw göteriji beketleriň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol suw degişli desgalaryň kömegi bilen Garagum derýasyndan 180 metr belentlige çykarylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy hem-de degişli pudaklarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda suw hojalyk meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde, şol sanda oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler we şunuň bilen baglylykda, suwdan rejeli peýdalanmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni oba hojalyk önümçiligi bilen baglanyşykly suw hojalyk meselelerine çekdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda suw serişdelerini tygşytly ulanmak maksady bilen, ähli işleri — gelýän suwy akdyrmakdan başlap, ony ekin meýdanlaryna ýetirmäge çenli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, öňdebaryjy usullaryň, bu ulgamda ylmy gazanylanlaryň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy esasynda düzümleýin desgalary gurmak boýunça işleri dowam etmek wajypdyr.
Milli Liderimiz şeýle hem türkmen telekeçileriniň ýurdumyzda iri taslamalary hem-de özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň öz işinde innowasiýalardan, sanly ulgamy, ylmy-tehnologik gazanylanlary iş tejribesine giňden ornaşdyrmakdan ugur almalydygyny belledi.
Ýurdumyz suwy rejeli we netijeli ulanmak işinde uly tejribä eýedir. Suwa aýawly garamak türkmen halkyna gadymdan bäri mahsusdyr. Häzirki döwürde bu parasatly däpler ýurdumyzda tebigaty, hususan-da, suw serişdelerini goramak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çärelerde, ugurdaş taslamalary durmuşa geçirmekde öz beýanyny tapdy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şol taslamalaryň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde täsin gidrotehniki desganyň — “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu köl halk hojalygy babatda uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa we durmuş babatda hem örän wajypdyr. Zeýkeşleriň suwlaryny gaýtadan ulanmak meselesini çözmäge gönükdirilen bu ägirt uly taslama Türkmenistanyň daşky gurşawa aýawly garaýşynyň aýdyň mysalydyr.
Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga-da, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär. Tebigy taýdan arassalamagyň hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde, şol suwy obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek hem-de ekin meýdanlaryny suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin ulanmak bolar. Alymlar tarapyndan bu ulgamda degişli barlaglar geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýasyna oňyn täsir edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr.
Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşme zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda suw meselesine uzak möhletli geljek üçin umumydünýä ösüş meýilnamalaryndan üzňelikde garamagyň mümkin däldigini belledi. Şoňa görä-de, Türkmenistan sebit we ählumumy derejede “Suw diplomatiýasyny” ilerletmek, suw meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmak we bähbitleri nazara almak esasynda hem-de abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda garamak hem-de çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanyp, suw hojalyk meselelerini çözmäge hem-de bu pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şeýle hem dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, gök önümleri gaýtadan işleýän ulgamyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk hünärmenleri we alymlary bilen bilelikde işläp, Garagum derýasynyň suwunyň tygşytly peýdalanylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu derýanyň ekerançylygy, bagçylygy, maldarçylygy, aýratyn-da, balykçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin suwdan rejeli peýdalanmagyň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de dikuçarda bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27777?type=feed
Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Şeýle hem häkim Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriň baýramçylyk meýdançalarynyň, käbir binalarynyň dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelişiniň görnüşlerini hem-de şekillerini görkezdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak guw ýaly binalary, gözel keşbi, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin döredilen amatly şertleri bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ginnesiň rekordlar kitabynda möhüm orun eýelän ak mermerli şäheriň gündizleriniň ýakymly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň agşamky görnüşlerinde hem özboluşly gözellik bar.
Şanly sene mynasybetli häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň, täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dörediljek älemgoşar öwüşginli gözellik halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşar. Munuň özi 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylaýan şäheriň bezeg aýratynlyklaryna, onuň arassaçylygyna, abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Şonuň ýaly-da, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek barada hem aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň we olaryň hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda şäher häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Bu gün Aşgabat döwrebap we sazlaşykly ösýän şäher hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde adam hakyndaky alada esasy orunda durýar. Şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasynda häzirki zamanyň binagärlik we inženerçilik-tehniki taýdan öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini aýdyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine düýpli taýýarlyk görmek, çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini üpjün etmek meselelerine uly üns berilmelidir diýip aýtdy.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda gurluşyk senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gurluşyklaryň hiliniň hem-de depginleriniň häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň bezeg işleri, öňde boljak dabaralar baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, häzirki zaman yşyklandyryş we sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän köp öwüşginli bezegli binalaryň ýanynda döredijilik işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň, şäheriň meýdançalarynda baýramçylyk ýörişlerini geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň ähmiýetini belläp, onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, mekdep okuwçylarynyň şäheriň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak boýunça wise-premýere hem-de häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň şanly ýubileýiniň hormatyna guraljak dabaralary degişli derejede geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi we meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow çykyş edip, hasabatyny welaýatyň etraplarynyň gowaça ekişini doly tamamlandyklary baradaky habar bilen başlady.
Häkim şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, ösüş suwuny tutmak işleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Gowaça meýdanlarynda gögeriş gazanylan ýerlerde ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary we enjamlar netijeli ulanylýar.
Galla orujy kombaýnlary, ulag serişdelerini, şeýle hem galla kabul edýän bölümleri möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýeralma we beýleki gök, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ekinleriň irki görnüşleriniň hasylyny öz wagtynda ýygnamak we ir-iýmişleriň hasylynyň mukdaryny artdyrmak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem daýhan hojalyklarynda pile taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin zerur işler amala aşyrylýar.
Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginleri artdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz häkime anyk görkezmeleri berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew döwlet Baştutanymyza welaýatda gowaça ekişiniň tamamlanandygy baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle hem gowaçalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Ýeralma, sogan we beýleki gök ekinlere ideg işleri degişli derejede alnyp barylýar. Gallanyň bol hasylyny almak maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmakda zerur tagallalar edilýär.
Şeýle hem gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak üçin häzirki agrotehniki çäreleriň hiline üns berilýändigi hem-de beýleki ekinleriň ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli tagallalaryň edilýändigi habar berildi.
Häkim pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu önümiň şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy.
Häzirki döwürde welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenilen wagtda tamamlamak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagtynda geçirilmeginiň we onuň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini doly derejede taýýarlamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň derejesi, gowaça ekişini agrotehniki kada laýyklykda öz wagtynda tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler we ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada habar berildi.
Şeýle hem gök we bakja ekinlerinden, şol sanda ýeralmadan, sogandan bol hasyl almak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar.
Häkim ýurdumyzyň dokma pudagy üçin zerur çig mal serişdesi bolan piläniň önümçiligi boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hili üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri we meýilnamalary öz wagtynda hem-de bellenilen möhletde berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, bu babatda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hasabatyny welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary baradaky habardan başlady. Şu günler gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalary we enjamlar doly güýjünde işledilýär.
Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak, galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary we kabul ediş bölümlerini taýýarlamak hem-de pile öndürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Şeýle hem ýeralmadan we beýleki gök, bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi.
Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şanly seneleriň hormatyna meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak we baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçadan, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almakda möhüm ähmiýeti bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew öz gezeginde welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary baradaky habary mälim etdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere edilýän ideg işleri, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen doly üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Galla oragynda işlediljek kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň we galla kabul edilýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.
Şeýle hem häzirki döwürde welaýatda gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy we zerur bolan tohumlar taýýarlanyldy. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işlere giň gerim berildi.
Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýlary barada maglumatlar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçadyr ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyny guramaçylykly we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere we häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylda gök ekinlerden bol hasyl almak üçin häzirki alnyp barylýan ideg işleriniň hilini we depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gök önümleriň irki görnüşleriniň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda hem anyk tabşyryklar berildi.
Pile önümçiligi boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine möhüm üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hilini, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini, aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän binalarda, şeýle hem öňde boljak dabaralaryň baýramçylyk ruhuna beslenmegi ugrunda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak boýunça häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bu ugurda ýörite topar döredilip, onuň agzalarynyň gatnaşmagynda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, sagaldyş meýdançalarynda taýýarlyk işleri amala aşyryldy.
Şeýle hem ministr ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalaryň hemmesinde adamlaryň saglygyny berkitmek, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görlendigini belläp, şypahanalaryň möwsüme taýýarlanandygyny habar berdi.
Ministr hasabatynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesi barada aýdyp, deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýollanma hatlarynyň berilýändigini habar berdi.
Raýatlar ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen saglyk öýlerinde olara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler. Şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik ediler hem-de dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama berler.
Dynç alşa gitmek üçin raýatlara sanjym ediler, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda СOVID-19-yň test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama berler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän Dolandyryş merkezi tarapyndan myhmanhanada bolýan adamlaryň sanawy we hasabaty degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna her gün iberiler.
Dynç alyş zolagynda hyzmat edýän desgalara kabul edilýän işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler, şol sanda olardan СOVID-19 barlagyndan geçendigi baradaky kepilnamasy we koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resminamasy talap ediler. Şeýle hem hyzmat edýän işgärler her 15 günden çalşyk esasynda işlärler we her çalşykda lukmançylyk barlagyndan geçiriler. Dynç alyş zolagynda ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokady dörediler.
Şol bir wagtyň özünde deňziň kenarynda dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar. Degişli myhmanhanalaryň awtoulaglary bilen demir ýol, howa we awtomobil menzillerinde bu ýere gelýän raýatlar garşy alnar hem-de olaryň dynç alyş döwri gutaransoň degişli ugurlar boýunça ugradylar.
Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler, Daşary işler, Energetika, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Balkan welaýat we Awaza etrap häkimlikleriniň zolagy dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirmeli wezipeleridir borçlary kesgitlenildi.
Bu ýerde degişli işleri ýola goýmagyň çäklerinde öňüni alyş çärelerini Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütler berjaý ediler diýip, ministr sözüni jemledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde hökmany sanjymyň geçirilmelidigini we dynç alyş ýerlerine baran çagalaryň saglyk derejesini görkezýän güwänamalaryň berilmelidigini belledi. Umuman, çagalaryň möwsümi şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň şypahanalarynyň möwsüme taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu ýere gelýän adamlaryň degişli lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, deňziň kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, şol birwagtyň özünde adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak we myhmanhanalaryň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belledi.
Şeýle hem adamlaryň dynç alýan, suwa düşýän we gezelenç edýän ýerlerinde lukmançylyk ulgamyna degişli ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, dynç alýanlaryň iýmitlenmegi, gezelenç etmegi, sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günden başlap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugra degişli wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hünärmenler we lukmanlar metbugat serişdelerinde, teleradioýalymlarda çykyş edip, häzirki pandemiýa ýokanjy zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak, bu ugurda zerur çäreleri görmek boýunça giňişleýin maglumatlar bermelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň ýakynda geçiriljek mejlisleriniň birine özüniň hem gatnaşjakdygyny, onda tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu babatda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňlejekdigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27723?type=feed
Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Özbegistanda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň halkymyz üçin uly hormatdygyny belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek halkynyň mähriban halkymyzyň milli däp-dessurlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýandygyny we munuň bizi — ähli türkmenistanlylary buýsandyrýandygyny nygtady.
Türkmenistanda özbek halkynyň we Özbegistanda türkmen halkynyň agzybirlikde ýaşap gelýändikleri toý günüňde şatlygyňy paýlaşmak, ýas günüňde hasratyňy çekişmek ýaly asylly ýörelgeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şunuň özi hem iki halkyň özara ynanyşmaga we hormat goýmaga daýanýan gatnaşyklaryna güwä geçýär.
Milli Liderimiz ýaşlarda belent ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemegiň zerurdygyny belläp, şol duýgulary nesilden-nesle geçirip, wagyz etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda ruhy-ahlak esaslarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça birnäçe teklipleri aýdyp, milli däp-dessurlarymyzyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp durulmalydygyny belledi.
Soňra geçirilen Hökümetiň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, býujet-salgyt ulgamynyň işini halkara tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmak hem-de salgytlardyr hökmany tölegler boýunça kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmakda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, hususan-da, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky degişli Kararyny seljermegiň we olary amala aşyrmagyň netijeleri barada habar berdi. Geçirilen işleriň jemleri boýunça milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip hödürlenildi.
Salgyt maksatlary üçin esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň anyk möçberleriniň bellenilmegi edara-kärhanalarda çykdajylaryň we peýdanyň ýoýulmazlygyna, şunuň bilen birlikde, salgyt özeniniň artmagyna mümkinçilikleri döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen halkara standartlara kybap gelýän hukuk binýadynyň türkmen ykdysadyýetinde oňyn görkezijileri gazanmagyň esasy şertidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, maliýe ulgamynyň, salgyt-býujet we nyrh strategiýasynyň ösüşini düzgünleşdirýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär.
Döwrebap ulgamy döretmäge gönükdirilen salgyt syýasaty milli baýlyklarymyzy toplamagy we netijeli ulanmagy höweslendirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda ykdysady konsepsiýanyň guraly hökmünde salgyt salmagyň orny ep-esli giňeldi. Munuň özi öňdebaryjy tejribäni we halkara ölçegleri nazara almak bilen, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümler bilen bu ugurda bilelikde işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygyny doly ulanmak arkaly nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak, toplum tarapyndan daşary ýurt kompaniýalaryndan çig nebiti satyn alyp, gaýtadan işlemek we daşarky bazarlara ibermek bilen bagly meseleleriň birnäçesi beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Bu strategiýa öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilkinji nobatda, pudagyň edara-kärhanalarynyň önümçilik meýilnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegine, maliýe-ykdysady görkezijileriniň okgunly ösüşiniň hem-de önümleriň ýokary düşewüntliliginiň üpjün edilmegine üns bermek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Döwletimizde gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurulmagy ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny we ugurlaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmak hem-de öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi babatda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek boýunça kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gant şugundyryny öndürijiler bilen bellenilen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny hem-de hasylyň şertnamalaýyn nyrhlardan satyn alynmagyny, daýhanlary gant şugundyrynyň ýokary hilli tohumlary, suwaryş suwy we dökünler bilen üpjün etmek, onuň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýazky ekin işlerinde, ozaly bilen, bugdaýa ideg etmekde, gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmekde, galla oragyna taýýarlyk görmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ekerançylykda zerur agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tehnikalaryň netijeli ulanylmagyna gözegçilik etmegiň täsirli ulgamyny ýola goýmak meseleleri babatda anyk görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, “Düýeboýun” suw howdanynyň Soltan Sanjar bendini berkitmek boýunça işlere degişli Buýrugyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ýerden muzdly peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyga” Goşmaça Ylalaşyga türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň “Suw damjasy — altyn dänesi” diýen parasatly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň gözbaşy bolan, ekerançylykdan bol hasyl almagyň girewi hasaplanýan suwdan rejeli peýdalanmagyň möhümdigine hem-de oba hojalygyna suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz hödürlenen resminamalary makullap, olara gol çekdi hem-de sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow demir ýol ulaglary pudagynda edilýän hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin “elektron petekler” programma üpjünçiliginiň işe girizilendigini, munuň bolsa internet saýtynyň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen petekleriň satuwyny nagt däl hasaplaşyk arkaly guramaga mümkinçilik berýändigini habar berdi.
Ýurdumyzyň demirýol ulaglary pudagynyň ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işinde elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýükleri daşamak işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin täze, döwrebap programma üpjünçiliginiň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy we onuň synag işleri geçirildi.
Demir ýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan müşderiler hem-de Türkmenistanyň çäklerinde eksport-import söwda gatnaşyklaryny we üstaşyr ýükleriň daşalmagyny guraýan kärhanalar onlaýn usulda, “şahsy otaglaryň” üsti bilen, dünýäniň islendik künjeginden ýüztutma arzalaryny berip bilerler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli toplumlaryny, şol sanda ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň bolsa pudagyň işlerini döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyny doly derejede peýdalanmak hem-de demir ýollar arkaly ýük daşalyşynyň mukdarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny gazanmak zerurdyr.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kanunçylyk namalarynyň birnäçesine hem-de döwlet edaralarynyň işiniň tertibine degişli üýtgeşmeleri girizmegiň zerurdygyny nygtady. Şolar öz nobatynda, ýük daşamak ulgamynda işleriň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna üýtgedilmegine taýýar bolmalydyr.
Demir ýol ulaglary arkaly gatnawlary artdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, internet hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň işlerine ünsi çekip hem-de hödürlenen programma üpjünçiliginiň taslamasy bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz birnäçe tekliplerini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hususy önüm öndürijilere goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik desgalarynyň sany barha artýar.
Diýarymyzyň telekeçileri towuk etini we ýumurtga, süýji-köke, et hem-de şöhlat önümlerini, şireli içgileri, ösümlik ýagyny, çörek, gök-bakja, süýt we beýleki azyk önümleri öndürýärler hem-de içerki bazary doly üpjün edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birnäçe teklipler hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we G.Müşşikowa halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, özümiziň öndürip biljek harytlarymyzyň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň işi bilen baglylykda, döwrebap, ýylyň dürli möwsümlerine laýyk gelýän aýakgaplary hem-de egin-eşikleri öndürmek maksady bilen, alyjylaryň isleglerini içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr. Kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly bar bolan iş ýerlerini saklap galmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, azyk harytlarynyň özümizde öndürilişini artdyrmagyň dowam etdirilmelidigini, içerki bazarlarymyzyň azyk önümleri hem-de, ilkinji nobatda, zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, ähli ýerde elektron söwda we alyjylara harytlary eltip bermek işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, wise-premýerler Ç.Gylyjowa we B.Öwezowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleriň ençemesi guralar. Maý aýynyň dowamynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli konsertleri, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet çeper okaýyşlaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralaryna mahsus derejede milli däplere laýyklykda, hakyky türkmen toýy görnüşinde giňden hem-de ruhubelentlik bilen guralmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de maý aýynda bellenilýän döwlet baýramçylyklaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Möhüm taryhy wakalara we senelere bagyşlanan çäreleriň ählisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, Türkmen döwletiniň amala aşyrýan, umumadamzat ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň many-mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyzyň tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi.
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, innowasion täzelikleri girizmek we dürli tejribeleriň esasynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler bilim ulgamynda täze mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem dürli ulgamlara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna täze, zerur hünärleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim işini ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek, döwrebap işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmak, ählumumy bähbitlere laýyklykda, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz bilimli, ýokary derejede aň-paýhasly hem-de hemmetaraplaýyn ösen, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemegiň döwlet ösüşiniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş türkmenistanlylara mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy ýaly ulgamlarda dünýäniň ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu ugurda giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Olary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, sebit we ählumumy derejelerde degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn resminamalaryň 23-siniň agzasy bolup durýar.
Sebitiň daşky gurşawyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, şol sanda täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) döretmek boýunça ýurdumyz tarapyndan anyk çäreler görülýär.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerinde hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda bu gaznada üstünlikli başlyklyk etdi. Şunda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti möhüm waka boldy.
Bu sammit hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde hem-de 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Sebit derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz ugurdaş halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet tebigy goraghanalarynyň 9-sy hem-de döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň 16-sy hereket edýär.
Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda “Altyn köl” zolagynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Türkmenistanyň 2008-nji ýylda goşulan Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler baradaky Konwensiýasynyň, ýagny 1971-nji ýylda kabul edilen Ramsar Konwensiýasynyň esasy wezipelerini çözmek üçin möhümdir. Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagy bu Konwensiýada görkezilen tebigy ýerleriň Sanawyna girýär. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn köli” hem ýokarda agzalan sanawa girizmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Bu mesele ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň şu ýylyň 28-nji aprelinde geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hem hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa diplomatiýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, adamlaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Ýurdumyz bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, netijeli sebit we halkara gatnaşyklary, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki abraýly ugurdaş düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Ekologiýa meselesi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Onda tebigata aýawly garamaga hem-de onuň baýlyklaryny rejeli ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
“Ýaşyl” we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary netijeli ornaşdyrmak dürli pudaklarda giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalaryny, düzümleýin taslamalary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde möhüm talap bolup durýar.
Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda seýilgähleriň we seýilbaglaryň sany barha artýar, tokaý zolaklarynyň meýdanlary giňelýär. Munuň özi bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny hem-de biologik köpdürlüligini aýawly saklamaga, onuň baý serişdelerini rejeli ulanmaga, Aral meselelerine uly üns berilýär.
Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak babatda esasy konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu maksat bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda kabul edilen BMG-niň möhüm resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni bagly meseleleri çözmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmaga anyk goşandy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, beýan edilen teklibi makullady we halkara giňişlikde ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekip, ony wise-premýere, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberdi we bu Meýilnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27517?type=feed
Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şu gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Lideri mähirli garşylandy. Soňra ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini milli Liderimiz mähirli garşylady.
Soňra geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyga hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar.
Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi.
Gudraty Güýçli Allatagalanyň emri bilen Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň şu nurana günlerinde bu dünýeden ötdi. Bu asylly we hoşniýetli ynsan onuň ýakynlarynyň hem-de ähli ildeşleriniň ýüreklerinde parasatly halypa hem-de ömrüni Watanyna we mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde hemişelik galar. Mälikguly Berdimuhamedowyň ady, ol baradaky ýagty hakyda Türkmenistanyň taryhyna hemişelik ýazylar diýip, Özbegistanyň Baştutany nygtady.
Belent mertebeli myhman şeýle hem türkmen Lideriniň Türkmenistanyň Baş metjidinde berýän agzaçar sadakasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, berilýän sadakanyň hem-de okalýan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Milli Liderimiz duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi.
Özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny, geljek üçin niýetlenen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady pudakda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit gün tertibiniň we halkara syýasatyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe goldaw sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki goňşy ýurduň hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine hem-de taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar.
Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol aýda Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhandan ilkinji süreleri peşgeş beripdir. Goňşy döwletleriň halklary ýaly, türkmenler hem gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Oraza aýyna hormat-sarpa goýýarlar. Asylly işleri amala aşyrmaga hem-de rehim-şepagatlylyga çagyrýan bu sahawatly aýyň her bir gününde halkymyz mukaddes däp-dessurlary berjaý edipdir, beden we ahlak taýdan täzelenmäge aýratyn üns beripdir.
Oraza aýynda agyz beklenýär, milli däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy barada doga-dilegler edilýär. Asyrlaryň dowamynda bu dessur täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar hem-de köp halklaryň, şol sanda türkmenleriň belent ahlak gymmatlyklary, olaryň däpleri, hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.
Ýurdumyz ynsanperwerlik ýörelgelerini daşary syýasy strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär, abadançylygyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklary giňeldýär.
Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenlerinden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar.
Döwlet Baştutanlary kümmetden çykyp, metjide tarap ugradylar. Bu ýerde Mekgä haj parzyny amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berlen teperrik hem-de musulman dünýäsiniň mukaddes şäherinden ýadygärlik hökmünde türkmen Liderine iberilen, Käbäniň keramatly ýazgysy beýan edilen örtük goýlupdyr. Şol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de mukaddes Oraza aýynda berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edýärler.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew agzaçar sadakasynyň geçiriljek ýerine gelýärler we özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar.
Agzaçar sadakasy başlamazdan ozal döwlet Baştutanlary söz sözlediler.
Milli Liderimiz sadaka gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen parasatly sözlerini getirdi. Şol nukdaýnazardan, şu gün şeýle uly hormat goýup, kakamy — kyblamy ýatlap, ählimiz bir supranyň başyna jemlendik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Halkymyz “Agzybire Taňry biýr” diýipdir. Şonuň üçinem mähriban kyblamyň ýedisi geçenden soň, birinji anna agşamynda agzybirlikde bir supranyň başyna jemlendik. Ata-babalarymyz ýas bilen toý bile geler diýipdirler. Goňşularymyz, dostlarymyz, doganlarymyz begenen ýerimizde bile begenýärler, gynanan ýerimizde biziň bilen bile gynanýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Mälikguly aganyň aradan çykmagy zerarly bildirilen köp sanly duýgudaşlyk sözleri üçin taňryýalkasyn aýdyp, Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna Özbegistandan gelen myhmanlaryňam gatnaşýandygyny belledi. Halkymyz Özbegistan, özbek halky bilen asyrlar bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Ata-babalarymyz: “Kyýamat güni goňşudan” diýipdir.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek halkyna çuňňur hormatyny beýan etdi we şu çärä gatnaşýandyklary üçin taňryýalkasyn aýtdy.
Soňra Özbegistanyň Lideri hormatly Prezidentimize, milli Liderimiziň ýakynlaryna, dostlukly türkmen halkyna uly ýitgi — döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly tüýs ýürekden gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, öz ömrüni jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga, mugallymçylyk işine bagyş eden Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligi türkmen halkynyň hakydasynda müdimilik galar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine gynanjyny paýlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Şondan soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekilýär. Nahardan soň Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir edýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýandygy üçin ýygnananlara ýüzlenip: “Oraza aýynda okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Merhumyň jaýy jennet bolsun!” diýip, sadaka gatnaşýanlara aýtdy.
Çärä gatnaşan Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly ýaşululary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren agzaçar sadakasynyň we okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdiler.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline barýar. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we onuň bilen hoşlaşdy.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady.
* * *
Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde mübärek Oraza aýynda asylly ýörelge hasaplanylýan agzaçar sadakalary berildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowam edýändigini alamatlandyrýan agzaçar sadakasynyň Arkadag Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralaýan çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar.
Belent ahlak, ynsanperwerlik ýörelgelerine, medeni hem-de ruhy gymmatlyklara laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösmegini, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde, bu ynsanperwerlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gadymy dessurda parasatlylyk hem-de çuňňur many bar. Onda milletiň päklige hem-de rehim-şepagatlylyga ymtylmasynyň ruhy many-mazmuny öz beýanyny tapýar.
Metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda halkymyzyň abadançylygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi dileg edildi, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy üçin aýat-töwirler okaldy.
— Berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
— Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk bolsun!
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27376?type=feed
Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.
Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan, şol sanda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylyk, arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň şäher ilatynyň abadançylyk derejesiniň we paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurdaky işleri aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew şu ýyl bellenilýän şanly seneleriň hormatyna tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýyl bellenilýän şanly seneler mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyryljak desgalarda alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda boljak wakalaryň, aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň örän uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini belledi. Şundan ugur alyp, täze desgalaryň ulanylmaga berilmegini bellenen tertibe we bildirilýän talaplara laýyklykda üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, şol sanda paýtagtymyzda “Daşkent” seýilgähini gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň barşy bilen gyzyklandy. Wise-premýer bu seýilgähi gurmak üçin taslamalary işläp taýýarlamak boýunça işleriň, birnäçe bäsleşikleriň deslapky tapgyrlarynyň geçirilendigini habar berdi. Häzirki wagtda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şonuň barşynda bir kompaniýa saýlanyp alnar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge täzeçil we oýlanyşykly çemeleşmäni, öňdebaryjy tehnologiýalary we işleri, iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýändigini belledi. Milli Liderimiz täze desgalaryň gurluşygynyň ähmiýetini nazarda tutup, onuň gurluşygynda ýokary hil derejesine we iki halkyň milli özboluşlylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu taslama amala aşyrylanda, goňşy we doganlyk ýurduň halkynyň milli aýratynlygyny nazara almagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz onuň bezeg işlerinde milli çeperçilik däpleriniň häzirki döwrüň binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň we desganyň netijeli bolmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk maksatnamalarynyň talabydygyny nygtady we wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle desgalar gurlanda her bir zady, olaryň maksadyny we oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy hem-de şu taslamanyň buýrujysynyň Aşgabat şäher häkimligi bolmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde we mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň biri boljakdygyny hem-de dürli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine uly ýardam berjekdigini aýratyn belledi. Şeýle hem Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň peýda bolmagy döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüler hem-de Aşgabadyň binagärliginde özüniň köpugurlylygy hem-de daşky dünýä açyklygy bilen öz beýanyny tapar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Gowaçanyň irki ekilen ýerlerinde onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, häkim ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi baradaky meseleleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy, şonuň ýaly-da, gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegini we agrotehniki kadalara laýyklykda, bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi berk gözegçilikde saklanylmalydyr, munuň özi olaryň ýokary hasylyny almaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açyljak medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamaga degişli birnäçe tabşyryklar berildi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Gowaça ekişiniň we bugdaýa ideg edilişiniň barşy hem-de suw üpjünçilik meseleleriniň çözülişi, şu ýyl belleniljek şanly seneler mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz, şonuň ýaly-da, gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda we bellenen möhletlerde tamamlanmagyny gazanmak üçin, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Ýeralma we gök-bakja ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişine ilkinji derejede üns berilmelidir. Munuň özi bu ekinleriň bereketli hasylyny almaga mümkinçilik berer.
Milli Liderimiz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň welaýatda ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi hem-de hemme bellenen meýilnamalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigi barada görkezme berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim iş maslahatynyň gün tertibindäki meseleler boýunça hasabat berip, hususan-da, gowaça ekişinde işleriň barşy hem-de güýzlük bugdaýa agrotehniki kadalara laýyk ideg edilişi, şeýle hem zerur mukdarda suw üpjünçilik meselelerini çözmek ugrunda ýerine ýetirilýän anyk çäreler barada aýtdy. Şeýle hem galla oragyna taýýarlyk görmek we şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we azyk üpjünçiligine degişli meseleleri netijeli çözmek ugrunda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmelidigine ünsi çekip, alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady we şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny almak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini üpjün etmek barada görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, bugdaýly meýdanlara edilýän ideg işleri, şaly ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de oba hojalyk ekinleriniň suw üpjünçiligi baradaky meseleleriň çözülişi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Mundan başga-da, häkim şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilen Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi we şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnamanyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýyň bol hasylyny almak, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaýly hem-de gowaça ösdürilip ýetişdiriljek meýdanlaryň ýokary hilini we ösüş suwunyň hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky meseleleriň çözülmeginiň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, bu ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda degişli idegi üpjün etmek barada görkezme berdi.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezme berip, döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanmaga berilmegi maksat edinilýän medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz giň gerimli çäre bolan Medeniýet hepdeligi baradaky meselelere ünsi çekip, onuň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şoňa görä-de, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy, güýzlük bugdaýa hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen zerur bolan möçberde üpjün edilişi, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi maksat edinilýän möhüm gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, alnyp barylýan meýdan işleriniň, aýratyn-da, gowaça ekişiniň we güýzlük bugdaýa edilýän idegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigine we öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ekin meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikasy bökdençsiz işledilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Bellenilişi ýaly, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depgini güýçlendirilmelidir, gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegi we bellenen möhletlerde tamamlanmagy üpjün edilmelidir.
Milli Liderimiz şu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin, olara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edip, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öňe ilerledilişi, şol sanda ýerlerde gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek, bugdaýa edilýän idegiň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ekinleri zerur möçberde suw bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belläp, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, möwsümleýin işleri bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27024?type=feed
Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.
Milli Liderimiz, öz nobatynda, agyr ýitgi — kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Baştutanynyň şeýle agyr günlerde hakyky dost hökmünde hasraty we gynanjy paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini aýtdy.
Şeýle hem RF-niň Baştutany türkmen kärdeşini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu wakanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasaty halkyň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Dostlukly ýurduň Prezidenti döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen guralýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň işjeň ilerledilýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak duşuşygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam beýan edildi.
RF-niň Baştutany koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň daşary döwletleriň içinde ilkinjileriň biri bolup, Russiýada öndürilen wirusa garşy sanjymy hasaba alandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Astrahana iberen ynsanperwer ýüki üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Prezident Wladimir Putiniň Russiýada öndürilen sanjymlary satyn almakda beren şahsy goldawyny belläp, diňe bilelikdäki tagallalar arkaly pandemiýany ýeňip boljakdygyny aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler öňümizdäki tomusda geçiriljek ikinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de güýzde geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň iki ýurduň arasyndaky we tutuş sebitdäki dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigi baradaky pikiri makulladylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň meselelerine geçmek bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanandyr.
Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek işinde rus tarapynyň işjeň ornuny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň taryhy taýdan kemala gelen dostlugyň we hyzmatdaşlygyň oňat däpleri ýola goýlan Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany Prezident Wladimir Putine duýgudaşlyk sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglygyny, abadançylyk we uly üstünlikleri, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27026
Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi türkmen atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Onuň baş maksady atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmekden, baý milli medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde bu bedewlere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
...Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara, şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen çykyş etdiler.
Dünýäniň atçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanylýan bu toplumda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän, gözelligiň, ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde asylly bedew Türkmenistanyň ajaýyp nyşany — taryhy tejribäniň dowamatlylygynyň nusgasy, belent ýörelgeleriň dabaralanmagynyň, tutanýerli zähmetiň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna güýç-gaýratly ymtylmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk pudagyny ösdürmäge, arassa ganly ahalteke tohumynyň baş sanyny saklamaga we artdyrmaga, ony tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary bu gün giň ählihalk goldawyna eýe bolýar. Şu dabara hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Onuň çäklerinde özleriniň işine uly üns berýändiginiň nyşany hökmünde, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi. Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan ajaýyp bedewleri kabul etmegini haýyş edýärler.
Meýdança ýurdumyzyň her welaýatyndan we paýtagtymyzdan bedewler yzly-yzyna çykarylýar. Şeýle hem ähli sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesliň wekilleri çykýarlar.
Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Oguzkent, Balkan welaýatyndan Deňiz, Daşoguz welaýatyndan Gyrbedew, Lebap welaýatyndan Köýtendag, Mary welaýatyndan Murgap, Aşgabat şäherinden bolsa Akşäher atly bedewler sowgat berildi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan ýene-de bir ajaýyp Beýikdag atly bedew sowgat berildi.
Diýarymyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan milli Liderimize 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz atly bedewleriň nesli bolan hem-de Gaplaňyň nesil ugruna degişli ajaýyp Hankerwen atly mele bedew sowgat berildi.
Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşýan welaýatlaryň ýaşulularyna hem-de ganatly bedewleriň şöhratly taryhyny dowam etdirmäge saldamly goşant goşýan atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Olar hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewlerini sowgat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýbüni tutan asylly däbine eýerip, S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň atşynaslary tarapyndan sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.
Soňra wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow at üstünde çapuw ýodasy boýunça gezim edip, bedewi synap gördi. Bedew bolsa çapyksuwaryň tejribelidigini, başarjaňdygyny duýup, onuň ähli ýumuşlaryny birkemsiz ýerine ýetirdi we tomaşaçylara öz gözelliginden, sazlaşykly hereketinden hem-de seýkin ýöreýşinden lezzet almaga mümkinçilik berdi.
Çapuw ýodasyna çykan bedew birsellem öz maýdalyna ýöredi. Soňra S.Berdimuhamedow bedewi çapyp başlady. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, milletiň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň Diýarymyzda giňden tutulýan toý-baýramlaryň esasy bezeglerini alamatlandyrdy. Bu gün Türkmenistanyň ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap urýan ynamly gadamy bedew badyna meňzedilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze sepgitlerini eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Soňra alypbaryjy ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi.
Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr we buýsanjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar.
Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Pudagy ylmy taýdan ösdürmek, bu ugurda amala aşyrylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, halkara bäsleşikleri geçirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk sport toplumlaryny gurmak üçin ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär.
Atçylyk pudagynyň okgunly ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge, at çapyşyklarda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň düzüminde ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglere gabat gelýän açyk we üsti ýapyk manežler guruldy.
Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly atlar dakylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini hem bellemek gerek. Arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmäge, bu tohumy kämilleşdirmäge hem-de olaryň ajaýyp tohumçylyk häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşdirilen, dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň duşuşyklary hem-de özara gatnaşyklary üçin netijeli edara öwrülen bu guramanyň giň gerimli işi behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär. Diýarymyzda guralýan ýörite sergiler we maslahatlar, ganatly bedewleriň gözellik bäsleşikleri hem şu maksada hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, ajaýyp çapyksuwar, bedewlere belent sarpa goýýan milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, boş wagtlarynda at çapmak we atly gezim etmek bilen meşgullanýar, edebi döredijiliginde aýratyn orun eýeleýän bedewler bilen hem yzygiderli didarlaşýar.
Döwlet Baştutanymyz giň taryhy hem-de häzirki döwrüň maglumatlaryny seljermegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri baradaky kitaplaryň ençemesini döretdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly däpleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ady rowaýata öwrülen atlaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, bu gün hem parasatly we gadymy halk hem-de onuň gahrymanlary barada bütin dünýä gürrüň berýär. Türkmenleriň halk döredijiliginde beýan edilen atyň keşbinde milli ruh, maksada okgunlylyk, gözellik, güýç-kuwwat hem-de dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, adalatlylyk, ata Watana söýgi düşünjeleri jemlenendir.
Dünýäde iň gowy tohumlaryň biri hökmünde ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr we şöhratydyr. Köp müňýyllyk taryha eýe bolan behişdi bedewler täsin, nepis syna gurluşy, çeýeligi hem-de çalasynlygy bilen diňe bir Türkmenistanyň däl-de, dünýäniň hem genji-hazynasynyň gymmatlygy hasaplanylýar.
Buýsançly gylyk-häsiýetlerine garamazdan, bedewler ynsan bilen gatnaşyklarda ýürekdeşdir, haçan-da olar hakynda yzygiderli alada edilende, eýesine çäksiz wepalydyr. Türkmen bedewleri hemişe — söweş meýdanlarynda hem, zähmetde hem ata-babalarymyzyň kömekçileri bolupdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň halkymyz milli buýsanjymyz, adamzat genji-hazynasynyň göwheri bolan ahalteke bedewleriniň iň oňat sypatlaryny wasp edýän ganatly jümleleri aýawly saklamagy hem-de şu günlerimize ýetirmegi başarypdyrlar.
Soňra dabarany alypbaryjy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baý many-mazmunly çäreleriň maksatnamasynyň bir bölegi bolan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ahalteke bedewleriniň iň gowularynyň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.
Olaryň her birini eminleriň öňünden geçirýärler. Birinji gezek at esbapsyz, ikinji gezek bolsa doly esbaplara hem-de şaý-seplere beslenen bedewleri geçirýärler.
Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, bedewleriň ählisi tertip boýunça emin agzalaryna we tomaşaçylara görkezildi: olaryň ady, ýaşy, nesil ugry, eýesi barada maglumatlar berilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna meşhur atlaryň tohumyny dowam etdirýän bedewler çykýar.
Ganatly atlaryň köp sanly muşdaklary ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň haýran galdyryjy gözelligine hem-de syratlylygyna baha bermäge mümkinçilik aldylar.
Tebigy gözelligini bir sözde beýan edip bolmaýan täsin bedewler özleriniň owadanlygy bilen emin agzalaryny hem-de atyň muşdaklaryny haýran galdyrdylar. Türkmen halky özleriniň bedewleriniň täsinligini nygtap, olary gymmatly bezegler bilen bezeýär. Ussat zergärler kümüşden, altyndan hem-de gymmat bahaly daşlardan ganatly bedewler üçin täsin şaý-sepleri taýýarlapdyr.
Ahalteke bedewleriniň täsin hem-de aýratyn reňk öwüşgini, uzyn we inçe aýaklary, owadan boýny, sazlaşykly göwresi, ýyndamlygy, örän çydamlylygy atşynaslaryň, seçgiçileriň hem-de seýisleriň döredijilikli, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Olaryň däplerini bu gün ýokary hünärli hünärmenler hem-de öz işiniň ussatlary dowam etdirýärler.
Atlar özleriniň ajaýyp syna gurluşy bilen nepis gözelliklerini hem-de başarnyklaryny, ähli agzalarynyň sazlaşykly hereketlerini görkezdiler. Hakykatdan-da, arassa ganly bedew ussat seýisleriň zehininden dörän hakyky hazynadyr.
Soňra bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Şol bäsleşigiň esasy maksady bu düşbi we owadan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmekden ybaratdyr.
Hut bedewiň Diýarymyzyň baş nyşanydygy, döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň beýanydygy tötänden däldir. At türkmenler üçin wepaly ýoldaşdyr we dostdur, ygtybarly kömekçidir hem-de sazlaşygyň nusgasydyr. Şoňa görä-de, bedewlere bagyşlanan ençeme rowaýatlar, ertekiler we nakyllar döredildi. Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewi jadyly alamatlar bilen häsiýetlendirdi. Şol döredijilikde behişdi bedewler arzuwlaryň wysal bolmagyny, şowlulygy, bagtyýarlygy hem-de hoşniýetliligi alamatlandyrýar.
Elbetde, bularyň ählisi gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli milli sungatda hem öz beýanyny tapdy. Atlaryň tebigy gözelligi, syratlylygy, wepalylygy, ýyndamlygy köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.
Ahalteke bedewiniň ajaýyp keşbi, häsiýeti, aň-paýhasy hem-de täsin zehini döredijilik işgärlerini şahyrana keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.
Bäsleşige hödürlenen iň gowy işler degişli ugurlara — iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary, türkmen bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri, iň gowy telewizion görnüşler ugry boýunça seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bäsleşigiň ýeňijilerine — türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly — “Behişdi bedew” atly eseri üçin Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni G.Orazowa, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary — “Garlawaç» at şaý-sep toplumy” atly eseri üçin Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy E.Annaberdiýewa, türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri — “Türkmen toýy” atly nakgaş eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşlyk kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Ş.Orazlyýewe “Tolkun” telewizory we şahadatnama gowşuryldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy M.Hojainowa, türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — “Türkmeniň uçar ganaty” atly fotoişleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy M.Rozyýewe, türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler — “Türkmen bedewi” atly wideoşekili üçin Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Ramazanowa baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri hormatly Prezidentimize öz döredijilik işlerine ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmagyň, olary giňden wagyz etmegiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine we güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi.
«2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ary we Altynbaş diýen bedewleriň neslinden bolan hem-de meşhur Skak diýen atyň nesil ugruna degişli Aýgytly diýen bedewi mynasyp boldy. Ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň atly sport we marafon bölüminiň türgeni Çarymyrat Ballyýew seýisläp ýetişdirdi.
Ýeňijä milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Leхus” awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda sungat ussatlary döredijilik çykyşlarynda türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza bolan buýsançdyr bagtyýarlyk duýgularyny beýan etdiler.Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26743?type=feed
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.
Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.
Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy. Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär. Bu ýerde hünärmen muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” goşgusynyň hala çitilen nusgasy muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň öz bedewlerine aýratyn garaýşynyň subutnamalary bolan atlaryň bezeg şaý-sepleriniň ajaýyp nusgalary bar. Gadymy döwürlerde kemala gelen at bezemek däpleri şu güne çenli türkmeniň milli medeniýetinde saklanyp, häzirki zaman zergärçilik ussalarynyň işlerinde öz beýanyny tapýar. Bedewleriň altyndan, kümüşden taýýarlanan bezeg şaýlary taryhyň dürli döwürlerinde, çylşyrymly ýagdaýlarda gorag esbaplary hökmünde hyzmat edipdir. Kümüşden ýasalyp, gymmat bahaly daşlar, hususan-da, hakyk we pöwrize daşlary bilen bezelen at esbaplary ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, bedewleriň gözelligine gözellik goşupdyr.
Şol bir wagtyň özünde bu ýerde bedewleriň çapuw mahalynda ulanylýan eýerleri bilen bir hatarda, bedewler toý-baýramlara çykarylanda, atylýan eýerleriniň görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ussat seýisleriň at esbaplaryny ulanmaga örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigini we ähmiýetine görä ulanylýandygyny aňladýar. Şeýle hem muzeýde oturdylan ýörite monitorda Arkadag Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine wepadarlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany hökmünde alabaý köpegini sowgat berýän görnüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şol gün milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we abadançylyk arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaýy sowgat beripdi. Şol pursatlarda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dostudyr. Wepaly atly alabaýyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.
Prezident Wladimir Putine gowşurylan bu sowgat köpasyrlyk türkmen-russiýa dostluk ýörelgelerine ygrarlylygyny hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz şonda sowgat berilýän köpejigiň ýeňsesinden tutup, ony ýokaryk galdyrdy hem-de şeýdip, itiň häsiýetine baha berilýändigini düşündirdi. Şunda Wepaly özüni iň gowy tarapdan görkezdi, diýmek, ol batyrgaý we çydamly it bolup ýetişer.
Bu ýerde milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ozalky Hökümet baştutany D.Medwedewe sowgat beren alabaýy, bu türkmen itiniň Russiýanyň tebigatyna, onuň howa aýratynlyklaryna tiz uýgunlaşandygy barada gürrüň berýän wideoşekiller hem görkezildi.
Şeýle hem ady rowaýata öwrülen Akhanyň täze dünýä inen taýy bolan Aşgabat atly taýçanak, onuň ösüşi, özboluşly beden gurluşy barada gürrüň berýän wideoşekilleriň görkezilmegi, bu ýerde guralan dabarany täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Bu görnüşler türkmen halkynyň şöhratly seýisleriniň yhlasy bilen arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylýandygyny-da alamatlandyrdy.
Ganatly bedewler türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Olar baýramçylyk dabaralarynyň, şanly toýlaryň esasy ýaraşygy bolup durýar.
Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär. Munuň özi dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar. Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň, halk seçgiçileriniň öz hünärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyz türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini aýratyn belleýär.
Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.
Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň kitaphanasy bilen tanyşdylar. Bu ýerde şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerine we türkmen alabaýlaryna bagyşlanan eserleriň giň toplumy bar. Hususan-da, kitaphanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlerimize we edermen alabaýlarymyza bagyşlanan kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu eserler dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, halkara ähmiýetli kitaplara öwrüldi. Bu ýerde goýlan kitaplaryň hatarynda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy” atly eserler bar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp işleri döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny alamatlandyryp, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, gadymy däpleri hem-de döredijilik zehini barada söhbet açýar.
Kitaphananyň baý kitap gaznasynyň bardygyny bellemek gerek. Kitaphana doly derejede kompýuterleşdirildi. Munuň özi okyjylara elektron kitaphana serişdelerine, ylmy we usulyýet edebiýatlaryna bolan elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanan döwürleýin metbugat neşirleri bar.
Mundan başga-da, kitaphanadaky ýörite internet-saýtlarynyň, olaryň üsti bilen metbugat neşirleri, “Behişdi ahalteke atlary” we “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnallarda ýerleşdirilen makalalar, gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilipdir.
Kitaphananyň üç dilde hereket edýän elektron saýty ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky gündelik maglumatlar, halk döredijiliginiň eserleri bilen baýlaşdyrylyp durulýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserlerinden dürli rowaýatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
Kitaphananyň işine täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyryldy. Bu bolsa kitaphananyň okyjylarynyň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, bu ýerde hünärmenleriň atşynaslyk we itşynaslyk babatda netijeli işlemekleri, alymlaryň ahalteke bedewleridir türkmen alabaýlary baradaky bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu bolsa degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün edýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar binanyň ikinji gatyna galyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Merkeziň iş otaglary işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan esbaplar bilen üpjün edilip, olaryň ygtyýarynda kompýuterler we beýleki degişli enjamlar bar.
Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary, ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde netijeli iş alyp barmak, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryndan peýdalanmak üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra merkeziň maslahatlar zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow mejlisi açyp, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.
Assosiasiýanyň başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün bu halkara guramanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny belledi. Onuň düzümine täze agzalar kabul ediler, ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglary gowşurylar. Şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri we wagty kesgitlener hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar, degişli çözgütler kabul ediler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda şu ýyl ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz bolan behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçilýär diýip, S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaý itleri özüniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Türkmen alabaý itleri biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen alabaýlaryň eýesine wepalylygy, batyrlygy hem-de edermenligi bilen dünýäde giňden tanalýar. Soňra assosiasiýanyň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän “Türkmen alabaýy” eserinde: “Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip belläp geçişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär.
Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şonuň bilen birlikde, gysga wagtyň içinde bu abraýly guramanyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany artyp, halkara derejä eýe boldy. Häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”, “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny bilelikde geçirmek bellenildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek karar edildi diýip, S.Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan itşynaslarymyz üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde iň gadymy itleriň biri hasaplanylýan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek; türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini hem-de wepadarlygyny giňden dünýä ýaýmak; daşary ýurt döwletlerinde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän we saklaýan taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak assosiasiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedowyň guramanyň Tertipnamasynda “Assosiasiýasynyň başlygy” we “Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary” diýen sözleri “Assosiasiýanyň Prezidenti” we “Assosiasiýanyň wise-prezidenti” diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Foruma gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Ol Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady. Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär. Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady.
Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy.
Serdar Berdimuhamedow özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli gymmatlygy we baýlygy bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we itşynaslygy ösdürmek boýunça pudagyň berk binýady emele getirildi. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda kemala getirilen arassa ganly türkmen alabaýlarynyň baş sanyny köpeltmek hem-de milli itşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Geljekde hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gijämizi gündiz edip, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Agamyrat Baltaýewe söz berildi. Ol özüniň çykyşynyň başynda çärä gatnaşyjylary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda bellenilýän şanly seneler we wakalar — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şonuň ýaly-da öňde durýan beýleki milli baýramlar we olar mynasybetli paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döwrebap merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe assosiasiýanyň agzalarynyň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň tagallalary ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny giňden öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilendir.
Milli itşynaslygy ösdürmek babatyndaky giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu täsin tohumyň arassalygyny saklamaga, onuň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyny düýpli öwrenmäge ýardam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, bu gün pederlerimizden miras galan, şonuň bilen baglanyşykly däpleri öwrenmek üçin örän uly mümkinçilikler bar.
Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby taryhy mirasymyz bolan türkmen alabaýyny öwrenmekde, döwrebap esasda dikeltmekde hem-de wagyz etmekde çelgi bolup hyzmat edýär. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan köp sanly arheologiýa tapyndylary, şonuň ýaly-da gadymy golýazmalar bu tohumyň gadymylygyna hem-de gelip çykyşyna şaýatlyk edýär. Bu ajaýyp eserde bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň milli tejribesi, itşynaslygyň gadymy usullary olaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge mynasypdyr. Bu kitap türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşandyny açyp görkezýär.
Soňky ýyllarda Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän gadymy Paryzdepe ýadygärliginiň çäklerinde türkmen alabaýynyň antik döwre degişli heýkeljikleri tapyldy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň Beýik Seljuklar zamanasyna degişli kerpijiň ýüzüne basylan yzlary, Gökdepe etrabyndaky Şährihaýbar ýadygärliginden “Tazyguýruk” nagşy çekilen küýze bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Ýasydepe ýadygärliginden türkmen alabaýynyň X asyra degişli heýkeli ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, nepis sungat bolan türkmen halysyna çitilýän “Güjük yzy” nagşy ylmy taýdan öwrenilip, ol baradaky maglumatlar Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly täze döredilen žurnalynyň ilkinji sanynda ylmy dolanyşyga girizildi.
Golaýda türkmen alabaýlaryna degişli ýene bir etnografiýa barlagy geçirildi hem-de täze ylmy açyşlar edildi. Has takygy, türkmen haly we dokma sungatynda duş gelýän gadymy nagyşlaryň biri bolan «It ýatak» nagşynyň taryhy yzlary ýüze çykaryldy. Bu täsin nagşyň iň gadymy nusgasynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Pessejikdepe ýadygärliginde ýüze çykarylan ybadat otagynyň diwaryna çekilen suratda duş gelýändigi anyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, Pessejikdepe arheologiýa ýadygärligi Jeýtun medeniýetine, has takygy, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişlidir. Pessejikdepe dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda diwaryň ýüzüne çekilen iň gadymy awçylyk pursadyny beýan edýän nakgaş eseri bilen meşhurdyr. Hut şeýle mazmunly diwara çekilen surat eseri Türkiýäniň Çatalhöýük ýadygärliginde hem duş gelýär. Ýöne Pessejikdepedäki surat eseri has gadymydyr hem-de köp reňk öwüşginliligi bilen mesaňa tapawutlanýar.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow manyly çykyşy üçin A.Baltaýewe sagbolsun aýdyp, foruma sanly ulgam arkaly gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň prorektory, weterinariýa ylymlarynyň doktory, professor Murat Kibara söz berdi.
Murat Kibar hemmeleri ýetip gelýän Türkmen alabaýynyň baýramy, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň häzirki zaman merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredilenden soňra, geçen gysga wagtyň içinde giň gerimli işler ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşigi geçirildi. Murat Kibar assosiasiýanyň ähli agzalaryna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas Mekan Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini gaýtadan dikeltmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, häzirki we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmenler alabaý itlerine hemişe uly sarpa bilen garapdyrlar. Arkadag Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” diýen kitabynda olar barada buýsanç bilen ýazýar. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, Ahal welaýatynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň ulanylmaga berilmegi, Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň binalarynyň gurulmagy halkymyzyň milli baýlygy bolan alabaýlar baradaky yzygiderli aladanyň aýdyň subutnamasydyr, bu işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
M.Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan türkmen bedewleri hem-de alabaýlary barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet Baştutanynyň wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň “Узбекский волкодав” tohumlaryny gorap saklamak boýunça jemgyýetiniň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Akobir Şukurow sanly ulgam arkaly çykyşynda bu assosiasiýanyň işiniň daşary ýurtly itşynaslarda uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: edermen türkmen alabaýy özüne mahsus aýratynlyklary bilen iň nusgalyk, dünýäde has köp ýaýran tohumlaryň biridir, onuň meşhurlygy barha artýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň itşynaslygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň işine mynasyp baha berilmegi itşynaslyk hünäriniň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Akobir Şukurow bu assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şöhratyny belende götermek boýunça alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň “Kawkaz itleriniň janköýerleri” jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ilham Gazimzade sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet derejesindäki milli mirasy gorap saklamaga gönükdirilen işleriň ähmiýetini nygtady. Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bu babatda möhüm waka boldy. Ilham Gazimzade türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň ählisiniň adyndan milli Liderimize bu guramanyň işine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady we olara öz işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekýär.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimize guramanyň netijeli işlemegine döredilen mümkinçilikler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalarynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatdaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26527?type=feed
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda öňe sürüpdi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyz üçin ileri tutulýan daşary syýasy ugur bolup durýar. BMG-niň esasy hyzmatdaş hökmünde saýlanyp alynmagy kanunalaýykdyr hem-de düýpli dünýägaraýyş esaslaryna eýedir. Şolaryň esasynda Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatlarynyň BMG-niň wezipeleri, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada sazlaşykly hem-de durnukly döwletara gatnaşyklary ýola goýmak, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň mäkäm gurallaryny döretmäge degişli wezipeleri bilen gabat gelmegi durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, hut BMG-ä, onuň ygtyýaryndaky syýasy-diplomatik gurallara daýanmak bilen, halkara bileleşigiň, ilkinji nobatda bolsa, sebitiň döwletleriniň bu maksatlara ýetmäge gönükdirilen işleri ýola goýulmalydyr.
Dürli ugurlar boýunça işlemek üçin özboluşly edara bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döwrüň möhüm meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Türkmenistanyň we merkeziň bilelikdäki işi, tutuşlygyna alanyňda, esasy maksatlara — Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilendir.
BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki bu edarasynyň işiniň netijeliligi barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hem-de bu düzümiň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Kararnamasynda hem nygtalandygyny belläp geçmek wajypdyr.
Merkezi Aziýanyň ýurtlary sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, şonuň ýaly-da, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy göreşmekde we güýç ulanmagyň öňüni almakda hyzmatdaşlyk etmek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu gün terrorçylyga garşy wajyp resminamalaryň hereket edýändigini, şolaryň her biriniň öz düzgünleşdiriji ugurlarynyň bardygyny, şol bir wagtyň özünde birek-birek bilen özara baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Döwletler BMG-niň terrorçylyga garşy göreş boýunça konwensiýalarynyň binýatlaýyn häsiýetini hem-de halkara hukuk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň möhümdigini ykrar edip, olary üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamalary işläp taýýarlaýarlar. Iş ýüzündäki ädimler hökmünde bu ulgamdaky milli kanunçylygyň kabul edilmegini, sebit derejesinde degişli şertnamalaryň taýýarlanylmagyny, iş toparlarynyň döredilmegini, ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny bellemek bolar.
Kararnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary bellenilýär.
Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine yzygiderli eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmäge uly goşant goşýar, dostlukly döwlete döredijilikli durmuşyň binýatlaryny pugtalandyrmakda hemişe kömek berýär.
Şu ýylyň 6-njy fewralynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Taliban” hereketiniň Syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda owgan wekiliýeti goňşy halkyň rowaçlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine doly goldawyny beýan etdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şonuň ýaly-da, Türkmenistan bilen Owganystany birleşdirýän demir ýollar bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň diňe bir Merkezi Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin hem tutuş howpsuzlyk ulgamy hem-de durnukly ösüş babatynda wajypdygyny nygtaýar.
Resminamada sebit merkeziniň BMG-niň ýurt boýunça toparlary, gapma-garşylyklaryň öňüni almak meselelerinde Parahatçylyk gurujylyk gaznasy, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň we zenanlaryň jemgyýetdäki, syýasatdaky hem-de ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen we ýolbaşçy zenanlaryň toparyny okatmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlykdaky oňyn orny bellenilýär.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň hökümetleri bilen gatnaşyk saklaýar hem-de dünýäde koronawirus ýokanjynyň zyýanly täsirleriniň öňüni almak üçin öňüni alyş diplomatiýasy ulgamynda degişli taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistan täze wehim bilen göreşmekde uly tejribe toplan hem-de pandemiýanyň zyýanly täsirlerini ýeňip geçmekdäki gymmatly tejribelerini paýlaşýan beýleki ýurtlara uly hormat bilen garaýar. Biziň döwletimiz beýleki ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen bilelikdäki tagallalaryň ýokary netijeliligini gazanmak üçin öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyr.
BMG-niň agentlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny agzamak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň maýynda bu meýilnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.
Golaýda, 16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny tassyklady.
“Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de Bitaraplyk derejesine ählitaraplaýyn ygrarly Türkmenistan sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ösüşi üpjün etmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, durnukly ösüşi, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gazanmak üçin halkara işlerinde syýasy-diplomatik gurallarynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini elmydama netijeli ulanýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde suw hem-de energetika serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň meseleleri boýunça özara bähbitli ylalaşyklary gazanmak üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygy hem bellenilýär.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň nobatdaky wajyp resminamasynda öz beýanyny tapan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy strategiýasy ýene-de bir gezek dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Türkmen döwleti sebit goşulyşmalary boýunça başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen alyp barýan işlerine mundan beýläk-de işjeň gatnaşar.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26189?type=feed