Habarlar
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly serişdeleriň goýlandygyny, telekeçileriň bolsa döwlete degişli bolmadyk ulgamyň gerimini giňeltmek işinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň öndürijiligini artdyrmakda-da möhüm orun eýeleýändiklerini nygtaýar. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzy ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, şeýle-de ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenen 12-nji awgustdaky Hökümetiň göçme mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy telekeçiligiň işini ösdürmäge we höweslendirmäge aýratyn üns bermegiň, degişli düzümlerde täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Beýan edilen görkezijiler kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýedi aýda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu görkezijiler şu ýylyň sekiz aýynda, degişlilikde, 168,6 we 114,8 göterime deň boldy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda Diýarymyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragynyň TSTB-niň agzasydygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär. 

                                                                   

Häzir ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgelerinde ýola goýýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň, salgyt ulgamynyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň, ýer böleklerini bermek düzgüniniň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz bermekde we telekeçiler üçin karz, gümrük hem-de söwda amallaryny resmileşdirmek işleriniň ýeňilleşdirilmeginde beýanyny tapýar. 

                                                                   

Bu çäreler “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýär. Şol Maksatnama ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, Türkmenistanda hususy öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly durmuş taýdan abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kiçi we orta işewürligi goldamak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň, onuň wekillerini halk hojalyk toplumyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmäge, kärhanalary döwlet eýeçiliginden aýyrmak işlerine giňden çekmegiň zerurdygyny belleýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagyna TSTB-niň agzalary mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, däp boýunça, bu guramanyň döredilen gününe gabatlanyp, her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň nobatdaky sergisini ýatlap geçmek gerek. Hormatly Prezidentimiz sergide görkezilen ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň öndürýän önümleriniň hem-de senagat harytlarynyň görnüşleri bilen tanşyp, Türkmenistanda hususy ulgamy ösdürmek boýunça anyk işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Bu işler, ilkinji nobatda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek bilen baglylykda möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pul-karz we maliýe ulgamyna bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, telekeçilik ulgamynyň paýynyň artdyrylmalydygy hem-de onuň halk hojalyk toplumynda işjeň orun eýelemeginiň üpjün edilmelidigi barada pikirini aýtdy. Şu maksatlar bilen, kiçi, orta we iri hususy kärhanalara goldaw bermegi dowam etmek, hususy işewürlik üçin karz beriş maksatnamasyny giňeltmek, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyny düýpli seljermek barada görkezme berildi. Bu çäreler döwlete degişli bolmadyk ulgamyň wekilleriniň hem-de ýurduň raýatlarynyň işjeňligini höweslendirmek arkaly ozalky iş orunlaryny saklamaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iýun aýynda degişli Karara gol çekendigi bellärliklidir. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň telekeçilerine döwlet tarapyndan goldaw berler. Munuň üçin ABŞ-nyň 150 million dollary bölünip berildi. TSTB-niň gazananlarynyň sergisiniň dowamynda ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileri daşary ýurtly kompaniýalar bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 sany şertnamany baglaşdylar. Şolardan 16-sy ABŞ-nyň 3 million 247 müň 441 dollaryna deň bolan eksport ugurly we 47-si ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import ugurly şertnamalardyr. Şunuň bilen bir hatarda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada deň bolan özara içerki söwda hakynda şertnamalaryň 51-sini baglaşandyklaryny bellemek möhümdir. Olar, esasan, azyk önümleriniň hem-de önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. 

                                                                   

TSTB-niň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajypdygyna birinji ýarym ýylda sanly ulgam arkaly daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklar hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileriniň wekilleriniň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde rus kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlamak ýerlikli bolar. Duşuşygyň netijeleri boýunça supermarketleriň “Halk market” (Türkmenistan) söwda ulgamy bilen “Rusagro” (Russiýa) agroholdinginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama gol çekildi. Ol azyk ulgamynda, işewür toparlaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Iýul aýynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen Türkmen-özbek sebitara forumynyň barşynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça resminamalar eksport-import söwda ylalaşyklaryny özünde jemleýär. 

                                                                   

Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamy türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biridir. TSTB-niň agzalary önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we sport binalaryny, ýollary, raýat awiasiýasynyň düzümleýin desgalaryny hem-de beýlekileri gurýarlar. Bu gün hususy gurluşyk kompaniýalarynyň amala aşyrýan iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyklary, Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň seýilgäh toplumynyň gurluşyklary bar. Şu günler TSTB-niň agzalary tarapyndan Köýtendag etrabynyň çäklerinde ýerleşen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de ençeme beýleki senagat kärhanalarynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. 

                                                                   

Birinji ýarym ýylda durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. 24-nji martda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazygynda IIM-niň işgärlerine niýetlenen Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çärä gatnaşdy. Aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana, maý aýynda bolsa Daşoguz welaýatynda 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy dabaraly açyldy. 

                                                                   

1-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Rowaç” kottejler toplumy açyldy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz TSTB-niň jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýöriteleşen kärhanalary tarapyndan guralan milli we daşary ýurt aşhanalarynyň tagamlarynyň sergisine baryp gördi hem-de hususy ulgamyň önümleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň çekýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazarlary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bakja, gök we miwe önümleriniň, ekzotik önümleriň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olara bildirilýän ekologik hem-de howpsuzlyk kadalaryna-da laýyk gelmelidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň alan ISO we NASSR halkara güwänamalary olaryň azyk önümleriniň hiliniň ýokarydygyna hem-de ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri içerki we daşarky bazarlara ýetirýän giň görnüşli täze önümleri bilen sarp edijileri ýygy-ýygydan begendirýärler. Oba hojalyk ulgamynda miweçilik hem-de üzümçilik hususy öndürijileriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ol köp babatda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi netijesinde häzir ileri tutulýan ugurdyr. Onuň ýer bölekleri dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda miweleri we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde bölünip berilýär. Şeýle-de TSTB-niň agzalary tarapyndan oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Şol sanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gök önümleri, üzüm hem-de miweleri ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny, azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammarlary gurmak ýaly teklipler işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde Diýarymyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Bütindünýä Söwda Guramasynda Türkmenistanyň işjeň synçy derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçilikleri artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga uly mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri görnüşleri hemişe artýan önümleriniň eksporty babatda mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan ýokarlandyrýarlar. Oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma pudagynyň önümleri hem-de dürli azyk harytlary eksport ugurly harytlaryň düzümine girýär. Eksport edilýän senagat harytlarynyň arasynda izogam, suwuk bitum goýatmasy, penopolistirol, polipropilen haltalary, suwuk senagat garyndysy, akkumulýator batareýalary we beýlekiler agdyklyk edýär. 

                                                                   

Tejribäniň görkezişi ýaly, ýurtda ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa maýa goýumlaryň çekilmegi oňyn netijelerini berýär. Şu babatda Diýarymyzda durmuşda ulanylýan tehnikalary — gaz we elektrik peçlerini, howur peçleri, kiçi tolkunly peçleri, smart telewizorlary öndürijileriň işleri nusgalykdyr. Şol önümler daşary ýurtdaky ugurdaş harytlardan pes däldir we olar alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, TSTB-niň agzalary häzirki zamanyň senagat hem-de elektron önümleriniň, töleg terminallarynyň, okuw onlaýn-maksatnamalarynyň, “akylly” öý tehnologiýalarynyň önümçiligini üstünlikli özleşdirdiler. 

                                                                   

Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, ilata giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. Türkmen işewür jemgyýetçiliginiň hünärmentçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan agzalarynyň işleri milli medeni mirasyň wagyz edilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, TSTB-niň milli keçe basmak sungatynda ussat gelin-gyzlaryň arasynda her ýyl bäsleşigiň guralmagyna gatnaşýandygyny bellemek gerek. Bu bäsleşigiň netijeleri awgust aýynyň başynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň medeni-dynç alyş merkezinde jemlenildi. 

                                                                   

Döwletiň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda Diýarymyzyň telekeçiligi önümçilik we önümçilik däl ulgamlarda, eksport babatda hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliklerini ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny öňe ilerletmekde we ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde geljekde-de ösmegiň oňaýly mümkinçiliklerine eýedir. 

                                                                   

TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň açylmagynyň maksat edinilmegi hem hususy işewürligiň mümkinçiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Iýul aýynyň ilkinji ongünlüginde bu ýokary okuw mekdebiniň dabaraly ýagdaýda düýbi tutuldy. Okuw binalarynyň dördüsinden we her biri 300 orna niýetlenen talyplar umumy ýaşaýyş jaýynyň iki binasyndan, şeýle-de kitaphanadan, naharhanadan, üsti ýapyk we açyk sport toplumyndan ybarat bolan häzirki zaman toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmen telekeçileriniň öňünde täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri, şol sanda iri döwlet buýurmalaryny hem-de maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly täze wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde işewürligi ösdürmek, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmek we täzeçil önümçilikleri guramak maksady bilen, Türkmenistanda 2018-nji ýylda TSTB-niň teklibi bilen döredilen ýurduň kiçi we orta telekeçiligini goldamak baradaky gaznanyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sarp ediş önümleriniň, aýratyn-da, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň, içerki bazaryň önümler hem-de ilkinji zerurlyk hökmünde ulanylýan beýleki harytlar bilen üpjün edilişini gowulandyrmagyň ähmiýetini nygtady. TSTB-niň kärhanalaryna kömek bermäge, oňaýly işewürlik ýagdaýlaryny döretmek arkaly kiçi, orta we iri işewürligi yzygiderli goldamaga degişli käbir görkezmeler berildi. Her welaýatda, etrapda we şäherde döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döretmek, Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli önümleriň eksportyny giňeltmek möhüm talaplaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetde döwletiň eýeleýän paýyny azaltmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň we onda hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Ýurdumyzyň telekeçiliginiň geljek üçin uly maksatlary bar. Netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň işlenip taýýarlanylan we hemişe kämilleşdirilýän usullary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän möhüm wezipelerini çözmek işi öňde durýar. Şol usullar olary üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. 

                                                                                                           

(TDH)

30.09.2022
Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine goşant üçin sylaglar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady 

                                                                   

 Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa dabaraly çäräniň geçirilmegine taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişi geçip, berkarar Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň kämilligini we Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary taýýarlygyny ýene bir gezek görkezendigini belledi. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri has-da ösdürildi. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrinamyza laýyklykda, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirildi. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge uly şahsy goşant goşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylary we işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanlaryny okady. 

                                                                   

 Soňra döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady. 

                                                                   

Milli howpsuzlyk ministri sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby borja, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny aýtdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy. 

                                                                   

 Içeri işler ministri Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize hemişe wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Baş prokuror, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi. 

                                                                   

Baş prokuror berlen hünär derejesini hoşallyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize, Watanymyza hemişe wepalylyk kasamyny aýtdy we geljekde-de öz mukaddes watançylyk borjuny abraý bilen berjaý etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginiň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäkleriniň ygtybarly goralmagynyň we kanunylygyň, hukuk tertibiniň pugta berjaý edilmeginiň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sylaglanylanlary döwlet sylaglaryna, nobatdaky harby we ýörite atlara, şeýle-de hünär derejelerine mynasyp bolmaklary hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir ýola gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. 

                                                                   

Mukaddes harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletimiziň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

29.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadydyr

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 

                                                                   

Gündogaryň ajaýyp şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Watanymyzyň iň täze taryhy hut şu ykbal çözüji pursatdan gözbaş alýar. Bu gün Garaşsyzlygyň Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň biri hökmünde berkarar bolmagy, daşary ýurtlar, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýady döredendigini ynamly aýtmak bolar. Halkara bileleşik tarapyndan bildirilen uly ynam we hormat-sarpa ýurdumyzyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny şertlendirdi. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýada, daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Taryh üçin gysga döwrüň içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy ulgamy ep-esli kämilleşdirildi, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat we asuda ýaşamagy, tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyklykda, soňky ýyllarda dürli maksatly, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, däp bolşy ýaly, ajaýyp üstünlikler we zähmet ýeňişleri bilen belleýär. Şol üstünliklerdir ýeňişleriň her biri häzirki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi. Ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegi türkmenistanlylaryň erk-islegini erkin beýan etmeginiň kepili boldy. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi. 

                                                                   

“Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow golaýda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy we döwlet syýasatynyň geljekki esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu çylşyrymly döwürde alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe-durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge, tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna eziz Watanymyzyň ähli künjeginde şu günler köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlaryň guralýandygyny bellemek gerek. Şolarda täze taryhy eýýamyň döredijilik güýji öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň harby gullukçylary nyzama düzüldi. Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münbere çykýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri tarapyndan dabaraly saz çalynýar. 

                                                                   

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaraly harby ýörişden başlanýar. Onuň barşynda eziz Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döwletimiziň mukaddes serhetleriniň hem-de özygtyýarlylygynyň gazananlarynyň goragynda duran Watan goragçylarynyň ýokary hünär derejesi görkezildi. 

                                                                   

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowdan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat soraýar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişiň başlanmagy barada görkezme berýär. 

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça harby ulgamda başy başlanan giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine döwrebap usullar hem-de sanly ulgamlar ornaşdyrylýar, olaryň işgärler kuwwaty berkidilýär, harby gullukçylaryň durmuş meseleleri üstünlikli çözülýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalary munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şol resminamalar diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamalarda kesgitlenen strategik wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda döwletimiziň goranyş ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, onuň ýokary derejede howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek, ýurdumyzda kanunylygy, hukuk tertibini saklamak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. 

                                                                   

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi ata-babalarymyzyň Watana wepaly gulluk etmek baradaky şöhratly däplerini abraý bilen dowam etdirýärler hem-de Hökümetiň hemişelik aladasyna mynasyp jogap edip, iň täze tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Watan goragçylary öz üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirenlerinde, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň maksatlaryndan ugur alýarlar. 

                                                                   

...Dabaraly harby ýörişiň serkerdesi R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hasabaty kabul edeninden soňra, dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzümiň nyzamly hataryny gözden geçirmäge başlaýar we dabaraly harby ýörişe gatnaşýanlar bilen salamlaşýar. Olaryň hatarynda harby gullukçylar we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki mekdepleriň talyplary, esgerler hem-de Milli goşunyň serkerdeleri egin-egne berip durlar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Eziz Watanymyzyň mukaddes ýaşyl tugy ähli nesilleriň milli buýsanjynyň we watansöýüjiliginiň nyşany bolup, türkmenistanlylary edermenlige, zähmet üstünliklerine, ähli ulgamlarda täze sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar. 31 ýylyň dowamynda Watanymyz Döwlet baýdagynyň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere eýe bolýar, garaşsyz ösüşiň, Bitaraplyk hukuk derejesiniň täsin nusgaly döwleti hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär... 

                                                                   

Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary diňe bir nesilden-nesle geçip gelýän şöhratly däpleri aýawly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalydyklaryny hem görkezýärler. Biziň şöhratly taryhymyzda baýdaga hemişe mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Ähli döwürlerde söweşjeň baýdaga baş eglipdir, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy kabul edilipdir. Ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk etmek türkmenlerde hemişe uly hormat-sarpa hasaplanylypdyr. Häzirki döwürde söweşjeň baýdaklar Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhratydyr. Olar Watanymyzyň bitewüligini we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň goragçylaryna zerur bolan söweşjeň ruhy artdyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, dabaraly harby ýöriş baýdak göterijiler toparynyň çykyşy bilen başlanýar. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler. Soňra münberiň öňünden Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler. Türkmen topragynyň edermen ogly, gaýduwsyz frontçy we göreldeli mugallym, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. 

 Zenan harby gullukçylar şu dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda mähriban Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — özleriniň harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar. 

                                                                   

Milli harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmäge isleg bildirýän ýaş türkmenistanlylaryň harby okuw mekdeplerinde okamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda hereket edýän ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň hiline we netijeliligine, hünär ussatlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnikalary dolandyrmak tälimlerini kämilleşdirmäge uly üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna guralan şu gözden geçirilişe Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Olaryň yzy bilen münberiň öňünden sazlaşykly gadam urup, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň harby talyplary geçýärler. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde okuw-terbiýeçilik işi döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine motoatyjy esgerler hem saldamly goşant goşýarlar. Olar ýokary harby ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Olary türkmen uçarmanlarynyň batalýony çalyşýar. Uçarmanlar döwrebap uçarlara başarjaňlyk bilen erk edip, Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar iň döwrebap we kuwwatly tanklara başarnykly erk edýärler. Şu gözden geçirilişe artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, şeýle hem deňiz-pyýada batalýonynyň şahsy düzümi hem gatnaşdy. Harby okuw-tälim çäreleriniň barşynda olar ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. 

                                                                   

 Meýdançadan dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly batalýony geçýär. Onuň harby gullukçylary halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly gaýduwsyz serkerdeleriň watançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Toparlaryň ykjamlygy öz öňlerinde duran söweşjeň wezipeleri takyk we dessin ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmen edermen” diýlip atlandyrylan bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir. 

 Mälim bolşy ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Mähriban halkymyzyň buýsanjy we şöhraty bolan ganatly bedewler täze taryhy eýýamda öňe, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylmanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň we hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir. Şunuň bilen baglylykda, asylly däbe görä, dabaraly harby ýörişi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary dowam etdirýärler. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Munuň özi serkerdelerdir esgerlere öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde Hazarda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda sak duran hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän Harby-deňiz güýçleriniň abraýy barha artýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, gämileri, iň täze tehnikalary we enjamlary satyn almak, öz gämilerimizi gurmak boýunça netijeli çäreler görülýär, harby deňizçileriň söweşjeň we nazaryýet taýýarlygy ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde Hazar deňzindäki flotuň akwatoriýasyna geçirilýän flotiliýanyň baýramçylyk ýörişi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Dabaraly harby-deňiz ýörişi Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan hem-de iň döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrylan “Deňiz han” atly korwet taslamaly söweşjeň gämi bilen başlanýar. Şu ýylyň 10-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň günbatar sebitde ýerleşen Harby-deňiz güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine gelip, bu harby gäminiň söweşjeň mümkinçiligi, tehniki häsiýetnamalary we aýratynlyklary bilen tanşandygyny ýatlatmalydyrys. Onuň yzysüre “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri geçýärler. Harby flotuň gözden geçirilişini “Galkan” kysymly serhet gorag gämileri dowam etdirýärler. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýärler. 

                                                                   

Soňra döwrebap ýerüsti harby tehnikalaryň nobaty gelýär. Münberiň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli kysymlaryna degişli bolan harby tehnikalar geçip başlaýarlar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni “Taýfun” kysymly köpugurly sowutlanan awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen “Dongfeng Mengshi” kysymly awtoulaglar geçýärler. 

                                                                   

 Şu gezekki harby ýörişe “Titan-DS” kysymly harby ulag hem gatnaşdy. 

                                                                   

Dabaraly harby ýörişi «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «XP-1000», «MV 850» we «Big boss 570» kysymly motoulaglar dowam edýär. Olar hem häzirki zaman motoulaglarda pesden uçýan dikuçarlary we sowutlanan tehnikalary ýok etmek üçin niýetlenendir. Ýörite harby operasiýalary geçirmekde «MRZR 2», «MRZR 4» kysymly harby awtoulaglara we olaryň ýokary söweşjeň takyklyga eýe bolan ýaraglaryna, şeýle hem «Dagor» kysymly harby awtoulaglara möhüm orun degişlidir. Olar geçmesi kyn we ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply bolan ykjam, kuwwatly taktiki ulag serişdeleri bolup, ýörite maksatly toparlaryň gullugynda ulanylýar. 

                                                                   

Dabaraly harby ýörişiň hataryny “Land Rover” hem-de «Nimr Ajban» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, “Karakal” kysymly tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy dowam edýär. Soňra meýdança «Nimr» hem-de «Al Shibl 2» kysymly sowutlanan awtoulaglar gelýärler. Olaryň kömegi bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarymyz söweşjeň gulluk alyp barýarlar we öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. 

                                                                   

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişden “BTR-80A” kysymly söweşjeň we suwda ýüzüji tehnikalar geçýärler. Ot açyş kuwwaty, tizligi, desantirlemek mümkinçilikleri boýunça söweşjeň ulag hemmetaraplaýyn kämilleşdirilýär. Soňra «Bars», “Titan DS” kysymly sowutlanan awtoulaglar geçýärler. Olaryň üstünde pesden uçýan dikuçarlary ýok etmek üçin niýetlenen pulemýotlar bar. 

                                                                   

Şu dabaraly harby ýörişde “BMC Kirpi MRAP” kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem görkezildi. Awtoulagyň söweşjeň hasaby pulemýotlar hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen geçýär. Ikinji mehanizirlenen kerwen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň guryýer goşunlarynyň esasy urgy toparlaryna wekilçilik edýän ýöriteleşdirilen ulag serişdelerinden ybaratdyr. Ilkinji hatarlarda kuwwatly “T-90S” tanklary, “BMP-2D” hem-de “BMP-3” kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bar. 

 Soňra dabara gatnaşyjylara “ZSU-23-4 Shilka”, “Strela-10” we “Kub” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär. Olar howanyň dürli şertlerinde pesden uçýan uçarlary, dikuçarlary hem-de ganatly raketalary ýok etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlarymyz kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi. “2S1 Gwozdika” kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalarynyň bu goşunlarda ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Olaryň kömegi bilen garşydaşyň dolandyryş nokatlary, sowutlanan tehnikalary we şahsy düzümi hatardan çykarylýar. 

                                                                   

Soňra münberiň öňünden “KamAZ» kysymly çekiji awtoulag «D-30» kysymly toplary, şeýle hem «MAN» kysymly çekiji awtoulag «D-20» kysymly agyr toplary bilen geçýärler. Milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli şu günki dabaraly harby ýörişde 122 millimetrlik «BM-21A BelGrad» kysymly reaktiw ulgam hem-de «Smerch» kysymly reaktiw ulgam görkezilýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar. Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde uçarmansyz uçýan enjamlar bar. Olar soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde netijeli ulanylýar. Şolaryň arasynda dünýäde iň gowularyň hatarynda tanalýan “Bayraktar TB2” enjamy bar. Görkezilen “Falco” hem-de “Sky Striker” kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar aňtaw maglumatlaryny ýygnamaga, garşydaşyň sowutlanan tehnikalaryny we dolandyryş ulgamyny ýörite maksatly toparlar arkaly hatardan çykarmaga niýetlenendir. 

                                                                   

Dabara gatnaşyjylara şeýle-de “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de Içeri işler ministrliginiň ygtyýaryndaky “AutoGyro Сavalon” kysymly dikuçar görkezilýär. “Land Rover” kysymly awtoulag ýörişi dowam edýär. Onuň üstünde “Rode Schwarz” kysymly aragatnaşyk toplumy ornaşdyrylypdyr. Olaryň yzy bilen “FD-2000”, “KS-1A”, “PEÇORA-2BM”, “FM-90” kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar. Toplumyň söweşjeň häsiýetnamasy boýunça häzirki zaman howa hüjümine garşy goranmak ulgamlarynyň arasynda iň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar. 

                                                                   

Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugyna degişli täze harby awtoulaglar “KIA KLTV 141” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen münberiň öňünden “Toyota Hilux”, “KIA KLTV 141” “Сobra” kysymly döwrebap, köp maksatly we sowutlanan söweşjeň awtoulaglar geçýärler. Olar Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin netijeli ulanylýar. 

                                                                   

Soňra serhet goşunlarynyň “Mantra” kysymly awtoulagynda 121 mm kalibrli minomýotlar geçýärler. Dabaraly harby ýörişi “Iveco” kysymly awtoulaglar dowam etdirýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem-de “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilen. 

                                                                   

Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Milli howpsuzlyk ministrligine degişli harby tehnikalar bar. Şu günki dabarada “Iveco M65” kysymly söweşjeň awtoulagy hem-de “Storm Rider” kysymly häzirki zamanyň sowutlanan söweşjeň awtoulaglary görkezildi. Olaryň yzy bilen meýdançada ýeňil sowutlanan tehnikalary hatardan çykarmak, söweşjeň topary bellenen nokada howpsuz alyp gitmek üçin niýetlenen “Lazar III” kysymly sowutlanan tehnikalar peýda bolýar. 

                                                                   

Altynjy mehanizirlenen kerweniň düzüminde Içeri işler ministrliginiň tehnikalary bar. Dabaraly harby ýörişe “Titan-DS” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag hem-de “Ford Hennesey” kysymly awtoulaglar gatnaşýarlar. Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň ygtyýarynda şeýle-de “Ford Atlas”, “ToyotaTundra”, “GMС Sierra”, “PMV Survivor II” hem-de “Titan-DS” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglar bar. Olar halkymyzyň asudalygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi üçin hyzmat edýär. 

                                                                   

Soňra baýramçylyk gözden geçirilişi howa giňişliginde dowam edýär. Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň Harby-howa güýçlerine möhüm orun degişlidir. Şu günki döwrebap uçarmanlary dolandyrýan türkmen uçarmanlary ýokary ussatlyk derejesini hem-de iň täze howa tehnikasyny dolandyrmagyň inçe tilsimlerini görkezýärler. Meýdançanyň ýokarsynda, asman giňişliginde «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary we harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman giňişliginde peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň bölümleriniň ot açyş güýjüni we olaryň hereketini goldamak üçin niýetlenip, ýerüsti we howa nyşanlaryny ýok etmek üçin dürli görnüşli ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglandyrylandyr. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter EC145» we Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter AS365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýärler. Olaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Döwlet serhet gullugynyň «Agusta AW139», «Agusta A109» kysymly dikuçarlary görkezildi. Bu dikuçarlar ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini ygtybarly goramak işinde netijeli ulanylýar. Biziň serhetlerimiz dostlugyň we doganlygyň serhedi bolup durýar. Olaryň yzy bilen aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen «Diamond 42» kysymly ýörite uçarlar uçup geçýärler. 

                                                                   

Soňra asmanda «A-29 Super Tuсano» kysymly söweşjeň uçarlar peýda bolýar. Olar ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglanandyr. Bu uçarlar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije we gündiz ot açyş bilen goldamak üçin niýetlenendir. Howa giňişliginde «An-74» köp maksatly harby-ulag uçary hem-de «С-27 J Spartan», şeýle hem «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary peýda bolýar. 

                                                                   

Şu günki ýörişe gatnaşan döwrebap howa gämileriniň hatarynda «M-346» kysymly söweşjeň uçarlary hem bar. Olar islendik howa şertlerinde, islendik belentlikde, dag, düzlük ýa-da deňiz bolsun, tapawudy ýok, islendik ýerden uçmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan serişdeleriň ählisi bilen üpjün edilen bu uçarlar howa giňişligini goramak, aňtaw işlerini amala aşyrmak, guryýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin niýetlenendir. Şeýle hem şol uçarlaryň birinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň synag uçuşyny amala aşyrandygyny bellemelidiris. 

                                                                   

Dabaranyň ahyrynda “M-346” kysymly uçarlaryň uly topary çylşyrymly uçuş emellerini ýerine ýetirýärler. Munuň özi harby uçarmanlaryň ýokary hünär ussatlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olar paýtagtymyzyň asmanyny Döwlet baýdagymyzyň reňkleri bilen bezeýärler. Şu dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam etdirýär. Bu batalýonyň şahsy düzüminiň takyklygy, ykjamlygy, hatarlaryň sazlaşygy, ýokary nyzam emelleri jemlenip, ýatdan çykmajak keşplere öwrülýär. Meýdançada Garaşsyzlyk binasynyň şekili hem-de eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesini alamatlandyrýan “ХХХI” şekili emele gelýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy dabaraly harby ýörişiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. 

                                                                   

Soňra mele reňkli, şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewi meýdança çykarylýar. Bu bedewiň çeýe gadamy hem-de gözelligi onuň naýbaşy tohum atlarynyň neslindendigini görkezýär. Berkararlyk we Gülnahal diýen atlaryň neslinden bolan meşhur Pereňiň ugruna degişli ajaýyp Dowamat atly bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleri tarapyndan türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berildi. Ajaýyp gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan Dowamat birnäçe gezek meýdança boýunça gezim etdirilip, köp sanly tomaşaçylara buýsanç bilen görkezildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ynamly ösüşini alamatlandyrýan eli baýdakly çapyksuwarlaryň şowhunly atly ýörişi ýürekleri buýsanç duýgusyna besledi. Olaryň yzy bilen Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly Pyragy ajaýyp bedewlerde buýsançly başlaryny belentde tutup gelýärler. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan taýýarlanan şowhunly atly ýöriş ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Gözelligi bilen haýran galdyrýan bu bedewler ussat çapyksuwarlaryň erk etmeginde dürli tilsimleri hem-de hereketleriň sazlaşygyny görkezdiler. 

                                                                   

Ýurdumyzda bedew atlara belent sarpa goýulýar hem-de iň gowy arzuw-hyýallar, düşünjeler we maksatlar olar bilen baglanyşdyrylýar. Ahalteke atlary türkmeniň wepaly dosty hem-de hemrasy, uly buýsanç we söýgi çeşmesi bolmak bilen, halkymyzyň kalbynyň, onuň döredijilige, ösüşe tarap okgunly hereketiniň äşgär beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan ahalteke atşynaslygynyň dünýäde ykrar edilen merkezine öwrüldi. Biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri atçylyk sport bäsleşikleriniň, gözden geçirilişleriň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Sirk sungaty boýunça hem olar öňdäki orunlary eýeleýärler. Muňa “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň halkara festiwallarynda gazanýan ýeňişleri hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Taryhda bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler milli toý-baýramlarymyzyň bezegidir, olar milli taryhymyzyň ajaýyp nyşanydyr hem-de döwürleriň we nesilleriň üznüksiz baglanyşygynyň beýanydyr. Bedewe atlanan ýigitleriň Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belentde parladyp görkezen akrobatik tilsimleri baýramçylyk maksatnamasynyň özboluşly bezegi boldy. 

                                                                   

Täsin atly ýörişden soňra “Oguz hanyň döwletlilik baýdagy — Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy!” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş başlanýar. Gopuzyň we dutaryň owazy astynda deprekçiler, tans toparlary, teatr artistleri meýdança çykýarlar. Olar türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz hanyň, Gorkut atanyň hem-de asyrlaryň dowamynda atlary nesilden-nesle geçip gelýän beýik şahsyýetleriň keşplerini janlandyrdylar. Türkmen halkynyň şöhratly ogullary häzirki nesillerine ýüzlenip, özleriniň başlan beýik işlerini mynasyp dowam etdirmegi hem-de özygtyýarly Watanymyzyň şöhratyny belende götermegi wesýet edýärler. 

                                                                   

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň şanyna dabaralar dowam edýär. Bu dabaralaryň telewideniýede göni ýaýlyma berilmegi paýtagtymyzyň baş meýdançasynda bolup geçýän baýramçylyk çärelerine uly gyzyklanma hem-de ruhubelentlik bilen tomaşa edýän millionlarça watandaşlarymyzy jebisleşdirdi. 

                                                                   

Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri açýarlar. Ýüzlerçe ak şarlar asmana uçurylýar. Baýramçylyk görnüşindäki awtoulag milli nyşanlar bilen bezelipdir, Döwlet tugrasynyň hem-de baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň we onuň binagärlik nyşanynyň — paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň şekilleri goýlupdyr. Iki palataly parlament hem-de jemgyýetçilik guramalary özygtyýarly Türkmenistanyň okgunly ösüşinde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda, döwletimiziň hukuk hem-de dünýewi binýatlaryny berkitmekde ähmiýetli orny eýeleýär. 

                                                                   

Soňra Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik nyşanlarynyň şekilleri bilen bezelen Aşgabat şäher häkimliginiň baýramçylyk görnüşindäki awtoulagy hem-de ýüzlerçe adamlar geçýärler. Dürli ýyllarda Türkmenistanyň häzirki zaman ajaýyp keşbini açyp görkezýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň we desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Soňky ýyllarda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen ak mermerli ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki iri ýadygärlik toplumlary tomaşaçylaryň öňünde peýda bolýar. “Aşgabat” söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi bu ýörişiň aýratyn bezegi boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty okgunly ösýän, gözelligi hem-de amatlylygy, binagärligiň we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde sazlaşykly jemleýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr. Ak mermerli Aşgabatda şäherlileriň döredijilikli zähmet çekmegi, doly derejede dynç almagy üçin ýylyň-ýylyna has amatly şertler döredilýär. Iň gowy tans toparlarynyň hem-de belli türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlanan aýdym-sazly çykyş paýtagtymyza bagyşlandy. Garaşsyz Watanymyzyň şanyna hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna gutlaglar we alkyş sözleri ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän toparyň ýörişi dabarany dowam etdi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulaglarynda gurnalan fotoşekillerde geçmişiň belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň belent binalary, sebitleriň ýeten belent sepgitleri we ajaýyp künjekleri görkezilýär. Welaýatlaryň her biri eziz Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Awtoulaglarda dabaraly ýörişden geçip barýan ýaşuly nesliň we ýaşlaryň wekilleri hormatly Prezidentimizi we köp sanly myhmanlary mübärekleýärler. Joşgunly sazlar, şeýle-de asmana göterilýän dürli reňkli şarlar baýramçylyk ýörişine aýratyn öwüşgin çaýýar. 

                                                                   

 ...Dabaraly ýöriş dowam edýär. 

                                                                   

Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän ýörite şekiller bilen bezelen awtoulaglar geçýärler. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan döwlet Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine zähmet sowgatlary bilen gelen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleri geçýärler, olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussatlar, öňdebaryjy hünärmenler we geljekde olaryň ornuny tutjak ýaşlar bar. Baýramçylyk ýörişi her bir ulgamyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada gürrüň berýän we belentden ýaňlanýan waspnamalar bilen utgaşýar. Pudaklaryň gazanan üstünlikleri täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Meýdançada Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleri peýda bolýarlar. Olaryň baýramçylyk awtoulagy köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kuwwatly gurluşyk tehnikalarynyň şekilleri bilen bezelipdir. Gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, soňky ýyllarda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyk taslamalary Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijileriniň biridir. Bu örän möhüm pudagyň ösdürilmegine gönükdirilýän uly möçberli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen bilelikde köp babatda şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklerini şertlendirdi, onuň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda her ýyl dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda bina edilen täze gurluşyklar ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi we ähli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we senagat taýdan toplumlaýyn ösüş häzirki döwre mahsus ugurlara öwrüldi. Bu bolsa döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli kärhanalar öndürýän gurluşyk we bezeg serişdeleriniň görnüşlerini ýyl-ýyldan artdyrýar. Ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän önümler bu düzümiň işgärleriniň buýsanjy bolup durýar. 

                                                                   

Gurluşyk we senagat toplumynyň wekilleri orunlaryny Energetika ministrliginiň ýörite lybasdaky köp sanly işgärlerine geçirýärler. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, täze energiýa ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen, ägirt uly kuwwatlyklar döredilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dünýäniň energoulgamyna goşulmagy boýunça anyk işler amala aşyryldy. Täze desgalaryň, energiýa geçiriji ulgamlaryň, ýurdumyzyň halkalaýyn energo ulgamynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Munuň özi diňe bir Türkmenistanyň energetika üpjünçiligini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, elektroenergiýanyň eksport mümkinçiliklerini hem has-da artdyrýar. 

                                                                   

Energetika pudagynda iri sebitleýin we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejede jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär we ykdysady hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar. Elektroenergiýanyň önümçiligi boýunça innowasion taslamalary işläp taýýarlaýar, şol sanda Gün we ýel elektrik energiýasy önümçilikleriniň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda sebitde bu ugur boýunça ýeke-täk bolan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylmagy şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly täze kitabynyň neşir edilmegi energetikleriň saýlap alan hünärine bolan buýsanjyny artdyrdy we ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda tutuş türkmen halky üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. 

                                                                   

 Soňra meýdança bilim ulgamynyň wekilleri çykýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmeginde bu işgärlere möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu maksat bilen, halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary, innowasiýa usullary we sanly ulgam ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap binalary gurlup ulanmaga berilýär. 

                                                                   

Ýokary bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki durnukly we hemmetaraplaýyn durmuş we ykdysady taýdan ösüşinde, onuň dünýä giňişliginde öňdäki orunlaryny berkitmekde ýaşlaryň eýeleýän ornuny nazara almak bilen, döwlet ösüşiniň esasy ugurlary hökmünde kesgitlendi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim almak, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmek, ylmy we döredijilik işi bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde we olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri, mynasyp bolýan medallary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Meýdançada ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri peýda bolýarlar. Olaryň hatarynda köp sanly türgenleriň bardygyny bellemeli. Sport lybasyndaky ýaşlaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejedäki ýaryşlarda ýeňiş gazananlar we baýraklara mynasyp bolanlar, olaryň tejribeli halypalary hem-de tälimçileri bar. Ajaýyp sport toplumlary we köpugurly stadionlary, ýüzlerçe sport mekdepleri türgenleriň hyzmatynda. Olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. 

                                                                   

Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy, öz mümkinçiliklerini jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbidine doly amala aşyrmaklary üçin has oňaýly şertler döredilýär. Şunda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ösüp gelýän ýaş nesilleriň zähmetsöýerlik hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeldýär. 

                                                                   

Meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlarda sagdynlygyň we sportuň bagtyýar durmuşyň kepilidigi baradaky mowzuk möhüm orna mynasyp boldy. 

                                                                   

Soňra meýdança ykbalyny adamlaryň saglygyny goramak ýaly asylly işe bagyşlan milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri çykýarlar. Adamlar, olaryň bagtyýarlygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini kepillendirýän häzirki zaman saglyk merkezleriniň we hassahanalaryň ösüşi munuň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk we ylmyň täze gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan saglyk öýleri we derman senagatyna degişli desgalar guruldy. Olarda ýerli çig mallaryň esasynda uly islegden peýdalanýan dermanlyk serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy.  

                                                                   

Şu ýyl Balkan we Daşoguz welaýatlarynda köpugurly hassahanalaryň açylyş dabaralary boldy. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň merkezinde onkologiýa hassahanasy gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

“Il saglygy — ýurt baýlygy!” şygary astynda geçirilýän köpugurly işler ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleriniň dabaraly ýörişinde öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Maliýe-bank ulgamyna degişli pannolar we dürli şekiller dabaraly ýörişiň esasy bezegine öwrüldi. Onda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň görkezijileri öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Adamlar hakdaky aladany esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň baş maksady ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini berkitmekden ybarat bolup durýar. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göteriminiň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, jemagat hojalygy ulgamlarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmegi, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň artdyrylmagy we bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň durmuş goraglylyk derejesiniň ýokarydygyny we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde bank hyzmatlarynyň görnüşleri artýar, elektron töleg hyzmatlary we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri ýokarlanýar. 

                                                                   

Bank ulgamyny ösdürmek — milli ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri. Çünki bu pudagyň edaralaryna halk hojalygynyň pudaklarynyň arasynda maliýe serişdelerini degişli derejede paýlamagy üpjün etmek wezipesi berildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we onuň innowasiýa ösüşini şertlendirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ösüşini görkezýän pannolar dabaraly ýörişi dowam etdi. Onda ajaýyp gölli haly önümleri has-da gözel görünýär. 

 Täze taryhy eýýamda gadymy halyçylyk sungaty ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda onuň türkmen halyçylarynyň ussatlygy bilen dörän gözelligi, şöhraty täzeden dikeldildi. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly we eksport ugurly dokma senagaty kemala geldi. Ýokary hilli önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar. 

                                                                   

“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň köpöwüşginli çykyşlary pudagyň işgärleriniň dabaraly ýörişine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat topar meýdançada peýda boldy. Bu düzümleriň işi “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly önümleriň dünýä bazarlaryna çykmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Söwda we hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegi bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmeginiň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy esasy ugur edinýän Türkmenistan telekeçilik işini höweslendirýär we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň netijeliligini artdyrýar. Dabaraly ýörişde bu düzümleriň görkezijileri hem aýdyň görünýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde döwletimiz kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösüşi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini döretdi hem-de hususy başlangyçlara goldaw berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda merkezlerini we täze obalary gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm orun degişli bolup durýar. 

                                                                   

Iri taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmakda hususy pudagyň işine zerur ähmiýet berilýändigini bellemeli. 

                                                                   

Soňra bu ýerde guralan dabara milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy hasaplanylýan ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň dabaraly ýörişi bilen dowam etdi. 

                                                                   

Tebigy gazy daşarky bazarlara köpugurly esasda ugratmak dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň baýramçylyk äheňinde bezelen ulaglarynda nebitgaz pudagynyň ýeten derejesi we ösüşleri görkezilýär. Pudagyň ýörite lybasly işgärleri ellerinde alawlaryň şekillerini göterip, dabaraly ýörişe özboluşly bezeg berýärler. Olaryň yhlasly zähmeti bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty we onuň dünýäniň energetika ýurdy hökmündäki derejesi pugtalanýar. 

                                                                   

Soňra Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ajaýyp bezeglere beslenen ulagynda pudagyň ýeten derejesi beýan edilýär. Toplumyň wekilleri bugdaý sümmüllerini we açylan gozalary göterip geçýärler. 

                                                                   

Türkmen topragynyň datly miweleri obasenagat toplumynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleri bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Bu görnüşler ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ýygnalan hasylyň belent harmanlaryny, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny görkezýär. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý ak bugdaý tabşyrdylar. Munuň özi ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyna oba zähmetkeşleriniň mynasyp sowgady boldy. 

                                                                   

Türkmenistan däneçiligiň we maldarçylygyň önümçilik möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Pudagyň düzümleri giňeldilýär we döwrebaplaşdyrylýar, şol sanda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

 Şu pursatda ýurdumyzyň meşhur estradaçylary Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdiler. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizde we umuman, halk hojalygy pudagynda obasenagat toplumynyň ösüşine möhüm orun degişlidir. Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine we “Türkmen atlary” döwlet birleşigine degişli şekillerde täsin şaglawuklaryň, ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri görkezilýär. Häzirki döwürde ýelden ýüwrük bedewleriň şöhraty ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Bedewler türkmen halkynyň buýsanjy, kalbynyň ganaty we halkymyzyň bahasyz baýlygydyr. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil, deňiz-derýa, demir ýol we howa ulaglarynyň işiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde geosyýasy taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar. 

                                                                   

Meýdançadan “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň taýýarlan ajaýyp bezegli awtoulaglary biri-biriniň yzyndan geçýärler. Ýurdumyzda bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa halkara howa ugurlarynyň, ulaglaryň ýerüsti we suw görnüşleri arkaly ýük we ýolagçy gatnatmagyň artdyrylmagyna, “Gündogar — Günbatar”, “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça halkara ähmiýetli multimodal geçelgeleriň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan ulag toplumynyň yzysüre geçen aragatnaşyk pudagynyň işgärleri baş baýramçylyga täze zähmet üstünlikleri bilen geldiler. 

                                                                   

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýörişinde täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary işjeň ornaşdyrýan pudagyň üstünlikleri görünýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamy dünýä ülňülerine çykýar we ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrýar. 2015-nji ýylda goýberilen «TürkmenÄlem 52oE» ilkinji türkmen emeli hemrasy aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltdi. 

                                                                   

Soňra meýdançada täze taryhy eýýamyň bagtyýar çagalary peýda boldular. Ösüp gelýän ýaş nesillere şöhratly pederlerimiziň ýagşy däplerini we wesýetlerini dowam etmek, Watanymyzyň geljegine, ykbalyna dahylly bolmak ynanyldy. Şunda döwletimiz ýaşlaryň häzirki zaman bilimine eýe bolmagy, ýokary hilli bilim almagy, ähli ugurlarda üstünlik gazanmagy, erkin we bagtyýar ömür sürmegi, döredijilik, halal zähmet bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

“Güller açýan Watanymyzda sarpalydyr sungatymyz” atly aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyga belent öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň belli estradaçylarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Tans toparlarynyň çykyşlary joşgunly aýdymlar bilen utgaşdy. 

                                                                   

Ähli watandaşlarymyzyň kalplaryny mähriban Watanymyzyň ajaýyp we bagtyýar geljegine bolan buýsanç duýgulary we pugta ynam gurşap aldy. 

                                                                   

 Ýurdumyzyň sungat ussatlary, medeniýet edaralarynyň işgärleri agzybirlikde baýramçylyk ýörişini dowam etdiler. 

                                                                   

Döwletimiz bu wajyp ulgamyň ösüşine möhüm üns berýär. Şunda döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradioýaýlymlaryň, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işi ösdürilýär we kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň Watany, zehinli ussalaryň mekany hasaplanylýar. Bu ýerde sungat wekilleriniň çykyşlary uly joşguna eýe boldy. 

                                                                   

Şöhratly pederlerimiziň milli gymmatlyklaryny, sungatyň, senetkärçiligiň dürli görnüşlerini mynasyp dowam edýän ussatlar halkara derejedäki ykrarnama eýe bolýarlar. Munuň özi raýatlaryň watansöýüjilik ruhuny baýlaşdyrmakda, döwletimiziň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermekde aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

“Görogly” şadessanynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilendigini bellemeli. Şu ýylyň başynda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bu sanawyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Dutaryň türkmen halkynyň baý milli mirasynyň esasy nyşany bolup durýandygy tötänden däldir. Ol medeniýet we sungat işgärleriniň dabaraly ýörişiniň esasy bezegine öwrüldi. 

                                                                   

Şeýlelikde, zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň we çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly senesiniň ajaýyp üstünlikler bilen garşylanandygyny we täze zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly geljekki üstünlikleriň ygtybarly binýadynyň goýlandygyny görkezdi. 

                                                                   

 Watanymyzyň merkezinde başlanan baýramçylyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden dowam etdi. 

                                                                   

 Ählihalk toýy türkmen topragynyň hemme ýerlerini gurşap aldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. Täze taryhy eýýamyň baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolan feýerwerk ak mermerli Aşgabadyň agşamky asmanynda dürli reňkler bilen nur saçdy.

28.09.2022
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary watansöýüjilik duýgusyny döredýän bu milli baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. 

                                                                   

Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy. Şoňa görä-de, bu milli baýram mynasybetli önümçilik we durmuş maksatly täze binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berýäris, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, döwlet maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýan watandaşlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurýarys. 

                                                                   

Ýaňy-ýakynda örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Döwlet Maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi we onda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgularyny döretdi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrdy. 

                                                                   

 Eziz halkym! 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňde goýan ägirt uly wezipelerimiziň baş maksady Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” hem-de toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris. Milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda diwersifikasiýalaşdyryp, sanlylaşdyrmak, senagatlaşdyrmak boýunça işleri üstünlikli dowam etdirýäris. 

                                                                   

Paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, sebitlerimizde häzirki zaman obalaryny, şäherçeleri, kiçi, orta we iri senagat önümçiliklerini, döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurup, mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrýarys. 

                                                                   

Dünýäde we sebitde hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzy dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidi bilen bagly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşýäris. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman, Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, ähli yklymlaryň ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy barha berkidýäris we ösdürýäris. 

                                                                   

Biziň öňe süren halkara başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamalary hökmünde beýan edildi.  

                                                                   

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýan, eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem-de guwanç duýgularyny döredýän taryhy wakalara öwrüldi. Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny giňden baýram edýän berkarar döwletimiz geljekde-de ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe gider. 

                                                                   

 Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

27.09.2022
Ulag ulgamynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşantdyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerindäki awtomenzilleriň açylyşyna ak pata berdi 

                                                                   

 Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, durmuş taýdan depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýän ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň geriminde hem öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Täze ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolup, ondan has netijeli peýdalanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” kabul edildi. Olaryň çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, täze awtomenzilleriň gurluşygy amala aşyrylýar. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär, ulag gulluklarynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň — “Toyota”, “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero City”, “Yutong ZK6129H”, “ПАЗ-32054” ýaly döwrebap ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar şäheriçi ugurlarda hem-de şäherara gatnawlarda ulanylýar. Täze ulag ugurlary işlenip taýýarlanylýar hem-de döredilýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1000 sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Mundan başga-da, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. Umuman, täze ulag serişdeleriniň satyn alynmagy, täze awtomenzilleriň gurulmagy ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ulag meselesine bilermenler jemgyýeti tarapyndan uly üns berilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilmelidir. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Şunda Türkmenistan Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň ählumumy ulag hyzmatdaşlygy ulgamyndaky garaýşy onuň yzygiderli we maksada okgunly häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna, bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň sebit derejesinden Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine çykarylmalydygyna esaslanýar. Yklymiçi döwletler üçin ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, şu ýylyň awgust aýynda Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. “Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda nygtady. 

                                                                   

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, dünýä standartlaryna laýyk gelýän hem-de ulag geçelgeleriniň netijeli hereket etmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap logistik merkezleriň döredilmeginiň ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemek gerek. Umuman, munuň özi ykdysadyýetiň ösüşiniň çaltlandyrylmagyna ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda maksadalaýyk işleri amala aşyryp, innowasion tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy tejribeden ugur alýar. 

                                                                   

...Sanly ulgam arkaly, teleköpri görnüşinde Balkanabatdaky, Daşoguzdaky, Türkmenabatdaky we Marydaky täze ýolagçy awtomenzilleri bilen bir wagtda göni ýaýlyma çykylýar. Göni ýaýlym şanly wakalaryň şatlygyny paýlaşýan ulag düzüminiň desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylary birleşdirdi. Dabaralaryň geçirilýän ýerinde sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar eziz Watanymyzy hem-de halkymyz tarapyndan saýlanan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Täze desgalaryň çäkleri baýramçylyk lybasyna beslendi, olarda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda welaýatlaryň häkimleri, hormatly ýaşulular, ulag ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri bar.Hemmeleriň nazary telemonitorlara gönükýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň agzalaryna, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ýolbaşçylaryna, awtomobil ulaglary pudagynyň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine, dabara gatnaşyjylara, ähli watandaşlarymyza gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Uly ösüşlere we özgerişlere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda durmuş ähmiýetli desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şu gün biz Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde täze gurlan ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasyny geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu täze, döwrebap desgalarda ýurdumyzyň raýatlaryna hem-de myhmanlaryna ýokary hilli, medeniýetli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtady. Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda awtomobil ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegidir. Soňky ýyllarda Diýarymyzda döwrebap awtomenziller, demir ýol we awtomobil köprüleri, gözel paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Halkara awtoulag terminaly guruldy. Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtobanlarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ulag taslamalary ýurdumyzyň sebitlerini gysga ýol arkaly birleşdirer. Awtomobil pudagynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder.

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem halkymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar. Şu gün ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde ýazylar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde gurlan häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmeginiň ýurt we sebit derejesinde ähmiýeti örän uludyr. Ähli amatlyklary bolan döwrebap awtomenzillerde dolandyryş binalary, duralgalar, sanly ulgam arkaly hyzmat ediş bölümleri ýolagçylar üçin has oňaýly şertleri döreder. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň awtomobil pudagy döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşýar. Goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň dünýä giňişliginde öz taryhy ornuny dikeltmäge uly ähmiýet berýändigi, bu ugurda möhüm taslamalary amala aşyrýandygy, sebitiň ýurtlary, halkara guramalar bilen ulag-aragatnaşyk gatnaşyklaryny ösdürýändigi bellenildi. 

 Täze gurlan awtomenziller Garaşsyz Watanymyzy halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrer. Bu döwrebap awtomenziller diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijilik kuwwatyny has-da artdyrar diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ähli amatlyklary bolan täze ýolagçy awtomobil menzilleriniň bagtyýar halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirip, olaryň açylyşyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ulag düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, çykyşyny: «Ýoluňyz ak bolsun!” diýen sözler bilen tamamlady. 

                                                                   

 Ýurdumyzyň sebitlerindäki dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň gutlag sözüni uly üns bilen diňlediler. 

 Sanly ulgama, ilki bilen, Balkanabat şäheri goşulýar. Bu ýerde welaýat häkiminiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda täze ýolagçy terminalynyň açylyşy boldy. Olar döwlet Baştutanymyza halkymyzyň rowaçlygy, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy baradaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. 

                                                                   

Soňra täze ýolagçy awtomenzili, onuň işiniň aýratynlyklary, bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap sanly enjamlar, toplumyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlaryň guralyşy, terminalyň işgärleriň zähmet şertleri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. 

                                                                   

Soňra teleköprä Daşoguzdaky dabara gatnaşyjylar, şol sanda welaýat häkimi, hormatly ýaşulular goşuldylar. Olar hormatly Prezidentimize ähli amatlyklary bolan, ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän şeýle döwrebap desgalaryň gurulýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Saz sungatynda özboluşly däplere baý bolan Daşoguz welaýatynyň sungat ussatlary baýramçylyk çykyşlaryny görkezdiler. Monitorlarda ýolagçylar hem-de awtobuslaryň sürüjileri üçin döredilen amatly şertler, awtomenziliň çäginde ýerleşýän binalardyr desgalar, hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar barada maglumat berýän wideoşekiller görkezilýär. 

                                                                   

Teleköprini Türkmenabat şäheri dowam etdirýär. Welaýatyň wekilleri döwlet Baştutanymyza ulag pudagynyň ösdürilmegine, onuň kuwwatynyň artdyrylmagyna berýän yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar, sebitiň döredijilik toparlary bolsa aýdym-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. 

 Şeýle-de jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanýan ýolagçylara hödürlenilýän ýokary hilli ulag hyzmatlary, awtomenzili dolandyrmak işine ornaşdyrylan sanly ulgam baradaky wideoşekiller görkezildi. Bu ýerde ähli amallar sanly görnüşde amala aşyrylýar, statistiki hasabat elektron görnüşde alnyp barylýar. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi hem-de hormatly ýaşulular sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikleri gazanjakdygyna we bu üstünlikleriň Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyna ynam bildirdiler. Welaýatyň döredijilik toparlary aýdym-sazly kompozisiýa bilen çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.  

                                                                   

Soňra wideoşekiller arkaly awtomenziliň düzümleri, petekleri onlaýn tertipde satyn almak hyzmaty, awtoulag serişdelerine gözegçiligi amala aşyrmak barada gürrüň berildi. GPS ulgamy awtoulaglaryň şäherdäki hereketlerine, olaryň tizligine, geçen aralygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimize awtoulag ulgamyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze ulag serişdeleri bilen üpjün etmegiň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine berýän yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

 Her desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup, birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge hem-de şäher, şäherýaka, şäherara ugurlarda awtobus ýolagçylaryna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge niýetlenendir. Meýdanlary 2150 hem-de 2100 inedördül metr bolan açyk hem-de ýapyk awtoduralgalar, degişlilikde, 100 we 112 ýeňil awtoulaga niýetlenendir. Şeýle-de bu ýerde halkara hem-de şäherara awtobuslar üçin duralga, şäher awtobuslary, taksi ulaglary üçin meýdança göz öňünde tutulypdyr. 

                                                                   

Awtomenzilleriň esasy desgalary iki gatly binalardan ybarat bolup, olarda häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri milli äheň bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Esasy girelgesindäki welaýatlaryň her biriniň taryhy ýadygärlikleriniň şekilleri desgalara aýratyn gözellik çaýýar. Binalaryň iç ýüzüniň ýokarky böleginde zeýtun baldajyklaryny ýada salýan yşykly şekiller ýerleşdirilipdir. Esasy binalaryň içinde onlaýn petekler üçin multimedia ekrany, dürli ölçeglerdäki yşykdiodly maglumat monitorlary ýerleşdirilipdir. Olarda ýolagçylar şäherara hem-de halkara ugurlaryň tertibi, petekler, olaryň bahasy baradaky maglumatlary alyp bilerler. Bulardan başga-da, desgalaryň birinji gatlarynda 140 orunlyk garaşylýan zal, awtobus peteklerini, howa we demir ýol ulaglarynyň peteklerini satýan kassalar, sorag-jogap gullugy, ýükleri saklamak üçin ýörite ýer, dürli gulluk otaglary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk hyzmaty hem-de dükanlar ýolagçylaryň hyzmatyndadyr. Esasy binalaryň ikinji gatynda dükanlar, gözellik salony, garbanyşhana ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dükanlar göz öňünde tutulypdyr. 

                                                                   

Ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabaralarynyň dowamynda güwänamalaryň gowşurylyşy boldy. Bu resminamalar ýolagçy awtomenzilleriň awtobuslarda hem-de taksi ulaglarynda ýolagçy daşamak boýunça mümkinçilikleriniň, şeýle-de ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň NVA (ulag howpsuzlygy) tarapyndan bellenilen talaplara doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Açylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň çäklerinde gurlan, röwşen geljegi nazarlaýan durmuş ähmiýetli desgalar bolan häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleriniň açylyp ulanmaga berilmegi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli işlerinde rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag serişdeleriniň açarlary gowşuryldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri awtoulaglara un sepip, üzärlik tütetdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň gülläp ösmegi barada doga-dileg etdiler. 

                                                                   

Şeýlelikde, şu günki geçirilen dabaralar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna täze şanly wakalar bolup ýazyldy. Döwrebap desgalaryň ulanmaga berilmegi halkara ugurlaryň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. 

Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat hem-de Mary şäherlerindäki ýolagçy awtomenzilleri Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Balkanawtoulag”, “Daşoguzawtoulag”, “Lebapawtoulag”, “Maryawtoulag” önümçilik birleşikleriniň buýurmasy boýunça guruldy.

26.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY

 (Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabry) 

                                                                   

 Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitläris. Içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm Kararlary kabul ederis. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ilki bilen, men şu belent münberden sizi, mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

2022-nji ýylda ýurdumyz garaşsyz ösüşiniň täze onýyllyklaryny öz içine alýan täze döwre gadam basdy. Strategik ösüşe esaslandyrylan giň gerimli özgertmelerimizi amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýäris. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen täze, has belent wezipeleri durmuşa geçirýäris. 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize berk eýerip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýarys. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys. 

                                                                   

Elbetde, Watanymyza, halkymyza, döwletimize bolan söýgimiziň aňyrsynda örän uly jogapkärçilik hem ýatyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslarynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen işlerimizi watansöýüjiligimiz, gujur-gaýratymyz, ruhubelentligimiz bilen depginli dowam etdireris. Biz geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz esasynda dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurarys. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şoňa görä-de, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, bu gün jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ilkinji nobatda, ösüş ýoly arkaly ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýäris. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler, guwandyryjy netijeler munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göterimini durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň köpeldilmegine, bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirýäris. Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris. 

                                                                   

Döwlet syýasatynda raýatlarymyzyň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge, ilatymyzyň işsizlikden goraglylygyna gönükdirilen çärelere hem uly orun berýäris. Bu ugurda goşmaça iş orunlaryny döredip, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirýäris. Durmuş ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny, nyrhlaryny düzgünleşdirýän adalatly nyrh syýasatyny alyp barýarys. 

                                                                   

Ilatymyzyň girdejilerini artdyrmak, zähmet öndürijiliginiň ösüş depginini zähmet haklarynyň ösüş depgini bilen utgaşdyryp alyp barmak, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny kesgitlenen möçberlerde üpjün etmek meselelerine wajyp ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berýäris. 

                                                                   

Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudygyny tassyk edýär. Bu, aýratyn-da, raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň abraýyny ýokarlandyrýar. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki we geljekki nesillerimiziň bähbitleri üçin hem zerur işleri alyp barýarys. Biziň ýurdumyzda ilatymyz elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk, bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Abraýly halkara guramalar tarapyndan berilýän ýokary bahalar ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny doly subut edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy. Hut şu ýylyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Şeýle-de şu ýylda Türkmenistan 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bütindünýä Söwda Guramasyna «goşulýan ýurduň» derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder. 

                                                                   

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sentýabr aýynda Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasy geçirilýär. Onda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýik maksatlara bagyşlanyp, bu gatnaşyklarda döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çagyryş bar. Türkmenistan bu işleri üstünlikli dowam etdirmegi maksat edinýär. Köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklaryň umumy hereketleriniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Soňky onýyllyklaryň maliýe-ykdysady çökgünlikleri, koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine hem-de halkara maliýe bazarlarynyň işine ýaramaz täsirini ýetirdi. Çylşyrymly ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirip biljek täsirleriniň öňüni almak, aýratyn-da, maýa goýum we işewürlik gurşawyny emele getirmek, zähmet öndürijiligini, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ulgamlaýyn çäreler amala aşyryldy. Bu çäreleriň ählisi özüniň oňyn netijesini hem berdi. Gahryman Arkadagymyzyň şu çylşyrymly döwürde alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe, durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge, tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. 

                                                                   

Bu syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady binýady has-da berkidildi. Ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýumlaryň möçberi artdyryldy. Senagat, önümçilik, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge, tebigy serişdelerimizi oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi. Döwlete dahylly we dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere önümçilik, dolanyşyk serişdelerini edinmäge, oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen we raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary bermek çäreleri üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýy gowulandy, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandy. 

                                                                   

Şu maksat bilen, 2011 — 2021-nji ýyllarda ykdysadyýetimize gönükdirilen umumy karzlaryň möçberi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli ýokarlandyryldy. Bu karz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäherinde we sebitlerimizde ýokary tehnologiýaly täze önümçilikler döredildi. Häzirki zaman durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik infrastrukturalary emele getirildi. 

                                                                   

Biz geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmeli. Şeýle-de geljek döwürde sebitlerimizde suw we lagym geçirijilerini, suw arassalaýjy desgalary, döwrebap awtomobil ýollaryny, gaz we elektrik geçirijilerini gurmak bilen, sebitlerimiziň inženerçilik ulgamyny özgerderis. Şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün ederis. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Şoňa görä-de, 2022 — 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdelerini durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdireris. Býujetiň agramly bölegini, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ederis. 

                                                                   

Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys. Bu işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmekde gazanan tejribelerimizden ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň has möhüm guraly hökmünde çeýe salgyt syýasatyny alyp bararys. Milli önümlerimiziň we hyzmatlarymyzyň eksportyny bökdençsiz üpjün edýän oňaýly şertleri dörederis. Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda salgyt salmagyň aýratyn tertibi bolan erkin ykdysady zolaklary, gymmat bahaly kagyzlaryň ikinji bazaryny hem ýola goýarys. Gazna biržalarynyň işini işjeňleşdireris. Bu bolsa ýurdumyzyň maliýe bazarynyň giňelmegine ýardam berer. Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň pul-karz gurşawyny has-da döwrebaplaşdyrarys. Maksatnamada kesgitlenişine laýyklykda, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler, bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldiler. Gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bagly anyk çäreler durmuşa geçiriler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylar hem-de maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdiriler. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Bu gün dünýä ykdysadyýeti geostrategik taýdan ösýär we kämilleşýär. Adam mümkinçilikleri giňelýär, ylmy-tehnologik ösüşler çaltlanýar, täze innowasion maliýe merkezleri emele gelýär. Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, sebitlerimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyryldy. Halkara reýtinglerde ýurdumyzyň amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Dünýäde we sebitde deňi-taýy bolmadyk iri senagat toplumlarymyz, innowasion önümçiliklerimiz, geljegi uly täze pudaklarymyz maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şundan ugur alyp, ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sebitlerimizi we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny geljegiň nukdaýnazaryndan ösdürýäris. 

                                                                   

Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileri maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işleri dowam etdireris, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gurallary tapgyrlaýyn kämilleşdiriler. Bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologik taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty maliýeleşdirmäge-de aýratyn üns bereris. 

                                                                   

Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdüreris.  

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Biz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandyk. Senagat önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys, täze bazarlara ýol açýarys. 

                                                                   

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris. Şu maksat bilen, ýakyn geljek üçin Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp düzeris. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygyna goşulmagy üçin zerur işler alnyp barylmalydyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek babatda täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ýurdumyzda döredilen innowasion edara-kärhanalaryň, alymlarymyzyň ylmy-intellektual işleriniň netijeleriniň daşary ýurtlarda, halkara derejede goraglylygyny hem-de ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ulgamlaýyn işler dowam etdirilmelidir. Bular biziň öňümizde durýan esasy we möhüm wezipelerdir. Şoňa görä-de, milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmegi hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy zerurdyr. Bu ugurda ýöriteleşdirilen marketing gulluklarynyň döredilmegi bilen bagly meselelere ýurdumyzyň söwda we senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary ileri tutulýan wezipeler hökmünde garamalydyrlar. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Soňky döwürde forumlary, sergileri, ýarmarkalary, simpoziumlary, şol sanda wirtual sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwatyny dünýä ýaýýarys. Şanhaý, Ýosu, Milan, Antalýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen Bütindünýä “EKSPO” sergilerinde ýurdumyzyň ýeten derejesine ýokary baha berildi. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap gurallarynyň we nusgalarynyň zerurdygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara milli önümlerimiz, hyzmatlarymyz, senagat nusgalarymyz bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek örän wajyp bolup durýar. 

                                                                   

Biziň daşary ýurt döwletlerine amala aşyrýan saparlarymyzyň çäklerinde, hökümetara toparlaryň daşary ýurt döwletlerinde mejlisleriniň hem-de işewürlik maslahatlaryň geçirilýän döwründe milli sergilerimizi guramak we olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, maýa goýum mümkinçiliklerini mahabatlandyrmak boýunça işleriň gerimi has-da giňeldilmelidir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmegini hem zerur wezipeleriň biri hasap edýäris. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerimizde täze obadyr şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar, suw arassalaýjy desgalar guruldy. 

                                                                   

Oba hojalyk pudagyny dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlar bilen üpjün etmekde oňyn tejribe toplandy. Türkmenabat şäherinde fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawody, «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlary, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleri, «Garabogazkarbamid» zawody, Garlyk kaliý-dag magdan toplumy gurlup, oba hojalyk toplumyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri bilen üpjün etmegiň berk binýady döredildi. Däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny pugtalandyryldy. Ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr. 

                                                                   

Bu gün dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, tüýjümek, jins matalary, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlar çykarylýar. 

                                                                   

Bu gün Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde özgertmelerimiziň täze tapgyryny durmuşa geçirýäris. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň sebitleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri alyp bararys. Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. 

                                                                   

Şeýle-de ekerançylykda we maldarçylykda «akylly», şol sanda takyk ekiji oba hojalyk tehnikalary ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň strategik wezipelerinden ugur alyp, ylmy-barlag edaralarymyz tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady hem dörediler. 

                                                                   

Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýäris. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy esasynda ýurdumyzyň elektron senagaty döredilip, ol milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän täze ugruna öwrüldi. 

                                                                   

Ýurdumyz bu gün bäsdeşlige ukyply smart telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri dünýä bazaryna çykarýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleriniň gatnaşmagynda aragatnaşyk, senagat, awtomobil elektronikasy, lukmançylyk we kompýuter tehnikasy, elektron harytlary öndürmek boýunça täze kärhanalaryň döredilmegini geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplaýarys. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürmek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini we beýleki iri taslamalary amala aşyrmak ugrunda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Biz geljekde adamlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny bermek, ýeňillikli bellige almak we ygtyýarnama bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şertleri döredýän ulgamy ösdürmeli. Şoňa görä-de, kiçi we orta kärhanalaryň geriminiň, sanynyň has-da artdyrylmagyny üpjün etmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri edara-kärhanalara, hususy telekeçilere hyzmat etmegiň «bir penjire» ulgamyna geçmek işini çaltlandyrmaly. Şunda bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň sanly ulgama birikdirilmegini, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyny hem-de sazlaşykly işledilmegini üpjün etmek zerurdyr. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarly bolup galýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Soňky ýyllarda Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod, aýna kombinaty ýaly ägirt uly kärhanalary gurduk. Milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen, daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagyny hem üpjün etdik. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmagy meýilleşdirýäris. 

                                                                   

Biz nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberini hem artdyrýarys. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirýäris. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýarys. Bu täze energiýa köprüsi tebigy gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolar. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar gurlup, Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrüldi. 

                                                                   

Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Halkara energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy baradaky halkara agentlik, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. «Durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň ähmiýeti» atly Kararnama biziň başlangyjymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek kabul edilip, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyryldy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän stansiýanyň, içerki energetika halkasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyklaryny dowam etdirýäris. Aşgabat şäherinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini açmagymyz energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şertleri döredýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Häzirki döwürde gurluşyk pudagynda we senagatynda amala aşyrýan özgertmelerimizi has-da çuňlaşdyrýarys, pudagyň senagat-önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýarys. Gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak üçin hususy eýeçiligiň gerimini düýpli giňeldýäris. Ýokary hilli sementiň, bezeg daşlarynyň, aýnanyň, diwar materiallarynyň, gazbeton bloklarynyň, keramzidiň, kaoliniň, ýolýaka bezeg daşlarynyň we beýleki önümlerimiziň eksportyny artdyrýarys. 

                                                                   

Ýakyn geljekde dünýäniň inženerçilik-tehniki serişdelerini, binagärlik sungatynyň gazananlaryny ulanmak arkaly, dürli maksatly ajaýyp binalary we desgalary öz içine alýan, ýaşamak, dynç almak üçin ähli zerurlyklar üpjün edilen «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý toplumy gurlar. Biz ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyryny dabaraly açarys. 

                                                                   

Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr. Döwletimiziň kuwwatyny, jemgyýetimiziň kämilligini pugtalandyrýan özgertmeler, Türkmenistany dünýäde sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde giňden tanadýan taslamalar hem şu beýik maksada — halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegine hyzmat edýär. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösýän, geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýäris. Biziň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýamyz öz gözbaşyny gadymyýetden — Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýar. Türkmenistan bu gün Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar halkara ulag geçelgesini, TRACECA halkara ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşýar. 

                                                                   

Şeýle-de Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy. Bu taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda söwda-ykdysady işjeňligi ösdürmäge goşan saldamly goşandydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dört sany Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, şu ýyl bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçirildi. Bularyň ählisi halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ony ählumumy, sebit derejesinde berkitmekde, döwrebap halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde we ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işini kämilleşdirýäris. Şäherdir obalarymyzy gurşap alýan täze bilim edaralaryny gurýarys. Okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirýäris, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýäris. 

                                                                   

Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Dünýädäki ähli ösüşler ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilim edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňelderis. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerimiziň garamagynda ylmy-barlag institutlary we merkezler hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlemelidiris. Bu ugurda degişli döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny möhüm wezipe hasaplaýarys. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi talap edýär. 

                                                                   

Ylma, bilime, medeni diplomatiýa döwlet syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys. Bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni diplomatiýamyzyň möhüm gurallarydyr. Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerurdyr. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar gurlup, häzirki zaman düzümleri döredildi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde baý tejribe toplandy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde halkara güwänamalar alyndy hem-de degişli tassyknamalar gowşuryldy. 

                                                                   

Şu ýyl ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň dolandyryş merkezlerinde köpugurly hassahanalary, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasyny dabaraly açdyk. Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryny alyp barýarys. 

                                                                   

Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bolsa sporty, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy. 

                                                                   

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän şanly waka öwrüldi. 

                                                                   

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertlerden hem-de innowasion mümkinçiliklerden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna, beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamaly. 

                                                                   

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň utgaşdyrmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek hem-de fiziki işjeňligini ösdürmek meseleleri ulgamlaýyn, ylmy esasda öwrenilmelidir. Şu mesele boýunça 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny hem zerur hasap edýärin. Bu işleriň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde halkara derejedäki ýaryşlarda döwletimiziň sport abraýyny mynasyp gorap, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjek türgenlerimiziň täze nesliniň kemala geljekdigine pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Şu ýyl Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlara gözegçilik eden daşary ýurtly myhmanlar olara ýokary baha berdiler. Esasy zat, saýlawlaryň geçirilişine türkmen halkynyň ýokary baha bermegidir. Men mähriban halkymyza maňa ynam bildirendigi we goldandygy üçin öz minnetdarlygymy bildirýärin. 

                                                                   

Men Türkmenistanyň halkyny mundan beýläk-de ýurdumyzyň üstünlikli ösmegi, geljegi ugrunda mümkin bolan ähli zatlary etjekdigime ýene-de bir gezek ynandyrmak isleýärin. Bu işlerde milli kanunçylygymyzyň hem uly ähmiýeti bardyr. Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin. Şoňa görä-de, geljekde-de saýlaw ulgamyna degişli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegi dowam etdirmeli, geçirilýän saýlawlarda gazanylýan tejribeleri hem milli kanunçylygymyza ornaşdyrmaly. 

                                                                   

Men siziň ünsüňizi 2023-nji ýylda geçiriljek örän wajyp ähmiýetli çärä çekesim gelýär. Geljek ýylda biziň öňümizde şeýle çäreleriň birnäçesi bar. 2023-nji ýylda biz Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Şoňa görä-de, biz bu saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamaly. 

                                                                   

Syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň hem uly orny bar. Bu işde olaryň işjeň hereketleri uly meseleleri çözýär. 

                                                                   

Men milli parlamentiň agzalarynyň geljekde-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanunlaryň kadalaryny we ýörelgelerini halka düşündirmekde, döwletimiziň syýasatyny wagyz etmekde mynasyp goşant goşjakdyklaryna, öňümizdäki saýlawlaryň hem ýokary derejede geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                   

 Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! 

                                                                   

 Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz!

24.09.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda sirk sungaty, ýerli öz-özüňi dolandyryş we notarial edaralaryň işi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň Suw kodeksine hem-de “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle-de parlamentariler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirýärler. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada habar berdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde hukuk namalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri geçirýärler. Häzirki wagtda iş toparlary birnäçe kanunçylyk namalaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan uly üstünlikleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary degişli işleri alyp barýarlar. 

                                                                   

Geçen hepdede Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, bu ýerde seýisleriň we çapyksuwarlaryň zähmeti, dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň desgalarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn möhümdigini belledi. 

                                                                   

Milli Geňeş Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlere kanunçylyk goldawyny bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli senenamamyzyň nobatdaky ajaýyp senesi mynasybetli meýilleşdirilen dabaralara maliýe-ykdysady we bank toplumynyň edaralary tarapyndan taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer geçiriljek çäreleri maliýeleşdirmek baradaky meseleler barada hasabat berdi. Şol çäreleri Döwlet býujetine, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetlerine şu ýyl üçin gönükdirilen serişdeleriň hasabyna guramak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň edaralarynyň işine berk gözegçiligi ýola goýmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer ýaş nesillere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama bu ugurdaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermelere laýyklykda, ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl yzygiderli artdyrylýandygy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan yzygiderli kömek-goldawyň berilmeginiň ýaşlaryň maşgala gymmatlyklaryny berkitmeklerine we olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna giň ýol açjakdygyna ünsi çekdi. Bu resminamanyň ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz resminama laýyklykda, ýaş maşgalalara ýyllyk 1 göterimli 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manada çenli karz serişdeleriniň beriljekdigini aýtdy we Karara gol çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalyk toplumynyň ugurdaş ministrlikleri we edaralary tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynyň degişli ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglary gowşurmak dabarasy hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly çäreleriň, şanly senäniň hormatyna geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Wise-premýer mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Bu resminama ýurdumyzyň oba hojalykçylaryny bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge, bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Karara laýyklykda, 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýy, pagtany we gant şugundyryny gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň 50 göterimini öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, bu çözgüdiň oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde hem-de ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmakda ähmiýetli boljakdygyny belledi. Munuň özi önüm öndürijilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de wise-premýere resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumynyň edaralary tarapyndan Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, esasy dabaralaryň guraljak ýeri bolan paýtagtymyzy baýramçylyk görnüşinde bezemek hem-de onuň çäklerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. 

                                                                   

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň köp sanlysyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli dabaraly çäreleriň geçirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de dürli maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça çäreleriň görülýändigi barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdäki ähmiýetli wakalaryň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere baýramçylyk günlerinde bölek söwda satuwyny talabalaýyk derejede guramak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň we hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oktýabr aýynda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Däp boýunça 6-njy oktýabrda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi bolar. 

                                                                   

Halkara derejede geçiriljek çäreleriň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergini we ylmy maslahaty, «Dizaýn — 2022» Aşgabat forumyny we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergini, «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly; «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de iri halkara forumlaryň türkmen jemgyýetini okgunly ösdürmekdäki, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen oňyn özgertmeleri amala aşyrmakdaky ähmiýetini belledi, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek, bu ulgamda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň wezipe birlikleriniň birkysmy sanawynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman bilim syýasatynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky zerur bolan resminamalaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyk getirilmegine uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere ugurdaş düzümler bilen birlikde hödürlenen teklibiň has içgin öwrenilmegini tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ÝB bilen däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şunda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlara we duşuşyklara möhüm orun berilýän syýasy-diplomatik ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegi möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki gatnaşyklaryň, “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” parlamentara dialogynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyz bilen ÝB-niň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ÝB agza ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bar bolan ýagdaýlary, onuň geljekki ugurlaryny nazara alyp, bu babatda ýerine ýetirilýän işleri degişli derejede dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, Watanymyzy döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýandygyny, şunda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige we milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan içeri we daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Döwlet Maslahatynyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň jenaýat edip iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri boýunça hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, biziň döwletimizde ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbidini goramak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Hökümeti BMG we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde degişli işleri geçirýär. Şunda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, häzirki wagta çenli ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 28 müň 167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4 müň 438-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. 

                                                                   

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleriniň raýatlyga kabul edilmegi boýunça degişli işleri geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 315 adamyň, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlary we 23 milletiň wekilleri hasaba alyndy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Permanyň we Kararyň taslamalary hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň ynsanperwer we durmuş ulgamyny nazarlaýan hem-de adamlaryň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny, hukuklarynyň, azatlyklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýän syýasaty yzygiderli amala aşyrýandygyny belledi. Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda oňyn orun eýeleýän ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine anyk goşant goşýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary ulag serişdeleri bilen üpjün etmegiň maksatnamasy taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilatymyza hödürlenilýän awtoulag hyzmatlarynyň medeniýeti baradaky meselelere ünsi çekdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini amala aşyrmak babatda degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra agentligiň ýolbaşçysy 1 müň sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde halkymyzyň amatly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, adamlara ýolagçy ulaglarynda edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz awtoulag pudagynyň tehniki binýadyny kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, degişli Karara gol çekdi hem-de agentligiň baş direktoryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.09.2022
Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine garaşsyz ösüşiň geçen taryhy döwründe gazanylan üstünliklere syn bermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.  

                                                                   

Maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar. Ahal welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerine ýygnanan ýurdumyzyň sebitleriniň wekilleri bolsa maslahata sanly ulgam arkaly goşuldylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyny açyk diýip yglan etdi. Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyşyna başlady.  

                                                                   

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, onuň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çykyşlar diňleniler, Watanymyzyň gazanan taryhy üstünlikleriniň jemleri jemleniler we Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ösüş ýoly seljerilip, geljek üçin wezipeler, ileri tutulýan ugurlar kesgitlener. Möhüm resminamalara gol çekilip, döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan raýatlar sylaglanar. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

23.09.2022
Elektroenergetika pudagy ykdysady ösüşiň möhüm şertidir

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi. 

                                                                   

Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär. 

                                                                   

Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, taryhy, kemala gelşi, ösüşi hem-de geljegi barada giňişleýin maglumat berdi. Hormatly Arkadagymyz elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhyna aýratyn üns berýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, döwlet syýasatynyň maksatlary, wezipeleri bilen ýakyn baglanyşyklylykda ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly, döwrebap düzümini döretmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler anyk mysallarda beýan edilýär. 

                                                                   

Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikany ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” bar. Maksatnamalarda şu ýyl ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Neşirde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Neşirde ýurdumyzyň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigi bellenilýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berilýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda bütin dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagyna hem-de “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtaýar. Bu babatda Türkmenistan uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzda bu ugurlaryň ösdürilmegine geljekde-de uly ähmiýet berler. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2019 — 2025-nji ýyllarda kuwwatlylygy 10 megawata deň bolan Gün-ýel elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi kölüň golaýynda gurulýan döwrebap obany ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Täze kitabyň dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginleri, elektrik stansiýalarynda alnyp barylýan işler hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin düşünje almaga ýardam berýär. Neşir giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir. 

                                                                   

 Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edildi. 

                                                                                                           

(TDH)

22.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň depgini, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda kadaly gögeriş alynýar. Şeýle-de güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsüminiň oba hojalygyndaky möhüm ähmiýetini belläp, ýygymyň depgininiň güýçlendirilmelidigine, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň depginini artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmek maksady bilen, ähli degişli işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň bol hasylynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň kepili bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny bellemäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, welaýatda şu ýyl ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde ulanmaga tabşyrylmalydygyny aýdyp, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de pagta ýygymynyň depgini barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatda bellenilişi ýaly, pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlar we beýleki tehnikalar bökdençsiz işledilýär. Ýetişdirilen hasyly kombaýnlar bilen ýygmak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri geçirilýär. Bugdaý ekişiniň tehnikalaryň güýjünden doly peýdalanylyp, agrotehniki möhletlerde geçirilýändigi, sebitiň bugdaý meýdanlarynda gögeriş suwunyň talabalaýyk tutulýandygy hem-de kadaly gögeriş alynýandygy barada habar berildi. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnamak üçin ähli tagallalar edilýär. Şeýle-de welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýyl ýurdumyzyň günbatar sebitinde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy, hususan-da, welaýatda täze ýolagçy awtomenziliniň açylyş dabarasyna hem-de ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň, şol sanda gowaça hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň, güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary depginini üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekip, häkime birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň möhüm ähmiýetini nygtap, ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnamak üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň demirgazyk sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, pagta ýygymynyň depgini baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýygym möwsüminde doly güýjünde işledilýändigi, hasyly kombaýnlar bilen ýygmak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilýändigi barada habar berildi. Şeýle-de häkim bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, tagt suwuny tutmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögerişiň gazanylýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýetişdirilen bereketli hasyly wagtynda ýygnamak üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Demirgazyk sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işler geçirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak hem-de şanly sene mynasybetli täze ýolagçy awtomenziliniň açylyp ulanmaga berilmegi boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde obasenagat pudagyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, bugdaý ekiş möwsümini bellenilen möhletlerde tamamlamak üçin onuň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýetişdirilen gowaça hasylyny wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak, güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini, ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyny aýdyp, häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew pagta ýygymynyň barşy, şunda kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly kombaýnlaryň kömegi bilen ýygmak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar, ekişde tehnikalar netijeli ulanylýar, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy talabalaýyk tutulýar. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, şonuň ýaly-da, şaly oragyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, şanly sene mynasybetli täze ýolagçy awtomenziliniň açylyş dabarasyna taýýarlygyň hem-de şu ýyl ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyklaryň barşy barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsümiň biridigini belledi we kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bol hasylynyň girewi bolan bugdaý ekişini agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmek hem-de bu möhüm möwsümi üstünlikli tamamlamak maksady bilen, ähli degişli çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, şaly oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde tamamlanmalydygy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler bilen birlikde, pagta ýygymynyň depgini barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, möwsümde kombaýnlar hem-de degişli tehnikalar işjeň ulanylýar, pagta ýygymyndaky kombaýnlaryň netijeli işini üpjün etmek maksady bilen, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işi guramaçylykly geçirilýär. Şeýle-de häkim bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirilýändigi, ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilýändigi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwunyň talabalaýyk tutulýandygy we kadaly gögeriş alynýandygy barada hasabat berdi. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnamak üçin zerur çäreler görülýär, welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, täze ýolagçy awtomenziliniň açylyş dabarasy, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuny belläp, gowaça hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almagyň, güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary depginini üpjün etmegiň, bu möwsümleri bellenilen möhletde tamamlamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki aýratyn ähmiýetini belledi. Şeýle-de welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň gözegçilikde saklanmalydygy tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ekinlerden bol hasyl ýetişdirmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek we bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahat geçirilip, onda öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy. Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň uzak ýaýlalarynda ekilýän ekinleri medeni zolaklara geçirmek, şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhanlaryň durmuşynda wajyp hasaplanýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda olaryň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işlerde ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işiniň möhümdigini aýtdy. Ýygnalan pagta hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň geljekki bol hasylyň, azyk bolçulygynyň berkidilmeginiň girewidigini, dokma senagaty üçin zerur bolan çig mal bilen üpjünçiligiň pugta binýadydygyny belläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.09.2022
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 31 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasion taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe guralýan bu sergi belent maksatlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ulgamlaryny ösdürmekde belent sepgitlere ýetip, sebit hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeni-durmuş maksatly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, döwrebap desgalaryň her ýylda ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi, eziz Diýarymyzyň halkara derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, kuwwatly, innowasion ýol bilen ýokary depginli ösýän ykdysadyýeti döretmek ugrundaky maksatnamalarymyz bu gün rowaçlyklara beslenýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny gurşap alýan toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler serginiň geçirilýän günlerinde diňe bir ýurdumyzyň ilatyna däl, eýsem, internet ulgamy arkaly halkara jemgyýetçiligiň hem dykgatyna ýetiriler. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy, hyzmatlarymyzy, şeýle-de amala aşyrýan taslamalarymyzy Ýer ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäre boljakdygyna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

 Size berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

20.09.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, demokratik esaslaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Mejlisde kanun taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Halk Maslahaty bilen bilelikde döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli çärelere hem-de Türkmenistanyň Dabaraly maslahatyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Halkara hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň deputatlary BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleri bilen bilelikde guralýan çärelere gatnaşýarlar. Döwlet ösüşiniň täze taryhy eýýamynda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň many-mazmunyny halka düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Dabaraly maslahata taýýarlyk meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz ähli guramaçylyk meselelerini jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

 Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahata ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde täze kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary wagyz-nesihat çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda durmuş-ykdysady wezipeleriň ileri tutulýan ugurlary hasaba alnyp kämilleşdirilýän ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Dabaraly maslahatyna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan beýleki çärelere görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýolgurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna hem-de ygtybarly maliýeleşdirilişine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralary tarapyndan geçirilen seljermeleriň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Hususan-da, wise-premýer awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we olary ulanmak boýunça işleriň çenlik ölçeg kadalarynyň hem-de nyrhlarynyň, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň bahalarynyň kesgitlenilmegine degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, agentlik tarapyndan geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän degişli işleriň maliýeleşdirilmegi babatda teklipler beýan edildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomobil ýol gurluşygy ulgamynda kadalaşdyryjy resminamalaryň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň anyk çözgüdini tapmagyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ugurdaş düzümler bilen bilelikde bu meseläni has içgin öwrenmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Senagat önümçilik desgalarynyň çig mal üpjünçiligini yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, Balkan welaýatynyň çäklerinde degişli gözleg we seljeriş işleri alnyp barylýar. Şunda ylmyň gazananlarynyň, täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, ýüze çykarylan känleriň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerine häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini aýtdy. Şunda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak we sanly ulgamy işjeňleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz toplumyň edara-kärhanalarynyň, önümçilik düzümleriniň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk we ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, döwlet edaralaryna, kärhanalara ýer böleklerini bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, pagta ýygymy möwsümini gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek boýunça işler dowam edýär. Hasyly kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnamak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri geçirilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň sebitlerinde bugdaý ekişini geçirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, bugdaý ekilen meýdanlara ösüş suwuny bermek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek hem-de ekiş enjamlaryny netijeli ulanmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, ilaty tutuş ýylyň dowamynda gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýlelikde, häzirki wagta çenli ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de olary ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň suw howdanlarynda bellenilen meýilnama laýyklykda suw toplamak işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň geçiriljekdigi barada habar berildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, jemgyýetçilik guramalaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini hemişelik hem-de wagtlaýyn peýdalanmaga bölüp bermek boýunça teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň möhümdigine ünsi çekip, şolaryň bu ulgamda öňdebaryjy ylmy usullaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pagtanyň — ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gymmatly çig malyň ähmiýetini göz öňünde tutup, onuň hasylyny ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, ähli zerur işleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmelidigini, sürüm meýdanlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygyny, olaryň suw bilen ýeterlik üpjün edilmelidigini nygtady. Önüm öndürijilere ýer böleklerini bölüp bermek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň milli kanunçylyga we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi bellenilip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow energetika ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak hem-de ugurlaryny köpeltmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Häzirki wagtda elektrik energiýasyna barha artýan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, Energetika ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan pudagyň düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de birnäçe möhüm energetika desgalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn möhümdigini belläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda bu pudaga uly ornuň degişlidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň obalaryň we şäherleriň elektrik üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini çözmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere bu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer paýtagtymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini giňden baýram etmäge görülýän taýýarlyk we şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň bezeg işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahaty geçirmäge göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak dabaralaryň umumymilli ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere baş şäherimizi baýramçylyk görnüşinde bezemek, ähli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysady ösüşiň gazananlarynyň sergisini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, guralmagy meýilleşdirilýän sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler. Şeýle-de serginiň çäklerinde täze önümler, maýa goýum taslamalary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekki uly ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna serginiň işiniň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny hem-de uly üstünliklere ýetilendigini belledi. 

                                                                   

Sergileriň guralmagy gazanylan üstünlikleri görkezmek üçin amatly mümkinçilik bolup, bazar meýillerine baha bermegiň, onda öz eýeleýän ornuňy kesgitlemegiň oňaýly usulydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň oktýabr-noýabr aýlarynda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde türkmen paýtagtynda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu forumyň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, baý milli mirasyny, aýdym-saz sungatyny wagyz etmekden, dürli ýurtlaryň milli we halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Forumyň çäklerinde ussatlyk sapaklaryny, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary hem-de beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak halkara medeni çäreleriň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen netijeli ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, olary guramagyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz öňde boljak “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni mirasyny geljekde hemmetaraplaýyn öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym, medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzda Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almak ugrunda kabul edilen toplumlaýyn çäreler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda sebit we halkara derejede alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy” kabul edildi. 

                                                                   

Aral deňziniň sebitiň halklarynyň durmuşyna we saglyk ýagdaýyna, sebitiň ekologik derejesine ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Dürli keselleriň döremeginiň sebäpleri ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurda ylmy-barlag işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny hem-de ilatyň saglygyny goramak üçin çäreleriň geçirilýändigini aýdyp, halkymyzyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň üstünlikli geçmegi, onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem-de täze başlangyçlary öňe sürmegi bilen gutlady. Şeýle-de saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi guraldy. 

                                                                   

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Türkmenistanyň sanly diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet maglumat syýasatyny we sanly diplomatiýanyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary netijeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň fewralynda Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüminde “Sanly diplomatiýa” atly bölüm döredildi. Bu bölümiň esasy wezipeleri sanly maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny we halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

DIM-niň saýtynda “Halkara habarlary” atly internet gazeti onlaýn görnüşde yzygiderli berilýär, şeýle-de onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan sanly sergi ýerleşdirildi. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleriň wajypdygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda DIM-de maglumat ulgamlaryna gözegçilik bölümi döredildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki çärelerini işjeňleşdirmek we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan birnäçe teklipler hödürlenildi. Şeýle-de ýurdumyzyň elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bitewüligini emele getirmek maksady bilen, özbaşdak Milli sanly tory döretmek teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde kabul edilen Kararnamalary, beýleki halkara resminamalary ýygnamak, beýan etmek we tertipleşdirmek üçin ugurdaş sanly diplomatiýany, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň sanly muzeýini döretmek boýunça teklipler aýdyldy. 

                                                                   

Ählumumy media giňişliginde Türkmenistan baradaky maglumatlary dessin we yzygiderli ýaýratmak maksady bilen, iri halkara sanly media kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, programma üpjünçiligini ýola goýmagyň çäklerinde diplomatik gulluklaryň ykjam telefonlary üçin media binýatlaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär. Onuň işe girizilmegi bilen, ykjam aragatnaşyk arkaly gündelik täzelikleri beýan etmek, raýatlarymyz üçin konsullyk gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmek we durnukly sanly ulgam alşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegi esasy ugur edinýän Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy. Şunda ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz elektron media serişdeleriniň, maglumat tehnologiýalarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň täze aragatnaşyk gurşawynyň döredilmegini üpjün edendigini belledi. Häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleri artyp, ol döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda daşary syýasaty, umuman, halkara gatnaşyklary amala aşyrmagyň has netijeli guralyna öwrülen şertlerinde sanly diplomatiýanyň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Işiň bu görnüşiniň netijeli peýdalanylmagy dünýä giňişligindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, gatnaşyklaryň täze guralyny döretmek boýunça giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işinde sanly ulgamyň ösdürilmeginiň halkara bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, onuň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine kybap gelýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen tanyşdyrmaga zerur şertleri üpjün etjekdigini aýtdy hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Täze awtomenzillerde awtobuslara GPS ulgamy arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol hatlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn tertibinde petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de olarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ýokary derejeli şertler üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli taýýarlanan degişli meýilnamanyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, şol bir wagtyň özünde halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Degişli düzümleýin desgalaryň ulanmaga berilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de agentligiň ýolbaşçysyna awtomenzilleriň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Mejlisde başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19.09.2022