Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli amal etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile möwsümi boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça, bugdaýa ideg işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen piläni ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu babatda degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.05.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 2-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ekologik ýagdaýy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Onuň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berklik we amatlylyk derejesi döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär.

Milli Liderimiz ir säher bilen “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň gurluşyklarynyň dowam edýän ýerine geldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bahar pasly bu künjegiň tebigatyna gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Köpetdagyň eteginiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şäheriň binagärlik keşbi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler, olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Hajy Arkadagymyz metjidiň gurluşygyna, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, onuň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň “Allanyň öýi” hasaplanýan kaşaň binanyň ähmiýetine laýyk gelmegini üpjün eder. Bu ýerde metjidiň esasy binasy bilen bir hatarda, onuň minaralarynyň, beýleki ugurdaş desgalaryň girelgesiniň, metjidiň muzeýiniň gurluşyk işleri batly depginde dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň biri bolan metjidiň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine zerur üns berilmelidir. Şunda amala aşyrylýan işleriň uzak geljege gönükdirilýändigini ünsden düşürmeli däldir.

Hormatly Arkadagymyz metjidiň girelgeleriniň biriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derejesine, girelgäniň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. “Bu ýerde adamlaryň amatly gelip-gitmekleri, girelgäniň, derwezäniň abadanlaşdyrylyşy degişli binanyň ähmiýetine kybap gelmelidir. Munuň özi tutuş toplumyň binagärlik sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirer” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluny dowam edip, şäheriň ähli çäklerinde bolşy ýaly, metjidiň ýanynda we onuň howlusynda ekiljek bag nahallarynyň hem ylmy esasda seçilip alynmalydygyny, şeýlelikde, bu ýerde ýokary ekologik derejäniň saklanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Bu ýerde oturdyljak bag nahallary, dörediljek gök zolaklar metjidiň keşbi bilen sazlaşmalydyr. Metjidiň minaralarynyň gurluşyk aýratynlyklary, daşynyň bezeg işleri hem-de gümmezleriniň reňk sazlaşygy babatda ýurdumyzyň din wekilleri bilen maslahatlaşyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi wajypdyr. Munuň özi metjidiň binalar toplumynyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere, ykrar edilen kadalara laýyk bolmagyny üpjün eder.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklar nazara alynýar. Bu bolsa şäheriň çäklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň esasy şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, metjidiň çäklerinde alnyp barylýan işler bu künjegiň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir. Halkymyzda «Gurýan döwlet gurpludyr» diýlişi ýaly, Arkadag şäheri indi ýurdumyzyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän owadan şäherleriň biri boldy. Ol adamlaryň islegleriniň hasyl bolýan, maksatlarynyň myrat tapýan ýeridir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina galdyrmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini aýdyp, häzirki döwürde pederlerimiziň dünýä nusgalyk tejribesine daýanylmalydygyny we onuň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belläp, metjidiň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. “Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler Arkadag şäheriniň gözelligine gözellik goşmalydyr we bu işler şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny üpjün etmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze metjidiň esasy girelgesiniň ýanynda saklandy. Häzirki döwürde bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyz metjidiň girelgesiniň toplumyň iň ähmiýetli desgalarynyň biridigini, şoňa görä, onuň bu ýere geljek adamlarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz metjidiň esasy girelgesiniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň abadanlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine-de inçelik bilen çemeleşilmelidigini, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny, olaryň geljek nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz metjidiň çäginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar bu ýerde öz beýanyny tapar. Milli Liderimiz muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda “akylly” şäheriň ýolbaşçylary bilen öz pikirlerini paýlaşdy. Hormatly Arkadagymyz bu muzeýiň metjidiň beýleki binalarynyň üstüni ýetirjek özboluşly desga boljakdygyny belläp, onuň gurluşygynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini we beýleki gurulýan desgalar bilen bir hatarda öz wagtynda tamamlanmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem ol bu ýerde durmuş ýoly il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet, halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzdan bu barada öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde ikinji tapgyrda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we durmuş maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, şäher seýilgähiniň çäklerinde ýerleşdiriljek şekilleriň görnüşlerine, halkara çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygyna, bezeg işlerine degişli taslamalar hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Milli Liderimiz her bir gurulýan desganyň binýadynyň berkden tutulmalydygyny, gurluşygyna iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, iň esasysy, olaryň hil babatda-da, dünýä ülňülerine laýyklyk babatda-da ýokary görkezijilere kybap gelmelidigini aýdyp, birinji tapgyrda bolşy ýaly, şäheriň ikinji tapgyrynda hem sanlylaşdyrmak meselesiniň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň sanly intellektual eýeçiligi ösdürmek bilen bagly öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, şäheri döwrebaplaşdyrmakda, hususan-da, onuň peýdaly we amatlylyk, çäksiz mümkinçilik, ýeňillik ýaly taraplaryny durmuşa ornaşdyrmakda kesgitli, anyk çözgütleriň kabul edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, seýilgähiň, awtomobil ýollarynyň çäginde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekilleriň döwrebap bolmagy wajyp wezipe bolup durýar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagy babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Şäherleriň bütindünýä forumynda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, “akylly” şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň degişli derejede beýan edilmelidigini aýdyp, şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň onuň halkara giňişlikde giňden ykrar edilmegini gazanmaga ýardam etjekdigini nygtady. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň ilatynyň we edara-kärhanalaryň elektrik toguny, tebigy gazy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz özara tejribe alyşmakda wajyp ähmiýete eýe boljak saparyň jemleri boýunça ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginini ýokarlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde edilýän işler barada maglumat berdi. Hormatly Arkadagymyz “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, gurluşyklarda ýokary hil derejesini üpjün etmegiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugurdaky işleri ýokary derejede alyp barmak babatda degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Soňra iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7 müň 368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4 müň 284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Jaýlaryň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Arkadag şäheriniň açylan wagtyndan bäri geçen sanlyja ýylyň içinde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.

Milli Liderimiz ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etdirmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, bilim alýan ýaşlary höweslendirmek üçin birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi. “Şunda biziň baş maksadymyz «Döwlet adam üçindir!» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde ýurdumyzda giňden belleniljek şanly seneleri — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Türkmen halysynyň baýramyny dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk işleri, baýramçylyk meýilnamalary barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, olara ilatyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Guraljak dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklarymyza bolan ählihalk söýgüsi, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen işleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde we baýramçylyk çärelerini dabaralandyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

04.05.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar.

Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 116,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 115,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 127,5 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine, ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. Bu meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 105,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 154 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 122,9 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy üns merkezinde saklamagyň, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde, ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 109,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,2 göterim, nah matalaryňkyda 100,5 göterim, gön önümleriniňkide 103,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 97 birža söwdasy geçirilip, olarda 10 müň 136 şertnama hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 7 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde Aşgabat şäherinde «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahat guramaçylykly geçirildi. 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry — 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Italiýanyň Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Sergide Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän gadymy Margianadan we Nusaý galalaryndan ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi.

Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, okuwlara yzygiderli gatnaşdylar. Şeýle hem olar Daşkent şäherinde geçirilen türki dünýäniň suratkeşleriniň duşuşygyna, onuň çäklerinde guralan sergä gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň maý aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler dowam etdirildi. Okuwçylar, talyplar halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi 807 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 6-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 7-si, mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasy geçirildi.

Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar utgaşdyryldy. Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Şu döwürde bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 169 medal gazandylar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.

Şeýle hem wise-premýer Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, hemaýat-goldawlary bilen mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat gowşurmagyň däbe öwrülendigini, hasabat döwründe bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns merkezinde saklamagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli ýaşlary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen taýýarlanan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 16 — 19-njy fewralda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 17 — 19-njy martda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelde Awstriýa Respublikasyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz 21-22-nji aprelde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldy.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 220 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 400 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 169-sy geçirildi. Türkmenistanda daşary döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 711-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 57-si bilen ýetirildi.

Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. 2026-njy ýylyň geçen dört aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.

Daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň we Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly moda güni” festiwaly geçiriler.

Atly sport boýunça ýaryşlar guralar. Olaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, wise-premýer, daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu halkara atly sport çärelerine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Bu atly oýunlardyr ýaryşlaryň ahalteke bedewine bagyşlanan şanly ýylda geçirilmegi many-mazmun taýdan örän ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň maýynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň birnäçe halkara çärelere gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş saparyna hem gowy taýýarlyk görmegiň, 17 — 22-nji maýda Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 124,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 106,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen dört aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek gerek” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegi, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

02.05.2026
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halklarymyzyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly asyrlarboýy ösdürilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine, adamzat ýaşaýşynyň özgermegine özboluşly goşant goşupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki döwürde türkmenleriň ata-babalary bolan hunlar hytaýlylar bilen “Kasam şertnamasyna” gol çekip, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklara pugta ygrarlydyklaryny tassyklapdyrlar. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň yzygiderli tagallalary netijesinde hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, depginli ösdürilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan şu ýyl iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň taryhyna möhüm seneleri ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň, şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirilen köp sanly duşuşyklar we beýleki çäreler hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi şol möhüm wakalaryň özboluşly dowamy bolmak bilen, dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, harytlary alyjylara giňden belli bolan hyzmatdaşlar-da, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýup, geljegi uly türkmen bazarynda orun almagy maksat edinýän işewürler hem bar.

...Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlary bu ýere gelen myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňden ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylýar. Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän forumyň we serginiň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolmak bilen, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra ähli gatnaşyjylar serginiň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde soňky ýyllarda depginli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ugry bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar. Ýakynda paýtagtymyzda bu senä gabatlanyp halkara ylmy-amaly maslahat, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi, dürli ugurlara degişli döwletara resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bu möhüm ugurda ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydyklarynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de goşant goşýar. Foruma ýangyç-energetika toplumynda iş alyp barýan Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň gatnaşmagy olaryň geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär. Şolaryň birnäçesi elektroenergetikanyň adaty we gaýtadan dikeldilýän ugurlarynda durmuşa geçiren taslamalary bilen diňe bir Hytaýda däl, eýsem, dünýäde iň iri kompaniýalaryň hatarynda tanalýar. Dostlukly döwletiň işewür wekilleriniň birnäçesi gaz we nebithimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça öňdebaryjy çözgütleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar. Birnäçe kompaniýalar ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olaryň möçberlerini anyklamak boýunça tehnologiýalaryň, buraw işi üçin zerur bolan enjamlaryň we tehnikalaryň üpjünçiligi bilen bagly hyzmatlaryny hödürleýärler.

Serginiň giň meýdançasynda gurnalan 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň köpugurly döredijilik hem-de innowasion mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyrylýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tejribäni we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunda önümleri öndürmegiň we eksport etmegiň möçberi boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýän dostlukly döwletiň gazananlarynyň ýurdumyzda uly gyzyklanma eýedigini bellemek gerek. Ägirt uly çig mal mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Ulag-aragatnaşyk pudagy diňe bir ýurtlarymyzyň däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ösüşine täsirini ýetirýän hyzmatdaşlyk ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýandygyny bellemek gerek. Bu başlangyçlaryň çäklerinde yklym ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgeleriniň ýük geçirijiligini artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň demir we awtomobil ýol düzümleriniň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynda hytaý kompaniýalaryna aýratyn orun degişlidir. Olaryň öndürýän kuwwatly tehnikalary we döwrebap ýolagçy ulaglary ýük daşalyşynda hem-de ýolagçy gatnawlarynda netijeli ulanylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan ýol ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Munuň özi ýurdumyzyň hususy gurluşykçylarynyň ösen halkara tejribäni öwrenmek arkaly sebitiň ulag akymlarynyň artmagyna täsirini ýetirýän möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygyny aýdyň görkezýär. Sergide Hytaýyň döwlet hem-de hususy korporasiýalarynyň ýokary tizlikli demir we awtomobil ýollary, ýerasty geçelgeleri, şäher metropolitenlerini, köprüleri gurmakda toplan tejribesi uly gyzyklanma döredýär.

Sergä dürli kysymly şäheriçi, şäherara we syýahatçylyk gatnawlary üçin niýetlenen ýolagçy awtobuslaryny öndürýän hytaý kompaniýalary hem gatnaşýarlar. Hytaýda öndürilen bu görnüşli ulaglaryň yzygiderli satyn alynmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýolagçy, ýol-ulag parkynyň tehniki kuwwaty düýpli ýokarlanýar. Gözden geçirilişe awtoulaglar üçin dürli ätiýaçlyk şaýlary, hereketlendirijileri, akkumulýatorlary we tekerleri öndürýän kärhanalaryň hem birnäçesiniň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Hytaýyň dünýä belli kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzda elektron we dürli maglumat tehnologiýalaryny öndürýän ýöriteleşdirilen kärhanalaryň döredilendigini bellemek gerek. Sergide telearagatnaşyk enjamlaryny, emeli aň tehnologiýalaryny, robotlary öndürýän, iri maglumat merkezlerini gurmaga ýöriteleşen kompaniýalaryň diwarlyklarynyň ýany hem köp adamly boldy. “Akylly” şäherleri ösdürmegiň, logistikada uçarmansyz uçýan enjamlardan peýdalanmagyň döwrebap mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan, geçiriş nokatlarynda awtoulaglaryň we adamlaryň bökdençsiz barlagdan geçirilmegi üçin döwrebap anyklaýyş enjamlary hödürleýän kompaniýalaryň diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär.

Kompaniýalaryň birnäçesi dokma senagatynda we gurluşyk-gurnama işinde, ýyladyşhana hem-de suw hojalygy pudagynda hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “akylly” tehnologiýalar esasynda işleýän oba hojalyk tehnikalaryny, süýümli aragatnaşyk kabellerini, dürli ekinleriň bol hasylly we daşky gurşawa çalt uýgunlaşýan görnüşleriniň tohumlaryny, weterinar derman serişdelerini öndürýän kompaniýalar hem bar. Şeýle hem birnäçe diwarlykda dürli dermanlaryň hem-de sanjymlaryň önümçiliginde hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikler şöhlelendirilýär.

Ylym-bilim pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda dostlukly döwletde türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi bilim alýar. Serginiň çäklerinde Hytaýda bilim almak isleýän ýaşlar üçin hödürlenilýän amatly mümkinçilikler bilen hem ýakyndan tanyşmak bolýar.

Gözden geçirilişiň çäklerinde ýörite gurnalan zolakda sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribeleriniň we önümleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Olaryň gazananlary senagat we innowasiýalar ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň önüm öndürijileri hem-de işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hytaýyň awtoulag senagatynyň mümkinçilikleri ýörite meýdançalarda giňişleýin tanyşdyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynda Hytaýda öndürilen ýöriteleşdirilen tehnikalaryň işjeň ulanylýandygyny bellemek gerek. Bu babatda hytaý kompaniýalarynyň öndürýän ýükleýji, ýük daşaýjy, beton garyjy we beýleki tehnikalary ýokary kuwwaty hem-de görnüşleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Serginiň çäklerinde Hytaýda öndürilen ýeňil awtoulaglar hem görkezilýär. Ýurdumyzyň birnäçe işewürleri ýöriteleşdirilen tehnikalary we awtoulaglary getirmekde Hytaý kompaniýalarynyň ýakyn hyzmatdaşyna öwrüldiler.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwdany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bar bolan ugurlary serginiň ikinji gününiň çäklerinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumynyň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüljek halkara forum we sergi 30-njy aprelde öz işini tamamlar.

29.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekişi dowam edip, möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulyp, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýändigini belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bugdaýa ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak babatda zerur işler geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Sebitde pile öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, tehniki we beýleki serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň ekinlerden bol hasyl almagyň önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda pileçi kärendeçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatlarda pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.04.2026
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala aşyrylýar.

Hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň açylmagy pudagyň ösüşine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Diýarymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriň, athanalaryň gurulmagy atşynaslaryň işini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde «Akhan», «Taýçanak» binalarynyň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewleriň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýändigini subut edýär.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasyna, ýurdumyzda ahalteke atlaryny we gadymdan gelýän seýisçilik däplerini aýawly saklamak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

...Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda uly yz galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi bolan meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak, dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy. Bellenilişi ýaly, wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjy, ýakyn syrdaşy bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek, dünýä derejesinde uly ýeňişleri gazanyp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň atlaryny ebedileşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Çykyş edenler Pyýada atly bedewiň gazanan ýeňişleriniň türkmen seýisçilik sungatynyň dünýä derejesinde uly üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar. Pyýada Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar. Şunuň bilen baglylykda, Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda açylan bu ajaýyp heýkel ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, halkymyzyň köpasyrlyk atşynaslyk mekdebine we milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra dabaraly ýagdaýda Pyýadanyň heýkeli açyldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, atçylyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler bar.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş girelgesiniň öňünde bina edilen meşhur Pyýadanyň heýkelini synlady hem-de bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Çykyşlarda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ajaýyp ahalteke bedewleriniň waspy ýetirildi. Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Pyýadanyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu ýerde ýadygärlik surata düşdi. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň baş binasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz ýolugra Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady. Olarda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň ahalteke bedewleriniň keşbini çeper beýan edýän işleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, at esbaplary, fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär. Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. At heýkelleri pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählumumy söýginiň, milli buýsanjyň hem beýanydyr.

Milli Liderimiz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Ahalteke bedewleriniň dowamaty rowaç bolsun!” diýip belleýär. Bu günki gün bu sözler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrülýär. Ahalteke bedewine söýgi zergärçilik sungatynda-da mynasyp beýanyny tapýar. Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly metallardan, daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Sergi bölümlerinde görkezilýän bedew esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. At esbaplary türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nepis işler ussat türkmen zergärleriniň özboluşly döredijilik mekdebiniň bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk nusgadygyny tassyklaýar.

Sergi bölümlerinde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary ýaňlandy. Şeýle-de bu ýerde ak öýler dikilip, halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän täsin gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda milli lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine degişli eserler bar.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş binasyna bardy.

Ähli türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.

Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi.

Soňra halypa atşynas halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» diýen pähiminiň bardygyny, «arkama-arka» diýen düşünjäniň bolsa nesliň dowamat-dowamlygyny, döwletlilik ýolunyň rowaçlygyny aňladýandygyny belläp, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkahan atly bedewi sowgat hökmünde kabul etmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Şeýle hem halypa atşynas halkymyzda “dag” diýmegiň daýanç, direg, gorag ýaly düşünjeleri aňladýandygyny aýdyp, “Gahryman Arkadagymyz, at arkasy gutly mübärek bolsun!” diýip nygtady hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine Daghan atly ahalteke bedewini gowşuryp bermegini haýyş edip, hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan hormatly ýaşululara hem-de atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen Daghan atly bedewiň boýnuna Ogulabat enäniň örüp miras goýan alajasyny, Arkahan atly bedewiniň boýnuna bolsa käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Atçylyk däplerini ösdürmäge, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik nusgalyk bedewleri hemmetaraplaýyn ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy.

Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykaryldy. Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de gelip çykyşy bilen tanyşdyrdy. Olar Gojameýdan, Hankerwen, Meýdanly atly mele, Pespälli diýen gurt mele, Edermen, Pähimli, Kerwen atly dor, Adyl atly gara dor, Mekan atly gara we Merdana atly gyr atlardyr. Bu bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde B.Ballyýewiň hojalygyna degişli bolan Meleguş diýen at birinji orna mynasyp boldy.

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gudratly diýen at ýeňiji boldy. Ýeňijilere ýurdumyzyň pudak edaralarynyň baýraklary gowşuryldy.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat, teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanowa «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy R.Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri; Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýewe «Bedewim — göz guwanjym» atly foto işi; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýewe «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar döredijilik işlerinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyrlar. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak, atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly eseri sowgat berildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň nyşany boldy.

27.04.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna, onuň çäklerinde guralan forumlara we duşuşyklara gatnaşdylar. Şeýle-de zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň durmuş kepillikleri babatda tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerini depginli ösdürmek, welaýatlarda senagat we hyzmatlar ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly zerur işler amala aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi möwsümi dowam edýär. Hususan-da, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleri netijesinde, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy, gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň şanyna bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň bellenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň hem-de tamamlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk çäreleri bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi we baýramçylyga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurdaky işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürmek üçin zerur çäreler görülýär. Munuň özi içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçiligi işe girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäherleri, Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Konstitusiýa binasyna, Baş baýdaga gül goýmak dabarasynyň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sene mynasybetli watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň hem-de belent sarpanyň nyşany hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça medeni-jemgyýetçilik çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, Aşgabat şäherinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerde gül goýmak, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda şu sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we olary dowamly berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu sebitde ýerleşýän döwletler bilen özara gatnaşyklar has-da pugtalanýar. Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn giňeltmek boýunça işler yzygiderli esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de döwletimiziň olar bilen gatnaşyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletimiziň bu sebitiň ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini, degişlilikde, şol bir wagtda, Maldiwler Respublikasyna we Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary yzygiderli alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, emeli aň we maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary babatda işleri alyp barmakda, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikde hünär okuwyny guramak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. “Ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygydyr. Biz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.04.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 21-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni zähmet ýeňişlerine, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gün-günden gözelleşmegini üpjün edýär.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz türkmen topragynyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän döwrebap şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin bu ýere geldi. Döwrebaplaşdyryş işleri batly depginde dowam edýän mekdebiň ýanynda Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň gaznanyň hemaýat bermeginde alnyp barylýandygy barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň, beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar. “Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, islän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde açyk we ýapyk görnüşli stadionlaryň bolmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, aýratyn-da, ýeňil atletikanyň ähli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilmelidir.

“Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenýän çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, ýokary hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerini üpjün edýän topluma öwrüler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli we hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna giň ýol açar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde meýilleşdirilen gurluşyk we guramaçylyk işleriniň kesgitlenen kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Hususan-da, Arkadag şäheriniň önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalarynyň, şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Täze şäheriň Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumat berildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bekedinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Arkadag merkeziniň otaglarynyň, mejlisler, duşuşyklar zallarynyň enjamlaşdyrylyşyna ösen tejribelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

“Täze merkeziň içki we daşky bezeg işleri, otaglarynyň ýagtylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde binanyň yşyklandyryş ulgamy döwrebap bolmalydyr. Munuň özi möhüm binanyň agşamky görnüşleriniň gözelligini üpjün eder” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik, durmuş maksatly binalarda bolşy ýaly, şäheriň edara ediş desgalarynda-da enjamlaşdyrylyş işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, olarda degişli işleri, duşuşyklary geçirmek, žurnalistleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli binagärlik ýörelgeleriniň nusgalyk mekdebiniň kemala gelendigine ünsi çekip, täze şäheriň gurluşygynda nusgalyk ýörelgeleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depgini, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň barşy barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde şäheriň gurluşyklarynyň depgininiň haýaldygyny we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmeýändigini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Aýratyn-da, şäheriň esasy şaýoly bolan Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilmelidir we bu ýol tiz wagtda açylyp ulanmaga berilmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de ähli meýilleşdirilen işleriň depgininiň we hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, dürli maksatly desgalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şäherde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanylmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede bellemek ugrunda alnyp barylýan işler, şanly sene mynasybetli şäher ilatyny täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriniň ýörite sergisiniň guralmagy meýilleşdirildi.

Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda uly dabaralara beslenmelidigini, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli bagtyýar maşgalalara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy goşa baýrama öwrüler. Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda türkmen atşynaslygynyň milli ýörelgelerini giňden wasp edýän telegepleşikleriň taýýarlanylmagy, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Taryhy maglumatlaryň ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň hemişe belentde bolandygyny alamatlandyrýan wakalary beýan edýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz 1935-nji ýylda Aşgabat — Moskwa atly ýörişiniň geçirilendigini we şonda 4 müň 300 kilometrlik menziliň kesgitlenen möhletinden üç gün öň, ýagny 84 günde geçilmeginiň ahalteke bedewleriniň dürli şertlere çydamlydygyny äleme äşgär edendigini aýtdy. Munuň özi dünýä derejesinde nusgalyk wakadyr.

Milli Liderimiz öz çägini barha giňeldýän täze şäherde geljekde oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen işleri ýokary hilli alyp barmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

22.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda tamamlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, öri meýdanlarda, daglyk, tokaý we düzlük ýerlerde ýangynyň döremegine garşy sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda bellenen agrotehniki kadalaryň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň tokaý zolaklaryny, öri we ekin meýdanlaryny ýangyndan goramak üçin degişli çäklerde sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, sebitiň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyn howpunyň öňüni almak üçin sürüm hem-de arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.04.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, Mejlisde degişli işler alnyp barylýar. Taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 11-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, migrasiýa babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere seljerme geçirilip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Daşary döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyň işine gatnaşandyklary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow banklaryň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaýyň “СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, desgany doly işe girizmek, geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.

Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyk ulgamyndaky işlere ylmy esasda çemeleşmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işlerini döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Sergä gatnaşjak hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.

Türkmenistan tarapyndan işewürlik maslahatyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna we sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, olary geljek nesillere ýetirmek işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň —akyldarlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini, bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer häzirki wagtda möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary, beýleki awtoulag serişdeleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.04.2026
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany

Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany irki döwürlerde hem «Ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gün bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň, tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de döwrebaplaşdyrýar, halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döredýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Aşgabat — Türkmenabat awtobany Diýarymyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly kemala geldi. Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi, döwletimiziň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Häzirki zaman şertlerinde ulag-kommunikasiýa pudagy ykdysadyýetiň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag meseleleriniň çözülmegine diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde üns berilmeli ugur hökmünde aýratyn ünsi çekýär. Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtamak gerek. Bu resminama Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr.

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine öz çemeleşmelerini kemala getirip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz hem-de wajyp bölegi hökmünde garalmagyndan ugur alýar. Birnäçe taryhy, geosyýasy, ykdysady ýagdaýlaryň täsiri bilen baglylykda, bu sebit diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, umumymilli işlerde hem möhüm orny eýeleýär.

Degişli üstaşyr ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmagyna ýardam eder. Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan ulag we üstaşyr gatnawyň ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn utgaşykly düzüminiň gurluşygy barada barýar. Bu taslama Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalanda, Türkmenistan bu işlere Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak modal ýoly döretmek başlangyjyny dolulygyna goldaýar we bu taslamanyň amala aşyrylmagyna ýakyndan goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýar. Şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy ýaly guramalaryň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň gurluşygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak işi has-da işjeňleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz TRACECA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Merkezi Aziýadan Günbatara ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek hem-de Ýewraziýanyň dünýä ykdysady polýuslarynyň ikisini hil taýdan täze derejede birleşdirmek ýaly maksada ýetmekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler yzygiderli ilerledilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda degişli işleri alyp barmak zerurdyr. Milli ykdysadyýetiň pudaklary, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de ony dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, onuň garamagyndaky degişli agentlikleriň binýadynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag ulgamynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Ulag pudagynyň işi üçin täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, ykdysady işler kämilleşdirilip, ulag işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy döredildi. Soňky ýyllarda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylda-da ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän ulag ýollaryny, goňşy ýurtlara uzaýan halkara ähmiýetli awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, täze üstaşyr geçelgeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda marketing işini işjeňleşdirmek, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda awtobanyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Awtobanyň birinji böleginiň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlara, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere, täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler gurnaldy. Bularyň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmaga hem-de ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. 2025-nji ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyz umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Mundan başga-da, täze awtomobil köprüsi Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.

Awtoulag parkynyň üstüniň sürüjiler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen tehnikalar, awtoulaglaryň beýleki görnüşleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy bilen, ýolgurluşyk işleriniň hiline, ähli tehniki düzgünleriň berjaý edilmegine we ulanmaga berlen awtomobil ýollarynyň halkara ülňülere doly laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Täze häzirki zaman ulag geçelgesi nženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurmagyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Köpriniň taslamasynda agram, ýük göterijilik, hereketiň tizligi nazara alnyp we örän berk gurnamalar peýdalanyp, ýokary seýsmiki durnuklylyk göz öňünde tutuldy. Köpriniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologik, inženerçilik-tehniki, gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi.

Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek pikiri iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanýar. Oňa barha täze geografik giňişlikler, ykdysady we önümçilik merkezleri çekilýär. Munuň özi işjeňligiň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlaryň çekilmegine, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Awtomobil gatnawlarynyň ýylsaýyn artmagy esasynda döwrebap, netijeli hereket edýän awtoulag ulgamynyň kemala getirilmegi okgunly özgerýän Aşgabat üçin wajyp wezipedir. Bu bolsa, öz gezeginde, şäheriň durmuş-ykdysady taýdan işjeňleşýändigine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak zerur. 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.

Häzirki wagtda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň çäklerinde, oňa barýan ýollaryň ugurlarynda ýerine ýetirilýän işler şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýar. 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Milli Liderimiz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara halkara maliýe institutlarynyň çekilmegi munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, bereketli topragy özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmeginde möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky iri taslamalar ýurdumyzyň täze taryhyna ýazylýar we Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen bagly ýörelgede öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu taryhy ýoluň ýüregi hasaplanýar.

(TDH)

18.04.2026
Türkmenistan — Hytaý: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar

Aşgabat — Mary — Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Mary welaýatyna tarap ugur aldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň energetika syýasaty diňe bir eksportyň möçberini artdyrmaga däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem gönükdirilendir. Döwletimiz energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, tutuş Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygyny üpjün edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýar. Ägirt uly gaz känleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy esasynda Türkmenistan çig maly eksport edijiden ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän ýurda öwrülýär.

Häzirki zaman dünýäsinde ekologik standartlara ygrarlylyga we «ýaşyl» diplomatiýanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, gaz akdyryjy ulgamlaryň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa meselesine jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy we gaz eksportynyň Gündogar ugrunyň giňeldilmegi esasynda Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edip, sebitiň uzak möhletleýin ykdysady abadançylygy üçin berk binýady döredýär. Bu gün bolsa «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga badalga berilýär. Şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda dördünji tapgyryň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy. Bu tapgyr ýylda goşmaça 10 milliard kub metr gazy taýýarlamaga mümkinçilik berip, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňelder.

«Galkynyş» käninden alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar. Bu bolsa Hytaýa iberilýän gazyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Gaz çykarmagyň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Käniň çäginde «ýaşyl» başlangyçlar işjeň ornaşdyrylýar. Hünärmenler önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä garşy berkitme işlerini geçirýärler we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Munuň özi tozanly ýelleriň enjamlaryň işine ýetirýän täsirini azaltmaga ýardam edýär.

«Galkynyş» gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin itergi beriji güýç bolup çykyş edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag, durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. «Galkynyş» — bu diňe bir gaz käni bolman, eýsem, döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny onlarça ýyllar öňünden kepillendirýän strategik serişdedir. Onuň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýar.

...Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Soňra Milli Liderimiz dikuçarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerine badalga bermek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy.

Şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gondy we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady hem-de onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler hem-de dabaraly çäräniň geçiriljek binasyna tarap ugradylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Sergide görkezilen gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejesine, türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gözelligi, nepisligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Türkmen halyçy zenanlary öz işlerinde mähriban tebigatymyzyň gaýtalanmajak öwüşginlerini, ady rowaýata öwrülen bedewleri şekillendiripdirler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar.

Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki abzallar görkezilýär. Olar “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki serişdeler görkezilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly tehnikalary synladylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi işleriň hiliniň ýokary derejesini üpjün eder.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.

“Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we döwletimiziň diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky teklipleri yzygiderli öňe sürüp gelýändigini, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýändigini nygtady.

Çykyşda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.

“Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýetine ünsi çekdi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli gepleşikler geçirildi.

“Özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.

“Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi.

Myhman Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belledi. Bu möhüm taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli wakadyr.

Din Sýuesýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki dabara gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtap, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Hökümetiniň adyndan “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda-da ýokary netijeler gazanyldy. 13 ýyl mundan ozal Başlyk Si Szinpiniň we Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bu taryhy waka iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berdi. Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.

Myhmanyň bellemegine görä, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň ýylky ýylydygy, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi halklarymyzy umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrýar. Çykyşynyň ahyrynda myhman Hytaýyň Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň we sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Soňra ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Dabara tamamlanandan soňra, Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyz bilen hoşlaşyp, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden öz ýurduna ugrady.

Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.

18.04.2026