Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ugurdaş edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi bar.
Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň öwrenilmegine durmuşynyň köp ýylyny bagyşlady.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, mazmuny boýunça özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz okyjylary ekilýän we ýabany ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap türkmen ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy bolmak bilen, şu geçen ýyllaryň içinde diňe ýurdumyzyň derman senagatynyň işgärleri we lukmanlary üçin däl-de, eýsem, kitabyň dürli dillere terjime edilmegi netijesinde, onuň bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işiniň nobatdaky kitaby köp nusgada çap edildi. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň dürli reňkli suratlary, ösümlikleriň rus-latyn-türkmen sözlügi hem-de dermanlyk çig malyny ýygnamagyň senenamasy kitabyň baý mazmunyna ajaýyp goşundy bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi hem-de gazanylan üstünlikler barada ýazylan syn milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň giň gerimliligine aýdyň şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga berilýän ägirt uly üns hem-de olaryň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42969
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrandan soň, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui garşylady. Ol öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli, göwnaçyklyk bilen mübärekledi.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden çykyp, “EKSPO — 2020” sergi toplumyna ugrady.
“EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiz giň gerimli foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda onuň birleşdiriji ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenip, olaryň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
4,3 inedördül kilometr meýdanda ýörite gurlan ägirt uly “EKSPO — 2020-niň» çäginde özboluşly binagärlik desgalaryndan — Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň bölümlerinden ybarat bolan tutuş şäherçe emele gelip, onuň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Bütindünýä sergisine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, dürli guramalar, gaznalar hem-de bilim düzümleri gatnaşmak bilen, ylym, tehnika, binagärlik we sungat ulgamlarynda gazananlaryny görkezýärler. Serginiň çägi “Mümkinçilik”, “Ykjamlyk” we “Durnukly ösüş” diýlip atlandyrylan ägirt uly bölümlere bölündi.
Ýakyn Gündogar, Afrika we Günorta Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýän çäräni guraýjylar onuň baý mazmunly maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Bu ýerde köpdürli öwreniş we dynç alyş çäreleriniň, interaktiw şüweleňleriň, bilim, aýdym-saz, tans görnüşli çäreleriň onlarçasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolar dünýäniň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň işiniň çäklerinde “adamzat üçin iň gowy geljegiň” bähbidine täze başlangyçlary ilerletmek göz öňünde tutulýar. Şol başlangyçlar tebigy serişdeler, energiýany tygşytlamak we «ýaşyl» ykdysadyýet meseleleri bilen bagly taslamalaryň ählumumy wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
Biziň ýurdumyz bu uly ähmiýetli foruma ençeme gezek gatnaşdy. Türkmenistan öz sergisini ilkinji gezek Şanhaýda geçirilen «EKSPO — 2010» köpugurly forumynda görkezdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň Bütindünýä sergisine gatnaşmaga tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň “EKSPO — 2020” sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.
...Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň girelgesiniň öňüne gelip saklanýar. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň baş direktory hanym Rimal Al Haşimi garşylaýar.
Merkeziň eýwanynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine — “Al Wasl” dabaralar merkezine çagyryldy. Bu ýerde “EKSPO — 2020” sergisiniň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, baýramçylyga gatnaşýan beýleki hormatly myhmanlar ýygnandylar.
Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senalary ýaňlanýar, iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylýar. Soňra döwlet Baştutanymyz BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň baş direktory hanym Rimal Al Haşimi bilen bilelikde Türkmenistanyň milli bölümine bardy.
Türkmenistan bu Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup, milli gününi geçirýär, munuň özi dürli öwüşginli çäreler bilen utgaşdy.
Türkmen bölüminiň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň artistleriniň çykyşlary boldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr sazlary häzirki zaman Türkmenistanyň, onuň medeniýetiniň we sungatynyň, asylly däpleriniň, ýurdumyzyň durmuşyndaky täze özgertmeleriň, eziz Diýarymyzyň baý taryhynyň hem-de geljegi nazarlaýan mümkinçilikleriniň waspyny ýetirdi.
Türkmen sergisi üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1 müň 581 inedördül metre deňdir. Özboluşly binagärlik äheňinde gurlan iki gatly binanyň meýdany 976 inedördül metre barabardyr.
“Ykjamlyk” atly mowzuklaýyn zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň bölüminiň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär. Türkmen sergisiniň girelgesiniň ýanynda heýkel — çüwdürim ýerleşdirildi. Bu ýerde myhmanlary ady äleme dolan türkmenleriň milli baýlygy, buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri garşylaýar. Behişdi bedewleriň bäşisi ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap gadamyny, milli mirasa sarpany, maksatlaryň bitewüligini, halkymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Ahalteke bedewiniň heýkeli binanyň ýelken şekilli zolagynda ýerleşdirilip, onuň ýüzündäki tolkun görnüşli gum aňňatlaryny alamatlandyrýar.
Binanyň ini elli metre barabar bolan diwarynyň ýüzünde ägirt uly LED-ekran oturdylyp, onda Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy parlaýar, şeýle hem “Türkmenistana hoş geldiňiz!” hem-de “EKSPO — 2020” diýen sözler ýazylýar.
Türkmen bölüminiň tapawutly aýratynlygy milli bezegiň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynda jemlenýär. Ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýene-de bir aýdyň nyşany hasaplanýan türkmen halysy mowzuklaýyn aýratynlyklaryň birine öwrüldi. Onuň giň gerimli şekili binanyň gapdal tarapyny bezeýär. Diwaryň ýüzündäki çyralar halynyň öwüşginini artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen binanyň içine girip, milli sergimizi synlap başlaýar, bu ýerde Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiniň esasy ugurlary görkezilýär.
Milli Liderimiz sergi bölüminiň eýwanynda elektron ýolgörkezijiniň — sensorly ekranyň ýanyna barýar hem-de sergi baradaky elektron maglumatlar bilen tanyşýar.
Bölümde täze tehnologiýalaryň hem-de multimedia enjamlarynyň, ýörite LED-panelleriň giňden ulanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň köpugurly ykdysady hem-de medeni kuwwaty, ösüşiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada aýdyň düşünje hem-de doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Binanyň birinji gatynyň tutuş giňişligi wirtual panorama üçin niýetlenipdir. Häzirki zaman sanly ulgamynyň ulanylmagy bu ýere gelenleriň türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary we medeniýeti, ýurdumyzyň şu güni bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär.
Sergi bilen tanyşlyk wideofilmden başlanyp, ol soňky tehnologiýalary we töwerekleýin ulgam görnüşi ulanmak bilen, 3D görnüşde görkezilýär. Şol tehnologiýalar 360 gradus töwerege proýeksiýany döretmäge mümkinçilik berip, filmiň aýdyňlygyny we täsirliligini üpjün edýär.
Ýörite ekranda Ýer togalagynyň we Türkmenistanyň kartasynyň şekili peýda bolýar. Myhmanlar interaktiw gologrammanyň içine aralaşyp, ýurdumyzyň dürli sebitlerine we täsin tebigy künjeklerine syýahat edýärler, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalaryny — taryhy-medeni ýadygärlikleri, Hazaryň merjeni hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini, ajaýyp binagärlik toplumlaryny we senagat desgalaryny synlaýarlar, şeýle hem şu ýyl 140 ýyllygyny bellän ak mermerli türkmen paýtagtyna gezelenç edýärler.
Aşgabadyň gözellikleriniň, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda gurlan özboluşly binalarynyň şekilleri yzygiderlilikde görkezilýär. Şolaryň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şu ýyl ýurdumyz ähmiýetli senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslendi. Bu mowzuk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň nyşanynyň şekilinde öz beýanyny tapýar.
Halkara sergi forumynyň esasy şygaryny nazara almak bilen bezelen milli sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň gazananlary, taryhy-medeni mirasy, eksport kuwwaty, dünýäniň ösüşine goşýan goşandy bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde öz işine başlaýan Türkmenistanyň milli bölümi hem ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň bölüminde mowzuklaýyn toplumlaryň dokuzysy bezelip, şolarda anyk ugurlara degişli gymmatlyklaryň birnäçesi birleşendir. Sergi bölümleriniň her birinde elektron ekranlar ýerleşdirilip, şolarda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berýän wideorolikler görkezilýär.
Sergi giňişliginiň bir tarapynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we onuň garamagyndaky edaralar tarapyndan milli medeni mirasy aýawly saklamak, artdyrmak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işler beýan edilýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy serginiň çäklerinde ýokary çap usulynda ýerine ýetirilen neşir önümleri bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de düýpli ylmy işleri sergide esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däp-dessurlary we şu güni barada gürrüň berýän fotoalbomlar hem-de kitaplar ýerleşdirildi.
Serginiň medeni bölüminde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografik ýygyndylary, şol sanda ajaýyp zergärçilik önümleri, el işleri, türkmen halylary hem-de haly önümleri, horjunlar we beýleki özboluşly gymmatlyklar görkezilýär. Monitorlarda ýörite taýýarlanylan, Diýarymyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýerleri, Meşhur binagärlik ýadygärlikleri,türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy bilen tanyşdyrýan slaýdlar we wideorolikler görkezilýär.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň diwarlygy dünýä meşhur behişdi bedewlerimize bagyşlanyp, olaryň şöhraty örän irki döwürlerde dogduk mekanyň çäklerinden alyslara ýaýrady. Sergi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplary, atlaryň owadan şaý-sepleri, saýlama tohum atlaryň keşpleri şekillendirilen suratlar görkezilýär.
Bütindünýä sergisinde görkezilýän harytlaryň sanawynda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň eksport ugurly önümleri aýratyn orun eýeleýär. Häzir Türkmenistan dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan dokma önümlerini öndürýän döwletiň derejesine eýe boldy. Ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde ýüpekden we ýüňden ajaýyp matalary we egin-eşikleri, halylary we beýleki önümleri taýýarlapdyrlar. Häzirki döwürde bu pudagyň döwrebap enjamlar hem-de ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Sergi diwarlygynda halylar we haly önümleri, dokma senagatynyň kärhanalarynyň öndürýän beýleki önümleri, şol sanda senagat önümçiligi üçin niýetlenen pagta ýüplüginiň nusgalary, ýüpek çig maly görkezilýär. Eksponatlaryň hatarynda trikotaž, jinsi we tüýjümek matalardan taýýar önümler, ýorgan-düşek daşlyklary bar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň baş direktoryna we ýurdumyzyň sergisine gelen myhmanlara ýurdumyzda arassa ýüpekden dürli matalaryň, ketenileriň we halylaryň dokalýandygy barada gürrüň berdi. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän tut agaçlarynyň ýapraklary ýüpek önümçiliginiň esasy serişdesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýüpekçiligiň taryhynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini aýdyp, ýüpekçiligiň milli usullarynyň häzirki döwürde täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy netijesinde kämilleşdirilýändigini belledi.
Aýratyn diwarlyk ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanýar. Hususan-da, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan hem-de derman serişdeleriniň dürli görnüşlerini, bejeriş-içimlik suwlary, bejeriş palçyklaryny we deňiz duzlaryny hem-de ýerli çig maly ulanmak bilen taýýarlanan beýleki önümleri çykarýan önümçilik kärhanalarynyň giň görnüşli önümlerini görkezýär. Şu ýerde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda öndürilýän bejeriş fito-çaýlar bar. Mälim bolşy ýaly, dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy-ensiklopedik işinde beýan edilýär, şol kitabyň täze, 13-nji jildi ýurdumyzda 10-njy oktýabrda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň sergide görkezilýän köp jiltli neşirinde milli lukmançylyk mirasymyz barada giň maglumat getirilýär, dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň örän baýdygyny belledi. Ýurdumyzyň çäklerinde ösümlikleriň 3550 görnüşi ösýär, aýratyn-da, Köpetdag we Köýtendag goraghanalarynyň daglyk ýerleri ösümliklere baýdyr, şol ýerlerde ýabany dermanlyk ösümlikleriň 1600-den gowrak görnüşi bolup, şolaryň 330-sy endemikdir.
Milli Liderimiz buýanyň ýüzlerçe ýyl bäri meşhur bejeriş häsiýetleriniň ähmiýetine ünsi çekdi. Buýanyň kökünden “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” lukmançylyk kärhanasy derman serişdeleriniň 150-ä golaý görnüşini taýýarlaýar, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna bolsa buýan kökünden täze önüm — gerdejik taýýarlanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Buýan köküniň esasy gymmatlygy onuň ekologiýa taýdan arassalygydyr. Ösümlik C witaminine hem-de efir ýagyna baýdyr. Lukmançylykda buýan köki sowuklamada, böwrege daş ýygnanma keselinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden ulanylýar. Türkmenistanda ondan ergin, bejeriş çaýlary we beýlekiler öndürilýär.
Türkmen buýany Ýer ýüzüniň beýleki ýerlerinde ösýän görnüşlerinden özüniň gymmatly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde peýdaly serişdeleriň jemlenmegine ýurdumyzyň amatly howa şertleri ýardam edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, oba-senagat toplumynyň edaralary hem-de kompaniýalary-da sergä gatnaşýar. Olaryň diwarlygy türkmen pagtasynyň hem-de bugdaýynyň, gök we bakja önümleriniň sanly görnüşdäki hasylynyň artyşyny görkezýär. Şeýle hem Diýarymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň önümleriniň daşary ýurtlarda, şol sanda BAE-de örän meşhurdygyny bellemek gerek.
Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika ministrlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň bilelikdäki diwarlygy gurluşyk hem-de senagat önümçiligi ulgamlarynyň ägirt uly ösüşi barada maglumat berýär. Monitorlarda ajaýyp, belent binalar, dolandyryş edaralary, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, lukmançylyk, söwda we işewürlik merkezleri, durmuş-medeni maksatly desgalar görkezilýär. Ýokary hil ölçegleri, milli öwüşginli, döwrebap görnüşdäki bezeg aýratynlyklary, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, göz öňüne tutulýan möhüm ugurlary bolup durýar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti gurluşyk serişdelerini öndürmek babatda gazanylan üstünlikleri görkezýär. Kompaniýa, içerki bazarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanylýan asma üçek ulgamlaryny öndürýär.
Şunuň bilen baglylykda, “EKSPO — 2020” sergisinde döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň hem öz mümkinçiliklerini hem-de eksport kuwwatyny görkezýändigini bellemek gerek.
Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, türkmen telekeçiligine milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde esas emele getiriji ýagdaýlaryň biri bolmak derejesi berilýär.
Kiçi we orta işewürligiň wekilleri elektron senagaty döretmek we ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň goşuldylar. Munuň şeýledigine sergä gatnaşyjylaryň biriniň — “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň işleri şaýatlyk edýär. Ol elektron önümlerini, şol sanda smart-telewizorlaryň dürli kysymlaryny öndürýär hem-de üstünlik bilen eksport edýär. Mundan başga-da, kompaniýa LED-lampalary öndürýär, kompýuterleri, planşetleri we ykjam el telefonlaryny... düzmek bilen meşgullanýar.
Ýurdumyzyň telekeçileri Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. Munuň şeýle bolmagyna 2016-njy ýylda Dubaý şäherinde TSTB-niň söwda wekilhanasynyň, 2019-njy ýylda bolsa türkmen halylaryny we haly önümlerini, dokma hem-de ýadygärlik sowgatlyk önümleri satmak boýunça ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagy ýardam berýär.
Iňlis dilinde sesli beýan edilýän wideoşekiller Türkmenistanyň strategik nebitgaz pudagynda giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we himiýa senagatynyň düzümleýin bölümleriniň — “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işlerini görkezýän diwarlyk ünsi çekýär.
Şolarda Türkmenistanyň energetika kuwwaty açylyp görkezilýär. Hususan-da, bu ýerde gaz ýangyjyny netijeli ulanmagyň iň döwrebap tehnologiýalary hem-de himiýa önümçiligi babatdaky işläp taýýarlamalar görkezilýär.
Ýurdumyz dünýädäki ýagdaýlara görä, möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, dünýä derejesindäki maksatlar babatda öz garaýyşlaryny hem-de şolara ýetmekde mümkinçiliklerini açyk beýan edýär. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz döwleti, uglewodorod çig malyny esasy öndüriji hem-de eksport ediji hökmünde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna hem doly derejede degişlidir.
Häzirki döwürde nebitgaz pudagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan depginli ösüşiniň möhüm düzüm bölegidir. Uglewodorodlary gözläp tapmagy we gazyp almagy ýygjamlaşdyrmak, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, gaýtadan işleýji kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmaga, düzümleri ösdürmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmaga uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Taýýar önümi almak we ony eksport etmek üçin uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, energiýa serişdelerini howpsuz ibermek, energiýa netijeliligini hem-de energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda ekologiýa ugruna, tebigy serişdeleriň oýlanyşykly we aýawly ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryny beýan edýän sergi bölümi halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýan iri möçberli taslamalary görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kemala getirilýän häzirki zaman üstaşyr ulag-aragatnaşyklar we logistika ulgamynyň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ykdysady we eksport mümkinçiligini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini hemişe nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» (2014-nji ýylyň 19-njy dekabry), “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” (2015-nji ýylyň 22-nji dekabry), “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” (2017-nji ýylyň 20-nji dekabry) atly Kararnamalar aýratyn ähmiýete eýedir. Şol resminamalar ýurdumyzyň halkara abraýynyň ykrar edilendiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistan asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar hem-de şu gün bu ýol täze görnüşde gaýtadan dikeldilýär.
Döwlet Baştutanymyz hem-de myhmanlar ykdysady we bank ulgamynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlary we geljegi bilen tanyşýarlar. Bu ugurlarda Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy netijesinde mümkin boldy. Şol strategiýanyň esasy maksatlary milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, onuň durnuklylygyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň dünýähojalyk aragatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Şunda önümçilik pudaklarynyň ösüşine itergi bermegiň, ägirt uly tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmagyň we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň hemme mümkinçilikleri peýdalanylýar.
Häzir önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektron senagaty, halkara ölçeglere laýyk gelýän hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň täze görnüşlerini çykarmaga degişli ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge örän köp maýa goýumlar gönükdirilýär. Şol anyk çäreleriň netijesinde, Türkmenistanda ýerli çig malyň esasynda senagat-azyk harytlarynyň giň görnüşleri öndürilýär, şolar hem sergide öz beýanyny tapdy. Şeýle hem serginiň çäklerinde döwletimiziň durmuşyndaky möhüm wakalar mynasybetli, şol sanda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna çykarylan ýubileý şaý pullary görkezilýär.
Sergä gelýänlere halkymyzyň medeniýetiniň we özboluşly däp-dessurlarynyň gymmatlyklarynyň biri bolan milli tagamlarymyzyň köp görnüşleri hödürlenilýär. Myhmanlar ajaýyp türkmen çöreginden we pişmelerden uly höwes bilen dadyp gördüler. Bu ýerde dogramadan, palawdan, çorbadan hem-de baý türkmen saçagynyň örän datly önümlerinden dadyp bolýar.
Türkmenistanyň milli gününiň baýramçylygynyň çäklerinde ýurdumyzyň modaçylary tarapyndan döredilen täze egin-eşikleriň toplumlary, zenanlaryň milli köýnekleri, donlar, Gündogara mahsus owadan halatlar görkezildi. Şol önümler mahmaldan, organzadan, ýuka ýüpek matadan taýýarlanyp, elde keşdelenilip, nagyşlar bilen bezelipdir. Özboluşly egin-eşik toplumlaryny döretmekde milli däpleriň dowam etdirilýändigine, mirasyň saklanylýandygyna hem-de onuň häzirki zaman öwüşginleri bilen baýlaşdyrylýandygyna üns çekildi. Şol egin-eşikler gadymy özboluşly haly gölleri we gül nagyşlary bilen bezelip, inçeligi hem-de reňklere baýlygy bilen tapawutlanýar.
Myhmanlar zenanlaryň ussatlyk bilen tikilen owadan egin-eşiklerine guwanýandyklaryny beýan edip, milli lybaslaryň biçüwiniň we el keşdeleriniň däpleri bilen gyzyklandylar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň baş direktory Rimal Al Haşimä ýüpekden elde taýýarlanylan ajaýyp milli ýaglyk bolan gyňaç sowgat berdi. Hanym Rimal Al Haşimi şeýle ajaýyp sowgat üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli däp-dessurlary saklap gelen türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlygyna we zehinine haýran galýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen täsin taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärlikler boýunça syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat almaga mümkinçilik döredildi. Türkmen bölüminde hödürlenilýän ajaýyp ýadygärlik sowgatlyk önümleriň köpdürlüligi bolsa ençeme daşary ýurtly myhmanlarda ýurdumyz barada ýatlama galdyrmaga mümkinçilik berer.
Umuman, milli sergi bölümimiz halkymyzyň häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleriniň hem-de özboluşly däp-dessurlarymyzyň, taryhy-medeni mirasymyzyň, milli ruhy esaslarymyzyň, depginli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge tarap alnan ugruň bir ýerde jemlenen beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň alty aýlap, ýagny 2022-nji ýylyň martyna çenli dowam etjek bu ählumumy foruma gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň, dünýä jemgyýetçiliginiň Watanymyzyň iň täze taryhyna bildirýän ägirt uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň iň täze taryhy bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylyga we rowaçlyga gönükdirilen başlangyçlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Milli bölümimiz bilen tanyşlygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de dabara gatnaşyjylar üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp halk mukamlary ýaňlanyp, olar “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli gününiň özboluşly aýdym-saz öwüşginine öwrüldi.
Soňra döwlet Baştutanymyz BAE-niň resmi adamlary bilen birlikde, Birleşen Arap Emirlikleriniň sergi bölümi bilen tanyşdy.
Sergi bölümleri bilen tanyşlygyň dowamynda hünärmen özboluşly tebigat, ykdysadyýet, durmuş ulgamy barada, BAE-niň gazanan üstünlikleri we dürli pudaklarda meýilleşdirilen taslamalar hakynda gürrüň berýär.
Milli Liderimiz häzirki döwürde dünýäde ekologiýa meselesiniň möhüm orun eýeleýändigini belläp, BAE-niň bölüminde bu ugra aýratyn ähmiýet berlendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanda hem ekologiýa wezipeleriniň oňyn çözülmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda bu ugur boýunça tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler açylýar.
Hormatly Prezidentimiz sergi bölümleri bilen tanyşlygy tamamlap, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezine tarap ugraýar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan garşylaýar.
Milli Liderimiz hem-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp we iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşüp, ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň maslahatlar zalyna tarap ugraýarlar.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini, munuň şeýle bolmagyna ýokary derejede yzygiderli geçirilýän, ynama esaslanan syýasy gepleşikleriň ýardam berýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar biziň halklarymyzyň öňden gelýän dostluk däplerine hem-de binýatlyk ruhy we taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna, iki döwletiň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyna esaslanýar. Munuň özi abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin hem-de esasy ählumumy we sebit meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de BAE-niň umumy ýa-da ýakyn çemeleşmeleri bolan ugurlar babatda özara düşünişmek üçin oňat esas bolup durýar.
Taraplar duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki anyk ýagdaýlary nazarda tutup, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň artdyrmak, ysnyşykly işewür, ynsanperwer, ylmy gatnaşyklary höweslendirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Munuň şeýle bolmagyna “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisi hem ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz Bütindünýä sergisini ýokary derejede gurandyklary üçin BAE-niň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisi üçin uly ähmiýete eýe bolan ählumumy gözden geçirilişiň guramaçylaryna we gatnaşýanlara mundan beýläk-de üstünlikli işlemegi arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň wekili ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we ony giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Hususan-da, emirlikler tarapynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy maksat edinilýän gazhimiýa, maliýe we ulag pudaklarynda, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimlere aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda BAE-niň kompaniýalarynyň iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy üçin hemme zerur şertleriň döredilýändigini belledi hem-de bu işiň maýa goýumlar babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly geljegi açýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de BAE-niň resmi adamlarynyň gatnaşan gepleşikleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şonda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy Company PJSC — Masdar” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (Türkmenistan) bilen “DP World FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaý şäheriniň Hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Nasdaq Dubai Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de BAE-niň Hökümetiniň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Dubaý şäheriniň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip, şol ýerden Aşgabada ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42843
Aşgabat, 8-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Garalýan döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.
Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.
Üç çärýekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 16,7 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 12,3 göterim ýokary boldy.
Dokuz aýyň netijeleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilen 275 desgadan 37-siniň gurluşygy tamamlandy, 165-siniň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.
Wise-premýer gurulýan täze desgalarda Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyz boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 62-si ulanylmaga berildi.
Hasabatyň çäklerinde şu aýyň dowamynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalar we desgalar barada-da maglumat berildi.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow garalýan döwürde milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berip, şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 109,2 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerli býujetiň girdeji bölegi 102,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,9 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe balans toparlarynyň mejlisleriniň ençemesi, şol sanda sebit toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.
Dokuz aýda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat geçirildi, döwlet eýeçiligindäki desgalaryň kärendesi üçin 146 million 969 müň 200 manat alyndy.
Üç çärýegiň netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdarynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 16,2 göterime deň boldy.
Ministr 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berip, dokuz aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 49,2 göteriminiň önümçilik toplumlarynyň, 50,8 göteriminiň bolsa durmuş-medeni maksatly desgalaryň bina edilmegine gönükdirilendigini habar berdi.
Şeýle hem milli maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şu döwürde düýpli maýa goýumlaryň 1 milliard 764 million 389 müň manatlygy özleşdirildi.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlaryndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat pudagynda önümleriň köp görnüşiniň öndürilýän mukdarynyň artandygy bellenildi.
Ulag-kommunikasiýa ulgamynda we obasenagat toplumynda oňat makroykdysady görkezijiler gazanyldy.
Döwlete degişli bolmadyk ulgamda hem oňyn netijelere ýetildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy gözegçilik edýän ulgamynyň işine statistiki maglumatlary toplamagyň häzirki zaman usullaryny hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işleri kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Merkezi bankyň ýolbaşçysy harytlaryň eksport edilendigi hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilendigi üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasaplaryna gelip gowuşýan daşary ýurt serişdeleriniň meýilnamasynyň berjaý edilişi barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa we beýleki wise-premýerlere ýüzlenip, geljekki döwür üçin öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda, bazar ykdysadyýetini kemala getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bäsdeşligi ösdürmek, işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak, ykdysadyýetde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak, telekeçileri giňden goldamak boýunça başlanan işleri dowam etmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelşini durnukly artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysynyň geljek ýyl üçin iş maksatnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny aýdyp, ýylyň ahyryna çenli edaralaryň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada maglumat berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim ýerine ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 104,7 göterim berjaý edildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 123,5 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 136,2 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini degişlilikde 123,3 göterime hem-de 137,5 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatyndan doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek meselelerine uly üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, çig maly gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi hem-de işleri döwrüň talabyna laýyklykda ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hakynda hasabat berdi.
Hasabat döwründe gurluşyk we senagat toplumynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 126,9 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda önüm öndürmek boýunça işler 112,2 göterim ýerine ýetirildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümlerinde önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 128,3 göterim berjaý edildi.
Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124,9 göterim amal edildi.
Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 111,6 göterime deň boldy, ony eksporta ibermegiň ösüş depgini bolsa 134,5 göterime ýetirildi. Meýilnama degişlilikde 113,3 göterim we 178,1 göterim berjaý edildi.
Garalýan döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 126 göterim ýerine ýetirildi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň dokuz aýynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 157,3 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy hem-de, hususan-da, desgalaryň gurluşygynyň barşyna talabalaýyk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleri içgin seljermegi, ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmek boýunça maksatnama, şeýle hem gurluşyk toplumynyň zerurlyklaryny doly möçberde üpjün etmek üçin, ähli şertleriň döredilmegine, gurluşygyň binýadyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriniň, aýratyn hem edara ediş merkeziniň gurluşygy çaltlandyrylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz gözegçilik edýän düzümlerinde emele gelen ýagdaýy düýpli seljermegi hem-de işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyryp, wise-premýer Ç.Purçekowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, degişli ulgamlaryň işinde görkezijileriň pese düşmegine ýol berendigi üçin, berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we dokma toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 119,3 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 116,9 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,2 göterime, nah matalar — 104,7 göterime, tikin we örme önümleri — 119,3 göterime, gön önümleri — 106,1 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça ýylyň başyndan bäri haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 112,4 göterim ýerine ýetirilip, umumy girdejiniň ösüş depgini 130,9 göterim üpjün edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 223-si geçirilip, şolarda 23 müň 378 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 131,7 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 144,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de onuň ýerine ýetirilişi barada her aýda hasabat bermegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz aýry-aýry pudaklary maliýeleşdirmäge hem-de olaryň ösüşi bilen bagly meseleleri çözmäge ukyply iri paýdarlar jemgyýetlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şu meselede Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esasy orun eýelemelidigini belledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri hem-de berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigi üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesli milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek işleri dowam etdirildi.
Umumybilim edaralarynda okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Talyplar hem-de mekdep okuwçylary halkara olimpiadalara gatnaşdylar we altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara eýe boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagy mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar üçin nusgalyk watançylyk dersine öwrüldi.
Şol gün ähli bilim edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly dabaraly nyzamlar we ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylarynyň 161 müň 739-syna “Bilimli” atly kompýuterler gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça tabşyryklaryna laýyklykda, toplumyň garamagyndaky ministrlikleriň hem-de Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň düzümi kämilleşdirildi.
Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriniň görülmeginiň üpjün edilmeginiň meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hem-de “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa tassyklanyldy.
Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler guramaçylykly geçirildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda koronawirus bilen bagly dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmegiň, munuň üçin lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny tejribä giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullaryny öwrenmegiň hem-de olary netijeli ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, şu maksat bilen, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Biz sporty ösdürmäge hem aýratyn üns bermeli. Sebäbi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini we halkara ýaryşlary geçirmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň strategik düzüm bölegidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň hasabat döwründe dürli medeni çäreler, mediaforumlar, onlaýn duşuşyklar, konsertler hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanylan dabaralar geçirildi.
Döwlet maksatnamalaryndan hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge we işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak, teleradioýaýlymlaryň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet tarapyndan teleradioýaýlymlary ösdürmäge köp möçberde serişdeler goýberilýär. Soňky ýyllarda Aşgabatda, welaýat merkezlerinde häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan teleradioýaýlymlar studiýalary guruldy. Bu ugurda birnäçe ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. Teleradioýaýlymlaryň işini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän emeli hemra ulgamy älem giňişligine çykaryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny döredýän täze çuň manyly gepleşikleri, şol sanda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça gepleşikleri taýýarlamak zerurdyr.
Halkara Bitaraplyk baýramyny geçirmäge-de düýpli taýýarlyk görmek wajypdyr. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem durnuklylygy pugtalandyrmagyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigindäki ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýän gepleşikleri we makalalary köpräk taýýarlamak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, wise-premýeriň, medeniýet ministriniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin berk käýinç yglan edip, degişli Buýruklara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,2 göterim berjaý edildi.
Ýanwar — sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 106,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça — 137,1 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça — 139,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça — 111 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ykdysadyýetimiziň we häzirki zaman jemgyýetimiziň talaplaryny kanagatlandyryp biljek netijeli dolandyryş ulgamyny döretmek bu syýasatyň esasynda goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwlet edaralary, ministrlikler, pudak edaralary hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgama geçmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegini işjeňleşdirmegi, sanly ulgamy ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow sazlaşykly ösýän paýtagtymyzda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen 9 aýyň dowamynda alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan şähergurluşyk konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň ýerine ýetirilýändigi, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilik zähmeti we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça anyk çäreleriň görülýändigi habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň şäher düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri çözmekde öňdebaryjy tehnologiýalardan hem-de täzeçil inžener-tehniki işläp taýýarlamalardan netijeli peýdalanmagyň möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, häkime degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Sebitiň ekin meýdanlarynda şu günler geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler hem-de desgalaryň gurluşygynyň barşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu jogapkärli möwsümleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli we bellenen möhletde geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalardaky işleri öz wagtynda tamamlamagy hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň çözülmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny, bugdaý ekişini bellenen möhletde hem-de ýokary hilli geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Sebitiň ýolbaşçysy Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz günbatar sebitiň durmuş-ykdysady düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, öňümizdäki baýramçylyk çärelerine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we gurulýan desgalary bellenen möhletinde ulanmaga bermek boýunça işlere berk gözegçilik etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow öz nobatynda 9 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň barşy, öňümizdäki baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmegiň hem-de ekinlere talabalaýyk ideg etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýolbaşçylyk edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň barşy, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek we şanly senelere taýýarlyk görmek barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk möwsümlerini üstünlikli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy möwsümlerinde tehnikalaryň we oba hojalyk enjamlarynyň, hasyly kabul edýän bölümleriň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işlemegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýanwar — sentýabr aýlarynda sebitde gazanylan ösüş görkezijileri, oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler, ýakyn wagtda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, sebitiň döwrebap düzümini döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňümizdäki baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň üstünliginiň her tapgyrda işe oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmäge baglydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgininiň, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime barabar boldy.
Wise-premýer azyk önümlerini öndürmegiň görkezijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 102,9 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 101,2 göterim, ýeralma öndürmegiň meýilnamasynyň 106,8 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmegiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, et we süýt öndürmegiň meýilnamalarynyň, degişlilikde 101 göterim hem-de 100,4 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 133,1 göterim berjaý edildi. Düýpli maýa goýumlar, esasan, döwlet maksatnamalarynda gurluşygy meýilleşdirilen oba we suw hojalygy desgalarynyň bina edilmegine gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda şu ýyl gowy hasylyň ýetişdirilendigini belledi. Bu ekiniň biziň üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli zerur işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ulanylmaýan ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna goşmaga, suw bilen bagly meselelere, hasyllylygy ýokarlandyrmaga we täze ýerleri özleşdirmäge aýratyn üns berilmelidir. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylmalydyr. Bu işde beýleki ýurtlaryň tejribeleri netijeli peýdalanylmalydyr, maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak ýurdumyzda öňde duran esasy wezipeleriň biri bolmagynda galýar, diýip milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow degişli döwürde Daşary işler ministrliginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda degişli işler geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler aýratyn orun eýeleýär. Hasabat döwründe Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldiler. Şeýle hem ýurdumyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary boldy.
Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy we şol ýerde hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Hasabat döwründe onlaýn tertipde Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna hormatly myhman hökmünde, BMG tarapyndan guralan maslahata, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.
22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 54 wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 30-sy daşary ýurtlara iberildi.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1 müň 313-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalaryň 112-sine gol çekildi.
Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli geçirildi. “Merkezi Aziýa — ABŞ” (“C5+1”), “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Russiýa” derejesindäki duşuşyklaryň birnäçesi, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty hem-de “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ýokary derejeli dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-belarus, türkmen-rus, türkmen-täjik, türkmen-özbek hökümetara toparlarynyň, Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň, Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan habarly bolmagyň we şundan ugur alyp, dürli halkara çäreleri geçirmek we olara ýurdumyzyň gatnaşmagy babatdaky teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň Bitaraplyk baýramyny geçirmegiň hem-de 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan halkara çärelere talabalaýyk taýýarlanmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmeleriniň barşy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde yglan edip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Garalýan döwürde Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň mejlisi geçirildi, onuň dowamynda hereket edýän kanunlaryň birnäçesine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Geňeşiň düzüminiň işini kadalaşdyrýan resminamalar boýunça çözgütler kabul edildi.
Häzirki wagtda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak, hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bilen geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ygtybarly hukuk binýadyny üpjün etmek ugrunda degişli işler dowam etdirilýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, milli däp-dessurlarymyzy, maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek we makalalary çap etmek arkaly wagyz-düşündiriş işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň hukuk binýadyny, onuň hakyky demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de berkitmek boýunça Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň aýratyn möhümdigini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada maglumat berdi.
Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 40-synyň, dürli ulgamlarda işleri kadalaşdyrýan Mejlisiň kararlarynyň 47-siniň kabul edilendigi bellenildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, käbir hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzir Mejlisiň iş toparlarynda birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.
BMG we onuň düzümleri, beýleki iri halkara guramalar bilen parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri sanly ulgam arkaly guralan birnäçe iri halkara çärelere hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşdylar.
Mejlisiň deputatlary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek boýunça yzygiderli işleri geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň ýolbaşçylaryna we Hökümet agzalaryna ýüzlenip, kanunçylygy kämilleşdirmek, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly tagallalar etmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça nobatdaky netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berer.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijelerini häsiýetlendirdi. Milli Liderimiz ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamak ugrundaky zähmet joşguny ýubileý ýylynda ykdysadyýetimizde ýokary görkezijileriň gazanylmagyny kesgitledi.
Şeýle tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň 6,2 göterim möçberde ýokary ösüş derejesini saklap galmak başartdy. Daşary söwda dolanyşygy 12,3 göterim artdy we 9 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak boldy.
Eksportyň möçberi hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterime golaý artdy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Iň esasy zat bolsa, eksportyň möçberi, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda 50 göterime golaý artdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz bolsa, ata Watanymyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýär. Prezident maksatnamasy esasynda, häzirki döwürde ozalkysy ýaly, durmuş meselelerini çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we işläp gelýänleriniň durkuny täzelemäge ägirt uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.
Iri halkara hem-de içerki taslamalar amala aşyrylýar. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň töweregi iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, esasy gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijilerini gurmak, şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiz hem netije berip başlady. Şu ýyl gallanyň gowy hasyly ýygnaldy. Nesip bolsa, Hasyl toýuna çenli pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk hem ýerine ýetiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge telekeçilerimiz hem saldamly goşant goşýarlar. Olar dürli pudaklarda işlemek bilen, hili daşary ýurt kompaniýalarynyňkydan birjik-de pes bolmadyk has çylşyrymly we uly taslamalary amala aşyrýarlar.
Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem özgertmeler üstünlikli dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz biziň daşary syýasatymyzyň ozalkysy ýaly, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýandygyny nygtadylar. Biziň ýurdumyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda, ozalkysy ýaly, BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, ŞHG, GDA hem-de beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, bilim, medeniýet, adam hukuklary we azatlyklary, ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň gerim bilen we netijeli ösdürdi. Birnäçe döwletleriň baştutanlary bilen ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklaryň dowamynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy we ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen beýleki döwletleriň edaralarynyň arasynda gatnaşyklar işjeň alnyp baryldy. Dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça dürli görnüşli syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Alnyp barylýan şeýle işleriň netijesinde, biz hyzmatdaşlarymyz bilen öz wagtynda we netijeli özara hyzmatdaşlyk edýäris. Daşary syýasatyň dürli meseleleri boýunça garaýyşlar we çemeleşmeler ylalaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýylyň ahyryna çenli az wagt galdy. Şoňa görä-de, ýubileý ýylyny gowy netijeler bilen tamamlamak üçin ählimiz yhlas bilen işlemelidiris. Uly baýramymyzy — Halkara Bitaraplyk gününi ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmelidiris.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmegi we onuň ähli maddalaryna seretmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçjek mejlisinde biz ony tassyklarys hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň seretmegine ibereris. 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga we tassyklamaga hem aýratyn üns bermeli.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa we beýleki wise-premýerlere ýüzlenip, gözegçilik edýän ministrliklerini we pudak edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan netijeli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny has-da çaltlandyrmak zerurdyr. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we önümleriň eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek zerurdyr.
Milli Liderimiz geljek ýylda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, täze ýyla çenli galan wagtyň içinde geljek ýylyň iň gowy nyşany üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki wise-premýerlere geljek ýylda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu maksatnama Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde seredilip, soňra ol tassyklanylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýdyp, olaryň bitirýän işleriniň, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekendigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe olara döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň, bu kitap oňa gatnaşanlaryň ählisine gowşurylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe baýramçylyk gününde bu kitabyň lukmanlara paýlanmagyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz biziň alyp barýan syýasatymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara esaslanýandygyny nygtap, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagty ýetdi diýip hasap edýärin diýip belledi. Bu bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidir, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidir. Sebäbi biziň esasy syýasatymyz «Döwlet adam üçindir!» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42735
Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimiziň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýollady. A.Owerçuk pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenip geçilen şöhratly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda garaşsyz ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, iki dostlukly halkyň bähbitlerine kybap gelýän strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň gazanylan derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, himiýa, gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we birnäçe beýleki ileri tutulýan möhüm ugurlarda gatnaşyklary has-da depginli ösdürmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.
A.Owerçuk bilelikdäki toparyň işine ýokary baha berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde giň gerimli wezipeleriň goýlandygyny belledi. Biz öz tarapymyzdan gatnaşyklary has-da berkitmek hem-de iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň gerimini yzygiderli giňeltmek üçin şol wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň üstünde yhlasly işläris diýip, myhman aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi. Iki ýurtda-da höweslendirilmegine, ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýän sport ulgamynda hem netijeli gatnaşyklary giňeltmekde uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde, soňky ýyllarda başy başlanan birnäçe giň gerimli taslamalaryň dowam etdirilmegine iki ýurduň hem uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraply hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýar.
Duşuşygyň dowamynda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda myhman uzak möhletleýin geljek nazarda tutulyp ýola goýlan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi baradaky meselelere aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Russiýada ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklaryna açyk bolan iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň örän oňyn we jogapkärli tapgyryny hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşdyrýarlar.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42573
Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putiniň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň döwletlilik, okgunly durmuş-ykdysady ösüş, halkara giňişlikde ýurduň abraýyny pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady. Türkmenistanda geçen ýyllaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygyna hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykandygyna ýokary baha berilýär.
Russiýanyň Baştutany gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, öňden gelýän dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde giň ugurlar boýunça okgunly we üstünlikli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny we halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin Russiýa minnetdardygyny belledi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar netijeli we yzygiderli häsiýete eýedir. Bu bolsa özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ählumumy we sebit meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler barada içgin pikir alyşmaga ýardam edýär.
Söhbetdeşligiň barşynda Hazar «bäşliginiň” çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen tarapy dünýädäki ýeňil bolmadyk pandemiýa zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýa düşünmek bilen, bu sammitiň ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmegini möhüm hasaplaýar. Munuň özi häzirki wagtda gün tertibinde durýan wajyp meselelere içgin seretmek zerurlygy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda durnuklylyk we howpsuzlyk, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, Hazarda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bar. Mundan başga-da, sammit Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döreder. Zerur bolan ýagdaýynda, Türkmenistan sammiti guramak meseleleri boýunça içgin pikir alyşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekilini kabul etmäge taýýardyr.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmen statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň 8 aýynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Şunuň bilen birlikde, özara iberilýän harytlaryň sanawynyň yzygiderli giňelýändigi bellenildi. Munuň özi bolsa hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Nebitgaz ulgamynda hem-de gazhimiýa, awtomobil senagaty, gämigurluşyk, howa ulagy we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.
Ikitaraplaýyn hökümetara toparyň işi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň täsirli guraly bolup durýar. Häzirki wagtda bu toparyň Russiýa tarapyndan başlygy — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanda bolýandygy bellenildi. Şu gün bu toparyň başlyklarynyň giňişleýin duşuşygyny geçirmek, iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek hem-de Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini guramak göz öňünde tutulýar.
Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan welaýaty, Tatarystan Respublikasy hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi bellenildi. Munuň özi tutuş döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam edýär.
Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýynyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýarlar.
Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, aýratyn hem dünýäde koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň dowam edýändigini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Baştutanyna ýurtda öndürilen waksinalaryň, PZR test-ulgamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň Türkmenistana iberilmegine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42570
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň 8-nji sany çapdan çykdy.
Žurnalda çap edilen makalalaryň özenini düzýän sowal-jogap, seljeriş we statistiki maglumatlar milli Liderimiziň köpugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär. Ýylda bir gezek çapdan çykýan žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli we demokratik özgertmeleriň esasy ugurlary hem-de wezipeleri aýdyň açylyp görkezilýär.
“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen şygar astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna möhüm wakalar bilen girdi. Şolarda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de sanlylaşdyrmakda, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleri we depginli ösüşleri beýan edilýär.
Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň esasy mowzuklary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2019-njy ýylda Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen çözgüde laýyklykda badalga berlen konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň üstünlikli tamamlanmagy hakda boldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany”, “Halkara gatnaşyklar” we “Döwlet adam üçindir!” diýen sözbaşy bilen çap edilen makalalary bellemek bolar.
“Hemişelik Bitaraplygyň görnüşleri: geçmişe nazar aýlamak” atly makalada Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmagyň dürli görnüşleri we ugurlary açylyp görkezilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk özünde çylşyrymly halkara hukuk institutyny jemleýär. Ol özüniň ösüşinde uzak hem-de çylşyrymly ýoly geçip, XIX asyryň başlarynda gutarnykly kemala geldi.
Ady agzalan makalada taryha gysgaça syn berlip, häzirki hemişelik Bitarap döwletleriň tejribesiniň giňelýändigi, hukuklarynyň we borçlarynyň çuňlaşýandygy nygtalýar. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Adamzat taryhynda şeýle ykrarnama ilkinji gezek kabul edildi.
2020-nji ýyl ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy, geosyýasy we geoykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy bilen şöhratlandy. Bu “Bitarap Türkmenistanyň sebit syýasaty: parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk esasyndaky hyzmatdaşlyk” atly makalada öz beýanyny tapýar. Makala hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlaryna bagyşlanýar.
Awtoryň belleýşi ýaly, ýurdumyz parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, ähli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegi özüniň ileri tutýan ugurlarynyň düýpli esaslary hökmünde garaýar. Şunda hemişelik Bitaraplyk instituty netijeli hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, sebit howpsuzlygy we öňüni alyş diplomatiýasy babatda täsirli gural hökmünde öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigi tarapyndan, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan Türkmenistanyň tutumly başlangyçlarynyň goldanylmagy, hususan-da, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
“Seljuklar döwletiniň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri” atly makalada türkmenleriň döwlet gurluşynyň sütünlerine binýat edilen parahatçylyk söýüjilik däpleri baradaky anyk taryhy wakalar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde işlenip taýýarlanylan usulyýet esasyna daýanmak bilen, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar we beýleki taryhy şahsyýetleriň baştutanlygynda Beýik Seljuklar döwletiniň (1040 — 1157) diplomatiýasynyň mysalynda taryhy şertleriň we daşary syýasy strategiýasynyň kemala gelmeginiň ysnyşykly arabaglanyşygy açylyp görkezilýär. Makalada parahatçylygy saklamakda we harby dawalaryň öňüni almakda syýasy-diplomatik usullary, gepleşikler gurallaryny ulanmagyň ileri tutulýandygy aýdylýar.
“Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty” atly makala ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly senesine bagyşlanýar.
“Konstitusion özgertme: milli parlamentiň täzelikleri we geljegi” atly nazaryýet-seljeriş makalasynda Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryny seljermek we umumylaşdyrmak hem-de bar bolan giň maglumatlar esasynda milli parlamentiň täze, iki palataly ulgamyna geçilmeginiň ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de döwlet häkimiýetiniň bu edarasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigi barada giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, konstitusion özgertmeleriň maksadynyň täzeçilligi biri-biriniň wezipelerini özara doldurýan Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bir düzümde sazlaşykly jemlenmegindedir. Bu ýurdumyzyň täze taryhynda örän möhüm waka bolup, döwletimiziň dünýä we milli demokratiýa tejribesiniň esasy ölçeglerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna berk ygrarlydygyny görkezdi.
Milli Liderimiziň medeni diplomatiýasyna bagyşlanyp ýazylan makalada “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine aýratyn üns berilýär.
“Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň dabaralanmagynyň hatyrasyna medeniýetleriň gatnaşygy” atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň hukuklaryny üpjün etmäge, öz medeni-milli özboluşlylygymyzy umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykda gorap saklamaga hem-de artdyrmaga, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy we maddy däl mirasymyzy öwrenmäge hem-de giňden wagyz etmäge, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň manysy we özeni jikme-jik açylyp görkezilýär.
Mähriban Watanymyzyň medeni diplomatiýasynyň baý daşary syýasy tejribesi BMG — 2030 Gün tertibinde bellenilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2013 — 2022-nji ýyllar aralykdaky döwür BMG tarapyndan medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň halkara onýyllygy diýip yglan edilendigini hem belläp geçmek möhümdir.
Hormatly Prezidentimiziň köptaraply edebi döredijiliginde türkmenleriň belent ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri, halkymyzyň milli däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara bileleşikde ägirt uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseriniň çapdan çykmagy 2020-nji ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Žurnalda çap edilen “Türkmen halkynyň miras mukaddesligi barada eser” atly makala hem bu kitaba bagyşlanypdyr.
“Türkmen halkynyň töwellaçylyk däbi” diýlip atlandyrylan makalada bolsa türkmen halky üçin goňşy halklar bilen ylalaşykly we agzybir ýaşamaga, iki tarapy ylalaşyga çagyrmak ýaly asylly däpleriň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydygy nygtalýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda toplanylan bu tejribäni daşary syýasat işlerinde giňden peýdalanýar.
“Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş ýolunda” atly makala hem okyjylaryň gyzyklanmasyna eýe bolar, onda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň häzirki ýagdaýyna düýpli seljerme berilýär, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin üýtgedip gurmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler beýan edilýär. Makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” we bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň mysaly hökmünde makroykdysady görkezijiler getirilýär.
Jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgini munuň aýdyň subutnamasydyr, soňky ýyllarda onuň ösüş derejesi 3,5 essä barabar boldy, 2020-nji ýylyň nyrhlarynda deňeşdirilende, JIÖ-niň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagatda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterime, ulag-kommunikasiýa pudagynda 4,7 göterime deň boldy. Şonuň bilen birlikde, Bütindünýä bankynyň baha bermegine görä, Türkmenistan JIÖ-niň ösüş depgini boýunça dünýäniň has okgunly ösýän ykdysadyýetleriniň hatarynda berk orun eýeleýär hem-de ilatyň girdejileriniň ortaça ösen döwletleriň derejesindäki ýurtlarynyň hataryna girdi.
Makalanyň awtory milli Liderimiziň döwlet strategiýasynyň nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika, oba hojalygy, dokma we halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklarynda hem-de durmuş ulgamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine ýardam berýändigini nygtaýar.
Žurnalyň täze sanynda çap edilen makalalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” baş şygarynyň durmuşa geçirilişine bagyşlanýar.
“Kitap tekjesinde” atly bölümde döwlet Baştutanymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň 13-nji jildine hem-de “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy” atly kitabyň 13-nji goýberilişine bagyşlanan syn ýerleşdirilýär.
Türkmen we rus dillerinde neşir edilýän bu žurnal giň okyjylar köpçüligine, şol sanda ýokary synp okuwçylaryna we mugallymlara, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna hem-de mugallymlaryna, aspirantlara, syýasatşynas alymlara, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňlerine niýetlenendir hem-de Türkmenistanyň taryhy we häzirki döwri bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin peýdaly bolar.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42504
Aşgabat, 4-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi guramaçylykly geçirmek boýunça edilen tagallalar barada hasabat berdi.
Çagyryş boýunça harby gullugy geçen harby gullukçylary gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, dünýäniň ösen tejribesini işjeň ornaşdyrmak, harby gullukçylary hünär taýdan kämilleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we harby-syýasy strategiýasynyň ygtybarly binýady bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini hem-de daşary syýasy ugruny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň ata Watanymyza söýgüsini artdyrmak we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, birnäçe düzümlerde geçirilen seljermeleriň jemleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli görnüşli hukuk bozulmalaryň wagtynda öňüni almagyň, sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmagyň bu gullugyň düzümleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli düzümlerde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Ministr “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilen biraýlygyň netijeleri barada aýdyp, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ulag ýollarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen guralan biraýlygyň ähmiýeti hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, IIM-niň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Tertip-düzgüniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler içeri işler edaralarynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Ministrligiň ähli bölümleriniň häzirki zaman tehnikalary, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy, düzümlere täzeçil usullaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Milli Liderimiz ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belläp, edaralarda we kärhanalarda, ilatyň arasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň hem-de bu ugra degişli ähli düzgünleriň yzygiderli berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda IIM-niň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşyjylaryň harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan täze binalary açmak bilen baglanyşykly dabaralaryň bellenilen tertipde geçirilmeginiň ylalaşylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işler barada öz wagtynda hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň kabul edilen kadalaryna laýyklykda, kazyýetleriň ykdysady, raýatlyk, dolandyryş, jenaýat we beýleki meseleleriň çözgüdini üpjün edýän häzirki zaman döwlet düzümi bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz kazyýet ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajyp meseleleriň biridigini belläp, kabul edilýän çözgütlerde kanunçylygyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli howpsuzlygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärli wezipäni alyp barýandygyny, hut şu nukdaýnazardan, döwletimiziň okgunly ösüşiniň bähbidine güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrman, netijeli gulluk etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde alnyp barylýan işler talabalaýyk derejede dowam etdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tejribesini we tehnologik işläp taýýarlamalaryny işjeň öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň şahsy düzüminiň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek, serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyp, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugyň dolandyryş düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmekde serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň geçen 9 aýynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, B.Muhamedowyň başga işe geçmegi sebäpli, adalat ministri wezipesinden boşadylýandygyny we onuň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberilýändigini aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, bu wezipä ýustisiýanyň uly geňeşçisi M.Taganow bellenildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi B.Myradowy adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellemek we ony Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda gümrük gözegçiliginde häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň täzeçil ösdürilmeginde, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy üçin amatly şertleriň döredilmeginde, daşary syýasat işiniň möçberiniň, häsiýetiniň we görnüşleriniň kämilleşdirilmeginde gümrük gullugynyň wezipeleriniň uly ähmiýetini belledi.
Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak gullugyň wajyp wezipesi bolup durýar. Milli Liderimiz gullugyň işiniň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň biziň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen daşary ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönüden-göni ýardam berýändigini aýdyp, bu babatda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna ýolbaşçylyk edýän düzüminiň bar bolan oňyn tejribäni hem-de kabul edilen ähli çözgütleri hasaba almak bilen, guramaçylyk-dolandyryş işlerini kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda gullugyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hereket edýän halkara kanunçylyk namalaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyna Türkmenistanyň pasportlaryny gowşurmak dabarasynyň guramaçylykly geçirilendigi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýän döwründe bu gullugyň her bir işgäriniň düzümiň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine mynasyp goşant goşmalydygyny belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna döwrebap maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Bitaraplyk derejesine esaslanýan ynsanperwerlik syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýaşaýan raýatlaryň hemmesiniň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň geçen 9 aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan we Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň, halkymyzyň parahat hem-de abadan durmuşynyň kepili bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar.
Ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler hut şu maksada gönükdirilendir. Onda Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ähli düzümleriň häzirki zaman enjamlary we täze, ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegine, harby gullukçylaryň durmuş meseleleriniň çözülmegine hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralar üçin kesgitlenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň şahsy düzümleriň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de hukuk taýýarlygyna, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edişine baglydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ata Watanymyzyň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42353
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.
— Jenap Prezident, Türkmenistan ýaňy-ýakynda beýik baýramy — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esaslandyrylmagyna-da 30 ýyl dolýar. Bu hem Arkalaşygyň ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly adamlar üçin baýramçylykdyr, kim üçin, belki, uly ähmiýetli, kim üçin bolsa, azrak ähmiýetli senedir. Emma bu, hakykatdan-da, uly baýramdyr! Siz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýylda geçen ýoluna nähili baha berýärsiňiz, Arkalaşygyň Türkmenistan üçin ähmiýeti nähili, Siz bu guramadan nämä garaşýarsyňyz hem-de Arkalaşygyň geljegine nähili garaýarsyňyz?
— Mihail Solomonowiç, ilki bilen, Sizi Türkmenistanda mähirli garşylaýaryn hem-de şu söhbetdeşligi guramak üçin biziň ýurdumyza gelmäge mümkinçilik tapandygyňyza minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň iň abraýly habarlar agentligi — ITAR-TASS bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigimizi bellemek isleýärin. Şeýle hem men Siziň “Häkimiýet ýörelgesi” atly telewizion gepleşigiňize höwes hem-de uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärin, ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda has gowy özara düşünişilmegine uly goşant goşýar, döwletara gatnaşyklarda açyklyga hem-de özara ynanyşmaga oňyn ýardam berýär.
Indi bolsa Siziň sowalyňyza geçeliň. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy 1991-nji ýylyň ahyrynda, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen baglanyşykly wakalara jogap hökmünde esaslandyryldy. Ol çylşyrymly döwür boldy, öňki respublikalaryň arasyndaky gatnaşyklarda köp babatda düşünişmezlik galypdy, kadalaşdyrylmandy. Syýasy-hukuk, maliýe, emläk we köp sanly beýleki meseleler örboýuna galdy. Şonda GDA, şol döwürde aýdylyşy ýaly, “ylalaşykly aýrylyşmagyň” wezipesini ýerine ýetirdi. Emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary hasaba almak bilen, käbir kemçiliklere garamazdan, bu wezipe ýerine ýetirildi. Emma şondan soňra hem Arkalaşyk öz işini dowam etdirdi. Geçen 30 ýylyň dowamynda bu gurama syýasy we ykdysady taýdan has berkedi, netijeli we durmuşa ukyply bileleşik hökmünde özüni görkezdi. Häzirki wagtda hem bu guramanyň anyk maksatlary hem-de dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýilleri bilen aýakdaş barýan ösüş mümkinçilikleri bar.
Biziň pikirimizçe, şunda gürrüň, ozaly bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň senagat, maýa goýum, innowasiýa babatda ösüşini çaltlandyrmak, Arkalaşygyň çäklerinde döwrebap, köp şahaly ulag-logistika ulgamyny döretmek, GDA-nyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglaşdyryjy giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy, biziň ýurtlarymyzyň goňşy ýurtlarda desgalaryň we beýleki düzümleriň gurluşygyna işjeň gatnaşmagy üçin GDA-nyň bilelikdäki ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak barada barýar. Geçen ýyl GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli Ykdysady ösüş strategiýasynyň kabul edilmegi bu wezipeleri hem-de oňa ýetmegiň ýollaryny anyklaşdyrdy. Bularyň ählisi sebit hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda, Merkezi Aziýada durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde GDA tarapyndan doly derejede ulanylyp bilner. Biziň sebitimiz Ýewraziýa ulag ugurlarynyň strategik taýdan juda möhüm çäginde ýerleşýär hem-de örän uly tebigy-çig mal serişdelerine eýedir. Bu artykmaçlyklar Arkalaşygyň uzak möhletli ykdysady meýilnamalarynda hasaba alynýar.
Umuman, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň häzirki wagtdaky hyzmatdaşlygyna dürli derejelerde hem-de görnüşlerde oňyn işjeň ýagdaý mahsusdyr. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz örän açykdyr, iş ýüzünde netijelilige gönükdirilendir, adamlaryň hakyky zerurlyklaryna we isleglerine kybap gelýändir. Bu bolsa GDA-nyň güýçli tarapydyr hem-de Türkmenistan bu bileleşigiň çäklerinde hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyr.
— Jenap Prezident, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Russiýa aýratyn orun eýeleýär diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz, bu taryhda hem şeýle bolupdy, häzirki şertler hem muny talap edýär. Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda haýsy ugurlarda has uly sepgitlere ýetildi, haýsy ugurlarda bolsa heniz mümkinçilikler doly peýdalanylmaýar? Siz tutuşlygyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?
— Türkmenistan bilen Russiýanyň gatnaşyklary iki strategik hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarydyr. Şeýle häsiýetnama türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary öz gerimine alýandygyny; onuň uzak möhletlidigini; häzirki döwrüň üýtgäp durýan ýagdaýlarynyň täsirine düşmeýändigini aňladýar.
Biz parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde halkara we sebit giňişliklerinde, iri halkara guramalarda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlyk edýäris, şunda, zerur bolan halatynda, öz hereketlerimizi utgaşdyrýarys. Şeýle hyzmatdaşlygyň çemeleşmeleriň ýakynlygyna ýa-da umumylygyna esaslanýandygyny bellemek isleýärin. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, olaryň içki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgelerine daýanylýar.
Ykdysady ulgamda Russiýa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň daşary haryt dolanyşygynyň möçberleri boýunça öňdäkileriň hatarynda durýar we ýurdumyzyň iň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir.
Biz Russiýa bilen ýangyç-energetika ulgamynda, gämi we uçar gurluşygynda, obasenagat toplumynda, dokma senagatynda, ulag ulgamynda, ýol gurluşygynda, metallurgiýa senagatynda hem-de beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan welaýaty ýaly sebitleri bilen göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy we üstünlikli ösdürilýär. Russiýanyň beýleki sebitleri hem şeýle hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler.
Medeni we ynsanperwer gatnaşyklar ösdürilýär. Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn üstünlikli diýip aýdyp bilerin.
Häzirlikçe doly peýdalanylmadyk mümkinçilikler barada aýdylanda, gürrüň, ozaly bilen, bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar barada gidýär ýa-da olar peýdalanylyp başlanylandyr. Olaryň hatarynda ulag we logistika ulgamyny aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi — Wolga derýasy ugry boýunça Russiýanyň demirgazyk portlaryna we soňra Ýewropa çykmagy göz öňünde tutýan ulag geçelgesiniň döredilmeginiň geljegi örän uly taslamasynyň üstünde işleýäris. Munuň üçin Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň Hazar ugry has güýçlendirilýär.
Türkmenistanda hem, Russiýada hem hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ägirt uludygyna oňat düşünilýär, aýratyn-da, soňky ýyllar iki tarap hem bu kuwwaty özara bähbitlilik esasynda durmuşa geçirmek üçin tutanýerli tagallalary edýär.
Şeýlelikde, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyz örän giň gerime eýe boldy, şoňa görä-de, häzirki wagtda haýsy ugurda peýdalanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak aňsat däldir.
— Jenap Prezident, Siz sowala şeýle giňişleýin jogap berdiňiz welin, men ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen uly sepgitler Siziň Prezident Wladimir Putin bilen şu ýyllaryň dowamynda geçiren köp sanly duşuşyklaryňyzyň netijesinde mümkin boldy diýsem, ýalňyşmaryn diýip pikir edýärin! Syýasy sözlükde “personal chemistry” — «şahsy ynanyşyk» diýen adalga bar. Iki döwletiň Liderleriniň özara gatnaşyklaryny synlanyňda, biziň Prezidentimiz bilen Siziň şahsy gatnaşyklaryňyza has köpräk orun berilýär diýen pikir döreýär we şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen emele gelen gatnaşyklara nähili baha berýärsiňiz?
— Men bu gatnaşyklara doly özara ynanyşmak, açyk, dostluk gatnaşyklary hökmünde baha berýärin, şunda ol örän anyk hem-de ahyrky netijä gönükdirilendir. Biziň ilkinji tanyşlygymyz haçanda men heniz wise-premýer wezipesinde işleýärkäm bolupdy we Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň birinde onuň ýanynda boldum. Ýalňyşmaýan bolsam, şol duşuşyk 2002-nji ýylda bolupdy. Şunlukda, biz eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri tanyşdyrys, hemme ugurlar boýunça hemişe ak ýürekli, göni hem-de açyk hyzmatdaşlyk edýäris.
Meniň pikirimçe, Wladimir Wladimirowiç beýik adam, ol sada häsiýetli hem-de giň göwünli. Şeýle adam bilen söhbetdeş bolmak hemişe örän ýakymly.
Biz Russiýanyň Prezidenti bilen yzygiderli ýagdaýda ýüzbe-ýüz, telefon arkaly söhbetdeş bolýarys, pikir alyşýarys, halkara syýasatyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça maslahat edýäris. Her gezek hem men onuň bilelikde netijeli işlemäge gyzyklanmasyny, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, biziň ýurdumyza, saýlap alan ýolumyza hormat goýýandygyny duýýaryn.
Biziň ara alyp maslahatlaşan ähli meselelerimiz iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Biz muňa ýokary baha berýäris hem-de men dünýä giňişliginde Türkmenistany, biziň Bitaraplygymyzy, halkara başlangyçlarymyzy hemişe goldaýandygy üçin Russiýanyň Prezidentine çuňňur minnetdardyryn.
— Gynansak-da, häzirki wagtda ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän, tutuş dünýäni gurşap alan ýene-de bir çylşyrymly, pandemiýa bilen baglanyşykly mesele bar. Türkmenistanyň halkyna bu meselede hem rowaçlyk hemra boldy, Siziň hut özüňiziň aladalaryňyz hem-de Hökümetiň öz wagtynda geçiren çäreleri netijesinde, Siziň ýurduňyza az sanly ýurtlaryň hatarynda bu howply ýokanç keselden goranmagyň başardandygyny bilýärin. Muňa garamazdan, entek howp aradan aýrylmady. Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” we “Epiwakkorona” waksinalaryny resmi taýdan bellige aldy. Siz bu keseliň öňüni almak, onuň Siziň ýurduňyza ýaýramazlygy üçin nähili çäreleri görmek zerur diýip hasaplaýarsyňyz?
— Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” we “Epiwakkorona” waksinalaryny resmi taýdan bellige alan dünýädäki ilkinji ýurtlaryň biridir. Bu bolsa köp babatda bize koronawirus pandemiýasyna üstünlikli garşy durmaga mümkinçilik berdi we mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýokanja garşy göreşde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny bellemek isleýärin.
Pandemiýa ýaýrap başlan günlerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda örän gysga möhletlerde ylmy-lukmançylyk bileleşikleriniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary ýola goýuldy. Biziň ýurtlarymyzyň bu çylşyrymly şertlerde hakyky raýdaşlygyň, birek-birege doganlyk goluny uzatmagyň hem-de goldawyň, tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezendigini doly ynam bilen aýdyp bilerin.
Hyzmatdaşlygyň şeýle ýokary derejeli häsiýetini nygtamak bilen, doly esasda Russiýanyň aýratyn ornuny belleýärin hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlygymy beýan edýärin.
Ýurdumyzda sanjym işleri bellenilen möhletlere hem-de zerurlyklara laýyklykda barýar, ol Türkmenistanyň ähli künjeklerini öz gerimine aldy. Saglygy goraýyş ulgamy, arassaçylyk-epidemiologiýa gulluklary sazlaşykly işleýärler, bu ýokanjyň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreler geçirilýär. Häzirlikçe, Türkmenistana gelmekde, hususan-da, beýleki ýurtlar bilen howa gatnawlarynda belli bir çäklendirmeler dowam edýär. Häzirki şertlerde munuň özi tebigy ýagdaýdyr.
Biz dünýäde, goňşy ýurtlarda pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlary üns bilen synlaýarys hem-de ýagdaýa görä hereket ederis. Tutuşlygyna, Türkmenistanyň bu örän howply ýokanç kesele garşy gorag çärelerini netijeli guramagy başarandygyny aýdyp bilerin.
— Häzirki wagtda Türkmenistan örän ýokary depginlerde ösýär hem-de dünýä kartasynda barha uly ähmiýetli orny eýeleýär. Siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünlikleri barada dünýäde barha köp bilýärler. Siziň birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürendigiňiz hem-de olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylandygy bellidir. Siziň öňe süren başlangyçlaryňyzyň haýsysy Size has ýakyn we olaryň haýsy biriniň durmuşa geçirilendigine buýsanýarsyňyz?
— Ilki bilen, men şol başlangyçlarymyzy, meýilnamalarymyzy we garaýyşlarymyzy doly goldan hem-de häzirki wagtda hem olary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň halkyna buýsanýaryn.
Soňky ýyllarda ýurdumyz, hakykatdan-da, okgunly ösýär, pandemiýa garamazdan, ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri durnukly hem-de oňat derejede saklanýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetimiziň durnuklylygynyň hem-de onuň uly kuwwatynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow öz ýurdy üçin köp işleri bitirdi, döwletiň esaslaryny goýdy. Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirildi. Men 2015-nji ýylda biziň başlangyjymyz boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň dünýäde ýeke-täk Bitaraplyk hukuk derejesiniň gaýtadan ykrar edilendigine, soňra bolsa 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilendigine buýsanýaryn.
Ol ýa-da beýleki ulgamda gazanylan anyk üstünlikler barada aýdylanda, olar az däldir hem-de hemmesini sanap geçmek köp wagt alar.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň köpüsi tarp ýerden diýen ýaly dikeldildi. Häzirki zaman ýollarynyň müňlerçe kilometri, energetika düzüminiň iri desgalary guruldy, täze zawodlaryň onlarçasy ulanylmaga berildi. Biziň buýsanjymyz Aşgabady, onuň binagärlik keşbini, biziň adamlarymyzyň ýaşaýan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny synlap görüň!
Hazar deňziniň kenaryndaky ozal çöllük meýdan bolan künjekde kaşaň myhmanhanalary hem-de kottej şäherçelerini öz içine alýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi, bu zolaga ýurdumyzyň ýaşaýjylary her ýyl dynç almaga barýarlar. Bu mysallar ýurdumyzda amala aşyrylan işleriň diňe bir bölegidir.
Halkara giňişlikde biz dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa, parahatçylyk döredijilik hem-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berýäris we muňa guwanmaga haklydyrys. Biziň tekliplerimizi goldap, BMG-de biragyzdan ses berilýändigi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň parahatçylyk döredijilik ugrunyň ähmiýetine barha aýdyň düşünilmegi hem-de goldanylmagy ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam bermek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, dünýä işlerinde BMG-niň esasy ornuny berkitmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylyk boýunça daşary syýasy strategiýamyzyň dogrudygyna bizde berk ynam döredýär. Bularyň ählisi buýsanmak üçin esas döredýär, emma, gaýtalaýaryn, amala aşyrylan bu işler, hakykatdan-da, türkmen halkynyň we biziň döwletimiziň bitiren hyzmatydyr.
— Ýurduňyza ýetip gelýärkäm, uçardan Aşgabady synlanymda, ak mermerli ajaýyp şäher meni haýran galdyrdy. Şol ýakymly duýgular bilen hem duşuşyga geldim. Siziň paýtagtyňyz örän arassalygy, binagärlik gözelligi bilen kalbyňda täsin duýgulary oýarýar. Siz meniň ýüregime mährem bolan Hazar deňzini ýatladyňyz, men Hazaryň aňry tarapynda ösüp-ulaldym. Bizi ýaşlygymyz, umumy Hazar deňzi, beýik Garagum sährasy ýakynlaşdyrýar. Siz bir syry açyp bilermisiňiz: tutuş ýurduňyzyň Siziň Watanyňyzdygyna düşünýärin. Türkmenistanyň haýsy künjekleri Size has ýakyn, nirede Siziň kalbyňyz has ýakymly duýgulara beslenýär?
— Türkmenistan, hakykatdan-da, täsin ýurtdur, biziň ülkämizde synlap, lezzet alar ýaly künjekler köpdür. Bu meniň Watanym, bu ýerde meniň watandaşlarym ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, çagalaryny terbiýeleýärler. Türkmenistanyň her bir künjegi özboluşly ajaýypdyr, biziň gadymy taryhymyzyň, medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň äheňlerini özüne siňdirendir.
Men ýygy-ýygydan ýurdumyz boýunça saparlarda bolýaryn, adamlar bilen duşuşýaryn hem-de olaryň tutanýerli zähmeti, ýaşaýan topragyna çäksiz söýgüsi netijesinde, Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýändigine, ösýändigine göz ýetirýärin. Hemmetaraplaýyn amatly, abadanlaşdyrylan obadyr şäherler peýda bolýar, seýilgähler, dynç alyş zolaklary döredilýär.
Her bir adamda bolşy ýaly, çagalyk, ýetginjeklik ýyllarymy geçiren ýerlerim meniň üçin aýratyn mähremdir, olar baradaky ýatlama hemişe meniň kalbymy çoýýar. Adamyň Watany ýeke-täkdir, şoňa görä-de, her bir adam üçin onuň her daban ýeri, nähili hem bolsa, gözelmi ýa-da gözel dälmi, ýüregine örän ýakyndyr.
— Jenap Prezident, ozaly bilen, men Siz barada öwgüli sözleri aýdasym gelýär, Siz hatda ajaýyp sport taýýarlygy babatda ýokary derejede kämilligi saklaýarsyňyz, welosiped, karate, taekwondo, nyşana ok atmak bilen meşgullanýarsyňyz. Sportdan daşdaky adam hökmünde Siziň ýanyňyzda özümi oňaýsyz duýýaryn we ussat türgenlik derejesindäki jenap Prezidentiň ýanyna söhbede gelýärin. Munuň üçin meni bagyşlaň, bu ugurda buýsanmaga ýagdaýym ýok. Siz sportuň ynsan üçin örän möhümdigine, zerurdygyna, sportuň Siziň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna haçan göz ýetirdiňiz?
— Bu duýgy, elbetde, beden üçin zerurlykdan emele gelen tebigy duýgudyr. SSSR döwründe geçen çagalyk ýyllarymda ýetginjekleri sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri oňat ýola goýlupdy. Ýadyňyza düşýän bolsa, bu ugurda dürli klublar we guramalar, mysal üçin, DOSAAF hereket edýärdi, olarda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim berilýärdi.
— Elbetde, ýadyma düşýär. «Goşuna, awiasiýa we flota ýardam bermek boýunça meýletin jemgyýet» diýlip atlandyrylýardy. Şeýle at bilen döşe dakylýan nyşanjyk hem bardy.
— Hut şu guramada hem sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim berýärdiler. Munuň özi örän gyzykly hem-de özüne çekijidi, şoňa görä-de, men beýleki ähli ýetginjekler ýaly, özüme ýaraýan, nyşana ok atmak, erkin we nusgawy göreş, welosiped we awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandym. Hormatly nyşanlara we beýleki sylaglara birnäçe gezek mynasyp boldum, ýetginjekleriň arasynda nusgawy göreş boýunça respublikanyň birinjiliginde öz agram derejämde 1-nji orny eýeledim. Şol bir wagtda DOSAAF guramasy tarapyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda pnewmatik ýaragdan atmak boýunça bäsleşiklerde tapawutlanyp, birinji orny aldym.
Harby taýýarlyk boýunça bäsleşiklerde bolsa tüpeňden ok atmak boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen derejä mynasyp boldum. Atçylyk sporty barada aýdylanda, bedewe atlanmaýan türkmeni göz öňüne getirmek kyndyr.
Men indi onlarça ýylyň dowamynda döwlet gullugynda işleýärin, şunda dynç günleri we zähmet rugsatlary ýok diýen ýalydyr. Iş günüm ir säherden başlanýar we giç agşama çenli dowam edýär. Şeýle ýagdaýda oňat beden taýýarlygyň bolmasa, netijeli işlemek, ýüze çykýan meselelere ünsüňi jemlemek mümkin däldir. Sportuň özüme gyzykly bolan birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşiklerimi dowam etmek üçin wagt tapmaga çalyşýaryn. Şeýle türgenleşikler belli bir derejede özüňi, hereket tizligiňi, erkiňi, üýtgäp durýan ýagdaýlarda bada-bat dürs çözgütleri tapmak başarnygyňy saklamaga mümkinçilik berýär. Sportuň işjeň, tiz hereketleri talap edýän görnüşleri bu häsiýetleri taplamaga ýardam berýär hem-de olary işde peýdalanmaga kömek edýär.
— Jenap Prezident, dogrymy aýtsam, Siziň kärdeşleriňiziň — döwlet Baştutanlarynyň arasynda köp bolmasa-da, sport bilen meşgullanýanlary bar. Siz bolsa, şol bir wagtda, döredijilik bilen hem meşgullanýarsyňyz — kitap, goşgy ýazýarsyňyz, aýdym döredýärsiňiz. Men wideoýazgyda Siziň döreden sazyňyzy diňledim, onuň sazlaşygy, heňleri kybaplaşýar. Bu Siziň terjimehalyňyzyň aýratyn sahypasydyr. Döredijilik Size näme berýär?
— Döredijilik başarnygy maňa ata-babalarymdan galan miras bolsa gerek. Men mugallymlar maşgalasynda önüp-ösdüm, atam mugallym bolmak bilen, hekaýadyr goşgy ýazypdyr, soňra kakam hem mugallym bolup işledi we hekaýalary, goşgulary ýazdy. Siziň bilşiňiz ýaly, men hem köp ýyllaryň dowamynda mugallym bolup işledim. Belkem, şol sebäplidir, döredijilikde meniň zehinim doly derejede açyldy. Döredijiligiň, esasan-da, aýdym-saz ýazmagyň ylham berýändigini aýtmak isleýärin, ol durmuş işjeňligini döretmäge ýardam edýär.
Saz, goşgy döretmek, has takygy, esasy işimden daşgary gyzyklanma bildirýän sungatymdyr, ol iş-aladadan az-owlak ünsüňi sowmaga kömek edýär.
Kitap ýazmagy bolsa esasy işimiň, döwlete we halkyma gulluk etmegiň aýrylmaz, möhüm bölegi hasaplaýaryn. Döredijiligiň bu ugruna örän jogapkärli garaýaryn, galamy ele almazdan ozal, köp sanly maglumat çeşmelerini içgin öwrenýärin, arhiw maglumatlaryny alýaryn, hünärmenler bilen maslahatlaşýaryn.
Ýazýan eserlerimiň okyjylar köpçüligine gowuşýandygyna, diňe bir Türkmenistanda däl-de, başga ýurtlarda hem aýratyn ünsli seljerilýändigine düşünýärin. Bu öz ýazýan zadyňa ýokary derejede düşünmegi, jogapkärçiligi, oýlanyşykly döretmegi, maglumatlara daýanmagy talap edýär. Döredijiligiň bu görnüşinde ýokary derejäni saklap, peýda getirjekdigime umyt edýärin.
— Siz şahsyýet hökmünde kemala gelşiňiz barada aýtmak bilen, kakaňyzy ýatladyňyz, bu kanunalaýykdyr. Gynansak-da, Siziň uly hormata eýe bolan kakaňyz birnäçe aý mundan ozal aradan çykdy. Siziň bilşiňiz ýaly, beýik rus şahyry Aleksandr Twardowskiniň “Heniz kakamy soňky ýoluna ugradýançam, sakgalym döşüme düşse-de, özümi entek ýaş hasaplaýardym” diýen setirleri ýadyma düşýär. Bu dogrudyr. Siziň kakaňyz bagtly adam, ol oglunyň şeýle belent derejä ýetenini gördi. Siz uly adam bolup ýetişeniňizden soň hem, köp ýyllaryň dowamynda ol Siziň ýanyňyzda boldy, şahsyýet we meşhur ynsan bolup ýetişmegiňiz üçin köp hyzmatlary bitirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde atalyk öwüt-ündewleriň, nesihatlaryň haýsy biri Siz üçin has möhüm we häzirki wagtda her gün ýardam berýär?
— Meniň kakam berk durmuş ýörelgelerine eýerýän, päk ahlak sypatlaryna eýe bolan ynsandy. Ol meniň öz garaýyşlaryna hökman eýermegimi talap etmeýärdi, maňa nähilidir bir üýtgeşik nesihat ýa-da ýörite görkezmeler bermeýärdi. Has dogrusy, ol meni öz göreldesiniň täsiri, işe, maşgala, mähriban ojagyna, goňşularyna, dost-ýarlaryna, garyndaşlaryna, bir söz bilen aýdylanda, ynsanyň kalbynda maşgala ojagy we has giň manyda «Watan», «Diýar» diýen mukaddes düşünjäni oýarýan ähli zatlara bolan gatnaşygynyň mysalynda terbiýeledi. Elbetde, ol maňa, ýokary döwlet wezipesinde işläp başlan wagtymda hem nesihatlaryny we maslahatlaryny berýärdi, ol ýa-da beýleki meseleler boýunça pikirlerini aýdýardy, men olara ünsli garaýardym. Kakamyň beren maslahatlarynyň köpüsi ýurdumyz üçin zerur hem örän peýdaly boldy.
Men hemişe onuň örän päk ýüreklilik, adamlara kömek etmäge islegi we başarnygy, adam tötänleýin ýalňyşan ýagdaýynda, oňa geçirimlilik etmek ýaly göreldesine eýermäge çalyşýaryn. Şeýle häsiýetleriň örän möhümdigi düşnüklidir, emma şunuň ýaly ynsan gylyklary döwlet derejesinde peýdalanylanda, aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar.
— Kakaňyzyň ýatan ýeri ýagty bolsun! Ol öz ogluna buýsanýardy. Bu gün Siziň özüňiz bagtly ata, Siziň ajaýyp, asylly maşgalaňyz bar. Çagalaryňyz ösüp ýetişdi, Size olara guwanmaga esas bar diýip pikir edýärin. Siziň her pursady dürli çärelere beslenen iş tertibiňiz sebäpli, maşgala agzalaryňyz bilen duşuşmaga, gürrüňdeş bolmaga wagtyňyz barmy? Jemgyýetiň maşgala atly kiçijik toparynda iň gymmatly zat näme? Siz nämä has uly baha berýärsiňiz, maşgala gymmatlyklarynda iň möhüm zat näme?
— Size açyk aýdýaryn, meniň gulluk iş tertibime “maşgala bilen söhbetdeşlik” diýen mesele girizilen däldir. Bu degişme bolsa-da, maşgalam, agtyklarym üçin, hakykatdan-da, wagt ýetmezçilik edýär. Çagalarym indi uly adamlar bolup ýetişdi, oglum döwlet işinde, gyzlarymyň biri lukmançylykda, beýlekisi ykdysadyýet ulgamynda zähmet çekýär, agtyklarym bolsa sanlylaşdyrylan döwrüň nesilleridir. Mysal üçin, men dört ýaşly agtygymdan: “Saňa nähili oýunjagy sowgat etmeli?” diýip soraýaryn. Ol bolsa maňa: “Bir zat soramazdan ozal, ilki bilen, pikirleniň, soňra sowal beriň! Onsoňam, “LowiKod” ýa-da QR-kod açyp bolýarka, sowal bermegiň zerurlygy barmy, ine, biz özümiz size haýsy oýnawajy saýlap almagy teklip edip bileris” diýip jogap berýär. Görüň! Häzirki döwrüň çagalary nähili!
Hemmämiziň maşgala bolup, bile ýygnanýan pursatlarymyz hem bolýar. Emma olar örän seýrek ýagdaýdyr hem-de näme üçindir, tiz tamamlanýar. Emma bu zerurlykdyr, meniň maşgalam, ýakynlarym beýle ýagdaýa düşünýärler.
Ösüp gelýän ýaş nesilde nähili sypatlary görmek isleýändigim barada aýdylanda, olarda abraý, päk ýüreklilik, ahlak arassalygy, ululara hormat goýmak, maşgala ojagynyň mukaddesligine sarpa, Watana söýgi ýaly sypatlar jemlenmelidir. Bu sypatlar dünýe ýaly gadymydyr we ömürlikdir, beýle häsiýetler üýtgewsizligine galmalydyr hem-de ynsanyň, jemgyýetiň, döwletiň eýerýän ýörelgeleri bolmalydyr.
— Hormatly jenap Prezident, Siziň bilşiňiz ýaly, duşuşyga taýýarlanyp başlalym bäri köp wagt geçdi we mende ýene-de bir sowal bar, ol syýasy häsiýetlidir. Dünýädäki ýagdaýlar tiz üýtgäp durýar hem-de çylşyrymly häsiýete eýe bolýar, şeýle wakalar Owganystanda bolup geçdi. Bu ýurt Siziň hem, biziň hem goňşymyz, onda soňky wagtda wakalar şeýle bir tiz we garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykdy hem-de örän çylşyrymly ýagdaýlary emele getirdi. Bu ýurduň Türkmenistana örän ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, howp abanýarmy? Ýagdaýyň şeýle ösüşinde howp barmy ýa-da Siziň pikiriňizçe, howp ýokmy? Siziň nukdaýnazaryňyzdan, Owganystandaky ýagdaýlar, umuman, nähili häsiýete eýe bolar?
— Soňky günlerde Owganystandaky syýasy ýagdaý düýpli üýtgemelere sezewar boldy. Goňşy ýurtdan — Owganystandan daşary ýurt goşun bölümleri çykarylandan soňra, täze hökümeti düzmek işleri başlandy. Bu ýurt öz taryhynda täze tapgyra gadam urýar.
Biz Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýyň ösüşini hem-de soňky wakalary üns bilen synlaýarys we häkimiýetiň çalşylmagynyň giň umumymilli gepleşikler esasynda parahatçylykly ýol bilen amala aşyryljakdygyna umyt edýäris.
Biz öz tarapymyzdan Owganystanyň täze hökümeti bilen däp bolan dost-doganlyk türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu ýurtda ýagdaýy tizden-tiz düzetmek maksady bilen, onuň durnukly durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegine zerur bolan ýardamy bermek üçin ýakyndan işleşmäge taýýardygymyzy beýan etmek isleýärin.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanmak bilen, diňe parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, daşary ýurtlaryň içerki işlerine goşulmaýar.
Biz Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, harby bileleşiklere we toparlara goşulmaýarys — öz syýasy giňişligimizi parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de dünýäde durnukly ösüşe ýardam bermek üçin işjeň peýdalanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Owganystandaky häzirki ýagdaý babatynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny düşündirmek isleýärin. Biziň garaýşymyz esasy üç ýörelgäni: syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de durmuş-ynsanperwer ugurlary özünde jemleýär.
Birinjiden, biz Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly, Owganystanda ýaşaýan ähli etnik we dini toparlaryň giňden gatnaşmagynda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamagyň esasynda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini birnäçe gezek nygtapdyk.
Owgan halky öz ýurdunyň geljegini özbaşdak çözmelidir hem-de täze hökümet bilen döwlet gurluşynyň görnüşini kesgitlemelidir.
Ikinjiden, owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň durnuklylygynyň, durnukly ykdysady ösüşiniň, bu goňşy ýurduň sebit hem-de dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň örän möhüm şerti bolup durýar.
Biziň ýurdumyzyň energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegi hem munuň mysaly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy uly ähmiýete eýe bolýar. Deslapky hasaplamalara görä, bu taslama Owganystana tebigy gazy göni ibermekden başga-da, diňe öz çäginden “mawy ýangyjy” üstaşyr geçirmegiň hasabyna bu ýurduň býujetine ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak möçberde maliýe serişdeleriniň gowuşmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, çäklerinde bu gaz geçirijisi guruljak welaýatlarda birnäçe müň täze iş orunlary dörediler.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy amala aşyrylýar, «Lapis-Lazuli» ulag geçelgesini döretmek işleri alnyp barylýar. Şunuň ýaly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň doganlyk Owganystanyň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine, daşary ýurtly maýa goýujylar tarapyndan işjeňligiň ýokarlanmagy üçin höweslendiriji şert boljakdygyna ynanýaryn.
Üçünjiden, Türkmenistan Owganystanyň ynsanperwer goldawa ýiti mätäçlik çekýändigine düşünmek bilen, owgan halkyna yzygiderli esasda kömek berýär. Biz Owganystana ynsanperwerlik ýükli kerwenleri yzygiderli iberýäris, oba ýerlerinde mekdepleri we hassahanalary gurýarys, Türkmenistanyň bilim edaralarynda Owganystanyň işgärlerini taýýarlamak işlerini barha giňeldýäris.
Ýakynda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküni ugratmak barada çözgüdi kabul edendigimizi bellemek isleýärin. Bu işleriň ählisi Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Biz mundan beýläk-de Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek ýaly asylly däbi dowam etmegi ugur edinýäris.
Ýakyn wagtlarda baý taryhy geçmişi bolan owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar boljakdygyna ynanýaryn.
— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda, jenap Prezident, Size bir sowal bermek isleýärin, men geçirýän ähli duşuşyklarymyň soňunda hemişe şeýle sowal berýärin. Biziň gepleşigimiz “Häkimiýet ýörelgesi” diýlip atlandyrylýar we şunuň bilen baglylykda, şeýle sowaly berýärin: Siz, Türkmenistanyň Prezidenti üçin häkimiýet näme? Onuň “tagamy” nähili? “Häkimiýet” diýen düşünje örän täsin zat.
— Häkimiýet başynda durmak bilen, halkyň wepaly hemaýatkäri bolmagy, hakykatyň we ynamyň güýji bilen, öz Watanyma, halkyma hyzmat etmegi özüm üçin uly mertebe hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, biz ýokary döwlet wezipesinde işlän tutuş döwrümiziň dowamynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş baýdak edindik. Türkmen halkynyň taryhy we durmuş tejribesiniň utgaşdyrylmagy, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň, ХХI asyryň başynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynyň gazananlarynyň sazlaşygynda guralan bu taglymat watançylygy, zähmetsöýerligi, ynsanperwerligi hem-de jogapkärçiligi ugur edinýär we adamlara raýatlyk borjunyň, wyždanynyň, ruhy ynançlarynyň emrine laýyklykda ýaşamaga we döretmäge ylham berýär. Bu taglymat ýurdumyzyň raýatlaryny birleşdirýän hem-de jebisleşdirýän, jemgyýetiň hil taýdan bütinleý täzelenmegini taplaýan ruhy esas bolup çykyş edýän umumymilli garaýyşlary açyp görkezýär.
Meniň üçin häkimiýet, ozaly bilen, örän ýokary jogapkärçilikdir. “Häkimiýet — munuň özi çözgütleri kabul etmek hem-de olary durmuşa geçirmek üçin ygtyýarlyklardyr we serişdelerdir” diýen nusgawy kesgitleme bar. Bu kesgitleme dogrudyr, emma jogapkärçilik bolmadyk halatynda, ol diňe howaýy düşünjedir. Diňe belent jogapkärçilik bu düşünjä many-mazmun, gymmatlyk hem-de ýaşaýşa höwes ylhamyny berýär.
Öz şahsy jogapkärçiligiňi duýmak howul-hara, oýlanyşyksyz çözgütleri kabul etmekden goraýar, «ýedi ölçäp, bir kesmäge», ol ýa-da beýleki çözgütleriň ýetirip biljek täsirlerine düşünmäge ýardam berýär.
Ol çözgütleriň aňyrsynda öz aladalary, arzuw-hyýallary bilen ýaşaýan adamlar bar. Prezidentiň belent wezipesini eýelemek bilen, men şu düşünjelerden ugur alýaryn. Häkimiýetiň güýjüni we täsirini adamlaryň, öz ýurduň bähbidine ulanmaly — meniň pikirimçe, munuň özi esasy, maksada gönükdiriji garaýyş bolup durýar.
— Jenap Prezident, köp sag boluň! Söhbetdeşlige wagt tapandygyňyz meniň üçin uly hormatdyr. Duşuşygymyz örän gyzykly we many-mazmunly boldy. Munuň üçin men hoşallygymy beýan edýärin. Şu söhbetdeşlige syn eden tomaşaçylaryň we okyjylaryň Sizi ajaýyp ýurduň Prezidenti hökmünde we Siziň ýurduňyzy häzirki zaman gülläp ösýän döwlet hökmünde has ýakyndan tanajakdyklaryna ynanýaryn. Size ähli gowulyklary, Türkmenistanyň halkyna we ýurduňyza rowaçlyklar, abadançylyk arzuw edýärin.
Jenap Prezident, sag boluň!
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42225
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy hem-de paýtagtymyzdaky myhmanhananyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyry bilen tanyşdy
Aşgabat, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek we tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky atçylyk toplumlary döwrebaplaşdyrylýar. Tohumçylyk-seçgi işleriniň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklarynda täze öwüşginler emele gelýär we arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sany yzygiderli artýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, athanalar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Munuň özi atçylyk pudagynyň diňe bir döwrebaplaşdyrylmagyna däl-de, atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine, tohumçylyk işleriniň gowulandyrylmagyna, atşynaslaryň täze nesliniň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz säher bilen Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedewi saklamaga niýetlenen athananyň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan täze toplumyň çäginde dolandyryş binasy, weterinar desgasy, iki sany awtoduralga, höwür atlary üçin niýetlenen 60 atlyk athanalaryň ikisi, şeýle hem 80 baş ene mallara niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma, iým üçin niýetlenen ýapyk ammar we iki sany açyk ammar, şeýle hem tehniki desgalar göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ozal gurlan we bu gün netijeli iş alyp barýan toplumlar ýaly täze athananyň hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, olary çapyşyklara taýýarlamak hem-de seýisleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilmelidir.
Soňky ýyllarda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artandygyny, degişi tohumçylyk-seçgi işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilendigini nazara alyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri ylmy esasda ösdürmek, oňa degişli ugruň alymlaryny işjeň çekmek boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň ilki dörän mekany hökmünde ykrar edilen bu künjegiň ýakymly dag howasynyň bardygyny belledi. Tenekar suwly Altyýap çeşmesiniň akabasy bilen bu töweregiň tebigy aýratynlyklary özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa hemişe aýratyn orun degişlidir. Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr. Suw damjasyny altyn dänesine deňäp, dag jülgelerinden gözbaş alýan çeşmeleriň, ýaplaryňdyr akabalaryň suwuny tygşytly ulanypdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz «Suw damjasy — altyn dänesi», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» mysaly, suw bilen bagly köp sanly nakyllary döredipdir. Biziň günlerimizde hem ata-babalarymyzyň däplerine eýerip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak döwlet syýasatymyzyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Suw hojalyk desgalarydyr ulgamlary gurlanda, ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň häzirki zaman usullary ulanylýar.
Soňra wise-premýer Ç.Purçekow täze athananyň daşky inženerçilik ulgamlary, eltiji ýollar, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän yşyklandyryjylaryň görnüşleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, elektrik geçirijileriň, lagym we suw ulgamlarynyň, eltiji ýollaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, ulanyljak gurluşyk serişdeleriniň hiline we olaryň görnüşlerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň ýaly desgalaryň binagärlik keşbinde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler hem-de milli binagärligiň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr, dolandyryş ulgamlarynda innowasiýa we sanly tehnologiýalar peýdalanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Dagy etekläp oturan we türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Aba Annaýew obasy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirjek täze athananyň gurluşygynda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alynmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň tohumçylyk-seçgi işini ylmy esasda kämilleşdirmek, bedewleriň baş sanyny artdyrmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň reňkleriniň aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek meseleleriniň wajypdygyna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz täze athanada işlejek atşynaslar, hünärmenler üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimine bu töweregiň tebigy aýratynlyklaryna, özboluşly dag-derelere we çeşme suwlaryna örän aýawly çemeleşmek, etrabyň çäginde degişli ekologik ýagdaýy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda berjaý etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy täze athanany gurmak boýunça degişli bäsleşigiň yglan edilendigi, onuň jemleri boýunça birleşigiň agzasy we atçylyk toplumlaryna degişli binalary gurmakda oňyn tejribe toplan “Nur Bina» gurluşyk kärhanasynyň ýeňiji bolandygy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň, ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk senagatynda hem uly üstünlikleri gazanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanylmaga berilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu babatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, täze athananyň binalar toplumyny gurmak barada degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Täze athananyň gurluşygynda atçylyk pudagyny ösdürmek, bedewleri seýislemek, höwür atlar, taýlar üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.
Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu düzümlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak hem-de olary at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurluşygy alnyp barylýan atçylyk toplumy 500 at saklamak üçin niýetlenendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda uly orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň tohumyny kämilleşdiripdirler.
Hormatly Prezidentimiz ýolugra ady rowaýata öwrülen, şöhratly Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy. Gözellik we ýyndamlyk babatda dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolan Polatly türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň yhlasyndan kemal tapan ajaýyp bedewdir.
Polatlynyň heýkeliniň ýanyndan Köpetdagyň eteginiň ajaýyp ýaýlalary, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary görünýär.
Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman tejribeleriniň işjeň ulanylmagynyň, bina edilýän dürli maksatly desgalarda ýokary amatlyklaryň döredilmeginiň, gurluşyk işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekip, onda “akylly öý” intellektual ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagyny öz içine alýar diýip, bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we gurluşyk işlerini ýokary ekologiýa hem-de hil talaplaryna laýyk derejede alyp barmak maksady bilen, welaýatyň täze edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygyny 2022-nji ýylyň Bitaraplyk baýramyna çenli tamamlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz wise-premýer Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Garagum” myhmanhanasynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşmak üçin bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan “Watançy” seýilgähinde ýerine ýetirilýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda täze seýilgähiň çäklerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr. Şeýle hem bu ýerde welosiped sürmegi halaýanlar üçin ýöriteleşdirilen ýoda çekilipdir. Munuň özi sportuň ekologik görnüşi hasaplanylýan welosiped sportunyň ösdürilmeginde we onuň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Uzak geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň öňe süren täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri, onuň köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Täze döwrebap seýilgähiň uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň dynç almagynyň hem-de gezelenç etmeginiň iň söýgüli ýerine öwrüljekdigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi ýurdumyzda ugurdaş desgalaryň taslamalaryna bildirilýän möhüm talap bolup durýar.
Seýilgähiň taslamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde bag nahallarynyň millionlarçasy ekilýär. Olaryň hatarynda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň dürli görnüşleri bar.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky oňyn başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler umumy wajyp işe dahylly bolmak isleýän adamlary ýakynlaşdyrýar.
Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Soňra milli Liderimiz gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň ýanyna geldi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýerine ýetirilýän işleri synlap, ilkinji nobatda, binanyň daşky bezeglerine aýratyn üns bermegi berk talap etdi. Onda milli bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman şähergurluşygynyň öňdebaryjy meýilleri sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Şolar ýurdumyzyň baş şäheriniň özboluşly görkezijisine, täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýär.
6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhanada iň amatly şertler dörediler.
Döwlet Baştutanymyz myhmanhanada syýahatçylaryň dynç almagy, ýokary derejeli halkara forumlary we beýleki çäreleri guramak hem-de geçirmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Toplumyň binagärlik keşbinde we bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy ajaýyplyklarynyň biri — Garagum sährasynyň hem-de onuň gaýtalanmajak tebigy görnüşleriniň öz beýanyny tapandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli ruhdan nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, “Garagum” myhmanhanasynyň ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi tabşyryp, bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42227
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçdi we welosipedli gezelenç etdi
Aşgabat, 3-nji oktýabr (TDH). Dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär.
Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler ýurdumyzda asylly kada öwrüldi. Munuň özi jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyryp, zyýanly endiklere, şol sanda ýokanç kesellere garşy durmaga ýardam berýär.
Köpetdagyň eteginde gurlan Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesi ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özboluşly nyşanydyr. Bu pyýada ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan künjegine, iri bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Tebigatyň bu täsin künjeginde güýz paslynyň sergin howaly säherinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Dag howasynyň tenekarlygy güýz paslynyň ynsan ruhuny göterýän säheriniň hoştaplygy bilen utgaşyp, adamlary beýik maksatlara ruhlandyrýar. Bu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tebigaty goramak meselesine uly üns berilýär. Bu şeýle hem bolmaly, çünki ekologiýa meseleleri Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasynda möhüm orun eýeleýär.
Dag gerişlerinden açylýan Aşgabadyň görnüşi haýran galdyrýar — säher bilen paýtagtymyz has-da ajaýyp görünýär. Onuň belent binalary, ýadygärlikleri ak mermere beslenen paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözel görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyz dünýäniň owadan hem-de ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýolundan geçýän mahalynda, künjegiň gözelliklerini, dag etekleriniň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň beden taýýarlygy, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin şertleri döretmek meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygynyň berkidilmeginde, ýokanç keselleriň öňüniň alynmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda ýaz hem-de güýz pasyllarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töweregindäki baýyrlyklarda, ýaýlalarda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak ýörelgesi asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahallary ekilýär.
Şeýlelikde, tokaý zolaklarynyň çägi giňelip, ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýy ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär. Saýaly, pürli hem-de miweli bag nahallarynyň arasynda maňyzly agaçlaryň, aýratyn-da, pisse agaçlarynyň bardygyny bellemek gerek.
Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, pissäniň maňzy ynsan üçin örän ýokumlydyr. Onuň düzüminde adam bedeni üçin zerur bolan witaminler bar. Bu künjekde köpýyllyk hasaplanylýan pisse agaçlarynyň köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilmegi ynsan saglygyna tenekar önümleriň bolçulygyny üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy we yzygiderli aladasy netijesinde, öz çägini giňeldýän tokaý zolaklary türkmen tebigatynyň bezegine we ekologiýa abadançylygynyň esasy şertine öwrüldi.
“Türkmenistanda 2011 — 2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzda häzirki zaman sport-sagaldyş düzümlerini kemala getirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri bina edildi. Şolarda adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmekleri halkymyzyň saglygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar bilen geçýän şu ýylda hem ýurdumyzyň türgenleri halkara bäsleşiklere, Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Munuň özi eziz Diýarymyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi we dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemäge ukyply türgenleriň taýýarlanmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Milli Liderimiz Saglyk ýoluny geçmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik aralygy pyýada geçdi.
Hormatly Prezidentimiz ýoluň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden beýik türkmen nusgawy şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina edilýän meýdançasyny we onuň ýanaşyk ýerlerini synlady. Häzirki döwürde akyldar şahyryň heýkeliniň oturdylan ýerinde degişli gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Türkmen halkynyň beýik şahyra bolan söýgüsiniň, hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen belent başly ajaýyp heýkel alyslardan seleňläp görünýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp künjekde seýilgäh zolaklarynyň hem-de dynç alyş meýdançalarynyň döredilmegine, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tenekar, tämiz dag howasy, tebigatyň täsin görnüşleri adamlary keýpiçag edýär, olaryň şähdini açýar we ruhuny göterýär.
Saglyk ýolunyň ugrunda hem-de töwereginde ekilen agaç nahallary we güller bu ýeriň gözelligini sazlaşykly baýlaşdyrýar, Köpetdagyň eteginiň ekologik ýagdaýyna amatly täsirini ýetirýär. Munuň özi salkyn howaly güýz günlerinde has-da äşgär duýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni tagallasy bilen, dag eteklerinde alnyp barylýan işler, bu ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler ýerli tebigy-howa şertleri nazara alnyp amala aşyrylýar. Bu bolsa şu künjekde ýerine ýetirilýän işleriň dag etekleriniň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginde aýratyn möhümdir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Bu bolsa ýurdumyzda sport hereketine goşulýanlaryň sanynyň yzygiderli artmagyna ýardam edýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň ählisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleri guramak ýurdumyzda asylly ýörelgä öwrüldi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir adamyň beden saglygyna däl, eýsem, ruhubelent bolmagyna, şeýle hem döredijilik işine oňyn täsir edýär.
Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny geçip, ýokary netijeli sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini wagyz etmek hem-de ösdürmek, oňa ilat köpçüligini, aýratyn hem ýaşlary giňden çekmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, halkyň saglygy, beden taýdan sagdyn, ýokary ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ygrarly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe ileri tutýan wezipeleri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galar.
Milli Liderimiz Saglyk ýoly boýunça guralan ýörişi tamamlandan soň, welosipedli gezelenji amala aşyrdy. Bu künjegiň gözelligi, onuň tebigy aýratynlyklary sport bilen meşgullanmak üçin oňyn şerti üpjün edýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikden ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbi görünýär.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde meýilleşdirilýän gurluşyklaryň binagärlik taslamalary taýýarlananda, olaryň ýerli tebigy aýratynlyklar bilen sazlaşmalydygyny tabşyrýar. Munuň özi şäheriň ekologik derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy bilen, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabatda amatly ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi ugrunda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç mahalynda bu künjegiň gözelliklerini synlady. Bu ýeriň howasy salkyn we ýakymly. Aýratyn-da, güýz günlerinde bu künjekde ynsan saglygy üçin ýaramly howa gurşawy emele geldi.
Hormatly Prezidentimiz ýolugra dürli meýdan ösümlikleri bilen örtülen töweregi synlady. Jülgeleriň ajaýyplyklary paýtagtymyzyň günorta çäklerini göwher halkasy ýaly gurşap alan häzirki zaman belent binalar bilen sazlaşýar.
Golaýda bolsa Gün şöhlesi astynda lowurdaýan ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik toplumlary seleňleýär, ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeler ýyllarynda dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmegiň täzeçil maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, tebigaty goramak strategiýasynyň wezipelerini ulgamlaýyn esasda çözmegiň zerurdygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa meselelerine örän uly üns berilýär.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli bag nahalyny ekmek maksatnamasy şunuň ýaly köpugurly işleriň mysalydyr. Bu işleriň netijesinde giň “gök guşaklar” hem-de tokaý zolaklary emele gelýär, olar howa ýagdaýyna amatly täsir edýän ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar.
Ösüp, barha boý alýan tokaý zolaklary we baglar türkmen topragyny bezeýär, howany arassalaýar, gurşawyň ekologiýa abadançylygyny, netijede, halkymyzyň saglygyny üpjün edýär.
Eziz Diýarymyzyň daşky gurşawyny, onuň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olara aýawly garamak we rejeli peýdalanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy, saglygyny berkitmegi hem-de many-mazmunly ýaşamagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işleri amala aşyryp, biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we suw meselelerini çözmekde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa abadançylygy üpjün edilen ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak, adamlaryň saglygyny berkitmek, olaryň kesele durnuklylygyny pugtalandyrmak meselesinde aýratyn ähmiýetlidir.
Welosiped sürmek diňe bir peýdaly endik bolman, eýsem, ol ynsan saglygyny berkitmegiň baş şertini emele getirýär. Gyzykly dynç almagyň bu görnüşi şahsy we toparlaýyn, jemgyýetçilik saglygyny berkitmegiň usuly hökmünde ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar, has takygy, ol adamlaryň jebisleşmegine ýardam berýär.
Gurulýan kaşaň binalar döwrebap ýol-ulag düzümleri, seýilgäh zolaklary bilen utgaşyp, şäheriň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem amala aşyrylýan gurluşyk taslamalarynyň ekologiýa talaplaryna hem-de kadalaryna doly laýyk gelmegine aýratyn üns berýär.
Göwnejaý ideg edilýän tokaý zolaklary, seýilgähler, seýil baglary hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklary uly şäherde diňe bir howanyň arassalygyny we ekologiýa deňagramlylygyny ýokary derejede saklamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, ruhuňy hem göterýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherini uzak möhletleýin esasda ösdürmek meýilleşdirilýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak, şäherde abadanlaşdyrmak boýunça innowasion maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, ýokary derejeli amatlyklary we estetiki gurşawy döretmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr diýip, milli Liderimiz belleýär.
3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar parahatçylyga, dostlukly we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara boş wagtyny peýdaly geçirmäge ýardam berýär. Beden maşklary adamyň ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär, pikirlenmek ukybyny güýçlendirýär, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär. Bedenterbiýe maksada ýetmek ugrunda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi terbiýeleýär.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42226
Aşgabat, 1-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, Mejlisde döredilen iş toparlarynyň köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada maglumat berdi.
Birnäçe kanunçylyk namalarynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlaryň ýerine ýetirilişi seljerilýär.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanylan üstünlikler barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikleri we başga-da birnäçe çykyşlary taýýarladylar.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada maglumat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de bu ugurda tejribe alyşmaga uly üns berilýär.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihalk ýygnagynyň guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň wekilleriniň sanly ulgam arkaly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adyndan hem wideoýüzlenme ugradyldy.
Halk Maslahatynyň ähmiýetini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary ýerlerde geçirilýän düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerine, maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döwletiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat edaralaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetiň jana-jan bähbitlerine hyzmat etmelidigini nygtady. Halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesi tutuş ilatyň bähbitlerine wekilçilik edip, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň durmuş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň taryhy tejribesi hem-de häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Goňşy döwletler bilen dostlukly, doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, 1993-nji ýylyň fewralynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär.
2007 — 2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy.
Türkmen-özbek ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsus bolup, ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artandygyny bellemek gerek. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun degişlidir. Häzirki wagta çenli bu toparyň 16 sany mejlisi geçirildi.
Türkmenistan we Özbegistan medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurda dürli çäreler, şol sanda iki ýurduň Medeniýet günleri yzygiderli guralýar. Şol günlerde Özbegistanda Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär.
Şonuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklardan ugur alnyp, iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Bu gatnaşyklar taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy ýakynlyga esaslanyp, biziň doganlyk halklarymyzy birleşdirýär.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýylsaýyn täze, anyk mazmuna eýe bolýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sebitleriniň derejesinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Sentýabr aýynda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekiliýetleriniň Özbegistanyň Horezm we Buhara welaýatlaryna bolan iş saparlary hem hut şoňa ýardam edýär.
Şonuň bilen birlikde, biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de birek-biregi goldaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň ähli ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmegi ugur edinýändigini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasyna boljak resmi sapara hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de ykdysady, maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde geljegi uly taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýum syýasatynyň wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy. Şonuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan (ITFC) karz çekmäge we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmaga rugsat almak barada haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz Yslam ösüş bankynyň hem-de onuň toparyna girýän düzümleriň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň iri halkara taslamasynyň — Demirgazyk — Günorta ulag-kommunikasiýa ulgamyny gurmak baradaky taslamanyň hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň energiýa üpjünçiligi ýaly taslamalaryň maýadarlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belledi. Yslam ösüş banky we onuň düzümleýin edaralary bilen gol çekilen karz ylalaşyklarynyň toplumy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan karz çekmek we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak barada hödürlenen teklibi makullap, bu ädimiň maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mysaly bolmak bilen, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygaryň hem-de nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady. Nyşanda Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan “2022” san şekillendirildi. Milli Liderimiz bu çäräni halkara talaplara laýyklykda, üstünlikli geçirmek maksady bilen, oňa taýýarlanmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň çig nebitini gaýtadan işlemek hyzmatyny ýerine ýetirmegi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu işleriň ýerine ýetirilmegi TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmaga hem-de goşmaça girdeji almaga ýardam eder.
Şeýle hem wise-premýer “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işleýän Hytaýyň “International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) ýer bölegini kärendä bermek meselesi boýunça hasabat berdi. Şol ýer bölegi ady agzalan şertnamalaýyn çägiň bir böleginde ýerleşen gazly ýataklaryň ýerüsti desgalary üçin niýetlenen suw üpjünçilik ulgamlaryny çekmek üçin niýetlenýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Biziň ýurdumyz ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolup, ýangyç-energetika toplumynyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagy ugur edinmek bilen, gaýtadan işleýän pudaga, onuň kuwwatlyklarynyň doly ulanylmagyna aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz TNGIZT-de alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, biziň ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy, şol sanda özara gatnaşyklaryň köpýyllyk üstünlikli tejribesine eýe bolan “CNPC” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny mysal hökmünde getirdi. HHR-den hyzmatdaşlaryň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň uglewodorodly ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz känini gurmaga gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boldy.
Türkmen “mawy ýangyjyny” HHR-e uzak möhletleýin akdyrýan bu transmilli energiýa ulgamyny Aziýada durnukly ykdysady ösüşe, köpugurly turba geçiriji düzümi döretmäge, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant diýip atlandyrmak bolar.
Şu ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. “Mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýän bu taslamanyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz hödürlenen Buýruga gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli resminamanyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy we himiýa senagaty üçin harytlary satyn almak boýunça taýýarlanýan teklipler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň geçirilendigi habar berildi. Mejlisiň çäklerinde obasenagat toplumynda söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, esasan hem, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Mejlisiň jemleri boýunça 2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan dürli görnüşli oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak meýilleşdirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk ekinleri üçin mineral dökünleri satyn almak boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde toparyň ornuny we ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu toparyň işiniň, ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilendigini aýtdy. Şol hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine daýanýar.
Milli Liderimiz Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara — Owganystana, Eýran Yslam Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna hem-de Özbegistan Respublikasyna iberilişi her ýyl artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda degişli şertnama baglaşyldy, şol şertnamanyň möhleti 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisinde döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň geljegi, hususan-da, iki ýurtda öndürilýän himiýa önümleriniň özara iberilişini artdyrmagyň mümkinçilikleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna 2022 — 2025-nji ýyllarda oba hojalygyny mineral dökünleri we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, şertnamalary baglaşmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hyzmatdaş daşary ýurtlar, ilkinji nobatda, Türkmenistany asyrlaryň synagyndan geçen ysnyşykly dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan ýakyn goňşular bilen köptaraplaýyn özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna berilýän ähmiýetiň örän möhümdigini nygtady.
Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işler içerki sarp edijileri, şol sanda iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün edip, Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny berkitmek bilen birlikde, daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, serhetdeş ýurtlara elektrik energiýasynyň eksport edilişiniň mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanda öndürilýän himiýa önümlerini satyn almaga şertnamalary baglaşmak hakynda Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, uzak möhletli, özara bähbitli ýola goýulýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmäge berilýän ägirt uly ähmiýeti nazarda tutup, hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, şol gün BAE-niň wekilleri bilen ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli serginiň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzir Türkmenistanda ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi. Ol türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edip, ýurdumyza dünýäniň ykdysady taýdan ösen we syýasy taýdan durnukly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berdi diýip belledi.
Milli Liderimiz «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle çäreleriň türkmen döwletiniň gazananlaryny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny dünýä görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şeýle forumlaryň anyk netijeleri gazanmagy ugur edinmelidigini aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek işewür duşuşyklaryň we gepleşikleriň iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisi Hökümetiň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowanyň hasabaty bilen dowam etdi.
Wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipeleri ilerletmek maksady bilen, dürli medeni çäreleri, döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen Türkmenistanyň ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler we maslahatlar barada hasabat berdi.
Halkara ähmiýetli çäreleri ugurdaş düzümler bilen degişli derejede guramak maksady bilen, medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýlelikde, şu ýylyň 27 — 29-njy oktýabry aralygynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Olar ata Watanymyzyň durnukly ösüşiniň hem-de mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmetininiň aýdyň görkezijisidir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şolarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlary, halkymyzyň ýokary watançylyk ruhy öz beýanyny tapmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenen medeni-ynsanperwer ulgamy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, O.Çerkezowany Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreler, hususan-da, «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Her ýyl 10-njy oktýabrda bellenilýän saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem baýramçylygyň öň ýanynda BSGG tarapyndan Bütindünýä palliatiw saglygy goraýyş kömek güni mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak meýilleşdirilýär.
Dürli ulgamlarda Diýarymyzyň saglygy goraýşynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar ýurdumyzyň welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralarynda hem guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her günki yhlasly zähmeti bilen ilatyň saglygyny berkitmäge, diýmek, onuň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge uly goşant goşýan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi mynasyp baýram etmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň, ilkinji nobatda, dürli görnüşli keselleriň öňüni almagyň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygy barada aýdyp, dünýäniň lukmançylyk jemgyýeti, ilkinji nobatda, BSGG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny aýdyp, bular barada ýakynda sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda-da belläp geçendigini ýatlatdy.
Türkmen tarapynyň öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça birnäçe başlangyçlary köptaraply gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu başlangyçlar birnäçe möhüm ugurlar boýunça köpçülikleýin ylmy-barlag işleriniň netijelerini gazanmagyň anyk görnüşlerine garamaga mümkinçilik döredip, howply ýokançlara garşy hereket etmekde uzak möhletli geljek üçin biri-birine meňzeş hem-de ulgamlaýyn halkara gurallary ýola goýmaga ýardam eder.
Milli Liderimiz bu işde bilelikdäki maslahatlary yzygiderli geçirmegiň netijeli gural bolup hyzmat edýändigini belläp, wise-premýere ähli çäreleriň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler, şeýle hem Türkmenabat Halkara howa menzilinden rejeli howa ýük gatnawlaryny ýerine ýetirmäge rugsat almak barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Şoňa laýyklykda, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk toruny giňeltmek üçin enjamlar toplumyny satyn almak barada halkara bäsleşik yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň teklipleri seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýa ulgamyny dolandyrmak, menejmentiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi döwrüň talaplary bilen şertlendirilendir hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, döwlet düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işini degişli derejede üpjün etmegi hem-de hereketleriň anyk meýilnamasynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz awia ýük daşamalarynyň ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp hem-de halkara logistika giňişligine goşulmak bilen, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysyna ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, oňa birnäçe anyk görkezmeleri, şol sanda ýük uçarlarynyň daşary ýurtlara gatnawlaryny guramak babatda degişli görkezme berdi.
Milli Liderimiz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanly ulgamyny özgertmek, tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň iri taslamalary amala aşyrmaga girişendigini belledi. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda giň zolakly internetiň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döredilen mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, degişli işleri yzygiderli amala aşyrmak, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny giňeltmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Işiň häzirki zaman usullaryny hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleriň döredilmeginiň häzirki wagtda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda kabul edilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda gözegçilik edýän düzümleriniň işgärler düzümini pugtalandyrmak bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, çarşenbe güni, 6-njy oktýabrda garaşsyzlygymyz, erkinligimiz, bagtyýar durmuşymyz üçin şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň hatyralanyp hem-de olaryň ýatlanyp geçiljekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ähli häkimlere, ýolbaşçylara Hatyra gününde geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýubileýi — 30 ýyllygy bilen bagly dabaralaryň ýokary derejede geçirilendigini belledi.
Eziz Watanymyzyň mukaddes ýubileý senesini bellemek bilen, geçen 30 ýylyň dowamynda giň gerimli, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirýäris. Biziň halkymyzyň ähli kynçylyklary ýeňip geçendigine we kuwwatly häzirki zaman döwletini döredendigine buýsanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Dabaraly harby ýöriş we raýatlarymyzyň baýramçylyk çykyşlary hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu bolsa biziň 30 ýylyň dowamynda gazanan ajaýyp üstünliklerimiziň netijelerini aýdyň görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz bu dabaralary, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek üçin köp sanly edara-kärhanalaryň uly we tutanýerli iş alyp barandygyny belläp, bu baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmäge gatnaşanlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, bu gün döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42159