Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär. Ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek, welaýatyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek babatda degişli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki günlerde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerlerde sürüm we tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bazarlarda we dükanlarda azyk bolçulygyny döretmek, ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, meýdanlaryň ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, welaýatyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, ilaty harytlaryň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine gowy taýýarlyk görülmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri, baýramçylyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek babatda degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy dökünler bilen gurplandyrmak, ýerleri sürmek, tekizlemek işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli çäreler ýerine ýetirilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul edilýär we gaýtadan işlenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki bazarlarda, söwda nokatlarynda ilata sowgatlyk we azyk önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, gowaça ekişine taýýarlyk çäreleriniň talabalaýyk we öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerleri sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýazky ekiş möwsümini öz wagtynda, talabalaýyk geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Beýleki habarlar
24.12.2024
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu gazna bilen geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meýilleri maslahatlaşyldy.

Şol gün Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekildi.

3 — 5-nji noýabrda Aşgabatda degişli ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary hem-de dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary, ýöriteleşdirilen enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi.

4-5-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek — Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry» atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy. Onda terrorçylyga garşy göreşmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptaraply çemeleşmeleri ulanmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen bolan duşuşyklarda bu bank bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine, şol sanda «ýaşyl» şäherler, suw çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda 6-njy noýabrda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Şol gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilen «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatda oba hojalygy pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak meselesine garaldy.

7-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela bilen geçirilen duşuşykda bu gurama bilen alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlyga üns çekildi. Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça oňyn netijeleri gazanandygy we häzirki wagtda bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýändigi bellenildi.

Şol gün ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda taraplar dürli ugurlarda döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulan wagtyndan bäri howanyň üýtgemegi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berildi.

8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan guralan Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň baş maksady «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybarat boldy. Bu meseläni oňyn çözmekde ýurdumyzyň goşan uly goşandy BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Türkmenistanyň Hökümetine gowşuran degişli güwänamasy bilen tassyklanyldy.

Şol gün Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirilip, onuň barşynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna garaldy. Hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen geljek ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy.

11 — 16-njy noýabrda Aşgabatda Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara tennis ýaryşy paýtagtymyzyň halkara derejeli sport ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Oglanlardan 16 jübütiň we gyzlardan hem 14 jübütiň gatnaşan toparlaýyn bäsleşikleri türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.

Aşgabatda 14-15-nji noýabrda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telearagatnaşyk ulgamlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

15-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bolan dürli ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meselelerine garaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary maslahatlaşyldy. Şeýle hem şanly seneler — 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy, gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli alnyp barlan işleriň ähmiýeti bellenildi.

16-njy noýabrda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemleýji dabara, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi, türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Mundan başga-da, Magtymguly Pyraga we Änew medeniýetine bagyşlanan düzme ýazmak we ýaş suratkeşleriň eserleriniň halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 16-njy noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meselelerine garaldy hem-de toparyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

18-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Şol gün BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu merkez bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy.

21-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen geçirilen gepleşiklerde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen 25-nji noýabrda geçiren duşuşygynda ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygy bellenildi.

Şol gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýns bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

26-njy noýabrda Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň bu düzüm bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesine, üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň we ýük akymlaryny çaltlaşdyrmagyň gurallaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

26-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň nobatdaky 14-nji duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma bilen bolan duşuşykda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy.

26-27-nji noýabrda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň baş maksady ulag arabaglanyşygyny berkitmekden, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekden, durnukly we inklýuziw ulag düzümleri üçin netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakdan, «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmakdan, ekologik taýdan arassa logistikanyň ösüşini goldamakdan hem-de durnukly ulag ulgamlary barada bilimleri artdyrmakdan ybarat boldy. Forumyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt hem-de Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyklar geçirilip, olarda ulag ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy.

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirildi.

26 — 28-nji noýabrda türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbede SPECA günleriniň çäklerinde «SPECA sebitinde «ýaşyl» ösüş» ady bilen geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň ykdysady forumyna, şeýle hem SPECA-nyň ýolbaşçylar geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy. Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş ugrundaky işi utgaşdyryş müdirliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Gwi-Ýeop Son bilen bolan duşuşykda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli meýilnamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şol gün Türkmenistanyň we Iordan Haşimit Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen syýasy geňeşmelerde dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumy maslahatlaşyldy.

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly 2-nji Aşgabat maslahaty geçirildi. Onuň baş maksady howpsuzlygy, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine parahatçylygy üpjün etmäge umumy çemeleşmeleri goldamakdan we ilerletmekden ybarat boldy.

28-nji noýabrda Aşgabatda utgaşykly görnüşde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ol oba hojalygyna «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga bagyşlandy. Çäräniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusu hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň direktory Arnold Kreýlhuber bilen duşuşyklar geçirildi.

29-njy noýabrda Wengriýada iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

30-njy noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly guramalar bilen geçiren dürli görnüşdäki halkara çäreleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

(TDH)



21.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr. Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynda bolup, onuň töwereginde döredilen ugurdaş desgalaryň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe binalaryň döredilendigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdyp, Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek hem-de ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat beripdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şol gün ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän, gaty sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozup bilýändigini aýdyp, şeýle-de bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürüpdi. Adam hakyndaky aladany esasy ugur edinýän bu başlangyç uly goldawa eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, içeri işler ministri ýakynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize Awtomobil sport toplumyny göçürmek boýunça degişli işleri ýerine ýetirmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz bu babatdaky işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şunuň esasynda, Gahryman Arkadagymyz berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we toplumyň ýerleşjek çäginiň aýratynlygy bilen ýerinde tanyşmak, bu barada degerli maslahatlary bermek üçin bu ýere gelendigini aýtdy. Bu ýerde toplumyň binalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we desgalaryň aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine degişli taslamalar görkezildi.

Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy meýdany 71 gektar bolup, ol paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Täze toplumyň desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça taslamalaryň üç toplumy teklip edilýär. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren taslamalar toplumynda görkezilýän binalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Taslamada görkezilişi ýaly, merkez iki bölekden ybarat bolup, olarda awtomobil sporty boýunça türgenleşikleri geçirmek, sport ulaglaryny ýaryşlara taýýarlamak, türgenler bilen okuwlary geçmek, halkara derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem toplumyň binalarynyň biriniň nyşany hökmünde ahalteke bedewiniň, beýlekisi üçin bolsa alabaýyň şekili saýlanyp alnypdyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nygtap, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň, bu ugur bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmak, olaryň halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz türkmen türgenleriniň “Ýüpek ýoly — 2024” halkara awtoralli ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolandyklaryny belledi.

Milli Liderimiz täze toplumyň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, bu ýerde dünýä ýaryşlaryny, awto we motosportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda kiçi göwrümli sport ulaglarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Şunda halkalaýyn bäsleşik ýollarynyň gurulmagy, dürli päsgelçilikli menzilleriň çekilmegi we çylşyrymly şertleri özünde jemleýän uzak aralyk boýunça awtomobil ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň nazara alynmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Awtomobil sport toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagy bilen tanyşdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe toplan Milli Liderimizden täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplardyr. Hormatly Arkadagymyz sport ulagyny dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Sport awtoulagy Milli Liderimiziň dolandyrmagynda sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.

Şu günler Garagum sährasynyň gözelliginde üýtgeşik özüne çekijilik duýulýar. Arassa çägeleriň sähranyň ösümlik dünýäsi bilen utgaşmagy hem-de gyş paslynyň salkyn howasy bu ýerleriň ekologik derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeginiň, şol sanda ajaýyp giňişlikleri bolan sähranyň sahawatyndan habar berýär.

Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyz sportuň adamlarda, aýratyn-da, ýaşlarda maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endiklerini terbiýelemekde ähmiýetlidigini yzygiderli nygtaýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aral sebitiniň ekologik derejesini ýokarlandyrmak babatda halkara giňişlikde bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, Aralýaka sebitinde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli goldawy netijesinde milli awtomobil sporty mekdebi barha kämilleşýär. Sport awtoulaglarynyň hatary täze ulaglar bilen yzygiderli artdyrylýar.

...Gahryman Arkadagymyz täze sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.

Ýeri gelende, ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilendigini bellemek ýakymly. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, awtoralliniň geçýän ugry boýunça kesgitlenen menzili geçmekde ýokary netije görkezendigi hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ençeme gezek sport awtoulaglarynda çykyş edip, gazanan ajaýyp ýeňişleri ýurdumyzyň awtomobil sportunyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen işleriň degişli derejede geçirilmegi, gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we şunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň zerurlyklary üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Çünki bu künjegiň ak çägeleri arassalyk babatda ýokary ekologik derejä doly laýyk gelýär. Merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hünärini kämilleşdirmek, ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny we kesgitlenen tertip-düzgüni berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, Milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awto we motosportuň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, geljekde halkara derejedäki awtoralli ýaryşlarynyň guralmagy babatda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda golf meýdançalaryna bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny nazara alyp, paýtagtymyzda hereket edýän meýdança ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy babatda maslahatlaryny berdi. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli berkidilmeginde örän ähmiýetlidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu künjegiň tebigy aýratynlygynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar. Şu maksat bilen, Garagum sährasynda sazagyň we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 million 320 müň düýbüniň ekilmegi meýilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmalydygyny, sazak, sözen ýaly syrdam çöl agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

20.12.2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat — Kuala-Lumpur, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlary, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikler hem özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň resmi wekili bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.

19.12.2024
Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň möhüm şerti

Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini belledi.

Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, şeýle-de paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeşler toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.

Sylaglananlaryň hatarynda türkmen halkynyň medeni mirasyny aýawly saklamaga we wagyz etmäge, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmäge, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşan daşary ýurtlaryň raýatlary hem bar. Hususan-da, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» ady dakyldy, şeýle hem nemes lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Klaus Georg Parhofere Türkmenistanyň «Arkadag» medaly gowşuryldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakylyp, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary gowşuryldy.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Çykyşlarda Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugruna we halkara giňişlikde parahatçylygy üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi. Mowzuklaýyn mejlisleriň dowamynda durnukly ösüşi üpjün etmäge, döwletlerdir halklaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dialog we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge, möhüm ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmäge, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin öňdebaryjy tejribeleri, innowasion tehnologiýalary we strategiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Maslahatyň netijeleri kabul edilen Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar milli we halkara strategiýalara Bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmek babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen bagly pikirlerini beýan etdiler.

Baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si açyldy. Daşoguz şäherinde bolsa 1500-e golaý maşgala täze jaýlara göçüp geldi. Bu ýerde 71 gektar meýdany tutýan täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi. Toplumyň düzümine ýerleşdirilişi has gowulandyrylan dört gatly öýleriň 70-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri girýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «KamAZ» okuw-hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Merkezde awtoulaglary abatlamak we olara hyzmat etmek işleri ýerine ýetiriler.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirendigini bellemek gerek. Mejlisde 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana, şeýle hem «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Mundan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi. Iri halkara guramanyň wekili döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkara hukuk tertibini berkitmegiň we ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmegiň, dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň bähbidine hukuk we beýleki degişli gurallary berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde işini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. ÝB-niň Ýörite wekili döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy.

11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Sadaka gatnaşyjylar Gökdepe metjidinde agzybirlikde öýle namazyny okadylar.

12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda paýtagtymyzda amatly ýaşaýyş şertlerini döretmegiň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň, ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň, ekologik ýagdaýy mundan beýläk-de gowulandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnama amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek şol maksatnamanyň esasy wezipesidir. Hormatly Prezidentimiz özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan hem-de Özbegistan Respublikasynyň ilçisi Rawşanbek Alimow ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Estoniýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň hem-de Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi.

Synymyzy dowam edip, geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirendigini bellemek gerek. Onda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen bolan duşuşygynda ýola goýlan köpasyrlyk gatnaşyklary dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen dabarada Arkadag şäheri hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesine mynasyp boldy. Bu baýrak döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň we ösüşiniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky nyşany boldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmegini teklip etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar, bu ýerde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň “Buig Türkmen” kompaniýasynyň Baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralar bar. Dabaranyň dowamynda zähmetde aýratyn tapawutlanan ýangyç-energetika toplumynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli senagat pudagynda gazanylan üstünlikleri we sepgitleri wagyz etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara badalga berildi. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowamynda bu ýerde, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň baş meýdançalarynda Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, ýaş zehinleriň çykyşlaryny özünde jemleýän baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasaty yzygiderli dowam etdirýär. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ata Watanymyz ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

(TDH)

18.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alnyp, häzirki wagtda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek babatda işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdelerdir enjamlar bilen üpjün etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda zerur çäreler ýerine ýetirilýär, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar. Sebitde bar bolan biokärhanalary geljek ýylyň möwsümine taýýarlamak boýunça ýörite topar döredilip, olaryň önümçilik binalaryny abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatdaky biokärhanalary ýazky oba hojalyk işlerine taýýarlamak maksady bilen, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň pagta öndürijileri bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim sebitiň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak hakynda tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatdaky biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de sebitde ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak hem-de bejermek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş, bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal we enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Beýleki habarlar
17.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gyş paslynyň bu pursatlarynda şäheriň keşbinde özboluşly gözellik duýulýar. Onuň älemgoşar öwüşginli yşyklary ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän günlerinde mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

D.Orazow Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda bolup, şol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyny we güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly berlen baýragy, degişli güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýan bu çözgüt bilen gutlady.

Milli Liderimiz şäheriň halkara baýraklardyr güwänamalara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini aňladýandygyny belledi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnyp, olaryň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanylmagy ägirt uly ösüşdir. Arkadag şäheri hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesine mynasyp boldy. Munuň özi lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa degişli önümleriniň hil derejesiniň ykrar edilmesidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda görüljek çäreler barada bu ýerde goýlan şekil taslamalarynyň üsti bilen hasabat berdi. Taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän köpriniň şekil taslamalary, täze köpriniň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bar. Şeýle hem «Akhan» binasyndan «Taýçanak» binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri barada maglumat berildi.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu ugurda maslahatlaryny berdi.

Alym Arkadagymyz şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň ylmy esasda öwrenilmeginiň, olaryň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny belledi we şäheriň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda ähmiýetli bolan seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar, Arkadag şäherinde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine maýa goýum serişdelerini çekmek bilen bagly meseleler hakynda maglumat berildi. Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini we gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça alnyp barylýan işleri hem netijeli dowam etdirmek zerurdyr.

Iş maslahatynyň dowamynda G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyklar barada-da hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramynyň hormatyna guralýan dabaralar Arkadag şäheriniň ähli künjegini gurşap alar.

Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralary täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň öz beýanyny tapmagy babatda zerur tagallalar edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri täze şäheriň häzirki zaman keşbine we onuň derejesine laýyk gelmelidir. Bu Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde-de göz öňünde tutulmalydyr diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkymyzdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegi haýyş etdiler.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, onuň türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna mahsusdygyny aýtdy. Çünki parahat türkmen ilinde tutuş adamzat ähmiýetli maslahatlar agzybirlikde, halkymyz bilen ylalaşykly geçirilýär. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi makullan halatynda, degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekip, iş maslahatyny jemledi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig Türkmen” kompaniýasynyň Baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür öz wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar we geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär.

Gahryman Arkadagymyz “Buig Türkmen” kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny, şu geçen döwürde bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigini aýdyp, Milli Liderimiz gurluşyk işlerinde döwrebap serişdeleriň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Işewür bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant bolýandygyny duýmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde özlerine ynanylan gurluşyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem A.Reşow duşuşygyň dowamynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň häzirki döwürde ýerine ýetirýän gurluşyklary we geljekde alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bina edilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler berklik, uzak möhletleýinlik derejesine doly laýyk gelmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýratyn nygtap, işewüre öňde goýlan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny tamamlap, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

16.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda duşuşmaga şatdygyny belledi. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini halkara giňişlikde yzygiderli goldaýar. Binali Ýyldyrym Türkmenistandaky dabaralara gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkiýäniň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa hökümetara derejede hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara dialog deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldaw bermek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Türkmenistan goňşy hem doganlyk ýurtlar, hususan-da, türki döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we doganlyk halklary taryhyň, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň düzüm birlikleri, hususan-da, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň gerimini giňeltmek maksadalaýykdyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň ähmiýeti hem bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklap, myhmana asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

11.12.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki alyp barýan işleriniň netijelerine berýän bahasyna, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmegiň ýollary, häzirki we ýakyn döwürde milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlary baradaky garaýyşlaryna düşünmek babatda gowy mümkinçilikdigi nygtaldy. Munuň özi milli diplomatik gullugyň işgärleri üçin ýolgörkeziji we esas goýujy ýörelgeler bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly şanly seneleri — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara çäreleri hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp baryljakdygyna üns çekildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkara ugrunyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda uzak ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça möhüm başlangyçlar, pikirler we teklipler öňe sürüldi. Olar ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy, ösüşi berkitmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag diplomatiýasyny ösdürmek, ekologiýany goramak, ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek bilen bagly mowzuklary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ähmiýete eýe bolan bu syýasatyň we tutumly işleriň mynasyp derejede dowam etdirilýändigi bellenildi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle syýasatyň netijeleri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýar, Milletler Bileleşiginiň anyk Kararnamalarynda we halkara ähmiýetli işlerde aýdyň beýanyny tapýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnamanyň — “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama bolsa ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Bu resminama dürli halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir. Çünki häzirki wagtda ynsanperwer häsiýetli işler umumadamzat ösüşi nukdaýnazaryndan parahatçylygy döretmegiň, onuň durnuklylgyny üpjün etmegiň binýady bolup durýar. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän aýratyn ünsi hem-de yzygiderli goldawlary, hususan-da, gullugyň işgärler düzümini taýýarlamak, guramaçylyk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol şu günki mejlisde beriljek tabşyryklardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlardaky ilçihanalar, konsullyklar, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalar tarapyndan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” esaslanyp, 2025-nji ýylda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen syýasy, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmek, medeniýet, ylym, bilim, durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin maksatnamalaýyn işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem möhüm waka bolup durýandygyny, gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny nygtady we hemmeleri taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu wakalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýandygyny belledi we bu ugurda halkara guramalar bilen bilelikdäki işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamanyň taýýarlanylmagyna ünsi çekip, şol resminamada Bitaraplygyň kadalarynyň aýdyň beýan edilmelidigini belledi we Daşary işler ministrligine bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.

Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.

Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidigini, maglumat beriş işlerinde öňde goýlan wezipeleriň has giň gerimli bolmalydygyny, Bitarap döwletimiziň baý taryhynyň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, gadymy ýadygärlikleriniň, özboluşly, ajaýyp tebigatynyň, häzirki zaman «akylly» şäherleriniň, ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleriniň beýan edilmelidigini aýtdy. Munuň üçin Türkmenistanyň ähli ilçihanalaryna bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy we BMG-ä agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle-de şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň örän giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine alýandygyny belläp, geljek ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyklara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine ýüzlenip, geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýanyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi we Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan, ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän döwletleriň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda örän möhüm meselelere seredilendigini we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini, milli diplomatik gullugyň öňünde täze wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda gol çeken Kararynyň möhüm ähmiýetini nygtap, gullugyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geljek ýylda birnäçe möhüm çäreleriň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, milli diplomatik gullugyň işgärleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda netijeli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Ženewada ýerleşýän ýöriteleşdirilen edaralar bilen hem yzygiderli esasda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu edaralaryň arasynda iň irileriniň biri bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen işjeň aragatnaşyk saklanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2025-nji ýylda işleri Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ugurda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň çäklerinde alyp barýan işleri, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrundaky tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Ol sözüniň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan ähli zerur işleriň durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana we onuň halkyna yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini berýär. Munuň üçin Owganystanyň ýolbaşçylary hem-de owgan halky hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirýärler.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, dost-doganlyga esaslanyp, bütin sebit üçin örän möhüm taslamalary amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana we bu ýurduň üsti bilen sebitiň beýleki ýurtlaryna geçýän demir ýollaryň taslamalary bar. Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen iki goňşy ýurduň arasynda barha ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ilçihananyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

10.12.2024
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça kanunçylyk hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň pugtalandyrylmagynyň bu edaranyň işiniň esasy ugrudygyny belledi. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol howpsuzlygy düzgünleriniň, ýangyna garşy göreş düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, jenaýatçylyga we beýleki hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň we gyş möwsüminiň gelendigi üçin ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilmegi üçin döwrebap usullary we innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan meýilnamalar barada aýtmak bilen, Ýokary kazyýetiň başlygyna kazyýet işgärleriniň hünär bilimini artdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ministrligiň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň hem-de bu ugurda döwrebap tejribelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk ministrine öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler, gözegçilik edýän düzümlerini döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamakda serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ilata hukuk kömegini bermek babatda görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny seljermegiň hem-de olaryň milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Edara-kärhanalarda, ilat arasynda hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri guramak, kabul edilýän kanunlaryň maksatlaryny we ähmiýetini düşündirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, gullugyň işini döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat barada hasabat berildi. Onda Merkezi Aziýada degişli ählumumy başlangyjyň jemi jemlenildi. Habar berlişi ýaly, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ulgamda gazanan üstünlikleri bellenildi hem-de Jemleýji resminama kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň degişli kanunçylygyň kadalaryny berjaý etmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Gullugyň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýokary hünär derejesini we jogapkärçiligi görkezmelidiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça goşulyşan halkara ylalaşyklarynyň borçnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.12.2024
Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion esasda yzygiderli ösdürilmegine, ilata döwlet tarapyndan berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, welaýatlarda önüm öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýandygy bellenildi. Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň alnyp barylýan syýasy dialogyň durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan söwda-ykdysady ulgam hem ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň işiniň uly ähmiýeti bellenildi.

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşmalaryň dowamynda ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylygy, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamynda durmuşa geçirýän işleriniň nusgalyk häsiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollar gurlup ulanmaga berilýär. 2022-nji ýylda döredilen Durnukly ulagyň dostlary topary bolsa bu ugurda köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam edýär.

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bank işini döwrebaplaşdyrmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ýaly meseleler bar. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz garamagyna hödürlenilen teklipleri, hususan-da, ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek baradaky teklipleri goldady.

Ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada aýdyldy. Şeýle-de şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly giňden beýan edilýän «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, täze tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmegiň, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmagyň, ylmy toplumlaýyn esasda ösdürmegiň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagyň meselelerine aýratyn üns çekildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsady wagtynda ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlaryň esasynda döredilen eseriň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, binalaryň bezeg aýratynlyklary, lukmançylyk klasteriniň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň, döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy babatda birnäçe belliklerini aýtdy. Iş maslahatynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyny kabul etmek maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmak, şäherde ýokary ekologik derejäni saklamak hem-de şanly seneler, şol sanda Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Hormatly Arkadagymyz Akhan we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Milli Liderimiz onuň merkezi künjeginde gurulýan binany “Taýçanak” diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde bu düzümiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisde çykyş edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň birnäçesini beýan etdi. Hususan-da, bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmegiň zerurdygy nygtaldy. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin geňeşiň agzalarynyň TDG-ä agza döwletleriň Baştutanlaryna anyk teklipler bilen ýüzlenmegiň we şol teklipleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşini geljekde “Ýaşulular geňeşi” diýip atlandyrmagy hem-de şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu düzümiň “Hormatly il ýaşulusy” diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Geňeşiň öz habar beriş serişdesini — gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmek teklibi hem beýan edildi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty we sergini görkezmek bolar. Oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäresi hem geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Geçirilen duşuşyklaryň we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň dowamynda ylmy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guraldy. Ýurtlaryň arasyndaky köpugurly dialog, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekde parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň işjeň ulanylmagy forumyň gün tertibiniň esasy mowzuklary boldy. Parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny giňeltmek, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna we tekliplerine aýratyn üns çekildi.

“Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilen halkara maslahatyň esasy maksady agzalan ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybarat boldy. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň arasynda resminama gol çekildi.

«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalaryna garamak Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen birlikde, deputatlar administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hoşmeýilli erk-islegiň, iň gowy tejribeleri, oňyn pikirleri alyşmagyň esasynda dürli ýurtlardyr halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi nazarlaýan daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

(TDH)

04.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, dekabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda dekabr aýynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alynýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk işleri bökdençsiz geçirilýär. Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere, baýramçylyk mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi hem tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak, tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, şu ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ekin meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça hem degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de ony kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, dekabr aýyndaky medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dekabr aýynda welaýatda geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak hem-de bejermek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş we bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler dowam edýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, bugdaý meýdanlarynda birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda galan pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň möhümdigini aýdyp, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ekiljek ýerleri fosfor döküni bilen gurplandyrmak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlary möwsümleýin oba hojalyk işlerinde zerur serişdeler bilen üpjün etmek meselesine ünsi çekip, welaýatlarda bar bolan biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy, bu kärhanalaryň önümçilik binalaryny talabalaýyk saklamagy, olary çig mal bilen wagtynda üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmegi, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işlerini geçirmekde sarp edilen nebit önümleri üçin tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almagy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ähli ýerlerde Halkara Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda dekabr aýynda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary dabaraly açyp ulanmaga bermäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.12.2024