Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Hindistanyň dostlukly Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hanym Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara giňişlikde öňe sürülýän oňyn başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, täze durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer. Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Derman serişdelerini bilelikde öndürmek boýunça hindi kompaniýalary bilen alnyp barylýan netijeli işler munuň aýdyň mysalydyr.

Ynsanperwer ulgamdaky — ylym, bilim, medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi diliniň öwredilýändigi bellenildi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda biziň halklarymyzyň baý taryhy we medeni mirasynyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet günleriniň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegine möhüm orun degişlidir. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, umuman, türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Diplomat mähirli kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

21.02.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Şeýle-de häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň ak ekin, gowaça ekiljek meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda, zeýkeşlerde arassaçylyk işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm işleri doly geçirilip, häzirki wagtda tekizleýiş we ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagta öndürijileri welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerinde sürüm işleri tamamlanyp, suw tutmak we bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda we zeýkeşlerde arassaçylyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň gyşky möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýerden bol hasyl almak üçin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmelidigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, bu ekinleriň tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, olaryň daş-töwereklerinde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda degişli işleriň talabalaýyk geçirilmegini, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ýazky möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki azyklyk ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin olaryň ekilmeli ýerleri, tohumlary taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyşky möwsümde welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreleriň görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerlerde degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly amala aşyrylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

20.02.2024
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.

Soňra dabara gatnaşyjylar institutyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine baryp gördüler we bu bilim ojagynyň geçen ýoly hem-de gazananlary bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatik resminamalar, hatlaryň göçürmeleri, golýazma kitaplar, institutyň düzümleri, halkara maslahatlar hem-de forumlar baradaky maglumatlar, okuw gollanmalary, ylmy işler, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dürli dillerde neşir edilen kitaplary ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Institutyň eýwanynda ýörite sergi guraldy, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň taryhyny, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilişini beýan edýän wideofilm görkezildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara syýasatda möhüm orny bolup, ol häzirki zaman gün tertibini emele getirmäge oňyn täsir edýär, abraýdan we hyzmatdaşlarynyň ykrar etmeginden peýdalanýar. Muny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 25 sany Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň tassyklaýar. “Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýä işlerine diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we berkidilmegi boýunça wajyp çözgütler kabul edildi. Şu döwürde biziň ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň sany iki esse diýen ýaly köpeldi” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gutlagynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň döredilmeginde we berkidilmeginde, onuň mümkinçilikleriniň açylmagynda, geografiýasynyň hem-de iş ugurlarynyň giňeldilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygyny belledi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňdengörüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň garaýyşlary beýleki halklara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara esaslanýar. Şahyryň edebi mirasy “siwilizasiýanyň dialogy” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň hem-de filosofyň pikirleriniň, dünýä we türkmen halkynyň ondaky orny baradaky garaýyşlarynyň dowamydyr.

Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem çykyş etdiler. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Döwletimiz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, öz syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen Kararnamalary hem aýdyň mysaldyr. Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Bitaraplyk syýasatyna möhüm orun degişlidir. Bu syýasat döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň mirasynyň, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden eserleriniň hem-de senetçilik sungatynyň BMG-niň derejesinde ykrar edilmegi olaryň dünýä siwilizasiýasy üçin gymmatly ähmiýetini tassyklaýar. Diplomatlar şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini bellediler. Şunda dostlukly döwletleriň ählisi bu çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine öz goşantlaryny goşmaga we olara gatnaşmaga taýýardyr.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine ýokary talaplaryň bildirilýändigine ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, diplomatlar Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ählumumylaşma şertlerinde halkara gatnaşyklarda türkmen diplomatiýasynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy bellenildi. Milli diplomatiýa däbe öwrülen we häzirki zaman gurallarynyň hem-de iş ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy hökmünde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine eýermek bilen, döwletleriň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýar.

Halkara meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna deňeçer, yzygiderli çemeleşmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylyk Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy aýratynlyklary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysady, ulag, energetika, ekologiýa, ylym, lukmançylyk, medeniýet, sport ýaly diplomatiýanyň möhüm ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, halkara abraýy barha artýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär. Şonuň üçin-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermek maksady bilen, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Munuň özi täze hünär ugurlaryny açmak, bilim bermek işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary, innowasion usullary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, düzümi döwrebaplaşdyrylýar.

Şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmakda we ýüze çykýan meseleleri, gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň, ynanyşmagy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat ugry örän möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda ýurdumyzyň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň uzak möhletleýin geljekde özara gatnaşyklaryň usullaryny we binýadyny emele getirmek, taryhyň hem-de maksatlaryň umumylygy esasynda bu meselelere bir bitewülikde seretmek, sebit gatnaşyklarynyň esaslaryny döretmek we berkitmek arkaly öňdengörüjilikli çemeleşmäni görkezýändigini bellemek gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldamagynda 2007-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Häzirki döwürde bu merkez sebitde howpsuzlygy dörediji tagallalary, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda zerur işleri ýerine ýetirýär. Sebitde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy maksady boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan uly goşandy bolup durýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem boldy.

Maslahat tamamlanandan soňra, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň hem-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Diplomatlar stol tennisi, kiçi futbol, woleýbol we bouling boýunça özara bäsleşdiler. Ýaryşlara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, şeýle çäreler dostlugyň pugtalandyrylmagyna we resmi däl gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.

* * *

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şol resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmegiň ikinji tapgyry» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny berkitmäge ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça zerur bolan derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň üsti bilen satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň Türkmenistan boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Hyzmatlaryň daşary söwda statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň göwrümi barada statistiki maglumaty kämilleşdirmekde ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2008-nji ýylyň milli hasaplarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin maliýe hasaplaryny işläp düzmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy bar.

19.02.2024
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barlan işler hakynda aýdyldy. Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, gurlup ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyny we Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň nazaryýet, söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, olaryň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmeginiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm talaplaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Baş prokurora degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow N.Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi.

IIM-niň ýolbaşçysy işgärleriň netijeli gullugy we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek babatda durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat bermek bilen, geçen aýda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ministrligiň düzümindäki gulluklar üçin edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, işiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, sanly ulgamy giňden ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyna garşy göreş kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we ministre degişli tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny özüne birleşdirýän döwlet goragynyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunda kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri, şertleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz işgärler düzümini berkitmegiň wajypdygy barada aýdyp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ministrligiň ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp baran işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, onuň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, gündelik işe täze tehnologik işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barlan toplumlaýyn çäreler hakynda aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhetleri diýip yglan etmek bilen, Türkmenistanyň ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen netijeli we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy, dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ilata düşündirmek bilen bagly geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagyň wajypdygy bellenildi. Türkmenistanlylaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümiň ýylyň başyndan bäri amala aşyran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gullugy täze tehnikalar bilen üpjün etmek we onuň işgärler kuwwatyny berkitmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäginden geçirilýän ýükleriň möçberiniň artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyklykda gözden geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz gullugyň geljek üçin iş meýilnamasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe amala aşyrylan, degişli düzümiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň bähbitlerini, howpsuzlygyny üpjün etmegiň, olaryň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda hereket etmek babatdaky hukuklaryny berjaý etmegiň gullugyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerine eýermek hem-de migrasiýa ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesinden ugur almak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we işde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanmagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.02.2024
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahal welaýaty, 12-nji fewral (TDH). Şu gün Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek we etrabyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz etrabyň ilatyna iberen Gutlagynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň öňüsyrasynda Ak bugdaý etrabynyň durmuş, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleriniň ata Watanymyzyň at-abraýyny artdyrmakda ildeşlerimiziň çekýän yhlasly zähmetini aýdyň görkezýändigini belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt depginler bilen ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde täze, belent wezipeler durýar. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şu belent wezipeleri amala aşyrmaga Ak bugdaý etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly binalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, raýatlaryň medeni dynç alşyny guramak, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda wezipeler üstünlikli çözülýär. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Bu günki gün Watanymyzyň her bir künjegi çalt depginler bilen özgerýär. Ahal welaýatynyň iri obasenagat merkezleriniň biri bolan Ak bugdaý etraby hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu sebitde gadymy döwürlerden bäri zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan ak bugdaý, arpa, gök-bakja ekinleri, miweli baglar ýetişdirilipdir. Etrabyň gadymy ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän zähmetsöýer daýhanlary bagbançylygyň we maldarçylygyň okgunly ösmegine, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, önümçiligiň möçberiniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Ak bugdaý etrabynyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Telekeçiler tarapyndan gurlan ýyladyşhana hojalyklarynda gök-bakja ekinleri ýetişdirilýär. Şeýle hem maldarçylyk toplumlary hereket edýär. Şeýlelikde, bu etrabyň ilaty özünde öndürilýän azyk önümleri bilen dolulygyna üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleriniň çözgüdi daýhanlaryň ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly wezipeler bilen gönüden-göni baglydyr. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ekerançylaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Täze tehnikalary satyn almaga we obasenagat toplumynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlar çekilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Önümçiligiň netijeliligini artdyrmak bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny satyn almak üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär. Etrabyň çäginde durmuş maksatly binalaryň, energetika, senagat desgalarynyň, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, «Bagabat» şypahanasynyň hem-de beýlekileriň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşantlaryna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny we şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Şanly waka mynasybetli baýramçylyk sergisi guraldy. Onda obasenagat pudagynyň gazananlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen suratkeşleriniňdir heýkeltaraşlarynyň işleri görkezildi. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny synladylar we sport bäsleşiklerine tomaşa etdiler. Umuman, bu ýerde özüne mahsus şowhunly däpleri bilen uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy.

Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüş ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

13.02.2024
2024-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, söhbetdeşlikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki maslahatlar yzygiderli geçirildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda möhüm sebitara we ählumumy meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

4-5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň dowamynda iki ýurduň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini nazara alyp, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Täjigistanyň we Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurtlaryň parlamentarileriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary, geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem taraplar abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň, özara goldawyň oňyn tejribesini nygtadylar.

15-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň Türkmenistanda işleýän düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda “Türkmenistanda 2024 — 2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyna garaldy. Bellenilişi ýaly, durmuş ulgamynda möhüm wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2019-njy ýylyň dekabrynda gol çekilen “Milli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýeti uludyr.

16-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirildi. Onda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, howpsuzlyk, bilim we tejribeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak boýunça bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlary işjeňleşdirmekde hem-de öňe sürmekde BMG-niň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

17-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda howpsuzlyk, sanlylaşdyrmak, suw hojalygy, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşykda ikitaraplaýyn esasda, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.

18-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde dowam etdirilýän işlere, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns çekildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Onda bu guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk, 2024-2025-nji ýyllarda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2024-nji ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler boýunça maglumatlar diňlenildi. Mundan başga-da, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda, maglumatlary alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm meselelere üns çekildi.

22-23-nji ýanwarda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki, ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto, daşary işler ministri Ýoko Kamikawa, Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke, Soka uniwersitetiniň prezidenti Masaşi Suzuki, sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono, şeýle hem maliýe we eksport-karz agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guraldy. Olaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Duşuşyklaryň gün tertibi döwletara, parlamentara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika, mineral çig mallary gazyp almak, himiýa senagaty, ulag, sanlylaşdyrma, kiberhowpsuzlyk, emeli aň, internet, hünärmenleri taýýarlamak we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça meseleleri öz içine aldy.

23-nji ýanwarda Sukuba uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi ikitaraplaýyn hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bu eser okyjylara halkymyzyň taryhy we baý medeniýeti, ruhy dünýäsi, filosofiýasy, durmuş ýörelgeleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

25-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazari bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplaryň iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Hususan-da, ýurdumyzyň Mary welaýaty bilen Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda gol çekilen Ähtnama üns çekildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda iş saparynda bolýan BAE-niň «WAM» habarlar agentliginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Onda maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň başlangyçlarynyň “Ýol kartasy” — ýaşlar howa boýunça hereketler ugrunda çykyş edýärler” atly “tegelek stol” maslahaty guraldy. Çäräniň esasy maksady “Ýol kartasynyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite meýdançany döretmekden ybarat boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Ýol kartasynyň” howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekleri üçin alnyp barylýan işleriň esasy ugurlaryny, maksatlaryny, görkezijilerini, möhletlerini, jogapkärçiligini we mümkinçiliklerini kesgitlejekdigi bellenildi.

27-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine toparyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda öňde goýlan wezipeler girizildi. Mejlisde adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek ulgamynda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, Arkadag şäherinde senagat desgalarynyň gurluşygy babatda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy ýanwarda Mejlisde we Daşary işler ministrliginde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça meseleler barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredilen maglumat merkeziniň işiniň esasy ugry iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi.

31-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we “GUAM” boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda däp bolan dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Onda meseleleriň giň toplumy, şol sanda jemgyýetiň alyp barýan işi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly meselelere-de aýratyn üns çekildi.

Geçen aýda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek hem-de iri halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda özara gyzyklanmalar beýan edildi.

Şeýlelikde, nobatdaky synda beýan edilen halkara derejeli möhüm wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň mysallarydyr. Bu işler Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de ösüş ýoly bilen öňe gitmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

(TDH)

08.02.2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi. Ýurtlarymyz netijeli syýasy dialogy ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.




07.02.2024
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Watanymyzyň ösüş strategiýasynyň baş maksadydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň öňünde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleri dowam etdirmek, döwrebap önümçilik düzümlerini giňeltmek boýunça möhüm wezipeler durýar.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny taýýar etmek, pagtaçy daýhanlary sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini, tohumlaryny ýazky ekişe taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi.

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe okuwlaryny geçirmek, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk, söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň” çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr” atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy. Geljek iki ýylyň dowamynda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamagyň we olaryň baş sanyny köpeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak, olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler dowam edýär.

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler barada habar berildi. Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-syny öz içine alýar. Medeniýet, bilim ulgamlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler barada-da habar berildi. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle-de bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň, söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ilkinji halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasy hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi guralar.

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek, şeýle-de beýleki dahylly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa döwletleriniň maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder. “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan demir ýol ulaglary arkaly halkara we içerki ýük daşamalaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak we giňeltmek, ulaglaryň kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Hususan-da, daşky gurşawy goramak babatda ähli şertleri nazara almak bilen, demir ýol stansiýalarynda hereket edýän infrastruktura desgalarynyň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak meýilleşdirilýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlar nazara alnyp, gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan tebigy gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde goňşy ýurda muzdsuz iberildi.

Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Mejlisde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen geçirilen duşuşygy bellemek bolar. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Myhmanlar milli parlamentiň gurluşy we kanun çykaryjylyk ulgamynda alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy.

Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle hem “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň” çäklerindäki hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Dostlukly ýurduň wekilleri Arkadag şäherine baryp gördüler. Myhmanlar “akylly” şäherde ulanylýan sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar, täze şäheriň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Merkeziň işiniň esasy ugry iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde agzalan düzümleriň täze agzasy kabul edildi, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyz üçin gymmatly gollanma öwrülen “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny wagyz etmek işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi we öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Çärede iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, iş maslahatlaryny, okuw çärelerini guramagyň, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan işler barada hem durlup geçildi. Çykyş edenler 2024-nji ýylda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde giňden bellemek bilen baglanyşykly meselelere-de ünsi çekdiler.

Geçen hepdede Russiýa Federasiýasynyň “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Onuň çäklerinde demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen duşuşyk hem netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň dowamynda täze şäherde demir ýol gatnawlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän “Sarahs” stansiýasynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkara ähmiýetli ulag geçelgeleriniň işini ösdürmek, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň möçberli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bu ugurda esasy maksat bolup durýar.

(TDH)

05.02.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl

Ulag we kommunikasiýa toplumy

2023-nji ýyl milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda işler işjeň alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, syn berilýän ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Döwletimiziň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek möhümdir.

Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty geçirmek, şeýle hem bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek bilen bagly başlangyçlary bu ulgamy täze derejelere çykarmaga şert döreder. 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy bolsa döwletimiziň ulag diplomatiýasyndaky nobatdaky üstünligidir. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda guralýan ugurdaş pudaklaýyn forumlar gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň şeýledigini 3-4-nji maýda 40-dan gowrak döwletden wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly halkara maslahat we onuň çäklerinde geçirilen çäreler aýdyň görkezýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň çäginde duşuşyklaryň 100-e golaýy geçirilip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekildi.

Aýry-aýry ugurlar boýunça mejlisleriň çäklerinde Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkeze öwrülýän, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde ulag-logistika hyzmatlary bazaryny özgertmek, Merkezi Aziýanyň ählumumy bazar ulgamlary bilen gatnaşyklary, ulag-logistika düzümini ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşde “tegelek stol” duşuşygy geçirildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa (CASCA+) halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän taslama badalga berildi. Eýranyň we Gazagystanyň demir ýol operatorlarynyň wekilleriniň “CASCA+” geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň düzümine goşulmagy ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine täze itergi berdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa (CASCA+) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, “CASCA+” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.

Ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli guralan «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatda we sergide hem bu meselelere garaldy. “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit hem-de sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. «Durnukly ulag ulgamynda täze tehnologiýalar we çözgütler», «Durnukly ulag ulgamynda logistika we infrastruktura» atly mejlisleriň dowamynda dünýäniň ulag hyzmatlary bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň geografiýasy we ösüş depgini, bu ugurda netijeliligi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada goşulyşmagyň we halkara ýük daşamalar giňişliginiň diwersifikasiýalaşdyrylýan şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmakda awtomobil hem-de howa ulaglarynyň orny, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek, logistik çykdajylary hasaba almak ýaly meseleler gozgaldy.

Sanly ulgama geçmek we söwda akymlaryny işjeňleşdirmek üçin «Bir penjire» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakynda Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmagy bilen baglylykda, harytlar we ulag serişdeleri barada maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamynyň döredilmegini üpjün etmek wezipesi goýuldy. Halkara forumyň çäklerinde Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly we beýlekiler nazara alnanda, Watanymyzyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň uludygyny görmek bolýar. Türkmenistan öňdebaryjy kompaniýalardan demir ýol düzümine degişli döwrebap enjamlary satyn alýar. “Türkmendemirýollary” agentliginiň Russiýa Federasiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň kärhanalary bilen baglaşan degişli şertnamalaryna laýyklykda, 2021 — 2023-nji ýyllarda Russiýadan “ТЭП70БС” görnüşli ýolagçy magistral teplowozlary we “2ТЭ25Км” görnüşli magistral ýük teplowozlary, Hytaýdan hem “CKD9A-1” görnüşli magistral ýük teplowozlary satyn alyndy.

Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde saklanýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Deňze çykalgasy bolan ýurdumyz Hazarüsti halkara gatnaw ýollaryna işjeň goşulyşýar we bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň netijeli ulanylmagy, öz gezeginde, milli deňiz flotuny has-da giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň “ýaşyl” portlarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durmuşa geçirildi.

1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamasyny gowşurdy. Bu resminama ÝHHG-niň «Hazar sebitinde “ýaşyl” portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alyşmagyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam, öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Bar bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, Hazar sebitiniň döwletleri bilen ulag, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ÝHHG we käbir Ýewropa ýurtlary tarapyndan bu taslama goldanylýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “EcoPorts” güwänamasyna eýe bolmagy oňa Ýewropanyň ulag ulgamyna birikdirilen “ýaşyl” port derejesini berer. Bu bolsa türkmen porty üçin täze mümkinçilikleri açar, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden ýük daşamalaryň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrar. Portuň öňdebaryjy infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki wagtdaky islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we türkmen üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasyna öwrüler. Portuň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli we agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmeginiň aýratynlyklary, olaryň biziň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody milli gämi gurluşygy pudagynyň kemala gelmegi üçin möhüm binýady emele getirýän ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň düýpgöter täze önümçilik ugrudyr. Häzirki wagtda bu ýerde deňiz düýbüni çuňaldyjy gäminiň we iki sany ýük gämisiniň gurluşygyna girişildi. Olaryň ulanyşa berilmegi Türkmenistanda gurlan gämilerde milli önümleri daşamaga mümkinçilik berer.

Öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak, aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurulmagy iki ýurduň arasyndaky ulag, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy, Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi hem işe giriziler. Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Bu taslamalar ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ugruny işe girizmäge mümkinçilik berer. Diýarymyzyň gündogar sebitini onuň merkezi we günbatar sebiti bilen birleşdirýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň işe girizilmegi goňşy Özbegistanyň ýük awtoulaglarynyň Hazar deňziniň kenaryndaky Halkara deňiz portuna, ondan aňryk deňiz ýollary arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmagyny üpjün eder.

Dünýä belli «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «KamAZ», «Yutong» kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alynýan ýolagçy awtobuslarynyň, ýeňil awtomobil taksileriniň we ýük ulaglarynyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri dowam etdirilýär. 15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen ýylyň dowamynda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ygtyýaryna satyn alnan öňdebaryjy “Toyota” ýapon önüm öndürijilerinden kiçi we orta göwrümli döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ýüzlerçesiniň ýurdumyza gelip gowşandygy barada habar berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň emele getirilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Şäheriň ýol-ulag düzüminiň kadaly işlemegi üçin Hytaýdan elektrobuslar we elektromobiller, şeýle hem olaryň zarýad beriji enjamlary satyn alyndy. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň elektrik ýolagçy awtobuslarynyň, elektromobilleriniň hyzmatlaryndan amatly peýdalanmak üçin “Duralga” mobil goşundysynyň “QR-kod” hyzmaty, taksi sargyt etmek üçin ygtybarly programma üpjünçiligi bar. Ýolagçylardan nagt däl tölegleri kabul etmek üçin düzümler göz öňünde tutulandyr. Elektrobuslaryň kömegi bilen ulaga münýän we düşýän ýolagçylaryň sanyny awtomatik usulda hasaplap bolýar.

Ulaglaryň sürüjilerini ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara ülňülere laýyklykda taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde awtotürgenleşik meýdançalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil ulaglary pudagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Howa ulagy pudagyndaky gatnaşyklar 50-den gowrak halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň, Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň hem-de Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Bu pudak soňky döwürde uly ösüşe eýe boldy, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman howa menzilleri guruldy. Ýurdumyzyň howa gämileriniň üsti iň täze uçarlar bilen doldurylýar. “Airbus A330-200P2F” kysymly iki sany ýük uçary satyn alyndy. Ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat, Aşgabat — Hoşimin — Aşgabat, Aşgabat — Milan — Aşgabat ýaly täze ugurlar açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýük gatnawlary ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän ýokary hilli ulag hyzmatlaryny hödürleýär, olaryň ygtybarlylygy üpjün edilýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzyň Halkara howa menzili däl-de, sebitleriň howa menzilleri hem islendik kysymly we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr.

Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, “Boeing” kompaniýasyndan uçarlary satyn alýar. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň awiaparkynyň üsti «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary bilen ýetirildi. Şu görnüşli uçaryň ikinjisi şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyza getirildi. Türkmenistanda bar bolan awiaparkyň netijeli giňeldilmegi strategik häsiýete eýe bolup, ykdysady we üstaşyr bähbitleri gazanmagy maksat edinýär. Milli awiakompaniýamyzyň Aziýanyň iň howpsuz awiakompaniýalarynyň biridigi hasaba alnanda, onuň sebit gatnawlarynda öňdebaryjy bolmagy üçin ähli şertler bar. Häzirki wagtda dürli ýurtlar bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Pudagyň düzümleýin desgalarynyň işi hem kämilleşdirilýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin ýurdumyzyň howa giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary görnetin artdy. Howa gatnawlarynyň işjeňligi hem yzygiderli ösýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş, nawigasiýa tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi ileri tutýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi awiasiýanyň we döwrebap dikuçarlaryň netijeli ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýanynda ýerleşýän täze desgalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz dikuçarlaryň ýagdaýy, olara edilýän tehniki hyzmatlar bilen gyzyklandylar. Şeýle-de türgenleşik nokadynda dikuçarlaryň uçarmanlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklary synagdan geçirildi.

Halkara ülňülere laýyk gelýän hem-de maglumat alyşmagy ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez hökmünde, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň telekommunikasiýa pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Şonuň netijesinde, simli, ykjam we internet ulgamlary bilen iş alyp barmagyň görkezijisiniň hem-de ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli geçirijiler arkaly guralýan aragatnaşyk kanallarynyň sany artýar.

Ählumumy derejede maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek hadysasy durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere, köp hyzmatlaryň awtomatlaşdyrylmagyna getirýär. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçilmeginiň şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak babatda öz öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde-de internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň düzümleri tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri üçin tölegleri töläp bilýär. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, ýakyn geljekde hyzmatlaryň görnüşleri giňeldiler. Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly pasporty hasaba almak, wizalar, sürüjilik şahadatnamalary, pensiýalar we kömek pullary, salgytlar, iş üpjünçilik, umuman, telekeçilik işinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertipde ýüz tutup bolar. Internet sahypasyna girýänlere amatly bolar ýaly ol iki dilde — türkmen we rus dillerinde köpçülige ýetirilýär.

Elektron hyzmatlaryň ösdürilmegi täzeçil tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen bölümler döredilen her bir ministrlikde we edarada degişli programma üpjünçiligini talap edýär. Şeýle hem elektron ulgamyň goraglylygyny üpjün etmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy artýar. Mundan başga-da, tebigy gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň ulanylyşyny hasaba alýan tehniki serişdeleriň, Wi-Fi enjamlarynyň, gurallaryň, IP-týunerleriň, modemleriň önümçiliginiň ýurdumyzda ýola goýulmagy Türkmenistanyň elektron senagat we elektron hyzmatlar ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Konsepsiýada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparlar döredildi. Olaryň alyp barýan işleriniň çäklerinde “Elektron hökümet” ulgamyny ornaşdyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrmak, maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary ulgamyndaky işleri kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek, iri taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek çäreleri geçirilýär.

Simli, simsiz aragatnaşygyň, telekommunikasiýa ulgamlarynyň we beýlekileriň işine gözegçiligiň, ony guramagyň ýörelgeleridir umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar. Meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagy ilatyň, şol sanda oba adamlarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halk hojalyk toplumynyň netijeliligini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, dünýä bazaryna doly derejede goşulyşmagyny we maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geçen ýylyň noýabrynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Ýöriteleşdirilen forumyň öňüsyrasynda birnäçe çäreleriň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy mejlisiniň hem-de sebit arkalaşygynyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 29-njy mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Ol halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm wezipelerini çözmegiň çäklerinde bilelikde peýdalanyljak gurallary işläp düzmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň aragatnaşyk işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze kompýuter, ulgamlaýyn, optiki, hemra enjamlary, durmuşda we edaralarda ulanylýan iş tehnikasy, maglumat tehnologiýalary, sanly ulgamlar, programma üpjünçiligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Maslahatyň maksatnamasy «Sanly transformasiýa: halkara dialog we hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisi hem-de «Sanly transformasiýa: kiberhowpsuzlyk», «Kommunikasiýalaryň geljegi», «Hemra tehnologiýalary, goşundylary we durnukly ykdysadyýeti hereketlendiriji güýç hökmünde hyzmatlar», «Sanly ösüşde döwlet strategiýasy: durnukly, ahlakly, giň gerimli sanly jemgyýeti gurmak» atly iş mejlisleriniň dördüsini öz içine aldy.

Gazanylan üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy üstünlik hökmünde bellenildi. Ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny standart we ýokary derejede alyp görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ikinji milli emeli aragatnaşyk hemrasyny döretmek hem-de uçurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary hem geçirildi. Olarda aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda geljegi uly meýilnamalary hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam edýän halkara guramalar we degişli düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk ulgamynyň indiki tapgyryny işe girizmek (IMT-2020/5G)» atly türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar 5G ulgamly giňişligiň ägirt uly bähbitlere eýe bolan aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle-de talyplaryň arasynda yglan edilen «Sanly çözgüt — 2023» atly nobatdaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Şeýlelikde, nobatdaky synymyzda getirilen maglumatlar yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyzy dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr ulag we telekommunikasiýa geçelgeleriniň merkezine öwürmek babatdaky strategik maksatlara ýetmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň okgunly häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklaýar.

(TDH)

02.02.2024
Täze üstünlikleriň berk binýady döredilýär

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi öz beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda özgertmeleri ilerletmek, döwrebap önümçilik düzümleriniň sanyny artdyrmak, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak ýaly wezipeler bar.

22-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri dowam edýär. Ekerançylary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda degişli çig mal gaýtadan işlenilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şol sanda suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaýa idegiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, maliýe-ykdysady ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak, döwletimiziň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleri, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, paýtagtymyzdaky meýdany 50 gektara barabar bolan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hem hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde, howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenen “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjy ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň görnüşleriniň üstüni ýetirer. Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtoulaglarda, beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijilerinde, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenen “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Mejlisde ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek hem-de dikeltmek, geljek nesillerimize ýetirmek babatda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy-synag meýdançalarynda türkmen arçasyny, dagdan, pisse agaçlaryny, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek boýunça ylmy-tejribe işleri geçirilýär. Mundan başga-da, döwlet tebigy we çäkli goraghanalarynda ýabany haýwanlary, ýurdumyzda gyşlaýan, göçýän guşlary goramak hem-de seýrek duş gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak babatda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar tarapyndan seljerilen we döwletimiziň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipler hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýerli çig mallar esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, milli önümçilikleri giňeltmek boýunça tehnologiýalar işlenip taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, bu babatda degişli ylmy-barlaglary geçirmegiň wajypdygyny belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak, Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 21 — 24-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň netijelerine garaldy.

Saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Hökümetiniň, Parlamentiniň, iri maliýe-söwda guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere garaldy.

Şu ýylda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjyny bilelikde amala aşyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Türkmenistanda Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň (JETRO) wekilhanasyny açmagyň, ýurtlaryň ikisinde-de söwda öýleriniň işini ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Sanlylaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, telelukmançylyk, saglygy goraýyş, “akylly” şäherleri we gazhimiýa senagatyna degişli täze kärhanalary gurmak, birnäçe desgalaryň durkuny täzelemek, ýapon tehnikalaryny, awtoulag serişdelerini satyn almak ýaly ugurlarda gatnaşyk etmek, wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş saparynyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

27-nji ýanwarda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni dabaraly bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatynda nygtalyşy ýaly, bu baýram ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine uly ynam bildirilýändiginiň hem-de olar hakynda yzygiderli alada edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrülendigini belledi. Häzirki wagtda döwletimiz Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatynyň kabul edilendigini bellemek bolar. Duşuşygyň dowamynda diplomat oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen umumy garaýyşlary hem-de işjeň tagallalary ýurtlaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi. Bu syýasatyň çäklerinde ýurdumyzda milli we halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňünde durýan wezipeler, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda ýakyn wagtda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçiriljek mejlise görülýän taýýarlyga, şeýle-de onuň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljak meselelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň kämilleşmekleri we şahsy ösüşi üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny, ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belledi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy.

Halkara derejeli bu lukmançylyk klasteri ekologik taýdan arassa, ýokary hilli lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem öndürmegi maksat edinýär. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlediler, 2024-nji ýylda meýilleşdirilen çäreleri, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy.

(TDH)

31.01.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny we degişli tehnikalary ekişe doly taýýar etmek boýunça çäreler görülýär.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý hem-de gowaça ekiljek meýdanlaryndaky alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny, tehnikalary möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny gazmak, arassalamak babatda degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän döwründe welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagta öndürijileri sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen doly üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär, hususan-da, bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak, suwaryş, şor suw akabalaryny gazmak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyş möwsüminde welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, olaryň tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda 2024-nji ýylda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Sebitde ekilmegi meýilleşdirilýän ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereklerinde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme taýýar edilmegini, ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamagyň çäklerinde ýerleri sürmek, tekizlemek, geriş çekmek, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ekiş möwsümine doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine hem taýýarlyk görülýär. Bu ekinleriň ekilmeli ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekişde ulanyljak gurallary abatlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, ekin meýdanlarynyň daş-töwereklerini, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagtaçy kärendeçiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallar abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

30.01.2024