Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkim bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, häzirki wagtda bugdaýa gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi barada habar berdi. 

                                                                   

Şeýle hem hasabatyň dowamynda welaýatda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişiniň, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiligiň gözegçilikde saklanylyşy barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň häzirki günüň möhüm wezipeleriniň biridigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek, kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işlerine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça ähli zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Şu günler welaýatyň meýdanlarynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär, pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri, sebitde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we bugdaýa edilýän ideg işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz meýdanlarda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek, kärendeçi pagtaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk gününiň milli senenamamyzdaky möhüm ornuny belläp, baýramçylyk günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini meýilnama laýyklykda alyp barmak, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi barada habar berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, welaýatda ýyladyş, elektrik energiýasy we tebigy gaz ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň görülmelidigini häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işlerini guramaçylykly alyp barmak, kärendeçi pagtaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň geçirilýändigi barada habar berdi.  

                                                                   

Bulardan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, gyş möwsüminde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, welaýatyň etraplaryny, şäherlerini, şäherçelerini elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de “ak altyn” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki möhletlerde, pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilýän işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda hem birnäçe tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary sürmek, pagtaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak guramaçylykly dowam etdirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, gyş möwsüminde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de welaýatyň meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk alyp barmak, pagtaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagyny häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýokary hilli we öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmek babatda häkime görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda bar bolan pagtany iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul edilip alnan hasyly talabalaýyk saklamak hem-de ýurdumyzyň dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmek üçin ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylda pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, gowaça ekişinde ulanylmagy göz öňünde tutulýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, bu möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny, şaly oragynyň, şunuň bilen birlikde, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň guramaçylykly dowam edýändigini habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pagtanyň ýetişdirilen hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasylyň talabalaýyk saklanylmagyny we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde talabalaýyk hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.12.2022
Türkmenistan — Katar: gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ugry bilen

Aşgabat — Doha — Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli işleri esasynda häzir ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze sepgide çykdy. Diýarymyzda ugurdaş düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär, türgenler, tälimçiler üçin hemme şertler döredilýär, Türkmenistan bolsa sebitiň hem-de dünýäniň sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidýär. Sportda gazanylýan üstünlikleri artdyrmak bilen bir hatarda, milli bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa häzirki wagtda uzak möhletleýin umumymilli maksatnama derejesindäki häsiýete, görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga yzygiderli üns berip, ajaýyp beden taýýarlygyny, ussatlygyň ýokary derejesini aýan etmek bilen, bu babatda ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentidir, “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly adyň eýesidir. 

                                                                   

Sport ugry boýunça gatnaşyklar baradaky meseleler daşary ýurtlara saparlaryň maksatnamasyna, ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň gün tertibine yzygiderli girizilýär. Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän mizemez ynsanperwer gymmatlyklaryň töweregine ynsanlary birleşdirmekde möhüm ýagdaý bolan halkara sport hem-de Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejeli ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu bolsa iri ýaryşlary ýokary derejede guraýjy hökmünde ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ykrarnama eýe bolmagyny şertlendirdi. 

                                                                   

Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp ýeňişleri bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň üstünlikleriniň aýdyň netijeleridir. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadada agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewa türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. 

                                                                   

Diňe şu ýylda goňşy Özbegistanyň paýtagtynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýanyň ýaşlar çempionatynda, Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdinde, Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen “Aziýanyň çagalary” atly VII halkara sport ýaryşlarynda we Türkiýäniň Konýa şäherinde geçen V Yslam raýdaşlyk oýunlarynda, Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilen karatedo boýunça halkara ýaryşda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde Şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryşynda gazanylan medallar Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Munuň mysaly hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde ýakynda geçirilen halkara ýaryşda gazanylan ýeňişleri hem görkezip bolar. Şol ýaryşda türgenlerimiz dürli derejedäki medallaryň 8-sini gazandylar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna, sporta örän uly üns berýän döwlet hökmünde Watanymyzyň mertebesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, häzir ýurdumyzyň ýerli howa ýagdaýy nazarda tutulanda, sportuň adaty bolmadyk gyşky görnüşleri, hususan-da, hokkeý we figuralaýyn typmak boýunça görnüşleri hem ösdürilýär. Türkmen hokkeýçileri we figuralaýyn typyjylary milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda, sebitleýin we halkara ýaryşlara hem gatnaşýarlar. 

                                                                   

Ýurdumyzda futbola hem uly üns berilýär. Futbol sportuň köpçülikleýin we meşhur görnüşleriniň biridir. Türkmenistan futbol dünýäsine ençeme ajaýyp türgenleri berdi. Şolaryň arasynda köp milletleriň wekilleri bar. Çagalaryň arasynda futboly ösdürmek boýunça çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde we etraplarda häzirki zaman stadionlary guruldy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady ösdürilýär. Bu bolsa oňyn netijeleri berýär. 

                                                                   

Sportuň bu görnüşi boýunça häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatda birinjiligi almak ugrunda dartgynly duşuşyklar guralýar. Bularyň ählisi futbolçylaryň baý tejribä eýe bolmagyna ýardam edýär, sport ussatlygyny kämilleşdirmäge, ýokary görkezijileri gazanmaga höweslendirýär. Ýurdumyzda futbol janköýerleri hem az däldir. Olar şu günler Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň wakalaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen gürrüňdeş boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurdumyz bolan Katar Döwletine amala aşyrylýan saparyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Katara saparynyň çäklerinde ýokary derejede gepleşikleriň geçiriljekdigini, şolaryň barşynda hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň anyklaşdyryljakdygyny, munuň bolsa özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzir bu ýurtda geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionaty baradaky gürrüňlere degip geçip, Katar Döwletiniň halkyna onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. 

                                                                   

...Döwlet Baştutanymyzyň uçary Katar Döwletiniň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Katar Döwletiniň döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. 

                                                                   

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik häsiýetine eýedir. Häzirki döwürde strategik ýörelgelerde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda depginli ösdürilýär. Şeýle hem Türkmenistan Katar bilen köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça, şol sanda sporty ösdürmek ulgamynda hem üstünlikli gatnaşyk edýär. 

                                                                   

Sport ýaryşlary hemişe halklaryň arasyndaky parahatçylygy we dostlugy, dürli milletlerden bolan adamlaryň agzybirligini, olaryň halklaryň, döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga we hoşniýetlilige ýardam bermäge gönükdirilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Katar Ýakyn Gündogarda sporta örän uly üns berýän döwletleriň biri hasaplanýar. Dohanyň merkezinde, ýurduň iň beýik «Aspire Tower» binasynyň eteginde ýerleşen halkara “Halifa” stadiony “Doha Sports City” sport toplumynyň düzümine girýär hem-de 1976-njy ýylda açylan pursadyndan başlap, Kataryň esasy futbol stadiony bolup durýar. Stadiona ilkibaşda 20 müň tomaşaçy ýerleşýärdi. 2005-nji ýylda XV tomusky Aziýa oýunlary mynasybetli durky täzelenip, ol 50 müň tomaşaçyny ýerleşdirip bildi. Häzirki dünýä çempionaty mynasybetli bolsa “Halifa” stadionynyň mümkinçiligi 68 müň tomaşaça çenli artdyryldy. Bu ýerde birnäçe gezek iri sport forumlary geçirildi. 1992-nji ýylda stadion Pars aýlagynyň Kubogy ugrundaky 11-nji ýaryşyň oýunlaryny kabul etdi. “Halifa” stadionynda Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçirildi. Futbol boýunça dünýä çempionatyny Katar ilkinji gezek geçirýär. 

                                                                   

Soňra bu stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. 

                                                                   

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Katara gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara iki doganlyk halkyň dostlukly gatnaşyklaryny we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň subutnamasy hökmünde baha berilýändigini nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagtynda Katara sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Kataryň Emirine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurtda ilkinji gezek geçirilýän halkara sport forumynyň ýokary guramaçylygyny belläp, munuň ýylyň iri çäresi bolmak bilen, tutuş dünýädäki adamlaryň durmuşynda sportuň gymmatlyklaryny we ähmiýetini öňe ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Şeýle ýokary derejeli halkara sport çäresini geçirmek üçin Katar Döwletiniň saýlanyp alynmagy dünýäde ýurduňyzyň at-abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu ýaryşyň Ýakyn Gündogar sebitinde ilkinji gezek Katarda geçirilmegi Siziň ýurduňyzyň sporty ösdürmäge goşýan goşandynyň ägirt uludygynyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä dünýä çempionatyny üstünlikli tamamlamagy tüýs ýürekden arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine pugta ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. 

                                                                   

Söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlary gatnaşyklaryň ileri tutulýan, geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Olar ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan iki ýurduň ykdysadyýetinde binýatlyk ugurlardyr. Şeýle-de söhbetdeşler ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi baradaky meselelere degip geçdiler. Bu gatnaşyklaryň esasynda iki halkyň medeni-taryhy umumylygy, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary durýar. Iki ýurduň Baştutanlary ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, onuň ägirt uly mümkinçiligini iki ýurduň bähbidine amala aşyrmaga özara taýýardyklaryny nygtadylar. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Kataryň Emirine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we döwlet Baştutanyna ýene-de bir gezek sport çärelerini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani dostlukly ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk, gülläp ösüş, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini “Halifa” stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri Halid bin Halifa bin Abdul Aziz Al Tani mähirli mübärekledi. 

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino birek-biregi mübäreklediler. FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetini belledi. Türkmenistanda sport we Olimpiýa hereketiniň giňden ösdürilýändigine üns çekilip, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejede tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz hem-de FIFA-nyň prezidenti birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ýadygärlik surata düşdüler. 

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän toparlaryň duşuşygyna tomaşa edeninden soňra, Doha şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Şol ýerde Katar tarapynyň wekilleri bilen hoşlaşyp, uçaryna mündi we Aşgabada tarap ugur aldy. 

                                                                   

Paýtagtymyza gelenden soňra, Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar, şol sanda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi garşyladylar. Ilçi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlap, onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

05.12.2022
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Ahal welaýaty, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy bilen baglylykda, guramaçylyk wezipeleri, onuň açylyşyna taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek döwlet we milli maksatnamalarymyzyň esasy wezipesidir. 

                                                                   

Türkmenistan döredýän, gurýan, kuwwatly döwletdir. Gurluşyk pudagy döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup ulanmaga berlen dürli maksatly desgalar ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ilerledilmegine, örän baý tebigy serişdeleriniň doly derejede peýdalanylmagyna we sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen, ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy, bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Gadymyýetiň gatlaryna şöhratly taryhy ýazan türkmenleriň bu günki nesli üçin ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň täze derejesi döredilýär. Türkmen topragynyň her bir künjeginde bolşy ýaly, bu ýerlere täze döwrüň ruhy dolýar. 

                                                                   

Bu şäheriň türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde bina edilmegi hem ýöne ýerden däl. Gurluşyk döwründe, ondan soň hem ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezindedir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bu talaplar, ilkinji nobatda, «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolar. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler. Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi ýola goýlar. Elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalar peýda bolar. Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder. 

                                                                   

Gadymyýetden gelýän şöhratly taryh biziň dünýä ýaň salýan beýik döwrümiz bilen birleşip, geljege uzaýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Eziz Watanymyzda ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglere doly laýyk getirilip gurulýan bu taslamanyň gurluşygynyň birinji tapgyry ýakyn wagtda tamamlanyp, halkymyza ulanmaga berler. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy işiň netijeliligini artdyrmakda binalaryň amatlylygyna, bezeg derejesine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna köp zadyň baglydygyny nygtady. Bu işlere we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň täzeçil usullaryny özünde jemleýän welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň ygtybarly hem-de uzak möhletleýin bolmagy zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň yşyklandyryş ulgamy, ýol-ulag düzümleri, merkeziň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler ünsde saklanylýar. Munuň özi ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Biziň öňümizde bu taryhy ähmiýetli wajyp taslamany açyp ulanmaga bermek işini guramaçylykly geçirmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilkinji nobatda, emele gelýän ilatly ýere dereje bermek, döwrebap at dakmak, ol ýerde ýerleşdiriljek düzüm birliklerini kesgitlemek, dörediljek edaralaryň, kärhanalaryň ýolbaşçy düzümini emele getirmek, şäheriň dolandyryş çägine degişli edilmeli ýerleri kesgitlemek, ol ýerleri bölüp bermek işlerini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Şunda bu işleri kanunçylyk namalaryna laýyklykda alyp barmak gerek diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Täze şäherde ýerleşdiriljek düzüm birlikleri kesgitlenende, örän oýlanyşykly çemeleşmelidir, olaryň biri-biri bilen sazlaşykly işlemegine we halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegini gazanmalydyr. 

                                                                   

Taryha girjek bu şäherimizde ýerleşjek kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň bellenilmegine hem aýratyn üns bermeli. Geljekde bu şäheriň gözelligini, abraýyny üpjün etmegi, gorap saklamagy öz hakyky borjy hasaplaýan ýolbaşçylary saýlap almak gerek. Şäheriň dolandyryş çägi boýunça ýerleri kesgitlemek we ol ýerleri bölüp bermek babatda meýilnamany Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýer serişdeleri boýunça gullugy degişli edaralar bilen bilelikde işleşip taýýarlamaly we bu meseläni gyssagly çözmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, ikinjiden, şäherde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri we ýaşaýyş jaýlaryny ýerlemegiň wajyp mesele bolup durýandygyny aýtdy. Bu işi hem guramaçylykly geçirmek gerek. Şunda ýaşaýjylaryň göçüp gelmegini guramak, binalara, edaralara, şäheriň şaýollaryna, köçelerine, seýilgählerine, gaýry düzüm böleklerine at dakmak meselesi hem kanunçylygyň talaplaryna doly laýyklykda guralmaly we ýerine ýetirilmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Üçünjiden, Ahal welaýatynda açyljak bu döwrebap merkeziň gysga wagtda gurulmagy, şonuň bilen birlikde, gurluşyk ulgamynda ylmyň soňky gazananlaryny özünde jemlemegi taryhy wakadyr. Şeýle ajaýyp şäheriň gurluşygynyň taryhda altyn harplar bilen yz galdyryşy ýaly, onuň açylyş dabarasy hem adamlaryň ömürlik ýadynda galmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biz türkmen halkynyň toý tutmagy başarýan halkdygyny bütin dünýä subut etmeli. Şäheriň açylyş dabarasy beýleki milli baýramlarymyzdan artyk bolmasa, birjik-de kem bolmaly däldir. Şu nukdaýnazardan açylyş dabarasynyň ýokary derejelerde geçirilmegi üçin ýörite guramaçylyk toparynyň döredilmegini makul bilýärin. Dörediljek toparyň ýolbaşçysyny, orunbasaryny we beýleki düzüm böleklerini, etmeli işleriniň meýilnamasyny kesgitlemek üçin gyssagly teklipleri taýýarlamaly. Dörediljek topar şäheriň açylyş dabarasynyň ähli ugurlaryna jogap bermeli. Bu babatda welaýat, etrap, şäher häkimlikleri we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ysnyşykly işleşmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Soňra Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa söz berildi. Ol täze şäheriň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

D.Orazow Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen gyzyklanyp, bu ýere yzygiderli saparlaryny amala aşyrýandygyny, şol saparlarynyň barşynda zerur maslahatlaryny we tekliplerini berýändigini belledi. Şolaryň netijesinde gysga wagtyň içinde anyk çözgütler kabul edildi hem-de netijeli işler ýola goýuldy. Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermegi esasynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýat täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäher häkimliginiň döredilmegi bilen, alnyp barylýan işleriň has-da düzgünleşdirilip, ýeňillikleriň döredilendigi nygtaldy. 

                                                                   

D.Orazow hasabatyny dowam edip, häzirki wagtda welaýat merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygyny habar berdi. Agyz suwy, lagym, suwaryş, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp, olara suw goýberilip, geçirijileriň sazlaýyş we arassalaýyş işleri alnyp barylýar. Edara binalaryň aglabasynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy. 

                                                                   

Hasabatda täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, alnyp barylmaly birnäçe guramaçylyk işleriniň öňde durýandygy habar berildi. Olardan, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini, onuň şaýollaryny, köçelerini, seýilgählerini we binalaryny atlandyrmak, şeýle-de gurlup taýýar edilen binalary we desgalary kabul edip almak, olar kabul edip alnandan soňra, edara-kärhanalary hem-de ýaşaýjylary göçürmek we ýerleşdirmek ýaly wajyp meseleleri çözmek garaşýar. Bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde sanly ulgamy ornaşdyrmak esasy maksatlaryň biridir. Ornaşdyrylýan sanly ulgamyň içinde hadysalar bolan halatynda, şol bir wagtyň özünde “Tiz kömek” gullugyna we beýleki degişli gulluklara wideogözegçilik arkaly bellige alyp habar bermek usuly hem göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Baş meýilnama laýyklykda, bu taslamada ýerine ýetirilýän işleriň käbir görnüşleriniň ýurdumyzda ilkinji gezek alnyp baryljakdygy nygtaldy. Hususan-da, welaýat merkezinde suwaryş hem-de ýagyn suwlary toplanyp, olary arassalamak arkaly gaýtadan ulanmak, binalarda gurnalan liftleri merkezleşdirilen görnüşde dolandyrmak, merkeziň içindäki ýollaryň ýanýodalarynda görşi pes adamlar üçin taktil görnüşli ýodalar hem-de welosiped sürüjiler üçin ýörite ýodalar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň beren maslahatlary esasynda Ahal welaýat Saglyk müdirligini hem-de Ahal welaýat Söwda direksiýasyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Dörediljek kärhanalaryň düzgünnamalarynyň, düzümleriniň we wezipe birlikleriniň taslamalary taýýarlanylýar. 

                                                                   

Şoňa görä-de, D.Orazow degişli buýrujylar we potratçy kärhanalar bilen mundan beýläk-de agzybirlikde zähmet çekip, olaryň işini utgaşdyryp işlemek ugrunda tagallalaryň gaýgyrylmajakdygyna ynandyrdy hem-de bu uly taslamany durmuşa geçirmek ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri, kömek-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça onuň birinji tapgyrynda 336 sany binanyň we desganyň, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ediljek çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, gurluşygyň iki tapgyrynyň dowamynda 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akaba, suwuň derejesini peseldiş ulgamy we lagym geçirijileri, 62,9 kilometr gaz geçirijisi, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlary, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häkim Gahryman Arkadagymyzyň bu merkeze amala aşyrýan iş saparlarynda berýän maslahatlaryna we anyk tabşyryklaryna laýyklykda, desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ugurda ýörite iş meýilnamasynyň taýýarlanyp, ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini, ýerine ýetirilmeli işleriň döwürleýin möçberiniň kesgitlenip, degişli edaralar bilen bilelikde batly depginler bilen dowam edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýakyndan berýän goldawlary bilen desgalaryň gurluşygyny ýokary hilli gurup ulanmaga bermek üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň gurluşygy gündelik zerur bolan ýerli gurluşyk serişdeleri, şol sanda sement we beýleki ýerli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün edilýär. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelindäki “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligini döretmek hakynda” Kararyna laýyklykda, şäher häkimliginiň döredilip, onuň işgär sanawynyň hem tassyklanylandygy habar berildi. Şu maksat bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň döredilmegi binalaryň we desgalaryň buýrujylary, ulanyjylary we potratçylary bilen bilelikde gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen iş tertipnamasyna laýyklykda alnyp barlyşyna uly ýardam berýär. 

                                                                   

Häkim berýän ünsi, goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sagbolsun aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Desgalar toplumy üçin daşary ýurtlardan getirilýän enjamlaryň we gurluşyk serişdeleriniň aglabasy merkeziň gurluşyk meýdançasyna gelip gowuşdy. Şäheriň köçeleriniň, köprüleriniň, seýilgähleriniň we binalarynyň yşyklandyrylyşy, döwrebap bezelişi boýunça öňdebaryjy tejribäni giňden ulanmakda we milli ýörelgäni sazlaşykly utgaşdyrmakda degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy bu ýerde täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Häkim hasabatyny jemläp, gurluşyk işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek we olaryň öz wagtynda tamamlanmagy ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigine Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi ynandyrdy. 

                                                                   

Iş maslahaty Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary mahalynda, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy esasynda bu ýurduň Gýongi welaýatynda bolup, dünýädäki ilkinji “akylly” şäherleriň biri bolan Suwon şäherine barlyp görlendigini habar berdi. 

                                                                   

Bu şäheriň gurluşygyna 2007-nji ýylda başlanyp, tapgyrlaýyn ulanyşa berlendigine garamazdan, häzirki döwürde hem onuň gurluşygy dowam etdirilýär. Suwon şäherinde göz öňünde tutulan “akylly” şäher ulgamyndan has tapawutly aýratynlyklaryň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäherinde ulanylandygy bellenildi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi şähergurluşygyň toplumlaýyn ulgamyny öz içine alýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilýän bu iri merkez häzirki döwrüň — XXI asyryň üçünji onýyllygynyň innowasion we ylmy täzeçilliklerini öz içine alýar. Bu bolsa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dünýäde bina edilen “akylly” şäherlerden artykmaçdygyny subut edýär. 

                                                                   

Ahalyň täze merkeziniň, hakykatdan-da, tutuş Merkezi Aziýada we sebitde ilkinji bina edilen “akylly” şäherdigi nygtaldy. Ol ekologik taýdan arassa sebitde ýerleşip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny bütin dünýä äşgär edýän, iň häzirki zaman “akylly” şäheriň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň ýolbaşçysy “akylly” şäherlerde talap edilýän howpsuzlyk, “ýaşyl” şäher, “akylly” ulag ulgamynyň, “akylly” gaz, suw we elektrik ulgamlarynyň hem-de “akylly” şäher hyzmatlarynyň bu şäheriň taslamasynda göz öňünde tutulandygyny belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldawlary netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sebitde döwletimiziň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýän ilkinji “akylly” şäheriň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Birleşmäniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hususy ulgamyna berýän goldawy, ata Watanymyzy ösdürmäge, döredijilikli zähmet çekmäge hemme mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize birleşmäniň agzalarynyň adyndan çäksiz sagbolsun aýtdy. 

                                                                   

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga berlen we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli we uzak möhletli maksatnamalaryň, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň güýçli depginlerde dowam edýändigini habar berdi.  

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu iri merkeziň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy, 14 sany inženerçilik ulgamy we desgasy gurlup tabşyrylmaga degişlidir. Gurluşygyň barşynda zerur bolan durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň, şol sanda inženerçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygy habar berildi. 

                                                                   

Welaýat häkimi täze merkeziň gurluşygynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň üstünlikli hem-de sazlaşykly işlemegine amatly şertleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýokary depginde, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Merkeziň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, öňümizde çözülmeli birnäçe wajyp meseleler bar diýip, hormatly Arkadagymyz ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy D.Täşliýewe hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda topar düzüp, degişli desgalary kabul etmelidigini belledi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäherini, şeýle hem merkeziň binalaryny atlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmeli we kada-kanunlary kabul etmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz, şunuň bilen baglylykda, G.Mämmedowa, K.Babaýewe ýüzlendi. 

                                                                   

Bu täze welaýat merkeziniň sebitde iň iri, aýratyn özboluşly şäherdigini nazara alyp, R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ýurduň daşary syýasat edarasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda işleri geçirmegi, şeýle hem bu desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek baradaky meseleleri öwrenmek zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şäher derejeli jogapkär ýolbaşçylaryny bellemegiň, olaryň guramaçylyk işlerine başlamagynyň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowa ýüzlenip, welaýat merkezinde potratçy kärhanalara ýerine ýetirilýän işler üçin tölegleriň wagtynda geçirilmegini, enjamlary we materiallary daşary ýurtlardan satyn almak üçin olaryň manat serişdeleriniň erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwrülmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Mundan başga-da, welaýat merkeziniň gurluşygyna goýberilen serişdelerden tygşytlanjak serişdeleri seljermeli we olary täze metjidiň gurluşygyna ulanmak boýunça teklipleri taýýarlamaly. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň merkezinde gurulýan mekdepleriň we çagalar baglarynyň çuňlaşdyryp öwredýän, ýöriteleşdirilen derejede bolmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, G.Ataýewa bilim pudagyna degişli ähli binalarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, ýurdumyzdaky ýokary bilim berýän mekdepleriň mugallymlaryny hem-de talyplaryny welaýat merkeziniň meselelerine işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň ägirt uly göwrümini we özboluşlylygyny nazara alyp, hormatly Arkadagymyz degişli ylmy işleri geçirmeli diýip, A.Aşyrowa ýüzlendi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy A.Altyýewe ýüzlenip, welaýat merkezinde we onuň töwereginde oturdylýan baglaryň ekilişine işjeň gatnaşyp, olaryň görnüşlerine hem-de hiline gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Bu ýerde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz welaýat merkezinde gurulýan desgalarda “akylly” öý ulgamynyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmeli diýip, H.Hudaýgulyýewe ýüzlendi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow G.Akmämmedowa ýüzlenip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde elektroulaglary ulanmak üçin, olary getirmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň açylyş dabarasy bilen bagly geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz M.Serdarowa ýüzlenip, Türkmenistanyň Merkezi banky, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde welaýat merkeziniň dabaraly açylyşyna zerur boljak serişdeleriň çeşmesini kesgitlemegiň, açylyşyň çykdajylar çenligini düzmegiň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Ahal welaýat häkimligi hem-de beýleki degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bilelikde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň toý-dabaraly açylyş meýilnamasyny düzmegiň zerurdygyny nygtap, hormatly Arkadagymyz A.Şamyradowa ýüzlendi. 

                                                                   

Merkeziň açylyş dabarasy örän uly ähmiýete eýedir diýip, Gahryman Arkadagymyz R.Meredowa ýüzlendi we bu dabara isleg bildirýän daşary ýurt myhmanlaryny çagyrmagyň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Welaýat merkeziniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna başlamak bilen bagly guramaçylyk işlerine hem girişmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz D.Orazowa ýüzlendi hem-de merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalaryny gurmak üçin bäsleşikleri geçirmelidigini, zerur bolsa, daşary ýurt kompaniýalaryny hem çekmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň netijelerini jemläp, şu gün Ahal welaýatynyň merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy bilen baglylykda, bu ugurda guramaçylyk meseleleriniň hem-de onuň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde, toý-dabaralara besläp geçirmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Eziz Diýarymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän täze şäherde gurulýan ýaşaýyş jaýlary on müňlerçe hojalyga niýetlenendir. 

                                                                   

Çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, başlangyç we orta hünär mekdepleriniň, sungat mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, beýleki hassahanalaryň, Ruhyýet köşgüniň, medeniýet öýüniň, drama teatrynyň, kitaphananyň, sirkiň, muzeýiň, seýilgähleriň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, beýleki hyzmat edaralarynyň gurulmagy halkymyzyň bolelin, bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün eder. Türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, häzirki zaman sport toplumlarynyň, Ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy ilatymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sport hem-de ylym bilen meşgullanmaklary üçin şert döredip, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün eder. 

                                                                   

 Milli ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilýän döwründe bu ýerde täze metjidiň bina edilmegi hem ähmiýetli bolar. Bu gurluşyklaryň ählisi, ýurdumyzyň hemme sebitleri babatda bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň, şonuň bilen birlikde, onuň täze edara ediş merkeziniň gurulýan sebitiniň hem keşbini tanalmaz derejede özgertdi we özgerdýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiziň esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan bu işler, ozaly bilen, halkymyzyň bagtly geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýol ugrunda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Häzirki döwürde merkeziň birinji tapgyryndaky gurluşyk işleri tamamlanyp barýar.  

                                                                   

Hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribeler sazlaşykly utgaşdyrylýar. Bu bolsa gurluşyk işleriniň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz merkeziň gurluşygyndaky desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, onuň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, onuň ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagy bilen, merkeziň ýollarynyň we yşyklandyryş ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Şunda merkeziň çäginde ýokary ekologik ýagdaýy saklamak maksady bilen, täze şäheriň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynyň wajypdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işlere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýratyn nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz merkeziň gurluşyk, binagärlik we abadanlaşdyryş işlerine ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň çekilmelidigini, olaryň teklipleriniň, başlangyçlarynyň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi ýaşlaryň hünäre bolan höwesini artdyrmakda, olaryň täzeçil pikirlerini höweslendirmekde aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerine öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

05.12.2022
2022-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen noýabr aýynyň dürli çäreleri, köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 1 — 3-nji noýabrda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge çalyşýandyklary tassyklanyldy.  

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, RF-iň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem gün tertibine türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň geljegi, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri girizildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

                                                                   

7-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy, hususan-da, söwda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda bilelikdäki işiň ýagdaýy barada durlup geçildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Hökümetleriniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Şol gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşyk geçirildi. Onda BMG-niň bu edarasy bilen özara gatnaşyklaryň esasy meseleleri, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň berjaý edilişi hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça gatnaşýan Konwensiýalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde dürli ugurlarda, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika, ulag, senagat, oba hojalygy we suw serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. 

                                                                   

10-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy. 

                                                                   

10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Bu çäreler “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan guraldy we 20-ä golaý daşary ýurduň wekillerini — ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri we iberijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjileri, aragatnaşyk ulgamynyň, programma üpjünçiliginiň iri operatorlaryny birleşdirdi. Utgaşykly görnüşde geçirilen ýöriteleşdirilen forum bu ulgamda dünýäniň iň täze işläp taýýarlamalaryny ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça meýdança öwrüldi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan, kompaniýalardan innowasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk ulgamynda işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär. 

                                                                   

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Sammitiň işi tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzy, türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan aýratyn saldamly goşandy üçin, Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Samarkantda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolan dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

                                                                   

14-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň bu guramanyň agzasy bolmak bilen, özüniň durmuşa geçirýän syýasatynda hemmeleriň mynasyp zähmet çekmegi we deňhukuklylyk şertlerini döretmek ýörelgesine ygrarlydygy bellenildi. 

                                                                   

Şol gün Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýun bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygyň, şol sanda goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmekde özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Şeýle-de türkmen tarapy Owganystanyň ygtyýarly resmi wekilleri bilen sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy, hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk dostluk ýörelgelerinden ugur alyp, owgan halkyna yzygiderli kömek bermegi möhüm hasaplaýar. 

                                                                   

14-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Onda özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

15-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapyndan başlygy A.Owerçuk bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine maliýe-bank, nebit, senagat, elektrik energetikasy pudaklarynda, ulag we aragatnaşyk, logistika, oba hojalygy, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleler girizildi. 

                                                                   

17-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Germaniýanyň “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de dürli taslamalar, maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy. 

                                                                   

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Onda ekologiýa, azyk howpsuzlygy, ýaşlar, gender deňligi we adam hukuklary ýaly meselelere, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara diplomatiýanyň orny bilen bagly wezipelere aýratyn üns berildi. Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleriniň we Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşykda halkara energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, maglumat howpsuzlygy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika, ulag, maýa goýumlar, täze tehnologiýalar, oba hojalygy, dokma, gazhimiýa senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly meselelere garaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Soňra, döwletara hyzmatdaşlygyň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna goşan goşandy üçin, Mustafa Şentopa dabaraly ýagdaýda “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni gowşuryldy. 

                                                                   

21-nji noýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebit wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk boldy. Wekiliýet Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de ugurdaş meseleler boýunça kiçi toparyň 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi. Duşuşykda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin serhetüsti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça milli, sebit we ählumumy maksatnamalaryny amala aşyrmagyň ýollary, şeýle hem Türkmenistan bilen bu müdirligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar döwri üçin çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

22-nji noýabrda paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sanly ulgam arkaly “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemegiň tejribesi” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen çärä ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly olaryň daşary ýurtly kärdeşleri — Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň iri ylym, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary, bilermenler gatnaşdylar. 

                                                                   

22-23-nji noýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň bilelikde guramagynda “Ýaşyl” energetika hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wodorody peýdalanmak we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýalary” atly utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata bu ugurda işleýän alymlar, hünärmenler gatnaşdylar. Çykyşlar degişli ulgamda kanunlary işläp taýýarlamak, wodorod energetikasynyň ýokary öndürijilikli eksport ugurly bölümini döretmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmegiň mümkinçilikleri we ornaşdyrmagyň ýollary ýaly meselelere bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylar wodorody peýdalanmak we metanyň zyňyndylaryny azaltmak, nebitgaz, energetika, ulag pudaklarynda döwrebap, ekologik taýdan howpsuz, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak boýunça tejribe alyşdylar. 

                                                                   

23 — 26-njy noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Parižiň Luwr muzeýinde geçirilen “Ulugdepe — Merkezi Aziýanyň gadymy taryhyny öwrenmek üçin iri merkez” atly halkara maslahata gatnaşdy. Maslahat bilelikdäki fransuz-türkmen arheologik toparynyň Ulugdepede geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlandy. 

                                                                   

24-nji noýabrda Fransiýanyň paýtagtynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary Ernesto Ramires bilen geçirilen duşuşykda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO agza bolmagynyň 30 ýyllygy, 2024-nji ýylda bolsa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe dabaralary we medeni çäreleri geçirmek ylalaşyldy. 

                                                                   

25-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde köptaraplaýyn forumlaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine garaldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurlan saglyk öýünde abatlaýyş işleriniň tamamlanmagy, şeýle hem owgan tarapyna lukmançylyk enjamlaryndan we derman serişdelerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif ş.) baş konsullygynyň guran dabaraly resmi çäresinde ýerli ilat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan berilýän kömek üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. 

                                                                   

27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Milli Assambleýanyň ýolbaşçysy Kim Jin-Pýo, “Türkmenistan — Koreýa” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy, işewürler maslahatyna gatnaşdy, şeýle-de öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda esasy ugurlar boýunça, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk, ulag-logistika, maliýe-bank, ylym-bilim, ýangyç-energetika, şähergurluşyk we beýleki ulgamlarda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.  

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýet agzalarynyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça degişli ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygynyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

28-nji noýabrda türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Müdiriýetiň mejlisiniň netijeleri boýunça birnäçe resminamalar, şol sanda Amyderýada we Syrderýada suw serişdelerini hasaba almak hem-de gözegçilik etmek boýunça döwrebap enjamlary ornaşdyrmak baradaky çözgüt kabul edildi. 

                                                                   

28-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyşy bolan “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Tatarystandan, Türkiýeden we Özbegistandan aýdymçylardyr sazandalar, alymlardyr hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri geldiler. Milli medeni mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bu forumyň esasy maksady boldy. 

                                                                   

28-nji noýabrda Ankara şäherinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Olarda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändikleri tassyklanyldy. 

                                                                   

28-29-njy noýabrda türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Baku şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda hem-de toparyň mejlisinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Söwda, ulag, energetika, gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamlarynda, senagatyň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Bulardan başga-da, Aşgabatda we Bakuwda söwda öýlerini açmagyň hem-de Türkmen-azerbaýjan işewürlik geňeşini döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilen bilelikde guran Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty iki ýurduň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary bilen bagly meseleler girizildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň, telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 30-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde gurluşyk, energetika, ulag we logistika, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna garaldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. 

                                                                   

30-njy noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Geçen aýda geçirilen medeni çäreler döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň aýdyň beýany boldy hem-de döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy. Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Daşoguz şäherinde bolsa Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirildi. Bu halkara forumlara dostlukly ýurtlaryň alymlary, sungat ussatlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Mahlasy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçen aýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen baglylykda guran köp sanly çäreleri ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine tarap ýolundaky anyk ädimleriniň aýdyň beýany boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

02.12.2022
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Myhman bilen mähirli salamlaşyp, Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň Türkmenistanda uly hormata eýedigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz onuň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Türkmen-awstriýa jemgyýeti 2008-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi we onuň internet saýty açyldy. Şeýle-de “Galkynyş” žurnaly çap edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda hem-de Wena şäherinde bu jemgyýetiň guramagynda Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Ýewropada ýeke-täk “Galkynyş” atly bilelikdäki simfoniki orkestriň çykyşlary, paýtagtymyzda guralýan Wena ballary we beýleki döredijilik çäreleri taraplaryň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Iki ýurduň we halkyň has-da ýakynlaşmagy, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň giňden wagyz edilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigi üçin Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy we sebitleýin derejedäki halkara başlangyçlara hem-de tekliplere ikitaraplaýyn goldaw berilýändigi munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň möhüm orna eýe bolan Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalarydygyny aýratyn bellemeli. 

                                                                   

Şeýle-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň mundan beýläk-de giňeldilmegine we netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ösdürilmegine taraplar uly gyzyklanma bildirýärler. 

                                                                   

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasy bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik arzuw etdi.

01.12.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.

 Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine we ýurduň ähli halkyna özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy hem-de iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dost-doganlyk häsiýetine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Eýran Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, EYR-nyň energetika ministriniň Aşgabada saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk birnäçe pudaklar boýunça işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy tebigy serişdelere baý bolmak hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, daşary ykdysady, energetika we üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatda gatnaşyklaryň has işjeň guralyny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Şunda anyk netijelere gönükdirilen türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

01.12.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistanyň ulag-logistikasy Ýewraziýa yklymynyň üstaşyr düzüminiň möhüm bölegidir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly, utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty, hususan-da, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy portunyň we BAE-niň portlarynyň logistik baglanyşygynyň örän uly geljegi bar. 

                                                                   

Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Onda, hususan-da: “Taraplar ulag gatnawlarynyň iki döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar” diýlip bellenilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz BAE resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynyň barşynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça işler amala aşyrylýar, hususan-da, deňiz ulag ulgamynyň düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde Halkara howa menziliniň toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekilmegine ýokary baha berip, ýurdumyzda ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň beýleki taslamalaryna-da BAE-den hyzmatdaşlary çekmäge taýýardygyny aýtdy. 

                                                                   

2018-nji ýylda Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki döwürde ol kuwwatly, köpugurly deňiz menzili bolup durýar. Türkmenbaşy portunyň Birleşen Arap Emirlikleriniň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygynyň ýola goýulmagynyň bu maksada doly laýyk gelýändigine, portlary dolandyrmaga we Emirlikleriň logistik hyzmatlara ýöriteleşdirilen kompaniýalary üçin özüne çekiji taslama bolup biljekdigine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.  

                                                                   

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň tutuş üstaşyr ulag düzüminiň çalt depginde hem-de toplumlaýyn ösmegi, şeýle-de onda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen birlikde, dünýäniň köp ýurtlarynyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegini häzirki döwürde ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” kabul edildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ulag meselesine bilermenler jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns we gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýe bolmagyny, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmegi zerur hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip biler we gönükdirilmelidir. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Şunda döwletimiziň Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk garaýyşlary oňa yzygiderli we maksadalaýyk häsiýet bermek, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit derejesinden esasy halkara münberiň — Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine geçirmek zerurlygyna esaslanýar. Yklymiçi döwletler üçin ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. 

                                                                   

“Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen, birleşdirilen ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde belledi. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän hem-de ulag geçelgeleriniň netijeli hereket etmegini üpjün etmäge gönükdirilen, ykdysadyýetiň ösüşiniň çaltlandyrylmagyna ýardam edýän döwrebap logistik merkezleriň döredilmeginiň ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan bu ulgamda maksadalaýyk işleri amala aşyryp, innowasion tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy tejribeden ugur alýar. 

                                                                   

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda awtomobil ulaglary pudagynyň goşandynyň uludygyny belledi. Awtomobil ulagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegidir. Soňky ýyllarda Diýarymyzda döwrebap awtomenziller, demir ýol we awtomobil köprüleri, gözel paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde bolsa Halkara awtoulag terminaly guruldy. Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň — awtobanlaryň gurluşygy ýokary depginli alnyp barylýar. Bu ulag taslamalary ýurdumyzyň sebitlerini gysga ýol arkaly birleşdirer. Awtomobil pudagynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmeginiň ýurt we sebit derejesinde ähmiýeti örän uludyr. Ähli amatlyklary bolan awtomenzillerde dolandyryş binalary, duralgalar, sanly ulgam arkaly hyzmat ediş bölümleri bolup, ýolagçylar üçin has oňaýly şertler döredildi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň awtomobil pudagy döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşýar. Goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň dünýä giňişliginde öz taryhy ornuny dikeltmäge uly ähmiýet berýändigi, bu ugurda möhüm taslamalary amala aşyrylýandygy, sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Täze ýolagçy awtomenzilleri Garaşsyz Watanymyzy halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrer. Olar diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijilik kuwwatyny has-da artdyrar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Menzilleriň her birinde halkara hem-de şäherara awtobuslar üçin duralga, şäheriçi awtobuslar hem-de taksi ulaglary üçin meýdança göz öňünde tutulypdyr. Awtomenzilleriň esasy desgalary iki gatly binalardan ybarat bolup, olarda häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri milli äheň bilen sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Sekizburçly ýyldyz görnüşinde ýerine ýetirilen binalaryň üçegi her sebite mahsus bolan haly nagyşlary bilen bezelipdir. Welaýatlaryň her biriniň taryhy ýadygärlikleriniň awtomenzilleriň esasy girelgesindäki şekilleri aýratyn gözellik berýär. Binalaryň iç ýüzüniň ýokarky böleginde zeýtun agajynyň şahalaryny ýada salýan yşykly şekiller ýerleşdirilipdir. 

                                                                   

Esasy binalaryň içinde elektron petekler üçin multimedia ekranlary bar. Olar arkaly ýolagçylar şäherara hem-de halkara ugurlaryň tertibi, petekler, olaryň bahalary barada maglumat alyp bilerler. Bulardan başga-da, awtomenzilleriň her biriniň birinji gatynda 140 orunlyk garaşylýan zal, awtobus peteklerini, howa we demir ýol ulaglarynyň peteklerini satýan kassalar, sorag-jogap gullugy, goşlary saklamak üçin ýörite ýer, dürli gulluk otaglary ýerleşdirilipdir. Olarda dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk hyzmaty hem-de dükanlar ýolagçylaryň hyzmatyndadyr. Esasy binalaryň ikinji gatynda eneler we çagalar üçin zal, gözellik salony, garbanyşhana bar. Şeýle hem çagalar üçin oýun meýdançasy, dükanlar göz öňünde tutulypdyr. 

                                                                   

Ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyşynyň dowamynda güwänamalaryň gowşurylyş dabaralary boldy. Bu resminamalar Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki ýolagçy awtomenzilleriniň awtobuslarda hem-de taksi ulaglarynda ýolagçy daşamak boýunça mümkinçilikleriniň, şeýle-de ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň “NVA” tarapyndan bellenilen talaplara doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. Täze ýolagçy awtomenzilleriniň işe girizilmegi döwrebap ulag ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär, ulag gulluklarynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň — “Toyota”, “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, «Hyundai Super Aero City”, “Yutong ZK6129H”, “PAZ-32054” ýaly döwrebap ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar şäheriçi ugurlarda hem-de şäherara gatnawlarda ulanylýar. Täze ulag ugurlary işlenilip taýýarlanylýar hem-de döredilýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1000 sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Mundan başga-da, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. 

                                                                   

Umuman, ýolagçy ulagynyň parkynyň üstüniň ýetirilmegi, şeýle hem täze awtomenzilleriň gurulmagy ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolmak bilen, ondan has netijeli peýdalanmaga çalyşýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ýola goýup, ählumumy ösüşiň bähbidine işewür hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

                                                                                                           

(TDH)

30.11.2022
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Seul, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

 Ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady. 

                                                                   

Düýn hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň birinji gününiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni “Ýonsan” köşgüniň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Prezidentiniň Diwanynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy mähirli garşylady we bina girmäge çagyrdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy köşgüň duşuşyklar üçin zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ýun Sok Ýol mähirli salamlaşýarlar. 

                                                                   

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we döwlet Baştutanymyzyň iberen hatyny gowşurdy. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzyň iberen hatyny uly hormat bilen kabul etdi we öz adyndan hormatly Prezidentimize hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. 

                                                                   

Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirip, hormatly Arkadagymyza söz berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluk, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi we bu işde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolandygyny belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu geçen döwürde bu ugurda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogy filosofiýasyny öňe sürýändigini, şonuň esasynda ýurdumyzyň ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň binýadynda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin berk syýasy, hukuk kepillikleriniň usulyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz onuň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylyp, anyk, oýlanyşykly syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen we hemmeler üçin düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslandyrylandygyny belledi. 

                                                                   

“Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” forumynyň kabul edýän çözgütleriniň dünýäde howpsuzlygyň, parahatçylykly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilýändigini belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu foruma 2023-nji ýylda başlyklyk etmegiň Türkmenistanyň paýyna düşýändigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz dörän mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy we dostlukly ýurduň Prezidentine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, oňa alyp barýan döwlet işinde üstünlik, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, koreý halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Prezident Ýun Sok Ýol çakylyk hem-de çuňňur manyly çykyşy üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz duşuşyk tamamlanandan soňra, bu ýerden özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

KITA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny ösdürýän ýurtlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki ýurduň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak we bu ugurdaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Aziýa sebitiniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilen Koreýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine, halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň gurulmagyna we üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşen ähmiýetli ulag düzümi bolup durýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň önümlerini Ýewropa ýurtlaryna ugratmakda bu deňiz menziliniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Şu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň halkara ähmiýetli awtomobil, demir ýol geçelgeleriniň, Hazaryň kenarynda täze gurlan deňiz portunyň mümkinçilikleriniň halkara ýük gatnawlaryny ýola goýmakda netijeli ulanylyp bilinjekdigini belledi. Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymara gatnawlary ösdürmek, Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak arkaly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýeti bardyr. 

                                                                   

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň halkara derejedäki ulag gatnawlaryny we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edilendigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ugurda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunda deňiz menziliniň logistik mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň koreýaly hyzmatdaşlar üçin hem ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti öňe süren köptaraply başlangyçlary üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň koreý işewürleri üçin örän özüne çekijidigini aýratyn nygtady. Bu ugur Koreýa Respublikasynda öndürilen önümleri, harytlary we tehnologiýalary Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna ugratmakda ähmiýetli hasaplanýar. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň ýolbaşçysy üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylyp, bu gatnaşyklaryň sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde geçirilýän duşuşyga gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

 Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti duşuşygy açyp, koreýaly işewürler bilen wagt tapyp duşuşýandygy üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny nygtady. 

                                                                   

Soňra jenap Kristofer Ku Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny şu gezekki duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen tanyşdyryp, bu kompaniýalaryň her biriniň alyp barýan işleri, häzirki wagta çenli amala aşyran taslamalary barada gürrüň berdi. Şolaryň hatarynda “Hyundai Engineering”, “Hyundai Corporation”, “Hyundai Motors”, Günorta Koreýanyň “KEXIM” eksport-import banky, “LX International Corp.”, “Omnisystem Co Ltd”, “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýalary, Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag instituty, (KOMERI), “MESCO”, Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli instituty, Kýongbuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Chilgok” klinikasy, “KITECH” konwergent tehnologiýalar merkezi, “KD Navien” düzümi bar. 

                                                                   

Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti öz ýurdunyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň türkmen tarapyndan ikitaraplaýyn netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge berilýän ägirt uly ünsüň nyşanydygyny aýratyn nygtady hem-de munuň üçin hormatly Arkadagymyza duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

 Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna söz berildi. 

 Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow koreý kompaniýalarynyň we olaryň türkmen hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirmek baradaky bilelikdäki teklibe ýokary baha berýändigini belledi we bu duşuşygyň hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga oňyn şerti döredendigini aýtdy. Ol gatnaşyklary mundan beýläk-de meýilleşdirmek hem-de iki tarapyň hem anyk isleglerini we maksatlaryny bilmek üçin mümkinçilikleri berýär. 

                                                                   

Duşuşyga şeýle uly wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy Koreýa Respublikasynyň işewürler bileleşiginiň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Şeýle hem däp bolan hyzmatdaşlygy berkitmäge we täze gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde önümçilik, tehnologiýalar we maýa goýum ugurlarynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygyny düýpli giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ýokary depgindäki durnukly ösüşi üpjün edendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasatynyň maýa goýumlary amatly goýmak üçin düýpli mümkinçilikleriň bardygyny şertlendirýändigini aýtdy. Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetiň ösüşine täze itergi we depgin bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu işde ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şu babatda Türkmenistan häzirki döwürde koreý işewürligi üçin özüne çekiji häsiýete eýedir. Munuň özi diňe bir biziň örän köp serişde binýadymyz we amatly geografik ýagdaýymyz bilen däl, eýsem, döwrebap kanunçylygymyz, amatly işewür ýagdaýymyz, durnukly döwlet institutlarymyz bilen hem şertlenýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda bolan hem-de ýurdumyzyň üstünlikleri bilen ýakyndan tanşan bilermenleriniň hasabatlarynda ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändigi we netijeli özgertmeleriň geçirilýändigi bellenilýär. Bu iri halkara institutlaryň wekilleriniň türkmen ykdysadyýetiniň geljekde-de depginli ösjekdigini, ýurdumyzyň maýa goýum derejesiniň ýokarydygyny belleýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli ugurlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistanda amatly we sazlaşykly şertleriň döredilendigini belledi. Şunda döwletimiz maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde düýpli goldaw berýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz milli önümi öndürmekde maýa goýumlaryň paýynyň depginli ösýändigini aýdyp, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň köpelýändigine, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygyna ünsi çekdi. Halkara ýagdaýlardaky çylşyrymly meýillere garamazdan, ýurdumyzda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Bu görkeziji şu ýylyň geçen on aýynyň jemleri boýunça 6,2 göterim boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilen kanunçylyk binýadynyň daşary ýurt maýa goýujylaryny çekmekde uly orun eýeleýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda salgyt salmak, maýa goýumlar, erkin telekeçilik babatda netijeli kanunlaryň kabul edilendigini nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hem täsirli çäreler görüldi. Ilkinji nobatda, walýutanyň hümmeti düzgünleşdirilip, milli manat berkidildi. Türkmen bazarynyň özüne çekijiliginiň köp derejede ýurtdaky jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, döwlet institutlarynyň sazlaşykly işi bilen şertlenýändigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýokary goşulan bahasy bolan harytlary öndürmäge kem-kemden geçmegiň geçirilýän özgertmeleriň möhüm wezipeleri bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Şeýle-de innowasion önümçilikleriň paýyny artdyrmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak zerur strategik wezipelerdir. Biz bu wezipeleri iň gowy dünýä tejribesini ulanyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyza daýanyp we kooperasiýanyň täze ýollaryny açmak arkaly çözmegi göz öňünde tutýarys. Şol hyzmatdaşlarymyzyň arasynda Koreýa Respublikasyna mynasyp orun berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 13 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Iň iri “Hyundai Corporation”, “LX International Corp.”, “Daewoo Engineering and Construction” koreý kompaniýalary türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz we himiýa senagaty hem-de ençeme beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we geljekde-de höweslendireris hem-de goldarys. Dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” käninde gazy gaýtadan işlemek boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamagy hem-de konsultatiw hyzmat etmegi «LX International Corp.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan iri taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. 

                                                                   

Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulag we ýolagçy awtobuslary iberildi diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de koreý awtomobil tehnikasynyň we enjamlarynyň satyn alynýan möçberini artdyrmaga ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylýandygy bellenildi. Gürrüň köp adama niýetlenen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň täze, uly tapgyry barada barýar. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, ylmy köp talap edýän pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we kosmos ugurlarynda, suwy süýjetmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Türkmen şäherleriniň täze keşbini döretmekde hem Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanda örän iri şähergurluşyk taslamasynyň — Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy. Bu toplum özüniň tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça köp babatda özboluşlydyr, düýbünden täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. Mundan başga-da, ýene bir örän iri «Aşgabat-siti» taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. Bu taslama onlarça müň adam üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, sowma ulag ýollarynyň, giň ekologik zolaklaryň, ilatyň dynç alyş hem-de aň-bilim merkezleriniň gurluşygyny göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Biz «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasynyň bu taslamany amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini bilýäris hem-de onuň meýillerini goldaýarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda iň täze tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri esasynda şäher gurluşygyny döwrebaplaşdyrmak işinde hyzmatdaşlyk etmäge beýleki koreý kompaniýalaryny hem çagyrdy. 

                                                                   

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz iki tarapyň mümkinçilikleriniň has-da netijeli ulanylyp bilinjekdigini, munuň, ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegi öz içine alýandygyny, energetika, ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli we halkara üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda döwrebap ulag üpjünçilik ulgamlaryny, hususan-da, demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny döretmek taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak bilen, sebitara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigini nygtady. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan deňiz gatnawlarynyň üpjünçilik ulgamlaryny işjeň ösdürýär. 2018-nji ýylda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy portuny gurmak we döwrebaplaşdyrmak işi tamamlandy. Bu port tutuş yklym ähmiýetli örän uly ulag çatryklarynyň birine öwrüldi. Portuň logistik mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnukly hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek isleýän koreý işewürler toparlary üçin özüne çekiji boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Saglygy goraýyş, agrosenagat toplumy, elektroenergetika, syýahatçylyk hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, koreýaly hyzmatdaşlaryň bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman gurallary bilen enjamlaşdyrmak, täze dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmak işlerine gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmekleriniň zerurdygyna üns çekildi. Ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryndan başga-da, Türkmenistan häzir geljegi uly bolan ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk, telekommunikasiýa, informatika we kosmonawtika ulgamlaryny hem işjeň ösdürýär. Bu ugurlarda-da özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň häzirki döwürde dünýäniň iň iri maliýe merkezleriniň biridigini belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy maliýe ulgamyny, maliýe-karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny we biržalary döretmek we işletmek boýunça Günorta Koreýanyň üstünlikli tejribesiniň biziň üçin örän gyzyklydygyny aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy pudagyň kärhanalarynyň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylda döredilen ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki döwürde kuwwatly işewürler birleşmesi bolmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň birnäçesinde iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, biz işewürlik alyşmalaryny işjeňleşdirmegi, ol ýa-da beýleki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin işewürler toparlarynyň we kompaniýalaryň ýurdumyzda geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmaklaryny, telekeçileriň maksatly saparlarynyň guralmagyny möhüm hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Türkmenistan Koreýa Respublikasyna özüniň ileri tutýan ykdysady hyzmatdaşy hökmünde garaýar. Bu ýurt bilen uzak möhletli, strategik geljege gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Häzirki döwürde açylýan hakyky mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça giň hem-de gyzyklanma döredýän gatnaşyklara taýýardygyny aýtdy. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlary baradaky garaýyşlarda hem, ählumumy ykdysady ösüş meýilleri baradaky garaýyşlarda hem özara düşünişmegiň has äşgärdigi bilen şertlendirilýär. Men bu duşuşyga Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda täze möhüm ädim hökmünde baha berýärin. Onuň çäklerinde geljekde bilelikde iş alyp barmak üçin oňyn esas boljak ençeme möhüm resminamalara gol çekiler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Häzirki sapar we geçirilen duşuşyklar koreýaly hyzmatdaşlarymyzyň Türkmenistan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek meýilleriniň hakykydygyna hem-de esaslydygyna ynamymyzy tassyklaýar. Bu bolsa türkmen tarapyndan doly goldanylýar we bilelikde işlemäge taýýarlygy alamatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, koreý işewürliginiň Türkmenistanda netijeli işlemegi üçin amatly şertler dörediler. 

                                                                   

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly ikitaraplaýyn mümkinçiliklere laýyk gelýän giň we doly bahaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra duşuşyga gatnaşýan öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar Koreýa Respublikasyna resmi saparyň çäklerinde duşuşmaga wagt tapandygy üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygy yzygiderli häsiýete eýedir. Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamalaryny hem-de “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Günorta Koreýanyň işewürleri nebitgaz senagatyny ösdürmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň wajypdygyny göz öňünde tutup, türkmen tarapy bilen bu ulgamda gazanan tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklar hem täze derejä çykýar. Awtomobil senagatynyň dünýä görkezijisinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän koreý kompaniýalary ýurdumyzda öz önümlerini hödürlemäge, tehniki hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Häzirki döwürde bank-maliýe ulgamynda döwletara gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli derejede gepleşikleriň birnäçesi geçirildi we özara bähbitli ylalaşyklar gazanyldy. Bu ulgamdaky öňegidişlikler iki ýurduň ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tebigy gazdan ekologik taýdan arassa ýangyjy çykarýan toplumyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi derwaýys hasaplanylýar. 

                                                                   

Ylym-bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy koreý ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meselelere örän jogapkärli çemeleşýändikleri nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglylykda, saglygy goraýyş edaralarynyň tehnologik üpjünçiligi, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmak işinde tejribe alyşmak meselelerine deglip geçildi. 

                                                                   

Türkmenistan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen, okgunly ösýän ykdysadyýetli ýurtdur. Şulary we netijeli işlemek üçin bar bolan amatly şertleri nazara almak bilen, türkmen bazary daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekijidir diýip, çykyş edenler nygtadylar. 

                                                                   

Soňra iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň arasynda Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek, enjamlary bilen üpjün etmek we gurmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasy bilen gizlinlik hakynda Ylalaşyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleriniň adyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçirilen duşuşyk hem-de çuň manyly çykyşy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Kristofer Ku şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde ýene-de bir gezek üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juň Won-Ju bilen duşuşdy. Duşuşykda kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň iri şäherleriniň bu ugurda toplan tejribeleriniň ulanylmagynyň iki tarapa hem peýdaly boljakdygy bellenildi. 

 Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, gazhimiýa, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Hut şoňa görä-de, şu saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary degişli ugurdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýärler. Koreýaly kärdeşlerini Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdyrdylar we olaryň şu kärhananyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle taslamalar durmuşa geçirilende, ekologik taýdan arassa hem-de dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän önümleri öndürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Şeýle-de daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Işewürler koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, meýilleşdirilen taslamalary, şol sanda nebitgaz we himiýa senagatynda, ýangyç-energetika serişdelerini gaýtadan işlemekde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Hyundai Engineering” hem-de “LX International Corp.” kompaniýalary üçin geljegi uly türkmen bazarynda işlemegiň we giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň uly hormatdygy nygtaldy. 

                                                                   

Koreýa Respublikasyna resmi sapary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Watanymyza ugrady. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň Koreýanyň eksport-import bankynyň ýolbaşçysy, “Ksure” karzlary ätiýaçlandyryş guramasynyň wise-prezidenti, “BAI Energy” korporasiýasynyň başlygy bilen geçiren gepleşiklerinde ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça pikir alşyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň “Hyundai Engineering”, “Jies” koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň biriniň häkimi bilen geçiren duşuşygynda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, “akylly” şäher konsepsiýasynyň wezipelerini çözmek hem-de Türkmenistanda bu ulgamda başy başlanan taslamalara gatnaşmagyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

30.11.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada habar berdi. Welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle-de hasabatyň dowamynda häkim ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ilatymyzy bu azyklyk önümleri bilen üpjün etmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylýandygy barada aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň barşy hakynda hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini degişli derejede geçirmek, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny berkitmegiň möhümdigi barada aýdyp, ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almakda, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmekde ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleri alyp barmak tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki möhletlerde alnyp barylýar, gowaça meýdanlarynda bar bolan “ak altyn” hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şu günler welaýatyň meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de häkim welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi barada habar berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz meýdanlarda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biridigine ünsi çekip, welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň barşyny hem-de welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şu günler welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini meýilnama laýyklykda alyp barmak, pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýändigi barada habar berdi. 

                                                                   

Şeýle-de welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu azyk önümleri bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy hem-de welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagynyň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, pagtaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigini, ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu azyk önümleri bilen ilatymyzy doly üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini aýdyp, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleri, sebitde dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky “ak altyn” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işlerini guramaçylykly alyp barmak, pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi. 

                                                                   

Welaýatda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi we pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki möhletlerde, pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmegiň möhüm wezipedigini belläp, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, häkime welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleri alyp barmak tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, welaýatyň gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Welaýatda ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu azyk önümleri bilen halkymyzy bolelin üpjün etmek boýunça işler guramaçylykly dowam edýär. Sebitde daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny gysga möhletde ýygnap almak işleri talabalaýyk derejede alnyp barylýar. 

                                                                   

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bulardan başga-da, welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleriň alnyp barlyşy barada habar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk alyp barmak, pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň möhüm wezipedigini belläp, ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň, gant şugundyrynyň hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, häkime welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleriň geçirilmegi tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.11.2022
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry

Seul, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy. 

                                                                   

Ir bilen hormatly Arkadagymyz özüniň sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän myhmanhanadan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasyna tarap ugrady.  

                                                                   

Soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşi iki ýurduň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýändikleri bilen şertlendirilendir. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Milli Assambleýanyň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we beýleki resmi adamlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny güler ýüz bilen mübäreklediler. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Jin-Pýo haly düşelen ýodajyk bilen milli lybasly Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçip, binanyň ikinji gatyna galdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Soňra Milli Assambleýanyň Başlygy hormatly Arkadagymyzy binanyň duşuşyklar otagyna çagyrdy. Bu ýerde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. 

 Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasyna gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hormatly Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk iki dostlukly ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bu bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň kanunçylyk babatdaky özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirer. 

                                                                   

 Soňra Kim Jin-Pýo Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi. 

                                                                   

Ilki bilen, Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek barada iberilen çakylyk hem-de mähirli garşylandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Arkadagymyz şu günki duşuşygyň iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada düýpli gürrüň etmek üçin oňyn mümkinçilikdigini belledi. Munuň özi türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge şert döredýär. 

                                                                   

Ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň diňe bir türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygyna däl, eýsem, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna hem ägirt uly itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtap, bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başyny başlandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Biz parlament diplomatiýasynyň esasy maksadyny, manysyny we niýetlenilişini onuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmagynda görýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Esasy maksada ýetmek üçin oňyn başlangyçlary öňe sürüp, batyrgaý işlemelidigini, dünýäde dawalary aradan aýyrmaga we olaryň öňüni almaga, garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilen täze usullaryň teklip edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň oňyn netije berjekdigine pugta ynanýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň başlangyjyny — «Azatlyga, parahatçylyga we gülläp ösüşe goşant goşýan ählumumy esasy döwlet» atly diplomatik garaýşyny bellemek isleýärin. Şeýle-de bar bolan gapma-garşylyklary çözmegiň usuly hökmünde köpçülikleýin gyryş ýaragyny ulanmakdan ýüz döndermäge tarap möhüm ädim bolup durýan pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilen «batyrgaý başlangyjyň» örän uly ähmiýeti bardyr. 

                                                                   

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşiniň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Arkadagymyz parlament işinde özara tejribe alyşmagyň we iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň parlamentarizminiň öz köklerini örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny aýdyp, türkmenlerde örän möhüm, ykbal kesgitleýji çözgütleri kabul etmekde hukuklary we ygtyýarlyklary bermek üçin iň mynasyp, uly durmuş tejribesi bolan, jogapkärçilikli, öňdengörüji adamlary saýlamagyň asyrlaryň dowamynda kada bolup gelýändigini belledi.  

                                                                   

Bu hemişe, häzirkisi ýaly, giň demokratik esasda amala aşyrylypdyr. Biz öz ýolumyzy saýlap almak işinde türkmen parlamentarizmini ösdürmegi emeli wagt çäklerine salmadyk. Türkmenistanyň parlamenti öz tejribesini yzygiderli ösdürip, iki palataly iş görnüşine geçdi. Parlamentiň ygtyýarlyklary we düzümi ep-esli giňeldildi diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde parlamentiň diňe bir häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy bolman, eýsem, biziň taryhy, asyrlaryň synagyndan geçen däplerimizi dowam etdirijidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda parlament diplomatiýasynyň möhüm orun eýeleýändigini, şundan ugur alyp, türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesini teklip etmek isleýändigini aýtdy. 

                                                                   

Birinjiden, parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek we ony ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýän anyk wezipeleri çözmäge gönükdirmek. Ikinjiden, ýaşlar parlamentara özara hyzmatdaşlygynyň usullaryny döretmek we netijeli ulanmak diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ýaşlaryň aň-bilim, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini jemgyýetiň, döwletiň bähbidine ýokary derejede ulanmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek işinde jemgyýetçilik ýaşlar diplomatiýasynyň ornuna, ýaşlar jemgyýetçilik we parlament düzümleriniň ösüşiniň tejribesine hem-de geljegine ýokary baha berilýär. 

                                                                   

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, üçünjiden, türkmen we koreý zenan parlamentarileriniň özara hyzmatdaşlyk usulyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürüp, zenan parlamentarileriň halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek işinde, bu gatnaşyklara hoşniýetli many bermekde, geljek nesiller barada alada etmekde ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Dördünjiden, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek işinde hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, biziň parlamentarilerimiziň özara hyzmatdaşlygynyň usullaryny işläp taýýarlamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, elýeterli lukmançylyk we bilim ýaly ugurlarda esasy wezipeleri çözmek biziň parlamentarilerimiziň özara hyzmatdaşlygynyň başlangyç binýady bolup biljekdigini, hormatly Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen many-mazmunly duşuşyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky parlament gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly we durnukly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Milli Assambleýanyň Başlygyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

Çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Kim Jin-Pýo many-mazmunly çykyşy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň uly geljegi bolan türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. 

                                                                   

Döwlet derejesinde ähmiýet berilmegi bilen, işewür gatnaşyklaryň iki ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Özara duşuşyklar, ikitaraplaýyn saparlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna giň mümkinçilik berýär. Kim Jin-Pýonyň belleýşi ýaly, birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanyldy. Olardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen bir hatarda, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny we hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. 

                                                                   

Dünýäde energiýa serişdelerine, tebigy gaz gorlaryna baý ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we beýan eden teklipleriniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Kim Jin-Pýo häzirki döwürde maglumat-tehnologiýa, ýangyç-energetika, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylýandygyny, olaryň netijeli ösdürilmeginiň iki ýurduň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady we gatnaşyklaryň şähergurluşyk, binagärlik babatda özara tejribe alyşmak arkaly işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy sözüniň ahyrynda hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Aşgabada täze ýolagçy awtobuslaryny ugratmak baradaky ylalaşyklar üstünlikli hereket edýär, şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynda koreý dili boýunça okuw sapaklarynyň geçirilýändigini we onuň gerimini giňeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini eşitmegiň ýakymly bolandygyny nygtady. 

                                                                   

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler. 

 Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Assambleýanyň uly mejlisler otagy bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz dürli derejedäki mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen otagyň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, onda forumlary, maslahatlary geçirmek üçin döredilen şertler, otagyň enjamlaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň uly mejlisler otagy bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere minnetdarlyk bildirip, bu ýerden özüniň kabulhanasy ýerleşýän myhmanhana tarap ugrady. 

                                                                   

Az wagtlyk dynç alyşdan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi günortanlyk naharyň berilýän ýerine geldi. 

                                                                   

 Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon mähirli garşylady. 

 Ol hormatly Arkadagymyza hoşniýetli sözlerini aýdyp, bu duşuşygyň özi üçin uly mertebedigini aýratyn nygtady. Şeýle-de toparyň ýolbaşçysy hormatly Arkadagymyzyň bu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilmegine goşant goşjakdygyna pugta ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň ygtybarly we işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, bu gezekki saparyň çäklerinde gazanylýan ylalaşyklaryň ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna we türkmen wekiliýetine bildirilýän hormatyň nyşany hökmünde «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň adyndan berlen resmi günortanlyk nahary iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Resmi günortanlyk nahary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edýän tarapa minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bu ýerde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlary we bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berýän wideofilme tomaşa etdiler. 

                                                                   

Şeýle hem wekiliýetleriň agzalary Türkmenistanda çap edilýän döwürleýin neşirleriň täze sanlary bilen tanyşdylar. Metbugat sahypalarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň birinji güni we bu saparyň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berýän makalalar, fotosuratlar ýerleşdirilipdir. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Arkadagymyz günüň ahyrynda dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň kabulhanasyna tarap ugrady. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň kabulhanasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyzy Kim Jin-Pýo mähirli garşylady we belent mertebeli myhmany kabulhana çagyrdy. 

                                                                   

Binanyň eýwanyndaky tebigatyň keşbi şekillendirilen ajaýyp suratyň ýanynda iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary ýadygärlik surata düşdüler. Soňra olaryň maşgalalarynyň gatnaşmagynda bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Soňra Kim Jin-Pýo hormatly Arkadagymyzy binanyň howlusynda ýerleşýän gyşky seýilgähe çagyrdy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň Baştutanlary bu ýerde oturdylan bag nahallaryny, gülleri synladylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda gök zolaklaryň döredilmegine we köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy geçirilýär. Bu bolsa ýurduň ähli künjeklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagyny we amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bag nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilmeginiň, ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň ähli ýurtlardyr halklar üçin bähbitli çäredigini belläp, bu ugurda Türkmenistanyň gazanan tejribesine dünýäde ýokary baha berilýändigini aýratyn nygtady. 

                                                                   

Kabulhananyň gyşky seýilgähiniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Jin-Pýo resmi agşamlyk naharynyň berilýän ýerine geldiler. 

                                                                   

 Bu ýerde iki ýurduň wekiliýetleriniň Baştutanlary söz sözlediler. 

                                                                   

Kim Jin-Pýo hormatly Arkadagymyzy ýene bir ýola mübärekläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu gezekki saparyna Koreýa Respublikasynda aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de saparyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Milli Assambleýanyň Başlygy meşhur türkmen şahyrlarynyň we filosoflarynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşandygyny aýdyp, şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň baýdygyny, onuň ähli halklarda ägirt uly gyzyklanma döredýändigini belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň beýik şahsyýetleri barada aýdan hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesiniň dabaralandyryljakdygyny belledi. 

                                                                   

 Hormatly Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň: 

                                                                   

 Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler, ol ykbaly türkmeniň —
 

                                                                   

diýen setirlerini ýatlap, bu jümlede agzybirligiň, bitewüligiň belent maksatlara ýetmekde zerur şert bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm şertidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilýändigi, şu günki geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýratyn nygtady. 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny, bu ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejämizi goldan döwletleriň ilkinjileriniň biridigini belläp, hormatly Arkadagymyz şeýle goldaw üçin öz minnetdarlygyny beýan etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, resmi saparyň maksatnamasyna laýyklykda, gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini, şunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçiriljekdigini belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny belläp, geçen döwürde iki ýurduň arasyndaky parlamentara we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz: «Derýa öz suwuny içmeýär, bag öz miwesini iýmeýär” diýen filosofik jümleleri aýdyp, biziň ýurtlarymyzyň dünýä halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mümkin bolan ähli asylly işleri amala aşyrmaga çalyşýandyklaryny belledi we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Talyp ýaşlar hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy, ylym dünýäsine çuňňur aralaşmagy babatda döwlet derejesinde uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary Koreýa Respublikasynda bilim alýan talyplara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary we Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan “Ömrümiň manysy” atly kitaby gowşurdylar. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynda bilim alýan ýaşlaryň döwlet tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ajaýyp sowgatlar üçin hoşallyklarynyň çägi bolmadyk ýaşlar hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar we döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerini hem-de Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjekdiklerini nygtadylar. Munuň özi Koreýa Respublikasynyň meşhur bilim ojaklarynda okaýan talyp ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.

29.11.2022
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda halkara sungat festiwallarynyň we konsertleriň yzygiderli geçirilmegi dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parahatçylygy we abadançylygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň milli aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmakda bu halkara festiwala we maslahata aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Türkmen milli dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden buýsandyrdy. Türkmen topragy milli aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetiren halypalaryň mekanydyr. Olaryň ussatlyk ýoly häzirki wagtda-da halypa-şägirtlik ýoly arkaly dowam etdirilýär. Milli aýdym-sazlar göwünleri, kalplary birleşdirýär, medeni gatnaşyklar halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Joşgunly aýdym-sazlar halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, milli aýratynlyklaryny çeper beýan edýär. Aýdym haýsy dilde ýerine ýetirilse-de, sungatyň güýji ýüreklerde dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga söýgi döredýär. Dünýä halklarynyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungaty diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimilige eýe bolýar. Siziň kalbyňyzdan joşup çykýan şirin owazly aýdym-sazlar Ýer ýüzünde bagtyýarlygyň, abadançylygyň belent waspyna öwrülmelidir. Adamlary ruhlandyryp, geljege ynamyny has-da berkitmelidir. Ynsan kalbyna ylham berýän sungat parahatçylygyň aýdymyny aýdyp, bagtyýarlygyň waspyny edende, belent derejä göterilýär we parahatçylygyň, dost-doganlygyň gymmaty dünýä ýaýylýar. 

                                                                   

 Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi sungatyň dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýan edýär. Türkmen sungatynyň dünýä ýaýylmagy, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara çärelere sungat ussatlarymyzyň gatnaşmaklary halkymyzyň sungata bolan sarpasynyň belentdigini aýdyň görkezýär. Hoş owazly aýdym-sazlar ynsan göwnüniň ganaty bolmak bilen, adamlaryň ruhunyň kämil bolmagyna oňyn ýardam edýär. «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň, gülledip ösdürmegiň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek subut edýär. 

                                                                   

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde geçiriljek konsertleriň, halkara maslahatyň, döredijilik duşuşyklarynyň we ussatlyk sapaklarynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyna, siziň her biriňiziň halkara festiwalyň we maslahatyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Siziň ähliňizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz äleminde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

28.11.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze Kanunlar metbugatda çap edilýär we deputatlar tarapyndan olaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, aýry-aýry ulgamlaryň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Hususan-da, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetini bellemek bilen, bu barada gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini beýan etdi, býujetiň taslamasy boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmekde esasy üns berilmeli ugurlary salgy berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegini kanunçylyk taýdan goldamak boýunça Mejlisiň öňünde goýlan wezipeleri çözmegiň, olaryň işine ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň täze konsepsiýalaryny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-düşündiriş işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýetini hem nygtady. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew meýilnamalaýyn kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy noýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we makullanyldy. 

                                                                   

23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny, maýa goýum maksatnamalaryny öz içine alýan Döwlet býujeti boýunça anyk hasaplamalary geçirmek baradaky sargytlaryny we maslahatlaryny göz öňünde tutup, Hökümet edaralary bilen bilelikde seljerme işleriniň geçirilmegi boýunça degişli teklipler berildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 19-njy noýabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy, hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim, terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen binalaryň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, şol ýerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we syýahatçylygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iş maslahatyny geçirendigi habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we beýleki döwlet kärhanalarynyň haryt alyş-çalyş geleşiklerini amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, umumy kabul edilen halkara kadalaryň düzgünlerini hem-de dünýäniň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Döwletabat-3” hem-de “Döwletabat-2A” gazy gysyjy desgalarynda ornaşdyrylan gaz generatorlaryny zawod şertlerinde düýpli abatlamak işlerini geçirmek barada şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi “Döwletabat” gaz käninden çykarylýan tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara bökdençsiz we ygtybarly ibermäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, çalgy ýaglaryny öndürmekde zerur bolan serişdeleri satyn almak maksady bilen, halkara bäsleşik geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod çig malyny düýpli, galyndysyz işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa gazhimiýa önümlerini öndürmegiň we olaryň görnüşlerini giňeltmegiň innowasion usullaryny işjeň ulanmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, obasenagat toplumyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmeti üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işi dowam edýär. Şeýle-de welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyna hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi hasyllylygy ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer we pudagyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 28-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Aralýaka sebitde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini nygtady. Munuň özi diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä möçberinde hem uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan Kanunlary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmak we eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletleriň birnäçesine iberilýän möçberi ýylsaýyn artýar. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy hereket edýän şertnamalara goşmaça ylalaşyklaryň birnäçesini baglaşmagy meýilleşdirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak we onuň goňşy ýurtlara eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz degişli çäreleriň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge we onuň kuwwatyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etjekdigini belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer ýurdumyzda “ýaşyl” energetikany ösdürmek, hususan-da, ykdysady taýdan amatly, ekologik taýdan arassa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmak hakynda çözgüdiň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “ýaşyl” energiýanyň ekologik abadançylygy hem-de ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň düzümini kämilleşdirmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän derwaýysdygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli çözgüdi makullap, wise-premýere täze energetika desgasynyň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilýän azykdyr beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer Ahal welaýatynda täze desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde hassahananyň durkuny täzelemek hem-de Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr lagym suwuny arassalaýjy desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp, ulanyşa girizmek üçin taýýar edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitlerde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň esasy talap bolup durýandygyny aýdyp, öňdebaryjy tejribäni ulanmak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly gurluşygyň hili bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň meseleleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy barlaglaryň, kärhanalaryň, edaralaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalaryň netijeliligi üçin şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag institutlarynyň doly hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ep-esli gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has işjeň ornaşdyrmaga hem ýardam etjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň birinji gününde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny öz içine alýan möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Taraplar abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi. 

                                                                   

Gepleşiklerde söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy, ýangyç-energetika toplumynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika ulgamynda we beýleki pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Saparyň birinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşygy geçirildi. Onda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda Dubaýda geçirilen “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinde toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiz BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda degişli şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem-de bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek we onuň birinji mejlisini geljek ýylda geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliginden ugur alyp, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň BAE-niň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen geňeşmelerini, maslahatlaşmalaryny guramak teklip edilýär. 

                                                                   

Saparyň ikinji gününde döwlet Baştutanymyz iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini birleşdiren “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň netijeleri boýunça Hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň 13-sine, şeýle-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça resminamalaryň 8-sine gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Abu-Dabide Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek, şeýle-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen “Ýol kartasyny” taýýarlamak teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şu hepdede Abu-Dabide ýokary derejede geçirilen gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz toplumy, ulag-logistika ýaly strategik ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda ýurtaryň ikisinde-de kuwwatly port düzüminiň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm bolup durýar. Syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Munuň özi türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şular barada aýdyp, saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen köp sanly resminamalaryň ähmiýetini nygtady. Şolar döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam bermelidir. Hormatly Prezidentimiz bar bolan köpugurly kuwwatyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri şertlendirýändigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine we beýleki degişli ýolbaşçylara bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň arasynda gol çekilen “Elektron hökümet” ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek” atly resminamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly iberdi we bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ilata hödürlenilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, öňdebaryjy enjamlary, tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda köpşahaly aragatnaşyk ulgamynyň üstünlikli işleýändigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we kuwwatyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.11.2022