Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary
Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen ýokary derejede geçirilen duşuşyklara gatnaşandygyny, olaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan işlere täjik Lideriniň ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň Prezidentiniň Aşgabady “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrýandygyny, özüniň bolsa Täjigistany Merkezi Aziýada gülläp ösýän künjek hökmünde görýändigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Täjigistanda geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Dostlukly häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar, möhüm ugurlaryň ählisi boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamda netijeli dialogyň okgunly ösüş depgini munuň subutnamasydyr. Biziň ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaşlar bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň toplumlaýyn tejribesini has-da baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýärler. Ony giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen berkidýärler. Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary däp bolan hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berdi, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.
Häzirki wagtda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine çykyldy, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär, Hökümet hem-de pudaklaýyn edaralar derejesinde hyzmatdaşlygyň baý we üstünlikli tejribesi toplandy. Medeni-ynsanperwer dialogyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda ýakyn medeni we ylmy alyşmalar ýola goýuldy, türkmen, täjik wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlar we forumlar geçirilýär. Özara Medeniýet günleri hem-de amaly-haşam sungatynyň sergileri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Iki ýurduň sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Täjigistanyň iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyna ýardam berýär.
...Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, milli lybasdaky çagalar Gahryman Arkadagymyzy täjik we türkmen dillerinde “Hoş geldiňiz!” diýen sözler bilen garşyladylar we gül dessesini gowşurdylar.
Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa taryhy taýdan ýygjam gatnaşyklar ýola goýlan ýurtlaryň arasyndaky parahatçylyk söýüjilikli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýar.
Dostlukly ýurduň Premýer-ministri Gahryman Arkadagymyzy Täjigistanda görýändigine örän şatdygyny ýene-de bir gezek nygtap, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda sebitiň ýurtlary üçin bähbitli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip, Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
...Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.
Köşgüň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzy Prezident Emomali Rahmon doganlarça mähirli garşylady. Birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Täjigistanyň döwlet Baştutany konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti we döwlet Baştutanlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldiler.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlara, wekiliýet agzalaryna, bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki sammite gatnaşyjylaryň hemmesine hoşallyk bildirdi we onuň ýokary netijelere beslenendigine ynanýandygyny aýtdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy tamamlandy, onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň jemleri taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasynda sebit hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini ýene bir gezek tassyklady. Biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine sebitiň ýurtlarynyň taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi. Şular barada aýtmak bilen, Prezident Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna sammite işjeň gatnaşandyklary, şeýle hem Duşenbede geçirilýän duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine, Halk Maslahatynyň Başlygyna Duşenbedäki duşuşyklaryň üstünlikli geçirilmegine goşant goşandyklary üçin hoşallyk bildirdi.
Täjigistanyň döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanýandygyny habar bermegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bu çözgüdiň ýerine düşendigini aýdyp, döwlet Baştutany wezipesinde köpýyllyk netijeli işi bilen hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistanda hem, onuň çäklerinden daşarda hem ählumumy hormata, belent abraýa mynasyp bolandygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny we köp ýyllaryň dowamynda doganlyk Türkmenistanyň özygtyýarly, garaşsyz ösüşini üpjün edendigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy belende galýar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we türkmen halkynyň abadançylygynyň berkidilmegine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandynyň bardygyny hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň mahsusdygyny belläp, Prezident Emomali Rahmon häzirki döwürde gülläp ösýän Aşgabadyň türkmen halkynyň ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleri gazanýandygynyň, ýurduň ýeten derejesiniň nyşany bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşurylmagy bilen döwlet Baştutanlarynyň, täjik halkynyň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Prezident Emomali Rahmon dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda bu ýokary sylagy gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna ýüzlenip, olaryň ählisini doganlyk Täjigistanda mübärekläp, Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde özüne bu ýokary sylagyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal bu duşuşygyň binýady ilkibaşda Aşgabatda goýuldy. Biz ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly umumy ýörelgelerimizden ugur alyp, bu teklibi ilkinji gezek Daşkentde beýan etdik. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy hem Gazagystanda geçdi. Soňra bu duşuşygy biz Özbegistanda geçirdik. Duşuşyklaryň gün tertibi barha giňedi, biz olara köp meseleleri girizdik diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Üçünji duşuşygymyz bolsa Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçdi we onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin netijeli teklipler beýan edildi. Soňra biz dördünji duşuşygy Gyrgyzystanyň başlyklyk etmeginde Çolpon-Ata şäherinde geçirdik we bu gün bäşinji ýubileý duşuşyk doganlyk Täjigistanda geçýär.
Hormatly Arkadagymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde ýönekeý bolmadyk dünýäde ýaşaýandygymyzy, syýasat, ykdysadyýet babatda köp meseleleriň bardygyny, ýöne esasy zadyň — biziň umumy ynsanperwer bähbitlerimiziň göz öňünde bolmalydygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyzyň rowaçlygy ykdysadyýete baglydyr, sebitimiz energiýa we nebitgaz serişdelerine, beýleki tebigy serişdelere örän baýdyr, şoňa görä-de, her gezek duşuşygymyzda, döwletlerimize we halklarymyza rowaçlyk, abadançylyk getirjek umumy çözgütleri ara alyp maslahatlaşýarys diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Ýurtlarymyzyň baý tebigy serişdeleri, senagat we tehnologiýa kuwwaty bardyr. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Olaryň birleşdirilmegi, ýokary düşewüntli önümçilikleriň döredilmegi, senagat taýdan kooperirleşmek möhüm mesele bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň dünýä medeniýetiniň çatrygydygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan “Açyk gapylar” syýasaty barada aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalara ünsi çekdi. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigine hem-de uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Içerki we daşarky häsiýetli islendik syýasy we ykdysady meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynda ynsanperwer taglymlar ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Pederlerimiz halklarymyzyň bähbidine bize dogry ýoly salgy berdiler. Elbetde, biziň halklarymyzyň beýik akyldar ogullary sanardan köpdür. Şu ýerde Abaý Kunanbaýewi, Çingiz Aýtmatowy, Alyşir Nowaýyny, Nyzamy Genjewini, Abu Abdulla Rudakyny hem-de biziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny belläp geçesim gelýär, diýip Milli Liderimiz çykyşynda belledi.
Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, ähli ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara çagyrdy we bu dabaralaryň ýokary halkara derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň şu şahyrana setirlerini getirdi we olaryň terjimesiz hem düşnüklidigini aýtdy:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Milli Liderimiz biziň hemmämiziň doganlar hökmünde bir saçagyň başyna ýygnanyşmagymyzyň halklarymyzyň agzybirliginiň alamatydygyny belläp, beýik akyldarlarymyzyň pähimleri barada gürrüň berdi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlaryna ýüzlenip, gazak doganlarymyzyň “Halkyň güýji agzybirlikdedir”, gyrgyz doganlarymyzyň “Bagtyň binýady agzybirlikdir”, özbek doganlarymyzyň “Bedeni — lybas, ruhy dostluk bezeýär”, azerbaýjan doganlarymyzyň “Guşa — ganat, halka — agzybirlik”, täjik doganlarymyzyň bolsa “Ýüz dostuň bolsa-da azdyr” diýýändigini nygtady.
Biziň pederlerimiz, şygryýete sarpa goýan akyldar ata-babalarymyz hemişe agzybirlige çagyrypdyrlar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we häzirki günde biziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde doganlarça pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýändigimizi aýtdy.
Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany Emomali Rahmona ýüzlenip, ýakynda täjik halkynyň Garaşsyzlyk gününi baýram edendigini belledi we her gezek Täjigistana, hususan-da, paýtagty Duşenbe şäherine gelnende, onuň gün-günden gözelleşýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy we milli jebisligi esaslandyryjy, täjik halkynyň Milli Lideri Emomali Rahmonyň parahatçylygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandyny aýratyn belledi. Ol köp ýyllaryň dowamynda döwlet Baştutany bolmak bilen, uly işleri amala aşyrdy we häzirki günde-de özüniň syýasy-guramaçylyk tejribesine esaslanyp, sebitde giň gerimli işleri amala aşyrýar, halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine zähmet çekýär. Onuň tagallalary netijesinde, Täjigistan dünýäniň abraýly ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Dostlukly halklar bolmak bilen, biz Prezident Emomali Rahmon tarapyndan alnyp barylýan işlere buýsanýarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri berlen ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, munuň özi üçin ýokary jogapkärçiligi alamatlandyrýandygyny nygtady we ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz sözüniň ahyrynda konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Agşam resmi agşamlyk nahary berildi. Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza tarap ugur aldy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.
Bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Milli Liderimizi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşenbede geçirilen giň gerimli sammitiň goňşy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de sebitiň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini, olaryň sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açandygyny belläp, özara ynanyşmagyň durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbede geçirilen duşuşyklaryň sebitiň ýurtlarynyň arasynda dialogyň ösdürilmegine hem-de parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz beýik ýeňişleriň hem-de uly üstünlikleriň belent ynama esaslanýandygyny aýdyp, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine öz ýurdunyň döwlet Baştutanyna hem-de Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlygyny ýetirmek haýyşy bilen ýüzlenip, diplomata jogapkärli işinde öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.