Parahatçylyk, ynanyşmak we netijeli halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarydyr

Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan anyk başlangyçlary köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär. 

                                                                   

14-15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmek, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgamyň innowasiýalar hem-de täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ýurtlarymyzyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edildi. Energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmegiň maksadalaýykdygyny belledi. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzirki bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalarda öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Konsultatiw duşuşyk tamamlanandan soňra, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. 

                                                                   

Konsultatiw duşuşygyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ugurdaş çäreler hem guraldy. Şolaryň hatarynda daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi, ulag ministrleriniň birinji duşuşygy, zenanlaryň dialogy, «Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar» atly mowzukda guralan ykdysady forum hem-de beýlekiler bar. Türkmenistanyň wekiliýet agzalary täjik kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş etjekdigini belläp, gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek teklibini beýan etdi. 

                                                                   

Sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi. Şeýle hem Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna, rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi wajyp bolup durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny hem öňe sürdi. Ol sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini beýan eder. Türkmenistan bu resminamany işläp taýýarlamagy Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda öňe sürüpdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ýene bir teklibi AHHG-nyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksadyndan ugur alnyp, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamak bilen baglanyşykly boldy. 

                                                                   

Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň gaznada başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda, gaznanyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda, AHHG-nyň Prezidentini saýlamak hakynda Çözgütlere gol çekildi. 

                                                                   

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bugdaý ekilýän meýdanlardaky işleri, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini we pagta ýygymy möwsüminiň barşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlaryň häkimlerine şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, sankt-peterburgly hyzmatdaşlaryň täze ugurlar, şol sanda sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri gurmak ýaly möhüm ulgamlar boýunça teklipleri uly gyzyklanma döredýär. 

                                                                   

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge we Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk, «Senagat-innowasiýa modeli — ýurdumyzyň esasy strategik ugry» atly ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak meseleleri bar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli we rejeli ulanmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, demir ýol düzüminiň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, himiýa senagatyny ösdürmek we bu pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem oktýabr aýynda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň säheri» atly kinofestiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu çäräniň maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, dünýä jemgyýetçiligini sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Oktýabr aýynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty guramak, «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemek hem göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 17 — 20-nji sentýabr aralygynda Nýu-Ýork şäherine amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk meseleleri mejlisiň aýratyn mowzugy boldy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana we Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Mejlisiň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. 

                                                                   

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen ugrady. Onda Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary beýan ediler. 

                                                                   

Geçen hepdede Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary Arkadag şäherine baryp gördüler. Täze şäheriň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda iki şäheriň arasynda netijeli dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe resminama gol çekildi. 

                                                                   

Giň ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň geljegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen bolan duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

17-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşyk meýdançasyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyza metjidiň we onuň ýanynda bina ediljek muzeýiň içki hem-de daşky bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeleriň görnüşleri görkezildi. Ýerine ýetirilýän ähli gurluşyk işlerinde ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda täze şäheriň gurluşygynda döwrebap tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygy barada hasabat berildi. Bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak boýunça talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren işleri barada aýdyldy. Daşary ýurtlarda saparda bolan ýaşlaryň toplan tejribeleri ýerlerde peýdalanylýar. 

                                                                   

Şeýle hem ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň merkezi binasynyň taslamasy görkezildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, binada degişli halkara we sebitara derejedäki maslahatlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, hünärmenleriň netijeli işlemekleri, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi onuň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar. 

                                                                   

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatynyň kabul edilendigini bellemek bolar. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-wýetnam hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. 

                                                                   

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň 18 — 35 ýaş aralygyndaky bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr. Ýeňijiler diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglandy, döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

                                                                   

Geçen hepdede Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Ýokary öndürijilikli tehnikalar pagta ýygymynyň güýçli depginini üpjün etmäge ýardam edýär. Kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalar doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmak, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bu syýasatyň baş maksadydyr. 

                                                                                                           

(TDH)