Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Aşgabady hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de owlak-guzy möwsüminiň barşyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Häkim aragatnaşyga çykyp duran ýerinden — welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyndan bu ýerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy himiki serişdeleri sepmek, üçünji ösüş suwuny tutmaga girişmek boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlanylýar, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, gök öwüsýän maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, welaýatyň agzybir halkynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýandygyny bellemek bilen, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daýhanlara özüniň salamyny ýetirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň, özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň halkyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde pomidor we käşir ekiljek meýdanda sürüm işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Häkim sürüm işleriniň öň ýanynda topragyň fosfor döküni bilen gurplandyrylandygyny, ekişden soň bolsa karbamid döküniniň beriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz sürüm geçirilen topragyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Şunda häkim eline bir gysym toprak alyp, onuň çyglylygynyň we beýleki degişli aýratynlyklarynyň kadalara laýyk gelýändigini aýtdy.

Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýa ideg edilişi, hususan-da, onuň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu işleriň öz wagtynda geçirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz saçaklarymyzyň bezegi bolan ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň agzybir halkynyň ýurdumyzyň bazarlaryny gök-bakja önümleri bilen üpjün etmekde uly işleri alyp barýandygyny bellemek bilen, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daýhanlara özüniň salamyny ýetirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi.

Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň daýhanlaryna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow bilen göni aragatnaşyga çykdy. Milli Liderimiz häkimiň ekerançylyk meýdanyndadygyny synlap, onuň haýsy ýerde iş alyp barýandygy bilen gyzyklandy.

Häkim welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda “Zehin açary” daýhan hojalygyna degişli meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişilmeginiň bellenilen ýerindedigini habar berdi.

Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy sebitde häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen birinji gezek iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar hem-de ösüş suwuny tutmagy bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görüldi.

Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça kabul edilen, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler bilen hem gyzyklandy.

Häkim häzirki duran ýerinde ýazlyk ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň ekişe doly taýýar edilendigini habar berip, şu ýylyň hasyly üçin welaýatda ýazlyk ýeralmanyň ekişine başlamaga ak pata bermegi uly hormat bilen haýyş etdi.

Milli Liderimiz ýeralmanyň ekişine başlamaga ak pata berip, möwsümi üstünlikli tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylarynyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde uly işleri alyp barýandyklaryny belläp, olara “Işiňiz ileri bolsun!” diýip arzuw etdi hem-de häkime ýüzlenip, «Daýhanlara salam ýetiriň!» diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan işleri üçin welaýatyň ähli halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň halkyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de ýene-de bir gezek üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginden göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde gowaça ekiljek meýdanda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň gowaça ekiljek meýdana ýuwuş suwuny tutmaga ak pata bermegi bilen, häkim böwedi açyp, ekin meýdanyna suw goýberdi. Şeýlelikde, degişli işe girişildi.

Mundan başga-da, häkim sebitde alnyp barylýan beýleki işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, sebitde gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.

Milli Liderimiz welaýatyň agzybir ilatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýandygyny belläp, alyp barýan işlerinde we öňde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Öz nobatynda, häkim «Bar boluň!» diýip jogap berip, milli Liderimize “Özüňiz hem armaň!” diýip ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz hem “Bar boluň!” diýip, häkime daýhanlara salam ýetirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygyna degişli sürüden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykan welaýatyň häkimi owlak-guzy möwsüminiň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, sebitdäki beýleki işler barada hasabat berlip, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleriň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler, şonuň ýaly-da, bugdaý meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny tutmak işleriniň geçirilişi barada aýdyldy.

Ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl almak maksady bilen, bu ekinlere degişli kada laýyklykda ideg edilýär hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek hem-de gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerli tohumlary möwsüme doly taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, bazarlarymyzy et-süýt önümleri bilen bolelin üpjün etmekde welaýatyň agzybir zähmetkeşleriniň uly işleri alyp barýandyklaryny aýratyn belledi we munuň üçin olaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz maldarlara-da salamyny ýetirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime “Armaň-da!” diýip, ýüzlendi. Häkim hem halkymyzda däbe öwrülişine görä, «Bar boluň!» diýip, öz nobatynda, milli Liderimize “Armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem «Bar boluň!» diýip, hemmelere öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmegi we owlak-guzularyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde, umuman, paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şäheriň ähli künjeklerinde, şol sanda köçelerinde, şaýollarynda, seýilgählerde, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde hem-de beýleki gök zolaklarda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýändigi, ekilen baglaryň, gülleriň düýbüni ýumşatmak, möwsümleýin gülleri ekmek, ýaşyl zolaklarda ekilen otlara ideg etmek, baglary timarlamak işleriniň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylandygy habar berildi.

Häkim hasabatyň çäklerinde gülçülik we bagçylyk kömekçi hojalygynda ösdürilýän gülleriň dürli görnüşlerini görkezdi. Bu gülleriň ekiliş aýratynlygy, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşandygy, ylmy taýdan esaslandyrylandygy aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda paýtagtymyzda bu möwsümleýin gülleriň görnüşlerini ekmek işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekilenden soň, bu gülleriň möhleti taýdan toprakda durumlylygy bilen gyzyklanyp, olaryň dürli görnüşlerini ekmegiň paýtagtymyzyň görküne has-da görk goşýandygyny belledi. Munuň özi ýetip gelýän Halkara zenanlar gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň öň ýanynda has-da möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Çünki güller ýaz paslynyň gelmegi bilen, diňe bir tebigaty bezemän, eýsem, ynsan kalbyny hem joşduryp, adamlarda egsilmejek ruhubelentlik, gözellige, daş-töweregi gurşap alan tebigatymyza söýgi we beýleki ajaýyp duýgulary döredýär. Şoňa görä-de, işlere şu günler toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini nygtap, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmegiň hem-de olary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary hem-de meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Aşgabadyň şähergurluşyk keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz şu işleri ýerine ýetirmekde Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleriniň uly işleri bitirýändiklerini aýratyn nygtap, olaryň ählisine öz adyndan salam ýetirmegi tabşyryp, alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi. Döwlet Baştutanymyz “Bar boluň!” diýip, olara işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip bellemek bilen, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

01.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň halkynyň bähbidine we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hoşniýetli goldaw sözleri hem-de gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, köpasyrlyk dostlugyň, ynanyşmagyň we doganlyk halklarymyzyň özara hormat goýmagynyň berk binýadynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin örän oňaýly şertler döredilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda iki ýurduň eýerýän ýörelgesiniň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi şanly sene — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejelere çykdy we häzirki wagtda giň ugurlarda güýçli depginde ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de şol gatnaşyklaryň dostluk, doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanandygyny belledi.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň halkara guramalaryň çäklerinde netijeli özara hereketler bilen sazlaşykly üsti ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini yzygiderli goldaýandygy üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň çäklerinde energetika ulgamynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki pudaklarda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan türk kompaniýalarynyň alyp barýan köpýyllyk üstünlikli işleri netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunda geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk şereketlerini çekmek arkaly, şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetli orny eýeleýändigi barada aýdyp, iki ýurduň halklaryny taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň, köpasyrlyk hoşniýetli däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Şu ugurlar bu gün täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşler ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ulgamlarynda uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary sebit hem-de dünýä derejeli möhüm meseleler boýunça pikir alşyp, taraplaryň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýändigini nygtadylar. Şunda Türkiýäniň ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny hem-de türkmen Lideriniň öňe sürýän, dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtap, bu halkara düzümiň dünýäde geljegi uly bolan abraýly guramalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu gurama synçy döwlet hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň guwançly wakadygyny belledi hem-de Türkmenistanyň onuň işine we bu düzümiň Ýaşulular Geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna we Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine gyzyklanýandygy barada aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

28.02.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meselelere garaldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn ösüşine, giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenilmegine, häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine mynasyp goşant goşýan aýal-gyzlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda zerur şertleriň döredilmeginiň durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz degişli resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet düzümlerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, degişli müdirlikleriň başlyklarynyň we baş hasapçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli döwlet düzümleriniň işiniň ýokary sowatlylyk derejesinde guralmagynyň wezipeli adamlaryň dolandyryş işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesine baha bermek düzümleriň ýolbaşçylary üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda ähli hünärmenleriň işine yzygiderli esasda gözegçilik etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäräni şu ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň bäsdeşlige ukyply pudaklaýyn önümleriň önümçiligini we onuň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek syýasatyny üstünlikli alyp barýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek, piläniň öndürilişini artdyrmak hem-de ýokary hilli ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadyny pugtalandyrmak we öndürilýän mukdaryny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpekçiligiň binýady bolan tut nahallarynyň ekilýän meýdanyny giňeltmek üçin zerur çäreler görülýär. “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýetinde önüm öndürijileri ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmek babatda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak hem-de ýurdumyzyň pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna hem-de Mary welaýatynda 440 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, pudagy sazlaşykly ösdürmek, ony häzirki zamanyň ýokary derejesine çykarmak, ýüpek önümçiliginde milli ýörelgeleri we öňdebaryjy tehnologiýalary utgaşdyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda Türkmenistanda pile öndürmek hakyndaky resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma senagaty üçin wajyp bolan çig maly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Energetika ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini hem-de ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberleriniň artýandygyny nazara almak bilen, energetika ulgamynda täze kuwwatlyklaryň işe girizilmeginiň talap edilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri hem öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer seljerme işlerini geçirmegiň netijesinde taýýarlanylan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda hem iri taslamalar amala aşyrylanda daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu işde dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, möhüm taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini azaltmak hem-de milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin tassyklanan maksatnama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly haryt öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. “Garabogazkarbamid” zawodynyň ammiak önümçiliginiň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümçilik tehnologiýalarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtly önüm öndüriji kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu meselä mundan beýläk-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň enjamlary we himiýa serişdelerini satyn almagy hakyndaky» hem-de «Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, olary wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we Kararlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şu günler Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal — Mary böleginde degişli işleriň batly depginde alnyp barylýandygy, ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň, ýük ulaglarynyň, ýüküni özi düşürýän demir ýol wagonlarynyň köp sanlysynyň ulanylýandygyny habar berdi.

Desganyň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna goşmaça “KamAZ” kysymly ýük ulaglaryny satyn almak hakyndaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň häzirki zaman we netijeli ulag düzümini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetli çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere gabat gelmegi, Türkmenistanyň möhüm üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp, bu desganyň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz bu babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň iri kärhanalary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda ýerine ýetirýän işlerini mysal getirdi. Bu gün milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezen bu ýük ulaglary netijeli peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan düzümleýin desgalaryň üpjünçilik ýagdaýyna döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini aýdyp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere alnyp barylýan işleriň hil derejesine we bu ugur boýunça degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Halkara zenanlar gününiň, Milli bahar baýramynyň hormatyna dürli medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Milli bahar baýramy mynasybetli esasy çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” hem-de welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de türkmenistanlylary, aýratyn hem ýaşlary ruhy we estetiki taýdan terbiýelemekde ajaýyp bahar baýramlarynyň ähmiýetini belläp, bu baýramçylyklara bagyşlanyp geçiriljek çärelerde mähriban halkymyzyň ajaýyp däpleriniň, agzybirliginiň we döredijilik güýç-kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu çärelere şekillendiriş sungatynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmegiň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara peýdaly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, zehinli ýaşlaryň halkara festiwallara we bäsleşiklere gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleriň milli medeni gymmatlyklary hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge, medeniýet ulgamynyň wekilleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Bu ulgama halkara tejribe giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň ikinji açyk halkara matematika olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Öňümizdäki Halkara olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň talyplarynyň geçirilýän halkara olimpiadalara işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Şol olimpiadalar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ugurdaş dersler boýunça giň gözýetimini, oňat taýýarlygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýakyndaky we alysdaky döwletleriň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde meýilleşdirilen aň-paýhas bäsleşikleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi. Olar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.

Täze maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany makullap, bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagynyň halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz gadymdan bäri sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, häzirki türkmen jemgyýetinde saglyk üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-de alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşylandygy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýollan hatynyň gowşurylandygy barada hasabat berdi.

Gutlag hatynda HHR-iň ýolbaşçysyna Pekine ýakynda bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hut özüniň üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär. Döwlet Baştutanymyz hatynda HHR-iň Başlygyny we Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Pekin öz taryhynda tomusky we gyşky Olimpiadany kabul eden ilkinji şäher hökmünde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen görnüşleri dünýä sowgat etdi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, olaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmekdäki ähmiýeti barada hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem hasabat berdi.

Moskwa şäherinde Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen bolan gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň ähmiýetine üns berildi.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işleri boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen bolan duşuşygyň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş saparynyň çäklerinde russiýaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek VI Hazar sammitine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda boljak saýlawlaryna GDA tarapyndan synçylar toparynyň işini degişli derejede guramaga taýýarlyk meselelerine möhüm üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine saparynyň we geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi, şeýle hem birnäçe resminamalara, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem milli Liderimiziň amerikaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji fewralynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Departamentiniň syýasy meseleler we dünýä gurluşyk meseleleri boýunça saýlawlary geçirmäge kömek bermek baradaky bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen onlaýn görnüşde bolan duşuşygyň netijeleri barada hasabat berdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategik gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine we BMG-niň ýokarda agzalan düzüminiň ägirt uly tejribesini, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça mümkinçilikleri nazara alyp, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurda beýleki halkara guramalar bilen, hususan-da, Türkmenistan — BMG — ÝHHG görnüşinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejede, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza geçen ýylyň oktýabr aýynda bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça hasabat berdi. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.

Soňra bar bolan köpugurly kuwwaty we geljegi nazara almak bilen, netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, hususan-da, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orun eýelemelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-hytaý gatnaşyklary barada aýtdy we onuň strategik, işjeň häsiýete eýedigini hem-de özara peýdaly gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz Hytaýa ýakynda bolan saparyny we onuň dowamynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny aýratyn ýakymlylyk bilen ýatlaýandygyny aýdyp, şonda HHR-iň Başlygy bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Ol taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge bolan taýýarlygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleri gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan türkmen-rus dostluk gatnaşyklary barada aýdyp, onuň strategik häsiýete eýedigini belledi. Aýratyn-da, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparyň işi, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, parlamentara gatnaşyklar, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk bu ugruň ösdürilmegini şertlendirýär. Russiýanyň iri sebitleri bilen dürli pudaklaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle hem Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpugurly görnüşde, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ozal gazanylan ylalaşyklary we bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, özara bähbitli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Onuň işi netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de täze, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy işewür düzümleri, şol sanda dünýä belli amerikan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işine hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän dostlukly döwletara türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň berkidilýändigine kanagatlanma bildirdi. ABŞ-nyň işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan iri kompaniýalary indi birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda işleýärler.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegine, önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara alyp, amerikan hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Dürli ugurlarda amala aşyrylan we häzirki döwürde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli demokratik özgertmeleriň çäklerinde, hukuk ulgamynda, şol sanda saýlawlary guramakda we geçirmekde toplanan öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde BMG bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýetli bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasy bilen taryhy taýdan emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar barada aýdyp, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmakda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu toparyň işini işjeňleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Ol anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasy bilen iki doganlyk halklaryň köpasyrlyk medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde taraplaryň üýtgewsiz gyzyklanmalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümetara türkmen-türk toparynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatyny durmuşa geçirmek meseleleriniň üstünde içgin işlemek boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan edilýän sanly hyzmatlar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklan “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek, şeýle hem olary herekete girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda, bu düzümiň resmi saýty açyldy. Onuň üsti bilen ýurdumyzyň ilatyna degişli hyzmatlar onlaýn tertipde amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda daşary ýurt biometrik pasportlaryny almak, gullugyň ygtyýaryna degişli meseleler boýunça elektron nobaty bellige almak bar. Bu hyzmatlar ulgamy türkmen-rus we iňlis dillerinde hereket edýär. Bu bolsa halkymyza wagty tygşytlamaga we resminamalary özleri üçin amatly wagtda tabşyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň häzirki döwürde parahatçylyk söýüji merkeze öwrülendigini nygtady. Parahatçylyk söýüjilik ýurdumyzyň daşary syýasatynda we Watanymyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, şeýle hem dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýyny belende götermekde Döwlet migrasiýa gullugynyň möhüm goşandynyň bardygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurtly myhmanlary degişli hyzmatlar bilen üpjün etmek bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini we onda öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna migrasiýa gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmegi we peýdalanylmagy babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu babatda degişli resminamanyň taslamasyna täzeden seredilendigi, oňa laýyklykda, sowma zolaklar üçin ýerleriň hemişelik peýdalanmaga berilýändigi aýdyldy. Sowma zolaklaryň Türkmenistanyň ýer, şähergurluşyk işi, ekologiýa howpsuzlygy, arassaçylyk, ýangyn howpsuzlygy hakynda we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda peýdalanylmalydygy bellenildi. Şeýle hem sowma zolaklaryň möçberleriniň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna salgylanmagy barada kadalar girizildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol düzümini toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip we ony agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly iberip, düzümleýin desgalaryň, şol sanda demir ýollaryň sowma zolaklarynyň kadaly hereket etmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.02.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň we “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär.

Uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi.

Bu gün “John Deere” we “Сase” kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Eleсtriс” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen deňhukuklylyk esasynda açyk, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary ykdysady ugrunyň möhüm ýörelgesidigini belläp, türkmen tarapynyň ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty, ykdysady durnuklylyk we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürligi ýöretmegiň netijeli guramaçylyk-hukuk guraly munuň üçin oňat şertleri döredýär. Şol işewürlik geljegi uly bazara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köp sanlysyny özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklaryň, dürli maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň baý tejribesiniň toplanandygyny nazara almak bilen, açylýan mümkinçiliklere oňyn baha berip, Türkmenistanyň täze tekliplere hem-de däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça garaýyşlara seretmäge hemişe taýýardygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Erik Stýuarta telefon jaňy we “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hökmünde alyp barýan netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk, geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.02.2022
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 23-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylary we atşynaslary tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Milli Liderimiziň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän topluma gelip görmegi, bir tarapdan, halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýan bolsa, ikinji tarapdan, dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan ata Watanymyzyň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine üns berilýändiginiň ýene bir mysalyna öwrüldi.

Mähriban Diýarymyzyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän ýaz paslynyň ilkinji pursatlary ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumda idedilýän atlar, olary degişli derejede saklamak üçin döredilen şertleriň aýratynlygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, bu ýerde at seýislemek, tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk guramak we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça at goýan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylandygyndan ugur alyp, bu taýçanaga Zaman diýip at dakypdy...

Bu gün gönüden-göni Arkadag Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap ösdürmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen nurana taýçanaga göwnejaý ideg edilýändigini, onuň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz “At — myrat” diýlişi ýaly, häzir pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap dowam edýändigini, behişdi bedewleriň göwnejaý idedilmegine, olaryň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, atşynaslara alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şol pursatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyş edildi.

Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek we kämilleşdirmek degişli ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz täze doglan güjügi synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.

Milli Liderimiz: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze eýýamynyň batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlar etdi.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy hem edil ahalteke bedewleri ýaly dünýäde meşhur tohumlaryň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagy netijesinde ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan dörän milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ähmiýetli bolmagynda möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlar hem-de ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly degişli işler mynasyp derejede dowam etdirilýär. Munuň özi asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar.

Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekany hökmünde ykrar edildi. Ahalteke bedewleriniň şöhraty taryhy geçmişde hem, häzirki döwürde hem Ýer ýüzüne ýaýrady. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen atlaryň aýratyn täsin tohumyny döretdiler.

Türkmenler gadymy döwürlerden başlap, bedewlere we alabaýlara tälim bermegiň netijeli tilsimlerini işläp taýýarlapdyrlar. Ahalteke bedewi edermen türkmen ýigitleriniň hakyky, wepaly hemrasy, alabaýlar bolsa edermen goragçylar bolupdyr. Munuň şeýledigine diňe bir köp sanly rowaýatlar we hekaýatlar däl-de, şu günlere çenli saklanyp galan daşary ýurtly awtorlaryň taryhy ýazgylary hem şaýatlyk edýär. Olar türkmen behişdi bedewleriniň haýran galdyryjy wepadarlygy barada ýazgylary galdyrypdyrlar.

Milli Liderimiz olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugranda, Zaman atly taýçanak birenaýy kişňedi. Munuň özi ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzyň ösdürilmegi, olaryň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda alada edýän Arkadag Prezidentimiziň tagallalaryna hoşallygy aňladýan owaz bolup ýaňlandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meýdançasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde halkymyz tarapyndan sowgat berlen Garaşsyz atly ajaýyp gyr at bilen didarlaşdy hem-de onuň bilen birsellem gezim etdi.

At çapyşyklary türkmen toýlarynyň we baýramçylyklarynyň bezegidir. Şowhunly at çapyşyklary, atçylyk sporty boýunça guralýan bäsleşikler ahalteke bedewleriniň hemişe türgenleşdirilen beden taýýarlygynda bolup, uzak aralyklara ýörişlere hem çydamly bolmagyna ýardam beripdir. Biziň günlerimizde sportuň iň gyzykly we özüne çekiji milli görnüşleriniň biri bolan at çapyşyklary uly meşhurlyga eýedir.

Milli Liderimiziň tagallasy we aladasy netijesinde ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewler Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, milletimiziň mirasynyň, türkmen halkynyň döredijilik paýhasynyň dowamatlylygynyň hem-de şöhratly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklarynyň ähli döwürde-de ylham çeşmesi bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Dag etekleriniň ajaýyp tebigy aýratynlyklary bu ýerde emele gelen amatly howa gurşawy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewleriniň reňk sazlaşygynda möhüm orun eýeleýän gyr bedew bilen gezim etmegi ynsan bilen bedewiň arasynda köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen içki ruhy baglanyşygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Häzir milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde bu baglanyşyk türkmen atşynaslygynyň hem-de atçylyk sportunyň ösdürilmeginiň täze tapgyrynyň rowaçlyklary nazarlaýandygyny äşgär edýär.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup geldi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerdäki iş otagyna bardy. Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar, ýazyň ilkinji gününiň hoştap howasy, nurana taýçanagyň hem-de alabaýjygyň özboluşly hereketleri her bir ynsanyň ruhuny göterip, ylhamyny joşdurýar. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşyp, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, bahar paslynyň ilkinji gününde özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişdi.

Döwlet Baştutanymyz öz döredijiliginde Diýarymyzyň taryhyna, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi milli Liderimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlary bir ýere jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi ýurduň ykbalyna dahylly ýörelgeleriň dowam edýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, her bir adamyň toplan durmuş tejribesi nesiller üçin bahasyz baýlyk bolup durýar. Munuň özi halypa-şägirtlik ýolunyň, peder-perzent mekdebiniň özboluşly sapagydyr. Bu bolsa ýaşlar üçin örän gymmatly durmuş gollanmasy hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň abraýly habarlar agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşanda, kitap ýazmagy esasy işiniň, döwlete we halka gulluk etmegiň möhüm bölegi hasaplaýandygyny belledi. Uly zähmetiň we kämil yhlasyň siňdirilmegi netijesinde binýat bolýan eserlerde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugry we bagtyýar nesiller üçin ýolgörkeziji çelgi bolup durýar.

Milli Liderimiziň kämil zehini bilen döreýän eserlerde şu gün we geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Olarda mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, ata-babalarymyzyň beýik işleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri, saz, söz, sungat, medeniýet, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, milli duýgy-düşünjeler, döwletlilik, syýasat, adalat, diplomatiýa, taryh hem miras, şu gün hem geljek hakynda söhbet edilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýazmaga girişen täze kitaby hem bu eserleriň üstüni ýetirmek bilen, ösüşiň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berer.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, adamzada söýgi öz halkyňa söýgüden başlanýar, dünýä söýgi öz göbek ganyň daman topragyňa, ata Watanyňa söýgüden başlanýar. Özüňi bilmän, dünýäni tanamak mümkin däldir.

Täze eser geçmişiň şu gün bilen, şu günüň geljek bilen baglanyşygyny özünde jemläp, nesillerde halkymyza we ýurdumyza buýsanjy artdyrar.

Diýarymyzyň ösüş ýoly, edermen halkymyzyň döredýän milli gymmatlyklary, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň soňky ýyllarda dünýä giňişliginde eýeleýän orny we döwleti dolandyrmagyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara, onuň häzirki zaman şertlerinde dowamata atarylýandygyna mähir we söýgi bilen garalýandygyny aýan edýän hakykatdyr.

Ýaz paslynyň ilkinji günleriniň ýakymly howasy türkmen topragynyň, aýratyn-da, dag etekleriniň özboluşlylygy bilen utgaşyp, adamlary täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda beýik maksatlar amal bolýar. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir pursadynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

24.02.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Tatarystanyň Türkmenistanyň has işjeň we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Biziň ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen öňden gelýän, taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Söhbetdeşligiň barşynda umumy bähbitleri nazara almak bilen, uly geljege eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol bähbitler bolsa ägirt uly mümkinçilikler hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpýyllyk bilelikdäki işiň uly tejribesi bilen berkidilendir.

Milli Liderimiz türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ”, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody we beýlekiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp, şunda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň arasynda dostluk köprülerini we özara düşünişmegi pugtalandyrýan ýokary derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Söhbetdeşler taraplaryň ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa dürli ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berer.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna syn berýär.

Biz bilelikdäki iş toparyndan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk tekliplere garaşýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Tatarystanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň köp sanlysy bilim alýar.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

23.02.2022
Ruhubelentlik we beden kämilligi maksada okgunly şahsyýetiň esasy durmuş ýörelgesidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ir bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi we arassa howada birsellem gezelenç etdi. Munuň özi köp babatda saglygyň hem-de kesellere garşy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, ruhubelentlik we keýpiçaglyk ýagdaýyny döredýär.

Häzir ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda strategik häsiýetli durmuş-ykdysady ugurlary öz içine alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň baş maksady adam baradaky aladada jemlenendir. Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleriniň ileri tutulýan ugrudyr.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda uly ähmiýetli waka — Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändigini dünýä äşgär eden halkara awtoulag ýaryşy geçirildi. Şonda halkara awtorallini geçirmek üçin Garagum sährasynyň saýlanyp alynmagynyň, bu künjegiň ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

...Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine gelip, ýerasty baýlyklary, özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsini özünde jemleýän sähranyň gözýetime uzap gidýän görnüşlerini synlady.

Hydyr gören sähra gyş paslynyň soňky günleriniň özboluşlylygyna beslenipdir. Garagum giňişlikleri ýylyň islendik paslynda hem ajaýypdyr. Ýeri gelende aýtsak, sähra giňişliklerinde bitýän ösümlikleriň arasynda dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşleri bar. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri giňden öwrenildi we olaryň bejerijilik aýratynlyklaryna seljerme berildi.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda awtomobil sportunyň meşhurlygy, onuň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen ilatyň köp sanlysynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň meşgullanmagy üçin şertleri döretmek sporty ösdürmek syýasatyny işläp taýýarlamagyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň esasy maksadyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Medeni-taryhy gymmatlyklara baý bolan eziz Diýarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, awtomobil sportunyň ösdürilmegi üçin ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegi ugrunda ýurdumyzda halkara ähmiýetli uly işler amala aşyrylýar. Ýokary derejede geçirilýän sport ýaryşlary Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýändigini aýratyn belleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli ösdürilip, ol milli medeniýetimiziň möhüm düzüm bölegine, halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýär. Munuň özi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň belende göterilmegine goşant goşýar.

Döwletimiz tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlaryň netijesinde ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil sporty hem ösüşiň täze basgançagyna çykdy. Sport awtoulaglarynyň hatary täze kysymly ulaglar bilen yzygiderli artdyrylýar, olar öňdebaryjy öndürijilerden satyn alynýar. Munuň özi awtomobil sporty bilen meşgullanmak hem-de awtosportuň ussatlarynyň täze neslini taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, sport ulagyny ussatlyk bilen dolandyrýan we çylşyrymly ýagdaýlarda awtoulag sürmegiň özboluşly tilsimlerini ýokary derejede ýerine ýetirýän milli Liderimiziň şahsy göreldesi aýratyn bellärliklidir. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp, ussatlyk derejesine ýetýän türgenleriň sany barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgeniň lybasyny geýdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sportuň bu görnüşi bilen meşgullananyňda, türgeniň geýiminiň ykjam bolmagy, elleriniň, aýaklarynyň erkin hereket etmegi, umuman, çakganlygy sport ulagyny dolandyrmakda möhümdir. Şeýle hem türgeniň gözüniň ýitiligi, ýürek urgusynyň sazlaşygy, öňe tarap edilýän okgunly hereket maksada ýetmekde möhüm bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geçiljek ýoluň aýratynlygy, howanyň şol pursatdaky ýagdaýy, ýoluň çyglylyk derejesi, sport ulagynyň tigirleriniň we hereketlendirijisiniň gyzgynlygy awtomobil sporty ýaryşlarynyň kadalaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi ýaryşyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň esasy şerti hasaplanýar.

Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny saklamak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu künjekde geçirilýän işleri tebigat bilen sazlaşykly amala aşyrmak wezipesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşilýär.

Ýaryş awtoulagy milli Liderimiziň dolandyrmagynda ýerinden gozganyp, dessine tizligini artdyrdy we çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Türgen toparlarymyzyň halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netije gazanmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna hem-de sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň çekilmegine we türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň üçin yzygiderli türgenleşikleri geçirmäge, dürli derejedäki ýaryşlary guramaga şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil we welosiped sportunyň ösdürilmegine hem uly goldaw berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, awtomobil sporty adamda ruhubelentligi, çakganlygy, çylşyrymly ýagdaýdan ussatlyk bilen baş alyp çykmak ukybynyň ösdürilmegini terbiýeleýär. Bu bolsa lukmançylyk ylmynyň tassyklaýşy ýaly, ynsan saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Bu giň gerimli we yhlasly işler ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesilleriň berk beden saglygyny üpjün etmäge, maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endikleri terbiýelemäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz sähra giňişliginde sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda toplan uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezdi.

2018-nji ýylda ýurdumyzda Amul — Hazar aralygy boýunça halkara awtoralliniň guralmagy güneşli Diýarymyzyň sebit we dünýä ähmiýetli hem-de döwletleridir halklary ýakynlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy ösüşe gönükdirilen asylly başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halkara awtoralliniň guralmagy sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegini hem-de iri sport ýaryşlaryny kabul edip bilýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny çylşyrymly sähra ýollary bilen ýokary tizlikde sürüp barşyna, ulagda tehniki näsazlyklar ýüze çykdy. Şunuň ýaly garaşylmadyk waka bolan pursadynda türgeniň çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmegi sportuň bu görnüşiniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tehniki näsazlygy, awtoulagyň hereketiniň togtamagyna sebäp bolan ýagdaýy tiz düzetdi.

Milli Liderimiz awtoulagyň tehniki ýagdaýyny ýene bir gezek gözden geçirdi we ýoluny dowam etdi.

Ýeri gelende, döwlet Baştutanymyzyň Amul — Hazar halkara awtorallisi geçirilende, hut şu ulagda ýaryşa goşulyp, baýrakly orna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetginjek ýyllaryndan başlap, awtoulag sporty bilen işjeň meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşyp, üstünlik gazanypdyr. Hut milli Liderimiziň başlangyjy we goldaw bermegi bilen ýurdumyzda awtomobil sporty ösüşiň täze derejesine çykdy.

Milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy ýokary tizlikde Garagum sährasynyň tebigy päsgelçiliklerinden aňsatlyk bilen geçdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny Garagum sährasynyň esasy aýratynlygy bolan belent alaňlaryň birine çykardy. Bu ýerdäki belentlikden görünýän sähra giňişligi ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar we göwnüňi göterýär.

Hormatly Prezidentimiz sähranyň ajaýyp tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu görnüşler mähriban toprakda, ümmülmez Watanda halkymyz, ýurdumyz üçin ägirt uly işleriň bitiriljekdigi hakyndaky oýlanmalar bilen utgaşýar. Şeýle pursatlarda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýörite taýýarlanylan milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň, asylly işleriň durmuşa geçirilmeginiň geljegimiz bolan nesilleriň nesibesine düşüp, watansöýüji ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin yhlaslaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklary baradaky duýgular kalba dolýar.

Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagyna, adamlaryň tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Tebigy aýratynlyklaryň köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de ýokary netijeli sport bilen utgaşdyrylmagy adamlaryň işjeňligini, ruhubelentligini ýokarlandyrýar. Munuň özi sahawatly topraga, mähriban Watanymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamlaryň ömrüniň uzalmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň adamzat ähmiýetli oňyn netije berýändiginiň aýdyň nyşany bolup, halkymyzyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallygyny hem-de buýsanjyny artdyrýar.

21.02.2022
Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir. Şunuň bilen birlikde, täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär.

Täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigi, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Şol bir wagtda bu neşir diňe bir syýasatşynaslar, diplomatlar, bilermenler we žurnalistler üçin däl-de, daşary syýasat bilen gyzyklanýan ähli raýatlar üçin peýdaly bolar.

Kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýär, sebit ösüşiniň geljegine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen bu neşirde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyçda häzirki döwrüň syýasy-diplomatik ýagdaýlarynyň nazaryýetine we tejribesine başgaça garalýandygy baradaky pikir öňe sürülýär, onda özara hormat goýmaga, birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynmagyna, bar bolan meselelerdir gapma-garşylyklary çözmegiň usullary hökmünde güýç ulanmakdan ýüz döndermäge esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze gurallary teklip edilýär.

Neşirde sebit meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Olarda häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlarynda anyk we ykdysady taýdan esaslandyrylan hyzmatdaşlyga, bilelikdäki köptaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilmeginiň zerurdygy baradaky pikirler öňe sürülýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ykdysady gatnaşyklaryň syýasylaşdyrylmazlygy, özara bähbide esaslanylmagy, strategik ähmiýetli meýilnamalaryňdyr taslamalaryň üstünde bilelikde işlemäge hoşniýetli erk-islegiň emele gelen ýagdaýynda döwletleriň öňünde açylýan mümkinçiliklere göz ýetirilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň derwaýys ugrudyr.

Kitapda häzirki wagtda milli we sebit çäklerinden çykýan türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmündäki döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Bitaraplyk meýilnamalarydyr maksatlary durmuşa geçirmegiň kämil nusgasyna öwrüldi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň many-mazmuny bu ugur bilen has sazlaşykly utgaşýar.

Ýygnananlar milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda çap edilen täze kitabynyň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin gollanma öwrüljekdigini, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilimleriň çeşmesi hökmünde hyzmat etjekdigini bellediler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

21.02.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si

Aş­ga­bat, 18-nji few­ral (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ru­hy­ýet köş­gün­de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di, şeý­le hem kä­bir so­rag­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan py­ýa­da­lap, Ru­hy­ýet köş­gü­ne ta­rap ug­ra­dy. Soň­ky ýyl­lar­da Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, şol san­da paý­tag­ty­myz­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Onuň de­re­je­si ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­me­li­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp we gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedowa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­myz­da äti­ýaç­lan­dy­ryş işi­ni ös­dür­mek, ra­ýat­la­ra hem-de ýu­ri­di­ki ta­rap­la­ra ýo­ka­ry hil­li äti­ýaç­lan­dy­ryş hyz­ma­ty­ny et­mek, şo­nuň ýa­ly-da, de­giş­li ka­da­laşdyryjy hu­kuk na­ma­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na «Har­by gul­luk­çy­la­ry, har­by ýyg­na­ny­şyk­la­ra ça­gy­ry­lan ra­ýat­la­ry we içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni hök­ma­ny döw­let şah­sy äti­ýaç­lan­dyr­ma­gyň we ola­ra äti­ýaç­lan­dy­ryş pul möç­be­ri­ni tö­le­me­giň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Res­mi­na­ma “Har­by gul­luk­çy­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da”, “Har­by borç­lu­lyk we har­by gul­luk ha­kyn­da­”, “Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry ha­kyn­da­”, “Äti­ýaç­lan­dy­ryş ha­kyn­da­” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­na hem-de beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Ter­ti­biň tas­la­ma­syn­da äti­ýaç­lan­dy­ryş pul möç­be­ri­ni tö­le­me­giň düz­gün­le­ri, şo­nuň ýa­ly-da, äti­ýaç­lan­dy­ryş tö­le­gi­niň möç­ber­le­ri kes­git­le­nil­di.

Ter­ti­biň tas­la­ma­syn­da adal­ga­lar, ta­lap­lar we hök­ma­ny äti­ýaç­lan­dy­ry­şa de­giş­li har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar tä­ze ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk ge­ti­ril­di, hök­ma­ny döw­let äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy bo­ýun­ça har­by gul­luk­çy­la­ra äti­ýaç­lan­dy­ryş pul­la­ry­ny tö­le­mek­de de­giş­li na­ma­la­ry res­mi­leş­dir­me­giň ter­ti­bi ýö­ne­keý­leş­di­ril­di, äti­ýaç­lan­dy­ryş ha­lat­la­ry­ny kes­git­le­mek şert­le­ri has anyk be­ýan edil­di, şeý­le hem äti­ýaç­lan­dy­ryş pul­la­ry­ny tö­le­me­giň usul­la­ry kä­mil­leş­di­ri­lip, pul möç­ber­le­ri art­dy­ryl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, äti­ýaç­lan­dyr­ma­nyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň yk­dy­sa­dy, hu­kuk hem-de dur­muş ul­gam­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­di­gi­ni, onuň aý­ry-aý­ry ra­ýat­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň we tu­tuş jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­ne tä­sir ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ul­gam­da­ky ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, äti­ýaç­lan­dy­ry­­şy döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň ber­jaý edil­me­gi­niň hem-de bu ba­ba­t­da­ky iş­le­re gö­zeg­çi­li­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Har­by gul­luk­çy­la­ry, har­by ýyg­na­ny­şyk­la­ra ça­gy­ry­lan ra­ýat­la­ry we içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni hök­ma­ny döw­let şah­sy äti­ýaç­lan­dyr­ma­gyň we ola­ra äti­ýaç­lan­dy­ryş pul möç­be­ri­ni tö­le­me­giň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çe­kip, wi­se-prem­ýe­re bu res­mi­na­ma­nyň düz­gün­le­ri­niň ta­kyk ber­jaý edi­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler we ugur­daş, uzak ­möh­let­li iş me­ýil­na­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çir­ýän öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, önüm­çi­li­ge hal­ka­ra tej­ri­bä­ni giň­den or­naş­dyr­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Dün­ýä ba­za­ry bi­len aýak­daş git­mek üçin “Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň we Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň ösü­şi­niň kon­sep­tual stra­te­gi­ýa­sy” at­ly teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy esas­lan­dyr­ma­ny iş­läp düz­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­ler gö­rül­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len de­giş­li hal­ka­ra bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.

Iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ýan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy esas­lan­dyr­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň hem-de Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we ösü­şi­niň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek, he­re­ket ed­ýän teh­no­lo­gik des­ga­la­ry kä­mil­leş­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem dün­ýä ba­za­ry­nyň ne­bit, ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ne hem-de çig mal gor­la­ry­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä tä­ze gu­rul­ma­ly des­ga­la­ry anyk­la­mak, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­me­giň çuň­lu­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ga­lyn­dy­syz önüm­çi­li­gi dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, yg­ty­bar­ly da­şa­ry ýurtly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek ar­ka­ly ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan pu­dak­la­ýyn tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ugur­daş iri kom­pa­ni­ýa­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat­da ön­dü­ril­ýän, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek­de hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­jeň ulan­ma­gyň mö­hüm­di­gi ba­ra­da aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da top­lum­la­ýyn iş­le­ri do­wam et­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li ulan­mak, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak hem-de türk­men te­bi­ga­ty­ny aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler ba­ra­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na Türk­me­nis­tan­da 2022-nji ýyl­da bag ek­mek ha­kyn­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, şu ýyl mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň 3 mil­lion düý­bü­ni ek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Wi­se-prem­ýer ýo­ka­ry ha­syl ýe­tiş­dir­mek ba­bat­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na oba ho­ja­lyk ekin­le­ri üçin hi­mi­ki se­riş­de­le­ri sa­tyn al­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň, te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­ma­gyň, onuň gö­zel­li­gi­ni we baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­ler üçin sak­la­ma­gyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da top­lum­la­ýyn we uzak­ möh­let­le­ýin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. On­da se­na­gat dü­zü­mi­niň, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­nyň ok­gun­ly ös­me­gi, şä­her­le­riň we tä­ze ilat­ly ýer­le­riň dö­re­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­şyl zo­lak­la­ryň we to­kaý­la­ryň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba­se­na­gat top­lu­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çe­kip, oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz «Türk­me­nis­tan­da 2022-nji ýyl­da bag ek­mek ha­kyn­da­ky» hem-de «Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri üçin hi­mi­ki se­riş­de­le­ri sa­tyn al­mak ha­kyn­da­ky» Ka­rar­la­ra gol çe­kip hem-de ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, hu­su­san-da, «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ýer­li çig ma­lyň ha­sa­by­na da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýur­du­myz­da tä­ze hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry gu­rul­ýar, şo­lar­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar, he­re­ket ed­ýän önüm­çi­lik­le­riň dur­ky tä­ze­le­nil­ýär hem-de düýp­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hi­mi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wod­da, Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dy­nyň dü­zü­min­de, Bal­ka­na­bat ýod za­wo­dyn­da ýo­kar­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­ri çöz­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­ýär.

Te­bi­gy gaz­dan izo­bu­tan ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­li­giň bar­dy­gy hem-de yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li­di­gi ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan de­giş­li des­ga­ny gur­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şi­k ge­çi­ril­di hem-de onuň ne­ti­je­sin­de ýe­ňi­ji kes­git­le­nil­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da içer­ki is­leg­le­ri do­ly ka­na­gat­lan­dyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­mek mak­sa­dy bi­len, ýo­ka­ry hil­li hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re ze­rur tej­ri­bä hem-de teh­no­lo­gi­ýa­la­ra eýe bo­lan da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len de­giş­li şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak ba­ra­da­ky me­se­lä ýe­ne-de bir ge­zek jik­me-jik se­ret­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra wi­se-prem­ýer 2022-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp, ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň sa­na­wy­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Türk­me­nis­ta­nyň 2022-nji ýyl üçin Ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­ril­di. Şu ýy­lyň 11-nji few­ra­lyn­da bu Mak­sat­na­ma­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çe­kil­di.

Mak­sat­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da hem-de paý­tag­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re sel­jer­me ge­çi­ril­di hem-de şu ýyl ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň sa­na­wy taý­ýar­la­nyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, şä­her­ler­de we oba­lar­da ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän dü­züm­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li gur­lu­şyk iş­le­ri­ni do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 2022-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­ma­ly hem-de ulan­ma­ga tab­şy­ryl­ma­ly iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň hem-de des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň kä­bi­ri­niň möh­le­tin­den yza gal­ýan­dy­gy­na wi­se-prem­ýe­riň ün­sü­ni çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri düýp­li sel­jer­mek ba­ra­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow «Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne pag­ta önüm­le­ri­ni ýer­le­mek ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li art­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dyndan ugur alyp, ola­ry pag­ta önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek ba­ra­da­ky de­giş­li res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di we şol res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ägirt uly se­riş­de kuw­wa­ty bi­len bag­ly­lyk­da, dok­ma se­na­ga­ty­nyň Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gaý­ta­dan iş­le­ýän ul­ga­my­nyň dep­gin­li ös­ýän­di­gi­niň my­sa­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Pu­da­gyň önüm­çi­lik bin­ýa­dy yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, ýo­ka­ry hil­li taý­ýar önüm­le­riň gör­nüş­le­ri art­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pä­niň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň we dok­ma top­lu­my­nyň bi­le­lik­de top­lum­la­ýyn hem-de ut­ga­şyk­ly iş­le­me­gin­den, se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­mek üçin dok­ma kär­ha­na­la­ry­ny pag­ta sü­ýü­mi­niň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len ýe­ter­lik möç­ber­de üp­jün et­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mek­den yba­rat­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän dok­ma önüm­le­ri­niň hal­ka­ra hil öl­çeg­le­ri­ne hem-de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­na ky­bap gel­me­gi­ne, ila­tyň möw­süm­le­ýin is­leg­le­rin­den ugur alyp, içer­ki ba­za­ryň is­le­gi­niň öw­re­nil­me­gi­ne, egin-eşik we beý­le­ki ha­ryt­la­ryň önüm­çi­lik­le­ri­ni iş­läp düz­mä­ge we işe gi­riz­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hö­dür­le­ni­len Ka­ra­ra gol çe­kip, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra res­mi­na­ma­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­le­riň äh­li­si­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

1-2-nji mart­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da “Bag­ty­ýar­lyk ba­ha­ry­nyň şe­kil­len­di­riş sun­ga­tyn­da­ky was­py” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ we ser­gi­­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu hal­ka­ra fo­ru­ma ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len bir ha­tar­da da­şa­ry ýurt­la­ryň hem meş­hur su­rat­keş­le­ri­niň, dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da­ky gün­ler­de dür­li da­ba­ra­la­ry ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da mäh­rem ene­le­re we ge­lin-gyz­la­ra tüýs ýü­rek­den hor­ma­tyň ny­şa­ny­na öw­rü­len aja­ýyp ba­har baý­ra­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ze­nan­la­ra he­mi­şe uly hor­mat-sar­pa go­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Olar mu­kad­des­lik hök­mün­de mäh­ri­ban ene­le­re, we­pa­ly ýan­ýol­daş­la­ra, söý­gü­li uýa­la­ry­my­za uly sar­pa go­ýup­dyrlar we bu aja­ýyp dä­bi öz ne­sil­le­ri­ne ge­çi­rip­dirler.

Bu gün Türk­me­nis­tan­da ze­nan­la­ryň er­kin we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi, hem­me­ta­rap­la­ýyn bi­lim­li bol­ma­gy, gö­wün is­län hü­nä­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy hem-de ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ryň nes­li­ni ter­bi­ýe­le­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ze­nan­la­ry­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­met çe­kip, ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­re sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­le­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da uly hor­mat-sar­pa­dan peý­da­lan­ýan ze­nan­lar ba­ra­da he­mi­şe ala­da et­jek­di­gi­ni, ola­ryň bagt­ly bol­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni, zäh­me­ti­ni we hu­kuk­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ra­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň äh­li­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­giň, ola­ra ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns ber­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew 2025-nji ýy­la çen­li Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­rdi.

Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­niň, ra­ýat­la­ra edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, ýaş ne­sil­le­riň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­nme­gi­niň, sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­ýän ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­re­şil­me­gi­niň, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sagdyn­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.

«Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň tem­mä­ki tüs­se­si­niň tä­si­rin­den we tem­mä­ki önüm­le­ri­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­le­rin­den go­ral­ma­gy ha­kyn­da­ky» Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi­niň hem-de tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de hä­zir Türk­me­nis­tan BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­tin­de şu ugur bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy orun­la­ry eýe­le­ýär.

Adam­la­ryň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi de­giş­li mi­nistr­lik­ler hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy.

Bu mak­sat­na­ma tem­mä­ki­den azat ýurt hu­kuk de­re­je­si­ni kes­git­le­mek bo­ýun­ça mil­li stan­dar­ty dö­ret­mä­ge, bu ba­bat­da sy­ýa­sa­tyň al­nyp bar­ly­şy­na we ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek bi­len tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek ul­ga­my­ny ber­kit­mä­ge, ila­tyň ara­syn­da tem­mä­ki önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­gi azalt­ma­ga hem-de tem­mä­ki­ni ulan­ma­gyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri ba­ra­da ila­tyň ha­bar­dar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gy­ny bes et­dir­mä­ge we ni­ko­ti­ne bag­ly­ly­gy be­jer­mä­ge gö­nük­di­ri­len luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de tem­mä­kä gar­şy gö­reş­me­giň ta­rap­dar­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di.

Wi­se-prem­ýer Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­läp, me­ýil­leş­di­ri­len işiň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän adam­la­ryň sa­ny­ny kö­pelt­mä­ge, zy­ýan­ly en­dik­ler se­bäp­li dö­re­ýän ke­sel­le­riň de­re­je­si­ni azalt­ma­ga, adam­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, de­giş­li Ka­ra­ry taý­ýar­la­mak ba­ra­da hö­dür­le­ni­len tek­li­bi ma­kul­la­dy hem-de ilat ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek we giň­den or­naş­dyr­mak, sag­ly­ga zy­ýan­ly, hu­su­san-da, tem­mä­ki ulan­mak en­dik­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça iş­le­ri he­mi­şe alyp bar­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Öň­de goý­lan baş mak­sa­dyň ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy bel­le­nil­di.

Ýa­ra­maz en­dik­ler­den ýüz öwür­mek, ga­dym­dan bä­ri be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ren ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly däp­le­ri­ni do­wam et­mek, hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­tin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry­ny ber­ka­rar et­mek köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.

Hä­zir Türk­me­nis­tan tem­mä­kä gar­şy äh­lu­mu­my he­re­ke­tiň en­çe­me ugur­la­ry bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy hök­mün­de çy­kyş ed­ýär hem-de dün­ýä­de tem­mä­ki­den azat çäk­le­ri gi­ňelt­mek bo­ýun­ça iş­le­re my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ma­ga çal­şyp, tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gy­na gar­şy iş­le­ri iş­jeň alyp bar­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ila­tyň tem­mä­ki önüm­le­riniň ula­nyl­ma­gy­nyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne de­giş­li ha­bar­dar­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň öm­rü­ni we sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gyn­dan ýü­ze çyk­ýan ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ler.

Bu mö­hüm ugur­da gö­rül­ýän äh­li çä­re­ler döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de yg­lan edi­len ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan giň ge­rim­li har­by öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da gö­zeg­çi­lik ed­ýän eda­ra­la­ryn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Öň­de goý­lan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň gün­de­lik işin­de iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we san­ly ul­gam­lar ne­ti­je­li ula­nyl­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­ly­gy, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy hem-de ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri hök­mün­de yg­lan edip, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan, ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lan Mil­li go­şu­nyň ýo­ka­ry go­ra­nyş uky­by­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len Har­by dokt­ri­na­ny ama­la aşyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan bel­le­nen me­ýil­na­ma­la­ryň äh­li­si­niň, hu­su­san-da, Ýa­rag­ly Güýç­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ola­ry döw­re­bap ýö­ri­te teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­lan­dyr­mak ba­şar­ny­gy­ny ta­lap ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew «Mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň we ola­ry iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň me­se­le­le­ri ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

“Mag­lu­mat we ony go­ra­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da Mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň Döw­let sa­na­wy ha­kyn­da hem-de Mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň Döw­let sa­na­wy ha­kyn­da Düz­gün­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Olar Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyl­ýar. Şeý­le hem bu döw­let sa­naw­lary bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­r we onuň dü­zü­mi ba­ra­da­ky Düz­gün­na­ma­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy.

Bu tas­la­ma­lar ýur­du­myz­da Mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ma­ga, ola­ry gi­ňelt­mä­ge we ös­dür­mä­ge, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, san­ly ul­ga­ma geç­me­giň türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň top­lum­la­ýyn we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek üçin ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni nyg­ta­dy. “Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy” mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň we dur­muş ul­ga­my­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan in­tel­lek­tual ul­gam­la­ryň işi­ni üp­jün et­mek, şol san­da mil­li ara­gat­na­şyk gi­ňiş­li­gi­ni, in­ter­net hyz­mat­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­mak we gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ka­nun­çy­lyk gol­da­wy­nyň çä­re­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak ba­bat­da ama­la aşyr­ýan iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da­ky işi mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek hem-de iri tas­la­ma­la­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ra kos­mos ap­pa­rat­la­ry­nyň trans­pon­der­le­ri­ni ber­me­giň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

2015-nji ýy­lyň 28-nji ap­re­lin­de “Türk­me­nÄ­lem 52oE” mil­li ara­gat­na­şyk eme­li hem­ra­sy­nyň uçu­ryl­ma­gy bi­len, ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­li­giň dö­rän­di­gi bel­le­nil­di.

Kos­mos işi bi­len bag­ly hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, “Kos­mos işi ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­lik­ler we tek­lip­ler na­za­ra al­nyp, ag­za­lan res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we ösü­şiň gel­je­gi uly ul­gam­la­ry­na, şol san­da kos­mos ara­gat­na­şy­gy­na da­ýan­mak bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­ti we se­na­ga­ty di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz mag­lu­mat­la­ry ber­mek üçin iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, giň zo­lak­ly ara­gat­na­şyk we mul­ti­me­di­ýa hyz­mat­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, “Ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ra kos­mos ap­pa­rat­la­ry­nyň trans­pon­der­le­ri­ni ber­me­giň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra gol çek­di we agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na ony ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra agent­li­giň Baş di­rek­to­ry «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» agent­li­gi­ne kon­teý­ner­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de de­mir ýol ulag­la­ry bi­len da­şa­ma­gyň de­giş­li ba­ha­la­ry­ny ulan­mak bi­len bag­ly res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

De­mir ýol­lar ar­ka­ly da­şal­ýan üs­ta­şyr ýük­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Hy­taý — Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran ug­ry bo­ýun­ça kon­teý­ner gat­naw­la­ry üçin bäs­deş­li­ge ukyp­ly nyrh­la­ryň kes­git­le­ni­lip, de­giş­li lo­gis­ti­ka şert­le­ri­niň dö­re­dil­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na kon­teý­ner­le­ri da­şa­mak üçin ýe­ňil­lik­li nyrh­la­ryň ula­nyl­ma­gy­ny ka­da­laş­dyr­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, çäk taý­dan örän amat­ly ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li mö­hüm üs­ta­şyr ulag hem-de lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de özü­niň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny, ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ulan­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Hy­taý — Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran po­lat ýo­lu­nyň uly hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Bu ýol yk­ly­ma­ra ulag dü­zü­mi­niň mö­hüm bö­le­gi, se­bit­de we tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ha­ky­ky dost­luk hem-de öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk köp­rü­si bo­lup dur­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li Buý­ru­ga gol çe­kip, bu ba­bat­da agent­li­giň Baş di­rek­to­ry­na anyk gör­kez­me­le­ri ber­di we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tej­ri­be hem-de peý­da­ly in­no­wa­sion iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry alyş­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy we bu ugur­da­ky me­se­le­le­riň äh­li­si­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa mil­li ka­nun­çy­ly­gy mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de de­pu­tat­la­ryň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de şu ýyl mö­hüm sy­ýa­sy wa­ka­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň hu­kuk üp­jün­çi­li­gi, mil­li ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Mi­nistr­lik­ler­den hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­riň esa­syn­da hu­kuk ter­ti­bi­ni ber­kit­mek, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny hem-de azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, se­na­gat, ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň işi, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak, mig­ra­si­ýa me­se­le­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­nun­la­ryň tas­lama­la­ry­ny taý­ýar­la­mak hem-de he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bi­len bag­ly iş­ler do­wam ed­ýär.

“Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” ýy­lyn­da ýur­du­myz­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ni my­na­syp gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len bi­le­lik­de, “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny” ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gat­naş­dy­lar, şo­nuň ýa­ly-da, dü­şün­di­riş-wa­gyz hä­si­ýet­li çä­re­le­ri ge­çir­ýär­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mag­lu­ma­ty diň­läp, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edi­len “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň” we beý­le­ki mö­hüm çöz­güt­le­riň maz­mu­ny­ny we äh­mi­ýe­ti­ni giň köp­çü­li­ge dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça iş­le­riň iş­jeň­leş­di­ril­melidi­gini bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň par­la­men­ti­niň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­tap, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň ru­hy-ah­lak ter­bi­ýe­si­niň me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn ün­si çek­di.

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň 11-nji few­ral­da ge­çi­ri­len mej­li­si­niň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti, onuň ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän wa­jyp or­ny bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga, onuň ösüş ýo­ly bi­len öňe iler­le­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi nyg­tal­dy.

Umu­my­mil­li fo­rum­da ga­ra­lan me­se­le­ler, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öňe sü­ren tek­lip­le­ri giň jem­gy­ýet­çi­li­giň gat­naş­ma­gyn­da ýer­ler­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we sel­je­ril­di. Halk Mas­la­ha­ty bu iş­le­ri ge­çir­mek­de gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet hem-de ut­gaş­dy­ryş kö­me­gi­ni ber­di.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry mej­lis­de ka­bul edi­len Mil­li mak­sat­na­ma­ny, onuň ta­ry­hy çöz­güt­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, pu­dak­la­ýyn dü­züm­ler­de, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryn­da, kär­ha­na­lar­da du­şu­şyk­la­ry we mas­la­hat­la­ry ge­çir­ýär­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çy­kyş ed­ýär­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri pug­ta­lan­dyr­mak hem-de hal­ka­ra de­re­je­de öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry iler­let­mek işin­de par­la­men­ta­ri­le­riň go­şan­dy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn üs­tün­lik­li ös­dür­mä­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri çöz­mek mak­sa­dy bi­len, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li eda­ra­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri, ilat bi­len he­mi­şe ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ba­bat­da tej­ri­be­le­riň al­şyl­ma­gy­na, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy tej­ri­be­si hem-de döw­le­ti de­mok­ra­tik hu­kuk taý­dan ös­dür­mek ýo­lun­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ we par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ has-da gi­ňelt­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň tä­ze Kon­sep­si­ýa­sy­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­le bo­ýun­ça ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy ha­sa­ba­ty­nyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len 2009-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň dö­re­di­lip, her ýy­lyň 18-nji few­ra­lyn­da bel­le­nil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­mak bi­len, ýurdumyzyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň äh­li iş­gär­le­ri­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy bu baý­ram­çy­lyk bi­len gut­la­dy hem-de iň oňat ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň köp­ýyl­lyk mak­sa­da gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň işi hil taý­dan tä­ze hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Per­man­la­ry­na we Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bi­ziň ýur­du­my­zyň beý­le­ki döw­let­ler­de bir­nä­çe dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry açyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry ýurt­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň 40 sa­ny dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry iş­le­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň il­çi­le­ri 15 sa­ny hal­ka­ra gu­ra­ma­­da Wa­ta­ny­my­za we­kil­çi­lik ed­ýär­ler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýolbaşçy­ly­gyn­da we gö­nü­den-gö­ni gol­da­ma­gyn­da dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak üçin güýç­li we ne­ti­je­li ul­gam dö­re­dil­di. 2008-nji ýy­lyň mar­tyn­da DIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty dö­re­dil­di, şo­nuň bin­ýa­dyn­da 4 sa­ny ýö­ri­te­leş­di­ri­len mer­kez açyl­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­de­biniň dü­zü­min­de Ýaş dip­lo­mat­la­ryň mek­de­bi hem he­re­ket ed­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­ň äh­li iş­gär­le­ri­niň adyn­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw­la­ry, ugur­daş dü­züm­le­riň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Hä­zir­ki wagt­da DIM, ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ry we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da öz işi­ni alyp bar­ýar­lar. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» di­ýlip yg­lan edi­len şu ýyl bi­ziň Wa­ta­ny­myz ösü­şi­niň tä­ze eý­ýa­my­na ga­dam bas­dy. 11-nji few­ral­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de mö­hüm res­mi­na­ma — «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» tas­syk­la­nyl­dy.

30 ýy­la ni­ýet­le­ni­len Mak­sat­na­ma­da döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­na aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Hu­su­san-da, bu stra­te­gik res­mi­na­ma ile­ri tu­tul­ýan bäş sa­ny ugur­la­ry: pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy­ny dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de ös­dür­mek we iler­let­mek, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ok­gun­ly gi­ňelt­mek we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, dur­nuk­ly ösü­şe hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mek, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ň has yn­san­per­wer bol­ma­gy­na, ola­ra ýo­ka­ry ah­lak we ada­lat stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.

Şun­dan ugur al­nyp, Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň tä­ze Kon­sep­si­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek bo­ýun­ça işe baş­la­mak tek­lip edil­ýär.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri ha­sa­ba­ty­ny do­wam edip, dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­ň gü­ni my­na­sy­bet­li hal­ka­ra hä­si­ýet­li çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hu­su­san-da, 16-17-nji few­ral­da sport çä­re­le­ri ge­çi­ril­di, şu gün­ki gün da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik mis­si­ýa­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­ha­na­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ň, ser­gi­niň we kon­ser­ti­ň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­di.

Soň­ra wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ös­dür­mek­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýolbaşçy­ly­gyn­da ga­za­ny­lan be­lent üs­tün­lik­le­ri we da­şa­ry sy­ýa­sy ýe­ňiş­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek nyg­tap, Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny, Bi­ta­rap­ly­gy­ny, da­şa­ry döw­let­ler we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len ýo­ka­ry ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de we pug­ta­lan­dyr­mak­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ägirt uly go­şant­la­ry­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Ýo­kar­da ag­za­lan­lar­dan ugur alyp, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan bel­le­nen ter­tip­de, mil­li ka­nun­çy­ly­ga esas­la­nyp DIM-niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat dip­lo­ma­ty» di­ýen ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şa­ny­ny ber­mek ba­ra­da­ky ýüz­len­me­si­ne se­re­dil­di hem-de de­giş­li Ka­rar ka­bul edil­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri türk­men dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň işi­ne we onuň iş­gär­le­ri­ne ber­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za berk jan sag­lyk we uzak ömür ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2030-njy ýyl­lar üçin da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň tä­ze Kon­sep­si­ýa­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­la­dy we de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Milli Liderimiz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň äh­li iş­gär­le­ri­ni Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da her ýyl giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Ber­ka­rar döw­le­ti­miz pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­ge, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­na hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len deň­hu­kuk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ra esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy go­rap sak­la­ma­ga, Dur­nuk­ly ösü­ş mak­sat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.

Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bäh­bit­le­ri­ni hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r ul­ga­myn­da my­na­syp üp­jün ed­ýän we go­ra­ýan ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri öň­de goý­lan bu be­lent we­zi­pe­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da ýa­daw­syz we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» diý­lip yg­lan edi­len 2022-nji ýyl­da hem döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak üçin ýe­til­me­li has be­lent sep­git­ler kes­git­le­nil­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di hem-de se­bit we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge dip­lo­ma­tik iş­gär­le­riň mun­dan beý­läk-de my­na­syp go­şant goş­jak­dyklary­na berk ynam bil­dir­di.

Türk­me­nis­tan öz Ga­raş­syz­ly­gy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r­da we da­şa­ry sy­ýa­sat­da bi­ta­rap­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýa­ly bin­ýat­lyk ýö­rel­ge­le­ri saý­lap al­dy. Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne we Bir­le­şen Mil­let­ler Gur­ma­sy­nyň esas go­ýu­jy mak­sat­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni iş ýü­zün­de su­but et­di. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len iki ge­zek yk­rar edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy we onuň Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len ne­ti­je­li iş­le­me­gi hem Bi­ta­rap­ly­gyň pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­re­di­ji güý­jü­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni giň­den açyp gör­kez­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tek­lip­le­ri­niň we äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bo­lan we öňe sür­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mö­hüm Ka­rar­na­ma­la­ryň uly top­lu­my ka­bul edil­di. Bu bol­sa döw­le­ti­mi­ziň bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni aň­lad­ýar.

Biz ýa­ňy-ýa­kyn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ň tä­ze fi­lo­so­fi­ýa­sy hök­mün­de «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly baş­lan­gyç bi­len çy­kyş et­dik di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Giň maz­mun­ly bu tek­lip dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýar. Bu bol­sa Bi­ta­rap­ly­gyň mi­ze­mez ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­niň has-da kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty we dip­lo­ma­ti­ýa­sy uzak möh­let­le­ýin mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy ama­la aşyr­mak üçin hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de ze­rur bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ba­bat­da döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra de­re­je­ler­de sy­ýa­sy dip­lo­ma­tik, hal­ka­ra-hu­kuk we söw­da-yk­dy­sa­dy ge­ňeş­me­le­riň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny işe gi­riz­mek­de ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­na uly ta­lap­lar bil­di­ril­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di we Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bäh­bit­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ra­mak­da we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r ul­ga­myn­da­ky be­lent ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak­da döw­le­ti­mi­ziň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň äh­li iş­gär­le­ri­ne berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we döw­le­ti­mi­ziň mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak hem-de dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we pu­dak­la­ry ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­ly­gy­ny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat dip­lo­ma­ty» di­ýen ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şa­ny bi­len sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa de­giş­li ka­ra­ry oka­ýar. Da­ba­ra­ly ýag­daý­da bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­gyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat dip­lo­ma­ty» di­ýen ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şa­ny gow­şu­ryl­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şa­ny Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we hoş­ni­ýet­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­da, da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de we ber­kit­mek­de, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek­de şah­sy go­şan­dy­ny go­şan hem-de Wa­ta­ny­my­zyň öňün­dä­ki beý­le­ki hyz­mat­la­ry üçin ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­ni sy­lag­la­mak mak­sa­dy bi­len, mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2021-nji ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da dö­re­dil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip hem-de bu sy­la­gyň gow­şu­ry­lan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, sy­la­gy da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bil­dir­ýän uly yna­my hem-de çäk­siz hor­ma­ty hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýe­ne-de bir ki­ta­by­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny hem ha­bar ber­di. “Aba­dan­çy­ly­gyň röw­şen ga­dam­la­ry” at­ly bu ki­tap hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň halk köp­çü­li­gi­niň öňün­de eden çy­kyş­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­sy­dyr. Ki­tap­da ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň dür­li meseleleri, da­şa­ry sy­ýa­sat, yk­dy­sa­dy­ýet, me­de­ni­ýet, ylym we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň pi­kir­le­ri jem­le­nen­dir. Aý­ra­tyn-da, döw­le­ti­mi­zi gel­jek­de ös­dür­mek bo­ýun­ça köp tek­lip­ler bar.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ki­ta­byň mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň her bi­ri­ne gy­zyk­ly we peý­da­ly gol­lan­ma bol­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, onuň hal­ky­my­za özü­niň sow­ga­dy­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ki­ta­byň bi­ri­ni Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa gow­şu­ryp, ga­lan­la­ryň bol­sa ony şu gün­ki çä­re­den soň alyp bil­jek­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry we äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy.

Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy sa­hy­pa­la­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki za­man ta­ry­hy­na çuň­ňur akyl ýe­ti­ril­me­gi, ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry be­ýa­ny­ny ta­pan “Aba­dan­çy­ly­gyň röw­şen ga­dam­la­ry” at­ly tä­ze ki­ta­by üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

19.02.2022
Türkmenistan halkara ähmiýetli ulag-logistika düzümini döretmegi çaltlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi

Aşgabat — Ahal welaýaty, 17-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen dikuçarda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Babadaýhan etrabynyň çäginden badalga alýan nobatdaky tapgyrynyň gurluşyk işlerine girişilýän ýere tarap ugrady.

Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde dag eteklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen yzygiderli tanşyp, Aşgabadyň durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi esasy görkeziji bolup durýar.

Paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden beýik akyldaryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Häzirki wagtda şol ýerde toplumy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek işleri alnyp barylýar. Olar Aşgabady baglyga büremäge, ýokary ekologik derejesini üpjün etmäge ýardam eder.

Türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Dünýäniň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Watanymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Milli Liderimiz halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan seýilgäh toplumynyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şunda Aşgabadyň günorta künjeginiň täsin tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Binalaryň hem-de bu ýerde döredilýän ýaşyl zolaklaryň sazlaşygynyň döredilmegi ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini artdyryp, onuň ekologik derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň bu ýerinde gurluşygy alnyp barylýan suw howdanyny synlady. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ýagyn we sil suwlaryny bir ýere jemleýän howdanyň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda bu ýerde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Şunda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy tejribe işjeň ulanylýar.

Soňra milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur aldy. Bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilýän döwrebap ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, bu ýerde halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişini synlady.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmelerde abadançylyk, ekologiýa talaplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine hem-de bezeg aýratynlyklaryna ýokary derejede üns berilýär. Bu bolsa gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň hil, ekologiýa babatda häzirki döwrüň ölçeglerine we talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk tarapyna ugur aldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde dürli maksatly binalaryň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň hem-de medeni we işewürlik merkezleriniň gurluşyklary batly depginde dowam edýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan işewürlik merkezli köpugurly «Garagum» myhmanhanasynyň ýerleşen çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Olar tebigat bilen aýratyn sazlaşygy emele getirip, geljekde paýtagtymyzyň bezegine öwrüler.

Häzirki wagtda bu ýerde Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäher giňişliginiň rejeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesidir. Bu şäher ilatynyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň esasy talap bolup durýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyny dowam edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanýan ýerine tarap ugrady.

Milli Liderimiz ýolugra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Häzirki döwürde daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm dowam edýär. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine guramaçylykly girişildi. Şu günler ähli ýerde bolşy ýaly, bu ýeriň ekerançylyk meýdanlarynda-da ýaz-meýdan işleri batly depginde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýerleri şüdügärlemek, tekizlemek we suwaryş akabalaryny arassalamak işleri ýeralmanyň ekişi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň ýerden ýokary hasyl almaga yhlasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler toplumlaýyn esasda dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň başlanýan ýerinde gondy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, täze awtomobil ýolunyň gapdalyndaky ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşigine degişli ýerde ýeralma ekişini geçirýän mehanizator we kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş boldy.

Etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň mehanizatory M.Geldiýew döwlet Baştutanymyza bu ýerde alyp barýan işi, ýeralmany ekmegiň özboluşly aýratynlyklary we häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň öndürijilik kuwwaty barada gürrüň berdi.

Milli Liderimiz mehanizatoryň iş-durmuş şertleri, onuň aýlyk gazanjy bilen gyzyklandy we döwletimiziň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşlerine ähli zerur goldawlary berýändigi, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigi barada aýtdy.

2016-njy ýyldan bäri mehanizator bolup işleýän M.Geldiýew özleriniň netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän ýokary derejeli mümkinçilikler we zerur amatlyklary bolan kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygy üçin Arkadag Prezidentimize ähli mehanizatorlaryň adyndan sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde işleýän kärendeçi O.Ýagmyrow bilen gürrüňdeşlikde onuň maşgala we iş ýagdaýy hem-de zähmet öndürijiligi we döredilýän mümkinçilikler, kärendeçileriň üpjünçilik derejesi bilen gyzyklandy.

O.Ýagmyrow 12 ýyldan bäri şu daýhan birleşikde kärendeçi bolup işleýändigi, özüne berkidilen 5 gektar ýerden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalary edýändigini belledi. Şeýle hem daýhan şu ýyl bu ýeri ýeralma ekmek üçin taýýarlandygyny, ýeralmanyň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýerli “Gala” görnüşiniň ekilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk ulgamynda işlemegiň täzeçil usullarynyň ulanylýandygyny, pudaga ylmyň täze gazananlarynyň, dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny belledi. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mehanizatora eken tohumynyň müňlemegini arzuw etdi. Mehanizator milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we halkymyzyň saçaklarynyň berekedine öwrüljek ýeralmanyň ekişini dowam etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde ýol gurluşygynda ulanylýan kuwwatly tehnikalar görkezildi.

Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap gurluşyk tehnikalary hatara düzüldi. Şol tehnikalar soňky ýyllarda ýol-ulag düzüminiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Ýol gurluşygynda işleýän hünärmen bu ýerde görkezilýän tehnikalaryň hatarynda demrikdirýän, buldozerleriň, ýer gazýan tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň dürli görnüşleriniň goýlandygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikalaryň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň netijeli ulanylmagynyň alnyp barylýan işleriň kada laýyk derejede ýola goýulmagyny we gurluşyklaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite satyn alnan tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary we olaryň ulanyş häsiýetleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde görkezilýän dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary häzirki zaman ýol gurluşygynda ulanylýan tehnikalaryň täze nesline degişlidir. Şeýle hem olar tygşytlylyk we ekologiýa babatda öňdäki hatarda durýar. Olarda ornaşdyrylan ýörite ulgam özünde awtomatik usulda ölçeýjileri hem-de gözegçiligi jemleýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwrebap ýol gurluşyk tehnikasynyň ulanylmagy, işgärleriniň hünär derejesi, desgalarda zähmeti guramaga sowatly çemeleşilmegi meýilleşdirilen işleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynda işleýän ýol gurluşykçylaryň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş boldy. Bu ýerde hünärmenler öndürijilikli işlemek we dynç almak babatda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýol gurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň dünýäniň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalanmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belläp, onuň döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga giň ýol açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanda ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýol gurluşykçylara üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz işçileriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra milli Liderimiz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginde asfalt örtügini düşemek işlerine girişmäge ak pata berdi.

Bu sözlerden ruhlanan ýol gurluşykçylar kuwwatly tehnikalary herekete girizdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda, taryhyň dowamynda ýurtlary we halklary baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde, umuman, Türkmenistanyň yklymyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina edilýän desgalar, awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümler barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 203 kilometr bolan birinji tapgyrynyň geçýän ugrunyň, onda döredilen durmuş maksatly desgalaryň, kiçi töleg terminallarynyň we hyzmat ediş bölümleriniň taslamalary barada hasabat berdiler.

Bu ýoluň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda ulag gatnawlarynyň möçberleri artdy. Munuň özi ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýan edýär.

Ýoluň ugrunda durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ulaglaryna tehniki taýdan hyzmat edýän zolaklaryň, kiçi töleg terminallarynyň birnäçesi gurlar. Şeýle hem onuň ugrunda haýwanlaryň geçmegi üçin niýetlenen ýerasty geçelgeler göz öňünde tutular. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrar.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň demir ýoluň üstünden geçýän geçelgeleriniň görnüşleri, sil suwlary üçin niýetlenen ötükler, şeýle hem Mary welaýatynyň çäklerinde Garagum derýasynyň üstünden guruljak köprüleriň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleri dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün ediler.

Döwletimiziň goldaw bermeginde telekeçiler häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary gurýarlar hem-de ulanmaga berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalaryň hem-de çyzgylaryň her biri bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň tapgyrlary bilen içgin gyzyklanyp, bu taslama durmuşa geçirilende, ýollary gurmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, geçirilýän işleriň halkara ülňülere laýyk gelmegi derwaýys wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Täze ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de ýurdumyzyň sebit we halkara multimodal aragatnaşyk ulgamyna goşulyşmagy, onuň geoykdysady kuwwatynyň netijeli ulanylmagy boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti we döwletara gatnaşyklar üçin ähmiýetini nygtap, durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belledi. Biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu awtoban Türkmenistandaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.

Bu ýol ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýol gurluşygynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz diňe bir ýurdumyz we sebit üçin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli asylly işleri alyp barýan ýol gurluşyk ulgamynyň işgärlerine üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden awtoulagda paýtagtymyza tarap ugrady.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ulag ulgamynyň durnukly we sazlaşykly işi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegine öwrülýär.

Täze ýoluň Garagum sährasynyň çäginden geçýändigi onuň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Sähranyň özboluşly gözelligi, onuň täsin tebigaty adamlarda ruhubelentlik döredýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda, Garagum sährasynda ekologik ýagdaýyň degişli derejede saklanylmagyna, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi umumy abadançylygyň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen gidip barşyna, onuň Aşgabat — Tejen böleginiň ugrunda ýerleşýän “Kerwensaraý” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky awtomobillere ýangyç guýujy bekede gelip saklandy.

Ýangyç guýýan bekediň işgäri milli Liderimizi mähirli garşylap, işlemek üçin döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdi hem-de Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hünärmenleriň iş we durmuş şertleri, maşgala ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy. Ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşy üçin ähli tagallalar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz ýangyç guýýan bekediň hünärmenlerine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw edip, dikuçarda bu ýerden ugrady.

18.02.2022
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn daşary syýasat ýörelgesiniň, onuň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilmeginiň köp babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kesgitländigi aýratyn nygtaldy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baş edarasynyň Aşgabatda açylmagy hem-de türkmen paýtagtynda halkara ähmiýetli bilelikdäki wekilçilikli maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi bildirilýän uly ynamyň hem-de hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýany ýurdumyzda işe başlamagy bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasat strategiýamyzyň ileri tutulýan ugrudyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleri dowam etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejä laýyk getiren ilkinji döwletleriň biridir.

Duşuşygyň dowamynda 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, sanlylaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, adam hukuklary hem-de ençeme beýleki meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarylandygy bellenildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny geljek 30 ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Siziň ýurduňyz BMG-niň Ösüş maksatnamasyna, biziň hemmetaraplaýyn goldawymyza hemişe bil baglap biler. Biz halkara gurama hökmünde Türkmenistana dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmäge şat bolarys diýip, diplomat ynandyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekili Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ep-esli derejede ösen depginini kanagatlanma bilen nygtap, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi. Dürli ulgamlarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň subutnamasydyr.

Häzir garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik babatda örän uly tejribe toplan Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar hem-de sebit we umumydünýä häsiýetli döwrüň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär.

Milli Liderimiz türkmen tarapynyň Owganystandaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmak, dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly adamzadyň möhüm meselelerine gönüden-göni degişli bolan başlangyçlaryny BMG-niň hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň abraýly guramanyň degişli edaralary we düzümleýin bölümleri bilen ýakyndan gatnaşyk edip, halkara durmuşyň ählumumy gün tertibi boýunça aç-açan pikir alyşmaga mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkärli hem-de möhüm işinde Narine Saakýana üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň geljekde has-da işjeň dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili päk niýet bilen ak ýol arzuw edendigi üçin hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan barha berkitmek hem-de ony ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Men bu ýerde mundan 10 ýyl ozal hem işläpdim we bu gün myhmansöýer Türkmenistana täze derejede, öýümize gelen ýaly duýgy bilen gaýdyp geldim diýip, diplomat nygtady hem-de milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

17.02.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de wise-premýerler E.Orazgeldiýewi we Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly arkaly giňeltmek boýunça degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew häzirki döwürde gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat desgasynyň guruljak ýerini kesgitlemek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda edilýän zerur tagallalar barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, geçirilýän gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilýändigini, şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň ykdysady taýdan bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hem bähbitlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere degişli teklipden gelip çykýan wezipeleri içgin öwrenmek, şol sanda senagat toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler R.Meredowa, E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde hem-de täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan, gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän desgany gurmak boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde teklip edilýän senagat toplumyny gurmak üçin ähli zerur düzümler, şol sanda awtomobil we demir ýollary bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik desgasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri degişli tarap bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Abdrahmanowy, Ç.Purçekowy we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy.

Wise-premýer Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususan-da, uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýä ýüzünde ýurdumyzyň uglewodorod we energiýa serişdelerine, şol sanda tebigy gaza, elektrik toguna islegleriň barha artýandygyny belläp, ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, oňa innowasiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişelik üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, täze eksport ugurlaryny açmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçiligine, onuň eksport ugurlarynyň artdyrylmagyna zerur üns berilýändigini belledi we bu ugurda ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini üpjün etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geografik taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistana dünýä giňişliginde uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, aýratyn-da, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we bu ugurda degişli gepleşikleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, bu babatda hereket edýän hökümetara toparlaryň işini talabalaýyk ýola goýmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçirmek babatdaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu wezipeleriň guramaçylyk meselelerini öwrenmelidir hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýeti bolan işleri utgaşdyrmak boýunça zerur tagallalary etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, şunda önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi hem-de kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewi, Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.

Paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda alnyp barylýan ähli işleriň, şol sanda gurluşyk işleriniň bellenilen kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

Wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Aşgabatda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy we paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek we olaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we ekologiýa derejesine bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine, şunda bilim ojaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde bu düzümleriň binalarynyň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda bu ugurda alnyp barylýan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýerden degişli işlere gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ýerleri, ekişde ulanyljak tehnikalary we zerur bolan tohumlary taýýarlamak işleriniň barşy, ak ekinlere edilýän ideg işleri, gowaça ekişi bilen bir hatarda beýleki gök ekinleriň ýazky möwsümine taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreler görülýär. Şeýle hem sebitde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi, bellenilen gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki gurallary talabalaýyk taýýarlamak, kärendeçileriň zerur bolan tohumlar, mineral dökünleri bilen üpjünçiligini ýola goýmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreş işlerini kada laýyk alyp barmak wajypdyr.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatda ýazlyk sogan ekişini 5-nji martda tamamlamak, şu maksat bilen, sogan ekişiniň depginini güýçlendirmek we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmek işlerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda sogan ekişiniň depginlerine nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 —2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şol bir wagtyň özünde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meseleleriniň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, bugdaýy goşmaça iýmitlendirmek, ýazlyk ýeralmanyň ekişini guramaçylykly geçirmek we ýerleri agrotehniki kadalara laýyklykda taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny belläp, olary öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini aýdyp, kesgitlenen wezipeleri ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilmelidir we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň gurluşyklary öz wagtynda tamamlanmalydyr, olarda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şu günler ýaz ekişine taýýarlyk bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak, ýeralmanyň we beýleki gök ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, welaýatda dürli maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine zerur ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, kärendeçileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçiligini ýola goýmak meseleleriniň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan möwsümleýin işleriň talabalaýyk guralmagynyň, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýazlyk sogan ekişine 25-nji fewralda, ýeralmanyň ekişine bolsa 1-nji martda girişmek, şunda ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny degişli derejede taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ýerleri, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary taýýarlamak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olary agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şol bir wagtyň özünde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, lagym arassalaýjy we suw desgalarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine zerur derejede üns berilýär.

Şeýle hem häkim 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan welaýatyň Dänew etrabyna degişli baýragy gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini nygtap, şeýle ýokary döwlet baýragy üçin Arkadag Prezidentimize tutuş etrabyň ilatynyň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyny belledi. Şeýlelikde, ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, daýhanlaryň durmuşynda wajyp döwür hasaplanýan ekiş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatda ýazlyk sogan ekişini 5-nji martda tamamlamak, şol bir wagtyň özünde ýazlyk ýeralmanyň ekişini guramaçylykly geçirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, olary öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de ekişde ulanyljak gurallary ýaz ekişine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyk işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň durmuş üpjünçiligine degişli işleriň alnyp barylmagynyň, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda we ilatyň durmuş düzümine degişli işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň we oňa täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu güne çenli ekiş geçiriljek meýdanlaryň 82,5 göteriminde sürüm işleri ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem ak ekinleriň ösüş döwrüne laýyklykda, ideg işleri, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 10 müň gektar meýdana ýazlyk soganyň ekiljekdigini, şu güne çenli bu ugurda bellenen meýilnamalaryň 60,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şeýle hem şu ýyl jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Umuman, 2022-nji ýylda ýeralma we gök-bakja ekinleri 106 müň gektara ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigini, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ähli oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, möwsümleýin işleriň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16.02.2022