Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. 

 Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistanyň häzirki wagtdaky okgunly ösüşine we ýeten belent derejesine tüýs ýürekden begenýärler. Döwrümiziň syýasy işgärleriniň täze nesliniň görnükli wekili — hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we tutuş halkyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi we berkidilmegi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly çuňňur gynanjyny aýdyp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleriň ählisiniň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Hytaýyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. Geçen 30 ýylyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan türkmen-hytaý gatnaşyklary iki halkyň abadançylygynyň bähbidine işjeň ösdürilýär. 

                                                                   

Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini we bilelikdäki tagallalar esasynda ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa+Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarda birek-birege yzygiderli goldaw berýändigi bellenildi. Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we Beýik Ýüpek ýoly döwrüne çenli müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleri bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işler ynanyldy. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar, netijeliligi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady. Şeýle-de Li Hueý Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hormatly Arkadagyň şu ýylyň fewral aýynda hytaý tarapynyň çagyrmagy boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Pekinde geçirilen XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan mahalyndaky duşuşyklaryny mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hytaýyň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyza salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny iberendigi baradaky habary ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz aýdan mähirli sözleri hem-de iberen kitaplary üçin HHR-iň Başlygyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistan bilen Hytaýyň hem-de ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

 Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.