Habarlar
Milli Liderimiz Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Täjigistana amala aşyrýan resmi saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda düýn geçirilen Duşenbe duşuşygynyň jemlerine ýokary baha berlip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz türkmen-täjik gepleşikleri boýunça kesgitlenen anyk ugurlara ünsi çekdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, hyzmatdaşlygyň söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan ugurlarynda özara hereketleri işjeňleşdirmek barada barýar. Şeýle-de Täjigistandan Türkmenistana, Hazaryň kenaryna, Eýrana, soňra Pars aýlagyna, Türkiýä çykmak arkaly ulag ugruny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy, özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, iberilýän we getirilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň, eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

«Türkmenistan»

Duşenbe ş.

06.04.2024
Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat — Duşenbe, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Emomali Rahmon bilen şu gezekki duşuşygy uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary birnäçe wagtdan soňra, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Duşenbe Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna dostlukly döwletiň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda Milli Liderimiz Duşenbe şäheriniň baş meýdançasy bolan “Dusti” meýdançasyna bardy. Şol ýerde ilkinji täjik döwleti bolan Samanylar döwletiniň 1100 ýyllygynyň hormatyna Milli ylalaşygyň we Täjigistanyň gaýtadan dikeldilmeginiň ýadygärlikler toplumy hem-de täjikleriň döwletiniň ilkinji emiri Ismoil Somoniniň ýadygärligi ýerleşýär.

Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny dostlukly ýurduň resmi adamlary garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täjik döwletini esaslandyryjy gahrymanyň ýadygärligine gül dessesini goýdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne tarap ugrady. Köşkler toplumynyň öňündäki meýdançada Gahryman Arkadagymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady.

Hormatly Arkadagymyz we Täjigistan Respublikasynyň Baştutany dostlarça salamlaşyp, ýörite taýýarlanan münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa bildirip, Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar. Soňra doganlyk ýurduň Baştutany döwletimiziň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Resmi garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň ýörişi bilen tamamlanýar. Olar meýdançadan dabaraly gadam urup geçýärler.

Täjik Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Kasri Millat” köşgüne çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Täjigistanyň Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Duşenbede kabul edýändigine örän şatdygyny nygtady. Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.

Ol Täjigistanyň netijeli döwletara dialogy çuňlaşdyrmaga, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň resmi saparynyň ägirt uly ähmiýetini belledi. Bu sapar doganlyk halklaryň taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Dostlukly döwletiň Lideri Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ilerledilýän köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşandyny belledi. Şunuň bilen birlikde, şu gepleşikleriň barşynda däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjek ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna berk ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistana gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, täjik Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 21-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtady. Dünýäniň 86 döwleti şol Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şolaryň hatarynda Täjigistan hem bar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň tekliplerini goldaýandygy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini belläp, täjik Liderini bu şanly sene mynasybetli Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Liderleri döwrüň talaplary bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdylar.

Haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, söwda gatnaşyklarynda taraplaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň hem-de Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Energetika, ulag-kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologik meselä aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu gazna esasy sebitleýin düzüm bolmak bilen, onuň işi Aralýaka sebitde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň we Täjigistanyň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri-de jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda häzirki döwrüň wehimleri we howplary bilen bagly derwaýys meseleleri çözmek üçin gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny Duşenbe şäherinde ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Dostlukly ýurduň Baştutany döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini we häzirki wagtda oňa strategik hyzmatdaşlyk häsiýetiniň mahsusdygyny kanagatlanma bilen aýdyp, şunda täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn hyzmatlarynyň bardygyny belledi.

Täjik Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dialoga täze itergi berjekdigine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmana söz berdi.

Hormatly Arkadagymyz Prezident Emomali Rahmona mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu saparyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gepleşikleriň gün tertibine geçip, ilki bilen, syýasy-diplomatik gatnaşyklar meselesine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda bilelikde tagalla edilýändigini aýtdy.

Parlament diplomatiýasy türkmen-täjik syýasy gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we parlamentara gatnaşyklary, şol sanda ony parlamentleriň wekiliýetleriniň özara saparlaryny guramak arkaly işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunda parlament dostluk toparlary möhüm orun eýelemelidir.

Abraýly halkara düzümleriň — Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki guramalaryň çäklerinde işlemekde Türkmenistanyň we Täjigistanyň uly tejribesi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, Täjigistanyň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 24-siniň awtordaşy bolup durýandygyny, BMG-niň çäklerinde döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Elbetde, biziň halkara hyzmatdaşlygymyz özara häsiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Täjigistanyň halkara başlangyçlaryna, onuň halkara guramalaryň düzümlerinde agzalygyna uly hormat bilen garaýandygyny aýtdy. Ýurdumyz Täjigistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň 10-synyň awtordaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň bu möhüm ugurda doganlyk ýurt bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistan we Täjigistan sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işine işjeň gatnaşýarlar. Şu maksatlar bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitdäki ýagdaý barada aýdyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine goldaw bermegiň zerurdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa — BMG dialogyny yzygiderli ýola goýmak üçin ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we oňa goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri täjik tarapynyň ýokarda agzalan başlangyçlary durmuşa geçirmekde goldaw berjekdigine ynam bildirdi. Sebit howpsuzlygy babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns berildi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ekologiýa we tebigaty goramak boýunça gatnaşyklaryň derwaýysdygyny, hususan-da, häzirki wagtda suw serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak meselesiniň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.

Türkmenistan ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça işleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we ýurdumyzyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edendigini ýatlatdy. Täjik tarapynyň bu başlangyjy goldamagyna umyt edýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitiň derwaýys meselelerine degip geçip, goňşy sebitlerdäki we ýurtlardaky, aýratyn-da, Owganystandaky ýagdaýlar bilen baglylykda, sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň wehimleri hem-de howplary bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Biz ozal Owganystan boýunça meseleleri çözmekde sebit derejesindäki işi güýçlendirmegiň zerurdygy barada aýdypdyk diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Gürrüň Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada barýar. Çünki olar bu ýurtda parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň çalt berkarar bolmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bu ulgamda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň özara gatnaşyklary söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan ugurlary, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Özara söwda kuwwatyndan doly we netijeli peýdalanmak üçin biziň giň mümkinçiliklerimiz bar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik toparynyň işine bil baglanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, özara söwda öýlerini açmak boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini çaltlaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Haryt dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk, himiýa hem-de azyk senagatynyň, derman önümçiligi pudagynyň önümleriniň we beýleki harytlaryň söwdasy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, hususy pudakda hyzmatdaşlygyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary, ykdysady häsiýetli beýleki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Geňeş tarapyndan söwda, maýa goýumlar, hyzmatlar ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça anyk tekliplere garaşylýar.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda Täjigistandan Türkmenistana, Hazaryň kenaryna, Eýrana, soňra Pars aýlagyna, Türkiýä çykmak arkaly ulag ugruny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Munuň özi Hytaýa we Ýewropa, Ýakyn hem Orta Gündogara iň gysga ýoldur diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Energetika ulgamyna-da hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we gürrüňiň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny Özbegistanyň üstünden Täjigistana ibermek barada barýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, bu mesele eýýäm geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde Aşgabatda bolan duşuşygyň barşynda Prezident Emomali Rahmon bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurtlarymyzyň Täjigistana nebit önümlerini ibermek ulgamynda gatnaşyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýurdumyz önümçilik kooperasiýasy ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berýär. Hususan-da, ozal türkmen tarapynyň pagtany gaýtadan işlemek we halyçylyk boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmek ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmagy teklip edendigi, bu meseläni täjik hyzmatdaşlarymyz bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy barada aýdyldy.

Üçünji ugur medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen belledi. Iki ýurduň özara esasda Medeniýet günlerini geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini, hususan-da, 2022-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Täjigistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Şu günler bolsa Täjigistanda türkmen halkynyň baý medeniýetini görkezýän çäreler guralýar. Bularyň ählisi halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň baýlaşmagyna, olaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şeýle gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl şanly sene — beýik türkmen şahyry we Gündogaryň bütin dünýäde ykrar edilen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Şahyr öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp edipdir. Onuň pikirleri we garaýyşlary häzirki günüň ählumumy gymmatlyklary bilen sazlaşýar. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy tutuş adamzadyň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeledi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, biz 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forumyny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdik. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Prezident Emomali Rahmonyň adyna çakylyk haty iberildi diýip, Milli Liderimiz aýtdy we türkmen tarapynyň Täjigistanyň Baştutanynyň şu duşuşyga gatnaşmaga umyt edýändigini belledi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabatda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçiriler. Täjik tarapy maslahata Täjigistanyň medeniýet ministriniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurulýandygyny belledi. Onuň çäginde dostlukly ýurtlaryň meşhur akyldarlarynyň, şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň ýadygärlikleriniň, şol sanda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi oturdylar. Munuň özi türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky ebedi dostlugyň nyşanyna öwrüler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlygymyzyň ýokary derejesiniň emele gelendigini nygtamak gerek diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi we häzirki wagtda türkmen talyplarynyň onlarçasynyň Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde türkmen ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda geljegi uly nebitgaz pudagy boýunça täjik raýatlarynyň bilim almaklary üçin orunlary hödürlemäge taýýardygy tassyklanyldy.

Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň gurulmagy bilim ulgamyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalyna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, bu mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maýynda Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Täjigistanyň esasy ylmy merkezleriniň arasynda, aýratyn-da, tebigy bilimler, saglygy goraýyş, tehniki we ynsanperwer ylymlar boýunça göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Iki ýurduň arasynda bedenterbiýe we sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türgenlerimiz biziň ýurtlarymyzda geçirilýän dürli sport çärelerine we ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Emomali Rahmona türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Liderine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Prezident Emomali Rahmon syýasy dialogy yzygiderli dowam etdirmegiň, şol sanda iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Nebitgaz, himiýa we metallurgiýa, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, ulag we ýük daşamak pudaklary täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, täjik tarapynyň milli ykdysadyýetler üçin strategik ähmiýetli ulgamlarda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygy aýdyldy.

Doganlyk ýurduň Baştutany iki döwletiň subýektleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de doganlaşan şäherleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ol döwletara dialogyň möhüm bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri barada durup geçdi.

Täjik Lideri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň hem-de birek-biregiň ählumumy başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, iki ýurduň degişli düzümleriniň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şol sanda häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy”; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Binagärlik we gurluşyk boýunça komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň (Sugt welaýaty, Täjigistan Respublikasy) arasynda Ylalaşyk bar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Täjigistanyň döredijilikli daşary syýasy ugry hem-de netijeli ykdysady strategiýany durmuşa geçirýän doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ähli ugurlar boýunça ösýändigi we ýokary ynanyşmak ýagdaýy bilen tapawutlanýandygy nygtaldy.

Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny aýratyn belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň täjik-türkmen gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegini üpjün etmekdäki hyzmatlaryna ýokary baha berdi.

Rustam Emomali özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň parlamentara derejedäki hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklara ynanyşmak we özara düşünişmek häsiýetiniň mahsusdygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyza geljek döwür üçin hem türkmen-täjik gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda uzak möhletli meýilnamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde milli parlamentlere möhüm orun berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň gurallaryny ilerletmek meselelerinde türkmen tarapynyň işjeň ornuny belledi.

Parlament işi anyk maksatlara we wezipelere eýe bolan sazlaşykly işdir. Parlamentariler içerki syýasy durnuklylygy saklamakda, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik ylalaşyklylygyny, durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady we ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary giňeltmek, aýratyn-da, kanun çykaryjylyk işiniň tejribesini alyşmak we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanun çykaryjy edaralary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary esasynda durnukly parlamentara dialog ýola goýuldy, pikir alyşmalaryň netijeli gurallary işläp başlady. Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmakda türkmen-täjik parlamentara gatnaşyklarynyň saldamly goşandyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlamentarileriň dürli sebit forumlaryna gatnaşmagynyň syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin amatly hukuk şertleriniň döredilmegine gönükdirilendigi aýdyldy. Olaryň işi özara gatnaşyklaryň däp bolan diplomatik gurallaryny hem baýlaşdyrýar.

Ählumumy derejede, aýratyn-da, çylşyrymly döwri başdan geçirýän häzirki şertler bilen baglylykda, parlamentarileriň işi boýunça meseleler-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda köpugurly parlament diplomatiýasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler bu baradaky gürrüňi dowam edip, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ornunyň artýandygyny, dünýäde döredilen parlamentara birleşikleriň, ilkinji nobatda, şolaryň iň irileriniň we abraýlylarynyň biri bolan Parlamentara Birleşigiň işiniň pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň wekilleri onuň işine işjeň gatnaşýarlar, häzirki zaman ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça sazlaşykly çykyş edýärler.

Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň gatnaşýan Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy bu ugruň geljeginiň uludygyny aýdyp, doganlyk ýurtlaryň wekilleriniň parlament meýdançalarynda bilelikdäki başlangyçlar, ilkinji nobatda, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmek, zenanlaryň, ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerinde bilelikdäki başlangyçlar bilen çykyş edip biljekdiklerini bellediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iki ýurduň ysnyşykly parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, özara düşünişmäge, kanun çykaryjylyk işiniň tejribesini giňden alyşmaga, parlamentarileriň ähli oňyn pikirlerini we başlangyçlaryny höweslendirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň türkmen hem-de täjik halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini, döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygy we uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderine özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täjik paýtagtynyň merkezi böleginde ýerleşýän “Borbad” köşgüne tarap ugrady. Bu iri kinokonsert toplumy Duşenbäniň ajaýyp ýerleriniň biridir.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon “Dostluk agşamy” atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň meşhur sungat ussatlary belent mertebeli myhmanlara hem-de Hökümet wekiliýetleriniň agzalaryna giň gerimli konsert maksatnamasyny hödürlediler. Onda öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar aýdyňlyk bilen görkezildi. Konsert üstünlikli medeni hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalyna, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine köptaraply gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertine öwrüldi.

Konsert tamamlanandan soňra, täjik Lideri Gahryman Arkadagymyzy “Nowruz” köşgüne çagyrdy. Bu ýerde Täjigistanyň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

***

Şu gün Duşenbe şäheriniň “Istiklol” lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň şu günler Duşenbe şäherinde bolýan Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Sowgatlary gowşurmak dabarasynyň dowamynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi.

Çärede çykyş edenler iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, iki halkyň taryhy, medeni umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijesinde häzirki günde täjik-türkmen dialogyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýadyň kemala getirilendigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen şu günki gepleşikleriň jemleri munuň aýdyň güwäsidir.

Täjik tarapynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza täjik çagalaryna sowgat hökmünde berlen dokma hem-de konditer önümleri, egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

***

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan netijeli medeni syýasaty durmuşa geçirýär. Onda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, ajaýyp söz ussadynyň edebi mirasy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusy türkmen nusgawy şahyryna bagyşlanandyr.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň eserleri dürli halklaryň dillerine, şol sanda täjik diline terjime edildi hem-de dostlukly ýurtda örän meşhurdyr. Asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň şygryýeti öz ähmiýetini birjik-de ýitirmeýär. Çünki onda umumadamzat gymmatlyklary — watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, döredijilige çagyryş, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýaly ýörelgeler öz aýdyň beýanyny tapýar.

Bellenilişi ýaly, ýubileý senesiniň halkara derejede baýram edilmegi dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen has giňden tanyşdyrmaga, umuman, ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky netijeli ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Munuň özi tutuş dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti bolup durýar.

***

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri şu gün geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda aýdyňlyk bilen görkezildi. Oňa iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlaryň hem-de taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde soňky ýyllarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna şu gezekki resmi sapary däp bolan dostlukly döwletara dialoga kuwwatly itergi berdi.

Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň we beýleki ugurdaş çäreleriň ähmiýetli orny bellenildi. Bu çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň täsirli gurallary bolup durýar.

Forumyň barşynda dürli pudaklarda, şol sanda senagat toplumy, ýangyç-energetika pudagy, oba hojalygy, ulag we logistika, maýa goýum işi boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

05.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşiniň türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn orny bellenildi. Geňeş iki ýurduň ykdysady guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek üçin netijeli gurala öwrüldi. ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň strategik taýdan wajyp pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalary hem-de özgertmeler, telekeçiler üçin döredilen amatly şertler nazara alnanda, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler bar. Şunda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Işewür bildirilen ynam we many-mazmunly söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, köpýyllyk oňyn tejribä daýanýan ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

05.04.2024
Gahryman Arkadagymyz Duşenbä geldi

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi.

Gahryman Arkadagymyzyň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Arkadagymyz bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-täjik gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende, şu günler Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyzdan uly wekilçilikli toparyň hem täjik topragynda bolýandygyny bellemeli. Iki ýurduň ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek ylmy duşuşyk, Türkmen-täjik işewürlik maslahaty hem Milli Liderimiziň saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirip, aýry-aýry ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berer.

«Türkmenistan»

Duşenbe ş.

04.04.2024
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminamanyň taslamasy hem hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, tehnologiýalary özleşdirmeklerine gönüden-göni baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, döwlet Baştutanymyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek ugrunda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalar tarapyndan kanunçylygyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora ýol berilýän düzgün bozulmalaryny ýüze çykaryp, olary öz wagtynda düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň, ýol hereketiniň, ýangyna garşy göreş kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, edaralarda we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, degişli düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, degişli düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz kazyýet işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çärelere üns çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin kazyýet işgärleri bilen ýörite okuw sapaklaryny geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetimizde durnuklylygy üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak bilen baglylykda, bu edaranyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, geçirilýän seljerme işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, hem-de serhetlerimizi dost-doganlyk serhedine öwürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda adalat edaralarynyň işini sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we häzirki wagtda gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň dünýäniň oňyn tejribesiniň we milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna, işiň innowasion usullarynyň ulanylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Migrasiýa gözegçiligini kämilleşdirmek boýunça meseleleri üns merkezinde saklamak boýunça anyk çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.04.2024
Häzirki zaman meýilleri we innowasion çözgütler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Şunda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň kuwwatlanmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň, olaryň Diýarymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezýär.

Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy. Bu ýerde häzirki zaman dokma toplumlarynyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän dokma toplumlarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylandygynyň, olarda ýokary hilli önümleriň öndürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Soňky ýyllarda “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly dokma önümleri dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artmagynyň baş şertini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlar bilen tanşyp, olaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berdi.

Türkmenistanda derini gaýtadan işlemek arkaly ýola goýlan önümçilik işjeň ösdürilýär. Munuň özi gön we gön önümleriniň gaýtadan işlenilmegine, olardan dürli görnüşli harytlaryň öndürilmegine giň ýol açýar. Aýratyn-da, ýerli çig mallardan öndürilýän aýakgaplar rahatlygy, hil taýdan ýokary halkara görkezijilere, häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Gön we gön önümlerini taýýarlaýan düzümiň ýolbaşçysy häzirki döwürde netijeli işlemek, önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Hünärmen Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, öz esasy işlerinden başga-da, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman awtomenzilleriniň gurluşyklaryny amala aşyrandyklaryny guwanç bilen gürrüň berdi.

Hormatly Arkadagymyz hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmalydygyna, şunda aýakgaplaryň hiline, ýaramlylygyna, rahatlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda döwrüň ösen tejribesinden ugur alyp, degişli işleri talabalaýyk guramak babatda sergä gatnaşýan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergide görkezilýän dürli görnüşli matalary synlady. Bellenilişi ýaly, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan köpöwüşginli matalar ýurdumyzyň dokma senagatynyň köpugurly ösdürilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Sergä gatnaşyjylar öz önümlerini söwda toplumynyň sergisinde görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem bu ýerde azyk önümleriniň, agyz suwlarynyň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek, halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyrmak hem-de önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berilmelidigini belläp, şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Bu ýerde dürli görnüşli et we şöhlat önümleri-de görkezilýär. Guş etinden taýýarlanylýan önümler ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Hünärmen guş etinden dürli görnüşli önümleri taýýarlamagyň aýratynlyklary we önümleriň ýerlenilýän bazarlary barada gürrüň berip, bu işleri ýokary derejede alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini açyp görkezmek, olaryň netijeli işini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, bu babatda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Şol bir wagtyň özünde söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, önüm ugradylýan bazarlaryň geografiýasynyň giňeldilmegine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna giň ýol açýar.

Milli Liderimiz sergä gatnaşýanlara üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

04.04.2024
Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde amala aşyrylýan Prezident Maksatnamasynyň baş maksady ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini dowam etdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, söwda toplumy häzirki wagtda halk hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ilatyň abadançylygynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Eziz watandaşlar!

Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak babatda alnyp barylýan işler has-da buýsandyrýar. Hususan-da, pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerimize içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Türkmen halkynyň milli el halyçylyk sungatynyň özboluşlylygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Biziň el halylarymyz deňi-taýy bolmadyk gözelligi, ýokary hili bilen meşhurdyr. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalary türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy görnüşlerini dikeltmek boýunça guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Törlerimiziň bezegi bolan el halylarymyz içerki we daşary ýurtlardaky alyjylaryň sargytlary boýunça hem dokalýar. Bu bolsa halkymyzyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolan türkmen halylarynyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Bu gün giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzyň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň ösüşlerine baha bermäge-de mümkinçilik döreder.

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Sergide ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ösüşine, hususy önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär. Çünki biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine bil baglaýarys we munuň üçin ähli zerur şertleri döredýäris.

Bu alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Garaşsyz döwletimiz gysga wagtyň içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Geçirilýän özgertmeler, oýlanyşykly çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek bilen birlikde, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem giň mümkinçilik berýär. Bu sergi bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, söwda toplumynyň hem maksatnamalaýyn wezipeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny we belent sepgitlere ýetýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

03.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda hem zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi tamamlanyp, häzirki wagtda ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň talabalaýyk, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde işlediljek kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, beýleki gök ekinler ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler geçirilýär. Sebitde dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we talabalaýyk idetmek boýunça-da zerur işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümi dowam edip, ony guramaçylykly geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we gowaça ekişiniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişine girişilip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, ekiş möwsümini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatdaky galla kabul ediş bölümlerini, elewatorlary, bugdaý daşajak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we gök-bakja ekinleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bu ekinleriň ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şu günler welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin welaýatyň maldarlaryna ähli zerur şertler döredildi.

Häkim ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişini bellenen möhletde geçirmek, ekişde ulanylýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bu ugurda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, häzirki wagtda bu jogapkärli möwsüm dowam edýär.

Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmek işleri gündelik gözegçilikde saklanylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem sebitiň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Welaýatda dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, mallary talabalaýyk idetmek boýunça hem zerur çäreler alnyp barylýar. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär.

Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini, ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri utgaşykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde, bökdençsiz geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin, sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

02.04.2024
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, şeýle-de geljek nesilleriň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.

«Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, netijeli pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň pikirine görä, bu resminamanyň kabul edilmegi döwlet häkimiýet edaralaryna, ýuridik we fiziki şahslara gidrometeorologiýa işi we daşky gurşawyň ýagdaýy barada anyk maglumatlar berlende, bu işleri düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemäge hyzmat eder. Mundan başga-da, onda gidrometeorologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini maliýeleşdirmek we halkara hyzmatdaşlyk baradaky kadalar göz öňünde tutuldy. Resminamada gidrometeorologiýa gözegçiliginiň döwlet ulgamy bellenilýär.

«Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, parlamentariler bu resminamanyň özara bähbitlilik esasynda iki ýurduň arasynda halkara awtomobil ýolagçy hem-de ýük daşamalaryny, ýurtlaryň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr daşamalary düzgünleşdirýändigini nygtadylar.

Maslahatyň gün tertibinde «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

01.04.2024
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynanyşmak taglymlaryny dünýä ýaýýar

Geçen hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar halkymyzyň ruhy we medeni mirasyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň beýany boldy.

25-nji martda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine, hususan-da, gowaça ekişine, bugdaý ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işleriniň alnyp barlyşyna, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekildi.

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. Ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa, syýahatçylyk ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagynda, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar türki halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu medeni miras umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda baýram edilmegi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Beýik şahyryň eserleri tutuş türki dünýäsiniň gymmatly mirasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolup durýar we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanda sporty höweslendirmek we goldamak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda gazanylan uly üstünlikler üçin Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasy gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň halkara derejede mynasyp ykrar edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklary we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz Eýranyň ýurdumyzyň iň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtap, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Onuň işi elektroenergetika we ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk çäreleri ylalaşmaga gönükdirilendir. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-eýran döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Şolaryň hatarynda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler bar. Şeýle hem paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini özgertmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz olary durmuşa geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hususan-da, “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak; “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak; Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmak ýaly teklipler boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda şanly seneler we möhüm wakalar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Onuň çäklerinde şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklibi beýan edildi. Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we ony ulag ulgamyna, energetika arabaglanyşygy meselelerine bagyşlamak teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýan, energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi, oňa laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin Hökümet agzalaryndan ybarat döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç haty kabul edildi. Diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parlament ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde işleri alyp barmak, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi.

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bina edilen täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy we bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Hajy Arkadagymyzyň teklibi boýunça täze metjit ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimize hormat-sarpa goýmagyň nyşany hökmünde “Seýit Jemaleddin metjidi” diýlip atlandyryldy. Bu şanly wakanyň mübärek Oraza aýynda geçirilmegi, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülik çäreleri bilen gabat gelmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ylmy wekiliýetleri dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň gadymy oba görnüşinde gurnalan ak öýleriniň töwereginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Myhmanlar halkymyzyň durmuşy, milli senetçilik we toý däpleri bilen tanyşmaga, milli tagamlardan datmaga, ýaşlaryň başarjaňlygyna, pälwanlaryň ussatlygyna göz ýetirmäge, ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşbini, düýe kerweniniň buýsançly ädimlerini synlamaga mümkinçilik aldylar.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Türkmenistanyň hem-de türki dilli birnäçe ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde uly baýramçylyk konserti guraldy. Onda ýerine ýetirilen ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky arzuwlar düzdi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän, XV asyrda gurlan meşhur ýadygärlikleriň biri bolan Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.

“Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat hem geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli foruma meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, professorlar, ýaş alymlar, daşary ýurtlaryň muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar. Umumy mejlisde bu ýere ýygnananlar ady rowaýata öwrülen Rafael Pampelliniň çowlugy Luiza Pampelliniň ýatlamalaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu alymyň yhlasy bilen Änew medeniýeti dünýäde meşhurlyga eýe boldy we ylmy adalgalaryň sözlügine hemişelik girdi. Hemişe bol hasyl berýän bereketli türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygy baradaky pikir ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Milli «Ak bugdaý» muzeýinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda bellenilişi ýaly, geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde, Türkmenistan gadymdan bäri Gündogar bilen Günbataryň söwda ýollarynyň, medeni däp-dessurlarynyň kesişýän, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi, görnükli alymlary, akyldarlary we şahyrlary dünýä beren künjek bolupdyr. Täze taryhy eýýamda ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmek ýaly jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde uly tagallalary edýär.

Paýtagtymyzda halkara guramalaryň wekilleriniň, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda bu pudagyň ösdürilmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutmak bilen, daşary ýurtlarda döwletimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmegiň zerurdygyny bellediler, şeýle hem “Bir syýahatçylyk — tutuş sebit” atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar. Forumyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda daşary ýurtly myhmanlar hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Onda halkara maglumatlar giňişliginiň ösüş meýilleri, žurnalistleriň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşygynyň täze ugurlarydyr usullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlykda eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesi, şeýle hem käbir kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Arkadag şäherinde birnäçe möhüm dabaralar geçirildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli maslahat, şeýle hem gaznanyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň möhüm wakalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda ýeten sepgitleriniň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

(TDH)

01.04.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-biregi mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp, mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda bolýandygyna şatdygyny aýtdy we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň daşary işler ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, goňşy ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynyň asyrlara uzap gidýän taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygyny, olary özara umumylyklaryň birleşdirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has-da ösdürilýändigini aýdyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara hormat goýmaga esaslanýan ynanyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtady.

EYR-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky tagallalaryny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi hem-de EYR-nyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini aýtmak bilen, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň giň gerimde dowam edýändigini, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde açylan täze metjidiň möhüm ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Eýran ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, elektroenergetika, üstaşyr ulag ulgamlarynda, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda we Eýranda milli önümleriň sergileriniň, işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine ýardam berýändigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara iş saparlarynyň, yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň we gepleşikleriň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny aýdyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda aýratyn orun eýeleýär. Goňşy ýurtlaryň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden belleniljek dabaralarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de goňşy ýurduň wekilleriniň bu dabaralara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

29.03.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Şol gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynyň müňlerçe ýyla uzaýan taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.

Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi, hususan-da, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw edip, doganlyk döwletleriň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

29.03.2024