Täzelikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy

Arkadag şäheri, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda türkmen bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny, milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi.

Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary at çapyşyklaryna taýýarlamak üçin amatly şertleri, ýakymly howa gurşawyny özünde jemleýän künjekde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, “At — myrat” okuw merkezi hereket edýär. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar.

Ýapyk manežde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda bolan, milli atşynaslaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän “At — myrat” okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär.

“At — myrat” okuw merkeziniň ýaş mugallymlarynyň biri Arkadag şäherinde çagalara degişli ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda, milli atçylyk ugry boýunça ylmy iş bilen meşgullanmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize merkeziň mugallymlarynyň adyndan hoşallygyny bildirdi.

Milli Liderimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda merkezde bilim alýan çagalar bilen duşuşmak üçin ýörite gelendigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlarda ahalteke bedewlerine söýgini döretmek ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bedewe atlanan ýaşlarda mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezi hem ýaşlara dürli ugurlar boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar.

Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we “Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!” diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

«At — myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ussat atşynaslar, ökde çapyksuwarlar bolup ýetişmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň gönükdiren bu serişdeleri okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer.

Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi. Munuň özi ykbalyny atçylyga baglamak isleýän ýaşlaryň saýlap alan hünärine höwesiniň, ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bilim alýan ýaşlara milli atşynaslyk däplerini içgin özleşdirmekde we ony has-da ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady.

Dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sungatyny ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelende, Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy.

Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Hormatly Arkadagymyz ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary bilen duşuşandygyny, olara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurandygyny belledi. “Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýär. Atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleri döredýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini, çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

“Ata-babalarymyzyň «Taý ata ýetirer, at — myrada», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly pähimleri behişdi bedewlere belent hormatdan nyşandyr. Ahalteke bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, bu gün ýurdumyzyň belent ösüşleriniň beýanyna öwrüldi” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmeginiň ýaşlaryň atçylyk, atşynaslyk sungaty boýunça bilimini kämilleşdirmäge ýardam edýändigini aýdyp, häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen bedewiniň şanyna toýlaryň uludan tutulýandygyny, şolaryň esasy bezeginiň bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparydygyny nygtady.

Duşuşykda toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklary, olaryň at üstünde görkezýän oýunlarynyň dünýä halklaryny haýran galdyrýandygy, toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Baş baýraklara mynasyp bolandygy bellenildi. Milli atçylyk sungatyny ösdürmek babatda mundan beýläk-de uly işler durmuşa geçiriler. “Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin hormatly Prezidentimiz sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi” diýip, Gahryman Arkadagymyz degişli çözgüdi mälim etdi.

Milli Liderimiz “Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Nesip etsin!” diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy.

«Galkynyşyň» ýolbaşçysy milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak we ony ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de Şa serpaýy üçin toparyň agzalarynyň we ähli atşynaslaryň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle-de ol türkmen atçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň, ahalteke atlarynyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri manežde Garaşsyz atly ajaýyp bedewe atlanyp, olaryň arasyna geldi. Toparyň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jem bolup, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bedewe atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. Ynsan gylykly bedew aýaklary bilen gelşikli oýun edip, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny äşgär etdi. Milli atşynaslyk däpleriniň özboluşly mekdebini döreden Aba Annaýewiň ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirendigini, ömrüni atşynaslyga bagyşlan ussat seýsiň elinden çykan bedewiň ady rowaýata öwrülen Gelşikli atly bedewiň nesil ugrunyň gözbaşynda durýandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Hormatly Arkadagymyzyň bedewe atlanan pursatlary hem häzirki bagtyýar zamanamyzda peder-perzent ýolunyň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurýandygyny aýtdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl bolýandygy nazara alnanda, bu sowgat ýurdumyzyň ösüşleriniň özboluşly nyşany bolup durýar.

Milli Liderimiz toparyň düzüminde oglanlar bilen birlikde, gyzlaryň hem çykyş edýändigini, olaryň bilelikdäki yhlasyndan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolýandygyny, bu agzybirligiň, ýaşlyk yhlasynyň halkymyz üçin örän buýsançlydygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz olary gazanan üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, toparyň her bir ýeňşiniň döwlet derejesinde sarpalanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi we olara milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ýaly asylly işinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

P.Baýramdurdyýew häzirki döwürde alnyp barylýan işler, talyplaryň amaly sapaklary tejribede özleşdirmekleri ugrunda döredilen şertler we mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän tagallalar barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegine 20 ýyl dolýar. Topara Türkmenistanyň medeni mirasyny we sirk sungatyny wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň hem-de Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynyň wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Mälim bolşy ýaly, bu toparyň agzalary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolup gelýär. Olar 2013-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda “Altyn Idol” baş baýragyna we diploma hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň manež şekilindäki ýörite baýragyna, 2014-nji ýylda Italiýa Respublikasynda geçirilen “Latina 2014” halkara sirk festiwalynda baş baýraklara — Altyn kuboga, “Di Albaсete” we “Сonsegina il Premo” baýraklaryna, Italiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite diplomyna, “Сomune di Latina” tapawutlanan baýragyna, 2015-nji ýylda HHR-iň Çžuhaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynyň baş baýragyna — Altyn kubogyna we Guandun welaýatynyň hökümetiniň ýörite güwänamasyna, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraga we Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, habar beriş we syýahatçylyk ministrliginiň Minnetdarlyk diplomyna hem-de medalyna, 2018-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Fontankadaky I halkara festiwalda baş baýraga — «Altyn Gaetano» altyn kubogyna, 2025-nji ýylda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn kuboga we Monakonyň Halkara müdirliginiň ýaş halkara eminleriniň kubogyna, Hindistanyň Rambo sirkiniň ýörite kubogyna, şol ýylyň maý aýynda Stambul şäherinde geçirilen VII etnosport medeniýeti festiwalynda ýörite medallara mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyz bu üstünlikleriň türkmen halky üçin buýsançlydygyny belläp, toparyň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

B.Rejepow häzirki döwürde atçylyk boýunça dünýäniň dürli ýurtlary bilen halkara gatnaşyklaryň ýola goýlandygy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berdi. Şeýle hem ol halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda döwlet tarapyndan tagalla edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleriniň, olaryň dünýä nusgalyk çykyşlarynyň halkara giňişlikde giňden wasp edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň kämil neslini döretmek ugrunda edilýän tagallalary beýan edýän çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtap, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

05.02.2026
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär.

Şeýle-de häkim gyş paslynda welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin bar bolan serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň we önümçilikde agrotehniki kadalaryň tutuş toplumynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de häkime welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk görmek işleriniň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler dowam edýär. Olaryň çäklerinde welaýatlaryň bugdaý ekilen ýerlerinde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýuwuş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny taýýarlamak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň hem hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny aýtdy we oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna öňdebaryjy tejribäni, döwrebap usullary, innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizlemek, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.02.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Olimpiýa şäherçesine geldi. Milli Liderimiz häzirki döwürde halkara giňişlikde üstünlikli çykyş edýän “Arkadag” futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli ýaryşynyň geçiriljek ýeri bolan 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde ýurdumyzda üstünlikli geçirilen «Aziada — 2017-niň» esasy nyşany bolan alabaýyň şekiline üns berildi. Bellenilişi ýaly, alabaýyň şekili şol oýunlarda türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu gezekki ýaryşda hem alabaýyň şekiliniň halkara futbol bäsleşiginiň nyşany hökmünde seçilip alynmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwondo, tans sporty, kik-boksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard sporty, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilendigi, onuň her bir görnüşiniň özboluşly nyşanynyň bolandygy nygtaldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi halkara giňişlikde ýurdumyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki döwürde olaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistan dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň milli sport ulgamyndaky giň möçberli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigi nazara alnyp, sportuň ähli görnüşlerini, şol sanda türkmen futbolyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Bu bolsa oňyn netijelerini hem berýär. Türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr.

Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň, bosgunlaryň wekilleriniň müňlerçesiniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Aşgabat Aziadasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ýurdumyzda halkara sport bäsleşiklerini geçirmek boýunça toplanan tejribäniň has-da baýlaşmagyna giň ýol açdy. Şunda ýaryşlara Türkmenistanyň başlangyjy bilen Okeaniýa ýurtlarynyň hem-de bosgunlaryň wekilleriniň gatnaşdyrylmagy, oýunlaryň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň girizilmegi onuň tapawutly aýratynlygy boldy.

Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edildi. Sport toplumynyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen binalarynda “Aziada — 2017” oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň sport taryhynda möhüm orny eýelän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy Olimpiýa şäherçesine getirildi. Bu dabaraly ýöriş Diýarymyz boýunça 500 günläp dowam etdi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen iri ýaryşlara taýýarlygyň giň gerime eýe bolandygyny alamatlandyrdy.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy futbol ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, futbol janköýerleri we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Futbol ýaryşynyň dünýäde giňden beýan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Bu ýerde ýaryşa tomaşa etjekler üçin bolşy ýaly, türgenler we tälimçiler üçin hem zerur şertler döredilmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekip, hormatly Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi hem-de stadionda halkara ýaryşlary, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy barada giňişleýin maglumat berdi. Stadionyň futbol meýdançasy oýundan beýleki wagtlarda ýörite polietilen bilen örtülýär. Munuň özi meýdançanyň hemişe talabalaýyk derejede saklanmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz sport ulgamyna degişli ähli desgalaryň, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň, Olimpiýa stadionynyň meýdançasynyň ykrar edilen talaplara laýyk derejede saklanmagy bilen bagly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” “Sport, sen — parahatçylyk!” diýen sözlerini mysal getirdi. Munuň özi dünýäde ruhubelentligiň senasy, parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çagyryşy, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ynamyň netijesi hökmünde ykrar edilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we giň möçberli başlangyçlary Pýer de Kuberteniň sporty wasp edýän jümleleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda edilýän tagallalaryň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz hem sporty parahatçylygyň ilçisi hasaplaýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara ýaryşlary guramak, türgenleşikleri geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap sport toplumlary we köpugurly stadionlar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlananda, olarda sport meýdançalarynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Köpugurly sport toplumlary we türgenleşik merkezleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde wajyp ähmiýete eýedir.

Stadionlaryň, häzirki zaman sport toplumlarynyň gurluş aýratynlyklary şäherleriň ugurdaş desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi şol görnüşiň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Bu ajaýyp keşpde “Aziada — 2017-niň” ähli pikir konsepsiýasy, Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge ygrarlylygy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň teklibine laýyklykda, Olimpiýa stadionynda ýerleşdirilen bedewiň şekiliniň, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi we örülen alaja bilen bezelmegi ýurdumyzda haýyr işleriň milli dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bu desgalar toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino 2023-nji ýylda ýurdumyza amala aşyran saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz bilen bolan duşuşygynda FIFA-nyň resmi topuny ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurypdy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki barha artýan abraýyny we ýurdumyzyň futbol infrastrukturasyny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýan waka boldy. Şeýle hem FIFA-nyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza sapary futbol gymmatlyklaryny ilerletmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyryp, iri halkara ýaryşlary geçirmek we sporty ösdürmek üçin täze gözýetimleri açdy.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda halkara giňişlikde uly üstünliklere eýe bolýan “Arkadag” toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny, deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, “kör abraýdygyny” belledi. Eger futbolçylarymyzyň utulan ýagdaýynda hem bu bäsleşigiň biziň halkymyz üçin toý-baýrama öwrüljekdigini, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz olaryň yhlasyny gaýgyrman, arassa hem owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere öňde goýlan maksatlara abraý bilen ýetmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)

02.02.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl binalar we desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da ýurdumyzda köp sanly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de olaryň sanawyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň çäklerinde dünýä ösüşiniň gün tertibinde durýan sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer we halkara hukuk ýaly ugurlarda ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Milletler Bileleşiginiň münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu teklibi amala aşyrmagyň çäklerinde ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Onda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin we halkara çäreleri, hususan-da, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy barlaglary höweslendirmek we täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek teklip edilýär. Giň jemgyýetçiligi Halkara hukugyň ýyly barada milli hem-de halkara derejede habarly etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak, Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. “Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

31.01.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribeleri özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa obalaryň we şäherleriň binagärlik babatda häzirki zaman görkezijilerine laýyk derejedäki ösüşini şertlendirýär.

Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr.

Milli Liderimiz köpriniň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu ýerlerde gök zolaklaryň döredilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Köpriniň üstünden Arkadag şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň merkezine tarap ýola düşdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Nobatdaky tapgyrda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra ol häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär. D.Orazow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigi, ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekip, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň amatlylygy, ykjamlygy, elýeterliligi dogrusynda durup geçdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydyr.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Munuň özi döwrebap jaýlarda halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän mümkinçilikleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. “Şol bir wagtyň özünde bilim edaralarynyň, mekdepleriň otaglary her bir derse mynasyp derejede enjamlaşdyrylmalydyr. Bu bolsa bilim alýan ýaşlaryň saýlap aljak hünärine söýgüsini berkitmekde, nesilleriň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda wajypdyr” diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen bir hatarda, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek boýunça işler hem guramaçylykly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ägirt uly işleriň bitirilmelidigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady we meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olar öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

28.01.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda oba hojalyk toplumynyň strategik ähmiýetini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bugdaýa ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belledi we bol hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çärelerde toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerine aýawly we rejeli çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle-de welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek ugrunda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýuwuş suwy tutulýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyk we dokma senagatyny çig mal bilen bolelin üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda pudagyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýändigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.01.2026
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Lebap welaýaty, 24-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatyna laýyk gelýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Harby gullukçylar iň täze tehnikalara erk etmek, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Lebap welaýatyna ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline gondy we hormatly Prezidentimiz bu ýerden dikuçarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esasy girelgesine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy. Edebi-sazly kompozisiýada türkmen serkerdeleriniň gahrymançylyga beslenen şöhratly ýoly, Watanymyzyň asudalygyny berkarar etmegiň her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdugy öz beýanyny tapdy. Harby gullukçylardan düzülen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymynda ýurdumyzyň ösüşleri wasp edildi.

Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ýurdumyzda harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm üns berilýändiginiň beýanydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimize dolandyryş binasynda ornaşdyrylan ýörite enjamlardyr serişdeler, döwrebap howpsuzlandyryş toplumlary, olaryň aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi, bu ýerde döredilen şertler ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar, programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Harby gullukçylar döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ýatakhanada harby gullukçylaryň dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Şeýle-de onda harby gullukçylara degişli durmuş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, gündelik we möwsümleýin harby lybaslary saklamak üçin döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe otaglar bar. Şunuň bilen bir hatarda, beýleki goşlary saklamaga niýetlenen aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş bilen bagly degişli zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berip, olary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.

“Galkynyş” otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylara boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge, bilimlerini artdyrmaga ýardam eder. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde sport otagyna hem baryp gördi. Otagda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi.

Naharhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi harby gullukçylary talabalaýyk we ýokumly iýmitlendirmekde amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerde azyk önümlerini kada laýyk saklamak üçin ýörite otaglaryň, hususan-da, ammarlaryň, sowadyjylaryň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirýär.

Çagyryş boýunça harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra sport meýdançasynda harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady.

Sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylaryň hem sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda toplumda döredilen futbol, woleýbol, basketbol we ylgaw meýdançalary harby gullukçylaryň saglygyny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişini synlady. Milli goşunymyzyň binýadyna harby ylmyň, tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy goranyş maksatly Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny, serhetlerimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmäge, Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny birkemsiz berjaý etmeklerine ýardam berýär. Meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynda hereket edýän harby tehnikalar hem guryýer goşunlaryny suw päsgelçiliklerinden geçirmäge ýöriteleşendir. Şeýle döwrebap tehnikalardyr enjamlar milli Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyryp, ony kämil hem-de kuwwatly goşuna öwürýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen, her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Giň we ýagty otaglar täze jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär. Döwrebap jaýlarda ähli zerur şertleriň döredilmegi harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň mysalydyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Şeýle hem toplumda körpeler üçin niýetlenen oýun meýdançasy bar. Şunuň bilen bir hatarda, sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglygyny berkitmeklerini, wagty peýdaly geçirmeklerini üpjün eder. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän bu ýaşaýyş jaýlary harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen bagly işleriň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Toplumda hereket edýän söwda nokadynda azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Munuň özi ilaty azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýär. Toplumyň çägindäki häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezi harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de mundan beýläk-de harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçynyň çagalarynyň okuwlary bilen gyzyklandy. Şeýle-de ýaşaýyş jaýynyň otaglary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi hem-de täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy.

Harby gullukçynyň maşgala agzalary ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby gullukçy hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly bolup, ýurda ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumyny açyp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

26.01.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribeler öwrenilip, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklarynyň guralandygy, şunuň bilen birlikde, olaryň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna, beýleki çärelere gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işi barada özara tejribe alşandyklary hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan” hem-de şu ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem eksport ugurly, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.

Amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň kesgitlenilendigini belledi. Özleşdirilmegi göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberleri beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, munuň ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýändigi bilen baglylykda, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda zerur işler geçirilýär. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli baglaryň, çöl ösümlikleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara talabalaýyk ideg etmek, baglardyr çöl ösümlikleriniň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini talabalaýyk geçirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmenturba” zawodynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek we ony tehnologik kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen, önümçilikde zerur bolan enjamlar, himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan birnäçe çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan düzülen konsertiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi hem-de wise-premýere fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary, professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzyň halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamyna girýän halkara düzümlerdir edaralar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen köptaraplaýyn konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmeti üpjün etmek we zähmet gatnaşyklarynda ähli taraplaryň hukuklaryny goramak ugrunda degişli işleri geçirýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Onuň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi bu «Ýol kartasynyň» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyny hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip edýär.

“Ýol kartasynyň” çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, resminamada milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak bilen bagly döwlet edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işler alnyp barlar. Mundan başga-da, has giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýadyny döretmek meýilleşdirilýär.

Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasaty we amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleridir bilermenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäde sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde emeli aňy ösdürmek boýunça milli çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamagyň, emeli aňyň subýektleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň, şol sanda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitlemegiň, emeli aň tehnologiýalary we önümleri üçin milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamagyň zerur bolup durýandygy bellenildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.01.2026
SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän ykdysady forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forum Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Agza döwletler SPECA-nyň iş gerimini giňeltmegi, ýagny onuň çägine elektron söwda, sanlylaşdyrma, «ýaşyl» ösüş, Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy hem-de Ýewraziýa sebitinde ulag baglanyşygy boýunça taslamalary girizmegi goldaýarlar. Türkmenistan SPECA-nyň 2025-nji ýyldaky başlygy hökmünde harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň halkara işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa durnuklylygy boýunça üç sany Kararnamanyň kabul edilmegi boldy. Türkmenistan SPECA-nyň suw we energetika serişdeleri hem-de daşky gurşaw boýunça iş toparynyň işini energetika babatda birnäçe ugurlara gönükdirmegi teklip edýär. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen soňky 10 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamy boýunça alty sany Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamalar ulag ulgamynda milli Hökümetleriň, şeýle hem ählumumy we sebit guramalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze halkara hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak üçin binýady döretdi. Dünýä ykdysadyýetiniň özgerýän şertlerinde durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmegiň, logistika özara baglanyşygyny pugtalandyrmagyň, ygtybarly ulag-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamlaryny guramagyň ähmiýetini nazara almak bilen, uzak möhletli geljege gönükdirilen bilelikdäki anyk ädimleri kesgitlemek we olary yzygiderli durmuşa geçirmek aýratyn möhüm bolup durýar.

Bu ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Ýurdumyzyň SPECA başlyklyk eden döwründe beýleki agza döwletler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara maslahatlaşmak arkaly sebitiň, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly, möhüm durnukly ösüş meselelerini çözmäge gönükdirilen wajyp başlangyçlary öňe sürdi. Ykdysady forum Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna agza döwletleriň bu düzümi parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk üçin giň meýdança öwürmek ugrunda alyp barýan tagallalaryna işjeň goşulýandygyny subut eder. Netijeli häsiýete eýe boljak bu forum dialogy ilerletmek, tagallalary birleşdirmek, strategiýalary işläp taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilmegi üçin iş meýilnamalaryny düzmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem forum SPECA tarapyndan kabul edilen strategik resminamalaryň ýerine ýetirilişini gözden geçirmek, olary has giň gerimde durmuşa geçirmek, aýratyn-da, 2030-njy ýyla çenli SPECA-nyň Ösüş konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly Türkmenistanyň umumy maksatlaryna laýyk gelýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi SPECA hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar Berdimuhamedow.

20.01.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini ýerine ýetirýän Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili R.Akçi öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada giňişleýin maglumat berdiler.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň tutuş çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda güýçli depginde dowam edýär. Hususan-da, Ahalteke atçylyk toplumyna barýan ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek işleri, yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. “Ýol gurluşygynda ösen tejribeleriň ulanylmagyna, ýoluň gönüligine, tekizligine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýoluň yşyklandyryş ulgamynyň döredilmeginde döwrebap usullar ulanylmalydyr. Ýol ýakalarynda ekilýän baglar bu künjegiň ekologik derejesiniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Ýol belgileriniň, ýoluň ýakasynda oturdylýan granit daşlarynyň, ýanýodalaryň häzirki zaman talaplaryna, halkara ülňülere doly laýyk gelmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagy hem-de kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunda ýol ýakalarynda ekilýän baglara yzygiderli ideg edilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, sil akabalarynyň üstünden gurulýan köprüleriň berkligine, uzak möhletleýinligine, olaryň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Şeýle hem toplumyň binalarynyň içinde ýerleşdiriljek bedewleriň heýkelleriniň görnüşleri, otaglaryň bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän surat eserleri görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň, otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine ýetirilende, reňkleriň sazlaşygyna uly üns berilmelidigini aýtdy hem-de görkezilen heýkelleri we surat eserlerini synlap, olaryň arasyndan bezeg serişdeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýänlerini saýlap almagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri ynanylan kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we toplumyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän at heýkelleriniň görnüşleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda ýurdumyzyň degişli düzümleriniň wekilleri bilen utgaşykly işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz bedew heýkelleri we toplumyň binalarynyň bezeginde ulanyljak serişdeler bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Ýerine ýetirilýän işlerde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlere bolan ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde şanly senäniň meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürläp, döwlet Baştutanymyzyň meýilnamany tassyklan halatynda, toý-dabaralary şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, merdana pederlerimiziň, hünärine yhlas edýän seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. “Häzirki döwürde dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerini saklaýan we ösdürip ýetişdirýän jemgyýetleriň, merkezleriň sany az däl. Ýöne iň arassa ganly bedewler ahalteke atlarynyň asyl mekany bolan türkmen topragynda bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Munuň şeýle bolmagynda sahawatly türkmen topragynyň we zähmetsöýer halkymyzyň milli ruhunyň täsirine aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlary, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär. “Döwrebap atçylyk toplumlaryny netijeli ulanmak möhüm wezipedir. Bu bolsa türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna belent sarpa goýulýandygyny, halkymyzyň bilelikdäki tagallalary bilen ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar. Munuň özi halk bilen döwletiň bitewüliginiň aýdyň nyşanydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda hem bir bitewi sazlaşyk bolmalydyr. Şeýle hem toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi bu künjegiň ekologik derejesiniň ýokarlanmagynda, ahalteke bedewleri üçin amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde ähmiýetlidir. Şonuň üçin ekilen baglara, döredilýän gök zolaklara ideg işleri yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

19.01.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol Mejlis tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, saýlawlary şu ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurdumyzyň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy nebit önümlerini kabul etmekde, saklamakda hem-de sarp edijilere demir ýol we deňiz ýollary arkaly ibermekde esasy düzüm birligi bolup hyzmat edýär. Bu kärhananyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy öndürilýän nebit önümleriniň ygtybarly kabul edilmegini, saklanmagyny, ýüklenmegini hem-de daşalmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek, öndürilýän nebit önümlerini sarp edijilere ygtybarly ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini agrotehniki kadalara laýyklykda mineral dökünler bilen üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin konserniň kärhanalarynda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunlukda, oba hojalykçylar mineral dökünler bilen doly üpjün edilip, bu önümleriň artýan bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmekde himiýa pudagynyň uly ornuny belledi we “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda häzirki wagtda milli toparlar döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap guramak, maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, syýahatçylygy ösdürmek, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Medeniýet ugurly bilim edaralarynyň okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilip, bilim işini guramagyň usullary häzirki zaman şertlerinden ugur alnyp ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak, muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda-da zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmäge, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda elektron kitaplaryň web saýty döredilip, onda dürli neşir önümleriniň elektron nusgalary we audio kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de teatrlarda we sirklerde şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli täze sahna oýunlarynyň hem-de tomaşalarynyň ilkinji görkezilişlerini guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini döwrebap guramagyň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere ulgamyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Olaryň netijesinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol çekdi we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli resmi saparlar, iri halkara forumlar, döwlet we Hökümet derejesinde köptaraplaýyn duşuşyklar guralýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan daşary ýurtlarda geçirilýän şeýle çärelere işjeň gatnaşýar. Bularyň ählisi halkara standartlara, diplomatik protokol tejribesine laýyk gelýän ýokary derejeli guramaçylyk we protokol üpjünçiligini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri “Diplomatik gulluk hakynda”, “Döwlet protokoly hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda protokol işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.

Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň ýaş işgärleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde hereket edýän «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri teklip edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň protokol gullugy işgärlerini özara tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlarda guralýan okuwlara ibermek, şonuň ýaly-da, bu ugurdaky hünärmenleri gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin ýurdumyza çagyrmak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara ulag geçelgelerindäki ornuny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyny ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl

Medeniýet ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär, Watanymyz batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenildi. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmaga ýardam berýär. Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki abraýy barha belende göterilýär.

Medeniýet ulgamy diňe bir jemgyýetimiziň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, demokratik özgertmeler, durmuş-ykdysady ösüş ýolunda Türkmenistanyň mundan beýläk-de öňe gitmegi babatda ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklary aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýär.

2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz milli medeni we edebi mirasymyzy düýpli öwrenmek, halkymyzyň gadymy mirasyny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunda kitaphana we muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmak, çagalar sungat hem-de çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak we kämilleşdirmek, döwrebap, many-mazmunly täze çeper, dokumental filmleri yzygiderli surata düşürmek zerurdyr. Şeýle hem mejlisde taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin işleri alyp barmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň, döredijilik bäsleşiklerini, sergileri, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny yzygiderli guramagyň wajypdygyna üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilip, medeniýet ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Kitaphana, muzeý we arhiw işi, medeni gymmatlyklary döretmek, gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek, daşary ýurtlara alyp gitmek we getirmek, maglumat çeşmelerini, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Bitarap Watanymyz ähli döwletler, hususan-da, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostlukly dialogy giňeltmegi dowam etdirmek bilen, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýar. Medeni diplomatiýa özara düşünişmegi berkitmek, milli bähbitleri öňe sürmek, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak ýaly daşary syýasy maksatlara ýetmekde möhüm orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama 86 ýurduň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edildi. Bu waka ýurdumyzyň BMG-niň jogapkärli strategik hyzmatdaşy hökmünde häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler — ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, dürli döredijilik çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany ýylyň-ýylyna artdyrylýar, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Milli we halkara derejede döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, olaryň tejribe toplamaklary, öz mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin netijeli meýdançany döredýär.

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, 19-20-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylary, sazandalar gatnaşdylar. 29-30-njy maýda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly geçirildi. Ol döredijiligiň we dostlugyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Festiwalda ýurdumyzyň ýaş zehinleri öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdylar.

Döwletimiz tarapyndan halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garalan 2025-nji ýyl BMG-niň döredilmeginiň şanly 80 ýyllygyna hem gabat geldi. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde alyp barýan işleri bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi, çagalygy goramak, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini doly açmagy üçin zerur şertleri döretmek ýaly maksatlar bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan bu meselelerde ynsanperwer ugurly düzümler bolan ÝUNESKO, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy ýaly guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Halkymyzyň milli mirasyny aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşan goşandyny giňden wagyz etmäge, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan dialogy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. 2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boldy. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Onuň mejlislerinde, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlarda, sanly ulgam arkaly duşuşyklarda milli toparyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň 15-nji fewralda geçirilen mejlisinde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy, onuň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri baradaky maglumatlar diňlenildi. Mejlisde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynda, Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň aralygynda ýerleşýän ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Çykyş edenler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestriniň çap edilendigini bellediler.

17-nji oktýabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde toparyň 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri baradaky maglumatlar diňlenildi. ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologiýa ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.

Geçen ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri işjeň ösýän bileleşikler bolup durýar. Ol şäherlerde okatmak işi mekdeplerde, iş ýerlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde, jemgyýetçilik giňişliklerinde gündelik durmuş ulgamyna girizilendir. Bu şäherler ähli ýaşdaky raýatlara zähmet bazarynda üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär, telekeçiligiň ösdürilmegini goldaýar, emeli aňyň ösýän döwründe işlemek üçin başarnyklary emele getirýär hem-de durnukly ösüşe goşant goşýar.

16-njy dekabrda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlara döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasyny saklaýjylar we ýurdumyzyň iri ylmy merkezleri hasaplanýan muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, häzirki döwürdäki ägirt uly gazananlary baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, 2025-nji ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri geçirildi. Bu işleriň netijesinde at heýkeljiginiň, toýun gaplaryň, metal merduwanyň, peýkam ujunyň, iş gurallarynyň, keramiki gabyň, kümüş teňňäniň we beýlekileriň tapylmagy ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde ylmyň, medeniýetiň ösmegi bilen birlikde, hünärmentçilikde, senetçilik önümçiliginde, söwda gatnaşyklarynda hem uly ösüşleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine ýurdumyzyň çäklerinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi.

Sebitde iri parahatçylyk dörediji hem-de medeni merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezip, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly üýtgewsiz gymmatlyklary alamatlandyrýan dürli çäreler — festiwallar, sergiler, konsertler, kinofilmleriň görkezilişi, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. 4 — 6-njy iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly dostlukly halklaryň umumy taryhy-medeni, ruhy däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maý aýynda paýtagtymyzda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, 13 — 15-nji oktýabrda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleri, 21 — 24-nji oktýabr aralygynda bolsa gadymy Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi.

Medeniýetde, sungatda, edebiýatda gazanylan uly üstünlikleri bütin dünýäde wagyz etmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler medeniýet işgärlerini ruhlandyryp, olary täze, has kämil eserleri döretmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge höweslendirýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi dünýä medeniýetiniň hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň köpdürlüligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi her ýyl Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini açyp görkezýär. Medeni forumyň maksady türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

22 — 27-nji iýunda Ahal welaýatynda geçirilen, ýatda galyjy pursatlara baý bolan köp sanly çäreler — şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri, opera we teatr sahna oýunlarynyň, täze filmleriň görkezilişleri, edebi, aýdym-saz agşamlary, ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň konsertleri, maslahatlardyr duşuşyklar milli ruha beslenendigi, özüne çekijiligi, mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesini aýdyň görkezdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragyny sarpalamak dabarasy bilen utgaşandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik çäresi türkmen halkynyň beýik oglunyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan ýadygärligine gül goýmak dabarasy hem-de sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

29-njy iýunda Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat “akylly” şäheriň iki ýyllygyna bagyşlanyp guraldy.

Awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleri ýaýbaňlandyryldy.

20-nji awgustda ýurdumyzda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda bäsleşigiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň, 6-njy we 7-nji sentýabrda, degişlilikde, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, dekabrda bolsa «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyrlary geçirildi.

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününe hem-de eziz Diýarymyzyň döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda ýeten belent sepgitlerine bagyşlanyp, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11-12-nji dekabrda parahatçylyk we ynanyşmak forumy, maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konsertleri, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýlerinde», Bitaraplyk binasynyň öňünde baýramçylyk dabaralary guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen guralan döredijilik çäreleri milli medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berýän halkymyzyň ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, 2025-nji ýylda tutuş ýurdumyzda medeniýet ulgamy boýunça geçirilen çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

(TDH)

15.01.2026