Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn dost-doganlyk döwletleriň biridigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň barşynda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleri ýygy-ýygydan özara saparlary amala aşyrýarlar. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda maslahatlaşmalar, gepleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň martynda Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň çäklerinde gepleşikler geçirildi we ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, döredilen mümkinçilikler üçin türk Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.