Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.

 Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, hoşniýetli gutlaglar üçin oňa minnetdarlyk bildirdi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ählumumy gyzyklanmalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Taraplaryň gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryny hem-de ugurlaryny gözlemäge, şeýle-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly, netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň resmi taýdan açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini we onuň täze mazmun easynda üstüniň ýetirilýändigini nygtady. 

                                                                   

Häzirki döwürde ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän ugurlaryň ählisinde, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň duşuşyklaryň we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň çäklerinde netijeli ösdürilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi sebitara derejede, şol sanda “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogy boýunça hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Türkmenistanda kanunçylygy, bilim ulgamyny, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, oba we suw hojalygyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi boýunça halkara Konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de beýlekiler üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Şunda bu gatnaşyklaryň özara düşünişmek we uzak möhletleýin gyzyklanmalara laýyk gelýän esasda mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin zerur binýat bolup durýandygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berilýändigini ýene-de bir ýola nygtap, taraplaryň hyzmatdaşlygyň geljekde-de berkidilmegine we ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryna kanagatlanma bildirdi.

05.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda gowaça ekişini agrotehniki möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli oba hojalyk işleriniň geçirilişi, bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň, ösüş suwuny tutmagyň alnyp barlyşy, maýsalary zyýankeşlerden goramak we keselleriň öňüni almak, olara garşy göreş çärelerini guramak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Sebitde ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler talabalaýyk alnyp barylýar. Ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek ugrunda degişli çäreler görülýär. 

                                                                   

Hasabatda Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda halkymyzyň rysgal-berekedi hasaplanýan bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ak ekinlere ideg etmek maksady bilen, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, onuň zyýankeşleriniň öňüni almak boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň iň jogapkärli möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belledi we onda ulanyljak kuwwatly kombaýnlary, galla daşaýjy awtoulaglary, beýleki zerur enjamlary, hasyly kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy görülýän çäreler talabalaýyk alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Pile öndürmek möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy aýdylyp, bu babatda häkime degişli tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň haýal depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Häkim ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatyň merkezi Änew şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidi we onuň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmagyň sogap işleriň biridigini nygtamak bilen, bu teklibi makullady hem-de halkyň islegine görä bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde gowaça ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli agrotehniki işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini bildirilýän talaplara laýyk geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almak, olara garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de hasabatda ýüpek gurçugyna ideg edilişi barada aýdyldy. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki oba hojalyk möwsüminde gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň möhüm talap bolup durýandygyny nygtap, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Ekinler zerur möçberde suw hem-de dökün bilen üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatda bugdaýa ideg edilişiniň depginini has-da güýçlendirmegi talap edip, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, bugdaý meýdanlarynda zyýankeşleriň, keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň guralyşy ýokary derejede alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda hem galla oragy möwsümine taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny aýdyp, kombaýnlary we ugurdaş tehnikalary abatlamagyň, harmanhanalary hasyly kabul etmäge taýýarlamagyň möhümdigi barada degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin ähli tagallalaryň gaýgyrylmaly däldigi nygtalyp, birnäçe görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçugyna ideg edilişine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bildirilýän talabalaýyk gelmegini üpjün etmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi berk talap etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň bellenen möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra häkim ilatyň isleglerini nazara alyp, welaýatyň Hazar şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz metjit we onuň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmak baradaky teklibi makullap, bu ugurdaky işleri halkyň islegine görä ýerine ýetirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak üçin işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilýändigi, ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň geçirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşy barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Ekinler zerur möçberde suw hem-de dökün bilen üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Halkymyzyň saçagynyň berekedi bolan bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegi, ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň, keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň guralyşy üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň möhüm möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belläp, onda ulanyljak kuwwatly kombaýnlary, galla daşaýjy awtoulaglary, beýleki zerur enjamlary hem-de hasyly kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Welaýatda ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşyna üns bermegiň zerurdygy bellenilip, gymmatly çig mal hasaplanýan piläniň öz wagtynda tabşyrylyp başlanylmagynyň üpjün edilmelidigi barada görkezme berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy berk talap etdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde hem-de şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, häkime käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Häkim ilatyň isleglerini nazara alyp, welaýatyň Ruhubelent etrabynda metjit hem-de onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ruhubelent etrabynda metjit we sadaka jaýyny gurmak baradaky teklibi goldap, bu ugurdaky işleri halkyň islegine görä amala aşyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli işleriň talabalaýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleri bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Mundan başga-da, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek, bu zerur önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek üçin maksatnamalaýyn işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleri guramaçylykly dowam edýär. 

                                                                   

Hasabatda Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirip, bol hasyl almagyň möhüm şertidir. Ekinler suw we dökün bilen zerur möçberde üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişine, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga, olara garşy göreş çäreleriniň guralyşyna uly üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz galla oragyna taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belledi. Kombaýnlar we orak möwsüminde ulanyljak beýleki tehnikalar doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilmelidir, hasyly kabul etjek ammarlar taýýarlanylmalydyr. 

                                                                   

Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmegiň, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmegiň hem ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygy barada görkezme berdi. Ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşy hem yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Häkim ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatyň Döwletli etrabynda metjidiň we onuň ýanynda sadaka berilýän binanyň gurulmagy baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz metjit we onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurmak baradaky teklibi makullap, bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde gowaça ekişiniň alnyp barlyşy, gögeriş alnan meýdanlarda gowaçalara ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ak ekinlerde zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga garşy göreş çärelerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin degişli işler geçirilýär. Şu günler ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleri hem bellenen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, hasabatda Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada aýdyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň geçirilişini, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Ekinler doly möçberde zerur bolan suw we dökün bilen üpjün edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz saçaklarymyzyň berekedi bolan bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýykda geçirilişini, bugdaýyň zyýankeşleriniň, keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň guralyşyny degişli derejede üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda hem galla oragy möwsümine taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny aýdyp, kombaýnlary we ugurdaş tehnikalary abatlamagyň, harmanhanalary hasyly kabul etmäge taýýarlamagyň möhümdigi barada degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmegiň, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmegiň möhüm talapdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilişi we pile öndürmek işleriniň guralyşy üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Häkim ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz metjit we onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky teklibi makullap, bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Gowaça ekişini gysga möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, işler bellenen tertibe laýyklykda dowam edýär. Welaýatlaryň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. 

                                                                   

 Bugdaýly meýdanlarda ak ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berildi. Hasabatyň çäklerinde sebitlerde ýüpek gurçugyna ideg edilişine we piläniň öndürilmegine degişli alnyp barylýan işler baradaky meselä üns çekilip, şu günler ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda pileçi-kärendeçileriň pile tabşyryp başlandyklary barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz boýunça gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekip, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny, ekinleri zyýankeşlerden, kesellerden goramak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda bugdaýa ideg edilişiniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini hem nygtady. 

                                                                   

Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabyny halkymyza sowgat bermegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we milli Liderimizi tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady we öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.05.2022
Halkymyzyň ýaşaýşy we dynç alşy üçin iň gowy şertleri döretmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 2-nji maý (TDH). Şu gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp bolýar. 

                                                                   

Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk meýillerini özünde jemleýän bu merkeziň geçen ýyl şanly senäniň öň ýanynda — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, şol sanda söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, asylly däbe öwrülen Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary hilli dynç alyş şertlerini üpjün etmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aňladýar. Bu gün Aşgabat sazlaşykly ösýän şäherleriň biri hökmünde giňden tanalyp, dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, türkmenistanlylaryň amatly ýaşamaklary, zähmet çekmekleri we göwnejaý dynç almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary, döwrebap bilim almaklary, söwda, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp nusgasydyr. 

                                                                   

Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän merkez şäheriň Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen desgalar bilen sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr. Dükanlaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdylanda, onda milli äheňlere möhüm ähmiýet berilýär, olaryň bezegi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz toplumyň çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy. Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Tölegler nagt hem-de nagt däl görnüşde, bank kartlary arkaly amala aşyrylýar. Dükanlarda dürli, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Bu bolsa ilatyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhümdir. 

                                                                   

 Toplumyň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmegi onuň ýokary tehnologik derejesini görkezýär. 

                                                                   

Merkeziň ikinji gatynda özboluşly görnüşde gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy toplumyň bezeg aýratynlyklary bilen utgaşýar. Häzirki zaman bezeginiň täze ugry bolan bu usul adamlara ýakymly täsir edýär. Ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Bu ýerde uly dynç alyş we güýmenje bölümi hem ýerleşýär. Onuň düzümine körpeler we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen oýun zolaklary girýär. Attraksionlaryň we oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi haýran galdyrýar. Çagalar olarda uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumyň oýunlar ulgamynda örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar bar. Şolaryň häzirki zamanyň täzeçil usullary, sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy çagalaryň hem, uly ýaşlylaryň hem ünsüni özüne çekýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bu ýerde döredilen güýmenje merkeziniň dürli bölümlerinde uly şatlyk bilen oýnadylar. Häzirki zaman ylmynyň we durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, döwrüň ösen tejribesi esasynda hereket edýän güýmenje merkeziniň her bir enjamy çagalaryň ukyplaryny, aň-düşünjelerini ösdürmekde ähmiýetlidir. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, sazlaşykly ösmegi hem-de şadyýan dynç almagy üçin döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Merkezde filmlere tomaşa etmek üçin kinoteatr, billiard we bouling meýdançalary bar. Umuman, bu ýerde çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar. Bu görnüşler Diýarymyzda körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, onuň hil derejesini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz agtyklary bilen bilelikde toplumyň çaýhanasyna geldi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hem hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýjülikleri satyn alyp bilýärler. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz agtyklary bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwlary, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy. Süýji nygmatlar bilen çaý içýän çagalar okuwlary, aýratyn höwes edýän ugurlary barada atasyna gürrüň berdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň jogaplaryndan hoşal bolup, olaryň gyzyklanmalaryna, höweslerine guwandy.  

                                                                   

Bu gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden myhmansöýerlik däpleri täze öwüşgine eýe bolup, hyzmat hem-de söwda ulgamyndaky innowasiýalary özünde jemleýär. Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezinde işewürligi, söwdany, dynç alşy utgaşdyrmaga ýardam berýän amatly mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

                                                                   

 Soňra Gahryman Arkadagymyz merkezde hödürlenilýän hyzmatlar üçin minnetdarlyk bildirip, agtyklary bilen bu ýerden ugrady.

03.05.2022
Özgertmeleriň ýoly bilen

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagy bu syýasatyň binýatlaýyn ugurlarydyr. 

                                                                   

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň — güýzlük bugdaýa idegiň hem-de gowaça ekişiniň öz möhletinde we talabalaýyk geçirilmeginiň, meýdanlardaky oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň, biokärhanalarda bioönümleriň öndürilişiniň depginlerini güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmeginiň, pileçi-kärendeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň öz möhletinde we ýokary hilli geçirilmegi bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň hemişe gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigi aýdyldy. 

                                                                   

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenheni kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi, şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşdylar. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň BMG-niň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyk arkaly üstüniň ýetirilýändigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan özüniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýän, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina hut şu maksatlara kybap gelýär. Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. 

                                                                   

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz 40 gektardan gowrak meýdany eýeleýän toplumyň abadanlaşdyrylyşy, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, awtoduralgalaryň taslamalary, toplumyň bezeg görnüşleri bilen tanyşdy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärlik heýkeliniň 25 metrlik binýadyna alyp barýan basgançaklaryň oňaýlylygyna baha berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşi hem-de görkezilen çyzgylar bilen tanşyp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly, Pyragynyň tutuş ösen adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurluşykda diňe ýokary hilli, ýerli tebigy we howa şertleriniň täsirine durnukly, berk serişdeleriň ulanylmalydygyny, bina edilýän desgalaryň bezeginde halkymyzyň milliligine mahsus özboluşly reňk öwüşginlerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde bina edilýän desgalaryň ählisiniň Köpetdagyň täsin tebigy etekleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirmelidigi aýratyn nygtaldy. Tokaý zolaklary döredilende, ýerli toprak-howa şertlerine çalt uýgunlaşjak, Aşgabadyň bu täsin tebigy künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etjek bag nahallary saýlanyp alynmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmek, şeýle-de halkara we medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, şu ýylda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanyp açylmagy 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň we filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüler. 

                                                                   

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze şäherde gurulmagy göz öňünde tutulan söwda dükanlarynyň we ilata hyzmat ediş öýleriniň taslamalary, şeýle-de ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy we çyzgylary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, olaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik talaplara gabat gelýändigi, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň bu ýerde geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde täze şäheriň gurluşygynyň barşy we tamamlanmagy, gurluşyk işleriniň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Sebitde iň irileriň biri bolan we ägirt uly ähmiýetli bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şäher düzümi durmuş hem-de beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle-de ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar. 

                                                                   

Täze edara ediş merkezinde sanly ulgam hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylar. “Akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «akylly» öý ulgamynyň tehniki tabşyrygy taýýarlanyp, elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam arkaly geçirmäge üçin niýetlenen enjamlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Desgalaryň gurluşygyny hususy kärhanalar — ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary alyp barýarlar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurluşyk işleriniň taslama laýyklykda alnyp barlyşyna, hiline, şeýle-de “Ýurdumyzda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýan desgalarda ýiti ýokanç kesellerine garşy öňüni alyş çärelerini guramagyň Tertibiniň” talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik ýola goýuldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline we gurluşyklaryň möhletleriniň öz wagtynda berjaý edilmeýändigine nägilelik bildirip, gurluşygyň depginini güýçlendirmegi, olary bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmagy berk talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze şäheriň köp sanly desgalarynda zähmet çekýän gurluşykçylaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň döwletimiz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Aýry-aýry desgalaryň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamak maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gözegçiliginde goşmaça işçi güýjüni çekmek, hünärmenleriň sanyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi sanly ulgamly täze şäherdir. Şoňa görä-de, bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmek, bu işe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny çekmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi. Onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry diňe bir şäheri abadanlaşdyrmagy we ilaty göçürip getirmegi däl, eýsem, birnäçe guramaçylyk meseleleriniň çözülmegini hem göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlamagyň guramaçylyk meselelerini çözmek we bu işleri utgaşdyrmak üçin Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini döretmek baradaky Permana, täze döwrebap şäheriň häkimligini döretmek baradaky Karara gol çekdi, şeýle-de bu düzümlere ýolbaşçylary belledi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. 

                                                                   

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy. 

                                                                   

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy täze kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Geçen hepdede medeniýet toplumynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň guramagynda hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. 

                                                                   

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine hem garaldy. Milli kanunçylygy, ulag-aragatnaşyk toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bölünip berlen maýa goýumlary özleşdirmek, ilatyň azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak şol meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Yslam Ösüş bankyndan bankyň umumy maýasynyň artmagyna ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklibe garap, YÖB-niň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmagyň Türkmenistanda, hususan-da, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda nyrh emele getirmegiň we hasaplaşyk ulgamlarynyň kadalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy we munuň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň gurulmagyna, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýdyp, bir hepdäniň içinde paýtagtymyzdaky jemgyýetçilik awtoulaglarynyň ýaramaz işleýşini düzetmegi, köp ýerlerdäki dürli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda, seýilgählerde abatlaýyş işlerini geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny belläp, Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagy baradaky hödürlenen teklibi makullady. Hormatly Prezidentimiz öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmalydygyny nygtady hem-de munuň üçin dokma kärhanalarynyň öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belledi. 

                                                                   

Şeýle hem şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasynyň, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hökümetiň mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemlerine hem garaldy. Milli toparyň mejlisiniň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, bu düzümiň işini kämilleşdirmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri güýçlendirmek üçin toparyň internet saýtyny döretmek teklip edildi. Bu internet saýty arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitler we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Bu toparyň Sekretariatynyň işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň hem-de toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle hem 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edildi. Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini geçirmek teklip edildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnamany taýýarlamak boýunça hem işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Olary şu ýylyň maý aýynda ýola goýmak teklip edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni-mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri geçirmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnamany, ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklady hem-de “Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. 

                                                                   

Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda eýýäm köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynda tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak we artdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýetiň ýörelgelerini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan paýtagtymyzda badalga berlen ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Bitarap Türkmenistan daşary syýasatynda ekologiýa diplomatiýasyny esasy ugurlaryň biri hökmünde öňe sürmek bilen, bu ulgamda abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlykda işjeň we jogapkärli orny eýeleýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ady agzalan başlangyjyny durmuşa geçirmekde goşan goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Watanymyzyň Milletler Bileleşigi bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň beýany boldy. Halkymyzyň döredijilik kuwwaty esasynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek şol özgertmeleriň baş maksadydyr. 

                                                                                                           

(TDH)

03.05.2022
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza baýramyna bagyşlanan köpöwüşginli çäreleriň mähriban halkymyzyň kalbynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. 

                                                                   

Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Oraza baýramynyň mazmunynda we dessurlarynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de mynasyp dowam etdirilýän belent ynsanperwer ýörelgelerimiz, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenendir. Şoňa görä-de, Oraza baýramy agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. 

                                                                   

Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň birligine uýýan, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes ýörelgä öwren türkmen halky asylly işleriň, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň gijesi bolan mübärek Gadyr gijesine uly hormat goýýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýynda parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp agyz beklendi, Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde tagat-ybadatlar berjaý edildi. Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, juma we tarawa namazlary okalyp, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, rysgal-berekediniň artmagy, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin aýat-töwirler, alkyş-dilegler edildi. Öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek ýaly nesilleri birleşdirýän we jebisleşdirýän asylly ýörelgelerimizden ugur alnyp, eziz Watanymyzyň ösmegine, parahat, abadan durmuşynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň ýagty ýadygärligine hormat goýuldy. 

                                                                   

Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde, döwrebap obalarymyzda Oraza baýramy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilýär. Her bir maşgalada ýagşy arzuwlar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belentligini hem-de öçmejek şan-şöhratyny dabaralandyrýan bu wakalar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar, nesillerde ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýeleýär, üstünliklere, rowaçlyklara ruhlandyrýar. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Adamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri, dini ygtykatlary jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän milli baýlygymyzdyr. Göwünleri, kalplary, ýürekleri ýakynlaşdyrýan, döredijilikli işlere ruhlandyrýan, jemgyýetimizde, maşgalada, her bir şahsyýetde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny terbiýeleýän bu egsilmez milli baýlygymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň dostlugyny berkitmekde, adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmekde örän uly ähmiýeti bardyr. Şu nukdaýnazardan, döwlet syýasatynda beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn orun beren ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, dini, dünýewi ygtykatlaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly Garaşsyz Watanymyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. 

                                                                   

Mähriban halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna, yhlasly, tutanýerli zähmetine, manyly ömrüni beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna bagyş eden merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerine daýanyp, täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň, aýynyň hem-de ýylynyň bagtyýarlyga, rysgal-berekede, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere, üstünliklere beslenmegine, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir. 

                                                                   

 Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, okalan aýat-töwirler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler, arzuw-umytlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! 

                                                                   

 Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

02.05.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy täze kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy täze eseriniň neşir edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şeýle kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Mejlis ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenleri we wekilleri bilen bilelikde “Notariat we notarial işi hakynda”, “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda”, “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” hem-de kanunçylygy we hukuk düzgünini pugtalandyrmaga, durmuş taýdan goraglylygy üpjün etmäge degişli kanunlary taýýarlamak boýunça işleri dowam edýär. Halkara we parlamentara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Mejlisiň wekilleri sanly ulgam arkaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine bagyşlanan maslahatlaryň hem-de duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de Adalat ministrligi bilen “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwletimizde ileri tutulýan meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary döwletimiziň gazananlaryny, täze taryhy döwürde ýurdumyzy depginli ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de milli kanunçylygymyzyň many-mazmunyny halkymyza giňden ýetirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, sagdyn durmuş ýörelgesi, milli däpleri aýawly saklamak ruhunda terbiýelemek babatda işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň ünsüni degişli meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine çekdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabryndaky degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda döredilen Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi. 

                                                                   

Bu resminama “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň talaplaryna laýyklykda hem-de ýurdumyzyň halkara şertnamalardan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen taýýarlanyldy. Düzgünnamanyň taslamasynda gullugyň wezipeleri, borçlary, hukuklary, ýerine ýetirmeli anyk işleri kesgitlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň garşysyna hereket etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ugurdaş halkara guramalarda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ugur almak bilen baglylykda, bu düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de gullugyň üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryň takyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna amatly şertlerde maýa goýumlary we karzlary çekmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Yslam Ösüş bankyndan onuň umumy maýasynyň artmagyna ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. 

                                                                   

Yslam Ösüş banky ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu bank bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Onuň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmak Türkmenistanda, hususan-da, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýakyn ýyllarda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerine hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna ýakyn iki ýylda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin maliýe goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

“Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgazly känlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Wise-premýer gaz känleriniň birnäçesinde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli enjamlary satyn almak barada şertnamalary baglaşmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hem aýtdy. 

                                                                   

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda birnäçe meýdançalarda tebigy gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly barlag guýularyny gazmak işleri meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin bölünip berlen maýa goýumlaryň hasabyna zerur enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijeleri, degişli şertnamany baglaşmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze, geljegi uly känleri hem-de gatlaklary ýüze çykarmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak arkaly nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bölünip berlen maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek baradaky meýilnamany bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. 

                                                                   

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan şaly öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary zerur mukdarda ýokary hilli şaly tohumy hem-de şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek, hasyly satyn almak we öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekinlerden hasyl almakda meýdan işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Milli ykdysadyýetimiziň azyk önümçiligine degişli pudagynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmagyň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tehnologiýalary hem-de täzeçil çemeleşmeleri peýdalanmak arkaly meýdanlary şaly ekişine talabalaýyk taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu ýylyň fewralynda döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň düzümine ýol gurluşyk işlerini berjaý edýän ýöriteleşdirilen edara-kärhanalaryň 18-si girdi. 

                                                                   

Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde ýol işleriniň nyrhlary, olary maliýeleşdirmegiň ygtybarlylygyny kesgitlemek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudagara toparyň mejlisinde şu mesele boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň işini kada laýyklykda guramak hem-de ýol işlerini ygtybarly maliýeleşdirmek üçin awtoulag ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we abat saklamak boýunça işleriň täze çenlik ölçeg kadalaryny işläp düzmek teklip edilýär. Şeýle hem agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, bäsleşik esasynda täze tehniki we önümçilik enjamlaryny, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň täze nyrhnamasyny işläp düzmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda nyrh emele getirmegiň we hasaplaşyk ulgamlarynyň kadalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy. Munuň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň gurulmagyna, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýtdy. Paýtagtymyzda jemgyýetçilik awtoulaglary ýaramaz işleýär. Köp ýerlerdäki dürli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli. Seýilgählerde, köçelerde guran baglar hem köp. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bir hepdäniň içinde bu ýagdaýy seljerip, munuň sebäpleri, meseläni nädip çözmelidigi barada hasabat bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden tikin fabrigini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Wise-premýer şu maksat bilen, Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagynyň teklip edilýändigini habar berdi. 

                                                                   

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilmegini ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini belledi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmalydygyny aýtdy. Munuň üçin dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy eýeçiligiň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň muzeýleri, beýleki ugurdaş edaralary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklaryň, muzeý toplamalarynyň özara alşylmagyna ýardam eder. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, muzeýlere bu derejäni bermegiň ähmiýetini belläp, pudaklaýyn edaralaryň çeperçilik-bilim işlerini işjeňleşdirmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekdi we sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. 

                                                                   

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasyny, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli işler dowam edýär. Olara daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere halkara internet olimpiadalarynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de geçirilen işler barada Hökümetiň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işi hakynda hasabat berdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, bu topar BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, 1997-nji ýylda döredildi. 2020-nji ýylda onuň Düzgünnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi hem-de düzümi täzelendi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 23-nji aprelde toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda işleriň möhüm meseleleri we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça toparyň işini kämilleşdirmek hem-de ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri güýçlendirmek üçin toparyň internet saýtyny döretmek teklip edilýär. Saýt arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitleri we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Milli toparyň guramaçylyk işinde onuň Sekretariatyna möhüm orun berilýär. Onuň degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär. Halkara tejribä hem-de ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň talaplaryna laýyklykda, toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda onuň hukuk binýadyny berkitmek baradaky mesele möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu işi dowam etdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edilýär. Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär. Bu babatda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini 30-njy aprelde geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnamany taýýarlamak boýunça hem işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Olary şu ýylyň maý aýynda ýola goýmak teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ynsanperwer ulgam bolup durýandygyny, bu babatda ÝUNESKO bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda däp bolan bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy. Şonuň netijesinde bilim, ylym we medeniýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça köpýyllyk gatnaşyklar kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Türkmenistan BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlykda işjeň orny eýeleýär. Munuň şeýledigine üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn halkara başlangyçlary şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri görmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine degişli anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Ulag-ekspedisiýa işiniň ygtyýarlylandyrylmagy awtomobil, howa we deňiz ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak boýunça işler ýerine ýetirilende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak maksadyndan ugur alýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag toplumynda ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnamany tassyklamak barada Karara gol çekip, sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip hem-de onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Şeýle hem M.Çakyýew aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalarynyň taslamasy döwrüň talaplaryna laýyk getirilip, gaýtadan işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekommunikasiýa hyzmatlaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin dürli maksatly binalara we desgalara aragatnaşyk liniýalarynyň we kabelleriň ulgamlaryny çekmegiň göz öňünde tutulandygyny nygtady. Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň depginli ösmegi netijesinde bu gün şeýle ulgamlaryň özara sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin olary peýdalanmagyň düzgün-tertibine gözegçilik zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen aragatnaşyk ulgamlaryny goramagy dolandyrmak meselelerini çözmegiň ähmiýetini nygtap, hödürlenen teklipleri makullady hem-de bu ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň gurulýan täze edara ediş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

Ahal welaýaty, 28-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. 

                                                                   

 Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda 7 gatly 28 öýli, 56 öýli we 42 öýli, 9 gatly 54 öýli, şeýle-de 5 gatly 30 öýli hem-de 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşdirilmegi teklip edilýän söwda dükanlarynyň, hyzmat ediş öýleriniň taslamalary bar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagynyň we öz wagtynda tabşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, olaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik taýdan talaplara dogry gelýändigi, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat bermek üçin, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory D.Orazowa söz berdi. Ol Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Sebitde iň iri we ägirt uly ähmiýeti bolan bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar. Täze welaýat merkezinde sanly ulgam hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy ornaşdyrylar. 

                                                                   

Welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň hususy kärhanalar — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilýändigini bellemek ýerlikli bolar. 

                                                                   

Direksiýanyň ýolbaşçysy gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek we ony bellenen möhletde tamamlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Gurluşygyň Baş meýilnamasyna laýyklykda, welaýat merkezinde köp sanly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurluşyk işleriniň taslama laýyklykda alnyp barlyşyna, hiline, şeýle hem “Ýurdumyzda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýan desgalarda ýiti ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çärelerini guramagyň Tertibiniň” talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik ýola goýuldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmeýändigine nägilelik bildirip, gurluşygyň depginlerini güýçlendirmegi we olary bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmagy wise-premýerden berk talap etdi. 

                                                                   

Desgalaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Olar ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara, aýratyn-da, milli bezeg aýratynlygyna hem-de berklik, oňaýlylyk talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz täze şäheriň desgalarynyň gurluşygynda işleýän gurluşykçylaryň işi we dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini hem belledi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda bu ýerde köp sanly binalaryň we desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Olaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan welaýat söwda toplumynyň binasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň 132-si, söwda-dynç alyş merkezi, myhmanhanalar, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy bar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatly özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna dürli maksatly binalaryň, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň ynanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň maliýeleşdirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlaryna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli binalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda ulanylýan enjamlary we beýleki serişdeleri satyn almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Wise-premýer ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamyna degişli gurluşyklarda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Hususan-da, merkeziň gurluşygynyň birinji tapgyrynda edara ediş binalarynyň 6-synyň, şol sanda maliýe-ykdysadyýet toplumynyň, Merkezi bankyň, “Daýhanbank”, “Türkmenistan”, “Halkbank”, “Senagat” täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň gurluşyklary dowam edýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryna, jemgyýetçilik guramalaryna degişli gurluşyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň 10-sy bar. Bu ýerde gurulýan lukmançylyk edaralarynyň binalary dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagyny, döredijilikli zähmet çekmegini hem-de göwnejaý dynç almagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Munuň özi täze taryhy eýýamyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň gurluşygynyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap edip, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de bu işe ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we mugallymlaryny çekmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde medeniýet ulgamyna degişli binalaryň, şeýle hem iki sany ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bu ýerde medeniýet toplumynyň edara binasynda, şeýle hem kitaphanada häzirki wagtda tehniki işler alnyp barylýar. Drama teatrynda gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär. Ahal welaýat muzeýinde gymmatlyklaryň sergi bölümleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly degişli işler alnyp barylýar. Gurulýan Çagalar sungat mekdebinde, Ýörite sungat mekdebinde timarlaýyş we inženerçilik ulgamlarynyň gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Ahal atçylyk sirkinde enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olaryň ýörite tehnologik enjamlar we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji-kabul ediji, GPON ulgamlaryny hem-de IP TV ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýedi gatly, 28 öýli hem-de 56 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygy alnyp barylýar.Täze, döwrebap edara ediş merkezinde sanly tehnologiýalary we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly, “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Akylly öý» ulgamynyň tehniki tabşyrygy taýýarlanyp, elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam arkaly geçirmek üçin niýetlenen enjamlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde obasenagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň buýurmalary esasynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, harby gullukçylar üçin ýokary derejeli şertleri üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň welaýat bölümleriniň häzirki zaman binalarynyň 9-synyň, şeýle hem bu düzümleriň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 4-siniň gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy baradaky hasabatlaryň diňlenendigini, täze şäheriň döwletimiz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygyny belledi. Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa, aýry-aýry desgalaryň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamak maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gözegçiliginde goşmaça işçi güýjüni çekmek, hünärmenleriň sanyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şäheriň bezeg işleri bilen bagly hem käbir meseleler barada aýdyp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi sanly ulgamy bolan täze şäherdir. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe we wise-premýer S.Toýlyýewe bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmek, bu işe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, talyplaryny çekmek tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi. Indi onuň gurluşygynyň örän möhüm ikinji tapgyry başlanýar. Bu tapgyrda şäheri abadanlaşdyrmak we ilaty göçürip getirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe guramaçylyk meseleleri çözülmelidir. Munuň özi desgalary kabul edip almakdan, dürli edaralary, şeýle hem şäheriň dolandyryş edaralaryny, ýaşaýjylary göçürip getirmekden we başga-da birnäçe meselelerden ybaratdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurluşygy tamamlamagyň guramaçylyk meselelerini çözmek we bu işleri utgaşdyrmak üçin, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini döretmek barada Karar kabul edildi. Bu komitete D.Orazow ýolbaşçy hökmünde bellenildi. Ol gurluşygyň başlanan gününden bäri bu ýerde Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory wezipesinde işleýär. Döwlet Baştutanymyz oňa işde üstünlik arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň häkimligini döretmek we şäheriň häkimi wezipesine Ş.Durdylyýewi bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenýän edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň öz wagtynda hem-de hil taýdan bildirilýän talaplara doly laýyk gurulmagyna, şol sanda bu binalaryň ýanaşyk ýerleriniň hem abadanlaşdyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Edara binalarynyň ählisiniň, esasan hem, welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de ýangyna garşy göreş gullugynyň binalarynyň zerur enjamlar, sanly tehnologiýalar, iş otaglarynyň zerur serişdeler bilen üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň birnäçe möhüm meselelere garalan we degişli resminamalar kabul edilen giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

 Bu giň möçberli taslama  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berlendigini ýatlatmalydyrys. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar. Şeýlelikde, bu smart-siti — “akylly” şäher hemmeler üçin amatly bolar. 

                                                                   

Bu innowasion taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegleri öz beýanyny tapýar. Şol maksatnamada dünýäniň hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmaga, täsin we özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütlere, milli binagärligiň iň gowy däplerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde adamlaryň abadançylygynyň we sagdynlygynyň möhüm şerti hökmünde ekologik ugra uly ähmiýet berilýär. Täze welaýat merkezinde 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyzyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berildi. Paýtagtymyz bilen birlikde welaýatlaryň şäherleriniň we obalarynyň düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ähli ýerlerde oňyn tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanda durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň esasy ýörelgesidir. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýakyn geljekde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädiminiň aýdyň nyşanyny alamatlandyrýan täze şäher emele geler.

29.04.2022
Aşgabadyň binagärlik taýdan özgerişi Watanymyzyň durmuş-ykdysady rowaçlygynyň beýanydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy 

                                                                   

 Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda bu ýerde — Aşgabadyň günortasyndaky Köpetdagyň ajaýyp tebigatynyň eteklerinde täsin şäher gurşawy döredilip, ol özboluşly taslamalar boýunça gurulýan belent gatly binalary, häzirki zaman ýol-ulag düzümlerini hem-de giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýär. Güneşli Diýarymyzyň baş şäheriniň ösdürilmeginde uzak möhletleýin geljek nazara alnyp durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk syýasatyna aýratyn orun berilýär. 

                                                                   

«Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen türkmen paýtagtynyň barha täzelenýän keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň yzygiderli depgini, onuň köptaraply mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. 

                                                                   

Ak mermerli Aşgabatda täze binagärlik toplumlarynyň hatary barha artýar, adamlaryň abadan durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň baş şäheri öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeltmek bilen, gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýar. Şoňa görä-de, ol köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Şäheriň binalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň ykrarnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Ýer ýüzüniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň köp sanly gözel ýerleriniň hataryna Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem goşular. 

                                                                   

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň ajaýyp söz ussadyna ägirt uly söýgüsiniň nyşany bolan, belentlikden howalanyp görünýän ýadygärligiň ýanyna geldi. Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi paýtagtymyzyň ekologik abadançylygyny, ýaşamak üçin oňaýly şertleri üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Şoňa görä-de, bu täsin künjegi abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek üns merkezinde saklanýar. 

                                                                   

Wise-premýer Ç.Purçekow gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. 

                                                                   

Soňra türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrymyzyň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. 

                                                                   

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän diwar ýazgysynyň görnüşleri hem-de yşyklandyryş ulgamlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň daşky girelgesiniň, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň we awtoduralgalaryň hödürlenen çyzgylary bilen hem ünsli tanyşdy. Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşi, hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, ony abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de toplumyň giň çäkleriniň ýanaşyk ýerleriniň arassaçylygyny saklamaga degişli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gök baglaryň — tuýa, akasiýa, serwi we beýleki saýaly nahallaryň görnüşlerini synlap, bu ýerde bina edilýän desgalaryň ählisiniň Köpetdagyň täsin tebigaty bilen bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. Bu ýerlerde tokaý zolaklary döredilende, howa hem-de tebigy şertleri göz öňünde tutmagyň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyny tamamlap, belentlikde dikilen ýadygärlige tarap ýokarlygyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýokary çykyp barşyna, basgançaklaryň oňaýly we amatly bolmalydygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gurluşykda häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesiniň we täzeçil usullaryň işjeň ulanylmagyna, diňe ýokary hilli, ýerli tebigy hem-de howa şertleriniň täsirine durnukly, berk serişdeleriň ulanylmagyna mundan beýläk-de ýokary derejede üns berilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, bina edilýän desgalaryň bezeginde halkymyzyň milliligine mahsus özboluşly reňk öwüşginlerini giňden ulanmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde dostluga, edermenlige, watansöýüjilige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň iň täze binagärlik çözgütlerini özünde jemlemelidigini belläp, wise-premýere desganyň gurluşygynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, täze medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak we onuň çäklerini bagy-bossanlyga büremek baradaky meselelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde bag nahallarynyň şu ýeriniň howasyna uýgunlaşdyrylan dürli görnüşleri ekilip, olar paýtagtymyzyň ajaýyp tebigy künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, bagy-bossanlyga degişli işleriň alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak tabşyrylyp, bu babatda anyk görkezmeler berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň gerimi boýunça ägirt uly ýadygärliginiň iň ýakynyndaky meýdança galyp, şol ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň eliň aýasyndaky ýaly açylýan ajaýyp görnüşini synlady hem-de soňky ýyllarda ýerine ýetirilen giň gerimli işleri kanagatlanma bilen belledi. Baş şäherimiziň tanalmaz derejede özgeren keşbi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Köpetdagyň eteginde bina edilen belentlikde howalanyp görünýän bu toplum döredijiligine ýüzlerçe ýyllar geçse-de, häzirki wagtda-da tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň ajaýyp zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanyna öwrülip, bagy-bossanlyga beslenmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şular barada aýdyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýyl beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmegiň zerurdygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni çekdi. 

                                                                   

Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly şygyrlary raýatlary halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymgulynyň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň nusgalyk döredijilik mekdebine öwrüldi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde akyldar şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, hormat-sarpasyny belende götermäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dana Pyragyny sarpalamak türkmen edebiýatyny arşa götermekdir, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdyr. Magtymgulynyň çuňňur pelsepä, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir. Beýik zehinleri dünýä beren türkmen halky öz akyldarlaryna, şahyrlaryna buýsanmaga doly haklydyr. 

                                                                   

Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatyň, milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir. Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri häzirki syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. 

                                                                   

Belentlige uzaýan binalar şäheriň bu tebigy künjeginiň aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşyp, ajaýyp gözelligi babatda özüne çekiji görnüşleri döredýär. 

                                                                   

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny gorap saklamak, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini we tehnologiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Köp ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Ol ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegine ýardam edip, sebitde oňyn ekologiýa we howa ýagdaýynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde Aşgabatda we onuň töwereklerinde çäkleri ýyl-ýyldan barha artýan tebigat bilen sazlaşykly ýaşyl tokaý zolaklary döredildi. 

                                                                   

Baglarynyň we bezeg ösümlikleriniň dürli görnüşleri, gök zolaklary hem-de owadan bezeg gülleri bilen begendirýän ajaýyp seýilgähler we seýilbaglar “Seýilgähler şäheri” diýlip mynasyp ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyzyň hakyky bezegi bolup durýar. Şeýle işler, hususan-da, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, giň gerimli çäklerde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar we tokaý zolaklary ýaýylyp gidýär. Olar ata Watanymyzyň tebigy gözelligini has-da artdyryp, ýerli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň goralmagyna, baýlaşmagyna ýardam berýär. Mundan başga-da, ýaşyl guşaklyklar ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozandan we güýçli şemallardan ygtybarly gorap, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär, şeýle-de adamlaryň saglygy üçin oňaýly howa ýagdaýyny döredýär. 

                                                                   

Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, wise-premýere ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çärelere taýýarlyk görlüşine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Heýkel Magtymguly Pyragynyň özüniň nusgalyk şygryýeti ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu ýere ýygnananlara alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

28.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.

 Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Hytaýda dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we HHR-iň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanda Hytaý bilen gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl deňhukukly, uzak möhletleýin, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarly ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň resminamalaryň ägirt uly toplumyny özünde jemleýän şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegi köpugurly mümkinçilikleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. 

                                                                   

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilmegi ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak onuň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Ynsanperwer ulgamdaky, aýratyn-da, bilim, ylym, medeniýet, sport we saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup durýar. HHR-iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen ýaşlary bilim alyp, dürli ugurlar boýunça hünär eýeleri bolýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde hytaý dili bölümleri hereket edýär. 

                                                                   

BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Goranyş häsiýetine eýe bolan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýän Harby doktrina hut şu maksatlara kybap gelýär. Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. 

                                                                   

Şunda Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem türkmen tarapynyň oňyn başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň möhüm şerti bolan Bitaraplyk derejesine çuňňur hormat goýýandygy bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän Türkmenistan ygtybarly we öz borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän, halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan ýurt hökmünde ykrar edildi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe döwrüň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklaryň dünýäde abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

27.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak, olara garşy bioönümleri ulanmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişi, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada aýtdy.  

                                                                   

Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagtaçy-kärendeçileri zerur bolan gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi. Sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, şeýle-de beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Mundan başga-da, ýüpek gurçugyna ideg etmegiň agrotehniki görkezmelere laýyk ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda halkymyzyň rysgal-berekedi hasaplanýan bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinlere ideg etmek maksady bilen, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, onuň zyýankeşleriniň öňüni almak hem-de olara garşy bioönümleri ulanmak boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleri alnyp barlanda, bu işler bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir. 

                                                                   

Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, şeýle hem beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Sebitde pile öndürmek möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerur talapdygyny belläp, birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, saçaklarymyzyň berekedi bolan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ak ekinlere ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşy, dowam edýän gowaça ekişiniň depgini barada hasabat berdi. Häzir sebitde gowaça ekişini bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak üçin hemme zerur çäreler görülýär. Ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça hem bellenen kadalara laýyklykda möhüm işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Ilatyň ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kada esasynda ideg edilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen şertnamalaýyn borçnamany berjaý etmek üçin hemme zerur çäreleriň görlüşi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklary talabalaýyk alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin olara ideg etmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleri alnyp barlanda, bu işleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigi barada tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, kärendeçileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Welaýatda pile öndürmek möwsümi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň zerur talapdygyny belläp, birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleriniň geçirilişi, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy, ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreş çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy, şunuň bilen baglylykda, biokärhanalarda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýerine ýetirilýän möhüm işleriň hatarynda ilaty özümizde öndürilýän zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. Häzirki wagtda ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg edilýär. Hasabatyň dowamynda piläniň öndürilmegi babatda ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy. Ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek maksady bilen, welaýatda pile öndürmek möwsümini hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli derejede geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşy barada-da hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleriň ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmelidigine, gowaça ekişiniň depgininiň has-da güýçlendirilmelidigine we öz wagtynda geçirilmelidigine üns çekildi. Şu işler bilen birlikde, bu möhüm oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak, şol sanda biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işlerini talabalaýyk guramak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, şu ýyl ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

 Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Welaýatda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekine ideg etmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak hem-de olara garşy bioönümleri ulanmak boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişi, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek hem-de onuň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin biokärhanalarda bioönümleri öndürmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem dokma pudagy üçin gymmatly çig mal hasaplanýan ýüpek öndürmek babatdaky meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada aýdyldy. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýdan bol hasyl almak, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmagyň hem-de olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Geljekki bol hasylyň girewi bolan gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletde ýokary hilli geçirmegi üpjün etmek barada aýratyn tabşyryk berildi. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň öňüni almak, olara garşy bioönümleri ulanmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydyr. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek baradaky meseleleriň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, bu ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda degişli idegi üpjün etmek barada görkezme berdi. Welaýatda pile öndürmek möwsümi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek möhümdir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezme berip, ulanmaga berilmegi maksat edinilýän medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sanly ulgam arkaly hasabat bilen çykyş edip, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekine ideg etmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de olara ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna degişli bioönümleri ulanmak işleriniň, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada aýtdy. 

                                                                   

Welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilişi barada hasabat berildi. Şeýle hem şu günler ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk dowam edýändigi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Oba milli maksatnamasyna we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyk işleri bellenen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin meýdan işleriniň, aýratyn-da, gowaça ekişiniň we güýzlük bugdaýa edilýän idegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigine hem-de öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ekin meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmelidigi bellenildi. 

                                                                   

Bugdaý meýdanlarynda ak ekinlere ösüş suwuny tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depgini güýçlendirilmelidir. Welaýatda gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegi hem-de bellenen möhletde tamamlanmagy üpjün edilmelidir. Ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça biokärhanalarda degişli bioönümleriň öndürilişine üns berilmegi möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin olara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edip, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilýän bugdaýa ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle hem ilaty özümizde öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu günler ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda bugdaýa ideg edilişiniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini nygtady. Bu ugurda hemme zerur çäreler görülmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm işler bilen bir hatarda, şu ýyl ýurdumyz boýunça gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek baradaky meýilnamany ýerine ýetirmegiň hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekip, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny, ekinleri zyýankeşlerden, kesellerden goramak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy mähirli gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu güwänamanyň berilmeginiň ata Watanymyz, ilkinji nobatda, paýtagtymyz Aşgabat üçin uly abraýdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigini, şu işleriň geljekde-de bellenen meýilnamalara laýyklykda dowam etdiriljekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine mundan beýläk-de berk gözegçilik edilmelidigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.04.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. 

                                                                   

Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýene bir gezek doganlyk Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz myhmana hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly häsiýetini belledi. 

                                                                   

Prezident Rustam Minnihanow mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene bir gezek gutlap, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy, dünýä siwilizasiýasynyň gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şöhratyna şaýatlyk edýän dabaralara gatnaşmaga örän şatdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Russiýa, onuň iri sebitleri we senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy. Muny biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan özara ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygy hem tassyklaýar. Russiýanyň bu sebiti bilen Türkmenistany öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň “KamAZ” we “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, Kazan dikuçar zawody we beýleki iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, muňa ýurtda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň ýardam berýändigini belledi. 

                                                                   

Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlar, oba hojalyk pudagy, ylma esaslanýan ýokary tehnologiýalar, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem maşyn gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Türkmenistanda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, degişli düzümleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşiniň öndürilmegine niýetlenen täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler açylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň soňky ýyllarda sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda uly tejribe toplandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki zaman tehnologiýalary ulgamynda bu öňdebaryjy tejribäni peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyna seljerme geçirýär. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Tatarystanyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan türkmen alabaýyna ünsi çekdi. Dünýädäki meşhur tohumlaryň biri bolan alabaýlar biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini, özboluşly aýratynlygyny, häsiýetini hem-de eýesine wepalylygyny saklap geldi. Şunuň bilen baglylykda, myhman hormatly Prezidentimize Tatarystanda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren Akdost atly alabaýynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu saparyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.  

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdiler.

25.04.2022
Be­hiş­di be­dew­ler — türk­men hal­ky­nyň şöh­ra­ty we buý­san­jy

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da­ky da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy 

                                                                   

 Aş­ga­bat, 23-nji ap­rel (TDH). Şu gün döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň hem-de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry bol­dy. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ahal­te­ke be­dew­le­ri ýur­du­my­zyň baş ny­şa­ny­na, dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne aý­gyt­ly dö­re­di­ji­lik güý­ji bi­len ga­dam goý­magy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di. “Be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne bar­ýan Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dyr” di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi türk­men at­la­ry­nyň şa­ny­na gu­ral­ýan esa­sy baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň bi­ri­dir. Tä­sin, gy­zyk­ly bu göz­den ge­çi­ri­liş at­çy­lyk däp­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­mä­ge, hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň aja­ýyp bö­le­gi, tä­sin ösüş­le­re ýe­ti­ren ha­dy­sa hök­mün­de bu to­hum at­la­ra dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ir er­tir­den Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my myh­man­la­ry hem-de baý­ram­çy­ly­ga gat­na­şy­jy­la­ry toý ru­hun­da gar­şy­la­dy. Bu top­lum gö­zel­li­giň we saz­la­şy­gyň iň naý­ba­şy de­re­je­si bo­lan be­hiş­di be­dew­le­riň hor­ma­ty­na her ýyl bäs­le­şi­giň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Hem­me ýer­de dö­re­di­len uly türk­men to­ýu­na mah­sus gör­nüş­ler — joş­gun­ly aý­dym-saz­lar, ýur­du­my­zyň iň oňat dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň gör­kez­ýän çy­kyş­la­ry gö­wün­le­ri gal­kyn­dyr­ýar. 

                                                                   

Top­lu­myň esa­sy gi­rel­ge­si­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mil­li Ge­ňe­şiň, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry gar­şy­la­ýar­lar. Şeý­le-de bu ýe­re saý­lap alan kä­ri­ne yk­ba­ly­ny bag­lap, aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan ab­raý­ly at­şy­nas­lar, at­la­ryň tä­sin dün­ýä­si bi­len bag­ly bo­lan ol ýa beý­le­ki pu­dak­lar­da zäh­met çek­ýän us­sat hü­när­men­ler ýyg­nan­dy­lar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň aw­tou­la­gy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, at­çy­lyk top­lu­my­nyň çäk­le­ri­ne geç­ýär. Ýur­du­my­zyň meş­hur aý­dym­çy­la­ry we dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy aja­ýyp çy­kyş­lar bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Mil­li baý­ram my­na­sy­bet­li gut­lag­lar ýaň­lan­ýar. 

 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz top­lu­myň baş bi­na­sy­nyň iç ýü­zün­dä­ki meý­dan­ça ge­lip, özi üçin ni­ýet­le­nen ýe­re geç­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň äh­li asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry hem-de aras­sa gan­ly ahal­te­ke to­hum at­la­ry, onuň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aja­ýyp gym­mat­ly­gy hök­mün­de äh­mi­ýe­ti, şeý­le-de mil­li at­çy­lyk pu­da­gy­ny, at­çy­lyk sport mek­de­bi­ni kä­mil­leş­dir­mek, onuň bu ugur­da­ky hal­ka­ra iş­le­re ýa­kyn­laş­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­re yzy­gi­der­li üns ber­me­gi hal­ky­my­zyň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýar. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 20-nji ap­rel­de Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XII mej­li­si­ni bel­le­mek ze­rur­dyr. Fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly bu ab­raý­ly gu­ra­ma­nyň da­şa­ry ýurt­ly ag­za­la­ry hem gat­naş­dy­lar. Gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne Ýer ýü­zü­niň 30-dan gow­rak döw­le­ti­niň we­kil­le­ri gir­ýär. Şo­la­ryň alyp bar­ýan iş­le­riniň ne­ti­je­sin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny hem-de ola­ra sar­pa goý­ýan adam­la­ryň sany barha art­ýar. 

                                                                   

Bu gün pu­da­gyň yl­my esas­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen hä­zir­ki za­man at­çy­lyk sport top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na hem-de onuň iş­gär­le­ri­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. Be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň ga­dy­my däp­le­rin­den baş­ga-da, türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň hyz­ma­tyn­da dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry, hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­lary, pu­da­gyň öň­de­ba­ry­jy hem-de ösen dü­züm­le­ri bar. 

                                                                   

At­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ma­ça iter­gi ber­mek, at ça­py­şyk­lar­da hem-de at­ly spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, hu­su­san-da, päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek (kon­kur) we ça­pyk­su­war­la­ryň ara­syn­da­ky ça­py­şyk­lar bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­mek­le­ri üçin tür­gen­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, köp san­ly hal­ka­ra bäs­le­şik­le­riň­dir fes­ti­wal­la­ryň ýe­ňi­ji­si bo­lan “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň şow­ly çy­kyş­la­ry­ny nyg­ta­mak ge­rek. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de mil­li däp­le­riň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. 

                                                                   

Öz­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne uly üns ber­ýän­di­gi­ne ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de hem-de aja­ýyp wa­ka my­na­sy­bet­li saý­la­ma ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni sow­gat ka­bul et­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­myz­dan ha­ýyş edil­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­tyn­dan we paý­tag­ty­myz­dan be­dew­ler bi­ri-bi­ri­niň yzyn­dan meý­dan­ça çy­ka­ryl­ýar. Şo­lar bi­len bir­lik­de, no­bat­ma-no­bat se­bit­le­riň ýol­baş­çy­la­ry hem-de ýaş ne­sil­le­riň we­kil­le­ri or­ta çyk­ýar­lar. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan Di­ýa­rym, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan Per­zent, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan Şa­bat, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan Gün­do­gar, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan Be­lent, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan bol­sa Me­le­de­pel di­ýen at sow­gat be­ril­di. 

                                                                   

Har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa Ger­çek at­ly be­dew sow­gat be­ril­di. 

                                                                   

Ýe­ne-de bir sow­gat ýur­du­my­zyň äh­li at­şy­nas­la­ry­nyň adyn­dan bol­dy. Syn ediş meý­dan­ça­sy­na 2019-njy ýyl­da dog­lan, Edep we Aý­gül di­ýen at­la­ryň nes­lin­den hem-de şöh­rat­ly Gyr­sa­kar di­ýen atyň ug­ru­na de­giş­li bo­lan Gal­ky­nyş di­ýen aja­ýyp at çy­ka­ryl­ýar, onuň bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar we şa­ha­dat­na­ma­sy gow­şu­ryl­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýat­lar­dan baý­ram­çy­ly­ga gat­naş­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ra, be­hiş­di be­dew­le­riň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan äh­li at­şy­nas­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow asyl­ly dä­be eýe­rip, mäh­ri­ban ene­si Ogu­la­bat ejä­niň do­kan ala­ja­sy­ny Gal­ky­nyş di­ýen be­de­wiň boý­nu­na daň­ýar. Mu­nuň özi asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň dö­re­den dün­ýä nus­ga­lyk asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň we ýag­şy des­sur­la­ryň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di. 

                                                                   

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz at üs­tün­de hor­mat ýö­ri­şi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di. At tej­ri­be­li ça­pyk­su­wa­ry du­ýup, be­ril­ýän buý­ruk­la­ry do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len, to­ma­şa­çy­la­ra üýt­ge­şik, gel­şik­li hem-de sy­rat­ly he­re­ket­le­rin­den lez­zet al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, mil­li mi­ra­sy­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we dün­ýä ýaý­mak bi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len hem-de dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­de my­na­syp orun eýe­län ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy, şan-şöh­ra­ty bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýär. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­ny gi­riz­mek ba­ra­da­ky tek­lip öňe sü­rül­di. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän ugur­daş hal­ka­ra ser­gi­ler we mas­la­hat­lar, ga­nat­ly be­dew­le­riň gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri be­hiş­di be­dew­le­riň bü­tin dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da ge­çi­ri­len «Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi» at­ly hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň aja­ýyp pur­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu şü­we­leň her ge­zek us­sat jan­kö­ýer­le­ri hem, äh­li to­ma­şa­çy­la­ry hem haý­ra­na goý­ýar. 

                                                                   

Des­lap­ky tap­gyr­lar­da Aş­ga­bat­dan, Ahal, Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­dan ahal­te­ke to­hum at­la­ry­nyň saý­la­nyp al­nan iň oňat we­kil­le­ri­niň 10-sy syn ediş meý­dan­ça­sy­na çy­ka­ryl­ýar. 

                                                                   

Şol at­la­ryň her bi­ri­ni emin­le­riň öňün­den iki ge­zek ge­çir­di­ler. Bi­rin­ji ge­zek­de be­dew­ler meý­dan­ça be­zeg­siz gör­nüş­de, ikin­ji ge­zek­de bol­sa şaý-sep­ler bi­len do­ly be­ze­len we ha­ly­ça ar­ka­ly eýer­le­nen gör­nüş­de gel­ýär­ler. Türk­men­ler ga­dym­dan bä­ri we­pa­dar dos­ty bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne mäh­ri­ni siň­di­rip, ola­ry al­tyn­dyr kü­müş hem-de dür­li gym­mat­ba­ha daş­lar­dan ýa­sa­lan şaý-sep­ler bi­len be­zäp­dir­ler. 

                                                                   

Her bir at ady, ýa­şy, ge­lip çy­ky­şy­nyň mag­lu­mat­la­ry, eýe­si bi­len ta­nyş­dy­ry­lyp, emin­le­re we köp­çü­li­ge gör­ke­zil­ýär. Jem­leý­ji tap­gy­ra çy­kan at­la­ryň hem­me­si ol ýa-da beý­le­ki meş­hur ne­sil ug­ru­ny do­wam ed­ýär. Şun­da be­hiş­di be­dew­le­riň köp san­ly jan­kö­ýer­le­ri aras­sa gan­ly at­la­ry seç­gi­çi­lik taý­dan ýe­tiş­dir­mek­de esa­sy şa­ha­la­ryň düý­bü­ni tu­tan aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ne­sil­le­ri­niň üýt­ge­şik be­den gur­luş­la­ry­na ba­ha ber­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar. At­lar kad­dy-ka­ma­ty bi­len öz daş­ky sy­pat­la­ry­ny we ok­gun­ly uky­by­ny sak­lap bil­ýän ba­şar­ny­gy­ny gör­ke­zip, be­den gur­luş­la­ry­nyň ne­pis­li­gi hem-de deň­siz-taý­syz öl­çeg­le­ri bi­len haý­ran gal­dyr­dy­lar. 

                                                                   

 Bäs­le­şi­giň je­mi­ni jem­le­me­giň we ab­raý­ly emin ag­za­la­ry­nyň çöz­gü­di­ni yg­lan et­me­giň wag­ty gel­di. 

 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň Me­le­baş di­ýen aty 2022-nji ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi hök­mün­de yk­rar edil­di. 2015-nji ýyl­da dog­lan aja­ýyp be­dew Ger­de­niň we Ýel­ga­ma­gyň nes­li bolup, ol şöhratly Gyr­sa­karyň ug­ru­na de­giş­li­dir. Onuň seý­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň adyn­dan baş baý­rak — «Lexus» ky­sym­ly ýe­ňil aw­tou­la­gyň aça­ry, göç­me ku­bok we dip­lom gow­şu­ryl­dy. 

                                                                   

Atyň seý­si gym­mat­ly ser­paý hem-de be­hiş­di be­dew­le­riň kö­pel­dil­me­gi­ne üns be­ril­ýän­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di. Ol bu ugur­da­ky iş­le­ri türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de my­na­syp do­wam et­jek­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk we alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik ar­zuw et­di. 

                                                                   

Bu ýer­de ahal­te­ke at­la­ry­nyň gö­zel­li­gi­ni şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­rin­de, ne­şir önüm­le­rin­de, fo­to­su­rat­lar­da, te­le­ýaý­lym­lar­da çe­per be­ýan et­mek bo­ýun­ça ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, di­zaý­ner­le­riň, te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­niň at­la­ry hem yg­lan edil­di. 

                                                                   

Ahal­te­ke at­la­ry mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň baş mak­sa­dy ola­ryň te­bi­gy aja­ýyp­ly­gy­ny, öz­bo­luş­ly hä­si­ýet­le­ri­ni hem-de hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän or­nu­ny açyp gör­kez­mek­den yba­rat­dyr. 

                                                                   

Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri we bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sun­ga­tyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň we­kil­le­ri öz eser­le­rin­de be­de­we bo­lan söý­gü­si­ni, onuň we­pa­dar­ly­gy­ny, syr­dam­ly­gy­ny, akyl­ly­ly­gy­ny, ça­pyp bil­mek aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny wasp ed­ýär­ler, şeý­le-de hal­kyň ze­hi­ni­ni ebe­di­leş­dir­ýär­ler. Çün­ki şu­nuň ýa­ly kä­mil to­hum at­la­ry ýe­tiş­dir­mek en­çe­me ne­sil­le­riň dö­re­di­ji­li­gi­niň, bi­li­mi­niň, sa­byr-ka­na­ga­ty­nyň we eg­sil­mez dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­si­dir. Hä­zir­ki za­man türk­men sun­ga­tyn­da be­hiş­di be­dew­ler gö­zel­li­giň hem-de saz­la­şy­gyň naý­ba­şy nus­ga­sy­na öw­rül­di. 

                                                                   

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si diý­lip yg­lan edi­len iş­ler iň ne­pis ha­ly üçin, naý­ba­şy şaý-sep­le­ri, be­zeg ly­bas­la­ry üçin, türk­men be­de­wi­niň iň go­wy su­rat ese­ri üçin, iň go­wy ne­şir önü­mi üçin, fo­to­su­rat­lar, iň go­wy te­le­wi­zion şe­kil­ler üçin di­ýen ugur­la­ra la­ýyk­lyk­da saý­la­nyp alyn­dy. 

 Ýe­ňi­ji­le­re — Türk­me­nis­ta­nyň halk su­rat­ke­şi A.Gut­ly­ýe­we “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy”, “Asyr­la­ryň aňyr­syn­dan gö­rü­nyän türk­men ta­ry­hy”, “Şa­ga­dam” at­ly eser­le­ri; zer­gär M.An­na­ýe­we “At şaý-sep top­lu­my” di­ýen at­la­ryň be­zeg şaý-sep­le­ri; Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň mu­gal­ly­my B.Sol­ta­no­wa “Türk­men be­de­wi” at­ly nak­gaş­çy­lyk ese­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň adyn­dan baý­rak­lar — “Tol­kun” te­le­wi­zor­la­ry we şa­ha­dat­na­ma­lar gow­şu­ryl­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Nu­ry Sa­ry adyn­da­ky ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my P.Pat­dy­ko­wa “Gal­ky­nyş to­pa­ry: Ak­han, Ka­nun. Ru­hu­be­lent” at­ly heý­kel top­lu­my; Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň 5-nji ýyl ta­ly­by H.Ga­ra­ja­ýe­we “Ka­nu­nyň port­re­ti” at­ly fo­toi­şi; Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň “Türk­men owa­zy” te­le­ra­dio­ýaý­ly­my­nyň te­leo­pe­ra­to­ry B.Gy­ly­jo­wa “Gö­zel be­dew­ler” at­ly wi­deo­şe­kil­li işi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan sy­lag­lar gow­şu­ryl­dy. 

                                                                   

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri öz dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň bü­tin dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne ta­gal­la­la­ry­ny we ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na, mun­dan beý­läk-de ola­ryň keş­bi­ni öz dö­re­di­ji­lik eser­le­rin­de be­ýan et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. 

                                                                   

Meş­hur ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra­la­ryň ta­mam­laý­jy tap­gy­ry­na öw­rül­di. Dö­re­di­ji­lik çy­kyş­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň kal­by buý­san­ja we bag­ty­ýar­ly­ga do­ly be­lent duý­gu­la­ry be­ýan edil­di. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow baý­ram­çy­ly­ga gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy. 


25.04.2022