Habarlar
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 15-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütden ugur alnyp, bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işler barada aýdyp, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-siniň, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanynda olaryň 41-siniň döredilendigini habar berdi.

Şunuň bilen birlikde, Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden 2726 synçy bellige alyndy.

Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň saýlaw işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw maslahatlary geçirildi.

Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine syýasy partiýalaryň üçüsi we merkezi saýlaw toparynda bellige alnan raýatlar toparlarynyň altysy gatnaşdy. Raýatlaryň teklipçi toparlarynyň her biri öz dalaşgärini goldaýan saýlawçylaryň 10 müňden köpüsiniň gollaryny ýygnadylar.

Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, 46-njy maddasyna laýyklykda bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň 6-sy bellige alyndy. Şunlukda, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenenler jemi 9 adam boldy.

Kanunçylyga laýyklykda, ähli dalaşgärlere wagyz işlerini geçirmek hem-de Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler döredildi, teleýaýlymlarda çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler üpjün edildi. Olaryň terjimehallary, maksatnamalary suratlary bilen «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde çap edilip, dolulygyna halka ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, saýlawlara çagyryş häsiýetli wideoşekiller taýýarlanylyp, teleradioýaýlymlarda köpçülige ýetirildi.

Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin we yzygiderli beýan edildi, şol sanda saýlawçylaryň saýlaw hukuklary hakynda teleýaýlymlarda söhbetdeşlikler guralyp, saýlawlaryň açyklykda, aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilişi düşündirildi. Mundan başga-da, habar beriş serişdelerinde merkezi saýlaw toparynyň mejlisleri barada yzygiderli hasabatlar çap edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses berilýän günde saýlaw uçastoklarynda ir säherden Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp, saýlawlar türkmen halkyna mahsus toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen başlandy. Saýlaw uçastoklarynyň işiniň ilkinji pursatlaryndan ilatyň ýokary işjeňligi bellige alyndy. Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly, onlaýn tertipde merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda görkezildi.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda ir sagat 7-den agşam 19-a çenli aralykda saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi diýlip hasap edildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli buýrugyna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hem maglumat berildi. Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul eden tertiplerini hem-de jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryny berjaý etmek şerti bilen, saýlaw uçastoklarynda zyýansyzlandyryş işleri we beýleki lukmançylyk hyzmatlary guralyp, saýlawçylaryň saglyk goraglylygy talabalaýyk üpjün edildi.

Kanuna laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerden ugur alnyp, saýlawlar saýlaw hukugynyň halkara derejede ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenen şertleri hasaplanýan ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi, erkinligi ýörelgelerinde hem-de bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan we iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden bolan milli synçylaryň işi barada-da habar berdi.

Hasabatyň barşynda bellenilişi ýaly, saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi bilen tanyşmak üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we beýleki ýurtlardan halkara synçylar Türkmenistana gelip, saýlawlaryň taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçişi bilen tanyşdylar.

Abraýly halkara guramalardan gelen synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen brifinglerde saýlawlaryň asudalyk, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de kanuna laýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýtdylar. Munuň özi saýlawlaryň kanunalaýyklyk, demokratik kadalar esasynda geçirilendigini subut edýär.

Jemi 75 synçydan ybarat bolan halkara we garaşsyz synçylar toparlarynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw kanunçylygymyzyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olary hödürlän syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň teklipçi toparlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikler döredildi.

Umuman, synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik ýörelgeler we bäsdeşlik esasynda geçirilendigini nygtadylar. Halkara synçylar bu möhüm çärä saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryna aýratyn üns çekdiler.

Soňra ählihalk saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri beýan edildi.

Türkmenistan boýunça 3460080 saýlawçydan 3362052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02, Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22, Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew bolsa 1,09 göterim ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

G.Myradow Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ähli agzalarynyň adyndan geçirilen ählihalk saýlawlarynyň milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny doly goldaýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň daşyna berk jebisleşendigini aýdyň görkezendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna ýüzlenip, saýlawlarda ses bermegiň dowamynda haýsydyr bir kemçilige ýol berlip-berilmändigi bilen gyzyklandy. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň türkmen halkyna mahsus bolan demokratik ýörelgeler, erkin, gizlin ses bermek arkaly, umumy ykrar edilen saýlaw hukugynyň esasynda geçirilendigini habar berdi.

Soňra milli Liderimiz halkara synçylaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň bellikleri, arzuw-islegleri bilen hem gyzyklandy. Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň habar berşi ýaly, halkara synçylar topary saýlawlaryň Türkmenistanda ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we alternatiw esasda geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Olar, aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeňligine üns çekdiler. Başga bellik bolmady.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna saýlawlary geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Şeýle-de bu saýlawlaryň tutuş dowamyny düýpli öwrenmek, eger ony geçirmekde kemçiliklere ýa-da halkara tejribeden yza galmalara ýol berlen bolsa, olary kanunçylyk taýdan resmileşdirer ýaly, ýakyn wagtda öz tekliplerini bermek tabşyryldy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watanymyzda düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini durmuşa geçirýän, adyl, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň binýadynyň berkdigini, halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş ýörelgesini dünýä ýüzüne aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde aýgytly ädim boldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde häzirki wagtda milli ruhly, täzeçe pikirlenmegi başarýan döwrebap nesliň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigini, olaryň ähli ugurda ýüki öz üstüne alýandygyny aýdyp, döwlet dolandyryşynda şolara ýol bermek babatda iňňän möhüm başlangyjy orta atmagynyň syýasy edermenlik bolandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, täze taryhy eýýamda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň doly goldanylýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zamanamyzyň görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň milli Lideri, adyl, ynsanperwer döwlet Baştutany hökmünde giňden ykrar edilip, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli meseleleri pähim-paýhas eleginden geçirip, halkymyza, ata Watanymyza hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýändigi aýratyn bellenildi.

Saýlawlar gününde döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat eje bilen bilelikde, iň ýokary döwlet wezipesine mynasyp dalaşgäre ses berdi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde uly seslenme döretdi. Bu bolsa maşgala gymmatlyklaryna, ýaşuly nesle, ene mertebesine ägirt uly hormat goýulýandygynyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynyň demokratik esaslarda, guramaçylykly, giň bäsdeşlik, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilendigi bellenildi. Saýlawlara taýýarlyk görmek, olary geçirmek bilen baglanyşykly çäreler meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň sazlaşykly işi ýola goýuldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl ýoluny dowam etdirmekde, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda okgunly ösüşlere gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň we raýat jemgyýetiniň döredilendigi nygtaldy. Şu babatda 12-nji martda hut şol dünýä we milli demokratik ýörelgeler esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini görkezmek bolar.

Milli Liderimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde eden çykyşynda geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň ösüşine düýpli seljerme berildi, Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan baş maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi hem-de Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy tassyklanyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň köpasyrlyk adatlaryna, däp-dessurlaryna, baý medeni we ruhy mirasyna daýanyp, ýolbaşçylaryň ýaş nesline Türkmenistanyň döwlet işlerini dolandyrmaga giňden gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini belledi.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Konstitusiýa we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmäge girişdi. Bu saýlawlar 12-nji martda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda Hökümet Baştutanynyň orunbasary, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik-syýasy çäräni beýan etmek işine daşary ýurt habar beriş serişdelerinden — “TASS”, “Associated Press”, “Frans Press”, “NCA”, “Reuters” agentliklerinden, “TRT” teleradiokompaniýasyndan, “TRT World” teleýaýlymyndan, “Turkmenistan.ru” internet gazetinden, “Atavatan Türkmenistan” žurnalyndan we beýlekilerden habarçylaryň gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň hem öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmekleri üçin zerur şertleriň döredilendigi barada habar berildi.

Halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar we daşary ýurtly žurnalistler özleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri boýunça guran brifinglerinde we interwýularynda bu çärä ýokary baha berdiler. Hususan-da, halkara hyzmatdaşlar türkmen tarapynyň erkin, açyk, demokratik saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli halkara kadalary berjaý edendigini we bu babatda hiç hili bellikleriniň ýokdugyny aýtdylar. Türkmenistanyň saýlaw işini guramak babatdaky tejribesini nusga hökmünde peýdalanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle möhüm ähmiýetli wakanyň ýokary netijeleri Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, jemgyýetiň ýokary derejedäki agzybirligini we jebisligini üpjün etmek hem-de umumy ykrar edilen kadalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly döwlet işiniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ähli türkmen diplomatlarynyň, döwletimiziň daşary ýurtly dostlarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň adyndan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy bu saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi we Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hökümet agzalarynyň kabul edilen milli strategiýalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen anyk wezipeleriň ählisiniň çözülmeginiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow möhüm syýasy çäräni — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny şu ýylyň 12-nji martynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görlendigi barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ysnyşykly we utgaşykly işiniň netijesinde ýurdumyzda asudalygy, durnuklylygy saklamaga, ähli welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda kanunylygy, tertip-düzgüni üpjün etmäge, ähli saýlaw uçastoklarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen çäreler amala aşyryldy.

Soňra wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan täze saýlanan Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy ählihalk saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bagt, uzak ömür hem-de ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň Diýarymyzda parahatçylygy, asudalygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkara talaplara laýyklykda we ýokary derejede, aç-açanlyk, aýdyňlyk ýagdaýynda guralandygy üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna, milli hem-de halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu saýlawlar türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, milli kadalarymyza, ata-babalarymyzyň demokratik däplerine wepalylygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi. Biziň halkymyz saýlawlara işjeň gatnaşyp, bu möhüm syýasy çäräni uly dabara besledi. Munuň özi ata Watanymyzyň durnukly ösmegi, nesillerimiziň nurana geljegi üçin her bir raýatymyzyň uly jogapkärçilik duýýandygyny alamatlandyrýar. Hiç kimiň bu wajyp işden çetde durmaýandygyny, jemgyýetimiziň öňdebaryjy, kämil derejä ýetendigini görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, gysgaça söz sözledi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň raýatlaryna ýüzlenip, saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlerimize, özi üçin ses berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny nygtap, ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Bu wezipeler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» jikme-jik beýan edildi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda kemala gelen ösüş ýoly, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş babatda başy başlanan özgertmeler dowam etdiriler, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda tagalla ediler.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary halkymyzyň bildiren beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen ödejekdigine ynandyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baştutany wezipesine täze saýlanan Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň kanunçylygyna we umumy kabul edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, bäsdeşlik esasynda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bu ýeňiş biziň halkymyzyň bildiren ynamynyň netijesidir. Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli. Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň bu ynamy ödejekdigine ynam bildirdi. Arkadag Prezidentimiz berk jan saglyk, uzak ömür, her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köptaraply işinde üstünlikleri arzuw edip, halk üçin ähli amala aşyrjak wezipesinde diňe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan edilen arakesme wagtynda, bu ýerde Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri boýunça beren hasabaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň täze Prezidentiniň wezipesine girişmegine bagyşlanan dabaranyň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu syýasy çäräniň guramaçylykly we aç-açanlyk ýagdaýynda geçirilmegi türkmen jemgyýetinde demokratik esaslaryň, halk häkimiýetliliginiň milli ýörelgeler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, döwlet toparyny döretmek hem-de şu dabara mynasybetli ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Arakesmeden soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi dowam etdirildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16.03.2022
Dünýewi, demokratik, Bitarap Türkmenistanyň esaslarynyň pugtalandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir

Geçen hepde ýurdumyz üçin möhüm wakalara baý bolup, ol häzirki döwrüň jemgyýetiniň ruhy durmuşynda möhüm orun eýeleýän, syýasy, ykdysady, durmuş-medeni ulgamlarda üstünlikli zähmet çekýän zenanlara bagyşlanan baýramçylyk dabaralary bilen başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli Gutlagynda türkmen zenanlarynyň raýatlyk ornunyň işjeňligine aýratyn üns çekilýär. Gutlagda bellenilişi ýaly, ata Watanymyza söýgini, şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günümize guwanjy, geljegimize ynamy döredýän medeni mirasymyzy — maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy, dost-doganlygy dabaralandyrýan belent ynsanperwerlik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler.

Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaralar ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde edaralarda we kärhanalarda işleýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlara, talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hem-de dürli bäsleşikleriň ýeňijilerini hormatlamak dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda sungat ussatlarynyň konsertleri, çeperçilik sergileri, teatr sahna oýunlary, çagalaryň we ýaşlaryň bäsleşikleri, maslahatlar hem-de köpçülikleýin çäreler guraldy.

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş gelin-gyzlary bar. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary hem çagyryldy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem goşuldy. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary gutlap, ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendigini nygtady.

“Ýadymda” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Türkmen zenanlarynyň gözelligini wasp edýän çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek mejlisde garalan esasy mesele boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Prezident saýlawlary Garaşsyz Watanymyz üçin uly ähmiýete eýe bolan jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň ýurdumyzda raýatlarymyzyň döwlet gullugynda işlemäge, ses bermäge, döwlet wezipelerine saýlanmaga, ýurduň we dürli derejelerdäki jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny üpjün edýän umumy kabul edilen demokratik kadalara hem-de milli däplerimize laýyklykda guralmalydygyna üns çekildi.

Ses bermek üçin döwletimizde we daşary ýurtlarda 2 600-den gowrak saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşdylar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin olaryň hemmesine deň mümkinçilikler we hukuklar berildi.

Halkara synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen saýlawlaryň geçirilişine we saýlawlar güni ses berlişine seljermäni amala aşyrmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde senagat pudagy üçin gymmatly çig mal bolan gowaça ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Milli Liderimiz gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigini, bu möwsümiň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedigini ekiş möwsümini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, bu möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny belläp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem edermen pagtaçylarymyzyň ýurdumyzda «ak altynyň» ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirjekdigine hem-de uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna berk ynam bildirip, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Şu babatda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy derejesinde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym milli Liderimiziň köpugurly işine hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşine, halkara abraýynyň has-da belende galmagyna kuwwatly itergi beren we türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgerden giň gerimli özgertmelere ýokary baha berdi.

Şol gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek we ilerletmek Medeniýet ministrliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guran forumynyň baş maksady boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylmyň-bilimiň ösdürilmegine, şonuň bilen birlikde-de, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda, şol sanda dünýäniň iri ylym-bilim ojaklarynda okap, ýokary derejeli hünär eýeleri bolmagy üçin hemme mümkinçilikler döredildi. Olar hakyndaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine, Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu ýurtda okap ýören talyplarymyzyň ata Watanymyza dolanyp gelmekleri üçin şertleriň döredilmegi hem şaýatlyk edýär. 10-njy martda guralan ýörite uçar gatnawy arkaly talyp ýaşlarymyzyň uly topary Türkmenabat şäherine gelip düşdi.

12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy. Munuň şeýledigini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligi hem tassyklady. Wekillige GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine hem-de geçirilişine seljermäni amala aşyran halkara synçylaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary hem bar.

Synçylar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bellenilen çäreleriň meýilnamasy we ýerlerde alnyp barlan işler bilen tanşyp, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna syn etdiler hem-de saýlaw möwsüminde halkara kadalaryň esasy ýörelgelerini, ýagny hemmelere saýlaw hukugynyň berilmegini, raýatlaryň saýlawlara meýletin gatnaşmagyny, dalaşgärleriň ählisine deň mümkinçilikleriň berilmegini, möwsümiň dowamynda wagyz işleriniň erkin geçirilmegini, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygyny hem-de bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň aýdyňlygyny we açyklygyny bellediler.

Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna baryp bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanyldy.

Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we gönükdirijiler bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Şeýlelikde, saýlaw möwsüminiň esasy tapgyry — Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermegi 12-nji martda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we daşary ýurtlarda döredilen ýörite uçastoklarda üstünlikli geçirildi. Giň bäsdeşlik esasynda geçen bu jemgyýetçilik-syýasy çäre halkymyzyň jebisligini we agzybirligini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, däbe görä, ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça bir wagtda açylan we ählumumy ruhubelentligiň ýeri bolan saýlaw uçastoklaryna ilkinji gelenleriň hatarynda boldular.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan dalaşgärlige bellige alnan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda maşgala agzalary bilen ilkinji bolup ses berip, konstitusion hukugyny berjaý etdi.

Bu ýerde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň barşyna gözegçilik edýän milli we halkara synçylar, saýlawlaryň ähli tapgyrlaryny giňden beýan edýän ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbesi Ogulabat eje bilen Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogynda konstitusion hukuklaryny berjaý edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäre seslerini berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli hem-de halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk ýagdaýynda we demokratik ýörelgeleriň esasynda geçen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taryhy ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi adam hukuklary we azatlyklary ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisine asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, halkyň uly ynam bildirip saýlan Prezidentiniň Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler: Perhat Begenjow — Türkmenabat şäheriniň 50-nji saýlaw uçastogynda (Lebap welaýat kitaphanasy); Agajan Bekmyradow — Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 6-njy saýlaw uçastogynda (Mollanepes adyndaky geňeşligiň medeniýet öýi); Berdimämmet Gurbanow — Balkan welaýatynyň Awaza etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda (ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdep); Babamyrat Meredow — Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 79-njy saýlaw uçastogynda (43-nji orta mekdep); Hydyr Nunnaýew — Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 63-nji saýlaw uçastogynda (88-nji orta mekdep); Maksat Ödeşow — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji saýlaw uçastogynda (1-nji sport mekdebi); Maksatmyrat Öwezgeldiýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 9-njy saýlaw uçastogynda (23-nji orta mekdep); Kakageldi Saryýew — Mary şäheriniň 36-njy saýlaw uçastogynda (8-nji sport mekdebi) ses berdiler.

Ildeşlerimiz öz konstitusion hukugyny berjaý etmek — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň iň mynasybyna ses bermek üçin ir säher bilen saýlaw uçastoklaryna geldiler.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ähli saýlaw uçastoklary toý lybasyna beslendi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Hemme ýerde aýdym-sazlar ýaňlandy, göçme söwda guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramakda gije-gündiziň dowamynda ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde hem geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçilikde hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şol gün saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň demokratiýa ýagdaýynda geçirilendigine göz ýetirmäge mümkinçilik alan köp sanly daşary ýurtly žurnalistler hem boldular.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, ir sagat 9-a çenli saýlawçylaryň umumy sanynyň 25 göterimden gowragy ses berdi, sagat 11-e çenli bolsa bu görkeziji 51 göterimden geçdi. Sagat 13-e çenli Türkmenistanda özleriniň erk-ygtyýaryny erkin beýan etmäge konstitusion hukuklaryndan ähli bellige alnan saýlawçylaryň 71 göterimden gowragy, sagat 15-e çenli 86 göterimden gowragy peýdalandy. Sagat 17-ä çenli ilatyň 93 göterimden gowragy ses berdi. Sagat 19-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 97 göterimden gowragy ses berdi.

13-nji martda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň iri habarlar agentlikleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň, halkara synçylaryň gatnaşmagynda geçirilen merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.

Ýygnananlara bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işler barada gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, ses bermäge saýlawçylaryň 97,17 göterimi gatnaşdy. Munuň özi halkymyzyň ýokary raýatlyk işjeňligini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga islegini alamatlandyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndaky we konsullyk edaralaryndaky käbir saýlaw uçastoklarynyň maglumatlaryny nazara almak bilen, sesleriň sanawy dowam edýär. Wagt tapawudy bolany üçin, şol ýerlerden maglumatlar biraz gijräk gelýär. Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilliginiň agzalarynyň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň şol gün geçirilen metbugat maslahatlaryna milli we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Metbugat maslahatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine gözegçiligiň netijeleri beýan edildi. Ýurdumyzda demokratiýanyň mundan beýläk-de dabaralanmagynyň ýolunda möhüm ädim bolan bu saýlaw möwsüminde Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda we Mejlisinde 13-nji martda geçirilen duşuşyklarda halkara synçylaryň rus wekiliýetiniň agzalary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň senatorlary hem-de Döwlet Dumasynyň deputatlary Prezident saýlawlarynyň konstitusion-hukuk kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk, demokratiýa we erkinlik ýörelgeleri esasynda geçirilendigini bellediler.

Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýew Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdi hem-de saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk we demokratik esasda geçirilendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, türkmen halkynyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň, açyklygyň, aýdyňlygyň hem-de ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünýändiginiň aýdyň beýany boldy.

(TDH)

15.03.2022
Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saýlawlaryň barşynda guralan medeni-köpçülik dabaralary bu taryhy ähmiýetli syýasy çäräniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşilendigini görkezýär.

Ir bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow awtoulagda maşgala agzalary bilen geldi.

Mälim bolşy ýaly, ak reňkli bu awtoulag ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda birkemsiz gulluk eden we watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezen, milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowa bitiren hyzmatlaryna hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Häzirki wagtda bu awtoulag gymmatly ýadygärlik hökmünde Berdimuhamedowlaryň maşgalasynda saklanýar.

Maşgala gymmatlyklaryna we gadymy ýörelgelere çuňňur sarpa goýmak, uly ýaşly nesli hormatlamak esasynda nesilleriň dowamatlylygy, düýpli çözgütleriň maslahatlaşmak arkaly kabul edilmegi türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleridir.

Ilki bilen, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary ses berip, konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär guta býulleten atmak arkaly ses berdi hem-de saýlawlaryň barşyna monitoring gözegçilik edýän milli we halkara synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde jogap berdi, munuň özi daşary ýurtly myhmanlara dalaşgär bilen terjimeçisiz gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik berdi.

«TASS-yň» habarçysy Leýla Turaýanowa Serdar Berdimuhamedowa sowal berip, onuň şu saýlawlarda ýeňiş gazanan halatynda, daşary syýasat ulgamyndaky meýilnamalary bilen gyzyklandy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýandygyny belledi, bu hukuk derejesi sebitde we onuň çäklerinden daşarda ähli döwletler bilen doly derejeli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, şoňa görä-de, ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Şeýle hem iri we abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we berkidilmegi esasy ugurlaryň hatarynda durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen taryhy mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn 30 ýyl üçin Milli maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyz esasy bäş ugur boýunça daşary syýasatyny alyp barar. Olar howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, halkara giňişlikde ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesini ilerletmek, daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hem-de halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine ýardam bermek ýaly ugurlardyr. «Halkymyz maňa ýokary ynam bildiren ýagdaýynda, döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasat ugruny dowam eder» diýip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär belledi.

Soňra Prezident wezipesine dalaşgäre Türkiýäniň «TRT World» teleýaýlymynyň habarçysy Rumeýsa Çodar sowal bilen ýüzlendi. Žurnalist Türkmenistanda ykdysadyýetiň uzak möhletleýin ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri artdyrmak maksady bilen senagat kärhanalarynyň ösdürilmegi barada pikirini aýtmagyny dalaşgärden haýyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen, Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, telekeçiligiň goldanylmagyna gönükdirilen bäş ugrunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dalaşgär 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähmiýetini belledi. Bu birleşmäniň agzalary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda söwda ulgamynda, oba hojalygynda, gurluşykda, ulag ulgamynda, senagatda üstünlikli işleýärler. Biziň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän pudaklary hem-de senagaty milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine ýardam berýän ýokary hilli harytlary öndürýär diýip, Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň telekeçiligini goldamak işlerini dowam etmegi maksat edinýändigini aýtdy.

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda üstünlikler arzuw etdi hem-de dalaşgäriň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak üçin nähili çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýandygy bilen gyzyklandy.

Prezident wezipesine dalaşgär milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilýändigini aýdyp, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilendigini belledi we ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagynyň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna getirjekdigine ünsi çekdi. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi, onda ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär.

Soňra «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew Serdar Berdimuhamedowa saýlawlarda üstünlik gazanmagy arzuw edip, onuň Prezident wezipesine saýlanan halatynda, ýaşlary köpçülikleýin ylma has giňden çekmek üçin nähili işleri amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi bilen gyzyklandy.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde alada edilýändigini, Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň esasy özeniniň ýaşlarda Watana, halkymyza, taryhymyza buýsanjy, ylma-bilime höwesi artdyrmak bolup durýandygyny belledi. Şonuň bilen bir hatarda, bu syýasat ýaşlaryň täze tehnologiýalary has talabalaýyk özleşdirmegine, döwrebap bilim, watançylyk ruhunda terbiýe almagyna, olarda Watanyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemäge gönükdirilen çäreleri öz içine alýar.

Serdar Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini ýatlatdy. Mundan başga-da, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanylan Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny mynasyp dowam etjekdigini aýdyp, Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşdy we olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň wezipesine has mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbesi Ogulabat eje bilen Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Ýaňlanan aýdym-sazlar, saýlawçylara milli tagamlaryň hödürlenilmegi, ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynda söwdalaryň ýokary derejede guralmagy, saýlaw uçastoklarynyň ses bermek üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilmegi döwletimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan saýlawlaryň örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda geçirilýändigini görkezdi.

Saýlaw uçastoklarynda türkmenistanlylaryň umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda özleriniň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagy üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem milli we halkara synçylar ses bermegiň barşyna monitoringi amala aşyrdylar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň ähli tapgyrlaryny giňden beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat eje bilen has mynasyp diýip hasap eden dalaşgärine ses berip, konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Milli Liderimiz öz käbesine çäksiz sarpa goýup, maşgala gymmatlyklaryny, ýaşuly nesli hormatlamagyň hem-de ýurdumyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alnan eneleriň mertebesini belende götermegiň nusgasyny görkezýär.

Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda we türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus ýagdaýda geçirilendigini bellemek gerek.

Soňra hormatly Prezidentimiz milli we halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli syýasy çäre — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Şunda 9 dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine bellige alyndy. Olar halkyň ynamyna mynasyp bolan adamlardyr, şol mynasybetli hem şu gezekki saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm çäräniň açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçýändigini belledi, munuň özi adam hukuklary we azatlyklary ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär. Halkyň uly ynam bildirip saýlan Prezidenti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki taryhy, jemgyýetçilik-syýasy çäräniň umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, hemmelere asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastogyndan çykyp, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Läle Begnazarowa bilen söhbetdeş boldy hem-de onuň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny belläp, diňleýjileriň arasynda meşhurlyga eýe bolandygyny, onuň muşdaklarynyň hatarynda käbesi Ogulabat ejäniň hem bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz aýdymça döredijiliginde geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi.

Aýdymçy, öz gezeginde, milli sungatyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hemme döredijilik işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Dutaryň owazy astynda aýdymçy zenanyň ýerine ýetiren aýdymy enelere belent sarpanyň waspy bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň abadançylygy hem-de çagalaryň bagtyýarlygy olar üçin ähli zatdan ileridir.

14.03.2022
Türkmenistan — Türkiýe: dost-doganlyk däplerine eýerip, parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalar we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär.

Halklaryň medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy müňýyllyklaryň taryhyna uzap gidýän türki dilli döwletler, ilkinji nobatda bolsa, Türkiýe bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan taraplaryň milli bähbitleri nazara alyp, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň sebit hem-de ählumumy utgaşykly gatnaşyklara işjeň goşulyşmagyna ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini yzygiderli belleýärler.

Mälim bolşy ýaly, iki doganlyk ýurduň Baştutanlary şu ýylyň 26-njy fewralynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli özara hereketler bilen sazlaşykly baýlaşdyrylýar.

Biziň ýurdumyz bu gurama geçen ýylyň noýabr aýynda synçy hökmünde girip, onuň işine hem-de bu düzümiň Ýaşulular geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen bolan duşuşygy netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Ikiçäk geçirilen duşuşygyň barşynda myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk we bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy mähirli mübärekläp, ony gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi.

Milli Liderimiz türk kärdeşine mähirli jogap sözlerini aýdyp, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn esasda ösdürilmeginiň we berkidilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň ýurdumyzyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak üçin esasy şert bolup hyzmat edýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýokary derejeli duşuşygynda Türki geňeşi Türki Döwletleriň Guramasyna öwürmek barada taryhy karar kabul edildi. Türki döwletleriň ählisiniň goldawy bilen Türkmenistan bu gurama synçy hökmünde kabul edildi.

Milli Liderimiz bu ýagdaýy kanagatlanma bilen belläp, munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagy maksat edinýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna (TÜRKPA) we Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmaga hem gyzyklanýandygyny bellemek isleýärin. Men bu barada ýaňy-ýakynda hormatly doganym, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşligimde hem belläp geçdim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, ýokary derejede alnyp barylýan uzak möhletleýin we strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, dost-doganlyk kadalary esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hemişe özara hormat goýmak, doly düşünişmek we birek-birege ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy, ähli ugurlarda diýen ýaly, ýokary derejede alnyp barylýar.

Türkmen tarapy sebitde we dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň has işjeňleşmegi, dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegi we pugtalanmagy üçin oňaýly şertleriň bardygyna berk ynam bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady hem-de iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça iki doganlyk halkyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri sebit guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp, aýry-aýry döwletler hem-de dünýäniň we sebitiň abraýly düzümleri bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistanyň berýän ünsüniň möhümdigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara derejedäki möhüm başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýylynda ýola goýlan oňyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem, şol sanda Türkmenistanyň synçy hökmünde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hem-de Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe üçtaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara jemgyýetçiligiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge utgaşykly çemeleşmegiň zerurdygy barada aýdyp, doganlyk halklaryň we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

Taraplar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösdürilmegine hem-de iri möçberli taslamalaryň, hususan-da, medeni-durmuş we senagat maksatly desgalary gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de sebit ähmiýetli, şol sanda energetika we ulag-kommunikasiýa pudaklarynda möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagynda türk kompaniýalarynyň goşýan uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ata Watanlaryna gelip görendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň wekiliýetiniň saparynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öň ýanynda bolup geçýändigine ünsi çekdi. Munuň özi uly hem-de örän möhüm taryhy waka bolup, türkmen topragynda demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasyny aýratyn belledi.

Türkiýede milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işlerine hem-de geçirýän giň gerimli özgertmelerine ýokary baha berýärler we goldaýarlar, şol özgertmeler türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgertdi hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we halkara derejedäki abraýynyň artmagyna kuwwatly itergi berdi.

Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bu maksatlara gönükdirilendir. Maksatnama häzirki ösen dünýäde, şol sanda onuň durmuşa geçirilmegine goşandyny goşmaga taýýar bolan Türkiýede ýokary baha mynasyp boldy.

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplan tejribesiniň ähmiýetlidigini belläp, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe ýaly doganlyk türki döwletleriň parahatçylygy, ählumumy abadançylygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitara we halkara düzümleriň çäklerinde döwletara gatnaşyklar babatda eýeleýän ornuna hem-de bar bolan mümkinçilikleri netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berildi. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda ägirt uly giňişlikleri eýeleýän türki dilli döwletler üçin ähmiýetlidir.

Duşuşygyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we 12-nji martda geçiriljek Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň başlanýandygyny aňladýan wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Prezident saýlawlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH)

12.03.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol kanun çykaryjylyk işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni aýanlyk, açyklyk hem-de raýatlaryň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegi ýörelgeleri esasynda geçirmek üçin görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Taýýarlyk işleri ugurdaş düzümler bilen bilelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, ýerlerde saýlaw kanunçylygyny hem-de bu möhüm çäräniň syýasy ähmiýetini düşündirmek işleri geçirildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hem-de Milli Geňeşiň agzalary bilen geçirilen duşuşykda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Möhüm syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýerli häkimiýet edaralaryna we saýlaw toparlaryna yzygiderli usulyýet kömegi, saýlawçylaryň arasynda wagyz-düşündiriş işleri ýola goýuldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Öňde boljak taryhy ähmiýetli syýasy çäräni maliýeleşdirmek meseleleri hasabatyň özenini düzdi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin göz öňünde tutulan çykdajylaryň deslapky sanawy düzüldi. Hususan-da, Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän harajatlar saýlaw býulletenlerini çap etmek, welaýat, şäher we etrap saýlaw toparlary üçin gollanmalary taýýarlamak, dalaşgärler baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek, şeýle hem halkara synçylaryň we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýurdumyzda bolmagy bilen bagly çykdajylara gönükdirildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda ýaş ýolbaşçylary döwleti dolandyrmak işine çekmek barada kabul edilen degişli taryhy çözgütlere laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kadalaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynyň geçiriljek güni bolan 12-nji martda ýaşaýan ýerlerinden uzakda işleýän, gatnaw usulynda zähmet çekýän nebitgaz pudagynyň işgärleriniň 7 müňe golaýynyň saýlawlar güni ses bermegine garaşylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde obasenagat toplumyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynda saýlaw uçastoklarynyň 19-sy döredilip, şolarda saýlawlara gatnaşmaga we ses bermäge ähli şertler üpjün edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän güni ýurdumyzyň söwda merkezlerini hem-de dükanlaryny dürli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Şeýle hem häzirki wagtda welaýatlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy, bu möwsümi bellenen möhletlerde geçirmek, tehnikalara hyzmat etmek üçin hemme zerur guramaçylyk çäreleriniň görlendigi habar berildi.

Wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak we pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda öndürilýän pagta senagat pudagymyz üçin gymmatly çig mal bolup durýar hem-de bu pudagyň ösmegine uly ýardam edýär.

Milli Liderimiz gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini, onuň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedigini belläp, ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen pagtaçylarymyzyň ýurdumyzda «ak altynyň» ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirjekdigine hem-de uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna berk ynam bildirdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyran işleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde tassyklanan tertibe laýyklykda, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi. Bu wajyp syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin gurluşyk we senagat toplumynyň edara-kärhanalarynda saýlaw uçastoklarynyň 10-sy döredildi. Olar zerur enjamlar we serişdeler, döwrebap kompýuterler hem-de aragatnaşyk ulgamlary, ýörite usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular bilen üpjün edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda saýlaw uçastoklarynyň 364-siniň gurnalandygyny, saýlawlary ýokary derejede geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini habar berdi.

Raýatlara söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça çäreler görülýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan saýlaw uçastoklarynda “akylly” zyýansyzlandyryş geçelgelerini gurnamak boýunça işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň edaralary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, tanymal bagşy-sazandalarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Prezident saýlawlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda halka ýetiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän 2022-nji ýylyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Saýlaw uçastoklarynyň 1826-sy bilim edaralarynda, 65-si sport mekdeplerinde we 3-si saglygy goraýyş edaralarynda döredildi.

Syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden wekilleriň 2620-si milli synçylar hökmünde bellige alyndy.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň çözgütlerine laýyklykda, öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu ugurda hereket edýän milli kanunçylygyň esasynda degişli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi. Ses berilmegini guramaçylykly geçirmek üçin ähli degişli şertler göz öňünde tutuldy.

Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar topary geldi. Mundan başga-da, geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüme Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan hem-de birnäçe goňşy ýurtlardan synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň goldaw bermeginde synçylar toparynyň ştaby açyldy. Halkara synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen saýlawlaryň geçirilişine we saýlawlar güni ses berlişiniň barşyna seljermäni amala aşyrmaga degişli ähli şertler döredildi.

Saýlawlara taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we BMG-niň ugurdaş düzümleriniň ýardam bermeginde duşuşyklar hem-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirildi.

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny beýan etmäge daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem gyzyklanma bildirýärler.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan geçirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

“Türkmenhowaýollary” we “Türkmenawtoulaglary” agentlikleri tarapyndan ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza gelen GDA-nyň synçylar wekilligine hem-de daşary ýurtly myhmanlara ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertleriň üpjün edilendigi habar berildi.

Saýlaw gününde ýolagçy gatnawlarynyň artmagy bilen baglylykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň ilatyny jemgyýetçilik ulaglary we taksiler bilen üpjün edip, ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty hödürlemek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda sanly görnüşde onlaýn görkeziler. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.

Şeýle hem ýokary hilli simsiz öýjükli aragatnaşyk, internet, teleradioýaýlymlary we beýlekiler bilen üpjün etmek üçin tehniki aragatnaşyk serişdeleriniň barlag-sazlaýyş işleri geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä görülýän taýýarlyk işleri, ony açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri ýagdaýynda geçirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işlemeginde ýurdumyzda asudalygyň we durnuklylygyň saklanmagyna, ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, ähli saýlaw uçastoklarynda ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastogy döredilip, olar zerur enjamlar, serişdeler we degişli gollanmalar bilen üpjün edildi.

Arassaçylyk we öňüni alyş-zyýansyzlandyryş kadalaryny berjaý etmek üçin çäreler toplumy göz öňünde tutuldy. Şeýle hem Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli gulluklar bilen bilelikde paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga büremek, arassaçylyk tertip-düzgünini saklamak, şäheriň ähli durmuş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemgyýetçilik ulaglarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, işler alnyp barylýar.

Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly we talabalaýyk geçirmek maksady bilen welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Welaýatyň etraplarynda we Tejen şäheriniň çäklerinde jemi 364 sany saýlaw uçastoklary döredilip, şolaryň 30-sy onlaýn tertipde guraldy.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylykly, milli demokratik ýörelgeler esasynda halkara kadalara laýyklykda geçirmek we saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça meýilnama esasynda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Welaýat boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň 272-si degişli derejede enjamlaşdyrylyp, saýlawlara doly taýýar edildi. Saýlaw uçastoklarynyň 30-synda saýlawlaryň geçirilişine sanly ulgam arkaly syn etmek mümkinçiligi döredildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny milli demokratik ýörelgeleriň esasynda geçirmek hem-de saýlawçylaryň bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Welaýatyň çäklerinde 523 sany saýlaw uçastogy döredilip, olaryň ählisi bildirilýän talaplara laýyklykda doly enjamlaşdyryldy. Şolaryň 30-synda saýlawlaryň geçirilişine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik döredildi. Welaýatda saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler açyklyk we aýanlyk esasynda guramaçylykly geçirildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylykly we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, degişli meýilnama laýyklykda, zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Welaýat boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň 559-sy döwrebap zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Saýlawlara sanly ulgam arkaly syn etmek üçin hem saýlaw uçastoklarynda zerur şertler döredildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ählitaraplaýyn guramaçylykly, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, aýanlykda, milli demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek boýunça meýilnamadan ugur alnyp, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Welaýatda 549 sany saýlaw uçastogy döredilip, olaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramagyň tertibine laýyklykda enjamlaşdyrylyp, taýýar edildi.

Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary jemgyýetçilik-syýasy, taryhy ähmiýetli wakany — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hukuk tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde hem-de welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki saýlaw uçastoklarynda nobatçylygy guramak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratik kadalary ösdürmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady. Milli Liderimiz jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny we demokratik başlangyçlary pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumynyň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurdumyzda raýatlarymyza döwlet gullugynda işlemäge, saýlawlarda ses bermäge, döwlet wezipelerine saýlanmaga, ýurduň we dürli derejelerdäki jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugy üpjün edýän tertibiň ýola goýlandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, saýlawlary häzirki döwrüň talaplaryna we halkara kadalara laýyklykda geçirmegiň amala aşyrýan özgertmeler syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülýär. Ses bermek üçin döwletimizde we daşary ýurtlarda 2 600-den hem köp saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlary teleýaýlymlaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen raýatlarymyza ýetirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu günler öz okruglarynda ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin deslapdan ses bermek geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we köp sanly halkara synçylar topary eýýäm ýurdumyzda saýlawlara görülýän taýýarlygy synlamaga girişdiler.

Garaşsyz ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýeti bolan Prezident saýlawlary umumy ykrar edilen demokratik kadalar, ata-babalarymyza mahsus milli däp-dessurlarymyz esasynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de mejlise gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer R.Meredowa ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem býulletenleriň öz wagtynda işlenilmegini hem-de maglumatlaryň Merkezi saýlaw toparyna berilmegini gazanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe degişli görkezmeleri berdi. Ýurdumyza gelen halkara synçylaryň, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hem-de saýlaw çäresine gatnaşýan beýleki degişli adamlaryň gyssagly COVID-19 barlagyndan geçirilişine gözegçilik edilmelidir.

Saýlawlar başlamazdan öň saýlaw uçastoklarynda arassaçylyk kadalaryna degişli işler geçirilmelidir. Bu ýerlerde ähli ätiýaçlyk çäreleriniň berk berjaý edilişi barlanmalydyr. Şeýle hem olaryň ählisinde lukmançylyk nokatlarynyň işi ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda arassaçylyk-epidemiologik talaplaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde, saýlaw uçastoklarynda jemgyýetçilik tertibiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Saýlawlaryň geçirilýän desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler geçirilmelidir. Ses berilýän wagty hem-de saýlaw toparlarynyň işi tamamlanýança, saýlaw uçastoklarynda şahsy düzümiň nobatçylyk etmegi guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezme berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, harby adamlary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini saýlawçylar hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga çekmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, saýlawlar gününiň teleradioýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halkymyzyň milli däplerine laýyklykda, saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralmalydyr. Halkara synçylara ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy hem-de milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga ýardam edilmelidir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlary ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýagny teleradioýaýlymlarda, metbugatda we Internetde yzygiderli berip durmaly diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga çagyrmagyň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa saýlaw uçastoklarynda elektrik abzallarynyň we enjamlarynyň howpsuz işledilmegini üpjün etmek boýunça guramaçylyk-tehniki çäreleri geçirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastoklaryna elektrik energiýasynyň bökdençsiz berilmegini, uçastok saýlaw toparlarynyň howpsuz işlemegini, eger zerurlyk ýüze çykanda, olara kömek berilmegini ýerli hünärmenlere tabşyrmak barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni ilatyň elektrik energiýasy we suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa ýüzlenip, türkmen topragynyň şirin nazy-nygmatlarynyň ýakymly tagamy we hümmeti bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynyň ýanynda göçme nokatlaryň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler we beýleki önümler hödürlenmelidir. Ýerli harytlaryň söwdasy hem guralmalydyr. “Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe halkara synçylary dürli awtoulaglar bilen üpjün etmek, şeýle hem saýlaw güni merkezi saýlaw toparyna we saýlaw uçastoklaryna merkezi saýlaw toparynyň saýtynda sanly ulgam arkaly onlaýn aragatnaşygyny guramakda kömek bermek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz saýlaw güni Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda dürli görnüşli ulaglaryň erkin gatnamagyny üpjün etmegi, döredilen ähli saýlaw uçastoklarynda aragatnaşyk ulgamynyň bökdençsiz işlemegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, saýlawlaryň talabalaýyk geçirilmegi üçin esasy agramyň we jogapkärçiligiň şolaryň üstüne düşýändigini belledi, şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar gününiň şatlyk-dabara beslenip, uly baýramçylyga öwrülmelidigini aýtdy.

Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň ilaty 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna işjeň gatnaşmalydyr. Saýlaw uçastoklaryna saýlawçylaryň doly gelmegini üpjün etmek, saýlaw toparynyň agzalaryna zerur islendik kömegi bermek, bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen üpjünçiligine seretmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadygyny nygtady.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara bu saýlawy aç-açan, aýdyň, demokratik, bäsdeşlikli, erkin we guramaçylykly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bagly meýilleşdirilen işler bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara we hadysalara garşy dessin çäre görmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ähli babatda raýatlaryň howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik tertibiniň, ýangyna garşy howpsuzlyk çäreleriniň, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini we elbetde, erk-islegiň erkin beýan edilmegini üpjün etmäge borçludyrys diýip nygtady hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisinden öňde duran saýlawlara doly taýýarlykly ýagdaýda jogapkärçilikli garamagy talap etdi.

Milli Liderimiz şu ýylyň 19-njy martynda bolsa “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäräniň geçiriljekdigini habar berdi. Şu çäreden soň, Kabul ediş merkezinde dabaralar dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmelere şu wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.03.2022
Fewral — 2022: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dürli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki iş duşuşyklary, işewürlik gepleşikleridir maslahatlar, sergiler hem-de beýleki çäreler Türkmenistanyň daşary ýurtlar, abraýly guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam etdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynda hyzmatdaş döwletler, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn özara hereketlere uly üns berilýär hem-de möhüm taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda 1-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisini görkezmek bolar. Mejlisde toparyň geçen ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri beýan edildi hem-de 2022-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy, şeýle-de VI Hazar sammitine taýýarlyk we ýokary derejeli bu duşuşykda garalmagy meýilleşdirilen resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan halkara hukugyň çäginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi, Hazarýaka döwletleriňdir olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, bu ugurda geljekde-de netijeli işleri dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralan dabara fewral aýynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär.

4-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.

Pekinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli işjeňleşdirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. Hyzmatdaş ýurduň wekilleri bu ulgamyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki işleri mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunda dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berildi, derman senagaty we saglygy goraýyş babatda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge meýiller barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklary geçirdi. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. 7-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen çärä ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý diline terjime edilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasy, taglymlary we ahlak ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly däp-dessurlaryna has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berer. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem şol gün Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Baş direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy we dostlukly ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini, iki ýurduň halklarynyň bähbidine uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlag hatlaryny alyşdylar. Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan ýokary derejedäki türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini belläp, taraplar özara bähbitli döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Şol gün Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik hem geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hökümetara hereketleriň, hususan-da, Ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ysraýyl Döwletiniň syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa, ylym, şonuň ýaly-da, syýahatçylyk, bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

12-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanyp geçirilen brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ählihalk forumynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek üçin wezipeler tassyklanyldy, wajyp resminamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karar kabul edildi. Meýilleşdirilen işleri hem-de kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwleti dolandyrmakda milli ruhda we döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda terbiýelenen ýaş ýolbaşçylara ýol berilmelidigine ünsi çekip, ýaşlara uly umyt bildirýändigini aýratyn nygtamak gerek.

12-nji fewralda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar üstaşyr ulag, söwda-ykdysady, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak ulgamlarynda türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

R.Sklýaryň wise-premýer Ş.Abdrahmanow hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ýangyç-energetika, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine aýratyn üns çekildi. Iki ýurduň döwlet hem-de hususy ulgamyny işjeň çekmek arkaly halkara we sebitleýin awtomobil, demir, deňiz ýollary arkaly ýük daşalyşyny giňeltmek baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

15-nji fewralda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Bu çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistan geçen ýylda 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Bu duşuşygyň maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna öňde boljak geňeşmelere taýýarlyk görmekde goldaw bermek hem-de howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda ýagdaýy düýbünden üýtgedýän hereketler boýunça tejribe alyşmak, maslahat bermek, onuň geljegine bolan sebit garaýyşlaryny kemala getirmek üçin bilelikde umumy pikirleri ylalaşmakdan ybarat boldy.

16-njy fewralda DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory hanym Korinn Warga bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurdumyzyň halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn ylalaşyklara goşulmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy üçin has oňaýly şertleri döretmäge, bu guramanyň düzgünleriniň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrmaga ygrarlydygyny nygtadylar.

17-nji fewralda DIM-niň binasynda BMG-niň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Filipp Saprykin bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda kabul edilen taryhy çözgütler, şonuň ýaly-da 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Şol gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň çäklerinde-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we onuň geçirilişine gözegçilik etmek boýunça guramanyň synçylar toparyny ibermek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

17-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy, ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli guramagyň, halkara guramalaryň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle-de VI Hazar sammitine taýýarlygyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. ÝHHG tarapyndan saýlaw işini guramakda berilýän ýardamy we bilelikdäki toplanan iş tejribesini nazara almak bilen, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanandygy baradaky habary uly ruhubelentlik we buýsanç bilen kabul etdiler hem-de milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine berýän yzygiderli ünsi üçin hoşallyk bildirdiler.

Hünär baýramy mynasybetli diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň soňky ýylynda okaýan talyplaryna, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin, Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem geçirildi.

21-nji fewralda guralan duşuşykda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollan haty gowşuryldy. Hatda şu ýylyň 3 — 5-nji fewralynda Pekine bolan saparynyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde resmi saparda boldy we döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklary geçirdi.

Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de şu ýyl bellenilýän iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, giňeltmegiň derwaýysdygy bellenildi, 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi, oňa häzirden taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň GDA gatnaşyjy ýanaşyk ýerleşen döwletler bilen RF-niň serhediniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça Ýörite wekili, Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Petrakow bilen söhbetdeşlikde Hazar deňzi sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebiti Ýewraziýada ykdysady, ulag-logistika, energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwürmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň aýratyn ähmiýetini bellediler hem-de bu çäräni üstünlikli taýýarlamak, guramaçylykly geçirmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň soňky döwürde ykdysadyýetde, senagat hyzmatdaşlygynda iri göwrümli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini güýçlendirmäge gönükdirilen täze hil derejesine eýe bolandygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeli boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketleriniň «Ýol kartasyna», 2022 — 2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meýilnamasyna, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

23-nji fewralda Ženewa şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, düzümiň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi. Guramanyň tertip-kadalaryna görä, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

24-nji fewralda BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça departamentiniň saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermek boýunça bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy BMG-niň bu düzüminiň saýlawlara bilermenlik goldawynyň berilmegi, zerurlyklara baha bermek boýunça missiýalaryň geçirilmegi, şeýle-de saýlawlara gönüden-göni synçylygyň amala aşyrylmagy babatda dünýäniň dürli künjeklerindäki ähmiýetli tejribesini nygtap, K.Jennesse Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk hakynda habar berdi hem-de bu ugurda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Şol gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny hem-de abadançylygyny goramak işine goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Oňa milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Ýygnaga gatnaşyjylar BSGG-niň Ýewropa sebit edarasyna hem-de onuň direktory Hans Klýuga bu ýörite nyşan üçin hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saglygyny goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksadydygyny bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge bu syýasatyň özenini düzýär.

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Gurluşlaýyn dialog» geçirildi. Taraplar halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerinde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli görnüşli çäreleri geçirmek teklip edildi.

Diplomatlar Eksport karzlaryny kepillendirmek departamenti bilen hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek düzüminiň teklipleriniň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. «Gurluşlaýyn dialogyň» jemleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

25-nji fewralda Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Döwlet habarlar agentligi tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygaryna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ösüşi bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny bilen bagly onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Çärä TDH-niň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de Russiýa Federasiýasynyň, Yragyň, Iordaniýanyň, Bahreýniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Ýaponiýanyň teleradiokompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzyň durnuklylygy, parahatçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem dünýäniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary we sebitde hoşniýetli goňşuçylygy giňeltmäge meýillidigini subut edýär.

26-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň geljegi uly ugurlaryň ählisi boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Garagum” myhmanhanasynda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu maksatnama temmäkä garşy göreşi we gözegçiligi güýçlendirmäge, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň temmäkiniň ýaramaz täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

27-nji fewralda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gullugynyň işgärleri bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda 12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda saýlawlara işjeň taýýarlyk görmegiň netijesinde saýlaw uçastoklarynyň 41-siniň döredilendigi nygtaldy.

28-nji fewralda DIM-de hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary bilen duşuşyklar geçirildi. Topara GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow ýolbaşçylyk edýär.

Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä halkara synçylaryň gatnaşmagynyň wajypdygy barada aýdylyp, olaryň işlemegi üçin saýlaw möwsümine gözegçilik etmek, şol sanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan adamlary bilen duşuşyklar üçin hemme şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, merkezi saýlaw toparynyň ýardam bermeginde agzalan toparyň zerur guramaçylyk tehnikalary we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen Baş ştaby açyldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary halkara jemgyýetçilikde Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň barha belende göterilýändigini, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilýändigini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

(TDH)

10.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyz Watanymyzyň zenanlarynyň abraý-mertebesi elmydama belent bolsun!

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty uludyr. Zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we söýgi baradaky gazallaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Ussat zergärler gymmat bahaly metallardan we daşlardan şaý-seplerini, joşgun bilen döreden gaýtalanmajak sungat eserlerini zenanlara bagyşlapdyrlar. Zenanlardan ylham alyp döredilenleri sanap geçmek halkyň, ýurduň taryhyny beýan etmegi aňladar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara goşuldy. Munuň özi zenanlarymyzyň belent hormata, söýgä mynasypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzda dabarasy uludan tutulyp, giňden bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli, şu ajaýyp baýram güni ýurdumyzyň ähli zenanlaryny — mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy gutlamaga şertiň dörändigine örän şatdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir.

Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelipdir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni «dünýäniň görki we durky» hasaplaýarys.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, iň bagtly perişdeler Zemine inip, enä öwrülermiş diýen rowaýatyň bardygyny belläp geçdi. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Rowaýatlara görä, gadym eýýamlarda Zemini doňaklyk gurşap alanda, dünýäni halas eden ene mähri bolupdyr.

Türkmen milletiniň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan taryhynda belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyr. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan tapylan, Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, «Güneşiň gyzy», «Asman şalygynyň gyzy» ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan serkerde Zarina, watansöýüjiligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen, «Gözellik şasy» Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylmy akademiýany esaslandyran halyf Al-Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly Altynjan hatyn, Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyn, Soltan Jelaleddin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn, Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülküniň melikeleri hasaplanan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beýik işlerine dünýä haýran galýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ine, şolar ýaly meşhur zenanlaryň tagallasy bilen ençeme müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi aýawly saklanypdyr. Şol gymmatlyklar bolsa halkymyzda ruhubelentligi hem-de ahlaklylygy, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, ynsana sarpa goýmagy terbiýeläp gelipdir.

Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen zenanlarynyň geçmişde bitiren beýik işleri barada näçe aýtsaňam bärden gaýdýar. Bu işleri entek öwrenmeli, dünýä ýaýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe ynsanperwerligi, edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy wasp edýän Halkara zenanlar gününi täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, uly dabaralara besleýäris. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy geçirilýär. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň ählisine, şol sanda pensiýadaky enelere, öý hojalykçy we işleýän zenanlara, talyp gelin-gyzlara, okuwçy hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi.

Häzirki döwürde Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Ýöne şol bir wagtda biz olaryň, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdigini, wepaly ýanýoldaşlardygyny, mähirli uýalar we gyzlardygyny, maşgala ojaklarynyň eýeleridigini, edep-ekramyň, wepalylygyň hem-de gözelligiň nusgasy bolup durýandyklaryny ýatdan çykarmaly däldiris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Geçirýän işlerimizde, jemgyýetde demokratik kadalary, sagdyn durmuş düzgünlerini ornaşdyrmakda, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de ösdürmekde olaryň aýratyn orny bardyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüşleri durmuşa geçirmekde, giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşýan asylly goşantlary üçin zenanlarymyz ýokary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolýarlar.

Biz ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, jemgyýetiň ruhy esaslaryny pugtalandyrmaga, watançylyk däplerini we umumadamzat gymmatlyklaryny berkarar etmäge, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagyna, maşgalany we eneleri goldamaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys. Döwletimiz bu meselä geljekde hem aýratyn ähmiýet berer. Türkmenistanyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we işlemegi üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertler dörediler. Ösüp barýan nesil, jemgyýetde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak barada hemişe alada ediler. Köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-kömek yzygiderli artdyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçmişde ähli nusgawy şahyrlarymyzyň zenanlarymyzyň gözelligini, dür dökülýän elleriniň çeperligini, edep-ekramyny, wepalylygyny, işeňňirligini taryp edip, goşgy-gazal ýazyp, eser döredendiklerini, türkmen gelin-gyzlarynyň waspyny belentden ýetirendiklerini nygtady we beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa —–

diýen sözlerini mysal getirdi.

Bellenilişi ýaly, mährem eneler, zenanlar ömürlerini halk üçin terbiýeli, düşünjeli perzent ýetişdirmegiň aladasyna bagyş edýärler. Olar milletiň bakylygynyň sütünidir. Hut şonuň üçin hem enäni begendirmek, zenany begendirmek dünýäni begendirmekdir. Enäni sylamak özüňi, bütin dowamatyňy sylamakdyr.

— Abraý-mertebäňiz elmydama belent bolsun! — diýip, döwlet Baştutanymyz arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy ajaýyp bahar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglary üçin hoşallyk bildirildi hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrundaky beýik maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw edildi.

Bu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli arzuwlardyr gutlaglar, nurana, päk duýgular baradaky tüýs ýürekden çykýan sözler, ene mähribanlygy we aladasy, ruhy jomartlyk üçin hoşallyklar beýan edildi.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasy we milli kanunçylygymyzyň degişli namalary, şeýle hem ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän aýal-gyzlaryň bilimi, saglygy, olaryň durmuş-jemgyýetçilik derejesi bilen baglanyşykly maksatnamalar zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Türkmenistanda döwletiň hemişelik aladasyny duýýan zenanlaryň kalby hemmetaraplaýyn goldawy, maşgala ojaklaryndaky abadançylygy, saýlap alan ugurlarynda öz başarnyklaryny açyp görkezmäge, öz öňlerinde bilim almagy, ählitaraplaýyn ösmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, mynasyp bagtyýar durmuşy üpjün edýän uly geljegiň açylýandygyna düşünip, çagalaryny asuda we abadan ýurtda terbiýeläp ýetişdirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk duýgularyndan doludyr.

“Ýadymda” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi şu günki baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu eser dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän päk söýgini wasp edýär.

Aýdym owadan owazy, ýüreklere aralaşýan sözleri bilen ähli diňleýjileriň kalbynyň töründen orun alyp, örän täsirli duýgulary galdyrdy, munuň şeýledigine hemmeleriň joşgunly el çarpyşmalary şaýatlyk etdi.

Bahar öwüşginleri siňdirilip, baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda emele gelen aýratyn mähirlilik pursatlary meşhur estrada artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň berekedini wasp edýän ajaýyp milli mukamlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli medeniýet işgärleri hormatly ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglarynydyr hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

Baýramçylyk konsertiniň tutuş maksatnamasyny mähirli we owadan, akylly we asylly, söýýän we söýülýän zenanyň hormatyna sena diýip atlandyrmak bolar.

Watançylyk aýdymlary söýgi mukamlary we gadymy äheňler bilen, halk döredijilik çykyşlary boýunça kompozisiýalar estrada çykyşlary we halk sazlarynyň döwrebap derejede täzeden işlenilen sazlary bilen utgaşdyryldy. Konsert maksatnamasyna döredijiliginde türkmen zenanynyň gözelligini, duýgur ene ýüreginde jemlenen ýagşylygyň we pähim-paýhasyň nury bilen şugla saçýan dünýäni wasp eden meşhur şahyrlaryň sözlerine döredilen eserler hem girizildi.

“Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasynyň bezegi boldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, çagalar aýdym-saz toparlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar bu çykyşy üns bilen diňlediler. Bu ajaýyp sahna oýnunda gözellik, zenan bagty hem-de wepalylyk, kalby päklik, egsilmez ene söýgüsi hem-de mähribanlyk wasp edildi. Bu duýgular bilen zenanyň keşbi aýrylmaz arabaglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýagşylygyň, kiçigöwünliligiň, wepalylygyň, inçeden ajaýyp başarnygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak ussatlygyň nusgasyny alamatlandyrýan türkmen zenanynyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulandygyny nygtaýar. Bu sözlerde zenanlara däp bolan garaýyş beýan edilýär. Ajaýyp gelin-gyzlarymyzyň eýeleýän möhüm orny olaryň gadymdan gelýän asylly häsiýetinde jemlenendir: her bir ene tebigaty boýunça durmuşymyzy söýgi we mähir bilen gurşap, maşgalada, jemgyýetde, döwletde ylalaşygyň bolmagyna ýardam edip, maşgala ojagyny saklap, parahatçylygy üpjün edýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen watançylyk aýdymy döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk duýgusyna beslendi. Bu aýdymda döwrümiziň beýik gadamlary, döwletli tutumlary wasp edildi.

Soňra sahnada aýdymçylar — tejribeli ussatlar hem-de ýaş ýerine ýetirijiler biri-biriniň yzyndan çykyş etdiler. Olaryň Diýarymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlan aýdymlarynda hormat-sarpa hem-de söýgi, hoşallyk we iň oňat arzuwlar utgaşdy.

Meşhur türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk çykyşlarynda söýgi we mähir, gelin-gyzlar, tebigatyň gözelligi baradaky aýdymlar dünýäniň dürli dillerinde ýaňlandy.

Ýüreklere täsir eden aýdym-saz eserleri şowhunly çykyşlar bilen utgaşyp, dabara gatnaşyjylary tans etmäge joşdurdy. Kalbyňy tolgundyrýan aýdym-sazly çykyşlar, joşgunly tanslar şowhunly el çarpyşmalaryna hem-de baýramçylyk gutlaglaryna ulaşdy. Aýdym-sazly şüweleň şahyrlara, kompozitorlara we aýdymçylara joşgunly ylham berýän türkmen baharynyň gülleýşini, zenan gözelligini beýan etdi.

Ajaýyp zenanlarymyza bagyşlanan dabaranyň ahyrynda “Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary” diýen aýdym ýaňlandy. Onda ýene bir gezek ähli enelerimize, uýalarymyza we gyzlarymyza, zenanlaryň ählisine bagtyýarlyk baradaky mähirli arzuw ýaňlandy. Olar dünýämizi sazlaşyklylyk, döredijilik şatlygy hem-de belent maksatlar bilen has-da gözelleşdirýärler.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisi bagtyýar ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge we ukyp-başarnygyňy ýüze çykarmaga döredilen hemme şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Baharyň we zenanlaryň bu ajaýyp baýramçylygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň ruhuna has-da kybap gelýär. Onda döretmegiň hem-de täze durmuşyň şatlygy, ajaýyp oňat başlangyjyň beýany bar. Bular bolsa biziň ynamymyza, güýç-gaýratymyza we iň oňat umytlarymyza hemişe itergi berip geldi.

Şu bahar günlerinde hemme ýerde Diýarymyzyň gelin-gyzlaryna dabaraly we mähirli, resmi we şatlykly gutlaglar ýaňlandy. Olara çeperçilik sergileri, çagalaryň we ýaşlaryň bäsleşikleri, maslahatlardyr durmuş häsiýetli çäreler bagyşlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çykyşlary paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň esasy sahna meýdançalaryny, konsert zallaryny gurşap aldy.

09.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

“Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berýär we bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ilerletmek hem-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljekde hem yzygiderli ösdürilip, iki halkyň bähbidine täze belentliklere çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

(TDH)

***

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny, hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

(TDH)

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli raýatlaryny ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça umumy tagallalarda BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine möhüm ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, Size Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýubileý medaly üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyz hem-de öňdengörüjilikli halkara başlangyçlaryňyz netijesinde, ýurduňyz halkara bileleşikde aýratyn orun eýeledi hem-de Merkezi Aziýada we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere uly goşant goşýar.

Ýurduňyzyň öňüni alyş diplomatiýasy we dünýä gurluşygy ulgamynda alyp barýan syýasaty BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini işjeň goldamak bilen birlikde, üstünlikli durmuşa geçirilýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili hem-de BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabatda işlän ýyllarymy hemişe ýatlaýaryn we sebit merkeziniň işinde maňa yzygiderli goldaw berendigiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, BMG bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşandyňyz üçin hoşallyk bildirýärin hem-de Size, Siziň ýurduňyza we Türkmenistanyň ajaýyp halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Miroslaw ÝENÇA,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika ýurtlarynda syýasy meseleler boýunça kömekçisi.

07.03.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk iş haky 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Rejelenen Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, 326 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidigini belläp, sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak barada kabul edilen maksatnamalar boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi hem çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şundan ugur alyp, şu ýyl üçin, gerek bolsa, bellenen görkezijilere düzediş girizmegiň we çaklamalary taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere milli ykdysadyýetimizdäki işleriň ýagdaýyna seljerme geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça 117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça 118,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,8 göterime deň boldy.

Wise-premýer daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasynyň 114,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek syýasatyna laýyklykda, gaz ulgamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň garamagyna “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Töwekgelçilikli serwis hyzmatlary hakynda şertnama” esasynda maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmek babatda degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň zerur kömegi berýändigine, pudaklary ösdürmek üçin köp möçberde serişdeleri goýberýändigine garamazdan, bu pudaklarda heniz öňegidişlikleriň azdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem aýry-aýry görkezijiler boýunça tabşyrygy yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere emele gelen ýagdaýy içgin seljermegi hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat ulgamynda meýilleşdirilen işler 156 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümler we ýerine ýetirilen işler 159,2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,3 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 187 göterim berjaý edildi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 118,9 göterim amal edildi.

Durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň çäklerinde, tutuş ýurdumyz boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygy bellenildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyna Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan, degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bilelikde gaýtadan seredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, golaýda kabul edilen şu ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli desgalary gurmak we ulanmaga bermek boýunça çäreleri çalt hem-de işjeň durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ugurda ýüze çykan meseleleri öz wagtynda çözmek, ýurdumyzyň içinde energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň, birnäçe durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz bularyň ählisiniň köp tagallany we ähli işleri talabalaýyk guramagy talap edýändigini nygtady. Gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmeli we kärhanalary hususylaşdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ýagdaýlary seljerip, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamada bellenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 104 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň mukdary, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň önümçiligi degişlilikde, 130,5 göterime hem-de 124,4 göterime, tikin hem-de trikotaž önümleriň önümçiligi 118,7 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 114 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt çig-mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 5 müň 560 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýanwar — fewral aýlarynda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,1 göterime deň boldy. Şu döwürde 2 sergi geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 162,8 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 113,7 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatymyzyň harytlary we azyk önümlerini näçe gerek bolsa satyn almagy üçin, bazarlaryň hem-de dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün edilmeginiň, nyrhlaryň derejesine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere beýleki ýolbaşçylar bilen bilelikde harytlaryň eksportynyň we importynyň ýagdaýyny seljermegi, ýurdumyzda näme öndürip boljakdygyny anyklap, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmagyň çärelerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu işlerde telekeçilere aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Söwda teklipleriniň ulgamynyň giňeldilmegi hem-de dünýäde bäsdeşlige ukyply, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan täze önümleri öndürmegi özleşdirmek hem möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, döwletimiziň telekeçileri hemmetaraplaýyn goldaýandygyny we geljekde hem goldajakdygyny nygtady.

Kiçi we orta telekeçilik söwda ulgamyny ösdürmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň esasyna öwrüldi. Ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmäge şert döretdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz wise-premýere bu ugurda bellenen işleri çaltrak amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam etdi. Bilim bermek işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim bermegiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Şu döwürde geçirilen halkara internet we ders bäsleşiklerinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplarynyň gazanan altyn, kümüş, bürünç medallary bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy.

Şeýle hem ýanwar — fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi.

Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary bolan nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, lukmançylyk, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça ylmy işler utgaşdyryldy.

Milli bilim institutynda döwrebap aragatnaşyk tehnikalary, kompýuter enjamlary we serwerler bilen üpjün edilen “Maglumata elýeterlilik merkezi” işe girizildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde işler alnyp baryldy.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnama tassyklanyldy.

Şeýle hem hasabat döwründe 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän tomusky Aziýa oýunlaryna, 31-nji tomusky Uniwersiada, dünýä we Aziýa çempionatlaryna hem-de beýleki iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus bilen bagly emele gelen häzirki ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary tejribä giňden ornaşdyrylmalydyr, dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullary öwrenilmelidir hem-de netijeli ulanylmalydyr. Bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyklar dowam etdirilmelidir.

Ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň üstünde hem yzygiderli işlenilmelidir. Okuw kitaplary we serişdeleri täzelenip durulmalydyr. Milli Liderimiz dünýäde sanly ulgama geçmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň barha çalt depginde alnyp barylýandygy bilen baglylykda, biziň ýaş hünärmenlerimiziň gowy taýýarlykly bolmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýolbaşçylarynyň mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň üstünde hemişe işlemelidigini aýratyn nygtap, beýleki ýurtlaryň bu ugurdan belli bir netije gazanan okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmagy guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurdaky işleri gowulandyrmak üçin heniz teklipleriň gowuşmaýandygyny belläp, ýagdaýy seljerip, düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän ugurdaş edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu döwürde toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Özleşdirilen maýa goýumlar boýunça bellenilen tabşyryk 105,6 göterim berjaý edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 108,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 120,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 139 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 108,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 107,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 107,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, M.Çakyýewiň gözegçilik edýän toplumynda hem alnyp barlan işleriň netijeleriniň häzirlikçe öwerlik däldigine ünsi çekdi. Pudakda heniz çözülmedik soraglar köp diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de şolaryň üstünde tutanýerli işlemegi we bu işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu bolsa bellenen çäreleri amala aşyryp, aragatnaşyk we sanly ulgamy ösdürmekden, demir ýollaryň durkuny täzeläp, täze howa menzillerini gurmakdan, elektron hyzmatlary hem-de elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu meseleleri çaltrak seljerip, işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, dabaraly maslahatlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary we sergiler geçirildi, wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen maksatnamalary giňden wagyz etmek maksady bilen, “Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy” atly maslahatlar geçirildi.

Milli Liderimiziň täze eserleri bilen ilatymyzy giňden tanyşdyrmaga bagyşlanan çäreleriň birnäçesi guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri onlaýn tertipde halkara maslahatlaryň we okuw maslahatlarynyň birnäçesine gatnaşdylar.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat we sergi guraldy.

Metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, Internet saýtlarynda ýurdumyzyň özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanýan uly üstünlikleri hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini işjeň wagyz etmek wajypdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli telewideniýe arkaly berilýän gepleşikleriň hiline aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we ilat arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem wise-premýere ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler bilen bagly düşündiriş işlerini dowam etmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 110,7 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu baradaky görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 111,1 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterim hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterim boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.

Arassa daşky gurşawy kemala getirmek hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet ekologiýa syýasatynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işler, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni gözegçilik edýän ministrliginiň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daýhan birleşiklerinde ýygy-ýygydan bolup, olar bilen köp işlemegiň wajypdygyna çekdi.

Häzirki wagtda oba hojalyk toplumyna uly kömek berilýär, köp möçberde döwlet serişdeleri goýberilýär, täze döwrebap traktorlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar, daýhanlar tohumdyr dökünler bilen üpjün edilýär, täze şäherçeler gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegiň zerurdygyny hem nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer kadastrynyň döredilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, pudakdaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň iki aýynda ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 3 — 5-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde milli Liderimiz Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de HHR-iň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi.

Ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitiniň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy.

Şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlygyň dowam edýändigi habar berildi. Şol çäreleriň hatarynda Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň VI sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty bar.

Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 198-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda 7 resminama gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli dowam etdirilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda duşuşyklaryň hem-de maslahatlaşmalaryň birnäçesi geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulýan döwlet (ýagny işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň mejlisini guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýanwar aýynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak Prezident saýlawlaryna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndaky we konsullyklaryndaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň ýokary derejede guralmagynyň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmekleri, saýlawyň barşyna doly gözegçilik etmekleri üçin, halkara synçylara ähli zerur guramaçylyk-tehniki we hukuk şertlerini döretmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz täze saýlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çäreleriň sanawyny düzmegi hem-de ony seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan edip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini belledi we wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylyň 1-nji martynda Milli Geňeşiň agzalary bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleri, 2022-nji ýylda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň alyp barmaly işleriniň esasy ugurlary boýunça tassyklanylan iş meýilnamalary hem-de çäreleri ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlerde esasy ýol-ýörelge bolup durýar.

Mejlisiň iş toparlarynda ýylyň başyndan bäri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda kanunylygy, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, köp çagaly maşgalalaryň hem-de çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meseleler boýunça halkara guramalar bilen bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň hem-de duşuşyklaryň 18-sine gatnaşdylar, şolaryň 11-si sanly ulgam arkaly guraldy.

Mejlisiň deputatlary düşündiriş-wagyz işlerini alyp baryp, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kadalarynyň hem-de ýörelgeleriniň, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işleriň taryhy ähmiýetini wagyz edýärler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Halk Maslahatynyň şu ýylyň iki aýynda alyp baran işleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe ýüzlenip, 2022-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipelere ýakynda Milli Geňeşiň mejlisinde seredilendigini aýtdy we şoňa görä-de, häzirki döwürde bu wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, bu netijeleriň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar.

Geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4 göterim boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan, aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şol desgalaryň jemi bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygyny bolsa, ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň alyp barýandygy aýratyn begendirýär.

Häzirki döwürde biz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmalydyrys. Şu ýyl alyp barmaly işlerimiziň maksatnamasyny bolsa ýakynda tassykladyk. Indi şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň üstünde netijeli işlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ähli pudaklarda bar bolan kemçilikleri düzedip, Garaşsyz Watanymyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin oňat esas döretmelidiris. Ykdysady we syýasy özgertmeleri, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, sanly ulgama geçmek, ekologiýa babatda başlan özgertmelerimizi mundan beýläk-de depginli dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna, aýratyn-da, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlere häkimler bilen bilelikde özgertmeleriň geçirilişine hemişe berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gözegçilik edýän pudaklarynda desgalaryň, hususan-da, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, ilaty ýaşaýyş jaýlary we arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamalaryň amala aşyrylyşyny üns merkezinde saklamak zerurdyr. Umuman, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly hiç bir soragy ünsden düşürmeli däl diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýer E.Orazgeldiýewe iberip, bu ekologik çäräni 20-nji martda geçireris diýip belledi. Şoňa görä-de, kesgitlenen ýagdaýy, bag ekmek dabarasyny, Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi göz öňünde tutup, her welaýat we paýtagtymyz öz çäklerinde bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegi üçin jogap bermelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni ýurdumyzda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz ýerli häkimliklere şu resminamany ýerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyz boýunça täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelnendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkimliklere 8-nji mart baýramy mynasybetli zenanlara sowgatlaryň, mynasyp bolan enelere sylaglaryň we sowgat berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunçasebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ilkinji nobatda, Natalýa Germana Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary, biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we BMG bilen hyzmatdaşlygyň geçen döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň onuň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly, strategik hyzmatdaşyna öwrülendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, häzirki wagtda bu däp bolan gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesine daýanyp gerimini giňeldýändigini hem-de ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny we wajyp meselelerini öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary saklaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu gün Türkmenistanyň hem-de BMG-niň köp ugurlarda, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Olaryň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi, yzygiderli esasda amala aşyrylýandygy hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli iri taslamalary hem-de maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça Kararnamalaryň 17-siniň kabul edilendigini nygtady we olaryň arasynda Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini, 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýratyn belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň ýolbaşçy düzümine girmegi, soňky ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň hem-de daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak, halkara giňişlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek işine saldamly goşant goşýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm we aýrylmaz ugry bolup durýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu merkez BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda 2007-nji ýylda Aşgabatda döredildi.

Sebit merkeziniň döredilmegine şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny aýdyp, milli Liderimiz geçen döwrüň dowamynda onuň özüni ýüze çykýan köp meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigini belledi.

Ýurdumyz merkeziň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleriniňdir goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmekdäki başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Türkmenistan sebit howpsuzlygyny üpjün etmek işinde, şol sanda, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmakda guramanyň bu düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini, hususan-da, ählumumy pandemiýany, onuň durmuş-ykdysady netijelerini aradan aýyrmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň bu merkeziň kuwwatyny, halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýetli waka bolandygyny belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň barşynda türkmen tarapy “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek” atly ýene-de bir Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu taslama sebitiň ýurtlary tarapyndan seredilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, degişli resminamanyň kabul edilmeginiň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryny pugtalandyrmaga hem-de geçen ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň Jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bu gün sebit merkeziniň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy müdiriýetiniň topary işleýär, Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatlaýyn iş topary ýaly köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallary döredildi we üstünlikli hereket edýär diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen goňşy zolaklarda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ýaly ugurlarda merkeziň mümkinçilikleriniň zerur bolup durýandygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda şol saýlawlaryň halkara kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdan daşary saýlawlara daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryň birnäçesinden, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den hem-de Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň çagyrylandygyny aýtdy. Olara saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de ses berlişine syn etmek mümkinçiligi dörediler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we Prezidentiň wezipesine dalaşgärler tarapyndan hödürlenen köp sanly milli synçylar saýlawlaryň barşyna syn ederler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana we onuň üsti bilen sebit merkeziniň ähli işgärlerine netijeli işi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we BMG hem-de onuň edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň dünýäde durnuklylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli işinde üstünlik arzuw edip, BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe mähirli salamyny we saglyk hem-de rowaçlyk baradaky iş gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Soňra BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germana söz berildi.

Ol sebit merkeziniň ýola goýlan ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini we ugurlaryny ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen nobatdaky gezek duşuşmagyň hem-de Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýylynyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň jemlerine bilelikde baha bermegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy waka bolup geçdi, çünki Türkmenistan BMG-niň agzasy bolup, özüniň döwletliligini, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny yglan etdi.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany gapma-garşylyklaryň öňüni almak, çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmagyň parahatçylykly usullar boýunça çözgütleriniň öz ýoluny öňe sürýän has işjeň gatnaşyjylarynyň birine öwürdi diýip, Natalýa German aýtdy hem-de geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň gepleşikleriň netijeli meýdançasyna öwrülendigini we şeýle bolmagynda galýandygyny, guramanyň ähli ugurlar boýunça netijeli işleýändigini belledi. Munuň özi bu ýoluň taryh, anyk işler, gazanylan üstünlikler bilen tassyklanan dogry ugurdygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda degişli Kararnamasy kabul edildi. Bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz energetika howpsuzlygyny, sebit hem-de ählumumy derejede ulag babatda özara baglanyşygy üpjün etmek babatda möhüm halkara başlangyçlaryň we Kararnamalaryň öňbaşçysy bolup durýar.

Şeýle hem Natalýa German howa howpsuzlygy boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi, sebäbi Merkezi Aziýa sebiti häzirki wagtda howanyň üýtgemegine degişli geografik zolakda ýerleşýär. Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe Kararnamalar hut Aral deňziniň guramagynyň ekologik ýagdaýy, daşky gurşawa ýetiren oňaýsyz täsirleri zerarly dörän ýagdaý bilen baglanyşyklydyr.

Biz bu başlangyçlara, şol sanda energetika, suw we ulag diplomatiýasy babatdaky tekliplere örän ýokary baha berýäris, elbetde, Türkmenistan bu meselelerde sebit we halkara derejede öňdäki orunlary eýeleýär diýip, diplomat belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy ýakynda howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo şäherinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň işjeň gatnaşandygyny aýratyn nygtady. Şol ýerde bu ýurt tarapyndan tassyklanylan Pariž ylalaşygyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglylykda örän düýpli borçnamalar kabul edildi. Bularyň ählisi, elbetde, üns merkezinden düşürilmeýär hem-de şoňa görä-de, döwletiň abraýyny halkara giňişlikde barha belende galdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlaryna ünsi çekdi. Bu, ilkinji nobatda, degişli Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegidir.

Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş halkara gatnaşyklar ulgamynda ynanyşmagyň ýeterlik däldigine yzygiderli üns çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyçlary guramanyň maksatlarynda we wezipelerinde doly beýanyny tapdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Siziň başlyklygyňyzda ýurduňyzda geçirilen many-mazmunly halkara çäreler uly ähmiýete eýe boldy diýip, diplomat nygtady.

Awazada Siziň başlangyjyňyz boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede guraldy we onuň barşynda sebit hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjek köp sanly çözgütler kabul edildi diýip, Natalýa German kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem sebit merkeziniň ýolbaşçysy şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýakyn 30 ýyl üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Diplomat ählumumy derejede parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini ýerine ýetirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm meselelerden başga-da, bu maksatnamanyň örän wajyp ugry — türkmen Lideriniň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofik taglymatynyň esasynda halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegini öz içine alýandygyny nygtady. Bularyň ählisi BMG-niň Tertipnamasynda hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, Natalýa German geçen 15 ýylyň dowamynda sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin türkmen Liderine, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we ähli halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

2011-nji ýylda hut Aşgabatda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bilelikdäki Hereketleriniň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de kabul edilendigi aýratyn nygtaldy. Şol meýilnama arkaly döwletleriň ählisi degişli tagallalar bilen BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasynyň düzgünlerini ýerine ýetirýärler.

Şol bir wagtyň özünde biz Merkezi Aziýa döwletleriniň başlangyçlaryny goldamaga taýýardyrys. Men Siziň ähli teklipleriňizi we pikirleriňizi uly üns bilen diňledim. Biz olary hemmetaraplaýyn goldaýarys. Men olaryň sebit derejesinde goldanyljakdygyna-da ynanýaryn. Häzirki wagtda munuň üçin ähli şertler bar diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň syýasy erk-islegi netijesinde, sebitiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we özara düşünişmegiň hakyky nusgasy hasaplanyp bilinjekdigini aýtdy.

Natalýa German hormatly Prezidentimize möhüm ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk syýasaty üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkara işlerinde sebit boýunça goňşy ýurtlaryna hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän döwletlere ýardam berýändigini nygtady. Munuň aýdyň mysallary köpdür. Türkmenistanyň goňşy Owganystana, bu ýurduň halkyna beren we berýän kömegini aýratyn belläsim gelýär. Bularyň ählisi Bitaraplyk syýasatynyň oňyn we aýdyň beýanydyr.

Şu ýylyň 12-nji marty Türkmenistan, onuň ähli hyzmatdaşlary üçin örän wajyp gün bolar. Şol gün ýurduň halkynyň Konstitusiýada beýan edilen demokratik hukuklaryny doly amala aşyrmaga mümkinçilik aljakdygy bellenildi. Bu örän wajyp, taryhy pursatdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň hakyky hyzmatdaşy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy öz baý tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Biz bu tejribeleri Türkmenistanyň şol işe gönüden-göni gatnaşýan saýlawly döwlet düzümlerine uly höwes bilen hödürläris.

Biz birnäçe çäreleri meýilleşdirdik. Biz eýýäm bu işe başladyk we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Türkmenistanyň doly ygtyýarly agzasy bolup durýan düzümlerinden köp sanly synçylaryň çagyrylmagyna uly hormat bilen garaýaryn. Türkmenistanyň saýlaw işini guramaga çemeleşmeginiň açyklygyna saýlawçylar, Türkmenistanyň halky we elbetde, halkara hyzmatdaşlar tarapyndan ýokary baha berilýändigine ynanýaryn. Men bu habary uly kanagatlanma bilen kabul edýärin we BMG-niň bu ugurda ysnyşykly hyzmat etmäge taýýardygyna ynandyrýaryn diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw edip, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatyny iberendigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Natalýa German Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn we netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

04.03.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hemişe eýerýändigini belledi. Munuň özi üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinada aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň pugta berjaý edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, edaranyň işiniň esasy ugurlarynyň biriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror seljermelerini amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Kanunyň birkemsiz berjaý edilmegini üpjün etmek, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, bu düzümiň işgärleri öz üstüne ýüklenen wezipeleri takyk we halal ýerine ýetirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk düzgün-tertibini saklamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, IIM-niň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, täze usullary işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary has giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýangyna garşy düzgüni berjaý etmek boýunça çäreleri geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça 2022-nji ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet işiniň kanunylygyň, adalatlylygyň we hukuk düzgüniniň üpjün edilmegine, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ulgamlaryny özünde jemleýän döwlet tarapyndan goraglylygyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň eýeleýän ornuny belläp, kazylaryň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew howpsuzlygy üpjün etmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärçiliginiň olary döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmazlyga borçlandyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk alyp barmagyň möhümdigi barada aýdyp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ata Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz tarapyndan kabul edilen Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini, munuň bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna kybap gelýändigini belledi. Biz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhedi diýip yglan edip, ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy saklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Gullugyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de ykdysady bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, oňat dynç almagy we durmuşy üçin hemme şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow geçen iki aýda täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemek boýunça alnyp barlan işler hem-de raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryny düşündirmek babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni işjeň öwrenmegiň zerurdygyny belläp, ministre ilata ýokary derejeli hukuk kömegini bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna degişli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryk berlendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz adalat ministri M.Taganowa ýüzlenip, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmagy hem-de olara degişli teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri gullugyň alyp baran işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň köpelmegi bilen baglylykda, gullugyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady işjeňligiň artýandygyny hem-de halkara ýük daşalyşynyň möçberiniň köpelýändigini nazara alyp, ýurdumyza getirilýän harytlaryň has düýpli gözden geçirilmeginiň, onuň tassyklanan hil ölçeglerine doly kybap gelmeginiň üpjün edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny hem-de döwrebaplaşdyrylmagyny, işde häzirki zaman usullary ulanmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu döwürde edaranyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurdaky döwlet syýasatynyň türkmenistanlylaryň bähbitlerini we howpsuzlygyny üpjün etmäge, olaryň ýurdumyz hem-de onuň çäklerinden daşarda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hereket etmeginiň hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini hem-de milli kanunçylygyň binýatlyk ýörelgelerini utgaşdyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy hem-de işi dolandyrmakda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň peýdalanmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini belledi. Bu çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, onda türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda ähmiýetli ädimdir.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy häzir hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşýarlar hem-de olary maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar.

Şu ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni saýlawlar geçiriler. Saýlamak hukugyna eýe bolan her bir türkmenistanly ýaşaýan ýeri boýunça ses berer hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäri saýlar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow ýurdumyzyň Konstitusiýasynda eks-prezident barada ýörite kada-kanunlaryň bardygyny belläp hem-de şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy hökmünde Konstitusiýanyň maddalary esasynda amala aşyrylmaly işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy bu tabşyryklary zerur derejede ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri, gözegçilik edýän edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şahsy düzümiň arasynda düzgün-tertibi pugtalandyrmak, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we işjeň halkara hyzmatdaşlygyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendigini belledi. Milli Liderimiz harby düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de olaryň hukuk taýdan habarlylygyna, häzirki zamanyň tehniki serişdelerine we tehnologiýalaryna erk edip bilmek başarnyklaryna gönüden-göni baglydygyny aýtdy hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň netijelerini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ata Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edaralarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň şu maksatlaryň durmuşa geçirilmegine hyzmat edýändigini nygtap, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şunda harby özgertmeleriň durmuş ugruna aýratyn üns berildi. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mundan beýläk-de döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu resminamada bellenilen çäreleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek üçin kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryklaryň berlendigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni ýene-de bir gezek çekdi.

Milli Liderimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby özgertmeleri hem-de bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Şu babatda milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam edip, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Gümrük gullugy hakyndaky” Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirmek zerurdyr. Kiberjenaýatçylyga, internet we maglumatlary goramak ulgamlaryndaky jenaýatçylyga garşy göreşmek işlerine hem aýratyn üns berilmelidir. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirmek, şol sanda bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşyp, degişli teklipleri we bellikleri bermek gerek diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şu maksatlara esaslanyp, biziň kabul eden Harby doktrinamyz goranyş häsiýetine eýedir. Bu strategik resminamanyň düzgünlerinden ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunda Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz Watan goragçylary barada hemişe alada eder.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlap, oňa ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biz geljege berk ynam, ajaýyp maksatlar bilen mundan beýläk-de has belent sepgitlere ýeteris

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wajyp döwlet maksatnamalary we demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek meseleleri milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary guramagy adaty däbe öwrüldi. Olaryň çäklerinde ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara alyp, ýakyn geljek üçin hereketleriň maksatnamasy kesgitlenýär we ýerine ýetirilýän işlere baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisindäki taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Milli Geňeşiň Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere barýar.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyzda uly joşgun bilen baýramçylyklar bellenýän şu gününde geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşygyň maksady gazanan üstünliklerimizi artdyrmak hem-de öňde duran uly işlerimizi we ýeňişlerimizi kanunçylyk taýdan berkitmekden ybaratdyr.

Halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde biz merdana ata-babalarymyzyň parasatly däplerine we jemgyýetimiziň demokratik kadalaryna eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna hem-de halkymyzyň bähbitlerine degişli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna, halkymyzyň jana-jan bähbitlerine degişli beýleki möhüm meseleler hakynda gürrüň etdik.

Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiziň we geljek nesillerimiziň ykbaly üçin ägirt uly jogapkärçiligi bellemek bilen, biz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» kabul etdik. Maksatnama Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen taýýarlandy. Şeýle hem biz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny kabul etdik. Halkymyzyň geljeginiň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň örän irki döwürlerinden alyp gaýdýan döwletliligimiziň milli kadalaryna esaslanyp, şu gün geçirilýän duşuşygyň gün tertibine girizilýän, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we mejlisiň deputatlarynyň 2022-nji ýylda alyp barmaly işleriniň meýilnamasyna ünsi çekdi.

Şu ýyl biz Garaşsyz döwletimiziň taryhynda ýene-de bir örän möhüm senäni, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň, şeýle hem Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýatlatdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli buýsanjymyzdyr. Biz bu gymmatlyklarymyza watançylyk duýgymyzy artdyrýan, döredijilige we zähmet joşgunyna hyjuwlandyrýan mukaddeslikler hökmünde aýratyn hormat goýýarys.

Konstitusiýa erkin, asuda, parahat we bagtyýar durmuşymyzyň kanuny kepillendirmesi bolup durýar. Konstitusiýamyz esasynda biz jemgyýetimiziň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döretdik. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de borçlarynyň, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kämil ulgamyny emele getirdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Konstitusiýamyzyň binýat goýujy ýörelgeleridir kadalary esasynda kanunlaryň, kodeksleriň we kararlaryň ýüzlerçesini kabul etdik. Jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny, häzirki döwrüň talaplaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini goldanyp, konstitusion, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrdyk. Köp partiýaly saýlaw ulgamyny döredip, iki palataly parlament ulgamyna geçdik diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinany durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada durup geçdi. Halkymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda toplan tejribesine daýanyp, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň konstitusion kadalaryna esaslanyp, biz mähriban Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini yzygiderli ýokarlandyrdyk. Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna dünýäniň doganlyk halklary bilen dostlukly gatnaşyklary goldamak baradaky maksatlarymyza laýyk gelýän işleri yzygiderli amala aşyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biziň möhüm halkara soraglary çözmäge gönükdirilen netijeli tekliplerimiz halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldandy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem halkymyz üçin şanly waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz halkara düzümler bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňliginiň we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna, şu Guramanyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Halkara gidrogeologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň hem-de ençeme beýleki halkara düzümleriň agzalygyna saýlanandygyny belledi.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara almak bilen, biz döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadymyzy hemişe kämilleşdirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Esasy Kanunyna 2020-nji ýylda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslarynyň döredilendigini belledi. Esasy Kanunymyzyň we Saýlaw kodeksimiziň täze düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşiniň täze döwründe taryhy waka boldy. Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykardy. Kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmek hem-de kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen birlikde, ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm işleri hem alyp barýarlar.

Umuman alanyňda, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda nusgalyk demokratik, hukuk, dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini döredendigimizi ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, şu ýyl kanun çykaryjylyk işinde öňümizde uly wezipeler durýar. Bu wezipeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy öz içine alýar. Daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlawlary göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu ugurda döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, milli kanun çykaryjylygy täze derejä çykarmak esasy iş bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn çykyşynda ýokarda agzalan ugurlary kanunçylyk taýdan goldamak üçin zerur bolan anyk çäreleri belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň halkara hem-de parlamentara işinde daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri, halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi maksada gönükdirip dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar. Anyk syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljege, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli bolan ynsan gymmatlyklaryna esaslanýan bu işde biziň taýýarlan, halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepämiz işjeň durmuşa geçirilýär.

Şu işleriň çäklerinde 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan halkara çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmeli, Türkmenistanyň Milli Geňeşi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde maý aýynda meýilleşdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, şeýle hem şu forumyň çäklerinde Zenanlaryň dialogyny ýokary derejede geçirmegi üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu ýyl Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilýändigini ýatlatdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki çärelerini geçirmegi göz öňünde tutmak, Esasy Kanunymyzyň hem-de onda beýan edilen kadalaryň we düzgünleriň mazmunyny giňden düşündirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bu çärelerini ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu seneleriň hormatyna halkara we döwlet derejesinde maslahatlary, sergileri, forumlary, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi hem meýilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzy ösdürmegiň täze zamany bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kadalaryny we düzgünlerini täze zamanyň ruhuna we talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek meseleleri barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini, konstitusion kanunçylygyň kadalaryny we düzgünlerini ýene-de bir gezek jikme-jik öwrenmek aýratyn möhümdir. Şu meselede döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hukuklaryna, borçlaryna we ygtyýarlyklaryna gaýtadan seretmek şol teklipleri taýýarlamakda esasy soraglar bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurdumyzyň sebitleriniň täze üpjünçilik ulgamlary döredilýär, telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, importy çalyşýan önümleri artdyrmak boýunça işler çaltlandyrylýar. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly, möhüm ugurlara uly ähmiýet berilmelidir.

Ösüşiň täze zamanynyň şertlerinde biz öz öňümizde ýurdumyzyň sebitlerini depginli ösdürmek wezipesini goýduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ähli welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň ilaty bilen netijeli işlemegi ýola goýmak zerurdyr. Şu maksat bilen iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň göçme mejlislerini geçirmegi göz öňünde tutmak, ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna guramaçylyk hem-de usulyýet kömegini bermek wajypdyr.

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz saýlawçylar bilen hemişe gatnaşykda bolmaly, şeýle hem raýatlaryň hatlaryny, ýüztutmalaryny we tekliplerini yzygiderli öwrenmeli, olar bilen jemgyýetçilik kabul edişliklerini geçirip, adamlaryň gündelik durmuşy hem-de islegleri bilen gyzyklanmaly diýip belledi. Şeýle hem kanunlaryň kadalaryny we döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň maksadyny düşündirmek işini dowam etmek zerurdyr.

Sebitleri depginli ösdürmegi üpjün etmek geljekde hem ýurdumyzyň Hökümetiniň işiniň esasy ugry bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Hususan-da, şu işiň çäklerinde häzirki özgertmeleri nazara alyp, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Goranmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigi bellenildi.

Häzirki zaman şertlerinde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek soraglary demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Kiber jenaýatçylyga, internet serişdelerini ulanmak bilen amala aşyrylýan jenaýatçylyga, maglumatlary goramak babatdaky jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns bermek möhümdir.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetde özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak meselelerine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde biz ylma esaslanan ykdysady syýasaty alyp barýarys, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini giňeltmäge aýratyn üns berýäris, ýurdumyzda öndürilen harytlar bilen içerki bazary doly üpjün etmegi möhüm hasaplaýarys, şoňa görä-de, bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, biz, elbetde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam ederis, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp bararys diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sebitiň we Ýer ýüzüniň möhüm ulag-logistika merkezine öwürmegiň gazylyp alynýan baýlyklaryň çig mal känlerini senagat taýdan işläp geçmegi mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Şeýlelikde, senagaty ösdürmek ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ykdysady, telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Gümrük we «Salgytlar hakyndaky» bitewi kanunlar ýaly kanunçylyk namalaryny, maýa goýum işini düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup durýar. Bu ulgam, ilkinji nobatda, ähli raýatlaryň durmuş taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şeýle-de ol ýaş we köp çagaly maşgalalara, ene-atasyny ýitiren çagalara, weteranlara we döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara goldaw bermek üçin ýeňillikleri göz öňünde tutmaga hem-de döwletiň we jemgyýetçilik serişdeleriniň hasabyna goşmaça goldaw bermäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, adamlaryň bu toparlaryna ýeňillikler we goldaw bermek göz öňünde tutulýan, hereket edýän kadalarydyr kanunçylyk namalaryny seljermek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerine ünsi çekip, bu ulgamda hem giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde geljekde bu ulgamda amala aşyrmak göz öňünde tutulýan çäreleri beýan etdik. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýarys. Aýratyn hem, dürli keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, milletiň genofonduny gorap saklamak boýunça bu guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Biz bu ugurda eýýäm kanunlary we kararlary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Biz «COVID-19» ýokanjynyň ýüze çykarylan ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit guramasy, şeýle hem ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalar we döwletler bilen bilelikde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça meýilnamalaýyn işleri geçirýäris.

BSGG we bu guramanyň Ýewropa sebit edarasy bilen ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň çäklerinde koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamak, öýken çişme kesellerine garşy göreşmek boýunça sebit usulyny döretmek babatda teklipleri berdik.

Şeýle hem biz BSGG düzüminde ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça merkezi döretmek barada teklibimizi berdik.

Merkezi Aziýa sebitiniň tebigy-ekzogen aýratynlyklaryny nazara alyp, Merkezi Aziýa boýunça wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdük diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň öňe süren bu ylmy-lukmançylyk diplomatiýamyzy halkara parlament jemgyýetçiliginde giňden ýaýratmak we oňa parlament goldawyny bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda Milli Geňeşiň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Milli Liderimiz zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek barada durup geçip, ýurduň ösüşiniň ýokary derejesini gazanmakda zähmet kanunçylygynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Sebäbi adam öz zähmeti bilen maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, jemgyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär. Şoňa görä-de, her bir adamyň zähmet çekmäge hukugyny berjaý etmek we durmuşa geçirmek, ony hukuk taýdan üpjün etmek maksady bilen, zähmet kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşlar syýasatyna ünsi çekip, biziň döwletimizde ýaşlar, ösüp gelýän nesil barada uly alada edilýändigini, olaryň bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, zehinlerini ösdürmekleri, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde özüni ykrar etdirmeklerine gönükdirilen, durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çärelerini öz içine alýan döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Ýaşlary giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, guramaçylyk ukyplary bolan adamlar edip terbiýelemek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Geçen ýyl biz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassykladyk. Biziň döwletimiz ýaşlaryň jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin mundan beýläk-de ähli şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary ýaşlaryň arasynda bolup, olaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak we eziz Watanymyzyň geljegine has jogapkärli garamaklary üçin zerur işleri geçirmelidir. Zerur bolsa, bu ugurdaky kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirip durmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokary derejeli milli türgenlerimizi taýýarlamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet syýasatyna ünsi çekdi.

Bu ulgamy maddy-tehniki taýdan üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny hem berkidýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu maksat bilen 2020-nji ýylda «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdik şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassykladyk. Alnyp barylýan işleriň netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýä we halkara derejede sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Türgenlerimiz halkara sport çärelerinde uly üstünlikleri gazanýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy we kanun çykaryjylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Olar jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, bedenterbiýäniň we sportuň peýdasy hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň ähmiýeti barada ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmalydyrlar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça-da maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilýän işleriň hukuk esasyny döretmek, sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem kiber howpsuzlyk, elektron resminamalar, elektron resminama dolanyşygy we sanly ulgamyň hyzmatlary bilen bagly kanunlar kabul edildi. Dünýä bir duran ýerinde durmaýar. Sanly ulgam hem günsaýyn ösýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Milli medeniýet halkyň kalby hem-de ruhy baýlygydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli mirasymyzy goramak, baýlaşdyrmak, dünýäde wagyz etmek, geljek nesillere ýetirmek üçin zerur işleri geçirmäge, medeni diplomatiýamyzy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygyny nygtady. Şonuň netijesinde, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty we dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa biziň dünýäde alyp barýan giň gerimli medeni we ylmy diplomatiýamyzyň aýdyň netijeleridir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde Aşgabady ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna «Dizaýn» ulgamy boýunça girizmek, «Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny», «Türkmen keçe sungatyny», «Türkmen demirçilik senedini», «Türkmen tazysyny we elguş sungatyny», «Türkmen milli göreşini» hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli çäreler geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO derejesinde baýram edilip bellenýän şanly seneleriň sanawyna girizmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, orta mekdepleriň käbirini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, zerur bolan halatynda bu ulgamda hukuk gatnaşyklaryny-da düzgünleşdirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerine geçip, bu ugurda amala aşyrylan işleriň ähmiýetini belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ministrlikler we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alyp baran sazlaşykly işleriniň netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, obasenagat toplumynda hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän häzirki zaman kanunlarynyň birnäçesi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge we ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Sebäbi bu toplum ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden önümleri öndürmek arkaly azyk bolçulygy döredilýän pudaklaryň biridir. Toplum ýurdumyzyň senagat pudagyny çig mal serişdeleri bilen üpjün edip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini öndürýär, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Obasenagat toplumynyň köptaraply mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, biz bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça hem degişli işleri geçirmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, durmuş bizden ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görmegi talap edýär. Bu häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmakda örän möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hökmünde Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirip, dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny halkara tejribä laýyk getirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, toplanan tejribä laýyklykda, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary yzygiderli girizip durmak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu işler bilen bir hatarda, degişli pudaklar boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kämilleşdirmegi hem üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biziň döwletimiz ýaş nesiller barada yzygiderli alada edip, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Şoňa görä-de, çagalaryň hukuklaryny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň we milli kanunçylygyň örän möhüm ugry bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Çagalaryň bähbitlerini iň gowy derejede üpjün etmek, olaryň erkin we deň ösmekleri, hukuklaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin şertleri döretmek maksady bilen we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, dünýä tejribesinden ugur alyp, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň işleri boýunça toparlarynyň işini kämilleşdirmek babatda hem zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Adalat ministrligine degişli edaralaryň gatnaşmaklarynda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagy utgaşdyrmak işini alyp barmagy tabşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Mätäje ýardam we goldaw bermek biziň halkymyzyň häsiýetiniňdir aň-düşünjesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz jana-jan milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir.

Milli edebiýatymyzda we taryhy resminamalarda hem muny tassyklaýan köp sanly mysallar bar. Siz taryha ser salyp görüň: Togrul beg Alp Arslany, Görogly beg bolsa Öwezi ogullyga alýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bolsa, şeýle setirleri bar:

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Beýik akyldar şahyrymyzyň bu wesýetleri türkmen jemgyýetinde hemişe berjaý edilip gelindi. Şoňa görä-de, çagalar barada hemmetaraplaýyn alada etmek, olaryň beden we aň-düşünje taýdan kadaly ösmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglygy goraýşa hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly milli däplerimizi dowam edip, biz bu soraglary durmuş syýasatymyzyň möhüm ugry hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu tagallalar, ilkinji nobatda, ata Watanymyzyň ykbaly, mynasyp we ýagty geljegi üçin biziň çekýän ýokary jogapkärçiligimizden gelip çykýar. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, biz Haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Gazna öz işini Türkmenistanyň enelik we çagalyk hakyndaky hereket edýän kanunyna, beýleki hukuk namalaryna berk laýyklykda amala aşyrýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki 150 orunlyk çagalar bagyny, 120 orunlyk ýatylýan binany we sagaldyş merkezini öz içine alýan Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gaznanyň howandarlygynda işlär. Tutuş toplumda terbiýelenjek howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Häzirki döwürde bu ynsanperwer däpler çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk taýdan kepillendirmeler toplumyny öz içine alýar. Şeýle hem çagany jemgyýetde öz ornuny tapmaga hem-de durmuşda özbaşdak ýaşamaga taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar.

Gazna döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalara jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede we adalatly gatnaşmaga hukugy üpjün edip gelýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerde okamagy, ýörite sport hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalar ýalňyz goýulmaýar. Dürli sebäbe görä ata-eneden mahrum bolan çaga barada, ilkinji nobatda, onuň ýakyn garyndaşlary, eger olar ýok bolsa, daşkyrak garyndaşlary alada edýär. Hiç hili garyndaşy bolmadyk çaganyň bolsa, ýaşulularyň maslahaty bilen oba arçyny aladasyny edip, ony maşgalalaryň birine berkidýär. Şeýlelikde, perzentlige alan maşgala şol çagany özüniňki bilen deň görýär.

Şular ýaly ýeňil bolmadyk soraglary, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen bagly soraglary çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi işleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Geňeşiň esasy wezipesi Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmekde gazna hemmetaraplaýyn ýardam bermekden, howandarlyga mätäç çagalara kömek etmekden ybaratdyr.

Ýaşulular Geňeşiniň agzalary dürli soraglara, şol sanda ene-atanyň howandarlygyndan galan çagalary perzentlige almak, olara at we familiýa bermek bilen bagly soraglara hem seredýär we sereder. Olara şu soraglar boýunça anyk çözgütleri kabul etmek üçin ygtyýarlyklar berler. Şu meselede ýaşulular Türkmenistanyň kanunlaryny we milli däp-dessurlarymyzy goldanar.

Netijede, bu çagalarda özleri baradaky hemmetaraplaýyn aladany duýmaga we jemgyýetimizde mynasyp orunlaryny tapmaga mümkinçilik bolar.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri ýurdumyzdaky, şeýle hem zerur bolanda beýleki döwletlerdäki degişli lukmançylyk edaralarynda bejergä mätäç çagalary bejermek üçin bölünip berler. Elbetde, gaznanyň howandarlygynda çagalary terbiýelemek, olaryň ýörite orta, ýokary bilim almaklary, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi bilen bagly soraglar hem döwletimiziň hemişe üns berýän meselesi bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gazna öz raýatlarymyz, dürli kärhanalardyr firmalar gatançlaryny yzygiderli geçirýärler, gazna birnäçe nähoş çaganyň çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary üçin eýýäm töleg geçirdi diýip belledi. Şu ýerde men zähmet hakynyň belli bir bölegini haýyr-sahawat üçin geçirmegiň türkmeniň umumy ykrar edilen milli aýratynlyklarynyň biridigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa türkmen medeniýeti bilen tanyş ähli adamlara mälimdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň işini giňelderis we kämilleşdireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze eýýamyň talaplaryndan ugur alyp, geljekde kanun çykaryş işiniň ýokarda sanalyp geçilen ugurlary boýunça oýlanyşykly işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň esasynda, kanun çykaryş işini alyp barmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça 2022 — 2027-nji ýyllar üçin Konsepsiýany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwür bir duran ýerinde durmaýar, çalt özgerýär. Durmuş biziň ählimizden aýgytly hereket etmegi, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri amala aşyrmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berip, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, öňde uly we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi, ol ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Geňeşiň iki palatasynyň hem agzalary bilen duşuşyp, möhüm meseleler boýunça pikir alyşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler, döwlet Baştutanymyzyň taryhy ähmiýetli başlangyçlary Türkmenistanyň okgunly ösüşine gönükdirilendir.

Bular barada aýtmak bilen, G.Mämmedowa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde geljekki nesilleriň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we şunda milli ruhy gymmatlyklar saklanylýar hem-de ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzy geljekki 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisiň Başlygy şu günki duşuşykda 2022-nji ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenilendigini, eneligi we çagalygy goramak, köp çagaly hem-de ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermek ýaly meselelere möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk işini halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň şu ýylyň dowamynda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriniň we geçirilmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak boýunça wezipeleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Mejlisiň deputatlarynyň kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, adamlaryň zerurlyklaryny, isleg-arzuwlaryny öwrenmek hem-de ýerli döwlet häkimiýetiniň edaralary bilen bilelikde durmuş-ykdysady wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, bilimli, ylymly, zehinli, Watanymyza we halkymyza wepaly ýaşlary terbiýelemek boýunça alyp barýan işleriniň döwlet Baştutanymyzyň gymmatly öwüt-ündewleri hem-de döwrüň talaplary hasaba alnyp amala aşyrylýandygyna aýratyn üns çekildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçysy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimize Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek baradaky düzgünnama gol çekendigi üçin ýurdumyzyň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirip, Mejlisiň deputatlarynyň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda öňde durýan wezipelere garamak üçin şu günki duşuşygyň guralandygy, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmek ugrunda alnyp barylýan syýasat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Maksatnamada kesgitlenilen wezipeleriň Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, döwletimiziň durnuklylygynyň üpjün edilmegini, milli döwletlilik ýörelgeleriniň geljekki nesillere ýetirilmegini we her bir raýatyň bähbitlerini goramak ýaly beýik maksatlaryň amal bolmagyny öz içine alýandygy hem-de olaryň hereket edýän milli kanunçylykda möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy.

Adam hukuklaryny goramak, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegi, ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny pugtalandyrmak, ilatyň saglygyny goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, maşgala goldaw bermek, bilimi, medeniýeti ösdürmek, sebitleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly ösüşini höweslendirmek, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki ugurlar boýunça geçirilýän işler garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli üns berilýändigi nygtaldy.

Şol bir wagtda milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygaryna daýanyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk döwlet syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir diýip, K.Babaýew sözüni dowam etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary bellenilen wezipeleriň ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyna hem-de ösüşine gönükdirilendigini aýdyp, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde geljekde hem Watanymyzyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan özgertmelere mynasyp goşant goşjakdyklaryna, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň, içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň jemini jemläp, täze taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny ýene-de bir gezek belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Mejlis bilen bilelikde netijeli işini dowam edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydygyny nygtady.

Bu bolsa ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça nobatdaky netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berer, döwletiň we jemgyýetiň işiniň kämil binýadyny döretmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň durmuş taýdan abadançylygyny gazanmaga şert döreder diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz siziň bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň 2022-nji ýylda alyp barmaly işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk. Milli Geňeşiň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Adamzat jemgyýetiniň we taryhynyň ösüşinde gazanylan sepgitler, milli mirasymyz, döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda türkmen halkynyň häzirki tejribesi nazara alnyp, işlenip taýýarlanan garaýyşlaryň we ynsanperwerlik kadalarynyň toplumy biziň döwletlilik doktrinamyzdyr. Şu parasatly kadalara eýermek bilen, häzirki türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň, ynsanperwer hem-de adalatly jemgyýetiň barha berkeýändigini belledi.

Häkimiýet edaralarynyň düzüminiň adam hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de goramak boýunça işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki Türkmenistan demokratiýanyň mizemez kadalary, kanunyň agalyk etmegi, raýat agzybirligi we bitewüligi esasynda depginli ösýär. Bu bolsa biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda öz beýanyny tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

«Halkyň Arkadagly zamanasynda» biz bu işleri täze görnüşde, has ýokary derejede, geçmişiň üstünliklerine we häzirki döwrüň ajaýyp ýeňişlerine daýanyp, dowam ederis. Ýagty geljegimize nazar aýlap, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap kuwwatly ösüşini we bagtyýarlygyny üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary täze taryhy döwürde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda ähli tagallalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegini hem-de olaryň bähbitlerini deň derejede üpjün etmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirmelidir diýip belledi. Şol kanunlar ýurdumyzyň hukuk ulgamyny berkitmegi we kämilleşdirmegi, halkara guramalar hem-de dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine almalydyr.

Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Garaşsyz döwletimiziň sebitlerini ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny giňeltmek we goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipelerdir. Ilat üçin elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bolsa örän möhüm meseledir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle esasda kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň şahalarynyň alyp barýan syýasaty bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmäge borçly edýär. Bu syýasat halkymyzyň ertirki güne ynamyny artdyryp, eziz Watanymyza buýsanjyny we guwanjyny has-da ýokarlandyrar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça 2022-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň öz öňlerinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirip, olara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. “Biz ýokary buýsanç, geljege berk ynam, ajaýyp maksatlar bilen mundan beýläk-de has belent sepgitlere ýeteris. Sebäbi, biziň ýurdumyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan we abadançylygyň ülkesidir!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

02.03.2022