Täzelikler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýet we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan goldamak babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. 

                                                                   

Halkara tejribäni öwrenmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri degişli döwlet edaralary bilen bilelikde, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen çagalaryň hukuklary boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiren maslahatlaryna, beýleki duşuşyklara we okuw sapaklaryna gatnaşdylar. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary şu günler gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýygnamakda zähmet çekýän oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, olaryň iş we durmuş şertleri bilen tanyşýarlar, öz saýlaw okruglarynda ýerleşýän edara-kärhanalarda, guramalarda, okuw mekdeplerinde halk köpçüligi bilen duşuşyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, halkara başlangyçlaryny, kabul edilen täze Kanunlaryň kadalaryny düşündirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, raýat institutlaryny pugtalandyrmaga we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen işleriň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini belledi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň häzirki ýagdaýlaryna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen meýilnamalaýyn işleri dowam etdirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze meýilnamasyny taýýarlamak işlerine gatnaşýarlar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ýurdumyzyň sebit we halkara ähmiýetli tagallalarynyň yzygiderli häsiýete eýediginiň, toplumlaýyn çäreleriniň netijelidiginiň subutnamasydyr. Halk Maslahatynyň agzalary şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasyny we içeri syýasatyny wagyz etmek hem-de düşündirmek boýunça yzygiderli işleri geçirýärler, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow giň gerimli we oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän sebit, ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän parlamentara diplomatiýanyň ösdürilmegine ünsi çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow maliýe-ykdysady, bank ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini okgunly ösdürmäge, gözegçilik edýän toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ilata hödürlenilýän degişli döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň iri möçberli durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol taslamalaryň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet hem-de milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçiligiň möhümdigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, ýerli we ýurdumyzda işleýän halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri hasaba alyndy. Halkara serginiň işine ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň işjeň ilerledilmegi babatda uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda netijeli tejribe alyşmagy, maýa goýumlary çekmäge ýardam bermegi, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolan halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de ekerançylyk meýdanlarynda suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär, kabul ediş harmanhanalarynyň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam edýär, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny ulanmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýurdumyzda bugdaý we pagta hasylynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepek, sarun we künjara, degişlilikde, önüm öndürijilere paýlanylyp başlandy. 

                                                                   

Oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek hem-de suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, häzirki wagtda Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti we onuň garamagyndaky “Türkmensuwylmytaslama” instituty tarapyndan ýurdumyzda suwuň ýitgisini azaltmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Suw howdanlarynda, olaryň akabalarynda abatlaýyş we arassalaýyş işlerini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine ünsi çekdi we gündelik hem-de meýilleşdirilen oba hojalyk çäreleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň ähmiýetini nazara almak bilen, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işleri guramaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryndaky suwaryş akabalaryny arassalamaga, suwy rejeli peýdalanmaga, oba hojalyk işlerinde öňdebaryjy tejribäni we ylmyň gazananlaryny netijeli ulanmaga degişli meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda, halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlar bilen haryt dolanyşygynyň hem-de ulag gatnawlarynyň artdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň kuwwatyny görkezmek üçin degişli düzümler bilen bilelikde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak we ony enjamlaşdyrmak, bezeg işlerini amala aşyrmak babatda, şeýle-de beýleki guramaçylyk işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini halkara bileleşige giňden görkezmäge, dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini nygtady we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilýän bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek göz öňünde tutulýar. “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini nygtap, bäsleşige hödürlenilýän işleri seçip almaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol işler derwaýyslygy we çeperçilik taýdan gymmatlygy bilen tapawutlanmalydyr, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki ösüşini beýan etmelidir, ýaşlaryň watançylyk, estetiki terbiýesine goşant goşmalydyr. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni we beden taýdan sazlaşykly ösüşi bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hödürlenen resminamalara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, bu ugurda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly strategik maksatlaryň kesgitlenendigini, ugurdaş kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli ugurdaş edaralar bilen bilelikde birnäçe çäreler guraldy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, habarlar agentlikleriniň saýtlarynda köp sanly makalalar ýerleşdirildi. Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda “Halkara habarlar” internet gazetiniň elektron nusgalary yzygiderli ýerleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly dürli çäreler geçirildi. Şu işleri dowam etdirmek maksady bilen, media ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şol sanda hyzmatdaşlygyň ugurdaş şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli teklipler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda degişli Ähtnamalara hem-de Ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesi bilen gatnaşyklary alyp barýarlar. Şeýle-de goňşy we dünýäniň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny, döwletimizde bolup geçýän möhüm wakalary, amala aşyrylýan iri taslamalary, halkymyzyň baý medeniýetini giňden şöhlelendirmek hem möhüm ugur bolup durýar. Şunda dünýäniň media giňişliginde ulanylýan iň täze usullary öwrenmek we olary milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine ornaşdyrmak derwaýys hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmek, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara habarlar giňişligine goşulyşmagynyň, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary hem-de içeri syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we möhüm wakalar, durmuşa geçirilýän iri taslamalar, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine öňdebaryjy sanly multimedia tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilmelidir, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň media giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan ýygymlary we tölegleri bellemek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda täze we durky täzelenen awtomobil ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçirilmegini seljermek zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle-de hasabatyň dowamynda döwrüň talaplary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alynmagynyň tertibini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamynda ähli işleri täzeçe görnüşde utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Maglumat tehnologiýalarynyň ählumumy ösüşi bilen deň gadam urmak üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak zerurdyr. Halkara tejribeden ugur almak bilen, pudaga häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň ugurlaryny ornaşdyrmak, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlaryny giňeltmek, internet hyzmatlaryny elýeterli etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

21.10.2022
Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, suw akabalarynyň arassalanylmagyny, ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegini hem-de olaryň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. 

                                                                   

Obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp, şu ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda bar bolan suw hojalyk desgalaryny talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň zerurdygyny belläp, olara degişli seljermeleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary peýdalanmakda Türkmenistanda uly tejribe toplanandygyny bellemek gerek. Biziň ýurdumyz suw hojalyk desgalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri esasynda gurak çöllük zolagy şertlerinde obasenagat önümçiliginiň netijeliligini görkezýär. Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ylmynyň degişli ugry zeý akabalarynyň suwlaryny peýdalanmak, ýerüsti suwaryşyň agrotehnikasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek wezipeleriniň, suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine uly goşant goşýar. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet toparynyň ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekmegi hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Obasenagat toplumynda iň täze tehnologiýalara hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine esaslanmak bilen, Türkmenistan suwuň her bir damjasyny rejeli sarp etmek üçin suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy ugur edinýär. Suw howdanlarynyň sygymlylygyny artdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Munuň özi suwuň ätiýaçlyk gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu işler geljegi nazarlamak esasynda geçirilip, esasan-da, gyş-ýaz möwsüminde ýurdumyzyň suw üpjünçiliginiň ygtybarly binýadyny goýmaga, howanyň ählumumy üýtgemeginiň hem-de gurakçylygyň mümkin bolan oňaýsyz täsirlerini peseltmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän syýasatdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ägirt uly suw desgasynyň gurulmagy netijesinde zeý suwlaryny toplamak we Garagum sährasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän “Garaşor” çöketligine ugrukdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Baş şor suw akabasy we onuň Daşoguz şahasy bir bitewi ulgama birikdirildi. Netijede, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, zeý suwlarynyň Amyderýa akmagynyň, öri meýdanlary suw basmagynyň öňi alynýar. Şunuň bilen birlikde, suwuň ätiýaçlyk gorlary döredildi, olary tebigy şertlerde arassalamak hem-de häzirki zaman tehnologiýalary arkaly oba hojalyk pudagy, şol sanda täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak we tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar. 

                                                                   

Türkmenistan suw serişdelerinden, serhetüsti suwlardan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna uly üns berilýär. Biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri gorap saklamak we peýdalanmak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky ähmiýetli çäre boldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda: “Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy bolup durýandygyny, häzirki ýaşaýan onlarça million adamyň hem-de geljek nesilleriň ykbalynyň, tutuş sebitiň durnuklylygynyň, abadançylygynyň bu serişdeleriň adalatly, oýlanyşykly ulanylmagyna baglydygyny beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi berkitmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, kabul ederlikli, adalatly çözgütleri gözlemek ugrunda çykyş edýärler” diýlip bellenilendigini ýatlatmak ýerlikli bolar. 

                                                                   

Bu, hakykatdan-da, innowasion häsiýetli “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy gorap saklamak bilen baglanyşykly ählumumy wezipeleriň çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Bu taslama Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de bu ugurdaky beýleki halkara ylalaşyklaryň kadalaryny doly berjaý edýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ähli welaýatlarda täze suw desgalary ulanmaga berilýär. Bu möhüm ulgamda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Muňa “Ýylgynagyz” suw göteriji toplumy aýdyň mysal bolup biler. Bu desganyň ulanmaga berilmegi Amyderýanyň ýokarky akymynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini düýpli gowulandyrdy. Öz nobatynda, Zähmet — Türkmengala akaba desgasynyň durkunyň düýpli täzelenmegi Mary welaýatynyň Murgap jülgesinde ýerleşýän etraplarynyň ekin meýdanlaryny suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda oba hojalyk dolanyşygyna girizilen ýene bir suw hojalyk desgasy 25 müň gektara golaý ýeri suw bilen üpjün edýär. 

                                                                   

Diýarymyzyň dag eteklerindäki sebitlerinde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen kiçi suw howdanlaryna hem uly ähmiýet berilýär. Munuň özi sil suw akymlarynyň ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, olaryň emele gelmegini öňünden duýdurmaga, toplanan suw serişdelerini ilatyň hojalyk zerurlyklary, ekin meýdanlaryny suwarmak, üzümçiligi ösdürmek hem-de agaç nahallarynyň zolaklaryny döretmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, şolar ýaly emeli suw howdanlary Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Gozgançaýyň boýunda guruldy. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da suwuň ätiýaçlyk gorlaryny saklaýan suw howdanlary yzygiderli gurulýar. Olar suw akymlaryny bellenilen ugurlar boýunça bökdençsiz akdyrmagy üpjün edýär. 

                                                                   

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Lebap welaýatynda Garagum derýasynyň baş sakasynda sygymlylygy 4 milliard kub metre deň bolan täze suw howdanyny gurmak boýunça taslama işleri ýerine ýetirilip, bu desganyň suwasty akabasy gurulýar. Mundan başga-da, Garagum derýasynyň boýundaky Hanhowuz hem-de Murgap derýasynyň kenaryndaky Saryýazy suw howdanlarynyň sygymlylygynyň artdyrylmagy suw gorlaryny döretmäge, olary pasyllar boýunça netijeli paýlamaga, ekin meýdanlarynda has zerur bolan döwre çenli olary saklamaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda sygymlylygy 18 million kub metre deň bolan, Garagum derýasyndan alynýan suwy toplamak hem-de bu sebitde ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin niýetlenen suw howdany ulanmaga berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw diplomatiýasyny hem-de ekologik abadançylygy parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi. Suw hojalyk meseleleriniň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, toplumlaýyn esasda çözülmegi döwlet Baştutanymyzyň suw strategiýasynyň esasy ugrudyr. 

                                                                   

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň Merkezi Aziýa üçin suw ulgamynda halkara meýilnamalary amala aşyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Türkmenistan iri forumlarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hem-de GDA-nyň sammitlerinde çykyş etmek bilen, BMG-niň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky teklibi görkezmek bolar. Bu merkeziň netijeli işini üpjün etmek üçin türkmen tarapy zerur düzümleri hödürlemäge taýýardyr. Şeýle-de Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bar. Biziň ýurdumyz şol başlangyçlary öňe sürmek bilen, Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdeleriniň peýdalanylmagynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, özara hormat goýmak we sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak esasynda amala aşyrylmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik guraly hökmünde garalýan suw diplomatiýasy suw serişdeleriniň gorlaryny emele getirmek we olaryň çeşmelerini dikeltmek, oýlanyşykly, rejeli sarp etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli gepleşikleriň geçirilmegi üçin mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň suw hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplandyklaryny bellemek gerek. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem şaýatlyk edýär. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak hem-de rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

                                                                   

Ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleri boýunça halkara gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şunda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, Aral deňzi hem-de bu sebitde ekologik ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara toparyň döredilmegi ýokarda agzalan ugurlarda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biridir. Bu Konsepsiýada Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça milli derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi. Ol ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegi, suw serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar. Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, ýörite senagat zolagyny döretmek, şol sanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýer serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak, onuň işini pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş etmek bilen, Aral meselelerine çemeleşmelerinde-de şeýle ýörelgeleri ugur edinýär. Şunda biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy beýleki döwletler, ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, Täjigistanda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda we beýleki iri forumlarda öňe süren oňyn başlangyçlaryny giňden goldady. Türkmenistanyň şol forumlarda beýan eden teklipleri örän anyk häsiýete eýedir. Adamlaryň hakyky zerurlyklary, sebit ösüşiniň maksatlary we hyzmatdaşlygy bilen baglanyşdyrylandyr. Şolaryň hatarynda Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak; Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek; BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek; Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna goldaw bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak; daşky gurşawy goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde ýerine ýetirmek we birnäçe beýleki çäreler baradaky başlangyçlary görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 23-nji aprelinde dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmagy hem-de çykyş etmegi suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, olar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi meselelerine degişli wezipeleri çözmekde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýan türkmen döwletiniň belent abraýynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda: «Biziň bu ugurdaky garaýşymyz düýpli we yzygiderlidir» diýip belledi. «Türkmenistan suw-energetika meseleleri: birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir diýip hasap etdi we hasap edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýörelgeleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe boljakdygyna, tutuşlygyna halkara bileleşigiň suw meselelerine çemeleşmelerinde ulanyljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryny, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryny, Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryny, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyny, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki iri düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejesinde onlarça maksatnamalardyr taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

Türkmenistan şeýle giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirmekde suw meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlykda milli derejede geçirilýän degişli işlere mäkäm daýanylmagynyň zerurlygyndan ugur alýar. Olar biri-biriniň üstüni ýetirýän, aýrylmaz baglanyşykly tagallalardyr, şunda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga, toplanan tejribäniň giňden alşylmagyna we peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir. 

                                                                   

Türkmen halky köpasyrlyk taryhyň dowamynda durmuşyň dowam etmeginiň esasy kepili bolan suwa gymmatly hazyna hökmünde garapdyr. Suwy aýawly peýdalanmak boýunça ýörelgeler nesilden-nesle geçirilipdir, onuň her bir damjasy altyn dänesine deňelipdir. Häzirki wagtda suw pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdeleriniň netijeli we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. 

                                                                                                           

(TDH)

20.10.2022
2022-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň bellenip geçilen sentýabr aýy hem jemgyýetçilik-syýasy we işewürlik babatda, aýratyn-da, halkara gatnaşyklar ulgamynda ýokary işjeňlige eýe boldy. «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen köp sanly çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Mähriban halkymyzyň ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, suw joşmasyndan ejir çeken dostlukly Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, 5-nji sentýabrda Karaçi şäherine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda iberilen ýük baryp gowuşdy. Şol ýük derman serişdelerinden, derman senagaty we dokma harytlaryndan, dürli azyk önümlerinden ybaratdyr. 

                                                                   

5-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat güýz paslynyň ilkinji aýynyň möhüm wakasy boldy. Onda daşary ýurtly kärdeşler bilen baglaşylan halkara resminamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de geljekki meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini we özygtyýarly ösüş ýyllarynda amala aşyrýan parahatçylyk dörediji syýasatyny giňden wagyz etmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda dürli ýurtlardan bolan hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly gatnaşyjylar — iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriň, teleradiokompaniýalaryň, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň işini bellediler. Şonuň netijesinde Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler giňişleýin beýan edilýär. Munuň özi tutuş dünýä ägirt uly ykdysady kuwwaty, baý medeniýeti hem-de aýawly saklanýan täsin ruhy mirasy bolan döwlet hökmünde Türkmenistany täzeden açmaga mümkinçilik berýär. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi guraldy. 

                                                                   

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, aýratyn-da, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasy hem-de Medeni we miras gaznasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigi hem-de dürli halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy. Şeýle-de energetika, ulag, logistika, medeniýet, bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

7-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda, hususan-da, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini rejeli ulanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şol gün Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde türkmen wekiliýeti “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” strategik dialogynyň ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna gatnaşdy. Onuň esasy maksady sebit howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de energetika, ulag geçelgeleri, logistika, söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlar, medeniýet we ylym ulgamlarynda geljekki gatnaşyklary ýola goýmak boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama hem-de 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy kabul edildi. 

                                                                   

Forumyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Duşuşyklarda halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de dürli ugurlar, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

7-8-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Taraplar gatnaşyklary, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk, dokma we derman senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýeňil awtoulaglary, oba hojalyk, durmuş tehnikalaryny bilelikde öndürmäge, ulag-logistika gatnaşyklaryny, şol sanda iki döwletiň çägi boýunça üstaşyr ýükleriň daşalmagyny höweslendirýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge, deňiz portlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly halkara ulag geçelgeleri boýunça ýükleriň daşalmagyna gyzyklanma bildirdiler. 

                                                                   

8-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan bin Abdulrahman Al-Marşadyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda, gazhimiýa senagatynda, oba we suw hojalygynda, saglygy goraýyşda özara bähbitli maýa goýum hyzmatdaşlygyna degişli meselelere garaldy. 

                                                                   

8-9-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşige agza döwletleriň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň “Parlament liderligi: durnuklylygy we abadançylygy has netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” atly mowzuk boýunça 14-nji sammiti geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, BMG, Parlamentara Birleşik, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de 17 ýurduň parlamentleriniň 120-den gowrak wekili gatnaşdylar. 

                                                                   

Forumda parlamentleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler, hususan-da, pandemiýa zerarly ýüze çykan çökgünlik ýagdaýlarynda gender deňligini kepillendirmek, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek, ykdysadyýetleri dikeltmekde zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

12-13-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparynyň Baku şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda iki döwletiň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

12 — 16-njy sentýabr aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň energetika we infrastruktura ministri, Abu-Dabiniň portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň Baş direktory, “Masdar” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. 

                                                                   

Şeýle hem BAE-niň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň Baş direktorynyň orunbasary, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol müdirliginiň ýolbaşçylary, Dubaý şäheriniň hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk müdiriýetiniň Baş direktorynyň orunbasary, BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň dolandyryjylary bilen gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda deňiz, demir ýol, howa ulaglaryny, hususan-da, port düzümini ulanmak bilen bagly meselelere garaldy. Mundan başga-da, biržada awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy ulgamynda, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda, biržada gymmatly kagyzlary ulanmakda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

13-nji sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika hem-de oba hojalygy, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

                                                                   

14-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Ösüş maksady bilen işi utgaşdyrmak boýunça müdiriýetiniň sebit direktory hanym Gwi-Ýop Son bilen geçirilen duşuşygyň barşynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyrmak işinde tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. 

                                                                   

15-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Halkara zähmet kadalary departamentiniň başlygy hanym Dipa Rişikeş ýolbaşçylyk etdi. 

                                                                   

Taraplar ençeme ýylyň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn ylalaşyklara goşulmagy bilen bagly meselelere degip geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Zähmet Guramasyna “Türkmenistanda kanunçylyk özgertmeleri: mejbury zähmete ýol bermezlige hem-de gadagan etmäge degişli kanunçylygyň syny” atly resminamany taýýarlandygy üçin hoşallyk bildirildi. 

                                                                   

21-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly möhüm strategik taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda döwlet Baştutanymyzyň Permanyna we Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. 

                                                                   

26-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow bilen geçirilen duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklaryny, hususan-da, infrastruktura we ýol gurluşygy, gämigurluşyk, şähergurluşygy, senagat, energetika, söwda, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şeýle hem 26-njy sentýabrda türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň 2022-nji ýyl üçin ygtyýarly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy ählumumy derejede sanlylaşdyrmak boýunça esasy halkara gurama bolup durýar. Ygtyýarly maslahat her dört ýyldan ýolbaşçylary saýlamak, onuň 4 ýyllyk strategik we maliýe meýilnamalaryny kabul etmek, elektroaragatnaşyk we maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalary ulgamyndaky syýasaty, ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilýär. 

                                                                   

Şol gün Polşanyň ÝHHG-de başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilen adam ölçegi boýunça Warşawa maslahatynyň esasy mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti Beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça kanunçylyk, institusional, administratiw çäreleriň kabul edilýändigi nygtalýar. 

                                                                   

25-nji sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk ulgamlarynda, himiýa senagatynda hem-de maliýe-bank pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

29-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen dürli ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ahyryna çenli Aşgabatda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. 

                                                                   

30-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sentýabr aýynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň syny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan täze üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezýär. Ýurdumyz açyklyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini berkidýär. 

                                                                                                           

(TDH)

19.10.2022
Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürýär

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy, ykdysady durnuklylygyň saklanmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýadyň kemala getirilmegine gönükdirilen strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy. Häzirki wagtda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini, aýdyň görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de, ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi. 

                                                                   

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň, obýektiw umumydünýä ýagdaýlaryna we çylşyrymlylyklara garamazdan, durnuklylygyny hem-de ösüşini saklap galýandygyny belledi. Biziň özara gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýeti olary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygyna we geljegine umumy düşünmegimiz, oňyn, ylalaşykly jogaby talap edýän dünýä hem-de sebit gün tertibiniň täze ýagdaýlaryna oňat düşünmek bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlary GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzindäki port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmak teklip edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy gün tertibi baradaky meselä degip geçip, ýakynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamynda birnäçe başlangyçlary öňe sürendigini ýatlatdy. Bu başlangyçlar biziň tutuş Arkalaşygymyz üçin hem wajypdyr. Gürrüň, hususan-da, dürli ýagdaýlarda we görnüşlerde ýüze çykýan açyk, gizlin wehimler barada barýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek we diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň türgenleri üçin hem açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamak teklibi öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan tejribäni, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýarlyk beýan edildi. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşdy. Şunda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu duşuşygynyň esasynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynda goýlandygyny bellemek möhümdir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, soňky döwürde dünýä geosyýasatyndaky ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini belledi. Munuň özi BMG-niň we beýleki esasy institutlaryň netijeliligine täsirini ýetirýär. Döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär. Gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňelýär. Nygtalyşy ýaly, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňüni alyş çäreleriň möhümdigini belläp, dört sany esasy ugra ünsi çekdi. 

                                                                   

Birinjiden, biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak; ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm wehimlerinden, kiber we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek; üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna ýalan düşünjeleriň we ahlak ýörelgeleriniň emeli ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek; dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak. 

                                                                   

Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini nygtap, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda owgan meselesine, parlamentara gatnaşyklar, ykdysady, medeni, bilim we sport boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere degip geçdi. Şeýle-de hemişelik hereket edýän “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşindäki işewürler düzümini döretmek we geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak baradaky teklipler beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz sebitde yklym ähmiýetli üstaşyr ulag ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns çekip, Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebit we sebitara görnüşlerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerinde işjeň hem-de başlangyçly orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary hem-de gymmatly goşandy üçin “Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy” atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglandy. 

                                                                   

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. 

                                                                   

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, energetika, ulag ulgamlarynda, senagat taýdan goşulyşmakda, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, ekologik meseleler, şol sanda Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak baradaky meselä garamagy teklip etdi. Türkmen we gazak halklarynyň meşhur şahyrlarynyň, akyldarlarynyň — Magtymguly Pyragynyň, Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliklerini, degişlilikde, Astanada we Aşgabatda ornaşdyrmak boýunça meselä gaýdyp gelmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. 

                                                                   

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” Milli telekeçiler edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy-nyň ösüşi barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň arasyn-da kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmek we ulanmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça toplumlaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasaty öwreniş institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Aşgabat, Türkmenistan) bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda meýiller hakynda Ähtnamanyň hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Bu resminamalara-da şu saparyň barşynda gol çekildi. 

                                                                   

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek, oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, ulag-kommunikasiýalar ulgamynda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikler strategik häsiýete eýe bolan hem-de iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berer. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu asylly däpler mynasyp dowam etdirilip, many-mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. 

                                                                   

Mejlisde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar, 16-17-nji noýabrda bolsa Daşoguz welaýatynyň merkezinde Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ugurdaş ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanyşlary barada giňişleýin hasabat berildi. 

                                                                   

Ginnesiň rekordlar kitabynyň agzalarynyň bu ýerde bolup, 500 diňleýjä niýetlenen okuw maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändikleri habar berildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy okuw maslahatyna pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň, bu ugurda ylmy işleri alyp barýan oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz merkeziň çäginde gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalarydyr çyzgylary bilen tanşyp, desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakyljakdygyny belledi. Bulardan başga-da, hormatly Arkadagymyza merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň gümmezleriniň görnüşleri, köp gatly jaýlarda oturdyljak häzirki zaman liftleriniň aýratynlyklary, şeýle-de Akhan atly bedewiň heýkeli we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly taslamalar, degişli çyzgylar görkezildi. Şolaryň hatarynda täze merkeziň ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, täze metjidiň ýanynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň görnüşleri, lukmançylyk edaralarynyň enjamlarynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar, çyzgylar bar. 

                                                                   

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda we tabşyrygy boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň saglygyny dikeltmek bilen, ýurduň baýlygyny artdyrmaga, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmaga saldamly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. 

                                                                   

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. 

                                                                   

Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde, Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi geçirildi. Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Forumdaky çykyşlarda Aşgabadyň ösdürilmeginiň, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzüminiň kämilleşdirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmeginiň möhümdigi nygtaldy, şeýle-de bu ugurda gazanylan netijeler we geljekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal geçirildi. Bu giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Forumyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda milli medeni mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli we häzirki zaman lybaslarynyň görkezilişi, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary boldy. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen syýasy dialogy giňeldýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

                       


                                                                                                                                                   

Beýleki habarlar

                           

  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Ýurdumyzyň welaýatlarynda                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Astana duşuşyklary: arkalaşan dag aşar                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Pikirler, garaýyşlar                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Milli keşdeçiligiň taryhyndan                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmen kepderisi                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Agyr atletikaçylarymyzyň yklym ýaryşyndaky üstünlikleri                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Etrekde zeýtun bar...                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Kadalary berk berjaý ediň!                                                                                       

                                                   5 sagat öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türk­me­nis­tan we Ga­za­gys­tan stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny gi­ňelt­diler                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Hatlar, habarlar                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Resmi habar                                                                                       

                                                   1 gün öň                                            

  •                                                                                                                                                
  •                                                                                            Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy                                                                                       

                                                   1 gün öň                                           

18.10.2022
Türk­me­nis­tan we Ga­za­gys­tan stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny gi­ňelt­diler

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler 

                                                                   

 As­ta­na — Aş­ga­bat, 15-nji okt­ýabr (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de As­ta­na­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Bu gep­le­şik­ler dost-do­gan­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň berk bin­ýa­dy­na, deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädime öwrüldi. 

                                                                   

Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, düýn hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz goň­şy ýur­duň paý­tag­ty­na gel­di we bu ýer­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne hem-de “Mer­ke­zi Azi­ýa — Rus­si­ýa” sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de iş­jeň orun eýe­le­ýän­di­gi­niň, se­bit we se­bi­ta­ra gör­nüş­de kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bu­la­ryň äh­li­si umu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. 

                                                                   

Mun­dan baş­ga-da, 13-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti As­ta­na­da ge­çi­ri­len Azi­ýa­da öza­ra gat­na­şyk­lar we yna­nyş­mak çä­re­le­ri bo­ýun­ça Mas­la­ha­tyň VI sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz bu hal­ka­ra dü­züm­de syn­çy­nyň de­re­je­si­ne eýe­dir. Ol öz öňün­de howp­suz­lyk we dur­nuk­ly­lyk, söw­da-yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar ul­gam­la­ryn­da, se­bit­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak we­zi­pe­si­ni goý­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bu Mas­la­ha­ty ös­dür­mek işin­de aja­ýyp hyz­mat­la­ry we gym­mat­ly go­şan­dy üçin “Azi­ýa­da öza­ra gat­na­şyk­lar we yna­nyş­mak çä­re­le­ri bo­ýun­ça Mas­la­ha­tyň 30 ýyl­ly­gy” at­ly bi­rin­ji de­re­je­li ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­lan­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. 

 Şeý­le-de 14-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­nyň As­ta­na­da ga­za­gys­tan­ly kär­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri ge­çi­ren­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne dür­li ul­gam­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öza­ra bäh­bit­li bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Gep­le­şik­le­riň ýe­ne-de bir me­se­le­si ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da, hu­su­san-da, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň uly tej­ri­be­si­ne eýe bo­lan gaz pu­da­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi bi­len bag­ly bol­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň, işe­wür to­par­la­ryň, şol san­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işe­wür dü­züm­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça gö­ni gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mu­nuň üçin ta­rap­lar kö­pu­gur­ly kuw­wa­ta eýe­dir. 

                                                                   

Şu gün — ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow As­ta­na­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­dä­ki Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­dy. Ir­den döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­dy­gär­lik top­lu­my ýer­le­şen “Wa­tan go­rag­çy­la­ry” meý­dan­ça­sy­na ta­rap ug­ra­ýar. Bu ýer­de Hor­mat ga­ra­wu­ly ny­za­ma dü­zü­lip­dir. 

                                                                   

 Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra­ly ýag­daý­da ýa­dy­gär­li­ge gül des­se­si­ni goý­ýar. 

                                                                   

Gül goý­mak da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýa­dy­gär­li­giň dö­re­dil­me­gi­niň ta­ry­hy we kom­po­zi­si­ýa aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar. Bu ýa­dy­gär­lik As­ta­na­nyň esa­sy gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­ny se­ýil­gäh we suw çüw­dü­rim­le­ri be­ze­ýär. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Akor­da” köş­gü­ne ta­rap ug­ra­ýar. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew mä­hir­li gar­şy­la­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­za­gys­ta­nyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­ýar. Bu ýer­de Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­ni ýur­du­my­zyň Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar­lar. 

                                                                   

Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew mün­be­re bar­ýar­lar. Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň ser­ker­de­si da­ba­ra­ly ýag­daý­da ha­sa­bat ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let se­na­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Iki döw­le­tiň Li­der­le­ri Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň ny­za­my­nyň öňün­den geç­ýär­ler. 

                                                                   

Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra, “Akor­da” köş­gün­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-ga­zak gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa ýüz­le­nip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy As­ta­na­da mü­bä­rek­le­ýän­di­gi­ne örän şat­dy­gy­ny bel­le­di. Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­niň nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň bu sa­pa­ry iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

                                                                   

Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­dä­ki işi­niň iki goň­şy ýur­duň ýa­kyn­laş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­läp, türk­men kär­de­şi­ne do­gan­lyk hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy hem-de mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu sa­pa­ryň dost­luk­ly goň­şy ýur­da il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da şu gün­ki ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm wa­ka hök­mün­de ga­ra­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­tap, Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­la­ny­na 30 ýyl do­lan­dy­gy­ny hem bel­le­di. Şol ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men-ga­zak hyz­mat­daş­ly­gy giň ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­di di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wi bu şan­ly se­ne bi­len gut­la­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de iş­jeň sy­ýa­sy gat­na­şyk­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň ge­çen ýyl Türk­me­nis­ta­na bo­lan sa­pa­ry­ny ýa­kym­ly­lyk bi­len ýat­la­ýar. Şu ýy­lyň iýun aýyn­da al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat­da Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri bi­len Ha­zar­da öza­ra gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge he­mi­şe uly üns ber­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň BMG-niň, beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de baş­lan­gyç­la­ry hem-de giň ge­rim­li tek­lip­le­ri iler­let­mek­de bi­rek-bi­re­gi he­mi­şe gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ba­bat­da ener­ge­ti­ka, ulag, se­na­gat taý­dan go­şu­lyş­mak, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar we söw­da ýa­ly stra­te­gik ul­gam­lar bi­le­lik­dä­ki işiň esa­sy ugur­la­ry ha­sap­lan­ýar. Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gin­de hu­su­sy ul­ga­myň kär­ha­na­la­ry hem äh­mi­ýet­li orun eýe­läp bi­ler­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ýa­kyn wagt­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk­da yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar he­mi­şe aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Bi­ziň halk­la­ry­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni umu­my­ly­gy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mi­ra­sy bo­lup dur­ýar we dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin berk bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, me­de­ni­ýet, ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga mun­dan beý­läk-de uly üns ber­ler. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu sa­pa­ryň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ni bel­läp, iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän şu gün­ki gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da bu mak­sa­da ýet­mek üçin uly ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wi özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na ge­lip gör­mä­ge ça­gyr­dy. Bu ça­ky­lyk ho­şal­lyk bi­len ka­bul edil­di. Sa­pa­ryň möh­let­le­ri dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly yla­la­şy­lar. 

                                                                   

Öza­ra yna­nyş­mak we iş­jeň ýag­daý­da ge­çen gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry­ny, bar bo­lan kuw­wa­ty hem-de uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, onuň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny anyk­laş­dyr­dy­lar. Şeý­le-de ta­rap­lar se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. 

                                                                   

Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de, iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di. 

                                                                   

Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy hem-de türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­ny ýe­ne-de bir ge­zek ga­zak top­ra­gyn­da tüýs ýü­rek­den mü­bä­rek­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na şu sa­pa­ry­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri dar dü­züm­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň has mö­hüm me­se­le­le­ri­niň, ony ös­dür­me­giň gel­je­gi­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny aý­dyp, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mi­ze­mez do­gan­lyk hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­ta­na il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­nyň şan­ly se­nä — iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­me­gi­niň çuň­ňur ma­ny­sy bar. Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň bel­leý­şi ýa­ly, şu ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ga­za­gys­tan we Türk­me­nis­tan kö­pa­syr­lyk dost­lu­ga, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, bi­te­wi me­de­ni, ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ra da­ýa­nyp, berk we saz­la­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­du­lar. Hä­zir­ki wagt­da şol gat­na­şyk­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

                                                                   

Iki ýur­duň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­de iş­jeň, öza­ra yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da­ky sy­ýa­sy gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­na bo­lan sa­pa­ry­ny mä­hir­li­lik bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny bel­läp, myh­man­sö­ýer­lik hem-de bi­le­lik­de iş­le­mä­ge äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Mu­nuň özi uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam et­di. Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç Berdimuhamedowa mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. 

                                                                   

Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ne de­gip ge­çip, şu gün bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ar­ka­ly öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň gel­je­gi­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew iki­ta­rap­la­ýyn me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, Ha­zar­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri ba­ra­da-da du­rup geç­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak hem-de türk­men ta­ra­py­nyň myh­man­sö­ýer­li­gi we fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti­niň üs­tün­li­ge eýe bo­lan­dy­gy nyg­tal­dy. Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny şu­lar ba­ra­da aý­dyp, türk­men kär­de­şi­ne ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­dir­di we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za söz ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan mä­hir­li ka­bul eden­di­gi, bi­le­lik­de iş­le­mek ba­bat­da aja­ýyp şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Me­niň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­ma bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da mö­hüm, tap­gyr­la­ýyn wa­ka hök­mün­de ga­ra­ýa­rys. Onuň esa­sy mak­sa­dy äh­li ugur­lar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan, tä­ze ýag­daý­la­ry hem-de ösü­şiň ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de we hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bit we äh­lu­mu­my ösü­şiň der­wa­ýys me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öz çe­me­leş­me­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň pi­kir­deş­ler hem-de jo­gap­kär­li hyz­mat­daş­lar hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da ga­ra­ýyş­la­ry ut­gaş­dyr­ma­gyň, ýurt­la­ry­my­zyň öňe sür­ýän tek­lip­le­ri­ni we baş­lan­gyç­la­ry­ny öza­ra gol­da­ma­gyň gu­ral­la­ry ýo­la go­ýul­dy. Biz Ga­za­gys­ta­nyň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk, se­bit me­se­le­si­niň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-de ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­la­ry gol­dan­dy­gy­ny, ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na hor­mat goý­ýan­dy­gy­ny min­net­dar­lyk bi­len bel­le­mek is­le­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mer­ke­zi Azi­ýa­da pug­ta pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ni iki ýur­duň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Ga­za­gys­tan Ha­zar deň­zin­de-de ýur­du­my­zyň goň­şu­sy bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ne ün­si çek­di. Eko­lo­gik ugur, şol san­da Aral me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar do­wam et­di­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy ýur­du­my­zyň iri yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy­dyr. Biz dür­li pu­dak­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne, Hö­kü­met we pu­dak­la­ýyn ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň top­la­nan tej­ri­be­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Ener­ge­ti­ka türk­men-ga­zak hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik ug­ry bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam­da bar bo­lan kuw­wat Ýew­ra­zi­ýa­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni iri ön­dü­ri­ji­ler we ibe­ri­ji­ler bo­lup dur­ýan ýurt­la­ry­my­za ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li, köp ba­bat­da tä­sin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­me­nis­tan — Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­rul­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Bu gaz ge­çi­ri­ji­niň bir bö­le­gi Ga­za­gys­ta­nyň çä­gin­den geç­ýär. 

                                                                   

Ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk hem iki ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan üs­tün­lik­li ös­me­gin­de, ola­ryň äh­lu­mu­my gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di. Bu ba­bat­da Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gu­rul­ma­gy oňyn hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­niň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ulag ul­ga­myn­da türk­men-ga­zak koo­pe­ra­si­ýa­sy­nyň hä­zir­ki wagt­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we goň­şy se­bit­le­riň ösü­şi­niň esa­sy güýç­le­ri­niň bi­ri, De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta, Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm şer­ti bol­ma­ly­dy­gy bel­le­nil­di. Iki ýur­duň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li tä­ze mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny şert­len­dir­ýär.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň umu­my ýag­da­ýy­nyň bi­le­lik­dä­ki iç­gin sel­jer­me­si­ni ge­çir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy­ny bel­läp, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň hä­zir­ki wagt­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­ma­ga, öza­ra ha­ryt ibe­ril­me­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ukyp­ly­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Türk­me­nis­tan­da we Ga­za­gys­tan­da kuw­wat­ly se­na­gat hem-de ag­rar bin­ýa­dy, döw­re­bap ulag dü­zü­mi dö­re­dil­di. Bu ýag­daý­lar öza­ra söw­da­ny, şol san­da ser­het­ýa­ka we se­bit söw­da­sy­ny gi­ňelt­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek üçin do­ly de­re­je­de ula­nyl­ma­ly­dyr. Se­na­gat taý­dan go­şu­lyş­mak­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, oba­se­na­gat top­lu­myn­da giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ra badalga bermek ze­rur­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­par öz iş­jeň­li­gi­ni gör­kez­me­li­dir. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da du­rup ge­çip, bi­ziň halk­la­ry­my­zyň di­ňe bir çäk taý­dan ýa­kyn­ly­gy bi­len däl, eý­sem, ha­ky­ky do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry, ta­ry­hy yk­bal­la­ryň umu­my­ly­gy bi­len bir­le­şen­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýyl­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni gu­ra­mak ba­ra­da­ky me­se­lä ga­ra­ma­gy tek­lip et­di. Şeý­le-de türk­men we ga­zak halk­la­ry­nyň meş­hur şa­hyr­la­ry­nyň, akyl­dar­la­ry­nyň — Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň, Abaý Ku­nan­ba­ýe­wiň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni, de­giş­li­lik­de, As­ta­na­da we Aş­ga­bat­da oturtmak bo­ýun­ça me­se­lä gaý­dyp gel­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy bel­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­lar hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, öza­ra hor­mat goý­ma­gyň, açyk­ly­gyň, yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň berk bin­ýa­dyn­da gu­ral­ýar, onuň yg­ty­bar­ly şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, yzy­gi­der­li du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri çalt we ne­ti­je­li çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň iki­ta­rap­la­ýyn do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge ägirt uly şah­sy go­şan­dy­ny aý­ra­tyn bel­läp, ga­za­gys­tan­ly kär­de­şi­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

 Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len Ga­za­gys­ta­nyň Da­şa­ry söw­da eda­ra­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň “Ata­me­ken” Mil­li te­le­ke­çi­ler eda­ra­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Äht­na­ma; “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­na­gat we inf­rast­ruk­tu­ra­la­ýyn ösüş mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­na­gat we inf­rast­ruk­tu­ra­la­ýyn ösüş mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da üs­ta­şyr ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şi ba­ra­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş, in­no­wa­si­ýa we ae­ro­kos­mos se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni pa­ra­hat­çy­lyk­ly mak­sat­lar bi­len öw­ren­mek we ulan­mak ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ösüm­lik­le­riň ka­ran­ti­ni ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet we sport mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­li­ýe mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; 2022 — 2024-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn Mak­sat­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň Stra­te­gik bar­lag­lar bo­ýun­ça yl­my mer­ke­zi­niň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Da­şa­ry sy­ýa­sa­ty öw­re­niş ins­ti­tu­ty­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty (Aş­ga­bat, Türk­me­nis­tan) bi­len Aby­laý han adyn­da­ky Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we dün­ýä dil­le­ri ga­zak uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma­nyň; Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da me­ýil­ler ha­kyn­da Äht­na­ma­nyň hem iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu res­mi­na­ma­la­ra-da şu sa­pa­ryň bar­şyn­da gol çe­kil­di. 

                                                                   

Ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma gol çek­ýär­ler. 

                                                                   

Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iki ýur­duň Li­der­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler. 

                                                                   

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti met­bu­gat we­kil­le­ri­niň öňün­de çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ga­za­gys­ta­na il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­na iki ýur­duň mun­dan beý­läk-de ýa­kyn­laş­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­niň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedow dün­ýä ösü­şi­niň örän çyl­şy­rym­ly hem-de jo­gap­kär­li döw­rün­de ýur­da ýol­baş­çy bol­dy. Şu çyl­şy­rym­ly dö­wür­de hut Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedowa hä­zir­ki za­ma­nyň äh­li we­him­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly ta­ry­hy we­zi­pe yna­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tu­tan­ýer­li ta­gal­la­la­ry­nyň we yzy­gi­der­li çä­re­le­ri­niň me­ýil­leş­di­ri­len öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, ýur­duň dur­nuk­ly ösü­şi­niň do­wam et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ne ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­nyl­dy, do­gan­lyk halk­la­ryň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi be­ýan edil­di. Bi­ziň mak­sa­dy­myz ýa­kyn ýyl­lar­da öza­ra söw­da­nyň möç­be­ri­ni 500 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­tir­mek­den yba­rat­dyr. Ýa­kyn gel­jek­de bu gör­ke­zi­ji­ni 1 mil­liard ameri­kan dol­la­ry­na çen­li ýe­ti­rip bi­le­ris di­ýip, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew aýt­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, gaz pu­da­gyn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ne iç­gin ga­ral­dy. Şun­da ge­çen ýyl­da bu ul­gam­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li yla­la­şyk­la­ry ga­zan­ma­gyň ba­şar­dan­dy­gy nyg­tal­dy. Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny “Ga­zak­gaz” we “Türk­men­gaz” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da türk­men ga­zy­ny sa­tyn al­mak ba­ra­da Şert­na­ma­nyň bag­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa bu tas­la­ma­nyň iler­le­dil­me­gi­ne hut özü­niň ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. 

                                                                   

Biz uzak möh­let­le­ýin yla­la­şy­gy bag­laş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýä­ris hem-de ýyl­da sa­tyn alyn­ýan türk­men ga­zy­nyň möç­be­ri­ni 1,5 mil­liard kub met­re çen­li art­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­rys di­ýip, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew aýt­dy. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga gat­naş­ma­ga Ga­za­gys­ta­nyň taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. 

                                                                   

Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­niň bel­leý­şi ýa­ly, gep­le­şik­ler­de oba ho­ja­ly­gy pu­da­gy hyz­mat­daş­ly­gyň ýe­ne bir öza­ra bäh­bit­li ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Türk­men-ow­gan ser­he­din­de dä­ne sak­lan­ýan ter­mi­na­lyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ra aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­ga uly üns be­ril­di. Ta­rap­lar Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň do­ly kuw­wa­tyn­da peý­da­la­nyl­ma­gy üçin bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ýokarlandyrmagy yla­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ak­tau, Ku­ryk hem-de Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz port­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra go­şu­lyş­ma­gy çuň­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri aý­ra­tyn ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu ugur Ga­za­gys­tan bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şun­da Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di­ne çen­li tä­ze aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gu­rul­ma­gy giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

                                                                   

El­bet­de, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ga­za­gys­tan­da türk­men mil­li me­de­ni bir­le­şik­le­ri­niň hem-de mer­kez­le­ri­niň he­re­ket ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Ga­za­gys­ta­nyň ýa­kyn wagt­da As­ta­na­da we ýur­duň beý­le­ki şä­her­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni ka­bul et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. 

                                                                   

Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li ho­wa gat­naw­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kelt­me­giň üs­tün­de iş­le­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. 

                                                                   

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ta­rap­lar se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy­lar. Sö­zü­niň ahy­ryn­da Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew şu gün ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, türk­men kär­de­şi­ne Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ran­dy­gy üçin ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, il­ki bi­len, Ga­za­gys­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­ne myh­man­sö­ýer­lik we hoş­ni­ýet­li­lik, açyk­lyk, öza­ra yna­nyş­mak, dü­şü­niş­mek ýag­da­ýyn­da ge­çen ne­ti­je­li gep­le­şik­ler üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Bu me­niň Ga­za­gys­ta­na il­kin­ji sa­pa­rym­dyr. Sa­pa­ryň şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­si ta­rap­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp­dy­gy­na dü­şün­ýän­di­gi­niň, stra­te­gik türk­men-ga­zak hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len geçirilen duşuşyk iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry­nyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny, mu­nuň üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny do­ly tas­syk­la­dy. Biz äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň dur­nuk­ly ösüş we onuň mö­hüm ugur­la­ry bo­lan ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy, hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag gat­naw­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry­my­zy ut­gaş­dyr­ma­gy do­wam ede­ris. 

                                                                   

Dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka ba­bat­da gür­rüň, il­kin­ji no­bat­da, iki ýur­duň iri möç­ber­li ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­naş­ma­gy ba­ra­da bar­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da, il­ki bi­len, köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da he­re­ket ed­ýän Türk­me­nis­tan — Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gör­kez­mek bo­lar. Ýur­du­myz ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­mek­de türk­men-ga­zak hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Ulag ul­ga­myn­da kuw­wat­ly we döw­re­bap dü­zü­mi dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, hyz­mat­daş­lyk do­wam et­di­ri­ler. Bu dü­züm Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ulag ul­gam­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni hem-de bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň esa­sy ýol­la­ry­na çyk­ma­gy­ny üp­jün edip bi­ler­di. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň gün­do­gar ke­nar­ýa­ka­sy­nyň ug­ry bo­ýun­ça Hin­di um­ma­ny­na we Pars aý­la­gy­na çyk­ýan De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça Ga­za­gys­tan bi­len bi­le­lik­de iş­le­mä­ge taý­ýar­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. 

                                                                   

Ta­rap­lar Gün­do­gar — Gün­ba­tar, Azi­ýa — Ýew­ro­pa ugur­la­ry bo­ýun­ça üs­ta­şyr ulag we lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik gu­şak­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dy­rar­lar, se­bit we dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de, ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ryn­da gel­jek­ki hyz­mat­daş­lar bi­len iş­le­şer­ler. Şeý­le-de şu ýy­lyň iýun aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­tin­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar­da bi­le­lik­dä­ki iş­ler do­wam et­di­ri­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gep­le­şik­ler­de eko­lo­gik me­se­le­le­re, hu­su­san-da, Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga we kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn orun ber­len­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň bar­şy bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­da, öza­ra söw­da­ny, şol san­da ser­het­ýa­ka we se­bit söw­da­sy­ny gi­ňelt­mek we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, se­na­gat taý­dan go­şu­lyş­mak, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ra çyk­mak üçin ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­re ga­ral­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iş­jeň gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, gep­le­şik­ler­de me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp­dy­gy­nyň tas­syk­la­ny­lan­dy­gy­ny, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mek, döw­let­le­riň iki­sin­de hem ede­bi­ýat, sun­gat, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa iş­gär­le­ri­niň, aý­dym-saz to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­mek, sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak üçin äh­li ze­rur şert­le­ri üp­jün et­mek ba­ra­da yla­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­tan üçin do­gan­lyk ýurt, hoş­ni­ýet­li goň­şy we yg­ty­bar­ly stra­te­gik hyz­mat­daş­dyr. Ta­rap­la­ryň iki­si hem ys­ny­şyk­ly kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň halk­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat ed­ýän­di­gi­ne, ola­ryň ja­na-jan bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne, se­bit we hal­ka­ra iş­le­riň dur­nuk­ly­ly­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi­ne dü­şün­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we we Ga­za­gys­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­na tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­ni özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­gy­ran­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

Sö­zü­niň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­za­gys­ta­nyň hal­ky­na tüýs ýü­rek­den pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di. 

                                                                   

Be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­nyň hor­ma­ty­na Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan res­mi gü­nor­tan­lyk na­ha­ry be­ril­di. On­da iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry söz söz­le­di­ler. 

                                                                   

Sa­pa­ryň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “As­ta­na” hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­di. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mer­ke­ziň dü­zü­mi hem-de onuň işi bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Mer­ke­ziň esa­sy mak­sa­dy ma­li­ýe ba­za­ry ba­bat­da giň ge­rim­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek­den yba­rat­dyr. 

                                                                   

Işe­wür hyz­mat­daş­lyk üçin açyk meý­dan­ça bo­lup dur­ýan “As­ta­na” hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi özü­ne bir­nä­çe ugur­daş gu­ra­ma­la­ry we eda­ra­la­ry bir­leş­dir­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za mer­ke­ziň dü­züm­le­ri­niň işi­niň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da jik­me-jik gür­rüň be­ril­di. Şol dü­züm­le­riň ha­ta­ryn­da Ka­zy­ýet we Hal­ka­ra ar­bit­raž mer­ke­zi, Ma­li­ýe hyz­mat­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça ko­mi­tet, Ys­lam ma­li­ýe­si we Işe­wür­lik mer­ke­zi, “Ýa­şyl” ma­li­ýe mer­ke­zi bar. 

                                                                   

Eks­pat mer­ke­zi onuň dü­züm­le­ýin bö­lüm­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ol Ga­za­gys­tan­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­re de­giş­li hyz­mat­la­ryň be­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän “bi­te­wi pen­ji­re” ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýär. Bir­ža söw­da­la­ry za­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa “As­ta­na” hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi, onuň işin­de ula­nyl­ýan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­ra­da aý­dyň dü­şün­je al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän wi­deo­şe­kil gör­ke­zil­di. Şeý­le-de be­lent mer­te­be­li myh­man bir­ža­nyň işi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da san­ly we teh­no­lo­gik öz­gert­me­le­riň, ma­li­ýe-bank dü­züm­le­ri­niň top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, karz-pul ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň, hu­su­sy ul­ga­my hö­wes­len­dir­me­giň çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler ma­li­ýe ba­za­ry­nyň we gaz­na bir­ža­la­ry­nyň işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny ös­dür­mek, bank hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak üçin amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da ugur­daş in­no­wa­sion gu­ral­la­ry ke­ma­la ge­tir­mä­ge, de­giş­li mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, onuň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Bu­la­ryň äh­li­si da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar, şol san­da ab­raý­ly hal­ka­ra hem-de se­bit ma­li­ýe dü­züm­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow As­ta­na şä­he­ri­niň baş met­ji­di­ne ba­ryp gör­di. Bu tä­ze met­jit şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­man met­ji­diň bi­na­gär­li­gi­niň hem-de be­ze­gi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny, ola­ryň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ýer­lik­li­dir. Ýur­du­myz­da di­ne uý­ma­gyň er­kin­li­gi­ni üp­jün et­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Din­dar­la­ra her ýyl her bir mu­sul­man üçin mu­kad­des bo­lan haj par­zy­ny ber­jaý et­mä­ge ýar­dam be­ril­ýär. Met­jit­le­riň ys­lam dün­ýä­sin­de yl­myň we bi­li­miň il­kin­ji mer­kez­le­ri, jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň jem­le­nen ýe­ri bo­lan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de paý­tag­ty­myz­da, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gur­lan we gu­rul­ýan met­jit­ler öz­le­ri­niň bi­na­gär­lik çöz­gü­din­de mil­li bi­na­gär­li­giň, be­ze­giň iň go­wy däp­le­ri­ni jem­le­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, olar jem­gy­ýet­de ra­ýat yla­la­şy­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len pa­ra­sat­ly däp-des­sur­la­ry­nyň, öz­bo­luş­ly urp-adat­la­ry­nyň do­wa­mat­ly­ly­gy­na ýar­dam et­me­li­dir. 

                                                                   

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz As­ta­na şä­he­ri­niň Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­dy. Bu ýer­de iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry gal­dy­ryl­dy hem-de Hor­mat ga­ra­wu­ly ny­za­ma dü­zül­di. 

                                                                   

Ho­wa men­zi­lin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew mä­hir­li gar­şy­la­dy. Be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny ug­rat­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň hut özi bu ýe­re gel­di. Mu­nuň özi döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Bu ýer­de Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew mä­hir­li hoş­la­şyp, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne uly ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler hem-de iki ýur­duň dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, do­ly de­re­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek tas­syk­la­dy­lar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, özü­ne ga­raş­ýan uçar­da Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Aş­ga­ba­da çen­li uçu­şy ama­la aşy­ryp, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de gon­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.

17.10.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, onda ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere garaljakdygyny we beýleki käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bug gazan hojalygy, energetika, gaz, suw we jemagat hojalygy kärhanalarynyň 2022-2023-nji ýyllaryň gyş ýyladyş möwsüminde bökdençsiz hem-de howpsuz işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýyladyş möwsümine taýýarlygy, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlaglary geçirildi. Şeýle-de ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik togy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, ýurdumyzda hereket edýän gaz turbinalarynda, bug turbinalarynda hem-de dürli güýjenmeli elektrik geçiriji howa ulgamlarynda, dürli kuwwatlyklardaky transformator beketlerinde abatlaýyş işleriniň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Dürli howa şertlerinde esasy awtoulag gatnawly ýollarda ulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi. 

                                                                   

Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirildi. Hususan-da, degişli meýilnama, ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işleriň sanawy düzüldi, olary durmuşa geçirmegiň möhletleri kesgitlenildi. Şeýle-de “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýanynda we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýörite iş toparlary döredildi. Gyş möwsüminde sarp edijileri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin anyk çäreler görüldi. 

                                                                   

Soňra döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow pudakda güýz-gyş möwsüminde içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen yzygiderli hem-de ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Önümçilik desgalarynda abatlaýyş we düýpli bejergi işleri ýerine ýetirildi, ýöriteleşdirilen enjamlar tehniki taýdan gözden geçirildi hem-de degişli bölekler zerurlyga görä täzelenildi. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerlerde ugurdaş, hususan-da, ýyladyş enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna we ulanyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça degişli çäreler görülýär. 

                                                                   

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew pudakda güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Möwsümleýin çäreler bilen bir hatarda, maldarçylygy ösdürmek, iri şahly mallaryň baş sanyny we pudagyň önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak, iým binýadyny gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi habar berildi. Mallaryň ýyly we dok gyşladylyşyny üpjün etmek üçin alnyp barylýan çäreler barada-da hasabat berildi. Häzirki wagtda iým taýýarlamak we olary maldarçylyk hojalyklaryna ugratmak, gyş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Ilaty ter gök, miwe we beýleki oba hojalyk önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök we beýleki ekinleri ýygnap almak, olary bellenilen kadalara laýyklykda sowadyjy ammarlarda ýerleşdirmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, çörek bişirilýän we önümçilik bölümleriniň, ýyladyşhanalaryň, beýleki önümçilik desgalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň howpsuz ulanylyşyny üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreler geçirilýär. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda güýz-gyş möwsümi boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şäher häkimligi tarapyndan beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde 2022-2023-nji ýyllaryň gyş möwsüminde ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we ýylylyk bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada habar berildi. 

                                                                   

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligi tarapyndan binalar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, orta mekdepler, saglygy goraýyş desgalary, şeýle-de edara-kärhanalar ýylylyk bilen üpjün edilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny gyş möwsüminde elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin, elektrik beketlerinde, paýlaýjy elektrik geçirijilerde degişli işler geçirilýär. Aýazly günlerde awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, Jemagat hojalygy müdirligi tarapyndan doly taýýarlyk çäreleri görüldi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görlüşine degişli çäreler barada hasabat berdi. Welaýatda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň ýyladyş, energiýa, gaz üpjünçiliginiň degişli derejede işlemegi üçin zerur işleriň geçirilendigi, howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine seljerme işleriniň amala aşyrylandygy habar berildi. 

                                                                   

Welaýatyň çäklerindäki mekdeplerde, çagalar baglarynda, saglyk ulgamyna degişli binalaryň we desgalaryň ýyladyş ulgamy tebigy gaz bilen üpjün edilýär. Şeýle-de güýz-gyş möwsüminiň dowamynda ýyladyş desgalarynyň kadaly işledilmegi üçin elektrik we gaz beketleri gözden geçirilip, suw howdanlarynyň, suw göteriji enjamlaryň daşky örtükleri abatlanyldy. Ýyladyş ulgamlarynyň hem-de bug gazanlarynyň abatlaýyş işleriniň geçirilendigi, tehniki gözegçilik işleriniň amala aşyrylandygy, bug gazanlar, energetika, gaz, suw geçiriş we jemagat hojalygy kärhanalarynyň üznüksiz hem-de howpsuz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Öz nobatynda, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew gyş möwsüminde mekdepleriň, çagalar baglaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýyladyş, elektrik ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçiligi ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Welaýatyň ähli edara-kärhanalarynyň, orta mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň gazanhanalarynda we ýylylyk geçirijilerinde abatlaýyş işleri geçirildi, ýyladyş desgalary möwsüme doly taýýar edilip, häzirki wagtda kadaly işledilýär. Şeýle-de olaryň ýyladyş ulgamy, tebigy gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün edilýändigi we gündelik gözegçilikde saklanylýandygy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow ilaty ýylylyk elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, bu ugurdaky işleriň taýýarlanylan meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hususan-da, elektrik we gaz ulgamlary abatlanyldy, elektrik beketlerinde arassaçylyk işleri geçirildi, ýerlerde gaz hem-de elektrik enjamlary barlanyldy. Mekdeplerde, çagalar baglarynda, durmuş ugurly beýleki desgalarda ýylylygyň üpjün edilmegine gözegçiligiň ýola goýlandygy, zerurlyga görä, ýerlerde bejeriş-dikeldiş işleriniň ýerine ýetirilýändigi habar berildi. 

                                                                   

Welaýatyň agyz suw ulgamynda taýýarlyk işleriniň çäklerinde suw arassalaýjy desgalarda, suw howdanlarynda, eltiji we paýlaýjy suw geçirijilerinde möwsüme taýýarlyk işleri talabalaýyk alnyp baryldy. Häzirki wagtda welaýatyň ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär hem-de ilatymyzyň, edara-kärhanalaryň ýylylyk, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanylýar. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny, ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk, agyz suwy, şeýle-de welaýatyň etraplarynyň, şäherleriniň we şäherçeleriniň ilatyny elektrik energiýasy, gaz bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Sebitiň etrapdyr şäherlerinde bar bolan ýyladyş gazanlarynyň we ulgamlarynyň bejergi, abatlaýyş işleri geçirilip, olar möwsüme doly taýýar edildi. Elektrik we gaz beketleriniň ýyladyş enjamlarynyň abatlyk ýagdaýy gözden geçirildi, suw geçiriji ulgamlary abatlanyldy, olaryň işleýşine gözegçilik ýola goýuldy. Häzirki wagtda welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýyladyş ulgamy, ilatyň we edara-kärhanalaryň tebigy gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi kanagatlanarly ýagdaýda bolup, yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2022-2023-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ähli etraplarynda we şäherlerinde ýylylyk, gaz, suw, energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň öňdäki möwsüme doly taýýarlygy gözden geçirildi, ähli desgalaryň degişli derejede işlemegini üpjün etmek üçin olarda abatlaýyş işleri amala aşyryldy. Sebitde ýerleşýän ugurdaş düzümleriň, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işini degişli derejede saklamak üçin maksatnamalaýyn esasda çäreler görüldi. Häzirki wagtda welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýyladyş ulgamlary hem-de ilatyň, edara-kärhanalaryň tebigy gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi kanagatlanarly ýagdaýda bolup, gündelik gözegçilikde saklanylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gyş möwsüminiň ýetip gelmegi bilen, ilaty, ýaşaýyş-durmuş desgalaryny, kärhanalary we guramalary ýyladyş, suw, elektrik energiýasy, gaz hem-de beýleki jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmekde ähli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň zerurdygyny nygtady. Aýratyn-da, bu meselede mekdeplere, çagalar baglaryna we hassahanalara uly üns bermeli diýlip bellenildi we möwsüme öz wagtynda, talabalaýyk taýýarlyk görmek tabşyryldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň çözülmeginde ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, aýratyn-da, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň jogapkärçilik çekýändiklerini belläp, wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa hem-de onuň garamagyndaky düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, sarp edijileri nebit önümleri we gaz bilen üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary A.Ýazmyradowa, toplumyň we welaýatlaryň ýolbaşçylaryna ilatly ýerleri, halk hojalygynyň pudaklaryny suw serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle-de degişli gulluklar bilen bilelikde welaýat derejesinde barlag toparlaryny döredip, kärhanalarda hem-de edaralarda, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş desgalarynyň işleýşine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna wise-premýeriň we welaýat häkimleriniň ünsüni çekdi. Şunda möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işledilmelidir. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna güýz-gyş möwsüminde sarp edijilere elektrik energiýasynyň bökdençsiz iberilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi we elektrik stansiýalarynda möwsümleýin abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de raýatlar tarapyndan elektrik enjamlarynyň howpsuz ulanylmagy berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ähli degişli gulluklarynyň güýz-gyş möwsümindäki meýilnamalaýyn işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirmegi babatda görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede we radioda elektrik energiýasyny, tebigy gazy talabalaýyk ulanmak, ýangyn howpsuzlygy boýunça hünärmenleriň çykyşlaryny, “Türkmengaz” döwlet konserni, Energetika we Içeri işler ministrlikleri bilen bilelikde degişli wideoşekilleriň görkezilişini guramagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de möwsümiň dowamynda pudagyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda we okuw otaglarynda ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa, şeýle-de toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bilim we saglygy goraýyş edaralarynda, aýratyn-da, çagalar baglarynda, orta we ýokary orta mekdeplerinde ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýyladyş gazanlarynyň, energetika, gaz, suw hem-de jemagat hojalyklarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, olaryň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerine şäher, welaýat, şäherara ýollarda sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, obalaryň hem-de şäherleriň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi bilen bagly maliýe meseleleriniň wagtynda çözülmelidigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň 13-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammitiniň dowamynda bu maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary we gymmatly goşandy üçin “Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy” atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady. 

                                                                   

Täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Mejlisiň deputatlary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, Döwlet Maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini düşündirmek hem-de wagyz etmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň döredijilikli zähmetine gönükdirilen kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli parlamentiň wekillerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda alnyp barylýan işleri, daşary we içeri syýasatyny wagyz etmekde, düýpli özgertmeleriň many-mazmunyny düşündirmekde uly orun degişlidir. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy” atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlap, täze taryhy döwrüň wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda iş toparlarynda kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerine yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar, welaýatlary ösdürmek boýunça geçirilýän işler, ilatyň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin döredilýän şertler bilen ýerinde içgin tanyşýar. Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslama, şeýle-de onuň ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy, welaýatyň täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gündelik gurluşyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy hem-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin gymmatly maslahatlary berdi. Hormatly Arkadagymyz 7-nji oktýabrda metjidiň ýerleşjek ýerinde ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haky serişdeleriniň hasabyna toý sadakasyny berdi. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda dine uýmak erkinligi babatda beýan edilen kepillendirmeleriň ýurdumyzda berjaý edilýändiginiň subutnamalarynyň biridir. 

                                                                   

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýdylanda, şu ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Aziýa — Ýuwaş umman sebiti forumy boýunça wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda parlament derejesinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler, emele gelen kämil kanunçylyk ulgamynyň artykmaçlyklary we beýlekiler babatda geçirilýän çärelere garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň täze taryhy eýýamyň maksatlaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak hem-de halkara giňişlikde başlangyçlarymyzy ilerletmek işine goşýan goşandynyň wajypdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürilmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmek babatda, jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebit önümlerini ekologik talaplara laýyklykda saklamak işlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

“Türkmennebit” döwlet konserniniň degişli kärhanasynyň üsti açyk ýer ammarlarynda saklanýan ýangyç mazudynyň hapalanmagynyň, şeýle-de daşky gurşawa zyýan ýetirmeginiň we ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyç mazudyny polat çeleklerde saklamagyň maksadalaýyk boljakdygy barada habar berildi. Şu maksat bilen, dik polat çeleklerini satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebiti gaýtadan işleýän senagatyň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri çykarmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatlarda bugdaý ekişiniň, bugdaý ekilen meýdanlara mineral dökünleri bermek hem-de gögeriş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta ýygnap almak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan daýhan hojalyklarynyň we hususy önüm öndürijileriň döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alyp barýan işleri seljerilip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini netijeli ulanmak arkaly iri daýhan hojalyklaryny we hususy önüm öndürijileri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmakda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle-de wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Dabaralaryň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň ikinji we jemleýji tapgyry, şeýle-de döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň maddy we medeni mirasymyzy gorap saklamakdan hem-de dünýäde wagyz etmekden ybaratdygyny aýtdy. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işiniň ösdürilmegi, bu täsin tohumyň baş sanynyň artdyrylmagy şu babatda alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Diýarymyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan gurluşyk işlerini, senagatyň beýleki pudaklaryny, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli gurluşyk armaturasy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmegiň, onuň önümçilikde zerur bolan himiki serişdeler, oda çydamly materiallar hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üznüksiz üpjün edilmeginiň möhümdigi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleriň taslamalary hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabat diňläp, degişli toplumlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi we gurluşyk senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, onuň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň, gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaýyn düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, degişli düzümler tarapyndan bu ugurda talabalaýyk işler geçirilýär. Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman iş tejribesini hasaba alyp ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer serhetýaka söwda zolaklarynyň meýdany we ýerleşjek ýerleriniň çäkleri boýunça teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, doganlyk we dostlukly ýurduň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýratyn belledi. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanmagy hem munuň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly peýdalanmak arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, dostluk festiwalyny, özbek tarapy bilen ylalaşyga laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 16-17-nji noýabrda geçirmek teklip edilýär. Festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, doganlyk halklaryň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarynyň, filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde boljak döredijilik forumynyň gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ders bäsleşiklerine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda, 2020-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda”, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda II açyk halkara fizika internet olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çärelere ýurdumyzyň we Russiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara olimpiadalarda ýeňiji bolanlar dürli derejeli diplomlar bilen sylaglanylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunda bu ulgamda innowasion usullary ulanmagyň, işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň örän wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Ýaşlar syýasaty babatda döwlet syýasatynda kesgitlenen çäreleriň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Bu ugurda bellenilen wezipeleriň berjaý edilmegi ýokary ahlakly, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil nesilleri terbiýelemäge, ýaşlaryň häzirki zaman derejesindäki ýokary bilimleri almagy, olaryň döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, bilim ministri G.Ataýewa berk käýinç yglan edildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurdy Özbegistan bolup durýar. 

                                                                   

Özbek tarapy bilen bilelikde saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýedigini nygtady. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam etdirilip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda hem, BMG-niň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Ýokary, Hökümet we pudaklaýyn derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, onuň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew agentligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynda giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek we hereket edýän ulag geçelgelerini ösdürmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjek täze geçelgeleri döretmek, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegi hökmünde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag geçelgesi, logistik merkez hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyryp, bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini umumy bähbitler üçin peýdalanmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda pugtalandyrmakda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornuny dikeltmek uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz onlarça döwlet tarapyndan netijeli peýdalanylýan ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti barada aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.10.2022
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berdiler.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazarda tutup, bu ähmiýetli ekologik çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi merkeziň çäginde amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirer. Bu wezipäni oňyn çözmek üçin merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürelmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz germewleriň şekillerini synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyna, iň esasysy bolsa, olaryň uzak möhletleýin häsiýetde bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Gurluşyk işlerinde ulanylýan ähli serişdeleriň häzirki döwrüň talaplaryna we halkymyzyň milli ruhuna kybap gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden, täzeçil usullardan peýdalanyşlary barada giňişleýin hasabat berildi. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Ginnesiň rekordlar kitabynyň agzalarynyň bu ýerde bolup, 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň hem-de forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň agzalarynyň bu ýerde okuw maslahatyny guramaklarynyň ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýändigini aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy okuw maslahatyna pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň, bu ugurda ylmy işleri alyp barýan oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň çäginde bina edilen birnäçe häzirki zaman desgalarynyň we giň möçberli çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belledi. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we milli binagärlik aýratynlyklarynyň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr. 

 Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen ajaýyp Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp, dünýä rekordyny täzeländigini belledi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Akhanyň sarpasy belentde tutulýar, täze merkezde onuň hormatyna ajaýyp heýkel bina edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkezde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýandygy we döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, merkeziň birinji tapgyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesinde tamamlanmagy ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary hödürlendi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem gurluşyk işlerinde merkeziň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmegi barada aýdyldy. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. 

                                                                   

Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagynyň olaryň bitiren hyzmatlaryna sarpanyň nyşanyna öwrüljekdigini we beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirjekdigini belledi. Şunda B.Kerbabaýew, K.Gurbannepesow, G.Ezizow, A.Garlyýew, S.Ataýewa, M.Kulyýewa, M.Garryýew we beýlekiler ýatlanylsa, maksadalaýyk bolar. Bu meselede Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary bilen maslahatlaşyp, onuň kanunçylyk taraplaryna üns berilmelidir. 

                                                                   

Bu ýerde merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň gümmezleriniň görnüşleri, köp gatly jaýlarda oturdyljak häzirki zaman liftleriniň aýratynlyklary, şeýle-de Akhan atly bedewiň heýkeli we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly taslamalar, degişli çyzgylar görkezildi. Olaryň hatarynda täze merkeziň ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, täze metjidiň ýanynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň görnüşleri, lukmançylyk edaralarynyň enjamlarynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar, çyzgylar bar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz awtobus duralgalarynyň sowadyjylar bilen üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, duralgalaryň ýanynda gazet-žurnallaryň söwdasyny guraýan dükanlaryň bina edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi şäher ilatynyň täzelikler we döwrüň möhüm wakalary bilen tanyşmaklaryny üpjün eder. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alynmalydygyna ünsi çekdi. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgelerden ugur alynmagy esasy talap bolup durýar. 

                                                                   

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, aýratyn-da, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň liftleriniň oturdylmagy, lukmançylyk edaralarynyň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belledi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz metjidiň gümmeziniň görnüşlerini synlap, olaryň halkymyzyň milli ruhuna we asylly ýörelgelerine kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Akhan şaýolunyň ugry bilen ýola düşdi. Hormatly Arkadagymyz ýol ugruna yşyklandyryjy ulgamyň sütünlerini synlady we ady rowaýata öwrülen bedewiň heýkeliniň oturdylýan çatrygynda saklandy. Halkalaýyn ýoluň merkezinde bina edilýän heýkeliň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, Gahryman Arkadagymyz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli we uzak möhletleýin esasda bolmalydygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Umumy beýikligi 31 metr bolan binanyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde oturdylan Akhan atly bedewiň heýkeliniň beýikligi 9 metr bolup, onuň ýüzi täze şäheriň merkezine tarap bakyp dur. Gahryman Arkadagymyz bu görnüşde çuňňur many-mazmunyň bardygyny aýdyp, ajaýyp bedewiň şäher ilatyna mähir bilen garaýandygyny belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy heýkeliň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we onuň bir tarapyndaky boşluk ýerde häzirki zaman suw çüwdüriminiň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çarpaýa galan bedewiň belent başly suw çüwdürimi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirjekdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrar. Şol bir wagtyň özünde merkezde ajaýyp bedewiň heýkeli oturdylan halkalaýyn ýoluň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmelidir, onuň agşamky görnüşleri has-da özüne çekiji bolmalydyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň berkligine, olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi beýleki gurluşyklarda bolşy ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň uzak möhletleýinligini üpjün eder. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen Akhan atly bedewe goýýan sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň baş maksadynyň halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny ýokary hilli tamamlamak bilen baglanyşykly öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

17.10.2022
Hormatly Prezidentimiz GDA döwletleriniň we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitlerine gatnaşdy

Aşgabat — Astana, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna ugrady. 

                                                                   

 Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

                                                                   

Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini, çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, umumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar. 

                                                                   

Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan Arkalaşygyň mümkinçiliklerini ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldaýar, özara bähbitli gatnaşyklaryň üstüni häzirki döwrüň möhüm talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama geljegi nazara alyp, netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga mümkiinçilik berýär. Bu resminama Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi. 

                                                                   

Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, döwletara gatnaşyklary ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak, hoşmeýilli erk-islegiň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň dialogy, iň gowy tejribäni, oňyn pikirleri alyşmak esasynda guraýar. Bu ýörelgeler BMG-niň maksatlaryna hem-de Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen, dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk binýadyny emele getirmäge, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň ýurtlary we sebit boýunça goňşular bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. 

                                                                   

Şu sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde goşulyşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder... 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary Astana çenli uçuşy amala aşyryp, Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. 

                                                                   

Uçaryň öňünde belent mertebeli myhmany Premýer-ministr Alihan Smailow, Astana şäheriniň häkimi A.Kulginow we beýleki resmi adamlar, şeýle-de ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine bardy. 

                                                                   

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklygynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdylar. 

                                                                   

Sammitiň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, foruma gatnaşyjylar “Almaty” zalyna çagyrylýar. Şol ýerde dar düzümdäki duşuşyk geçirildi. 

                                                                   

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyk diýip yglan edip, ýygnananlary mübärekledi we şu duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi. Gazagystanyň Lideri Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan döwlet Baştutanymyza doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň çykyşynda, ilkinji nobatda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna şeýle möhüm we wekilçilikli duşuşyga gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi... 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda, ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe şu mejlisi gurandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik hem-de işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar, obýektiw umumydünýä ýagdaýlaryna we çylşyrymlylyklara garamazdan, meniň pikirimçe, durnuklylygyny hem-de ösüşini saklap galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň özara gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýeti olary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygyna we geljegine umumy düşünmegimiz, oňyn, ylalaşykly jogaby talap edýän dünýä hem-de sebit gün tertibiniň täze ýagdaýlaryna oňat düşünmek bilen şertlendirilendir diýip hasaplaýaryn. GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklaryň bize hyzmatdaşlygyň anyk we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, onuň güýçli taraplaryndan: hyzmatdaşlygyň tejribesinden, deňhukukly häsiýetinden, ýolbaşçylaryň jogapkärçiliginden, umumy taryhy tejribeden, çuňňur ynsanperwer gatnaşyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu ýagdaýlar diňe bir Arkalaşygyň döwletleri üçin däl, eýsem, goňşy ýurtlar we sebitler babatda-da özüne çekiji hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, geljekde möhüm, netijeli döwletara gural hökmünde GDA-nyň işjeňliginde oňyn orny eýeläp biler we eýelemelidir. Gürrüň, ilkinji nobatda, ykdysady, söwda, maýa goýum gatnaşyklary barada barýar. Entek biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň bu babatda doly derejede ulanylmaýandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Bu resminama biraz soň kabul edilen 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiň Strategiýasynyň esasyny düzüp, biziň hyzmatdaşlygymyza we işewür gatnaşyklarymyza täze itergi berdi. 

                                                                   

Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan ýakynlaşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girendigini kanagatlanma bilen belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň taslamalarymyza, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini giňeltmäge, täze kommunikasiýalary çekmäge degişli taslamalara goňşy sebitleriň goşulmagyny üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda, golaýda Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynda, şeýle-de BMG-niň howandarlygynda şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatda Hazarda köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň düýpli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmaga köp döwletler, ilkinji nobatda, Arkalaşyga goňşy ýurtlar gyzyklanma bildirýärler. Hazar ugry GDA-nyň geljekki meýilnamalarynda möhüm orun eýelemelidir, ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Türkmenistan Arkalaşygyň günorta ugrunda ýerleşýän ýurtlara — Owganystana, Eýrana we Pakistana gönükdirilen energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalarynyň başyny başlady hem-de olary amala aşyrýar. Hindi ummanyna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara çykmak arkaly olary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar bar. Şeýle taslamalara Arkalaşygyň döwletleri hem işjeň gatnaşyp bilerdi diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Munuň özi geljegi örän uly we bähbitli işdir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz geljekki hyzmatdaşlara bu taslamalar boýunça gatnaşyklaryň köptaraplaýyn guralyny işe girizmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle teklibiň olarda oňyn gyzyklanma we seslenme döretjekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklary, ygtyýarlyklary bermegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda bolsa, pandemiýa döwründe biziň işewür gatnaşyklarymyzyň depginini peselden kynçylyklary çalt ýeňip geçmek üçin döredijilikli işler talap edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Biziň mümkinçiliklerimize anyk göz ýetirmek hem-de geljegi kesgitlemek üçin garaýyşlarymyza täzeden seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmagy teklip etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary syýasy gün tertibi baradaky meselä degip geçip, ýakynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamynda birnäçe başlangyçlary öňe sürendigini ýatlatdy. Bu başlangyçlar tutuş Arkalaşyk üçin hem wajyp diýip hasaplaýaryn. Gürrüň dürli ýagdaýlarda we görnüşlerde ýüze çykýan açyk, gizlin wehimler barada barýar. GDA-nyň çäklerine ekstremistik we radikal elementleriň aralaşmagy, terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, bikanun hereketleriň beýleki görnüşleri, GDA-nyň käbir sebitleriniň içinde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi, maglumat tehnologiýalarynyň ýaramaz maksatlar bilen ulanylmagy, halklarymyzyň taryhy däplerine, binýatlyk gymmatlyklaryna garşy gelýän taglymlaryň daşyndan ornaşdyrylmagy şol howplaryň hataryndadyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Sanalyp geçilen wehimler bizden Arkalaşygyň gapma-garşylyklaryň meýdançasyna öwrülmezligini kepillendirýän netijeli goranyş gurallarynyň döredilmegini, berk, uzak möhletleýin, bölünmez howpsuzlyk ulgamyny döretmek boýunça çäreleriň görülmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda GDA-nyň halkara hukuk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň Daşary işler ministrliklerine degişli teklipleri taýýarlamaga girişmegi tabşyrmagy, şeýle-de ýörite gulluklaryň ugry boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip etdi. Biz bilelikde GDA-nyň giňişliginiň parahatçylyk we ösüş üçin töwekgelçiliklerden azat, durnuklylyk zolagy bolmagynda galmagyny gazanmalydyrys. 

                                                                   

Pandemiýa döwrüniň kynçylyklaryna garamazdan, biz medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklary dowam etdirdik diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ozalkysy ýaly, GDA-ny jebisleşdiriji şert bolmagynda galýar, ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sport hyzmatdaşlygy möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan iri halkara sport çärelerini guramak bilen, bu ugra uly üns berýär. Häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. 

                                                                   

Has takygy, diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň türgenleri üçin açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamagy teklip edýäris. “Dostluk oýunlary” möwsümleýin, ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup, ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilner. 

                                                                   

Utgaşdyryjy komitetiň maksatlary, düzümi, guramaçylyk ugurlary jikme-jik beýan edilen Tertipnamanyň taslamasyny işläp taýýarladyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň bu başlangyjyň goldanylmagyna bil baglaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan tejribäni, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyga pugta ygrarlydygyny tassyklady, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli başlyklyk edendigi üçin Gazagystan Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşan goşandy, işi netijeli utgaşdyrandygy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Mejlisiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Liderleri köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. 

                                                                   

GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary wezipesini GDA-nyň Baş sekretary wezipesi diýip atlandyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Sammite gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen çözgüde laýyklykda, öňümizdäki ýylda GDA-da Gyrgyz Respublikasy başlyklyk eder. 

                                                                   

Soňra Kongres merkeziniň “Astana” zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň barşynda geljekki bilelikdäki hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

                                                                   

Arkalaşygy ösdürmekde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň orny baradaky mesele hem içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Işlän döwründe Arkalaşyk parlamentleriň derejesinde özara gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde özüni görkezmegi başardy. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde Assambleýanyň işi anyk many-mazmun, täze taslamalar, işjeň tejribe alyşmak bilen baýlaşdyryldy. 

                                                                   

Ynsanperwer meseleleriň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda mowzuklaýyn ýyllary yglan etmek baradaky çözgütlere, şeýle-de Russiýa Federasiýasynda 2024-nji ýylda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky meselä garaldy. 

                                                                   

 Sammitde guramaçylyk meselelerine-de seredildi. 

                                                                   

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine sammitde beýan edilen, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary seljermek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak teklip edildi. Şeýle-de duşuşykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. 

                                                                   

 Günüň ikinji ýarymynda Kongres merkeziniň maslahatlar otagynda “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammiti geçirildi. 

                                                                   

Şunda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu günki duşuşygynyň esasynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynda goýlandygyny bellemek möhümdir. 

                                                                   

 Duşuşygyň öňüsyrasynda dostlukly ýurtlaryň altysynyň Liderleriniň resmi surata düşmek dabarasy boldy. 

                                                                   

 Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammiti açyp, belent mertebeli myhmanlara söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda, ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly, köpugurly hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şolaryň hatarynda döwletlerimiziň üstünlikli ösmeginiň, ykdysady, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň hem-de çuňlaşdyrylmagynyň, durmuş, ynsanperwer wezipeleri çözmegiň esasy şerti hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

                                                                   

Soňky wagtlarda dünýä geosyýasatyndaky ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini gynanmak bilen aýtmaly bolýarys. Munuň özi BMG-niň we beýleki esasy institutlaryň netijeliligine täsirini ýetirýär. Döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär. Gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňeýär. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda takyk, utgaşykly syýasy-diplomatik iş, ýörite gulluklaryň ugry boýunça sazlaşykly hyzmatdaşlyk, biziň ýurtlarymyza we raýatlarymyza parahatçylygy, asudalygy, döwlet esaslarynyň berkligine ynamy üpjün etmäge ukyply ygtybarly, uzak möhletleýin gorag gurallaryny döretmek üçin maglumat serişdelerini, jemgyýetçilik institutlaryny herekete getirmek talap edilýär. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda halkara guramalarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak, olary netijeli durmuşa geçirmek işinde jebisligi we bitewüligi gazanmak zerur bolup durýar. 

                                                                   

Sebit babatda öňüni alyş çärelerini, bolup biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň gurallaryny, munuň üçin bar bolan serişdeleri we tejribäni doly derejede ulanmagy zerur hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de anyk ugurlara ünsi gönükdirmegi teklip etdi: 

                                                                   

Birinjiden, biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak; ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm wehimlerinden, kiber we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek; üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna ýalan düşünjeleriň we ahlak ýörelgeleriň emeli ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek; dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak. 

                                                                   

Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini nygtap, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklylygyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirildi. Parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy möhüm meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Türkmenistandan owgan ugry boýunça çekilen demir ýollar bar. 

                                                                   

Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolýar, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma önümçiligi, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Şeýle-de ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygy, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak mümkinçiligi bu ulgamlarda esasy teklipleriň hatarynda görkezildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilnerdi. 

                                                                   

Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap, üstaşyr ulag, kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk ugurly gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak barada oýlanmak teklip edildi. 

                                                                   

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gün geçirilen mejlisinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işi baradaky maglumat diňlenildi. Onda bu möhüm guramanyň işi bilen baglanyşykly esasy ýagdaýlar bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Baştutanlarynyň sammiti bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýokary derejede birinji “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlamentara forumynyň hem-de biziň ýurtlarymyzyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilendigini nygtady. 

                                                                   

Parlamentara forum şu duşuşygy guramak üçin esas boldy diýip, döwlet Baştutanymyz ýöne, gynansak-da, şu gün bu wakalar barada aýdylmandygyny belledi. Şunda şeýle forumlaryň geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, bilelikdäki hyzmatdaşlygy hem-de özara gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan örän wajyp bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine pugta ygrarlydygyny, mundan beýläk-de döredijilikli gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady we şu duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň her birine bu işe uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

                                                                   

Ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny işläp taýýarlamagyň, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň, energetikada, senagatda, ulag-logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy saklamak we hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň wajypdygy aýdyldy. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň täze görnüşi Merkezi Aziýada gatnaşyklara itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa sebit döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider. 

                                                                   

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada syýasat, howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi hem beýan edildi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

15.10.2022
Innowasiýalar we halkara hyzmatdaşlyk ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarydyr

Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä bazarynda onuň ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekýär hem-de ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň uly islege eýedigini nygtaýar. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz iri nebitgaz ýataklaryna baýdyr. Şoňa görä-de, iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine, gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň giňeldilmegine, diwersifikasiýalaşdyrylan turbageçiriji düzümleriň kemala gelmegine, innowasion häsiýetli, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek hakynda Kararyna laýyklykda, geljek iki ýylyň dowamynda nebitiň goşmaça möçberleriniň çykarylyşyny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna ýakyn ýyllarda tebigy gazyň, nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz ýataklarynda ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, gaz geçirijileri çekmek işleri alnyp barylýar, Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak babatda degişli tagallalar edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmeginiň, bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtaýar. Amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertler döredilen Türkmenistan nebitgaz ulgamynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Häzirki güne çenli biziň ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, durmuş taýdan ähmiýetliligi hem-de ekologik taýdan howpsuzlygy esasy talap bolup durýar. 

                                                                   

Deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine daýanýan, iki dostlukly ýurduň we halklaryň milli bähbitlerine, ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar ýangyç-energetika toplumynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň uglewodorod känlerini, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy energetika döwleti hökmündäki derejesini has-da pugtalandyran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge hytaý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda türkmen “mawy ýangyjy” Hytaýa iberilýän gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligine esaslanýan XXI asyryň ägirt uly bu taslamasyny ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň berkidilmegine uly goşant diýip hasaplap bileris. Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz ýatagynyň ikinji nobatdakysyny özleşdirmek hem-de gaz geçirijiniň dördünji (D) şahasyny çekmek boýunça ýokary derejede ylalaşyklar gazanyldy. Bu gaz geçiriji ulanmaga berlenden soňra türkmen tebigy gazynyň HHR-e iberilýän möçberi ýylda 65 milliard kub metre çenli ýokarlanar. 

                                                                   

Tebigy gazyň tassyklanan gorlary babatda Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de Merkezi Aziýa sebitinde gazy daşary ýurtlara iberýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary olary dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň möçberini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedir. Bu energetika desgasy diňe bir türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin kuwwatly binýat bolar. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn-da, Owganystanda parahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer. 

                                                                   

“Dragon Oil” (BAE), “Petronas” (Malaýziýa), “Eni” (Italiýa) ýaly dünýä belli kompaniýalaryň Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de kenarýaka zolagynda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň esasynda üstünlikli iş alyp barmaklary ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdeleri özleşdirilýär. 

                                                                   

“Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Tatarystan Respublikasy) bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen bu kompaniýa bilen netijeli tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň derejesini saklap galmak maksady bilen, “Goturdepe” ýatagynda nebit çykarylyşyny artdyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça serwis hyzmatlarynyň berilmegini öz içine alýan goşmaça Ylalaşyk baglaşyldy. 

                                                                   

Şeýle-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň pudaklaýyn edaralarynyň bilelikdäki oňyn işlerini bellemek gerek. Şol hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgaz ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama; birnäçe deňiz ýataklary boýunça “Buried Hill” (Kipr), “ARETI” (baş edara binasy Ženewada ýerleşýär) kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyk bar. “Hazar” konsorsiumynyň düzüminde Gündogar Çeleken ýatagyny işläp taýýarlamaga gatnaşýan “Mitro International” kompaniýasy bilen hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. 

                                                                   

Energiýa serişdelerine barha artýan içerki talaby kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň ýurtda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllarda nebitgaz, nebithimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika, gurluşyk senagatyna degişli iri döwrebap kärhanalar, şol sanda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalar ulanmaga berildi. Ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli kysymly polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda gurlan Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawodyň nebit önümlerine isleg barha artýar. 

                                                                   

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi bu toplumyň paýyna düşýär. Toplumda ýokary oktanly etillenmedik awtomobil we uçar ýangyjy, yşyk we tehniki kerosin, suwuklandyrylan nebitgaz önümi, dizel ýangyçlarynyň birnäçe görnüşleri, çalgy ýaglary, polipropilen we elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy öndürilýär. 20 — 25 we 30 mikrometr galyňlygy bolan gaplama plýonkalarynyň, süýji-köke gaplanýan dürli galyňlykdaky polipropilen plýonkalaryň önümçiligi ýola goýuldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfaty ýaly önümleri öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda geljegiň ýangyjy hökmünde işlenilýän wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion bölegini ösdürmäge, eksportda ýokary goşulan bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Türkmenistan tebigy gazyň has çuň we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegine uly ähmiýet bermek bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna iberýän döwletleriň biri hökmünde ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eksportyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky işiň netijeliliginiň has-da ýokarlanmagyny gazandy. 

                                                                   

Pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň ekologik taýdan has arassa çeşmesi hökmünde tebigy gazyň ähmiýeti barha artýar. Biziň döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak babatda binýatlaýyn resminamalaryny, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. 

                                                                   

Şulardan ugur alyp, soňky ýyllarda Türkmenistan energetika howpsuzlygy meselesine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip, öňdebaryjy energetiki döwletleriň biri hökmünde maksada gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Her ýyl geçirilýän duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyza bildirilýän uly gyzyklanma şaýatlyk edip, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça şu ýylyň mart aýynda geçirilen halkara forum munuň subutnamasydyr. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. 

                                                                   

Utgaşykly görnüşde geçirilen forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, bu forum dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekillerini bir meýdança jemledi. Foruma gatnaşanlaryň wekilçilikli düzümi ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär. Dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmaklary ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty, deňhukukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklary hem-de energetika ulgamyndaky netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy nygtaldy. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenildi. 

                                                                   

Duşuşykda “Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri”, “Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny”, “Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular”, “Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi” ýaly mowzuklar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Forumdaky çykyşlarda tebigy serişdeleri özleşdirmekde Türkmenistanyň olary rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga, energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky degişli Kararnamalary bilen berkidildi. 

                                                                   

Aşgabatda geçirilen forumyň “Sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlisi şol bir wagtyň özünde Dubaýda geçirilen “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki ýurdumyzyň sergi bölüminde onlaýn tertipde görkezildi. “Ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly ösdürilmegi we ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy forumda garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, pudaga innowasiýalaryň we soňky işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň, bu ugurda amala aşyrylan tejribe-synag taslamalarynyň, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky taslamalaryň bu möhüm meseläni çözmäge ýardam berýändigi bellenildi. Iri nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri bu ulgamdaky täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşlary bilen çykyş edip, tejribelerini paýlaşdylar hem-de pudakda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen, onuň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasatyň anyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri we amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. 

                                                                                                           

(TDH)

14.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Sungatyň güýji adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýar

Türkmenistanda halkara festiwal geçirilýär 

                                                                   

 Türkmenabat, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler bilen parahatçylyk, dostluk we raýdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunda dünýä halklarynyň özara düşünişmegine ýardam berýän medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Ýurdumyz sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji we iri medeni merkezi bolmak bilen, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna çagyrýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilendigini bellemek ýerlikli bolar. Şeýle-de bu abraýly sanawa türkmen keşdeçilik, keçe sungatyny we türkmen demirçilik senedini girizmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Döredijilik forumynyň geçirilýän ýeri bolan Lebap welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň gadymy taryhyna we medeniýetine şaýatlyk edýän dürli döwürlere degişli 200-den gowrak binagärlik ýadygärligi ýerleşýär. Ady belli gadymy ilatly ýerleriň we iri söwda şäherleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri ýönekeý öý önümçiliginiň çäginden has alyslara çykýan türkmen senetçiliginiň taryhyň jümmüşine uzap gidýän däpleriniň bardygyny ýüze çykardy. Senetçilik önümleri, şol sanda ajaýyp türkmen halylary, şaý-sepleri, küýzegärlik önümleri halkara bazarlarda uly islegden peýdalanyp, Türkmenistandan daşary ýurtlara äkidilipdir, şeýlelikde, adamzat medeniýetine saldamly goşant goşupdyr. 

                                                                   

Myhmanlar üçin Türkmenabadyň häzirki zaman binagärligi hem gyzyklydyr. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň we “Bagt köşgüniň”, Halkara howa menziliniň, Lebap welaýat baş metjidiniň, 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilen döwründe açylyp, milli we halkara ähmiýetli iri çäreler üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binalary onuň ajaýyp nusgalarydyr. 

                                                                   

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançany baýramçylyk ruhy gurşap aldy. Onda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Artistler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiziň ösdürilmegine berýän ünsi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Binanyň eýwanynda festiwala gatnaşyjylary we myhmanlary ýaşajyk sazandalar özboluşly çykyşy bilen garşyladylar. Olar ussatlyk bilen käsede saz çalýarlar. Şeýle-de bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Sergi türkmen halkynyň köptaraply döredijilik zehininiň aýdyň subutnamasy bolup, onda milli amaly-haşam sungatynyň we halk senetçiliginiň görnüşleri görkezilýär. 

                                                                   

Myhmanlar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň sergiler zalynda ýerleşýän, milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ösüşi barada gürrüň berýän hemişelik sergi bilen uly gyzyklanma bildirip tanyşdylar.  

                                                                   

Halkara festiwalyň dabaraly açylyşy ajaýyp konsert zalynda boldy. Bu ýere ýurdumyzyň Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşler, senetçiler bar. 

                                                                   

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda halkara festiwalyň dürli halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, dost-doganlygy kemala getirmekdäki orny aýratyn nygtalýar. 

                                                                   

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu festiwal türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligini, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur bolan amaly-haşam sungatyny dünýä çykarmaga täze badalga berer” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär. 

                                                                   

Medeni forumyň dabaraly açylyşy Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren “Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany” atly aýdym-sazly edebi kompozisiýasy bilen dowam etdi. Bu sahna oýnunda döredijilik çäresiniň baş taglymy — häzirki zaman türkmen sungatynyň köpugurlylygy, onuň adamzadyň taryhy-medeni mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygy, dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrmakdaky orny öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Soňra sahnada estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly, tansly çykyşlar görkezildi. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz Watanymyzy, milli medeni gymmatlyklarymyzyň saklanylmagyna hem-de artdyrylmagyna aýratyn üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler. 

                                                                   

Çagalar döredijilik toparlarynyň “Bagtyýar çagalar” atly çykyşynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Konsertde halk we nusgawy sazlar, döwrebap estrada aýdymlary ýaňlandy. Döredijilik toparlarynyň aýry-aýry çykyşlary türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlandy. 

                                                                   

Türkmen aýdymçylarynyň hem-de Lebap welaýatynyň sazandalar toparynyň festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň — Gazagystanyň, Eýranyň, Latwiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň meşhur aýdymdyr sazlaryny, tans kompozisiýalaryny şol ýurtlaryň dillerinde ýerine ýetirmegi daşary ýurtly myhmanlar we tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy. 

                                                                   

“Gel, Türkmenistana!” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde ýaňlanan aýdym parahatçylygyň, halklaryň dostlugynyň ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çakylyk boldy. 

                                                                   

“Dost-dogany jem edip, toý toýlaýar Diýarym” atly joşgunly kompozisiýany ýerine ýetiren welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň birleşen aýdym-sazly çykyşy konsert maksatnamasynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren “Alkyş Arkadagly Serdara!” atly aýdymy türkmen döwletiniň täze eýýamynyň senasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna waspnama bolup ýaňlandy. 

                                                                   

Festiwalyň çäreleri günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçilik işleriniň sergisi açyldy. 

                                                                   

Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 35 müňden gowrak sergi önümleri saklanyp, şolaryň köp bölegi ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolup durýar. Olaryň hatarynda amaly-haşam sungatynyň hem-de olara deňelen hünärmentçilik işleriniň gadymy nusgalary bar. Diňe soňky ýyllarda köp sanly etnografik tapyndylar, gadymy Amul şäherçesinde geçirilen möwsümleýin gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň 100-den gowragy muzeýiň gaznasynyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda muzeý şäheriň iri ülkäni öwreniş merkezine öwrülip, bu ýerde milli baýramçylyklar mynasybetli çäreler, gyzyklanma döredýän şahsyýetler bilen duşuşyklar, häzirki zaman sungat sergileri, okuw maslahatlary we ylmy maslahatlar geçirilýär. Onuň işgärleri iri ylmy-barlag, usulyýet işlerini alyp barýarlar. 

                                                                   

Festiwala gatnaşyjylar muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, gap-gaçlar we heýkeller, şekillendiriş sungatynyň, halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleri, şol sanda halylar, keçeler, palaslar, gobelen önümleri, gaýyşdan we deriden taýýarlanan önümler, milli egin-eşikler, tikin işleri, owadan kümüş şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň durmuşynda ulanylan beýleki adaty serişdeler köpdürlüligi bilen görkezildi. Senetçiler haly we küýzegärlik önümleriniň, milli saz gurallarynyň ýasalyşy, türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri barada gyzykly gürrüň berdiler. 

                                                                   

Şeýlelikde, döwürleriň, ruhy mirasyň, özboluşly däpleriň dowamatlylygynyň hakyky arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, olaryň aýawly saklanmagy bilen birlikde, halk senetçileri tarapyndan ösdürilýändigi hem doly äşgär boldy. 

                                                                   

Festiwala daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň sergi önümleri: agaçdan we galaýydan ussatlarça ýasalan önümler, aýnadan taýýarlanan ýazuw önümleri, gelşikli gutujyklar, matadan taýýarlanan we matanyň ýüzüne çekilen özboluşly işler, bezegler, “ebru” usulynda ýerine ýetirilen suratlar amaly-haşam sungatynyň köp sanly janköýerleriniň ünsüni çekdi. Myhmanlar festiwala milli lybaslaryň nusgalaryny, gündogaryň ýurtlary üçin däp bolan kalligrafiýa hem-de daşy elde işlemek sungatynyň eserlerini, çeper işleri, köpdürli sowgatlyk önümleri we taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk döredijiligini emele getirýän beýleki önümleri getiripdirler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, şeýle-de Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan sergide görkezilýän gymmatlyklar aýratyn reňk öwüşgini, nagyşlarynyň we gölleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Dünýäniň halklarynyň asyrlaryň hem-de häzirki döwrüň hakydasyny özünde jemleýän medeniýetleriniň doly akabaly derýasy şunuň ýaly çeşmelerden emele gelýär. Türkmenabatdaky häzirki festiwal kalbyňda hut şeýle duýgulary galdyrýar. 

                                                                   

Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyklaryny bildirip, şeýle halkara forumyň geçirilmeginiň amaly-haşam sungatynyň gadymy nusgalaryny çuňňur öwrenmekde, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. 

                                                                   

Agşam myhmanlar Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly çeper filmi görmäge çagyryldy. Çeper filmdäki wakalar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüniň anyk pursatlaryna esaslanypdyr. 

                                                                   

Türkmen durmuşynyň aýdyň tapgyrlaryny beýan edýän bu film şu ýyl halk köpçüligine ýetirildi. Ol iýun aýynda — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilýän günlerinde ilkinji gezek görkezildi. Türkmen kinematografiýaçylarynyň işi diňe bir biziň ýurdumyzyň tomaşaçylarynyň arasynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolup, ol eýýäm halkara kinofestiwallaryň birnäçesine gatnaşdy. 

                                                                   

Ertir «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Onuň barşynda milli mirasy gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şol mirasyň aýrylmaz bölegi senetçilik we amaly-haşam sungatydyr. 

                                                                   

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylara tejribe alyşmak, şol sanda halkara sergileri guramakda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik dörediler. Köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky desgada milli lybaslaryň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. 

                                                                   

Daşary ýurtly myhmanlar Amyderýanyň kenar ýakasyndaky şäheriň gözellikleri bilen tanyşmagyny dowam ederler. Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary meýilleşdirilýär. 

                                                                   

 14-nji oktýabrda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde festiwalyň ýapylyş dabarasy geçiriler.

13.10.2022
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
 

                                                                   

Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda halkara derejede festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy kemala getirmekde şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Bitarap Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň şu günki gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, giň halkara medeni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzy, senetçilik, ussaçylyk däplerimizi, amaly-haşam sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, halkara derejedäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. 

                                                                   

 Hormatly senetçiler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary!
Gadyrly dostlar!
 

                                                                   

Çeper döredijilik we sungat ynsan kalbynyň paýhasydyr, gudratydyr. Sungatyň güýji adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýar. Sungat derejesine göterilen çeper döredijilik işlerine adamzat nesli hemişe tagzym edip gelýär. Dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri umumadamzat gymmatlyklarynyň baýlygydyr, şöhratydyr. Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nyşany bolup, älem-jahana ýalkym saçýar. «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu festiwal türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligini, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur bolan amaly-haşam sungatyny dünýä çykarmaga täze badalga berer. 

                                                                   

Gadymy türkmen topragy deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Dünýä ýaň salan Jeýtunda, Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Merwde, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda senetçiligiň, ussaçylygyň, amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary, kämil görnüşleri ýüze çykypdyr, adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşupdyr. Biz şöhratly taryhymyzda orun alan senetçiligimiziň we milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giňden meşhurdygyna örän buýsanýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan senetçilik hem-de amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muňa aýdyň mysaldyr. 

                                                                   

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly festiwalyň dowamynda geçiriljek sergileriň, ylmy-amaly maslahatyň, milli lybaslaryň görkezilişiniň, daşary ýurtly senetçileriň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapaklarynyň bu halkara çäräniň many-mazmunyny baýlaşdyrjakdygyna, ähmiýetini has-da ýokarlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar! 

                                                                   

Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, senetçilikde we amaly-haşam sungatynda uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

12.10.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy. Şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy. 

                                                                   

Wise-premýer degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi. Geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasy hakynda giňişleýin maglumat berildi. 

                                                                   

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow şu ýylyň dokuz aýynda garamagyndaky düzümiň işleriniň netijeleri, Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 109,3 göterim, çykdajy bölegi 98,8 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda balans toparlarynyň jemi 73 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 52 mejlisi geçirildi. Şeýle-de döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 16 göterimine barabar boldy. Maýa goýum maksatnamasy 56 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 42,7 göterimi önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna, 57,3 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

                                                                   

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň dokuz aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bu maglumatlar pudaklaryň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tebigy gazyň, nebitiň, çalgy ýaglarynyň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, nebit koksunyň, sementiň, mineral dökünleriň, şöhlat, süýji-köke önümleriniň, çöregiň we beýleki köp sanly önümleriň önümçiliginde durnukly ösüş gazanyldy. 

                                                                   

Ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly görkezijiler üpjün edildi, muny ulagyň ähli görnüşindäki ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri tassyklaýar. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwedir ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy. Şeýle-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. 

                                                                   

Bu ulgamda halkara ülňülere laýyk gelýän statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada-da habar berildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow şu ýylyň üç çärýeginde ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,3 göterim, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine berlen karzlaryň galyndysy 3,1 göterim, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň galyndysy 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 7,5 göterim ýokarlandy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlandy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Bäsdeşligi ösdürmek, işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak, telekeçileri giňden goldamak boýunça başlanan işler hem dowam etdirilmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Wise-premýere salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek, beýleki halkara maliýe edaralary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur işleri geçirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça geçen dokuz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100,7 göterim derejesinde berjaý edildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny belledi. Nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemeli. Kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak we uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada görkezmeleri berdi.  

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri seljermegi, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýanwar — sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 147,2 göterim amal edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 114,6 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 163,8 göterim boldy. Şu ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 129,4 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,9 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,9 göterime deň boldy. 

                                                                   

Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 166 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnamany 100,4 göterim amal etdi. Şu ýylyň dokuz aýynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 115,8 göterim boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny doly seljermegi, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. “Aşgabat-sitini”, ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek, gurluşyk we energetika pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary köpräk çekmek, şeýle-de bu işleri düýpli seljermek öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 107,7 göterime barabar boldy. 

                                                                   

Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 127,8 hem-de 131 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 112,8 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 224 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 565 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 113,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 13 sergi we 41 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça dokuz aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada her aýda hasabat berip durmalydygyny aýtdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi senagat we azyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň eksportyny has-da giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk harytlarynyňdyr miweleriň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek, bu ugurda netijeli işleri alyp barmak barada görkezme berdi. 

                                                                   

Taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda türkmen nyşanlary bolan dokma önümlerini giňden ýaýratmagy üpjün etmek hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Geçen üç çärýegiň dowamynda bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 964, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul edildi. 

                                                                   

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si açylyp ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna 159 müň 772 kompýuter sowgat berildi. Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugry boýunça ylmy temalar utgaşdyryldy, oýlap tapyşlara, golýazmalara seljerme berildi. Şunuň bilen birlikde, aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalary goramak boýunça ýöriteleşdirilen geňeşde doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýylar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça guramaçylyk toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. 

                                                                   

Şu ýylyň dokuz aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler geçirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Degişli döwürde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary boldy. 

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak hassa çaga operasiýa bejergileri edildi hem-de mekdep internatlarynda, çagalar öýlerinde terbiýelenýän we okaýan çagalar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň 14-sinde türkmen hünärmenleriniň 163-si öňdebaryjy klinikalarda hünärlerini kämilleşdirmek boýunça iş saparlarynda boldular. 

                                                                   

Şeýle-de hasabat döwründe sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy, degişli guramaçylyk topary döredildi. Halkara sport ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Şu ýylyň dokuz aýynda halkara ýaryşlarda türkmen türgenleri jemi 286 medala mynasyp boldular. Hasabat döwründe Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi hem-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny iş tejribesine giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de bejerişiň häzirki zaman usullaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak barada görkezme berildi. Şu maksat bilen, bu ulgamda tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de gatnaşyklary ösdürmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Sport ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda dürli sport çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, bilim edaralarynda okuw işini talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, mekdepleriň ýokary hünär derejeli mugallymlar, okuw kitaplary bilen üpjünçiligine hemişe seljerme bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, şol sanda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaraly maslahatlar, söhbetdeşlikler, mediaforumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler geçirildi. Wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Dürli bäsleşikler yglan edildi. 

                                                                   

Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, sergilere we okuwlara gatnaşdylar. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, bu toparyň jemi 5 mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Ýaňlan, Diýarym!» we «Çalsana bagşy!» döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirildi we netijeleri jemlenildi. Döredijilik işgärlerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, açylyp ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we Konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça hem işler dowam etdirildi. 

                                                                   

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2022-nji ýylyň geçen dokuz aýynda haryt öndürmegiň möçberi 86 million 855 müň manada deň boldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şeýle-de elektron neşirleri resmi habarlar bilen yzygiderli üpjün etdi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde işler meýilnama laýyklykda alnyp baryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tele we radio ýaýlymlarda tomaşaçylary gyzyklandyrýan täze programmalary, şowhunly gepleşikleri taýýarlamagyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda sahnalaşdyrylýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserleriň sanyny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

«Milli taryhy medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, taryhy ýadygärlikleri we gymmatlyklary gorap saklamak we hemmetaraplaýyn öwrenmek maksady bilen, degişli wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi, «Bir penjire» ulgamynda bolsa 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi. 

                                                                   

Welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär. 

                                                                   

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur işleri geçirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda degişli düzümleriň alyp baran işleriniň netijeleri, şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Garalýan döwürde şäher häkimligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar we kärhanalar tarapyndan amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 115,8 göterim berjaý edildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda maýa goýumlary özleşdirmekde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 101,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 15-si, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi, Bagtyýarlyk etrabynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi. “Daşkent” seýilgähiniň hem-de sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlandy. 

                                                                   

Şeýle-de gök zolaklara, bagy-bossanly seýilgählere zerur idegleri edýän, degişli abatlaýyş işlerini amala aşyrýan jemagat hojalygynyň ugurdaş gulluklarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Paýtagtymyzy, onuň ýaşaýyş toplumlaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, şäherde arassaçylygy we tertip-düzgüni saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, paýtagtymyzda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de häkime paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleriniň guralyşyna, jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly işlemegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda bugdaý ekişi geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün etmek we ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde güýzlük sogany ekmek, ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümlerini ýygnap almak işleri dowam edýär. 

                                                                   

Häkimiň habar berşi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda gazanylan uly üstünliklere bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýyl açylmagy meýilleşdirilen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Şeýle-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we obasenagat toplumynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, pagta hasylyny gysga möhletde ýygnamak, bugdaý ekilen meýdanlara toplumlaýyn ideg etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada maglumat berildi. Şunuň bilen birlikde, bol hasyl almak maksady bilen, güýzlük ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerine ideg etmek üstünlikli dowam edýär. Gant şugundyryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, şeýle-de Döwlet Maslahatyndaky çykyşyndan gelip çykýan wezipeleriň ähmiýetini wagyz etmek we düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň dokuz aýynda sebitde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky ýyllyk meýilnama 329 göterim berjaý edildi. Garalýan döwürde welaýat boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň 7-si gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

Şeýle-de häkim güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, gowaça hasylyny ýygnamagyň depginlerini güýçlendirmek, hasylyň kabul ediş harmanahanalaryna yzygiderli daşalmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi. Güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we degişli derejede tamamlamak üçin ýöriteleşdirilen tehnikalary netijeli ulanmak, haryt öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň gidişi barada hasabat berdi. Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we dowam edýän “ak altyn” hasylynyň ýygymynyň barşy, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şol sanda şaly ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Soňra çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlaryň özleşdirilişi barada berlen maglumatlar hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şeýle-de şu ýyl ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada habar berildi.  

                                                                   

Häzirki wagtda dowam edýän bugdaý ekişi, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen ýerleri sürmek, tekizlemek we geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de olary kabul ediş harmanhanalaryna yzygiderli daşamak boýunça degişli çäreler görülýär. Halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, güýzlük ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilýär. Bu ekinleriň hasyly ýygnalyp, ilata ýetirilýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalygynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynda önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,8 göterime deň bolandygy habar berildi. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,1 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 174,3 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmek boýunça gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 118,9 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 112,3 göterim, ýeralmany öndürmegiň meýilnamasynyň 139,9 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmegiň meýilnamasynyň 115,5 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,3 göterim, unaş önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi, pagtany gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça meýdanlarynda şu ýyl gowy hasylyň ýetişdirilendigini belledi. Pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmeli. Obasenagat toplumynyň kärhanalaryny we azyk senagaty pudaklaryny doly güýjünde işletmek, kuwwatlyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öz wagtynda çäreleri görmeli. Hormatly Prezidentimiz ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirip, ýokary hasyl almak üçin zerur işleri geçirmelidigi barada aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Bu döwürde döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy üçin, degişlilikde, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş saparlary guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldiler. Sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Iýun aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. 

                                                                   

 Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy depginli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Şeýle-de 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigi bellenildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 12-nji maýda Aşgabat şäherinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka boldy. Hasabat döwründe jemi 126 sany wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 199 sany wekiliýet ugradyldy. Göni wideoaragatnaşyk arkaly 1 müň 187 sany dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Ýylyň dowamynda 97 sany halkara resminama gol çekildi. Daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär. 

                                                                   

Şeýle-de daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Şeýle-de hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň çäklerinde yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýanwar — sentýabr aýlarynda bu ugurda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şu ýyl daşary ýurtlara amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlaryň we daşary ýurt ýolbaşçylarynyň Türkmenistana guralan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, 2023-nji ýylda boljak saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy döwrüň wezipelerini nazarda tutup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 3 mejlisi geçirilip, olarda dürli pudaklaryň ösüşine degişli birnäçe kanunçylyk namalary makullanyldy. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatlar boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, adamlaryň durmuş we zähmet şertleri bilen gyzyklandy, sebitleri ösdürmek, ýerlerde işleriňdir hyzmatlaryň hilini hem-de netijeliligini gowulandyrmak boýunça gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini berdi, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýaşlar bilen yzygiderli duşuşdy, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny boýunça pikirleri we teklipleri öwrendi, milli parlamentde täze başlangyçlary öňe sürdi. Bu resminamanyň rejelenen görnüşi döwletiň ýaşlar hakyndaky aladalarynyň aýdyň subutnamasy bolup, ýaşlaryň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 25-nji sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy hem-de Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyklary geçirdi. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edip, parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegi hem-de özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemegi, şol sanda ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmek we netijeli ulanmak, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemegi teklip etdi. 

                                                                   

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de bu ugurda bilelikdäki çäreleri yzygiderli esasda geçirmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu teklipleriň ýapon tarapyndan goldanylmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze hil derejesinde ösdürmäge ygrarlydygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirilip, munuň özi şeýle düzümde parlament gatnaşyklaryň täze we netijeli görnüşiniň emele gelmegine ýardam etdi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary daşary ýurtlarda saparda bolup, sebit we halkara ähmiýetli parlamentara duşuşyklara gatnaşdylar, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Mejlis tarapyndan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen degişli işler geçirildi. Bu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 38-si we Mejlisiň kararlarynyň 21-si kabul edildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin has oňaýly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen, şeýle-de ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri esasynda, watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekildi. 

                                                                   

Döwlet Maslahatynda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanun taslamalarynyň üstünde işlemek dowam etdirilýär. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 24-si geçirildi. Deputatlar degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meselelerine degişli guralan 100-den gowrak okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şolaryň 54-si sanly ulgam arkaly geçirildi. Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular. 

                                                                   

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Dialogyň çäklerinde halkara derejedäki çäreleriň 9-sy guraldy. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen bilelikde jemgyýetçilik-syýasy çärelerini hem-de wagyz işlerini geçirip, ilata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen Döwlet Maslahatynyň we onda kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýetini düşündirýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Bu işler döwletimiziň syýasy ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda nobatdaky ädime öwrüler. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip: “Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny giňden belleýäris” diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleriniň, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdygyny nygtap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini hem habar berdi. 

                                                                   

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildini ýazyp tamamlady. Size bu kitaby Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň gowşurarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

 Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.10.2022