Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen döwletara derejede hem, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde hem gatnaşyklary giň gerimde ösdürmek boýunça yzygiderli we täzeçil işleri alyp barýar. Sebitiň ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi. Milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, iň çylşyrymly wezipeleri bilelikde çözmäge ukyplydygymyza ynam bildirdi. Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýlarynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysallaryny, el-ele berip öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler.
22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzyň yzygiderli abadanlaşdyrylyşy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmelidigini, şäheriň öz belent derejesini nazara alyp, ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny, hususan-da, munuň adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidigini nygtady.
Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny dabaraly bellemek babatda anyk görkezmeler berildi.
24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, ylmyň, tehnologiýanyň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, gaz senagatynyň kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyny, munuň üçin pudaga daşary ýurt maýa goýumlary has köp çekmelidigini nygtady hem-de häzirki wagtda dünýä bazarynda tebigy gazyň sarp edilişini we bahasyny düýpli seljermek barada maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.
Türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň geografiýasyny giňeltmek bilen bagly, goňşy we sebit döwletleriniň gyzyklanmasyna görä, tebigy gazy gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlemek üçin zerur işleriň geçirilmelidigi bellenildi.
Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini düýpli özleşdirmegiň depgini çaltlandyrylmalydyr, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki gaz känlerinde “mawy ýangyjyň” goşmaça möçberini çykarmak üpjün edilmelidir.
Milli Liderimiz gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, önümçilik desgalarynda zerur abatlaýyş hem-de durkuny täzelemek işlerini geçirmek barada anyk teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.
Halk hojalygynyň pudaklaryna gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyny gözegçilikde saklamagyň, işleriň ýagdaýyny yzygiderli seljerip durmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.
26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Olaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýyl sanly ulgam arkaly halkara aň-paýhas bäsleşiklerini guramak, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler boldy.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi. Bu serişdeleri “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz känine degişli bolan gaz geçirijilerini we gazy ilkinji arassalaýjy desgalarynda poslamadan goramak hem-de suw aýlanyşygy ulgamynda suwlary arassalamak işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklerine, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýruga gol çekdi. Şu ýer böleklerinde döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, oba hojalyk ekinlerini, miweli we saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda üç aýda bir gezek «Medeniýet we syýahat» atly žurnal çap ediler. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallarynyň binýadynda döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň işewürleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri döretmekde artýan ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygy aýdyldy.
26-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryndan düzülen “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek barada hem aýdyldy.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly geljegiň açylýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin iki döwletiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
27-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ösüş iki doganlyk döwletiň özara düşünişmek, ynanyşmak esasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, olary häzirki döwrüň we özgertmeleriň ruhunda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan özara ymtylmalarynyň netijesinde gazanyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Anadolu agentliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna; Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylygy üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistan üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglady.
27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň sebitara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatlaryň çäklerinde, şol sanda bu guramanyň 14-nji sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki döwür üçin wajypdygyna ünsi çekdi. Husraw Noziriniň belleýşi ýaly, şol teklipler sebitara we halkara ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Döwletara, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň YHG-nyň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň esasy meselesi boldy.
28-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteli ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Başlygy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bu forumyň agza ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm wakadygyny nygtady.
Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini guramanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görýär. Häzirki döwürde olar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda tagallalary birleşdirmäge çagyrmak bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistan bilen Owganystany baglanyşdyrýan demir ýoluň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalary mysal hökmünde getirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar. Şonuň bilen birlikde, bu işlere Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Şeýlelik bilen, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitiniň we Ýewropa ýurtlaryna çykmak bilen Gara deňzi, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň arasynda üstaşyr ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda logistik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalaryny ulanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň çäklerinde awtomobil we demir ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwlet-hususy hyzmatdaşlyk kadalary esasynda YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik düzümlerini döretmegiň üstünde işlemegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Bu düzümleriň her biri öz ugry boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň bähbitlerine bir maksada gönükdirilen işleri alyp baryp bilerdi.
Şeýle hem milli Liderimiz senagat harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ýaly ulgamlarda özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn belläp, YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribeleri we işläp taýýarlamalary, özara alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny aýtdy. Şeýle hem guramanyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen utgaşdyrylmalydygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwrüň örän anyk we hakyky ýagdaýlaryndan ugur alýan çözgütleri işläp taýýarlamaly. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän, YHG-nyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede goşulmagyna itergi berýän, agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmegine we halklarynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýän özara hyzmatdaşlygyň usullaryny we görnüşlerini döretmegi talap edýär.
YHG-nyň Baş sekretarynyň hem-de döwlet we hökümet Baştutanlarynyň çykyşlarynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, koronawirus pandemiýasynyň täsirlerini bilelikde ýeňip geçmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamaga, öz içine bitewi ulag ulgamyny, telekommunikasiýalary, turbageçirijileri we energiýa ulgamyny alýan sebit düzümini ösdürmäge, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak we azyk howpsuzlygy ulgamlarynda özara gatnaşyklara, YHG-nyň çäklerinde maýa goýum, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn üns berildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi. Sammitiň çäklerinde «Ylym we tehnika», «Ykdysadyýet», «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty», «Oba hojalyk we daşky gurşaw”, «Bilim» ugry boýunça YHG-nyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Gurama başlyklyk etmegiň bellenen gezekleşikli usulyna laýyklykda, 2022-nji ýylda YHG-da başlyklyk Özbegistan Respublikasyna geçýär.
Ýokary derejedäki forumyň öňüsyrasynda Aşgabatda YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata 180-e golaý wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Forumda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda we beýleki ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geljekki anyk ädimler bellenildi.
Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça Demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Şeýle hem sammitiň öňüsyrasynda YHG-a agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde YHG-nyň Baş sekretarynyň çykyşy diňlenildi hem-de YHG-nyň 2021-2022-nji ýyllar üçin sebit taslamalary boýunça maslahatlara seredildi. Olarda bu guramanyň hasabat döwründe ýeten esasy ykdysady sepgitleri, YHG-nyň işiniň netijeliligi, häzirki taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň seljermesi beýan edildi. Şeýle hem «YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň» orta möhletleýin seljermesi, YHG-nyň arassa energiýa boýunça merkezini döretmek hakyndaky Hartiýasyny kabul etmegiň meseleleri, ýöriteleşdirilen agentlikleriň, YHG-nyň sebit edaralarynyň hem-de düzümleriniň ýyllyk hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.
Geçen hepde Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky 5-nji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag, logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär.
Ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynyň hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Komitetiň mejlisiniň dowamynda nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama» hem-de Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna, Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Onda geljek, 2022-nji ýylyň şygary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Şanly ösüşler, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzyň bagtyýar ilatynyň islegleri göz öňünde tutulyp, täze ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak teklip edildi. Bu şygar bagtly zamanany esaslandyran hem-de halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Maslahatda çykyş edenler öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.
25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-premýer duşuşykda çykyş edip, söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň hem özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlar bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ugurlar boýunça bähbitleriniň gabat gelýändigi bellärliklidir. Bu bähbitleri iş ýüzünde amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly bilelikdäki halkara taslamalara çykmak arkaly olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak möhümdir diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary nygtady.
Energetika, ulag, söwda, maýa goýumlar, senagat we obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar hem-de innowasiýalar ulgamlary Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendigini belläp, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanylmagynyň tutuş dünýäniň bähbidine olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine we uzak möhletli geljekde howply ýokançlara garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn halkara gurallary döretmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi. Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan hem-de Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48704