Täzelikler
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň rowaçlygy

Aşgabat, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Häzirki wagtda döwlet tarapyndan yzygiderli tagalla edilmegi netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylar, atşynaslar tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz bu ýerde idedilýän atlaryň ýagdaýy we olary seýislemegiň aýratynlyklary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Säher çaglarynda seýisler atlary gezim etdirýärler. Munuň özi at seýislemegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonda bedewler güýç toplaýarlar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz tejribeli seýis D.Saparow bilen söhbetdeş bolup, seýisçiligiň häzirki zaman usullary we seýsiň maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Ykbalyny behişdi bedewlere baglan seýis ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi we atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi. 

                                                                   

D.Saparow Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän topluma gelip görmegi, bir tarapdan, halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrsa, ikinji tarapdan, ahalteke bedewleriniň şöhratyny belende göterýär diýip belledi. 

                                                                   

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň olaryň beden gurluşyna, sagdynlygyna bolşy ýaly, ýyndamlygyna-da oňyn täsiriniň bardygyny belledi. Säher çagynda dürli maşklary ýerine ýetirmek, gezim etmek ynsan saglygyny berkidýär. Pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti we zehini netijesinde dünýä belli bedewler döredildi, olaryň arassa ganlylygy saklandy. 

                                                                   

Seýis ir säherde bedewleri seýisleýän atbakarlaryň berk bedenli, sagdyn adamlardygyny belledi hem-de özüniň köpýyllyk iş tejribesinde hut şeýle atbakarlar bilen işleşendigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we irki maşklaryň saglygy berkitmekde ähmiýetlidigini aýtdy. 

                                                                   

D.Saparow atçylyk sport toplumyna gelip, atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet hem-de durmuş şertleri barada alada edýändigi üçin hormatly Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirip, özüniň maşgala agzalarynyň hem atçylyk pudagynda işleýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bedewleriň çapuw ýodasynyň ýagdaýy, olara düşelýän örtükleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Şonda seýis köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, çapuw ýodalarynda türkmen tebigatynyň, çägesöw topragyň amatlydygyny nygtady. Behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýurdumyzyň howa şertleri örän ýaramlydyr. 

                                                                   

Şeýle-de ol çapuw ýodalarynda ýurdumyzyň künjekleriniň topragyny, Garagum sährasynyň ak çägesini peýdalanmak mümkinçiliginiň öwrenilmegini teklip etdi. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz bu ugurda degişli alymlaryň we ussat seýisleriň bilelikdäki işleriniň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, seýse asylly işlerinde üstünlik, onuň seýislän atlarynyň ýeňiş gazanmaklaryny arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Garaşsyzlyk atly gyr bedewe atlanyp, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen ugurdaş gurlan binalar toplumyny we bu künjekden has-da gözel görünýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini synlady. Güýz paslynyň säheri dag etekleriniň gözelligini artdyrýar. Bu ýerde amatly howa gurşawy emele geldi. Döwletimiziň aladalary netijesinde tebigatyň bu künjeginde ekologik abadançylyk üpjün edilýär. 

                                                                   

Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binalary, Kärizek obasynyň özboluşly keşbi, Aba Annaýew adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň häzirki zaman desgalar toplumy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ýeri gelende, täze merkeziň çäginde Ahal atçylyk sirkiniň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigini bellemek gerek. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň gözel keşbe girýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde degişli ekologik ýagdaýy saklamak taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň bedewli gezelenji welaýatyň täze edara ediş merkeziniň ýakynynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli üzümçiligiň içi bilen dowam etdi. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň, miweli baglaryň hasyllylyk derejesiniň ýokary bolmagy olara degişli derejede ideg edilýändiginiň netijesidir. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi bilen bir hatarda, olaryň päk zähmete bolan söýgüsiniň artdyrylmagyna uly üns berilýär. Onuň netijesinde türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ekologik derejesini ýokarlandyrmak, tebigatyň gözelligini artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere yzygiderli gatnaşýarlar. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 10 müň orunlyk stadionyna bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan muzeýiň, bilim edaralarynyň gurluşyk işleri, olary enjamlaşdyrmak boýunça görülýän taýýarlyk häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda merkeziň çäginde bina edilýän mekdepleriň gurluşygyna üns berildi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde gurulýan desgalaryň binagärlik derejesine, yşyklandyryş ulgamyna, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde häzirki zaman stadionlarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna hem-de enjamlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, desgalarda sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine ähmiýet berilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, alym Arkadagymyz merkezde gurulýan mekdepleriň ikisiniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep bolmagynyň, bu ýerde Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda-da degişli orta hünär okuw mekdepleriniň işiniň ýola goýulmagyny üpjün eder. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz täze edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň gurulýandygyny belläp, munuň ýaşlaryň höwes edýän ugurlary boýunça bilim almagyna giň ýol açjakdygyny belledi. Okuw merkezleriniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna, olarda okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ugurdaky işleriň ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almaklary boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda zerurdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, olar boýunça degişli maslahatlaryny berdi. 

                                                                   

Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda täze merkeziň çäginde bina edilýän seýilgäh zolaklarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Hormatly Arkadagymyz olar bilen içgin tanşyp, seýilgähde türkmen topragynda bitýän arçalary we beýleki baglary ekmek boýunça maslahatlaryny aýtdy. Bu ýerde dynç alýanlar, gezelenç etmegi halaýanlar, welosiped sporty bilen meşgullanýanlar üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şol bir wagtyň özünde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ähli amatlyklaryň, şertleriň döredilmegi zerurdyr. 

                                                                   

Şeýle-de bu ýerde Ahal welaýatynyň Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi. Hormatly Arkadagymyz umumy uzynlygy 6 müň 200 metre barabar bolan Saglyk ýolunyň çägi, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de ýoluň ugrunda ugurdaş desgalary gurmak, gök zolaklary döretmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. 

                                                                   

Ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, ýerasty geçelgeleriň gurluşygynda, yşyklandyryş ulgamynda, içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegine möhüm üns berilýär. Binalaryň içki we daşky bezeg aýratynlyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmalydyr. 

                                                                   

Stadionyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşyp, Gahryman Arkadagymyz sport desgalarynyň bu ugra degişli binalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy stadionyň çäginde döredilýän şertler, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyň dowamynda toplumyň trenažýor zalyna baryp gördi. Bu ýerde sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Onuň enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bölümiň enjamlarynda birnäçe maşklary ýerine ýetirdi we olaryň köpüsiniň dürli ýaşdaky adamlar, aýratyn-da, çapyksuwarlardyr atbakarlar üçin ähmiýetlidigini belledi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şaýolunyň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy. Hormatly Arkadagymyz yşyklandyryş ulgamynyň merkeziň ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde täze şäheriň gurulmagy hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygyny görkezýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy merkeziň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmegini şertlendirýär. Onda döredijilikli zähmet we döwrebap ýaşaýyş hem-de dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Merkezde alnyp barylýan ähli işler ekologik talaplara doly laýyk gelmelidir. Şunda ähli desgalaryň, gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda yşyklandyryş sütünleriniň berkligine, göze gelüwliligine we uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidir. Merkeziň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylyp, olaryň kömegi bilen täze şäherde adamlar üçin amatly şertler döredilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz degişli maslahatlary berdi.

19.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Özara hormat goýmaga esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň medeniýetiniň täzeden dikeldilmegi parahatçylygyň kepilidir

Hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy 

                                                                   

 Samarkant — Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Ýurdumyz sebitde we dünýäde oňyn gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Halkara guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek möhüm ugurlaryň biridir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen biziň ýurdumyzy hoşniýetli erk, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki döwürde halkara giňişlikde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň belentdigine, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli özara hereketleri ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ozal habar berlişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda — 15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda köptaraplaýyn mümkinçiligi göz öňünde tutup, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. 

                                                                   

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine tarap ugrady. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. 

                                                                   

 Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary edarasy bolup, onuň mejlisleri her ýylda geçirilýär. Şu ýyl ŞHG-ä Özbegistan Respublikasy başlyklyk edýär. Samarkantda geçirilýän sammitiň gün tertibi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky möhüm meseleleri, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini, sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagy özünde jemleýär. 

                                                                   

Sammite gatnaşmak üçin Samarkanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň, şeýle-de guramanyň işine synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesinde gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Sammite halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri hem çagyryldy. 

                                                                   

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyp hem-de bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, mejlise gatnaşyjylara söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýurdumyza bildirilen şeýle hormata hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde uly mümkinçiliklere we geljege düşünmegiň, bu hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, maksada gönükdirilen derejä çykarmaga çalyşmagyň nyşany hökmünde garaýarys. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz şeýle çemeleşmäni doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine baha bermekde türkmen tarapy özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan, kuwwatly syýasy, ykdysady mümkinçilige, belent abraýa eýe bolan bu birleşigiň Ýewraziýada parahatçylygyň, abadançylygyň, özara bähbitli, durnukly hyzmatdaşlygyň giňişligini döretmegi maksat edinýän köp döwletler üçin özüne çekiji merkeze öwrülýändiginden ugur alýar. 

                                                                   

Türkmenistan ŞHG bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardyr. Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar aýratyn jogapkärçiligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak, gapma-garşylyklara, ýaramaz bäsdeşlige ýol bermezlik boýunça umumy strategiýany ýola goýmaklaryny talap edýär. 

                                                                   

Şu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna yklymda durnuklylygyň möhüm daýançlarynyň biri hökmünde garaýandygyny, terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda has ysnyşykly hem-de giň gerimli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny maksat edinýändigini we muňa taýýardygyny tassyklaýandygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň we ruhunyň mizemezliginiň, üýtgewsizliginiň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan umumy maksatlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisinde Türkmenistanyň beýan etjek halkara başlangyçlary barada habar berdi. 

                                                                   

Türkmen tarapy halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogy filosofiýasyny ilerledip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” Kararnamasynyň taslamasyny işläp düzmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, nähili çylşyrymly görünýändigine garamazdan, dartgynly ýagdaýlary gepleşikler arkaly, parahatçylykly ýollar bilen çözmäge pugta ygrarlylygynyň tassyklanyljakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda hormat goýmaga esaslanan syýasy gatnaşyklaryň medeniýetiniň täzeden dikeldilmeginiň ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmek we bähbitleriň deňeçerligini berjaý etmek üçin mümkinçilikleri gözlemegiň, jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýandygyndan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit derejesinde, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada jedelli ýagdaýlaryň öňüni almakda we aradan aýyrmakda Türkmenistanyň hem-de ŞHG-niň bilelikdäki mümkinçiliginiň peýdalanylmagyna hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary hökmünde garalýandygyny belledi. Türkmenistan birnäçe döwletleriň — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň, synçylarynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-de döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmagyna ýokary baha berýär. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň ilerledilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär. Degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalary, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegi beýan ediler. Biziň ýurdumyz bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanyljakdygyna bil baglaýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

Türkmenistan harytlaryň we hyzmatlaryň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyna görä, Hazar ugruna uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik ulgamy döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda-da ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmäge teklibini beýan etdi. Bu ulgamda köp ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplan ýurdumyz energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur serişde kuwwatlyklaryna eýedir. 

                                                                   

Türkmenistan nebitgaz ulgamynda işleri alyp barmagyň umumy kabul edilen tejribesini ulanmak arkaly öz tebigy gazyny Russiýa, Hytaýa we goňşy ýurtlara iberýär. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Munuň özi ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmeginiň, ahyrky netijede, parahatçylygy, ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle-de doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi ilkinji nobatdaky wezipedir. 

                                                                   

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hususyýetçilik, telekeçileriň yzygiderli gatnaşyklary üçin şertleri döretmek boýunça has ýakyn, netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär. 

                                                                   

Medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar hem ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibindedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy bolup, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini we ösdürilmegini doly goldaýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleri bilen ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady. “Biz şeýle hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna düşünýäris, ŞHG bilen gatnaşyklarymyzy tapawutlandyrýan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň, açyklygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň ýetilen sepgidine ýokary baha berýäris. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga taýýardyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, strategik derejä çykarmagy pugta maksat edinýändigini tassyklady. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ŞHG-niň çäklerinde ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda, söwda, energetika ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Samarkandyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soňra paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

17.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Samarkant şäheri, 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabry) 

                                                                   

 Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar!
 

                                                                   

Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! 

                                                                   

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýurdumyza bildirilen şeýle hormata hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde uly mümkinçiliklere we geljege düşünmegiň, ony uzak möhletleýin, maksada gönükdirilen derejä çykarmaga çalyşmagyň nyşany hökmünde garaýarys. Biziň ýurdumyz şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine baha bermekde biz özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan, kuwwatly syýasy, ykdysady mümkinçilige, belent abraýa eýe bolan bu birleşigiň Ýewraziýada parahatçylygyň, abadançylygyň, özara bähbitli, durnukly hyzmatdaşlygyň giňişligini döretmegi maksat edinýän köp döwletler üçin özüne çekiji merkeze öwrülýändiginden ugur alýarys. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň özara bähbitli köptaraply, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardyr. 

                                                                   

Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar aýratyn jogapkärçiligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak, gapma-garşylyklara, ýaramaz bäsdeşlige ýol bermezlik boýunça umumy strategiýany ýola goýmaklaryny talap edýär. Şu babatda Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna yklymda durnuklylygyň möhüm daýançlarynyň biri hökmünde garaýar hem-de terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda has ysnyşykly hem-de giň gerimli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny maksat edinýär we muňa taýýardygyny beýan edýär. 

                                                                   

ŞHG bilen bilelikde dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň we ruhunyň, olaryň mizemezliginiň, üýtgewsizliginiň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini biz gazanmak isleýän maksatlarymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýäris. Şunuň bilen baglylykda, şu gün ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisinde Türkmenistanyň beýan etjek halkara başlangyçlary barada habar bermegi zerur hasaplaýaryn. 

                                                                   

Halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogy filosofiýasyny ilerledip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp düzmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýäris. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, nähili çylşyrymly görünýändigine garamazdan, dartgynly ýagdaýlary gepleşikler arkaly, parahatçylykly ýollar bilen çözmäge pugta ygrarlylygynyň tassyklanyljakdygyna ynanýarys. 

                                                                   

Häzirki wagtda hormat goýmaga esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň medeniýetiniň täzeden dikeldilmegi ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmek we bähbitleriň deňeçerligini berjaý etmek üçin mümkinçilikleri gözlemegiň, jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär. 

                                                                   

Sebit derejesinde, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada jedelli ýagdaýlaryň öňüni almakda we aradan aýyrmakda Türkmenistanyň hem-de ŞHG-niň bilelikdäki mümkinçiliginiň peýdalanylmagyna hyzmatdaşlygymyzyň wajyp ugry hökmünde garaýarys. Biz birnäçe döwletleriň — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň we synçylarynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmagyna ýokary baha berýäris. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň ilerledilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär diýip hasaplaýaryn. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, biz Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek isleýäris we degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegini beýan etmegi göz öňünde tutýarys. Bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanyljakdygyna bil baglaýarys. 

                                                                   

 Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar! 

                                                                   

Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

Ýurdumyz harytlaryň we hyzmatlaryň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyna görä, Hazar ugruna uly orun degişlidir. 

                                                                   

Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini we logistik ulgamy döretmäge ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynanýarys. Şeýle-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys. 

                                                                   

Türkmenistan energetika ulgamynda-da ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardyr. ŞHG-niň döwletleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge girişmegi teklip edýäris. Ýurdumyzda energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur serişde kuwwatlyklary bar. Biz köp ýyllaryň dowamynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladyk. Türkmenistan nebitgaz ulgamynda işleri alyp barmagyň umumy kabul edilen tejribesini ulanmak arkaly öz tebigy gazyny Russiýa, Hytaýa we goňşy ýurtlara iberýär. Häzirki wagtda biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýäris. 

                                                                   

Şunda şu we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn nygtamak isleýärin. Munuň özi ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmeginiň, ahyrky netijede, parahatçylygy, ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle-de doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini ilkinji nobatdaky wezipe hasaplaýarys. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hususyýetçilik, telekeçileriň yzygiderli gatnaşyklary üçin şertleri döretmek boýunça has ýakyn, netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. 

                                                                   

Medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar hem ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibindedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy bolup, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini we ösdürilmegini dolulygyna goldaýar. 

                                                                   

Sözümiň ahyrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleri bilen ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtamak isleýärin. Biz şeýle hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna düşünýäris. ŞHG bilen gatnaşyklarymyzy tapawutlandyrýan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň, açyklygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de birek-birege hormat goýmagyň ýetilen sepgidine ýokary baha berýäris. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga taýýardyrys. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, strategik derejä çykarmagy pugta maksat edinýäris.

17.09.2022
Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti öz işine başlady

Şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, bu düzüme agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirilýär. Soňra synçy hem-de hormatly myhman hökmünde gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam eder. Samarkant sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş eder.   

                                                                   

Bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy şäher Samarkant dünýäniň nazaryny özünde jemleýär. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýyl 22-nji gezek geçirilýän sammitine dünýäniň 15-e golaý ýurdundan ýokary derejeli myhmanlar ― HHR-iň Başlygy, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Eýranyň, Mongoliýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri, Hindistanyň we Pakistanyň Premýer-ministrleri gatnaşýarlar. Giňeldilen düzümdäki mejlisde wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde ŞHG-niň Baş sekretarynyň, bu guramanyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin edarasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň degişli orunbasarynyň hem çykyşlary göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Sammitiň gün tertibine guramanyň ählumumy howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan başlap, medeni-ynsanperwer ulgama çenli hyzmatdaşlygyň has derwaýys ugurlary girizildi. Mejlisiň işiniň möhüm ugurlarynyň biri ŞHG-niň agzalarynyň sanawyny giňeltmek boýunça dowam edýän mesele bilen bagly bolar. Şunda Eýrany bu düzümiň agzalygyna kabul etmek bilen baglylykda, düýn onuň borçnamalary hakyndaky Ähtnamalara gol çekilendigini aýtmak gerek.  

                                                                   

Samarkant sammitiniň netijeleri boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini ilerletmek, sebitleýin söwdanyň möçberini artdyrmak, senagat we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, innowasiýalar, sanly tehnologiýalar, logistika, oba hojalygy, lukmançylyk we beýleki ulgamlaryň işi bilen bagly 30-dan gowrak resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar. «Samarkant Jarnamasy» adyny alan jemleýji resminamada bolsa agza ýurtlaryň sebit we ählumumy meseleler boýunça anyk garaýyşlary öz beýanyny tapar.  

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň taryhynda täze sahypany açjak nobatdaky sammitiň dünýäniň habarlar giňişliginde giňden beýan edilmegine möhüm ähmiýet berilmegi onuň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Täze açylan «Beýik Ýüpek ýoly» halkara syýahatçylyk merkezinde ýerleşýän Kongres merkezinde geçirilýän bu syýasy çäräni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dessin we hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, Samarkant şäherinde metbugat merkezleriniň birnäçesiniň işi ýola goýuldy. Şolaryň ikisi syýahatçylyk merkeziniň çäginde ýerleşip, häzirki wagtda olarda 800-den gowrak žurnalist iş alyp barýar. Ýeri gelende, media wekilleriniň 600-e golaýynyň dünýäniň 20-den gowrak döwletine wekilçilik edýändigini aýtmak gerek. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

                       

Samarkant ş.

16.09.2022
Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara jemgyýetçilik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň täze eýýamynyň beýik taglymlaryny dabaralandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapdy. 

                                                                   

5-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekip, degişli işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylaryň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler, oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün edilmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar. 

                                                                   

Pagta ýygymyny bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, kabul ediş harmanhanalarynyň, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk meselelerine hem aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, güýzlük ýeralma, şaly, gant şugundyry we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň, ýetişdirilen hasyly tiz we ýitgisiz ýygnap almagy guramagyň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşykda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň hem-de energetika, ulag-kommunikasiýa, infrastruktura düzümleri, ynsanperwer ulgam ýaly strategik ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Bagdad Amreýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramanyň geçen ýyl geçirilen sammitine gatnaşmagynyň we onda netijeli başlangyçlary öňe sürmeginiň guramanyň işiniň öňe ilerlemegine oňyn täsirini ýetirendigini aýratyn nygtady. Geçen sammitde Türkmenistanyň bu düzüme synçy hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli waka bolandygy bellenildi. 

                                                                   

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Söhbetdeşler häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, 30 ýylyň dowamyndaky bilelikdäki işleriň netijesinde ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýändigini we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýandygyna ünsi çekdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işler ynanyldy. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk ulgamy, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

8-nji sentýabrda Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

                                                                   

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylyşy, işgärler kuwwatynyň berkidilişi, öňdebaryjy tejribäniň, döwrebap iş usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilişi barada hasabat berdiler. Şeýle-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. 

                                                                   

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy “Prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp kabul edilen Türkmenistanyň Harby doktrinasy goranyş häsiýetine eýedir. Bu doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, döwletimiziň goranmak ukyby has-da berkidiler. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Şol gün döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumyna bardy. 

                                                                   

Bu toplumyň çäklerinde esger ýatakhanasy, açyk manež, bedewler we taýlar üçin athanalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, bassyrmalar, atlar üçin türgenleşik, gezim meýdançalary, çapuw ýodasy, karantin binasy, suw howdanlary, ýörite tehnikalar üçin desga, barlag-goýberiş nokady we beýleki degişli desgalar bar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýerde dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň saklanylmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy, seýisçilik sungatynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi. Şunda toplumy öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri ekologik talaplary nazara almak arkaly amala aşyrylmalydyr. 

                                                                   

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri jemi içerki önümiň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. Ýanwar — awgust aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy. Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim we çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini, geljek ýylyň maýa goýum Maksatnamasyny bellenen möhletde taýýarlamak zerurdyr hem-de nebitgaz, himiýa, dokma we gurluşyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny, girdejilerini artdyrmak boýunça degişli seljerme işleri geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz täze önümçilikleri döretmek arkaly maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň artdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň depginleriniň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Birža söwdalarynyň geçirilmegi netijesinde, pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmak, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyryp, hasaba alynýan şertnamalary seljermek şeýle-de olaryň taslamalaryny tassyklamak maksady bilen, elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak gerek. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramagy, buýurmalary resminamalaşdyrmak, bu önümleriň taýýarlanylyşyny, ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Söwda-senagat edarasy ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça usulyýet kömegini güýçlendirmelidir hem-de hususy önüm öndürijilere täze bazarlary, önümleri ýerlemegiň usullaryny gözlemekde ýardam bermelidir. Ýurdumyzyň senagat pudagynyň, himiýa kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigi bellenildi. Täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. 

                                                                   

Energetika ministrliginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna berlen «Türkmenturba» zawodyny netijeli dolandyrmak we onuň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga berilmeli iri binalaryňdyr desgalaryň, hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 1-nji tapgyrynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli gurlup, açylyşa taýýar edilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk guramak, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli täze awtomobil ýolunyň gurluşygyny tizleşdirmek zerurdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin howdanlaryň göwrümini giňeltmek boýunça zerur işleriň geçirilmegi dowam etdirilmelidir, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şor suw akabalaryny wagtynda we talabalaýyk arassalap durmak, suwaryş akabalarynda suw ölçeýji enjamlary, ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy gurallary gurnamak boýunça teklipleri taýýarlamak wajypdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwlet we hususy düzümler tarapyndan azyk senagaty boýunça täze önümçilikler döredilmelidir. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýer kadastrynyň sanly binýadyny döretmek işlerini çaltlandyrmagy, oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanmaga isleg bildirýän taraplara ýerleri çalt we ýönekeý tertipde resmileşdirmegiň netijeli ulgamyny ýola goýmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramak babatda anyk tabşyryklar berildi. Ýaş türkmenistanlylaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir. Ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek zerurdyr. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy dowam etdirmek wajypdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan muzdsuz berilýän derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. 

                                                                   

Ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri ýerine ýetirmek, halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada aýdyldy. 

                                                                   

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara ähmiýetli iri çärelere, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, maslahatlara, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny, ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda her ýyla mynasyp at dakmagyň asylly däbe öwrülendigini belledi hem-de degişli düzümlere 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan we ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. 

                                                                   

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň barşy, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň taslamalary, Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli çagalaryň saglyklaryny dikeltmekleri üçin niýetlenen binada ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen bagly meseleler hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň ähmiýetini nygtap, alnyp barylýan işleriň ýokary hiliniň hem-de bu desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň üpjün edilmegini talap etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda”, “Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakynda”, şeýle-de “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda” Kararlara gol çekdi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginini tizleşdirmäge ýardam eder, şeýle-de şäher häkimliginiň işini düzgünleşdirer. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan syýasaty beýan edýän giňişleýin maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Halkara bileleşik bilen döwrüň ähli möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri öz wideoçykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn artýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, gysga wagtyň içinde amala aşyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistanyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Munuň özi diňe bir ýurduň saýlap alan ösüş ýolunda ynamlydygyny görkezmän, eýsem, Watanymyzyň häzirki döwrüne we geljegine bolan jogapkärçiligine hemmetaraplaýyn göz ýetirýän halkymyzyň bu ugry dolulygyna goldaýandygyna hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk çäresi — pagta ýygym möwsümi başlandy. 7-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda ýygyma 14-nji sentýabrda başlanýar. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksada — halkymyzyň döredijilik kuwwaty esasynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilendigini nobatdaky gezek aýdyň subut etdi. 

                                                                                                           

(TDH)

14.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 12-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly ýygnap almak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin tehnikalar, gurallar doly güýjünde işledilýär, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, bu sene mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň oba hojalygynda möhüm möwsümleriniň biridigini aýdyp, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmelidigini tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini, bu möwsümi üstünlikli geçirmek maksady bilen, hemme degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ekiş döwründe gallaçylar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmelidir, tehnikalar doly güýjünde işledilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenilen möhletlerde geçirilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, welaýatda bina edilýän ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hilli ulanmaga berilmelidigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew oba hojalyk işleri, pagta ýygymy möwsüminiň depginleri barada hasabat berdi. Ýygymda kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly harmanhanalara we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin awtoulag tehnikalary işjeň ulanylýar. Kombaýnlaryň netijeli işini üpjün etmek üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek çäreleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilýändigi, ekişde tehnikalaryňdyr gurallaryň doly güýjünde işledilýändigi, bugdaý öndürijileriň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen ýeterlik derejede üpjün edilýändigi barada hasabat berildi. Hasabatyň çäklerinde güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehniki kadalara hem-de günbatar sebitiň toprak-howa şertlerine laýyklykda alnyp barylýandygy, gant şugundyryny ýetişdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, häkim şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň, şol sanda “ak altyn” hasylyny ýygnap almagyň we güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň, agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň ähmiýetini belläp, häkime bu meseleleri hemişelik gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine uly ähmiýet berilýändigini nygtap, ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň demirgazyk sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, 14-nji sentýabrda badalga beriljek pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýygym möwsümine doly taýýar edilendigi barada habar berildi. Ekişiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilýändigi, tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde işledilýändigi, bugdaý öndürijileriň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilýändigi barada aýdyldy. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylýandygy barada hasabat berildi. Şu günler demirgazyk sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda hem ideg işleri degişli kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde obasenagat pudagyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, bugdaý ekişi möwsümini bellenilen möhletlerde tamamlamak üçin, onuň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Geljek ýylyň bereketli hasyly bu işleriň geçirilişiniň hiline baglydyr. Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly we ýitgisiz ýygnap almaga girişilmegine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de beýleki oba hojalyk önümlerini, şol sanda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şaly ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur çäreler görülmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylyşy baradaky meselä ünsi çekip, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gündogar sebitde pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnap almak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar, onda tehnikalar we gurallar doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine, şonuň ýaly-da, şaly ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Mundan başga-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, şu ýyl ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyklaryň barşy barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsümleriň biridigini belledi we pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz geljekki bereketli hasylyň girewi bolan bugdaý ekişini agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirmek hem-de bu möhüm möwsümi üstünlikli geçirmek maksady bilen, hemme degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine üns berilmelidigini belledi, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna ýokary guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, bina edilýän ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga berilmegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler bilen birlikde pagta ýygymy möwsüminiň depginleri barada hasabat berdi. Möwsümde kombaýnlar hem-de hasyly harmanhanalara we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin awtoulag tehnikalary işjeň ulanylýar. Pagta ýygymyndaky kombaýnlaryň netijeli işini üpjün etmek maksady bilen, gowaçanyň ýapragyny düşürmek guramaçylykly alnyp barylýar. 

                                                                   

Şeýle-de häkim bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirilýändigi, ekişde tehnikalaryňdyr gurallaryň doly güýjünde işledilýändigi, bugdaý öndürijileriň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýändigi barada hasabat berdi. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagy üçin hemme çäreleriň görülýändigi barada-da durlup geçildi. Mundan başga-da, welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, gant şugundyryna talabalaýyk ideg etmek ugrunda ähli tagallalaryň edilýändigi barada aýdyldy. 

                                                                   

Şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi maksat edinilýän desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi hem-de gowaça hasylyny ýygnap almagyň, güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary depginlerini saklamagyň, bu möwsümleri bellenilen agrotehniki möhletde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy. Şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak bilen bir hatarda, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň netijeli zähmet çekmegi we dynç almagy, olary zerur serişdeler bilen doly möçberde üpjün etmek üçin hemme şertleri döretmek esasy talap bolup durýar. Bu babatda welaýatyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine uly ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ugurda ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň alnyp barlyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny hem berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzda pagta ýygymynyň dowam edýändigini, Daşoguz welaýatynda-da bu jogapkärli möwsüme başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini gowşatman alyp barmagy üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Mundan başga-da güýzlük ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin, olara ideg edilişi hemişe üns merkezinde bolmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna ünsi çekdi. Edermen gallaçylarymyzyň we pagtaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti naýbaşy baýramymyzyň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň mynasyp garşylanmagynda uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

13.09.2022
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi 

                                                                   

 Ahal welaýaty, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

                                                                   

Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi, şol sanda onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ekologik talaplara laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen welaýatyň täze edara ediş merkezine gelip, gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde gurulýan binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Merkeziň çäginde gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurluşyk işleriniň depgini hem-de görkezilýän taslamalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan muzeýiň, drama teatrynyň, başlangyç hünär okuw mekdebiniň, orta hünär okuw mekdebiniň, sport merkeziniň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň taslamalary görkezildi. Aýratyn-da, merkeziň çäklerinde tebigy ugurly dersleri hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalarynyň netijesinde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almaklary, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek subut edýär. 

                                                                   

Merkeziň çäginde gurulýan mekdeplerde oturdylmagy meýilleşdirilýän täze tehnologiýalar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, mekdeplerde ýörite internet ulgamy ornaşdyrylyp, sanly ulgam arkaly okuwçylaryň ene-atalary öz çagalarynyň ýetişik derejesi, tertibi we sapagyň dowamynda alan bahalary bilen tanşyp bilerler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyna ünsi çekdi. Gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalara hem-de olaryň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. 

                                                                   

 Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasyna geldi. 

                                                                   

Bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň gurluşygy, şol sanda onuň bölümleriniň ýerleşdirilişi, her bölümiň ähmiýetine görä, otaglaryň bezegleriniň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşyklaryny yzygiderli üns merkezinde saklaýar. Bu ägirt uly taslama hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy esasynda amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy hem-de belent ruhly taglymlary mynasyp dowam etdirmegiň ýurdumyzyň halkara kadalara we halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny we hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek üçin mundan beýläk-de ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Işiň netijeliligini artdyrmakda binalaryň amatlylygyna, bezeg derejesine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna köp zat baglydyr. Bu işlere we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň täzeçil usullaryny özünde jemleýän welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň ygtybarly hem-de uzak möhletleýin bolmalydygyny belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň yşyklandyryş ulgamy, ýol-ulag düzümleri, merkeziň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli çagalaryň saglyklaryny dikeltmekleri üçin niýetlenen bina baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli binanyň otaglaryny enjamlaşdyrmak, olarda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, degişli bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almaklary baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini aýtdy hem-de döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýerde döredilýän şertler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen talaplaryna hem-de belent ruhuna laýyk gelmelidir. Çagalaryň dynç almaklary, şol sanda höwes edýän hünär endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler bilen üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler hem-de käbir resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa söz berdi. Ol Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň depginleri, merkezde gurulýan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň içki we daşky bezeg aýratynlyklary, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde başy başlanan, ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglere doly laýyk gelýän bu taslamanyň gurluşygynyň birinji tapgyry şu ýylyň dekabr aýynda tamamlanar we ulanmaga berler. Ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek we gurluşyklary kesgitlenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmeginiň, binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow merkeziň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň barşyna yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny nygtady we olarda alnyp barylýan işleriň ýokary hilini, bellenen möhletinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi talap etdi. 

                                                                   

Wise-premýer Ç.Purçekow merkeziň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyklaryň gidişi, olaryň zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilişi hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy dünýä tejribesi milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işlerine, olaryň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi, zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegine, elektrik geçiriji ulgamlaryň gurnalmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Ýazmyradowa merkeziň çäklerinde oturdylmagy teklip edilýän bag nahallarynyň görnüşleriniň sanawyny kesgitlemegi tabşyrdy. Şunda suw serişdeleriniň aýawly ulanylyşyna, aýratyn-da, ýagyş we ýerasty suwlary peýdalanmak, suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merkeziň çäklerinde gurulýan lukmançylyk, sport we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bu desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna ilkinji derejede üns bermek, şol edaralarda işlejek hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýer N.Amannepesowa birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, merkeziň edaralarynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyny, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda “akylly” öý ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini, ýeke-täk belgi boýunça degişli gulluklary çagyrmak ulgamynyň guralyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Merkezde elektromobilleri ulanmak, aragatnaşyk ulgamlaryny gurnamak işlerini çaltlandyrmak häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek meselelerine degip geçmek bilen, wise-premýer H.Geldimyradowa tölegleriň öz wagtynda tölenilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etmegini şertlendirer. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz täze merkeziň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa bu babatda meýilleşdirilen medeni çäreleri, geçiriljek halkara forumlarda, teleýaýlymlarda we internet giňişliginde görkeziljek maglumat-tanyşdyryş häsiýetli wideoşekilleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralara halkara guramalaryň, ilçihanalaryň wekilleriniň gatnaşmagyny guramagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe ýüzlenip, welaýat merkeziniň dolandyryş çäklerini we meýdanyny kesgitlemek, degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna merkeziň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda degişli gulluklaryň işi häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar esasynda ýola goýulmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa täze merkezde işlejek hünärmenleri seçip almak, ähli jemagat gulluklarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek baradaky meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze merkeziň ähli durmuş ulgamyna degişli düzümleriniň utgaşykly işiniň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze merkezi bilen bagly meseleleri çalt çözmek üçin degişli Kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri”, “Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri”, şeýle-de “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda” Kararlara gol çekdi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginini güýçlendirmäge ýardam eder, şäheriň häkimliginiň işini düzgünleşdirer. 

                                                                   

 Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna geldi. 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň başlygy Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşyna bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, üzümiň täze hasylyny ýygnamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji iýunynda Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bakjaçylaryň haýyşy boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň synag meýdançasynda üzümiň milli daýhançylyk däpleriniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň utgaşdyrylmagynda täze döredilen görnüşine at dakyp berdi. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz türkmen halkynyň “Dile geldi — bile geldi” diýen paýhasly jümlesi esasynda, şeýle-de bu künjekden Kärizek obasynyň seleňläp görünýändigini nazara alyp, üzümiň täze görnüşine “kärizek” diýip at goýupdy. 

                                                                   

Müdirligiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, üzümiň “kärizek” görnüşi hasyla durdy. Ç.Amanow bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzdan üzümi ýygmaga badalga bermegini haýyş etdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz üzümiň täze görnüşinden bir salkymy ýygyp, onuň köpçülikleýin ýygymyna ak pata berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bu künjekde milli ekerançylyk däpleri esasynda dürli miweleri, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly howa gurşawynyň, suwly çeşmeleriň bardygyny belledi. Munuň özi ajaýyp tagamy, ýokumlylygy bilen tapawutlanýan miweli baglardan, üzümden bol hasyl almakda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Müdirligiň ýolbaşçysy bu ýerde üzümleriň örän köp görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýändigini, “kärizek” üzüminiň ekilenine 4 ýyl bolandygyny we onuň doly hasyla durandygyny habar berdi. Milli daýhançylyk däpleri bilen häzirki zaman ylmynyň utgaşdyrylmagynda döredilen üzümiň täze görnüşi ýokary hasyllylygy, süýjüligi we durumlylygy bilen tapawutlanýar. Bu görkezijiler häzirki zaman bazarynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda obasenagat toplumynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, degişli edaralaryň kömekçi hojalyklarynda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli ekerançylyk meýdanlarynda ýerlerden bol hasyl almak, bu ugra täzeçil usullary ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Müdirligiň ekerançylyk meýdanlarynyň çäklerinde ýaş üzümleri we bag nahallaryny köpeltmek, olary sapmak işleri netijeli dowam etdirilýär. Bu ýerde birýyllyk, ikiýyllyk üzüm nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, müdirligiň synag meýdanynda şetdaly nahallary ösdürilip ýetişdirilýär, degişli seçgiçilik işleri geçirilýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň baý tejribesini nazara alyp, agrotehniki kadalara laýyklykda, möwsümleýin çäreleri geçirmek oba hojalyk işleriniň netijeliliginiň baş şertidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde miweli baglardan ybarat meýdanlaryň giňeldilmegi, üzümçiligiň ösdürilmegi güneşli Diýarymyzyň ekologik abadançylygynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat ösdürilýär, pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlanýar.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz müdirligiň üzümçilik meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň görnüşleri bilen hem tanyşdy. Bu ýerde üzümiň 10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar “kärizek”, “şaserpaý”, “taýpy”, “rowaç”, “türkmen içkimar”, “sary kişmiş”, “sagdäne”, “garrygala”, “akdäne”, “gyzyl üzüm” ýaly görnüşlerden ybaratdyr. Olaryň her biriniň ähmiýetli tarapy bolup, ýokumlylygy we süýjüligi babatda biri-birinden tapawutlanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daýhanlaryň topraga siňdirýän yhlasynyň hem-de çekýän zähmetiniň oňyn netijeleri berýändigini aýdyp, paýhasly pederlerimiziň daýhançylygyň ajaýyp ýörelgelerini döredendiklerini, häzirki wagtda olary ylmy esasda ösdürmelidigini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligine degişli ekerançylyk meýdanlarynyň çäginiň giňeldilmeginiň, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleriniň artdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz hemmelere alyp barýan asylly we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

12.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. 

 Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistanyň häzirki wagtdaky okgunly ösüşine we ýeten belent derejesine tüýs ýürekden begenýärler. Döwrümiziň syýasy işgärleriniň täze nesliniň görnükli wekili — hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we tutuş halkyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi we berkidilmegi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly çuňňur gynanjyny aýdyp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleriň ählisiniň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Hytaýyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. Geçen 30 ýylyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan türkmen-hytaý gatnaşyklary iki halkyň abadançylygynyň bähbidine işjeň ösdürilýär. 

                                                                   

Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini we bilelikdäki tagallalar esasynda ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa+Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarda birek-birege yzygiderli goldaw berýändigi bellenildi. Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we Beýik Ýüpek ýoly döwrüne çenli müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleri bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işler ynanyldy. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar, netijeliligi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady. Şeýle-de Li Hueý Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hormatly Arkadagyň şu ýylyň fewral aýynda hytaý tarapynyň çagyrmagy boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Pekinde geçirilen XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan mahalyndaky duşuşyklaryny mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hytaýyň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyza salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny iberendigi baradaky habary ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz aýdan mähirli sözleri hem-de iberen kitaplary üçin HHR-iň Başlygyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistan bilen Hytaýyň hem-de ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

 Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

08.09.2022
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýadydyr

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýuna barýar. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik maksatlaryna ýetmekde alyp barýan syýasatynyň üstünliklerini görkezýän geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramak, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmalydygyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, oba hojalyk tehnikalary hem-de mineral dökünler bilen üpjün edilmelidigine, pagta ýygymyna toplumlaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň şu günki günüň möhüm talaplarynyň biridigini belläp, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, täze mekdepleriňdir çagalar baglarynyň açylyş dabaralarynyň, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetinň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk tejribäni hem-de uly kuwwaty nazara almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almagy, bu ugurda uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. 

                                                                   

1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Gurultaýa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

                                                                   

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi, ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de guramaçylyk meselelerine garaldy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümi, ýolbaşçylary saýlanyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurultaýda çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýandygymyzy belledi. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek wezipeleri öňe sürüldi. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn hukuk şertlerini döretmekden ybaratdyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň hukuk binýadyny pugtalandyrýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda häzirki wagtda Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek; ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek; ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek; ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bar. 

                                                                   

Bu ugurda amala aşyrylýan esasy maksatlar bilen bir hatarda, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertler döredilmelidir. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr. 

                                                                   

Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynam bildirip, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Gurultaýdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýaş nesilleriň teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan we şu taryhy gurultaýda gol çekilen bu Kanun ýaş türkmenistanlylara döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýän esas goýujy hukuk resminamasy bolar. 

                                                                   

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Onuň dowamynda söhbetdeşler giň ugurlar boýunça, şol sanda energetika, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, ýeňil senagat ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparyna möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek, telekeçilik işi üçin amatly ýagdaýy döretmek, nebit çykarylyşynyň maýa goýum çekijiligini pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny durmuşa geçirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine “Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat şäheriniň çäginde ygtybarly zeýkeş ulgamyny döretmek, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek hem-de bu işler üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak baradaky teklipler, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu senagat zolagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň 10 müňüsiniň döredilmegine mümkinçilik berer. 

                                                                   

Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen bilim, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklip, hususan-da, ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň dalaşgärligini bu komitetiň düzüminde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalyga hödürlemek hem-de geljek ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahatyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda, ÝUNESKO bilen ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy tarapyndan geçirilýän çärelere talyp ýaşlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Şeýle-de şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de ýakyn ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň ugurdaş geňeşi bilen bedenterbiýe we sport ulgamynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2023 — 2025-nji ýyllaryň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär. 

                                                                   

Mejlisde hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemegi we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak baradaky şertnamany şol paýdarlar jemgyýeti bilen tölegsiz esasda baglaşmak hakynda Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

Şeýle-de geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi. 

                                                                   

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GFR-iň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank ulgamynda, şeýle-de ulag-kommunikasiýa toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli mähirli gutlap, şu babatda Prezident Wladimir Putiniň gutlag sözlerini we mähirli salamyny ýetirdi. Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işlerinde täze üstünlikleri gazanmagy baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklary öňe ilerletmekde Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly goşandyny belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentara hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Şular ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gün tertibi boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklarda ulanylar. Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna resmi sapary bilen gelmäge garaşýandyklaryny belledi. 

                                                                   

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitdäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz welaýat çagalar hassahanasynyň operasiýa taýýarlyk bölümine baryp gördi, lukmanlaryň işi bilen gyzyklandy, bu ýerde bejergi alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy hem-de hassahana gaznanyň hasabyna satyn alnan “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny gowşurdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Sakarçäge etrabynda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna gurlan 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hajy Arkadagymyz täze öýleriň birine baryp, bu ýerde amatly ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we öý eýesine haýyr-sahawat gaznasyndan täze arabany, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşdy. Ýurdumyzyň depginli ösdürilýän energetika senagaty üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredilen bu ýokary okuw mekdebi şu ýyl öz 25 ýyllygyny belleýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda ýaşlar barada döwlet syýasatyny kämilleşdirmegiň ýollaryna, öňdebaryjy usullaryň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň energetika kuwwatyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, bitewi milli energiýa ulgamyny döretmek we bu ulgamda täze taslamalary durmuşa geçirmek barada gürrüň edildi. 

                                                                   

Şol gün hormatly Arkadagymyz Gurbanguly hajy metjidine bardy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygy we ýurdumyzyň ösüşi ugrundaky ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi üçin doga-dilegler edildi. 

                                                                   

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de halkara ýaryşlarda baýrakly ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan türgenlere ýokary netijeli sporty ösdürmäge hem-de geljekki olimpiýaçylary — täze zehinleri gözläp tapmaga mynasyp goşant goşýan tälimçilere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. 

                                                                   

1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň hem-de uly açyşlaryň nurana ýoluna ak pata berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilim dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli “Bilimli” atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy şatlykly waka boldy. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Olara ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriň we obalaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjylary hem şol gün täze binalary ulanmaga bermek dabaralarynyň şaýatlary boldular. Şol ýerde 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep hem-de 320 orunlyk çagalar bagy açyldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde açylan çagalar bagy hem 320 orunlykdyr. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Saganly obasynda, Daşoguz şäherinde hem-de Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Buýanly obasynda gurlan her biri 600 orunlyk döwrebap orta mekdepler ýurdumyzyň umumybilim berýän okuw edaralarynyň üstüni ýetirdi. Bulardan başga-da, Daşoguz şäherinde 240 orunlyk çagalar bagy ulanmaga berildi. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin hem bu baýramçylyk güni ajaýyp wakalara beslendi. Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy hem-de Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep açyldy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň okuwçylary 500 orunlyk täze, döwrebap mekdepde bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasynda bolsa 320 orunlyk çagalar bagy gapylaryny giňden açdy. Bu desgalaryň ählisiniň gurluşygyny ýurdumyzyň hususy kärhanalary amala aşyrdy. 

                                                                   

Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli täze dermanhanalaryň açylyş dabaralary boldy. Olarda Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşi, bereketli türkmen topragynda ýetişýän ösümliklerden öndürilen derman serişdeleri hödürlenilýär. 

                                                                   

2-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Jemi 690 müň gektara bugdaý ekilip, daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna galla ýygnamagy maksat edinýärler. Ekiş üçin azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly tohumlary taýýarlanyldy. Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň hatarynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem bar. Döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinli çagalaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar we diplomlar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň depginli ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň aýdyň beýany boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

07.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Belent mertebeli Prezidentimiz! 

                                                                   

Sizi ýetip gelýän Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen Gutlagyňyz, mähirli we süýji arzuwlaryňyz, bäsleşigiň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Bu şatlykly günde biziň adymyza aýdan mähirli sözleriňiz bizi örän şatlandyrdy hem-de buýsandyrdy, bagtyýarlyga beslenen bu pursatlar hiç haçan biziň ýadymyzdan çykmaz.  

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz! 

                                                                   

Siz Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirip, mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine tutumly işleri amala aşyrýarsyňyz, toplumlaýyn özgertmeleri, milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda döwletimizi we jemgyýetimizi gülledip ösdürmäge, täzelenişe, ösüş-özgerişe gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni, ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar hem-de netijeli dowam etdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. 

                                                                   

Siziň rowaçlyga, abadançylyga gönükdirilen tutumly işleriňiz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär, ata Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.  

                                                                   

 Mertebesi belent döwlet Baştutanymyz! 

                                                                   

Siziň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen çuň manyly sözleriňiz ýaş nesil baradaky aladaňyzyň aýdyň beýanydyr. Siz ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy, aýdym-saz, çeper döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, ruhubelent adamlar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýärsiňiz. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda orta mekdepleri, çagalar baglaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, sport desgalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary gurmakda nusgalyk tejribeler mynasyp dowam etdirilýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, atalyk sargytlary, Arkadagly Serdarymyz, Siziň alyp barýan nusgalyk işleriňiz has-da yhlasly okamaga, aýdym-saz, döredijilik äleminde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz ajaýyp döwrümize, eşretli durmuşymyza, eziz Watanymyza, merdana halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Size çäksiz sarpamyzy, guwanjymyzy we buýsanjymyzy kalbymyzdan joşup çykýan aýdym-sazlarymyzda beýan edýäris.  

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz! 

                                                                   

Siz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar bolan biziň çykyşlarymyza örän ýokary baha berdiňiz we bizi gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladyňyz. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerliginden gözbaş alýan Siziň bu belent sahawatyňyz, çagalara söýgiňiz, sungata, çeper döredijilige goýýan sarpaňyz, Watany, zähmeti, sungaty söýmäge, ruhubelentlige çagyryşyňyz bize ylham berýär. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz, Siziň şahsy göreldeleriňiz biziň üçin nusgalykdyr.  

                                                                   

 Belent mertebeli Prezidentimiz! 

                                                                   

Siziň ajaýyp geljegimize alyp barýan aýdyň ýoluňyzda hemişe öň hatarlarda bolup, yhlasly okajakdygymyza, döredijilik zehinimizi baýlaşdyrjakdygymyza, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan beýik işleriňize mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza Sizi ynandyrýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, tutumly işleriňiziň rowaç, mertebäňiziň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                   

 Sizi çuňňur hormatlamak bilen,  

                                                                                                           

zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar.

05.09.2022
Bagtyýar çagalygyň Watany wasp edilýär

Zehinli çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 

                                                                   

 Ahal welaýaty, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşikler Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreler toplumyny açýar. Bu gözden geçiriliş köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, Diýarymyzyň ähli künjeginden ýaş zehinleri ýüze çykarýar. 

                                                                   

Bäsleşigiň baş maksady umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň, döredijilik merkezleriniň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmakdan hem-de saz sungaty bilen meşgullanmaga çekmekden, olaryň zehinlerine goldaw bermekden, ösüp gelýän ýaş nesliň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakdan, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlary şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda birnäçe tapgyrda geçirildi hem-de iň zehinliler kesgitlendi. Bäsleşigiň dowamynda çagalaryň çykyşlaryny tomaşaçylaryň köp sanlysy diňledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän ýaş zehinleriň gözden geçirilişi täze başlangyçlary öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, çagalary öz zehin-başarnyklaryny ösdürmäge ruhlandyrýar. 

                                                                   

Konsert başlanmazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşyjylar ykbal çözüji taryhy wakany — Watanymyzyň özygtyýarlygyna eýe bolmagyny ebedileşdiren Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. 

                                                                   

 Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sungat baýramçylygyna öwrülen jemleýji konserti geçirildi. 

                                                                   

Däp bolşy ýaly, dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Siziň kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp wasp etjekdigiňize, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýjak täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize pugta ynanýaryn” diýip belleýär. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Siziň belent joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň örän uly ähmiýeti bardyr” diýip nygtaýar. 

                                                                   

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar geljekde milli sungatymyzyň şan-şöhratyny belende götererler. Sahnada ýaýbaňlanan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen zehinlerini äşgär etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan jemleýji dabaraly konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň toparlaýyn ýerine ýetirmeginde ýaňlanan köpöwüşginli edebi-sazly çykyş açdy. Ol döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly nyşanyna, eziz Watanymyzyň — bagtyýar çagalygyň ýurdunyň senasyna öwrüldi. 

                                                                   

Konsert türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi, olaryň köpöwüşginliligi “Türkmeniň ak öýi” binasynda uly baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi, şol bir wagtda çagalygyň bagtyýar durmuşynyň beýanyna öwrüldi. Onlarça aýdym we tans çykyşlary ýaýbaňlandy, halk döredijilik eserleri, häzirki zaman mukamlary ýaňlandy. Olar çagalaryň iň gowy arzuwlarynyň we maksatlarynyň hasyl bolýan ýurdy barada bir bitewi sena bolup kalplara doldy. 

                                                                   

Bäsleşige gatnaşyjylaryň her bir çykyşy özboluşly tomaşa öwrüldi. Olaryň uly joşgun we ylham bilen ýerine ýetirýän aýdymdyr tanslary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Tomaşaçylaryň ýüzlerçesi sahnada ýaýbaňlanan çykyşlary buýsanç hem-de tolgunmak bilen synlap, ýaşajyk artistlere joşgunly el çarpdylar. Çagalaryň päk kalbyndan joşup çykýan owazlar Watanymyza, öz arzuwlaryny hasyl etmäge giň mümkinçilikler döreden hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyň özboluşly çeper beýany bolup ýaňlandy. Körpeler dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. 

                                                                   

Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň täsin ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän dürli eserler girizildi. Halk we estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Bu bolsa umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksatlarynyň biridir. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň nobatdaky jemleýji tapgyry türkmen topragynyň zehinlere baýdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň hem-de köp sanly tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. 

                                                                   

Çykyşlaryň jemleri boýunça çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy. Döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň her birine gymmat bahaly sowgatlar berildi. Olar ýaş zehinleri täze döredijilik üstünliklerine, geljekde-de döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge, täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrar. 

                                                                   

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza ýaş nesil barada edýän hemişelik aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Arkadagly Serdarymyzyň wesýetlerine eýerip, oňat okajakdyklaryna, döredijilik bilen işjeň meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini ösdürip, Watanymyzyň we onuň baý sungatynyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

05.09.2022
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary

Mary welaýaty, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi. 

                                                                   

Häzirki wagtda durmuş ugurly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurulmagyna, olaryň ýokary halkara görkezijilere kybap derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bejergi alýan çagalaryň doly sagalýança gözegçilikde saklanjakdygyny, olara zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu çagalara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi hem-de ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Hassahanada operasiýa taýýarlyk üçin degişli bejergini alýan çaga hormatly Arkadagymyza täze öwrenen goşgusyny okap berdi. Munuň özi çagalaryň saglygy hakyndaky alada hoşallygyň nyşany bolup ýaňlandy. 

                                                                   

Onuň ejesi çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň saglygy barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz hassahanada operasiýa geçirilmegine taýýarlyk görülýän bölümde bejergi alýan çagalaryň ýene-de biriniň ýanyna bardy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çaganyň ene-atasy bilen gürrüňdeşliginiň dowamynda olaryň çagalarynyň doly derejeli sagalmagy ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýdyp, çagajyga tiz sagalmagyny arzuw etdi. Lukman Arkadagymyz bölümiň nobatdaky otagyna bardy. Bu ýerde bejergi alýan çaga we onuň ejesi yzygiderli alada üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hassahanasynda bejergi alýan körpelere sowgatlary gowşuryp, döwletimiziň geljekde-de hassahanalarda lukmançylyk kömegini alýan çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bejergi alýan çagalara we olaryň ene-atalaryna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, çagalaryň tiz sagaljakdyklaryna ynam bildirdi we olar bilen hoşlaşdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hassahananyň işgärlerine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny gowşurdy. 

                                                                   

Bu enjam hassahananyň reanimasiýa bölüminde näsag bäbeklere we çagalara emeli dem bermek üçin ulanylýar. Enjam ýokary hilliligi, ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokary basyşyň kömegi bilen dem alyş ýollaryna howanyň, kislorodyň we derman serişdeleriniň barmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde bu enjam adamyň ganynyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýle-de emeli dem beriş enjamy öýkenlerde gaz goýberiş ukybyny üpjün edýär, näsagyň dem alşynyň sazlaşygyny ýola goýýar. Mundan başga-da, enjamyň üsti bilen näsaga geçirilen ähli bejergiler baradaky maglumatlar alty aýyň dowamynda saklanýar. 

                                                                   

Bu lukmançylyk enjamynyň häzirki wagtda sebitde ýeke-täkdigini bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän we täze gurulýan lukmançylyk edaralarynyň enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýändigini görkezýär. Lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Hassahananyň lukmanlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijisiniň iň kämil enjamynyň hassahana berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Soňra hajy Arkadagymyz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň merkezinde ulanmaga berilýän 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy etrabyň ýaşaýjylary, täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Aýdym-sazly çykyşlar dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

 Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşýanlary şanly waka hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 31 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Täze ýaşaýyş jaýynyň açylmagy baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, berk bedenli bolmaklary ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygaryň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary esasy ýörelge edinen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde adamlar we olaryň saglygy, şeýle-de ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere zerur ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy bilen tanşyp durmak asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş ulgamyna degişli giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň yzygiderli dowam etdirilýändigini, olarda ýokary derejeli ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Şunda döredilýän mümkinçilikleriň tutuş halkymyz üçin elýeterli bolmagyna aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin hem ýokary derejeli ýaşaýşyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýändigini aýdyp, şu günki açylýan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulmagynyň ähli adamlar hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň nyşanydygyny nygtady. 

                                                                   

Bu ýerde guralan dabara gatnaşýan kümüş saçly eneleriň biri hormatly Arkadagymyza halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi, asylly işleriň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýändigi üçin ähli eneleriň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, adamlar, olaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny belledi. 

 Soňra hormatly Arkadagymyz mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Ý.Çaryýewiň öýüne baryp gördi. 

                                                                   

Öý eýeleri hormatly Arkadagymyzy mähirli garşylap, edilýän aladalar üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Öý eýesi 2006-njy ýylda maşgala gurandygyny, bir oglunyň bardygyny, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ulanmaga berlen täze jaýa göçüp gelmek bagtynyň miýesser edendigini uly buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz öý eýeleriniň iş, durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanyp, adamlar, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini belledi we şeýle maşgalalara kömek-goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, hemmetaraplaýyn ösen we ykdysady taýdan kuwwatly döwletimizde halkymyzyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Soňra hajy Arkadagymyz öý eýesi bilen bilelikde täze jaýyň otaglary bilen tanyşdy. Öýüň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň ýerleşdirilişi bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Öýüň otaglarynda, aşhanasynda mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen oňaýly şertler döredildi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde öý eýesine haýyr-sahawat gaznasyndan täze arabany, şeýle-de maşgala agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy. Öý eýeleri özlerine bildirilen uly hormat üçin hoşallygyň nyşany hökmünde hajy Arkadagymyza toý düwünçegini gowşurdylar. Gahryman Arkadagymyz öý eýeleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

 Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dabara gatnaşanlara üstünlikleri arzuw etdi we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna tarap ugrady. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz, ilki bilen, institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Institutyň rektory bu ýokary okuw mekdebiniň 25 ýylyň dowamynda geçen ýoly, gazanan üstünlikleri, şeýle-de talyplaryň dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde mynasyp bolan diplomlary we degişli resminamalar barada giňişleýin maglumat berdi. Munuň özi institutyň amaly hem-de usulyýet okuwlaryny guramakda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz institutyň mejlisler zalynda mugallymlaryň we talyplaryň öňünde çykyş etdi. Energetika institutynyň döwrebap, häzirki zaman binasy 2010-njy ýylda ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň çalt depginlerde ösýän energetikasy, senagaty üçin bilimiň öňdebaryjy usullary esasynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredildi. 

 Şu ýylyň 12-nji awgustynda bu institutyň döredilenine 25 ýyl bolandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň bellenilýän aýyna gadam basylan döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde milli baýramçylygymyz bilen bagly dabaralar geçirilip başlandy. Hormatly Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, mugallymlary hem-de talyplary ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. 

                                                                   

Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynda örän köp işler bitirildi. Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki orny, halkara abraýy, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni ulgamda gazanylan üstünlikler barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Olaryň netijelerini her bir raýatymyz duýýandyr, şol sanda siz hem olary gündelik durmuşyňyzda görýänsiňiz diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Elektrik energiýasy ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny ösdürmek üçin iň esasy binýatlaýyn zerurlyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy eden çykyşynda elektrik energiýasy, energetika ulgamy, onuň şu güni, geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Durmuşda elektrik energiýasyndan peýdalanmaýan adam ýok. Bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi bu gün elektrik energiýasy bilen herekete gelýän, işleýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza ykjam ornaşdy. 

                                                                   

Energetika pudagy bolmasa, beýleki pudaklary hem ösdürmek mümkin däl. Ine, durmuşymyzda şunuň ýaly möhüm orny bolan elektrik energiýasyny öndürmäge, ony sarp edijilere ýetirmäge dahylly adamlar bolandygyňyz üçinem siz saýlap alan hünäriňize, käriňize buýsanmalysyňyz. Yhlasly okamalysyňyz, ak ýürekden zähmet çekmelisiňiz diýip, hormatly Arkadagymyz ýaşlara öwüt-ündewlerini berdi. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagyna ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde garalyp, ony ösdürmäge aýratyn üns berildi. Döwrebap, iň kämil tehnologiýalar esasynda işleýän, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren enjamlary oturdylan täze elektrik stansiýalarynyň onlarçasy guruldy. Ozaldan işläp gelýänleriniň durky täzelendi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri çekildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar, ony daşary ýurtlara eksport edýär. Türkmenistanyň energiýa ulgamynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze, kuwwatly elektrik beketleri hereket edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüşiniň taryhy Murgap derýasynda 1,2 megawat kuwwaty bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Ýeri gelende bellesem, onuň gurluşynyň örän täsin taryhy bar. Ol öz döwründe Russiýa imperiýasynyň iň kuwwatly elektrik stansiýasy bolupdyr. Dünýäde şonuň ýaly 110 ýyla golaý taryhy bolan, başda oturdylan enjamlary bilen işläp duran elektrik stansiýasy başga ýokdur. Ony “tehniki pikiriň ýadygärligi” diýip atlandyrmak mümkin. “Özboluşly muzeý” diýip atlandyrsagam bolýar. Onuň bilen gyzyklanýanlaram, gelip görmäge isleg bildirýänlerem köp. Meniň pikirimçe, institutyň talyplaryna-da ony görkezmek gerek. Munuň özi ýurdumyzda energetika ulgamynyň ösüşleriniň nähili ýokarydygyna göz ýetirmäge, häzirki kuwwatly elektrik stansiýalarymyza buýsanjy artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, alym Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Biz Türkmenistanda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmäge, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen her bir işe başlamazdan ozal, onuň ylmy esaslaryny öwrenýäris, hukuk binýadyny kesgitleýäris we döredýäris. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşleri hem ylmy esaslara, berk hukuk binýadyna, takyk işlenip düzülen maksatnamalara daýanýar. Olaryň häzirki wagtda hereket edýänleriniň käbirini agzap geçmek isleýärin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu resminamalar energetika pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we durmuş esaslaryny, wezipelerini, borçlaryny kesgitleýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulandygyny belläp, ýurdumyzda ösen senagat ulgamynyň döredilendigini we onuň barha kämilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, elektrik energetika pudagynda hem iri maýa goýumlary özleşdirilip, bu pudak döwrebap ösdürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Dünýäniň ähli ýurtlarynda çalt depginler bilen ösýän senagat pudaklary elektrik energiýasyny köp sarp edýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň ýaly-da, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgermegi netijesinde durmuşda ulanylýan enjamlaryň görnüşleri we sanlary artýar. Özüňizem görýänsiňiz, bu gün her hojalykda birnäçe sowadyjylar, telewizorlar, kondisionerler we beýleki enjamlar ulanylýar. Bular bolsa elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ýokarlandyrylmagyny hem-de ygtybarlylygyny talap edýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşmagynyň, senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, täze önümçilikleriň, döwrebap obadyr şäherleriň döredilmeginiň, telekeçilik işlerine giň ýol açylmagynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmeginiň elektrik energiýasyny köp öndürmegi talap edýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine-de elýeterli etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek arkaly, welaýatlarymyzyň energiýa ulgamlarynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek üçin zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň kadaly işlemegi üçin döredilýän amatlyklaryň hatarynda, ilkinji nobatda, olaryň ygtybarly we bökdençsiz elektrik üpjünçiligine köp zadyň bagly bolup durýandygyny belläp, elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artmagynyň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny talap edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Pudagyň öňünde durýan möhüm wezipäni çözmek üçin, «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirildi. Şonuň netijesinde, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup ulanmaga berildi. Olar sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Has takygy, häzirki wagtda ýurdumyzda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar. Gaz turbinalar — 39 sany, bug turbinalar — 12 sany. Siziň köpiňiziň geljekde işlemeli ýerleriňiz bolan şol elektrik stansiýalary barada biraz jikme-jik gürrüň bereýin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan, utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap, kuwwatly elektrik stansiýasy täze tehnologiýalaryň, tehniki mümkinçilikleriň durmuşa geçirilendigi, ekologik talaplaryň berjaý edilendigi bilen tapawutlanýar. Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogynyň ulanyşa girizilmegi bilen, stansiýanyň bellenilen kuwwatlylygy 1685 megawata deň boldy. Mary döwlet elektrik stansiýasy şol döwürde Orta Aziýada iň uly elektrik stansiýasy bolmak bilen, ýurdumyzyň hem-de goňşy döwletleriň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrdy. 

                                                                   

2014-nji ýylyň oktýabrynda 3 sany gaz turbinasy hem-de 2018-nji ýylyň sentýabrynda utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasy işe girizildi. Onuň netijesinde elektrik stansiýasynyň jemi kuwwatlylygy 2985,7 megawata çenli ýokarlandy. Bu döwrebap elektrik stansiýasynda ABŞ-nyň dünýä meşhur «General Electric» kompaniýasynyň gaz turbinalarynyň 4-si we bug turbinalarynyň 2-si oturdyldy. Gaz turbinalaryndan çykýan zyýanly gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi bu stansiýanyň işiniň aýratynlygydyr. 

                                                                   

Bu tehnologiýanyň amatlydygyny sanlar arkaly subut etmek mümkin. Eger ýönekeý yzygiderlilikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi, ortaça, 34,2 göterime deň bolsa, utgaşykly yzygiderlilikde peýdaly hereketiniň görkezijisi bir ýarym esseden gowrak ýokarlanyp, 56 göterimden gowrak bolýar. Bu döwrebap tehnologiýanyň pudaga ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi guramaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga şert döretdi. Mundan başga-da, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Bu kuwwatly elektrik stansiýasynda ähli işler kompýuterleşdirildi. Munuň özi dolandyryş merkezinden ähli tehnologik işlere netijeli gözegçilik edilmegini üpjün edýär. Stansiýanyň işe girizilmegi daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini goşmaça 3 milliard kilowat-sagada çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Täze iş orunlary döredi, hünärmenlerimiziň iş tejribesi baýlaşdy. Bugly-gazly elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologik taýdan hem özüne çekijidir. Çünki onda ýanan önümler bolan kömürturşy gazynyň howa goýberilişi 2-3 esse azalýar diýip, alym Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynda dünýäniň abraýly guramalary tarapyndan «Ýokary tehnologiýaly desga», «Ýaşyl» ykdysadyýetli desga», «Energotygşytlaýjy desga» atly birnäçe halkara güwänamalar gowşuryldy. Bular ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyna, bu işleriň dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda işe girizildi. Onda iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Bu gaz turbinalary diňe bir tebigy gazda işlemän, dizel ýangyjynda hem işleýärler. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda dürli kuwwatlykly jemi 5 sany gaz turbinalarynyň işe girizilmegi bilen, stansiýanyň umumy kuwwatlylygy 648,1 megawata deň boldy. 

                                                                   

Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy 2006-njy ýylda ulanyşa girizildi. Ol Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. 2016-njy ýylda Aşgabat döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde güýjenmesi 220 kilowolt bolan açyk paýlaýjy gurluş ulanmaga berildi. Bu desgalaryň gurulmagy bilen, Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlandy diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy 1957-nji ýylda ulanyşa girizildi. Onuň düzümine jemi kuwwatlylygy 173 megawat bolan 7 sany bug turbina desgalary girýärdi. Häzirki wagtda olaryň ornuna iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Bu gün stansiýanyň umumy kuwwatlylygy 246,6 megawata deňdir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Derweze döwlet elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda işe girizildi. Bu ýerde dört sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Awaza döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Olar hem tebigy gazda we dizel ýangyjynda işläp bilýärler. Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan başga-da, 15 sany podstansiýa guruldy. Bu işler güýçli depginlerde gurulýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge şert döretdi. 

                                                                   

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň 2003-nji ýylyň noýabr aýynda ulanyşa tabşyrylandygyny, bu stansiýada her biriniň kuwwatlylygy 42,13 megawat bolan üç sany gaz turbinalaryň gurnalandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Balkan welaýatynyň batly depginlerde ösýän nebitgaz we himiýa toplumlaryny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin 2010-njy ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda ýene iki sany gaz turbina desgasynyň işe girizilendigini, şeýlelikde, Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň 380,6 megawata deň bolandygyny nygtady. 

                                                                   

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu ýerde hem iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Daşoguz welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ikinji garaşsyz energetika çeşmesini edinmäge mümkinçilik berdi. Elektrik stansiýasy Daşoguz welaýatynyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini artykmajy bilen kanagatlandyrýar. Elektrik energiýasynyň artykmaç öndürilen bölegi şol ýerden Özbegistan Respublikasyna eksport edilýär. 

                                                                   

Lebap döwlet elektrik stansiýasy 2014-nji ýylyň 7-nji maýynda ulanyşa tabşyryldy. Bu stansiýada üç sany gaz turbina gurnaldy. Lebap welaýatyndan başga-da, daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak hem-de welaýatyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylda stansiýanyň çäginde täze gaz turbinalary guruldy. Stansiýanyň taslama kuwwatlylygy 581,6 megawata ýetdi. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda ýerleşýän “Watan” döwlet elektrik stansiýasy 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda işe girizildi. Bu elektrik stansiýasynda iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň gurulmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrdy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi deňiz suwunda işleýän özboluşly elektrik stansiýasy bolup, bug gazanlarynda ulanylýan suw iki sany senagat bugardyjy desgasynyň kömegi bilen deňiz suwundan arassalanyp alynýar. 

                                                                   

Seýdi ýylylyk elektrik merkezi Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra gurlan ilkinji elektrik stansiýasy bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda onuň 2-nji energoblogynyň işe girizilmegi bilen, ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 megawata deň boldy. 

                                                                   

Görşüňiz ýaly, elektrik stansiýalarynyň ählisi-de Garaşsyzlyk ýyllarynda täze gurlan ýa-da düýpli durky täzelenen desgalar. Olar, hakykatdan-da, Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleridir. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi barada aýtmak bilen, bu merkeziň şu ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlendigini belledi. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň sebitde deňi-taýy ýokdur. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. 

                                                                   

Häzirki wagta çenli pudagyň önümçiliginde ulanylýan energetika enjamlary daşary ýurtlarda abatlanyp gelýärdi, munuň üçin gyzyl pul harçlanýardy. Merkeziň ulanyşa berilmegi bilen, bu ýagdaýlar aradan aýrylýar. Bu merkez degişli enjamlary ýokary hil derejesinde, bellenen möhletlerde abatlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ony ulanmagyň netijeliligini, uzak möhletleýinligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle-de ol pudagyň ykdysady görkezijileriniň depginli ösüşini üpjün edýär, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşant goşýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da ýardam berýär. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edildi. Abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşy ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Merkezde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. 

                                                                   

Geljekde-de işgärleriň hünär taýýarlygyny, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş desgalarda okuw-iş tejribeliklerini guramak arkaly kämilleşdirmek hem-de tejribe alyşmak üçin ähli zerur şertler dörediler. Bu merkezde energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn esasda oňyn çözgütler durmuşa geçirildi. Gaz turbina enjamlaryny abatlamak we döwrebaplaşdyrmak üçin bu ýerde «General Electric» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýasy peýdalanylýar. Munuň özi ýangyjyň netijeli sarp edilişini ýokarlandyrmagyň hasabyna serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu innowasion çözgüt enjamlaryň ulanyş möhletini uzaltmaga-da ýardam edýär. 

                                                                   

Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine «General Electric» kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi baradaky güwänama, täze desganyň Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, onuň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky «The London Energy Club» kompaniýasynyň güwänamasy, durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänama, «Duisburg-Essen» uniwersitetiniň (GFR) Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamasy ýaly halkara derejeli resminamalar gowşuryldy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Şular ýaly iri taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek biziň baş wezipämiz bolup durýar. 

                                                                   

Energetika pudagynyň işi elektrik energiýasyny öndürmekden we ony sarp edijilere ýetirmekden ybaratdyr. Elektrik energiýasyny sarp edijilere bökdençsiz ýetirmek barada aýdylanda, hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny kämilleşdirmek we ony halkalaýyn birikdirmek baş maksat hökmünde kesgitlendi. Munuň üçin ýokary woltly asma elektrik geçirijileri we elektrik beketleri gurulýar. Şeýle gurluşyklaryň çäklerinde Ahal — Balkan elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. 

                                                                   

Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyrydyr. Ol Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmagy esasynda Aziýanyň Ösüş bankynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy. Onuň işe girizilmegi halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly ýene-de bir öňe ädilen ädim boldy diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ony, nesip bolsa, 2023-nji ýylda işe girizmegi meýilleşdirýäris. Şu ýylda Daşoguz welaýatynda saparda bolanynda, hormatly Prezidentimiz Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Işleriň gidişinden çen tutanyňda, onuň bellenilen möhletde ýerine ýetiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. 

                                                                   

Geljekde Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijisini hem döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işler ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça başy başlanan iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetiki halka birikdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Bu işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we garaşsyzlygyny berkider, önümçiligiň netijeliligini, elektrik energiýasynyň sarp edilişini, daşary ýurtlara iberilişini we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegini üpjün eder. Bu ulgam sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Elektrik energetika pudagynyň ösüşi elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilmegi bilen hem bagly bolýar. Energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylýar, geçiriji ulgamlar kämilleşdirilýär. Türkmenistan dostlukly owgan halkyna ýurtda parahatçylykly durmuşy ýola goýmakda yzygiderli kömek berip gelýär. Owganystan bilen döwletara gatnaşyklarda elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Parahatçylykly ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbidine Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň millionlarça kilowat-sagady iberildi. Türkmenistandan iberilýän elektrik togunyň owgan halkynyň durmuşynyň gowulanmagynda, täze önümçilikleriň, iş orunlarynyň açylmagyna nähili uly goldawdygyna olar gowy düşünýärler. Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam bu ugurda Türkmenistan tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilip gelinýän işleriň üstüni ýetirdi. 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugruny açypdyk diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şol gün geçirijilik kuwwatlylygy sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Bu taslamany amala aşyrmagyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesi, şol sanda elektrik bekedi, umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgam guruldy. Bu döwletli iş iki ýurduň arasynda ozal hereket edýän Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlaryndan başga-da, energiýanyň goşmaça iberilmegi meýilleşdirilýän Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlarynyň başyny başlady. 

                                                                   

Goňşy döwletde elektrik üpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň eýýäm birnäçesi guruldy. 2019-njy ýylda bolsa owgan tarapyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde kuwwatly elektroenergetika enjamy iberildi. 2020-nji ýylyň 1-nji fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Hyrat şäherine çenli güýjenmesi 220 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna girişildi. Munuň özi şol ugruň ähli düzümleýin desgalaryny energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder. 

                                                                   

Häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat — Turgundy hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Hereket edýän eksport ugurlary bilen bir hatarda, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlary hem işlenilýär. 

                                                                   

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bilen ugurdaşlykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurulýandygyny bilýänsiňiz. Bu taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Taslamany doly ýerine ýetirmek üçin ýene-de täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijileri, häzirki zaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýjy ulgamlary gurmak zerurlygy döreýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystandan başga-da, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edilýändigini, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Bu görkeziji, 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika senagatynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, energetika ulgamyny ösdürmek üçin geljekde etmeli işlerimiz hem degişli resminamalar bilen aýdyň kesgitlenendir. Munuň üçin uzak ýyllara niýetlenen, ulgamyň yzygiderli ösüşleri göz öňünde tutulan maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Olarda her ýylda etmeli işlerimiz anyk bellenilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzda hereket edýän energokuwwatlyklary artdyrmak we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynda ýerleşýän Ahal we Derweze döwlet elektrik stansiýalaryny, Balkan welaýatyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasyny, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny, Lebapda ýerleşýän “Watan” we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek hem-de Mary we Lebap welaýatlarynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär diýlip, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda bellenilýär. 

                                                                   

Häzir tutuş dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda hem şu babatda örän giň mümkinçilikler bar. Geljekde bu ugurlary ösdürmäge möhüm ähmiýet berler. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa sebitde täze gurulýan döwrebap obanyň ekologik taýdan arassa elektrik üpjünçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Institutda «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi guwançly ýagdaýdyr diýip, alym Arkadagymyz belledi. Onuň barlaghanalarynda fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy; Gün energiýasynyň konsentrasiýasy we geliotehnika; bioenergetika we biomassalar önümçiligi tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; elektrik energiýasynyň akkumulýasiýasynyň tehnologiýasy we beýleki ugurlar boýunça ylmy-barlag işleriniň geçirilmeginiň oňyn başlangyçdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu institutda Türkmenistanda ilkinji Gün-ýel garyşyk kuwwatly elektrik bekediniň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň ähmiýetlidigini aýtdy. Şeýle toplum Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde gurlar. 

                                                                   

Elektrik energetikasy pudagy tarapyndan geljekde-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdiriler. Ýurdumyzda Gün energiýasyny öndürýän Gün panelleriniň önümçiligini giňden ýola goýmak we durmuşa ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmäge-de wagt ýetdi. Bu işlerde ýaş alymlara, ýaş energetiklere bil baglanylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler” diýmek bilen, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň esasy wezipelerini kesgitledi. Şol wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Häzir Ahal, Derweze, Awaza, Daşoguz, Lebap döwlet elektrik stansiýalarynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, Seýdi şäherinde gaz turbinaly elektrik stansiýasyny hem-de Mary welaýatynyň Oguz han etrabynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak boýunça teklipleriň taýýarlanylýandygyny bellemek gerek diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2028-nji ýylda elektrik energiýasynyň umumy öndürilişini 37,5 milliard kilowat-sagada ýetirip, 2022-nji ýyla garanyňda, onuň möçberini 22,5 göterim artdyrmak bellenilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» düýpli maýa goýumlaryň hasabyna Ahal welaýatynda 1412 kilometr, Balkan welaýatynda 347 kilometr, Daşoguz welaýatynda 301 kilometr, Lebap welaýatynda 474 kilometr, Mary welaýatynda 750 kilometr elektrik geçirijilerini gurmak göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Görşüňiz ýaly, energetika pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň ählisi-de sebit we halkara ähmiýetlidir. Şunda Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýär. Energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak biziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalarymyzyň esasy ugrudyr. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň alyp barýan energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Senagat desgalary, şol sanda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. 

                                                                   

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel elektroenergetikasy boýunça taslamalaryň hem geljegi uludyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde milli hünärmenlerimiz öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen işleşseler, olaryň baý tejribelerinden peýdalansalar maksadalaýyk bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Görşüňiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmek boýunça geljekde ägirt uly işleri bitirmeli. Dünýäde ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary, kämil tehnologiýalar ýüze çykýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşymyza barha giňden ornaşýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen ýaşlaryna örän köp zat baglydyr. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşguny, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy eýýamda möhüm orna mynasyp bolmalydyr. 

                                                                   

Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan hem bu ugurda kuwwatly döwlet diýip arkaýyn aýdyp bileris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda ýaşlaryň ylmyň soňky gazanan innowasion, sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmaklaryny gazanmagyň, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegiň, olara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmegiň wajypdygyny belläp, bu ýörelgeleriň Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özenini düzýändigine ünsi çekdi. Ýaşlar syýasatynyň esasy maksady bolsa ýaş nesliň kemala gelmegi, şahsyýet hökmünde ösmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik hem-de ruhy mümkinçiliklerini jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirmekleri üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmak üçin bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi tarapyndan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini belledi. 

                                                                   

Bu Kanun taýýarlanylanda, ýaşlaryň öz pikirleri, teklipleri göz öňünde tutuldy. Türkmen oba hojalyk institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýaş mugallymlar, talyplar bilen geçirilen duşuşyklaryň aýratyn täsirli bolandygyny belläp, alym Arkadagymyz bu gün bolsa talyplaryň pikirlerini diňlemekçidigini aýtdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýyly şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär. Olarda ýaşlarymyzyň bitirýän işleriniň hem aýratyn orny bar. Işçi, daýhan, telekeçi, hünärmen ýaşlar gowy işlemek, talyplar bolsa gowy okamak bilen üstünliklere goşant goşýarlar. Şol üstünlikler XXI asyrda ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Ata Watanymyzyň geljegi gurulýar. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähli ösüşleriň, şöhratly üstünlikleriň binýadydygyny belläp, alym Arkadagymyz döwletimiziň we halkymyzyň ýeten belent derejeleriniň Garaşsyzlygymyz hem Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýtdy. 

                                                                   

Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň şanly baýramynyň bellenilmeginiň öň ýanynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi hem siziň durmuşyňyzda taryhy wakadyr. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, türkmen ýaşlarynyň geljekde ýerine ýetirmeli işleri barada anyk wezipeleri kesgitledi hem-de olara uly ynam bildirdi. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz talyp ýaşlaryň bu wezipeleri abraý bilen berjaý edip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynanýandygyny belledi. Ýaşlar Türkmenistanyň baý energetiki mümkinçilikleriniň bardygyna buýsanmalydyr. 

                                                                   

“Siz halkymyz üçin, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin aýratyn möhüm bolan energetika ulgamynda işlemäge mümkinçilik alan bagtly ýaşlarsyňyz!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşan mugallymlar we talyplar häzirki zaman ylmyny kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly hem-de hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşmaklary, olaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalar edilýär. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki eýeleýän ornunyň berkidilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini guwanç bilen bellediler. Olar hemmetaraplaýyn bilim almak, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmak üçin döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanymyz üçin ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, ata Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň toplan baý durmuş tejribesini hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy gymmatlyklary nazara almak bilen, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini belledi we institutyň mugallymlaryna, talyplaryna özüniň sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden Mary şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gurbanguly hajy metjidine tarap ugrady. 

                                                                   

Metjidiň ýanynda hajy Arkadagymyzy Türkmenistanyň müftüsi, Mary welaýatynyň baş ymamy we Gurbanguly hajy metjidiniň ymamy garşyladylar. Hajy Arkadagymyz din wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda gadymy milli däp-dessurlarymyzyň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. 

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen gürrüňdeş bolandygyny, täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny, talyp ýaşlar bilen duşuşandygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Din wekilleri ilat arasynda bolup, halkyň hal-ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýandygy, raýatlarymyzyň durmuşynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesliň mynasyp derejede terbiýelenilmegine uly üns berýändigi üçin hajy Arkadagymyza tutuş halkymyzyň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

                                                                   

Soňra hajy Arkadagymyz yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtükden, hormatly Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagtynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berlen teperrikden, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň mukaddes Käbede umra hajyny berjaý eden pursatlarynda sowgat berlen teperrikden ybarat bolan mukaddesliklere togap etdi. 

                                                                   

Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde bu milli ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi ynsanperwer kadalar, şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan belent ahlak gymmatlyklary esasynda gurýarys. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň müftüsi keramatly Gurhandan süreleri okap, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine hajy Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegini Beýik Biribardan dileg etdi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.

05.09.2022