Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek meseleleri girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi, ol şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň mynasyp gulluk etmegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Milli goşunyň ähli düzüm bölekleriniň işini kämilleşdirmek, harby ulgamda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmek hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Goranmak ministrliginiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunda goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak möhüm talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleriň hünär taýýarlygy ulgamynyň kämilleşdirilmegini wajyp meseleleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk borjuny berjaý edýän ýaşlary ata Watanymyza belent söýgi ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, ministre anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk senesi mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly harby ýörişe hem-de beýleki degişli çärelere häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny berjaý etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunylygyň berk berjaý edilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyna aýratyn üns berilmelidigini belläp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine Ö.Şyhmämmedowy belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak baradaky karara gelendigini habar berdi.  

                                                                   

Paýtagtymyzyň wezipä täze bellenen prokurory ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ähli bilimini we tejribesini Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ýurdumyzda kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň döredijilikli zähmetiniň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra Ö.Şyhmämmedow harby borja wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigi barada dabaraly kasam etdi. 

                                                                   

 Soňra degişli resminamalara gol çekildi. 

                                                                   

Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, şol sanda ýurdumyzyň awtoulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, tomus paslynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyna garşy göreş düzgünleriniň pugta üpjün edilmegi boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň işiniň geljekki ugurlary barada aýtmak bilen, içeri işler edaralarynyň hukuk tertibini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamalydyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny hem-de sanlylaşdyrylmagyny geljekki döwür üçin işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. 

                                                                   

Ähli edaralarda, kärhanalarda hem-de ilatyň arasynda yzygiderli ýagdaýda ýangyna garşy düşündiriş işlerini guramak, ýangyn-tehniki kadalaryň berjaý edilişini öwrenmek ýangyna garşy gullugyň ilkinji derejeli wezipeleriniň biridir diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy bu babatda tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini belläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda, okatmagyň usulyýetine gaýtadan seretmegi tabşyrdy we degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri M.Hydyrowa käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi. 

                                                                   

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet önümçiligini talabalaýyk alyp barmak, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet edaralarynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň esasy wezipesiniň kanunylygyň, adalatlylygyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleriň we şertleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kazyýet ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajyp meseleleriň biridigini aýdyp, kabul edilýän çözgütlerde kanunçylygyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijeleri, döwletimiziň bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy saklamak boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler, şeýle-de ýolbaşçylyk edýän düzümini 2022 — 2028-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny hem-de çäk bitewüligini goramak bilen baglylykda, bu edaranyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Häzirki döwrüň dürli howplaryna we wehimlerine garşy göreşde ugurdaş düzümler bilen sazlaşykly işiň üpjün edilmegine aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew geçen ýedi aýyň dowamynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragyny üpjün etmek hem-de harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet gullugynyň düzüm bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny häzirki zaman tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmagyň, ýaş serhetçileriň hem-de serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň serhediniň goňşy hem-de beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasynyň nyşanyna öwrülmelidigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwletimiz geljekde-de serhet birikmeleriniňdir galalarynyň häzirki zaman binalaryny we desgalaryny, harby gullukçylar üçin täze ýaşaýyş jaýlaryny, gulluk hem-de durmuş maksatly beýleki desgalary yzygiderli gurar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we halkymyzyň parahat, abadan durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň serhediniň hemişe dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhedi bolup galmagy üçin toplumlaýyn çäreleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, düzüm böleklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Adalat ministrliginiň düzüm bölekleriniň işgärleriniň öňünde milli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek, hukuk maglumatlaryny alyşmagyň döwletara ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hukuk ylmynyň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmek hem-de umumy ykrar edilen kadalaryň durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýedi aýynda geçirilen işleriň netijeleri, degişli hukuk namalarynyň düzgünlerini berjaý etmek, döwlet Baştutanymyzyň bu edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagynyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ähli düzüm böleklerine öňdebaryjy halkara tejribäniň, sanly ulgamyň has işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna üns çekildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlary hem-de ulag serişdelerini geçirmegiň tertibiniň berjaý edilişine aýratyn üns bermek gerek diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi we umumy kabul edilen ülňülere laýyklykda, degişli işleriň geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy. 

                                                                   

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, edaranyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň netijeli çözülmegine gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň bu ugurdaky syýasaty oňyn dünýä tejribesiniň hem-de milli kanunçylygyň esas goýujy kadalarynyň utgaşdyrylmagyna, işiň innowasion usullarynyň ulanylmagyna gönükdirilendir diýip, bu edaranyň düzüm böleklerini dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagy, ýaş, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýermek bilen, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady. Şu ýörelgelere esaslanyp kabul edilen Harby doktrina hem diňe goranyş häsiýetine eýedir, oňa laýyklykda, geljekde-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi yzygiderli kämilleşdiriler. Ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.