Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar
2022-nji ýylyň 29-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden il-ýurt bähbitli Karardyr çözgütleri barada oýlananyňda, ata Watanymyzyň öz saýlap alan gurmak, döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygy, dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň dowam etdirilýändigi hakyndaky kanagatlanma duýgusy kalbyňa dolýar. Bu ýol biziň merdana ata-babalarymyzdan gözbaş alýan milli ýörelgämizdir, taryhda halkymyzyň elmydama birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň tarapdary bolandygynyň misilsiz subut edilen hakykatydyr.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler milli ykdysadyýetimiziň dünýäde dowam edýän ykdysady şertlerden ugur alnyp, oýlanyşykly we sazlaşykly ösdürilýändigini alamatlandyrsa, ýurdumyza BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar döwletimiziň saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara giňişlikde giň goldaw tapýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 19 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi mejlisde-de nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitarap Watanymyzyň nobatdaky daşary syýasy ýeňşidir. 15-16-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi hem bu ugurdaky işleriň özboluşly dowamyna öwrüler. Oňa gatnaşmaga eýýäm 25 döwlet we halkara guramalaryň 16-sy isleg bildirdi. Ulag ugurly şeýle iri forumyň geçirilmegi, elbetde, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitmäge goşant goşar.
Bu maslahat biziň döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary netijesinde dünýäde parahatçylygyň, asuda, abadan durmuşyň berkidilmeginde uly orun aljak çözgütleri kesgitlemekde, özara pikir we tejribe alyşmakda ähmiýetli bolar. Muňa forumyň Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljekdigi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylda kabul eden degişli Kararnamasy bilen berkidilmegi hem aýdyň güwä geçýär. Şeýle maslahatyň guralmagy, ilkinji nobatda, deňze çykalgasy bolmadyk çäk ýagdaýynda ýerleşýän döwletleriň ösüşine dahyllydyr. Maglumatlara görä, häzir Ýer ýüzünde dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk döwletleriň 44-si bar. Şoňa görä-de, bu mesele halkara logistika babatda, has ýeňillikli we ygtybarly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda birnäçe kynçylyklary döredýär. Merkezi Aziýa bolsa dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlardan durýan ýeke-täk sebitdir. Şu nukdaýnazardan, bu forumyň geçirilmegi biziň döwletimiz, sebitiň goňşy ýurtlary üçin aýratyn bähbitlidir.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenen, awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän beýleki dabaralaryň, çärelerdir forumlaryň gerimidir ähmiýeti-de kiçi-girim däl. Bir söz bilen aýdylanda, awgust aýy wakalara baý bolar. Geliň, olar barada durup geçeliň!
Şu gün — 1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy hem-de dürli görnüşli tagamlaryň sergisi geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda 3-nji awgustda Awazada Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherindäki ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerimize ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. 5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi dabaraly açylyp ulanmaga berler. 6-njy awgustda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. 8-nji awgustda Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 16-njy iýunynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Karara gol çekipdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu awtomobil köprüsiniň gurulmagy ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň arasynda ulag we ýolagçy gatnawlaryny, goňşy döwletleriň söwda-haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.
Mejlisde berlen hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda baş baýrama — Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görlüp başlandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet çärelerini ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli Karara gol çekildi. Şeýle-de 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahat we beýleki ugurdaş çäreler, 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçiriljek “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyşy mynasybetli medeni çäreler bar.
* * *
Halkymyza dünýäniň çar künjünde näderejede hormat-sarpa goýulýandygyna şaýat bolmagyň miýesser edendigi barada söhbet bilen ýazgymyzy jemlemek kararyna geldik. Her gezek şu hakynda oýlananymda, onuň durmuşymyzyň şu günki ösüş-özgerişli eýýamy, halkara syýasatdaky işjeňligi bilen galtaşýandygy barada netijä gelmän durup bilemok. Haçan-da gadymy Anadolyda, Merkezi Aziýanyň şu günki ösen merkezlerinde bolanymyzda, asyl kökleriň nireden gözbaş alýandygyndan habarly ýaşuly galam eýeleriniň, taryhy oňat bilýän kişileriň “Türkmen” diýen söze bolan çäksiz hormatyny duýmak miýesser etdi. Oguz han asylly, Gorkut ata kimin danasy, Magtymguly kimin geçeni-geljegi aýdyp oturan, pygamber ornunda gören söz ussady, Görogly kimin gerçek zürýady, onlap şahyry, sazandasy, danasy bolan halk barada eýsem, näme diýersiň?!
Bu gün şol asyl akaba taryhyň emri esasynda täzeden kuwwata gelýär. Dutaryň owazy bilen adamzady parahatçylyga çagyran türkmene bu gün öz Arkadagly Serdary bilen täze eýýam geldi. Bu eýýam, elbetde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara at-abraýynyň has-da pugtalanjak, sözüniň eşrepi dek tutuljak eýýamydyr.
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
“Türkmenistan”.