Aşgabat, 31-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň durmuşyna degişli käbir wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewi hem-de M.Mämmedowany çagyrdy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şeýle oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu uly daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny gorap saklamak, köpeltmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, iş maslahatyna gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe tabşyryklary berdi, şol sanda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bagly milli we halkara giňişlikde alnyp baryljak işleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda, ýagny Türkmenistan bilen BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylmalydygyny belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny, türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny hem-de türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny giňeltmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan dolandyrylýan halkara hukuk namalaryna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny, häzirki ýagdaýyny, meşhur halypa bagşy-sazandalaryň bitiren hyzmatlaryny ylmy esasda öwrenmek dowam etdirilmelidir. Ata-babalarymyzyň ajaýyp sungat däpleri ösdürilmelidir we gadymy saz gurallarymyzyň köpöwüşginli görnüşlerini dikeldip, geljek nesillerimize ýetirmek boýunça mundan beýläk-de zerur işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz şöhratly taryhymyzy, edebiýatymyzy, aýdym-saz sungatymyzy dürli döwürlerde ýazylan çeşmelerde we arheologik tapyndylarda duş gelýän maglumatlar esasynda halkara ylmy jemgyýetçiligine giňden ýetirmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreleriň Tertibini gyssagly taýýarlamak barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz bu şatlykly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi geçirmegi, şeýle hem maslahatda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen adyň dakylandygy baradaky şahadatnamalary gowşurmagy hem göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlyma berilmelidir. Bu konsertler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda geçirilse, maksadalaýyk bolardy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligine hem-de milli aýdym-saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleri, şol sanda maslahatlary we duşuşyklary geçirmelidir.
Milli Liderimiz bu baradaky sözüni dowam edip, teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlaryny teleýazgy görnüşine geçirip, ýaýlymlarda bermelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany we şunuň bilen bagly geçirilýän çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz hoş habar mynasybetli Gutlag hatyna gol çekip, bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklarynyň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym we saz, şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekany bolup geldi. Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty hem medeni mirasymyzda mynasyp orun aldy. Dutar müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine, ruhy syrdaşyna öwrüldi.
Häzirki döwürde halkymyzyň aýdym-saz sungatyny, medeni mirasyny düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen dutarynyň şirin owazy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň we dost-doganlygyň belent mukamy bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen iş maslahatyna gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Paýtagtymyzyň häkimi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hojalyk düzümini döwrebaplaşdyrmak, şäher gulluklarynyň işini utgaşdyrmagy amala aşyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, şonuň ýaly-da, jemagat hojalyk ulgamynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň öňünde durýan maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmek, ilatyň elektrik energiýasy, gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin degişli gulluklaryň sazlaşykly işini amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly, toplumlaýyn, geljegi nazarlaýan çemeleşmäniň zerurdygynyň ähmiýetini nygtady. Belent derejesini göz öňünde tutmak bilen, şäher ähli babatda, hususan-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin örän amatly şertleri döretmek bilen baglylykda nusga bolmalydyr.
Milli Liderimiz bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça işleriň berk gözegçilikde saklanmagyny talap etdi hem-de onuň binagärlik keşbinde milli binagärlik sungatynyň hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribesiniň iň gowy däpleriniň utgaşmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de lukmançylyk edaralaryny ýylylyk bilen üpjün etmegiň, şeýle hem paýtagtymyzyň elektrik energiýasy we gaz bilen üpjünçiliginiň gözegçilikde saklanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda bina edilýän desgalaryň ählisinde işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we öz wagtynda tamamlanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmek barada wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.
Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşy, hususan-da, ekin meýdanlaryny möwsüme göwnejaý taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny talabalaýyk ulanyş ýagdaýyna getirmek, kärendeçi pagtaçylary ýokary hasylly tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde geçirmäge taýýarlyk görülýär, şeýle hem bugdaýyň bereketli hasylyny almak üçin ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, durmuş-medeni maksatly desgalaryň, şol sanda ýollaryň hem-de suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň degişli derejede ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada-da hasabat berildi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Welaýatda gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görülýändigi, ekerançylyk meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigi, zerur oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekiş möwsümine birkemsiz taýýarlanylýandygy hem-de ekerançylaryň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýändigi barada-da hasabat berildi. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmegi üçin zerur tagallalar edilýär.
Welaýatda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin degişli meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Desgalaryň gurluşyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamak maksady bilen hem degişli işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini, welaýatyň ilatyny elektrik energiýasy, gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi.
Soňra sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy — sürüm we tekizleýiş işleriniň barşy hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekinlere ideg etmek üçin hemme çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Hasabatda dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerini we ýokary hil derejesini berjaý etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi, welaýatyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.
Soňra sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi hem-de möwsümiň dowamynda ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar, bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň edillýändigi habar berildi.
Bu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen tertibe laýyklykda tamamlanmagy üçin hemme zerur işler geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy, tebigy gaz, agyz suwy we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin degişli işler geçirilýär. Bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatda ekiş geçirilen meýdanlarda maýsalara ideg etmek, suwarmak hem-de dökünler bilen iýmitlendirmek işleri bildirilýän agrotehniki talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda işleriň edilýändigini habar berdi.
Welaýatda ulanylmaga beriljek birnäçe medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi barada hem hasabat berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada aýtdy.
Hususan-da, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek hem-de ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary taýýarlamak işleri barada hasabat berildi.
Bugdaý ekilen meýdanlarda ýerli howa şertlerine laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýokary öndürijilikli tehnikalary hem-de enjamlary ulanmak arkaly agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişine, tohumlary hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri barada hasabat berildi.
Wise-premýer bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 30 müň gektar ýerde ýazlyk ýeralmanyň, 10 müň gektar meýdanda soganyň ekişini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Tutuş 2022-nji ýylda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şol sanda 65 müň gektar ýerde ýazlyk ekiş, 41 müň gektar ýerde güýzlük ekiş geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýagdaýda saklanmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gowaça ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegi, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ekiş möwsümi üçin zerur tohumlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berk berjaý etmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we sogan bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin zerur bolan işleriň geçirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň, ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende, agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we talaplarynyň berjaý edilmeginiň hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginiň arassaçylygyny üpjün etmek, suw we şor suw akabalaryny arassalamak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe berk gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere we häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz döwletimizde milli mirasymyzy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmeleri «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamamyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen gutlap, häkimlere ýerlerde halkymyzyň milli mirasyny we ruhy baýlygyny wagyz etmek boýunça işleri giň gerimde alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly durmuş-ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň hem-de toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýet” syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ony täze sepgitlere çykarmak üçin täze maksatnamalaýyn resminamany kabul etmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz geljek 30 ýyl üçin strategik maksatnamada türkmen döwletiniň häzirki taryhy döwürde syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen esasy wezipeleriň kesgitlenilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürleniljek Milli maksatnamanyň her bir düzgüniniň ugurdaş düzümler tarapyndan içgin seljerilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konsernine enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Şu resminama we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen HHR-iň «CNPC» kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek we buraw erginlerini taýýarlamak, guýulary ulanmak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün etmek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu şertnamanyň bahasy 372 273 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.
Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «CNPC» kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary gurnamak we “Galkynyş”, “Garabil” we “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 221 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimizde nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge uly üns berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalaryň ýerine ýetirilmeginde gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, iri düzümleýin kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we köpugurly esasda ösdürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bar. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýulary burawlamakda we ozal hereket edýän känleri döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi türkmen gazynyň eksport möçberlerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz maýa goýumlaryň ýurdumyzda alynýan çig mal serişdeleri bilen gaýtarylmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça geçirilýän meýilnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer bugdaýy, gowaçany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary, üzüm ösdürip ýetişdirmekde hem-de öri meýdanlarynda ösümlikleriň keselleriniň, zyýankeşleriň we haşal otlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
“Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy habar berildi, resminamada ylmy çäreleri işläp taýýarlamak boýunça işleri geçirmek, ösümlikleri goramagyň usullarynyň ulanylmagyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ösümlikleri goramak ulgamynda ylmy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ulanmak meseleleri beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan, bu ulgama öňdebaryjy ylmy usullary, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ekin we öri meýdanlaryny maksadalaýyk hem-de netijeli ulanmagyň wajypdygyny belläp hem-de iň gowy dünýä tejribesinden ugur alynmalydygyny, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy gowulandyrmak boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada hasabat berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda aýratyn möhüm ähmiýet berilýän bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, sebit we ählumumy derejede yzygiderli işler geçirilýär. Bu babatda milli Liderimiziň halkara başlangyçlaryna esaslanyp, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen 2019-njy ýylda tassyklanan, Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulanmak meseleleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär. Bu Merkez 2013-nji ýyldan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Senagat ösüşi boýunça guramasynyň howandarlygynda hereket edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu Teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy.
Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Biziň ýurdumyz bu ulgamda milli derejede toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmek bilen ählumumy ähmiýete eýe bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Döwletimiz BMG-niň esas goýujy tebigaty goraýyş resminamalaryny, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýalary, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de olaryň amala aşyrylmagyna örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara düzümleriň belent münberinden öňe sürlen anyk başlangyçlary bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň çözülmegine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bilelikdäki uzak möhletleýin maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy, tebigy serişdeleriň rejeli we aýawly peýdalanylmagy, energiýa netijeliligine ýetilmegi, ekologiýa ulgamlarynyň goralmagy hem-de gaýtadan dikeldilmegi sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, bu ugurda umumy tagallalaryň jebisleşdirilmegine uly goşant goşýar.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, hödürlenilen teklipleri, umuman, makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde energetika diplomatiýasyny işjeň durmuşa geçirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.
Şeýlelikde, alternatiw, hususan-da, pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, onuň çeşmeleriniň we kuwwatlyklarynyň iş ýüzünde herekete getirilmegi ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Şunda geljegiň ýangyjy hasap edilýän wodorody peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi onuň ýokary ulanyş häsiýetleri bilen şertlendirilendir, onuň ekologiýa häsiýetnamalary aýratyn möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek we giňeltmek boýunça yzygiderli tagallalary etjekdigini nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowy şol bir wagtda ýurdumyzyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça toplumlaýyn gepleşikleri geçirmek üçin daşary işler ministriniň orunbasaryny Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.
Milli Liderimiz resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy we aladasy netijesinde, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär. Ýurdumyzda şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ulanmak arkaly, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda halkara we sebitara ähmiýetli wajyp taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem şu ýylda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ulag ýollarynyň, suw, gaz we elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdiriler.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli möhüm başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmeginde aýratyn ähmiýeti bolan oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň wajypdygyna ünsi çekdi. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän we durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, maýa goýum serişdeleriniň uly möçberi durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2022-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanylan maýa goýum maksatnamasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň geljekki ösüşini üpjün etjek çäreleriň oňyn çözgüdiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, maksatnamany ýene bir gezek seljermek we ony gaýtadan işlemek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakyndaky teklip barada aýdyp, ýol gurluşygyny dolandyrmak boýunça täze hökümet edarasynyň adynyň talaba laýyk gelmeýändigini belledi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna görä guralýar.
Döwletimizi ösdürmek boýunça ähli uzak möhletleýin meýilnamalarymyz hem bu ugra gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ony Ýol gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Şeýle hem onuň Düzgünnamasynda bazar gatnaşyklaryna degişli ähli kadalar beýan edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda taýýarlanylan ähli resminamalara gaýtadan seredip, olary Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma kärhanalarynyň önümleriniň brend nyşanlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň işe girizilýändigini, olarda çykarylýan ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň köpelýändigini aýtdy. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli, dürli görnüşli matalar dokalyp, olaryň kuwwatlylygy degişlilikde, 1 million 200 müň sany hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa taýdan arassa bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilip alynýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda “Goza”, “Wada”, “Bedew”, “Nusaý”, “Gala”, “Arwana”, “Bürgüt”, “Ýeňiş”, “Ak pamyk” haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň täze önümleriniň haryt nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleriniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we olary milli Liderimize hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalary, ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň hasabyna dokma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz dokma önümleriniň “Jeýtun”, “Mäne” atly täze haryt nyşanlaryny makullap, türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyklaryny, önümçilige girizmelidiklerini belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer giň halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen, dürli sergileriň we maslahatlaryň guralýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň 2022-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, giň gerimli işleriň geçirilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat işleriniň zerurdygyny aýdyp, 2022-nji ýylda meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklardan ugur almagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, çäreleriň her biriniň örän ähmiýetli, many-mazmunly bolmalydygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, umumadamzat ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatyň mazmunyny açyp görkezmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bäsleşigi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek we ýeňijileri sylaglamak teklip edilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mähriban halkymyzyň ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini belledi. Şol medeniýet bolsa dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Halkymyz üçin saz durmuşyň manysydyr, gözel ýaşaýşy beýan etmegiň möhüm guralydyr. Halkymyz taryhyň dowamynda 72 saz guralyny döredipdir. Häzirki döwürde dutaryň we gyjagyň asyrlaryň jümmüşine äkidýän owazyny, olaryň sazlaşygyndan döreýän ajaýyp sazlary diňlemek ýakymlydyr. Bu saz gurallarynyň joşgunly owazy adamlary beýik ýeňişlere ruhlandyrýar.
Biz paýhasly pederlerimiziň ajaýyp sungat däplerini dowam etdirmelidiris, ösdürmelidiris we gadymy saz gurallarymyzyň köpöwüşginli görnüşini dikeldip, geljek nesillerimize ýetirmelidiris. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli saz gurallaryny taýýarlamak hünäri täzeden döräp, ol zehinli ussatlaryň yhlasyndan döwrebap derejede dikeldilýär. Olaryň döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän bäsleşikleriň ugurlaryny we gerimini giňeltmek, oňa ýaşlary has işjeň çekmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Döredijilik bäsleşikleri täze zehinleri ýüze çykarmaga, halypaçylyk ýoluny ösdürmäge, ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik gözleglerini höweslendirmäge, olary halkymyzyň ruhy mirasyna, baý saz medeniýetine çekmegi üpjün etmek babatda zerur mümkinçilikleri döredýär.
Milli Liderimiz bu işiň maksadalaýyk we yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegiň hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň meýilnamasyny taýýarlamak we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmyň dürli ugurlary boýunça ýaş alymlary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, ylym ulgamyny ösdürmek, ylmy we intellektual kuwwaty pugtalandyrmak, ylmyň dürli ugurlary boýunça alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde maksatnamalaýyn işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüşiň esasy guraly hökmünde ylym-bilim ulgamynyň okgunly ösüşine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ägirt uly döredijilik zehini bolan ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ylmy işleri höweslendirmek, häzirki zamanyň has möhüm ugurlarynda, aýratyn-da, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynda beýanyny tapýan lukmançylyk diplomatiýasy boýunça ylym we tehnika pudaklarynda wajyp ähmiýetli, düýpli hem-de ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin zerur şertleri döretmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem içeri işler edaralarynyň ilaty pasportlaşdyrmak hem-de hasaba almak boýunça geçirýän işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň degişli Kararynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, yzygiderli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu ulgamy sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. Bu meselede kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň seljerilmegine hem-de olary kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomatlaşdyrmagyň ýörite maksatnamalaýyn-tehniki serişdelerini işjeň ulanmak esasynda pasportlary resmileşdirmek we bermek işlerini guramagyň netijeli ulgamyny döretmek hem-de ilaty hasaba almagyň merkezleşdirilen sanly ulgamyny herekete girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda dünýä tejribesini içgin öwrenmegiň hem-de degişli resminamalary döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmegiň zerurdygyny nygtady.
16 ýaşa ýeten raýatlara pasportlary gowşurmak dabaraly ýagdaýda geçirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň türkmen döwletiniň binýatlarynyň has-da berkidilmegine, ýaşlara raýatlaryň hukuklary we azatlyklary babatynda ýurdumyzyň kanunçylygynyň esasy kadalarynyň düşündirilmegine gönükdirilmelidigini hem-de hukuk goraýyş işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidigini belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Iş saparynyň dowamynda Serhetýaka demir ýol menzilinde hem-de onuň çäklerindäki degişli gulluklarda bolnandygy we serhet geçelgesinden wagonlary wagtly-wagtynda kabul etmek hem-de ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanşylandygy barada hasabat berildi.
“Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýol geçelgesinde ulanylýan teplowozlaryň sanawy hem-de olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk ýagdaýlary öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bereket — Serhetýaka we Bereket — Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sany artdyryldy hem-de Serhetýaka demir ýol menzilinde teplowozlara we wagonlara ýeňil abatlaýyş işlerini geçirýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän deponyň işi ýola goýuldy.
Mundan başga-da, wagonlar kabul edilende we tabşyrylanda, degişli gulluklar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň wagtyny azaltmak üçin olaryň ählisiniň işini ýola goýmak hem-de halkara tejribelerden ugur alyp, gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki işleri çaltlandyrmak meselelerine garaldy.
Şeýle hem Bereket demir ýol menziliniň wagonlary paýlaýjy parkynyň işi bilen tanşyldy we bu stansiýa goşmaça işçi güýjüni çekmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kömekçi demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny gysga möhletlerde taýýarlamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary açýan “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň amatly çäk mümkinçiliklerini nazara alyp, bu ugur boýunça gadymy döwürlerde möhüm söwda ýollarynyň geçendigini we onuň dünýä aragatnaşyk giňişliginiň möhüm bölegi bolandygyny bellemek gerek.
Täze taryhy eýýamda onuň yklymüsti ulag geçelgesi hökmündäki ähmiýeti has-da artdy. Soňky ýyllarda demir ýollarynyň ugry giňeldi. Mundan başga-da, halkara ulag gatnawlary ösdürildi. Munuň özi ýurdumyzyň içerki sebitleriniň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berdi.
Milli Liderimiz ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendigini aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynyň dördüsiniň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Durnukly ösüşiň möhüm guraly hökmünde ulag ulgamynyň wajyp orny eýeleýändigini nazara alanyňda, onuň täze bazarlara we önümçilik-söwda ulgamlaryna giň ýol açýandygy bellärliklidir. Türkmenistan häzirki pandemiýadan soňky döwürde ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi baradaky halkara başlangyjy öňe sürdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, özüniň çäk taýdan amatly ýerleşiş ýagdaýyny netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülýändigini aýtdy. 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygy munuň nobatdaky beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda demir ýol ulaglary düzüminiň toplumlaýyn ösdürilmegine we pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna we işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz üstaşyr ýük gatnawlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama halkymyzyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny üpjün etmek maksady bilen, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeler nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomobil ulaglarynyň işine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmegine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen anyk işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy
Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.
Türkmenistan milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we amala aşyrýar.
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, olaryň dostlukly, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny turuwbaşdan bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylda bu ýurda bolan döwlet sapary türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas goýdy.
Häzirki döwürde däp bolan döwletara gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy köklere hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp üstünlikli ösdürilýär, şol sanda köptaraplaýyn esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Hindistan» görnüşinde pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki şu duşuşyga gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu duşuşyk sebit hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze ösüş hem-de many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.
Sammitde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine bar bolan ägirt uly kuwwaty hem-de uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, sebit we ählumumy meseleleriň wajyp ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Premýer-ministr Narendra Modi sammiti açyp, sebitiň ýurtlarynyň Liderleri bilen mähirli salamlaşdy we hemmelere şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti Hindistanyň ýakynlaşmak we giň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna garaýşynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň özara hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şu günki sammit döwletara gatnaşyklaryň netijeliligini has-da artdyrmalydyr. Munuň özi bolsa dürli derejelerde yzygiderli hyzmatdaşlyk üçin esasy üpjün eder.
Soňra Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi. Olar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine hem-de sebitiň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, ozaly bilen, birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlary we Hindistan üçin aýratyn ähmiýetli ýyldyr. 30 ýyl mundan ozal biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Biziň halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Biz bilelikde giňişleýin syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmaga girişdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol ýyllarda hyzmatdaşlygyň saldamly hukuk binýady kemala geldi, dürli ugurlarda geňeşmeleri we iş bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň netijeli usullary döredildi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň binýatlyk esaslary kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň Hindistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllyk ýubileýine beslenendigini belledi. Taryhy nukdaýnazardan alanyňda, bu gysga döwürde Hindistan asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdi. Milli döwletlilik häzirki zaman görnüşinde dikeldildi, durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi, ägirt uly oňyn halkara tejribe toplanyldy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dostdur we möhüm hyzmatdaşdyr. Hindistan Respublikasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny dünýäde ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir.
Türkmenistan Hindistanyň alyp barýan, bu ýurdy ählumumy meselelere bolan garaýşy boýunça tapawutlandyrýan netijeli we oýlanyşykly syýasatyna, onuň dünýäde eýeleýän uly hem-de möhüm ähmiýetli ornuna uly hormat goýmak bilen garaýar. Öz nobatymyzda, biz hem Hindistanyň, onuň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we taýýardygyny, Türkmenistanyň saýlap alan içerki ösüş ýoluna hem-de alyp barýan bitarap daşary syýasy ugruna hormat goýýandygyny görýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň açyklyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ruhunda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýete eýe bolmagynyň iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammiti ýeňil bolmadyk şertlerde geçirilýär. Umumy halkara durnuksyzlyga pandemiýa howpy we beýleki wehimler hem goşuldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda parahatçylygyň we ösüşiň kepili hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de hyzmatdaşlygy üpjün etmek, netijeli gepleşikleriň we gatnaşyklaryň ugurlaryny ýola goýmak işinde tagallalaryň birleşdirilmegi örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň ýurtlarymyzyň şol maksada ýetmek üçin şu görnüşdäki duşuşygyň mümkinçiliklerini ulanjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşlerini Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy hem-de sammitiň işiniň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere ara alyp maslahatlaşmalaryň peýdaly we netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Soňra sammit gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň çykyşlary bilen dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda şu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga ýardam berjekdigini belledi. Biziň ýurdumyz oňa düýplülik we anyklyk nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň doly gerimli görnüşini döretmek ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýar. Gürrüň biziň ýurtlarymyzyň taryhy taýdan esasly hem-de häzirki zamanda hakyky isleg bildirilýän gatnaşyklarynyň doly toplumyny ulgamlaşdyrmak, tertipleşdirmek we uzak möhletlilik häsiýetini bermek, durnuklylaşdyrmak işleriniň başlanýandygy barada bolup biler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde taraplarda şonuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
Biz halklarymyzyň düýpli gymmatlyklaryna we medeni ösüş babatda ýakynlygyna daýanýarys. Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri bar. Bu serişdeler dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, biziň aramyzda hyzmatdaşlygyň hakykatdan-da, berk, ynanyşykly hem-de özara bähbitli nusgalaryny we görnüşlerini ýola goýmak, umumy strategik maksatlary işläp düzmek, giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çykmak möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Şonuň esasy şertiniň berk hem-de uzak möhletleýin parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylykdygy äşgärdir. Halkara ýagdaýyň dartgynlylaşýan, gapma-garşylyklaryň artýan, halkara hukugyň kadalarynyň ýoýulýan, kähalatlarda bolsa aç-açan äsgerilmeýän şertlerinde jogapkärçilik, pähim-parasat örän möhümdir. Emma, şunuň bilen birlikde, şol howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek hem örän wajypdyr.
Biz berk hem-de uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň ýurtlarymyzyň strategik maksatlaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu şertlerde ylalaşyk we utgaşdyryş usullaryny döretmek, şol usullaryň çäklerinde möhüm meseleler boýunça wagtly-wagtynda ynanyşykly pikir alyşmak, şol meseleleriň umumy bähbitlere laýyk gelýän çözgütlerini teklip etmek kanunalaýyk hasaplanylýar. Munuň üçin daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny geçirmegiň gowy tejribesi ýola goýuldy. Şol duşuşyklaryň yzygiderli we wagtly-wagtynda dowam etdirilmegini goldaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň Sekretariatynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny hem-de «Merkezi Aziýa — Hindistan» Parlament forumy baradaky teklibiň oňyndygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli dialog geçirmek başlangyjynyň goldanylýandygyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň şeýle köpugurly görnüşiniň döwletara syýasy gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm şert bolup biljekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzir, täze howplaryň ýüze çykýan, harby-syýasy gapma-garşylyklaryň dartgynlylaşýan ýagdaýynda, dialogyň medeniýetini öňe sürmegiň, dünýä giňişliginde ynanyşmak we ediljek hereketleri öňünden aýan etmek ýagdaýyny döretmegiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn belledi.
Türkmenistan öz tagallalaryny şu maksada ýetmäge gönükdirýär. Başlangyç bilen çykyş edip, has takygy, halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täze filosofiýasyny hödürläp, biziň ýurdumyz ählumumy syýasy giňişlikde jogapkärçilikli we sagdyn güýçleriň ählisiniň birleşmegine umyt edýär. Elbetde, Merkezi Aziýa döwletleri we Hindistan tarapyndan biziň garaýşymyzyň goldaw tapjakdygyna berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de halkara guramalarda, ilki bilen, BMG-de ulgamlaýyn bilelikdäki işi ýola goýmak baradaky teklibi beýan etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly kärdeşlerine ýüzlenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigini, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigini nygtady. Şol ulgam bolsa biziň döwletlerimize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde ýakynlaşmagyň kepili bolar.
Hindistan bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda etmegiň we maýa goýumlary gönükdirmegiň häzirki derejesi öz hakyky mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan uzakdadyr, bu ýagdaýy biz bilelikde düzetmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu meselede «Merkezi Aziýa — Hindistan» işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Onuň çäklerinde toplanan hyzmatdaşlyk tejribesini peýdalanmak we işjeňleşdirmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, işewürlik geňeşine hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmagy, ýakyn geljekde amala aşyrylmaly bilelikdäki taslamalara ünsi jemlemegi teklip etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetikany bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde görkezdi. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bu gün «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemäge ukyplydyr. Hususan-da, ýurdumyz häzirki döwürde öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli energetika taslamasyny — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar. Bu taslamanyň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ägirt uly geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti hemmelere mälimdir. Türkmen tarapy hindistanly hyzmatdaşlar bilen elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga-da taýýardyr.
Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamy barada durup geçip, gürrüňiň, ozaly bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistan, aslynda, çäkleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli, şol ýerden hem Hindistana barýan ýeke-täk iň gysga ýol geçýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär.
Şeýle-de Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Hindistan bu taslama resmi taýdan goşuldy. Bu bolsa taslama gatnaşyjylar üçin goşmaça giň mümkinçilikleri döredýär.
Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyz hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Biziň ýurtlarymyzyň ýöriteleşdirilen milli edaralarynyň, şol sanda maliýe ulgamyna, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat, sanly we beýleki öňdebaryjy tehnologiýa ulgamlaryna degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem möhüm bolup durýar. Türkmenistan bilim ulgamynda, hususan-da, Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň ugurlary boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda lukmançylyk ulgamynda uly tejribe toplanyldy. Şol tejribä daýanyp, biz şu gün dünýä bileleşiginiň öňünde duran wezipeleri bilelikde çözüp bileris diýip, milli Liderimiz belledi. Olaryň biri hem koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş alyp barmakdan ybaratdyr. Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan dürli halkara forumlaryň we guramalaryň çäklerinde birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şolar lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmäge, koronawirusyň ýaýramak howpuna garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasyny döretmek meselesine seretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Ýokanç kesellere garşy göreşmek şol assosiasiýanyň esasy maksatlarynyň biri bolup biler.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, ýakynlaşmak we özara düşünişmek mümkinçiligi hökmünde garalýandygyny nygtap, şu ýubileý ýylynda ýurtlarymyzyň şäherlerinde bilelikdäki medeni çäreleriň tapgyryny guramagy teklip etdi.
Merkezi Aziýanyň Garaşsyz döwletleri bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda şu ýyl 30 ýyllygy bellenilýän diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy biziň gatnaşyklarymyzyň köpasyrlyk taryhynyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Şu ýubileý şol gatnaşyklaryň many-mazmunyna düşünmäge, häzirki zaman ählumumy ösüş ruhunda täze häsiýetnamalar we öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gowy mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu duşuşygyň mundan beýläk-de özara gatnaşyklar, garaýyşlaryň hem-de çemeleşmeleriň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap bilelikde öňe gitmek üçin dogry ugurlary görkezjekdigine ynam bildirip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny hem-de halklaryny bu şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlady we hemmelere parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi.
Sammitiň barşynda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň Baştutanlary hem çykyş etdiler. Olar şu günki duşuşygyň netijeliligini nygtadylar. Gazanylan ylalaşyklar, şol sanda daşary syýasy, ykdysady we beýleki edaralaryň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki ugurdaş düzümleri döretmek baradaky ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Premýer-ministr Narendra Modi jemleýji sözünde sebitiň ýurtlarynyň Liderlerine çuň manyly çykyşlary üçin hoşallyk bildirdi. Şol çykyşlarda “Merkezi Aziýa — Hindistan” görnüşinde özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döredijilikli daşary syýasy strategiýa ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şol strategiýa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Munuň özi ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Merkezi serkerdeler öýüne geldi.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaraly maslahatyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň ýurdumyzda asudalygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy her ýylyň 27-nji ýanwarynda mukaddes baýramyň — Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenip geçilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň, olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet hem-de sungat, saglygy goraýyş ulgamlarynda, hukuk, demokratik we dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini berkarar etmekde, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly sepgitlere ýetildi.
Biz halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Bu kadalar mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugurlaryna doly laýyk gelýär. Şu maksatlara esaslanyp kabul edilen, döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüminiň düýpli kämilleşdirilendigini, Ýaragly Güýçlerimiziň Guryýer goşunlarynyň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň binýadynyň tutulandygyny belledi.
Olary häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň ýaraglary, harby we ýörite tehnikalary bilen üpjün etmek işine aýratyn üns berildi. Muny Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň we harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygynyň gözden geçirilişine öwrülen görkezme söweşjeň-taktiki tälimler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişler aýdyň subut edýär. Geçirilen dabaraly harby ýörişlere siziň özüňiz hem gatnaşdyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda Watan goragçylarynyň ata Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine mynasyp baha bermek üçin birnäçe döwlet sylaglarynyň döredilendigini belläp, her ýylda Watan goragçylarynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanýandygyny, olara harby we ýörite atlaryň dakylýandygyny, hünär derejeleriniň berilýändigini aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işler durmuşa geçirildi. Şu gün düýbi tutulýan harby mekdebiň täze, döwrebap binalary hem-de şu günki baýram mynasybetli açylyp, ulanmaga berilýän harby we hukuk goraýjy edaralara degişli binalar, desgalar we ýaşaýyş jaýlary hem munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz bu işleri, elbetde, mundan beýläk-de yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdiklerine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdiklerine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekendigini belledi.
Permany okamak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi, ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de şahsy düzümleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol gol çeken Permanlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji aýynyň toýa beslenmeginiň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagynyň Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara utgaşýandygyny nygtady.
Şeýle hem wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary milli Liderimize Watan goragçylary hakynda edýän aladasy üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Harby gullukçylar mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglaryny we nobatdaky harby derejeleriň nyşanlaryny ýüzüne sylyp kabul etdiler hem-de mähriban Watanymyza, halkymyza we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri baradaky harby kasamy ýerine ýetirdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzdan Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak üçin ýörite guta ýerleşdirilýän ýadygärlik senenama gol çekip bermegi haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haýyşy kabul edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby derejelere mynasyp bolan harby gullukçylara degişli sylaglary we nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz harby gullukçylaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan döwlet sylaglarynyň we harby derejeleriň gowşurylyş çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, bu çäre mynasybetli guralýan dabaranyň harby gullukçylar üçin ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdelerini hem-de şahsy düzümlerini mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge we alyp barýan gulluklarynda belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sylaglaryna, harby we ýörite atlara hem-de hünär derejelerine mynasyp bolan harby gullukçylary we işgärleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni bilen dabara gatnaşyjylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini ýene-de bir gezek mukaddes baýram bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Ýurdumyzda giňden we uly dabaralar bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň güni halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň asylly işlerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aňladýar.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde belent owaza beslenen aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy harby orkestriň joşgunly çykyşy watançylyk, gahrymançylyk hakyndaky aýdymlar bilen utgaşyp, dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylardan ybarat orkestriň sazandalarynyň ýanyna baryp, olaryň döredijiliginiň, watançylyk aýdymlarynyň harby gullukçylary belent sepgitlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Alp Arslan, Görogly beg, Seýitnazar Seýdi, Şükür bagşy ýaly taryhda yz goýan serkerdeler we gerçekler watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, hemişe parahatçylygyň, asudalygyň goragynda bolupdyr. Olaryň watansöýüjilik ýörelgeleri jadyly sungat hasaplanylýan saz bilen utgaşykly bolupdyr. Munuň özi taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda parahatçylyga, aýdym-saza aýratyn gadyr goýlandygyny aňladýar we türkmen halkynyň milli saz diplomatiýasyny döredendigini dünýä aýan edýär diýip, milli Liderimiz belledi hem-de harby orkestriň agzalaryna üstünlik arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra dabara gatnaşýan ýaş nesilleriň wekilleri döwlet Baştutanymyzdan binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegini hem-de bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne atmagyny haýyş etdiler.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Munuň özi tutuş ýurdumyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetli asylly işlere halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary esasynda ak pata berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumatlary berdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we degişli ministrlikler, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz geljek 30 ýyl üçin ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çözgütlerini kabul etmegiň zerurdygyny nygtap, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz biz halkyň wekilleriniň çykyşlaryny we tekliplerini diňlemegi göz öňünde tutýarys diýip belledi.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleridir mümkinçilikleri peýdalanmagy örän möhüm wezipe hökmünde öňe sürýäris. Döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi, telekeçiligi döwlet tarapyndan giňden goldamagy göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz halkara we sebitara ähmiýeti bolan maýa goýum taslamalaryny, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Şeýle hem önümçilik pudaklarynda barlaglary geçirmegi, ylmyň gazananlaryny we innowasiýalary ornaşdyrmagy goldamalydyrys.
Bazaryň ösüşini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, ony durnuklylaşdyrmak we özgertmeler hem-de açyklyk syýasatyny giňeltmek boýunça tagallalary artdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu meselede ileri tutulýan ugruň adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmagy gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Döwrüň talabyna görä, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de geljekde Konstitusiýamyza hem üýtgetmeleri girizmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň gün tertibi bilen bagly meseleler boýunça ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde işleri alyp barmaly, olara guramaçylyk-usulyýet kömegini bermeli.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny, ýurdumyzyň milli demokratik ösüş ýoly barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylmalydyr.
Milli Geňeşiň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu soragda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesinden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almaly.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyzyň many-mazmunyny we kadalaryny, esasan hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan uly işleri halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Daşary işler ministrligi bilen bilelikde şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna, onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gowy taýýarlyk görmeli. Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny düzüp, bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Dürli ýurtlaryň parlamentleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça netijeli işleri dowam etmeli. Parlamentara toparlaryň, dostluk toparlarynyň işine Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem gatnaşmagy üçin degişli işleri alyp barmaly.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Hökümet, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ylmy edaralar, jemgyýetçilik birleşikleri, ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan aragatnaşyk etmelidigini aýdyp, bu edaralaryň wekilleriniň iş toparlarynyň işine gatnaşmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.
Syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylmalydyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýan berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alada edilýär. Ekologiýa babatda amala aşyrylýan işlerde hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Şunuň ýaly üstünlikli gadamlar “Açyk gapylar” syýasatyny, Bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmekde hem aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, nou-haulary ornaşdyrmak, şular bilen baglylykda, ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak ugrunda birnäçe ähmiýetli işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geljegimiz bolan ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýerip, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmalydyrlar, olar zähmetiň gadyryny bilmelidirler. Şunda parasatly ýaşulularymyzyň, ak sakgally gojalarymyzyň pähimlerini ýerlikli ulanmak gerek. Ýaşlaryň mukaddes Watanymyzyň geljegidigine düşünmeklerini gazanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalarynyň jemi içerki önümiň möçberini düýpli artdyrmak, ahyrky netijede, adamlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmek boýunça maksatnamalary maliýeleşdirmek, nebitgaz pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we bu pudakda özgertmeleri geçirmek üçin gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberleri baradaky hasabatlary diňledi.
Ilki bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol korporasiýanyň hünärmenleriniň täze ýataklary gözlemek we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Demirgazyk Derwüş”, “Günorta Mary” meýdançalarynda, “Malaý” gaz käninde degişli seýsmiki barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem çuň guýulary burawlamagyň meýilnamasyna laýyklykda hem-de gazly we kondensatly gatlaklaryň sanyny artdyrmak üçin gözleg işlerini geçirmek maksady bilen, bu meýdançalarda gazyň gorlaryny anyklamak üçin guýulary burawlamak işlerine girişmek meýilleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de häzirki döwürde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan seýsmiki barlaglaryň we gözleg işleriniň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, täze känleri ýüze çykarmak hem-de senagat taýdan özleşdirmek üçin aýratyn ähmiýetini belläp, bu ugurdaky işleri ylmy esasda ösdürmegi tabşyrdy.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow milli Liderimiziň 2022-2023-nji ýyllarda tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak hem-de gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki gaz känleriniň birnäçesinde ulanyş-baha beriş guýularynyň gazylyp, olary ulanyşa bermek, şeýle hem ulanyş guýularynyň kuwwatlyklaryny doly ulanmagyň hasabyna gazy çykarmagyň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, goşmaça gaz känlerini ulanyşa girizmek, şeýlelikde, içerki sarp edijileri doly üpjün etmek we tebigy gaz babatda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, täze ýüze çykarylan meýdançalarda buraw işlerini geçirmek işleriniň milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda batly depginler bilen dowam edýändigi barada habar berdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, pudaklar üçin zerur bolan ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu pudagyň önümçilik kuwwatlyklary we eksport mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu ugurda amala aşyrylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini maliýe taýdan goldamak, olara gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işiniň ösdürilmegi, olara zerur goldawlaryň berilmegi babatda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini belledi. Aýratyn-da, nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň sazlaşykly ösüşine oňyn ýardam berer.
Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow nebitgaz toplumyny maliýeleşdirmek meselelerini has-da kämilleşdirmek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şunda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işini häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň banklarynyň nebitgaz toplumyny maliýeleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetlidigini belläp, bu babatda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin döwlet tarapyndan zerur goldawlar berilýär. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimize, aýratyn-da, nebitgaz pudagyna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ugurda giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtap, bu babatda Merkezi bankyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň türkmen tebigy gazyna islegleriň artýandygyna hemişe gözegçilik etmelidigini, tebigy gazy çykarmak boýunça ýakyn we uzak ýyllar üçin alnyp barylmaly işleriň meýilnamasyny şoňa görä düzmelidigini belledi.
Ýurdumyzyň sarp edijileriniň tebigy gaza bolan talaplary doly üpjün edilmelidir. Türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermek boýunça şertnamalaýyn borçnamalar doly ýerine ýetirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz tebigy gaza baý ýerasty gatlaklary barlamagyň we anyklamagyň, tebigy gaza baý çäkleri giňeltmegiň we olaryň gaz bilen üpjünçilik ýagdaýyna baha bermek üçin ýörite seýsmiki-gözleg işlerini geçirmegiň, ýurdumyzyň uglewodorod gorlary baradaky maglumatlary yzygiderli täzeläp durmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitli we gazly täze ýataklary köpeltmegiň hem-de özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda öňde goýlan wezipeleriň ýakyn ýyllarda üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karz serişdeleriniň ykdysadyýetimizi kuwwatyny artdyrmak üçin gönükdirilmeginiň Garaşsyz döwletimiziň maliýe taýdan kuwwatlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi we degişli resminamalara gol çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilýän çözgütleriň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belläp, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan maliýe-karz serişdeleriniň gönükdirilýändigini nygtady we bu asylly çäräniň ýurdumyza bähbit getirjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Aşgabat, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bu ulgamy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde ähmiýet berilmeli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Milli Liderimiz ykdysady toplumy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, ýakynda ýurdumyzda möhüm syýasy wakanyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini, onda ýurdumyzy ýakyn döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň wezipeleriniň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu maksatnamada geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de milli Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin zerur çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mähriban Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly işler bitirildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022 — 2052-nji ýyllarda döwletimizi ösdürmek boýunça möhüm ugurlar kesgitlener. Şeýle hem milli Liderimiz şu ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýet-maliýe ulgamyny ösdürmegiň hem-de bu babatda bar bolan meseleleri çözmegiň ugurlaryna garamak üçin ykdysady toplumyň işgärleri bilen möhüm meseleler barada pikir alyşmagyň wajypdygyny aýtdy we toplumyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine hödürlemek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işleriň geçirilendigi we bu taslamany taýýarlamagyň jemleýji tapgyrda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň durnuklylygy üpjün edilýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiz üçin möhüm bolan iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna giň ýol açýar.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy amala aşyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.
Iş maslahatynyň dowamynda maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy maksady bilen, döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi barada aýdyldy.
Soňra Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bank edaralarynyň işini häzirki döwrüň ýagdaýyna görä kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň bank edaralarynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki döwürde öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri, bu ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler baradaky hasabatlary hem diňlenildi.
Häzir ýurdumyzda döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda uzak möhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen özgertmeleriň geçirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny we serişde mümkinçiligini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna köp mukdarda gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň artdyrylýandygy hasabatlarda beýan edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagy, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Munuň özi maliýe serişdeleriniň rejeli ulanylmagy bilen bir hatarda, maýa goýumlarynyň maksatnamalaýyn esasda gönükdirilmeginiň baş şertini emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny yzygiderli seljermek, şeýle hem durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny kesgitlenen möçberlerde üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz dünýädäki emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaýyň durnukly derejede saklanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly býujet-salgyt syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň uly ösüşlere ýetmäge ýardam berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde esasy halkara maliýe edaralarynyň berýän maglumatyna görä, dünýä ykdysadyýetiniň kem-kemden ösüş ýoluna düşýändigini belledi.
Ykdysady ösüşiň ýeterlik derejede ýokary we durnukly bolmagy üpjün edilýär. Bu görkeziji geçen ýylyň netijeleri boýunça 6,2 göterimden ybarat boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maliýe we durmuş taýdan durnuklylygyň saklanýandygyny belläp, daşarky täsirlere garşy gyssagly çäreleriň görülýändigini, ykdysadyýeti daşarky ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak boýunça işleriň geçirilýändigini aýtdy. Durmuş ulgamy, anyk aýdylanda bolsa, ilaty durmuş taýdan goramak işjeň ösdürilýär hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär.
Ýurdumyzyň senagat syýasaty boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümlerimiziň möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynyň bäsdeşlige ukyply bolmagyny goldamaga we daşary söwda amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen geçirmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özgertmeleri geçirmegiň dowam edýändigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, daşary ykdysadyýet, nyrh syýasaty boýunça özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz puluň hemişe kadaly hereket etmelidigini belledi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Merkezi bankyň we tutuş bank ulgamynyň esasy wezipesi ykdysadyýetimizde puluň barabarlygyny saklamakdan, bu ugurdaky ýagdaýlara hemişelik gözegçilik etmekden ybaratdyr. Şeýle hem ýurdumyzyň karz-pul syýasatyny, maliýe serişdelerini dolandyrmak kämilleşdirilmelidir. Ykdysadyýetimize gönükdirilen karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmelidiris we ýokarlandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz milli pulumyzyň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegiň, ýurdumyzyň senagat-innowasion taýdan ösüşini goldamagyň Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolmalydygyna ünsi çekip, ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda ileri tutulýan ugurlaryň serişdeler bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin kiçi we orta kärhanalaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara maliýe edaralary, aýratyn-da, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank toplumy, Aziýanyň ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bank ulgamynda kabul edilen döwlet maksatnamalary boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik edilmelidir we bu işler utgaşdyrylmalydyr.
Milli Liderimiz Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň strategiýasynda ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň hilini we gerimini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, ykdysady we durmuş ösüşini ýokary depginler bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belläp, býujetiň girdejilerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek babatda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek nobatdan daşary mejlisine gowy taýýarlyk görülmelidigini aýratyn nygtady.
Milli Liderimiz Garaşsyz döwletimizi ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” gutarnykly taslamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemlemek bilen, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalary bize jemi içerki önümiň möçberini düýpli artdyrmak hem-de ahyrky hasapda adamlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer diýip, maslahata gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy
Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.
Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Ýubileý sammiti diňe bir soňky 30 ýylyň dowamynda gazanylan bilelikdäki üstünliklere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge, geljegi has uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça geljekki ädimleri kesgitlemäge ýardam etmelidir. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlary has möhüm ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Şol ulgamlarda ysnyşykly gatnaşyklar dostlukly döwletleriň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Hytaýyň Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridiginiň çuň manysy bardyr. Geçen ýyllaryň dowamynda ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdürildi we häzirki döwürde-de okgunly ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Jarnama gol çekip, däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy, özara bähbitlere laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarandyklaryny ýatlamak ýeterlikdir.
Şonuň bilen birlikde, şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda-da — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” çäklerinde üstünlikli gatnaşyk edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary hem-de medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Şol hyzmatdaş ýurtlar bilen syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin sammite gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşlerine şu duşuşyga gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Ýörite görkezilen wideoşekiller şu geçen ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlaryny hem-de ýetilen belent sepgitleri aýdyňlyk bilen görkezdi. Taraplaryň hoşmeýilli erk-islegleri we parahatçylyga, rowaçlyga, durnuklylyga hem-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşe bolan ymtylmalary şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda, ilki bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmeginiň özi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara nähili ähmiýet berilýändigine, biziň dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy gyşarnyksyz pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünilýändigine şaýatlyk edýär.
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklary köp asyrlar bilen ölçenilýär. Şu döwürde hyzmatdaşlyk etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda hem-de medeniýetde gazanylan üstünlikleri alyşmagyň örän uly we özboluşly tejribesi toplandy. Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň çäklerinden tutuş dünýäniň medeni gatnaşyklarynyň ösüşiniň hem-de ilerlemegiň şertine öwrülen Beýik Ýüpek ýoly geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu ajaýyp mirasa daýanýan taryhy ykballaryň yzygiderliligi Merkezi Aziýa döwletleri garaşsyzlyga eýe bolan döwründe amala aşyrylyp başlandy. Ol biziň paýtagtlarymyzda ilkinjileriň hatarynda öz diplomatik wekilhanasyny açan Hytaýyň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp boldy. Hytaý bize halkara giňişlikde ykrar edilmekde uly ýardam berdi. Ilkibaşda we soňra doly bahaly, özara bähbitli, deňhukukly ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmakda möhüm ädimleri ätdi diýip, milli Liderimiz nygtady.
Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge netijeli täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň düýpli soraglaryna garaýyşlarymyzyň ýakyndygy ýa-da laýyk gelmegi bu hyzmatdaşlygyň esasynda durýar. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk ugrunda çykyş edýär. Özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamagy hem-de işlerine goşulmazlygy talap edip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda göreşýär. Dünýä bileleşiginiň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, täze howplara, şol sanda kiber we biohowplara garşy netijeli göreşmek boýunça görýän çärelerini goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň öz abraýyndan, hyzmatdaşlyk etmegiň ýola goýlan usullaryndan peýdalanyp, halkara işlerde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň täze gün tertibini ykrar etmäge bilelikde möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi, olaryň dartgynlylygy gowşatmagyň, dawalary aradan aýyrmagyň, jedelleri we gapma-garşylyklary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda gatnaşyklar hem-de gepleşikler ýoly bilen çözmegiň tarapdarydygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris.
Aşgabatda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatda Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürdi. Biz ony «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrýarys. Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bolsa bu filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Bu ugurda birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesi ýola goýlan Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde bilelikde işlemegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara bolsa aýratyn orny degişli edýäris. Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň binýatlyk kadalary hem ýakyndyr: sebitiň ýurtlary we Hytaý Halk Respublikasy Ýer togalagynyň bu böleginde berk howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek sebit gün tertibinde möhüm mesele boldy we bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwlet we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Hytaýyň geljekde hem Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny goldajakdygyna bil baglanylýandygyny belläp, sebitiň çaklanýan, öňünden belli bolan we durnukly ösüşi üçin zerur syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki şertleri döretmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sammitiň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär diýip belledi. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.
Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem özara bähbitleriň bolmagynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlendi. Häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli örän uly giňişligi birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmäge, köp sanly ýaşaýyş-durmuş soraglaryny çözmäge hem-de halklaryň durmuşynyň hilinidir hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Men hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň yklymda geoykdysadyýetiň täze görnüşiniň örän möhüm şerti bolmalydygyna ynanýaryn. Bu zerur ýagdaý bolup durýar we islendik netijeli ideýalardyr strategiýalar we başlangyçlar bähbitleriň hem-de uzak möhletli maksatlaryň utgaşmagy esasynda bir-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şoňa görä-de, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça «Bir guşak — bir ýol» atly ählumumy hytaý taslamasy bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwer, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, ylmy we medeni gatnaşyklaryň ýagdaýyna düýpli baha berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary dünýä görnükli alymlary, oýlap tapyjylarydyr akyldarlary berdi. Biz örän baý medeni hem-de ylmy däpleriň mirasdüşerleri we gorap saklaýjylary bolup durýarys. Şoňa görä-de, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga örän uly özara gyzyklanma bar. Şundan ugur alyp, biz bu gyzyklanmany höweslendirmelidiris. Yzygiderli bolar ýaly, giň medeni we ylmy alyşma işjeň ýardam bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmegiň häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bütin dünýä üçin şeýle kynçylykly döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý raýdaşlygyň we özara kömek bermegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Munuň özi bu ugurda toplanan tejribäni alyşmak üçin hünärmenleriň köp sanly onlaýn duşuşyklaryny guramakda hem, ilata sanjym geçirilende hem ýüze çykdy. Biziň ýurtlarymyzyň sebitiň beýleki döwletleriniň çäginde galan raýatlaryna özara goldaw bermekde, zerur bolan ýükleriň daşalmagynda hem aýdyň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga umumy kadalardan ugur alyp çemeleşendigini aýratyn belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň dowamynda koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk hakynda kabul edilen Rezolýusiýany biziň ýurtlarymyzyň goldandygy barada barýar.
Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär diýip, milli Liderimiz nygtady we koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygynyň, bu ählumumy howpa garşy üstünlikli göreşmegiň örän möhüm şertlerinden biri bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Biz Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip etdi.
Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýüzlenip, örän ýakyn wagtda Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirjekdigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine, bütin dünýäniň millionlarça adamlary üçin hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramyna öwrüljekdigine ynam bildirip, hytaýly dostlarymyza bu Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we ähli hytaý halkyny bu uly waka bilen gutlady.
Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçer. Bu döwür döretmegiň, bilelikde gazanylan üstünlikleriň, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň döwri boldy, strategik ösüş wezipeleriniň umumydygyna düşünmegiň, halklarymyzyň dostluk, hoşniýetlilik we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zamanyna öwrüldi.
Biz anyk maksatlar arkaly aýdyň ýollar bilen bilelikde, ynamly öňe barýarys. Birek-birege kömek we goldaw berip, beýik taryhy mirasymyza daýanyp hem-de dünýä gurluşynyň häzirki meýillerine göz ýetirip, täze belentliklere tarap gadam urýarys. Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz bozulmaz we synmazdyr. Men onuň hemişe şeýle boljakdygyna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny we kärdeşlerini — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny, olaryň üsti bilen doganlyk halklary şu şanly ýubileý bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň manyly çykyşy, Pekinde açylýan Gyşky Olimpiada bilen gutlaglary hem-de sammitde beýan eden peýdaly pikirleri we teklipleri üçin hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde sebit işlerine işjeň gatnaşyp, sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
HHR-iň Başlygy häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini belläp, energetika ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki käbir ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň ilerledilýändigini nygtady. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri berýär.
Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny aýratyn nygtady hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Siziň bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge hem-de Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandymyzy goşmaga taýýardyrys diýip, Si Szinpin sözüniň ahyrynda nygtady.
Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek beýan edip, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga we häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge sazlaşykly hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmeleri görkezdi.
Aşgabat, 24-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlary, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda welaýatlara guran iş saparlarynyň dowamynda sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we saparyň netijeleri barada aýdyp, bu ugurdaky işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi, ýaz-meýdan işlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki işleriň wajypdygy barada aýdyp, meýilleşdirilen işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek hem-de netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça zerur guramaçylyk meselelerine möhüm ähmiýet bermegi häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede we bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň möhüm şertidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekiljek meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş işlerini geçirmekde, daýhan birleşiklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny taýýarlamakda, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini we şor suw akabalaryny arassalamakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belledi.
Milli Liderimiz bu işleriň, esasan, Bäherden, Kaka, Ak bugdaý we Babadaýhan etraplarynda pes depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, olaryň guramaçylyk derejesine, bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigine nägilelik bildirdi we bu ugurda kärhanalaryň işleriniň ýeterlik derejede utgaşdyrylmaýandygyny, şeýlelikde, bökdençlikleriň döreýändigini belledi hem-de işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagy häkimlerden talap etdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, şol bir wagtyň özünde ekin meýdanlarynyň, suw akabalarynyň arassaçylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we bugdaýy goşmaça iýmitlendirmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak, bejergi traktorlaryny abatlamak işleriniň depginleriniň pesdigini belledi. Milli Liderimiz, aýratyn-da, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş akabalaryny arassalamak, suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak işleriniň Serdar, Bereket we Etrek etraplarynda alnyp barylýan derejesine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, munuň özi welaýatda oba hojalyk pudagynyň işiniň talabalaýyk guralmaýandygynyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagy häkimden talap etdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, senagat kärhanalarynyň işiniň bökdençsiz ýola goýulmagynda oba hojalykçylara möhüm ornuň degişlidigini belläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin işleriň talabalaýyk guralmagynyň, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz welaýatyň suwaryş akabalaryny arassalamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň Ruhubelent, Görogly, Boldumsaz we Akdepe etraplarynda pes depginlerde alnyp barylýandygyny aýdyp, nägilelik bildirdi. Welaýatda gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki ekinleriň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, pudaga häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şeýlelikde, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meselelerine zerur ähmiýet bermegi häkimden berk talap etdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de häzirki döwürde ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň derejesi, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba zähmetkeşleriniň netijeli işi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň we öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň möhüm talabydygyny belläp, ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlere laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça möwsümleýin işleri bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek zerurdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň Köýtendag, Döwletli, Hojambaz we Farap etraplarynda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş hem-de şor suw akabalaryny arassalamak işleriniň pes depginlerde alnyp barylýandygyny belläp, bu işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi we olary talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de ekişde ulanyljak gurallary ýaz ekişine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmakda, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ýaz-meýdan işlerine taýýarlamakda işleriň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereklerini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleriniň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, bu babatda Oguzhan, Türkmengala, Garagum we Mary etraplarynda alnyp barylýan işleriň derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ak ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň derejesi we ýaz-meýdan işlerine taýýarlygyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Ýaz ekişine oba hojalyk tehnikalaryny we degişli gurallary, ýerleri, zerur tohumlary taýýarlamak toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyz boýunça ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň çäklerinde zerur işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň geçirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyna ünsi çekdi.
Welaýat häkimleriniň öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmeýändigi, işleri bellenilen wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleriniň pesdigi sebäpli, amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň hil derejesi talaba laýyk gelmeýär.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, olardan öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy çagyrdy.
Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheriniň merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny degişli derejede alyp barmak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň pesdigini belläp, işleriň guralyşynyň derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň degişli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, bu ugurda işlenip taýýarlanylan Maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza we ýurdumyzyň welaýatlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, Baş prokuroryň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol gurluşygy boýunça degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň, tehnikalaryň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilendigini we şu döwürde ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň derejesiniň pese gaçandygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokuror B.Atdaýewiň degişli ugurda geçirilen seljermeleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňledi.
Baş prokuroryň hasabat berşi ýaly, ýol gurluşygyna degişli düzümleriň tehnikalarynyň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilmegi bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan ýol gurluşygy işleriniň derejesiniň pese gaçandygy, degişli tehnikalaryň kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaýandygy, ätiýaçlyk şaýlaryň ýetmezçilik edýändigi ýüze çykaryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň çäklerinde ulag ýollaryny talabalaýyk saklamak we täzelerini çekmek işlerine ýaramaz täsirini ýetiripdir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu işleriň şeýle derejede guralmagynyň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi we degişli ugur boýunça prokuror gözegçiligini dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada aýdyp, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyny belledi. Hususan-da, ýol gurluşygynyň, medeni-durmuş maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginleri häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň sebitleriň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Milli Liderimiz döwlet tarapyndan degişli goldawlaryň berilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigine, ýol gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hiliniň we depginleriniň pese gaçandygyny belledi. Munuň özi welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň işleri talabalaýyk derejede guramaýandygyny görkezýär diýip, olaryň işine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýol-ulag düzümine degişli işleri bellenilen meýilnama we häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlaryna bu ugurdaky işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ykdysady toplum bilen bilelikde degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalaryň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport mekdepleriniňdir desgalarynyň, medeniýet öýleriniň, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda awtomobil ýollarynyň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň durmuş üpjünçiligine degişli işleriň alnyp barylmagynyň, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda we ilatyň durmuş düzümine degişli işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň we oňa täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.