Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri bolan biz, sebitiň taryhynda ilkinji gezek çagyrylýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna berýän goldawy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirýäris.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde biziň döwletlerimiziň gazanan üstünliklerini nygtaýarys;
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda özara bähbitli we uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny nygtamak bilen;
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň dünýäniň gün tertibindäki wajyp meseleleri çözmäge işjeň gatnaşygyny, biziň döwletlerimiziň howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, ykdysady, durmuş, ylmy-tehnologik, medeni we ynsanperwer ösüş babatda öňe sürýän başlangyçlaryny möhüm diýip hasap etmek bilen;
Bütin dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda zenanlar özleriniň işjeň hereketleri we täze pikirleri bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsiri, daşky gurşawyň zaýalanmagy ýaly ählumumy howplara garşy göreşmekde, şeýle hem durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň, saglygy goraýşyň hem-de bilimiň meselelerini çözmekde uly we wajyp goşant goşýandyklaryna üns bermek bilen;
Şunuň bilen birlikde zenanlaryň syýasy çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge işjeň çekilmeginiň hem-de olaryň döwletleriň durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna gatnaşmagyna goldaw berilmeginiň, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň has çalt we üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigine berk ynanmak bilen, pandemiýa şertlerinde we häzirki döwrüň öňe çykarýan beýleki synaglarynyň şertlerinde zenanlaryň aýratyn kömege mätäçdiklerini göz öňünde tutup;
Milletara dialogy öňe sürmek we parahatçylyk medeniýetini berkitmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň wajyplygyny nygtamak bilen;
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň soňky 30 ýylda gender deňligini gazanmakda, zenanlaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyny ýokarlandyrmakda alyp barýan syýasatyny we gazanylan öňegidişligini goldamak bilen;
1. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibine, Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň onýyllygyna, Pekin Jarnamasyna we Hereketler platformasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde işlenilip düzülen we kabul edilen beýleki halkara hukuk namalaryna özümiziň ygrarlylygymyzy tassyklaýarys.
2. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk dörediji mümkinçiliginiň has doly durmuşa geçirilmeginiň netijeli ýollaryny işläp düzmegiň, şeýle hem halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin onuň ulanylmagyna ýardam etmegiň dialogyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap belleýäris.
3. Zenanlaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa meselelerinde alyp barýan işlerini utgaşdyrmakda zenanlaryň ornuny güýçlendirmegi möhüm diýip hasaplaýarys.
4. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Liderleriniň soňky ýyllarda zenan liderligini (ýolbaşçylygyny), telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek we mümkinçiliklerini ösdürmegiň hem-de durmuşa geçirmegiň deň şertlerini döretmek meselelerinde başyny başlan işlerini goldaýarys.
5. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik mümkinçiligini has doly durmuşa geçirmekde, jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda öz mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmek üçin çykyş edýäris.
6. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halklarynyň medeni mirasyny gorap saklamakda we ösdürmekde zenanlaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary goldaýarys.
7. Ylym we bilim, saglygy goraýyş, bilim-düşünje bermek, medeniýet, sungat we sport babatda hyzmatdaşlygy höweslendirmek we giňeltmek boýunça zenanlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldaýarys.
8. Pandemiýanyň we döwrüň beýleki ählumumy kynçylyklarynyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip edýäris.
9. Zenanlaryň durmuş goraglylygyny kanunçylyk we döwlet syýasaty derejesinde kämilleşdirmekde tejribe alyşmagyň hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň wajyplygyny nygtaýarys.
10. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak babatyndaky syýasatyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygymyzy mälim edýäris we bu ugry biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugry diýip hasaplaýarys.
11. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji dialogyny geçirmek başlangyjy we mähirli myhmansöýerligi üçin Türkmenistana hoşallygymyzy bildirýäris.
Aşgabat ş., Türkmenistan. 2022-nji ýylyň 13-nji maýy.