Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk çäreleri geçirildi
Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.
Şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda şeýle bellenilýär: “Mundan 30 ýyl ozal milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda aýgytly ädimler ädildi”.
...Ir bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky meýdança köp adamly boldy. Erkana pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, göwnüňi göterýän dürli güller, baýramçylyga gatnaşýan adamlaryň ruhubelentligi mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Halkymyz bu baýrama aýratyn gadyr goýýar. Ol ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem-de halkymyzy has-da jebisleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýoda bilen ýörite taýýarlanan ýere geçdi. Bu ýerde ýurdumyzyň geljegi bolan talyplar hatara düzüldiler. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň gollarynda ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar. Bu ýerde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk we häzirki döwürde mynasyp derejede dowam edýän däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem Watanymyzyň öçmejek şöhrata beslenen taryhynyň şu günki we geljek nesilleri üçin ägirt uly ähmiýetiniň esasy nyşany bolan Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular. Şanly seneleriň hormatyna guralýan dabara gatnaşyjylar asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk ýörelgelere eýerip, ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän kaşaň Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular. Munuň özi taryhyň dowamynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklara hormat goýmak ýaly ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň hem-de döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitläp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly kepili, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ähli halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy binýady bolup durýar. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri hem-de nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, ynam, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Bu gün Türkmenistan Garaşsyz ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar, döwletimiziň taryhynyň belentligine göz ýetirýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasy ugurlary özünde jemlemek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp, baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde bu resminama düýpli mazmuny, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň, raýatlyk we syýasy hukuklar, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar baradaky halkara resminamalaryň esasy ýörelgelerini hem-de ugurlaryny özünde jemleýär.
Kaşaň binanyň öňündäki meýdança dürli öwüşginli al-elwan güllere beslendi. Munuň özi merdana halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, pederlerimiziň söýüp ýaşan topragynda erkin ýaşamak we öndürijilikli zähmet çekmek, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga mynasyp goşant goşmak bagtyna bolan buýsanjyny alamatlandyrýan görnüşlere öwrüldi. Bu gün türkmen topragy özgerip, bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslendi. Şäherleriň, obalaryň keşbi düýpgöter täze görnüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanyp, halkymyzyň abadançylyk derejesi has-da ýokarlandy.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabara paýtagtymyzyň günorta künjegindäki 133 metr belentlikdäki sütünde erkana parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýanyndaky meýdançada dowam etdi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän belent başly Baýdak sütüni uzaklardan seleňläp görünýär. Mukaddes tugumyz halkymyzyň watansöýüjilik, belent döredijilik ruhy ýaly bahasyz gymmatlyklary alamatlandyrmak bilen, säher şemalyna pasyrdaýar.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy Baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdança geldi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent başly mukaddes tuguň eteginde ajaýyp gül çemenini goýdy.
Paýtagtymyzyň baş bezegine öwrülen hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň esasy nyşany bolan belent başly Baýdak sütünine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem ajaýyp gül desselerini goýdular.
Soňra bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar asylly däbe eýerip, Döwlet baýdagymyza gül desselerini goýdular.
Tutuş taryhyň dowamynda halkymyz milli tuguna aýratyn gadyr goýupdyr. Paýhasly pederlerimiziň “Adam terbiýesinden belli, ýurt — baýdagyndan” diýen jümlesinde çuňňur many bar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda giň halkara hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Mukaddes tugumyz döwletimiziň Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgelerine, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Döwletimiziň mukaddes tugy milli ýörelgeler, ruhy gymmatlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýär. Onda halkymyzyň şöhratly taryhy, şu günki bagtyýar durmuşy, nurana geljege bolan umyt-arzuwlary öz beýanyny tapýar.
Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
* * *
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly çäreler guraldy. Oňa gatnaşyjylaryň ruhubelentligi, şatlygy türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijiligiň ýoly bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan hem-de bagtyýarlygyň, nurana arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
* * *
Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Milli döwletlilik ýörelgelerini, türkmen halkynyň gymmatly demokratik tejribelerini jemleýän Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň we Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes tugunyň döredilmeginiň gününi alamatlandyrýan bu ählihalk baýramçylygy ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygymyzy hem-de agzybirligimizi dabaralandyrýar. Şu ýyl bu baýram aýratyn möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşdy. Bu sene agzybirligimizi has-da pugtalandyrýan, milli döwletlilik ýörelgelerimizi rowaçlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna şöhratly sahypalar hökmünde ýazylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow umumymilli baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagynda belleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny hem-de ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, müdimi mukaddesliklerimiz bolan Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän bu mukaddesliklerimiz mynasybetli giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramlar biziň watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.
Köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagyndaky baýramçylyk dabarasy açyk sahna meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerden döwletimiziň özygtyýarly ösüş döwrüniň ýadygärliklerine — Garaşsyzlyk binasyna, beýik sütünde parlaýan Döwlet tugumyza we Konstitusiýa binasyna ajaýyp görnüşler açylýar. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryň daşynda jebisleşmegi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilýän bu konsertiň baş taglymlarynyň biri boldy.
Baýramçylyk konsertiniň başyny başlan “Berkarar Watanda goşa baýramym — adalat Kanunym, ýaşyl baýdagym!” atly edebi-sazly kompozisiýada nesilleriň taryhy dowamaty, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň egsilmez ähmiýeti nygtaldy. Bu kompozisiýa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, teatr artistleri hem-de folklor toparlary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Olar ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşykly şu gününi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň nurana geljegini wasp etdiler. Söz, aýdym, saz we tans sungatyny jemleýän bu sahna oýny baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.
“Türkmen sährasy” atly çykyş milli sungatymyzyň iň gowy däpleriniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezdi. Soňra çagalar toparlary — “Güneş” hor topary hem-de “Şowhun” tans topary tomaşaçylara öz döredijilik sowgatlaryny görkezdiler. Ýaşajyk artistler ösüp gelýän nesil baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyza bagyşlanan “Galkynýar gözel ýurdum” atly çykyşy joşgunly ýerine ýetirdiler.
Konsert maksatnamasynyň çäklerinde Garaşsyz Watanymyzyň häzirki bagtyýar güni baradaky sazly we tansly kompozisiýalar, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän özboluşly däp-dessurlaryny görkezýän etnografik çykyşlar ýerine ýetirildi. Artistler halkymyzyň bitewi we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwynyň hasyl bolandygyny sazdyr tanslaryň üsti bilen beýan etdiler. Gezekli-gezegine ýerine ýetirilen çykyşlar köpöwüşginliligi, baý many-mazmuny, dürli görnüşli keşpleri bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Konsertde diňe bir meşhur aýdymçylaryň däl, eýsem, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş artistleriň hem çykyş edendigini bellemek gerek. Munuň özi milli sungatymyzyň dowamat-dowam bolýandygyny, zehin gözbaşynyň tükeniksizdigini subut edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak meselelerine berýän uly ünsüniň netijesinde milli sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýady goýulýar.
Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň ahyrynda gadymy “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Milli we dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu tans häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigini ony ýerine ýetiren “Miras” folklor toparynyň çykyşy aýdyňlygy bilen subut etdi.
Konsert “Ýaşyl tugum bilen bagt Kanunym!” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmegindäki bu aýdym ýurdumyzyň täze taryhy döwrüne, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mukaddes tuguna sena hökmünde ýaňlanyp, halkymyzyň mizemez agzybirligini we jebisligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrdy.
* * *
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konsertleri ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde we açyk konsert meýdançalarynda geçirildi. Olarda milli tanslar ýerine ýetirildi, Garaşsyz Watanymyzy, ýaşlygy, ruhubelentligi wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.