Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Dört aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň hukuk esaslaryny goldamaga gönükdirilen kanunlary kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, duşuşyklaryň 6-sy, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň 2-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen duşuşyklaryň 42-sine gatnaşdylar. Şolaryň 34-si sanly ulgam arkaly guraldy.
Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, raýatlar bilen duşuşdylar, olaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandylar. Deputatlar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, ruhy gymmatlyklary we milli däpleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly jemgyýetçilik işlerini alyp barýandygyny, Haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýändigini, dürli kanunlaryň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine gatnaşýandygyny, welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde iş saparlarynda bolýandygyny aýdyp, Hökümetiň mejlislerine, dürli maslahatlara gatnaşmagy öz orunbasary K.Babaýewe tabşyrandygyny habar berdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek maksady bilen, hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Karary esasynda hukuk bilermenler topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak işini alyp barýar. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan makullanyldy. Halk Maslahatynyň agzalary halkara maslahatlara, sanly ulgam arkaly dürli derejedäki çärelere gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygyna hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işiniň täze eýýamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm guralydygyny belläp, parlamentiň işiniň wajyp ugurlaryna ünsi çekdi. Şol işler jemgyýetde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam bermelidir. Şunuň bilen baglylykda, täze eýýamyň talaplaryny, milli kanun çykaryjylyk hem-de halkara kanunçylyk tejribesini nazara almak bilen kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň üstünde içgin işlemegiň zerurdygy nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,7 göterime, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98 göterime deň boldy. Býujetiň serişdeleriniň 79,7 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim köpeldi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy ulgamlaryň, inženerçilik desgalarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.
Wise-premýer hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna Yslam Ösüş bankynyň umumy maýasynyň artdyrylmagyna Türkmenistanyň gatnaşmagy hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň şu ýylyň dört aýy boýunça görkezijileriniň döwletimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyryp, maýa goýumlary çekmek boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. “Türkmennebit” döwlet konserni boýunça nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi. Wise-premýer şu döwürde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 111,4, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 120,6, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 115,8, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 118,6, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 107, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 106,7, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 111,1, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnamanyň 121,9 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyny belledi hem-de wise-premýerden nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz mazudyň, suwuklandyrylan gazyň, polipropileniň we plastmassa turbalarynyň önümçiliginiň kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Mejlisiň dowamynda wise-premýere Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary maýa goýum serişdeleriniň hasabyna özleşdirmegi we TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagy, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça beýleki halkara taslamalaryň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105 göterime barabar boldy.
Wise-premýer ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmegiň görkezijileri barada hem hasabat berdi. Hususan-da, gök önümleri öndürmek boýunça 138,1, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 101,7, çörek we çörek önümlerini öndürmek boýunça 105,1, et önümlerini öndürmekde 101,4, süýt we süýt önümlerini öndürmekde 100,8 göterim ösüş üpjün edildi. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 176,9 göterim berjaý edildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri hem-de gant şugundyrynyň tohumyny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini, derýalaryň we akabalaryň ýagdaýyny çaltrak seljerip, olary arassalamak üçin ähli çäreleri görmegiň hem-de oba hojalygynda häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän ministrliginiň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini ýerinde görmegi tabşyrdy we oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, olara zerur bolan kömegi bermegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde we paýtagtymyzyň häkimliginde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 151,4 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 112,6 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 170 göterim hötde gelindi. Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,6 göterim berjaý edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 171,6 göterim üpjün edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 119,3 göterim amal edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desgany gurmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek baradaky wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şeýle hem Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini ýola goýmagy çaltlandyrmak zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk hem-de senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmagy talap etdi. Mundan başga-da, wise-premýere Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň depginlerini çaltlandyrmak hem-de ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy çekmek işlerini dowam etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýanwar — aprel aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 110,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 105,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 133,1, nah matalaryň önümçiligi 125,9, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 119,5, gön önümleriniň önümçiligi 109,3 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 99-sy geçirilip, 11 müň 822 şertnama hasaba alyndy. Ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 104,1 göterim üpjün edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 166,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 107,5 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak barada berlen tabşyryklara garamazdan, şu ýylyň geçen dört aýynda azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän möçberiniň artandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda özümizde öndürip boljak ýeralma, sogan, sarymsak, miweler, un, ýag we beýleki azyk önümleri, käbir senagat harytlary bar. Şoňa görä-de, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işler güýçlendirilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyrygy ýerine ýetirmegi üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadyp, korrupsiýa ýol berlendigi, un, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini ilata ýerlemekde düzgün bozmalaryň öňüniň alynmandygy üçin, berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň hünärmenleri halkara onlaýn maslahatlaryň birnäçesine, okuwlara, beýleki çärelere we halkara sergilere gatnaşdylar.
Ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler, özgerişler, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, gepleşikleriň hilini gowulandyrmaga berk üns berilmelidir. Olar jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan etmelidir. Ýylyň şygaryna laýyklykda, raýatlarymyzyň ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmak boýunça çekýän tutanýerli zähmetini wasp etmelidir. Geljek 30 ýyl üçin öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde halkymyza ruhy goldaw bermelidir.
Döwlet Baştutanymyz medeni mirasymyza degişli desgalaryň kada laýyk saklanmagy bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, wise-premýer M.Mämmedowa käýinç yglan etdi hem-de ulgamda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere ýarym ýylyň jemleri boýunça serediljekdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edildi. Okuw ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Köp sanly okuw gollanmalary neşir edildi. Bilimiň ýokary hilini üpjün etmek we ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmek üçin sanly bilimi ösdürmek babatda netijeli işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara internet we ders olimpiadalaryna gatnaşyp, altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmagy bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy.
Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana ulanmaga berildi.
Şu ýylyň geçen döwründe iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak boýunça degişli işler amala aşyryldy. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII tomusky Olimpiýa we ХVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy we bu ugurda degişli işler ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze okuw meýilnamalaryny we has ähmiýetli ugurlar boýunça maksatnamalary taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Sporty ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, dürli sport çärelerini geçirmek Türkmenistanyň alyp barýan içeri syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýaşlar syýasaty baradaky kanuny seljermegi we ony döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini hepdede bir gezek geçirmegi we şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýärler.
Şeýle hem dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, BAE we GFR-iň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edilýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanar.
Döwlet Baştutanymyz teklipleri makullap, halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 113,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 115 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 116,2, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 137,8, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş 103,7, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 108 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşiň çäklerinde bütin dünýäde girizilen çäklendirmeler zerarly, ulag ulgamynyň aýry-aýry pudaklarynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrlik tarapyndan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şol döwürde hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Geçen aýyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda boldy. Şunuň bilen birlikde, aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň bolandygy bellenildi.
Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 391-si geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 78-si guraldy. Bitarap Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri resminamalaryň 20-sine gol çekildi. Ýylyň dowamynda Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar we geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetleri köptaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesine gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde işler yzygiderli geçirilýär. Ýanwar — aprel aýlarynda bu ugurda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizdäki köp sanly halkara çärelere we forumlara ünsi çekdi. Olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklandy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris. Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ylym-bilim ulgamyny özgertmek hem dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalar hem taýýarlanýar.
Biz hususy işewürligi ösdürmegi, telekeçilerimizi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmegi goldamak syýasatyny alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, uly baýram — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni ýetip gelýär. 9-njy maýda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýlar we uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyz hatyralanar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy wakadygyny, şoňa görä-de, olaryň ýokary derejede geçirilmelidigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça birnäçe kanunçylyk namalarynyň kabul edilendigini, bu ugurda degişli düzümleriň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň agzalaryna Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine gözegçilik edýän pudaklarynda we tutuş ýurdumyzda sanlylaşdyrmagyň barşy baradaky hasabatlary taýýarlamak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň, raýatlaryň zähmet rugsady döwrüniň başlanýandygyna ünsi çekip, türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, jogapkär adamlaryň ählisine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tertibe salmagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dynç almak üçin Awaza, şeýle-de beýleki şypahanalara gelmegi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, 25-nji maýdan başlap, ýurdumyzyň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.