Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymlary durmuşa geçirilýär

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli dabaralar, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarly daşary syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda: “Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç haçan unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar! 

                                                                   

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen söhbetdeşliginde 9-njy maýda bellenilýän bu baýramyň taryhy ähmiýetini nygtap, onuň Ýeňşiň gazanylmagyna öz goşandyny goşan ildeşlerimiziň söweş we zähmet edermenligi baradaky hakydany gorap saklamakdaky möhüm ähmiýetini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we hut öz adyndan uruş weteranlaryna, ýaşululara, dabara gelenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly we netijeli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Ak ekin meýdanlaryna ideg etmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, däne kabul ediş bölümlerini galla oragyna taýýarlamak şu günüň möhüm talaplarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişini öz möhletinde tamamlamak we gowaça meýdanlarynda ideg işlerini alyp barmak, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, şeýle hem ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini netijeli ulanmak üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmäge gönükdirilen işleri talabalaýyk alyp barmak ugrunda hem zerur tagallalar edilmelidir. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sebitlerde Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyklaryň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýtdan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy hem kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýeti bellenildi. 

                                                                   

Dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň utgaşdyryjy guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygy aýdylyp, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň we onuň halkara ulag ulgamyna netijeli goşulyşmagynyň geljegi barada aýdyp, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin iki döwletiň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

10-njy maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, Milli Olimpiýa komitetiniň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler we olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigi nygtaldy. Şunda bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesiniň, hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň oňyn ornuny aýratyn nygtadylar. Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň möhüm orny bellenildi, bu toparyň alyp barýan işleriniň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigi nygtaldy. Ylym-bilim, medeniýet, sport ulgamynda, tutuşlygyna parahatçylygy, hyzmatdaşlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esas goýujy şerti bolan ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma beýan edildi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika ulgamlary, senagat, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Tutuş sebit üçin strategik ähmiýete eýe bolan düzümleýin taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, ulag-kommunikasiýa pudagyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow bilen duşuşygynyň dowamynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Şunda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak has-da ähmiýetlidir. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi. Söhbetdeşler bu duşuşyklaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet dolandyryş ulgamyndaky gatnaşyklary, öňüni alyş diplomatiýasyny, daşky gurşawy goramak ýörelgelerini, telekeçiligi we işewürligi, medeni, bilim, ylym we sungat ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde ähmiýetini nygtadylar. 

                                                                   

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Üç tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça görülýän çärelere aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda 2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyryň wezipeleri amala aşyrylýar. Bu wezipelere laýyklykda, döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler göz öňünde tutulýar. Bellenilen meýilnamalara laýyklykda, Döwlet hyzmatlar portaly döredildi. Bu portal elektron usulda döwlet hyzmatlaryny etmek üçin «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir. Häzir onda maglumat hyzmatlary, döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde ikinji tapgyrda «Elektron hökümet» ulgamyny doly işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyry 2024-2025-nji ýyllary öz içine alyp, bu tapgyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek hem-de Konsepsiýada bellenen wezipelerdir çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär. Bir bitewi Maglumat merkezini döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde harytlary satyn almak boýunça bäsleşikleriň hem-de döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň sanly ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Sanly ulgamyň ösüşini kämilleşdirmek, “Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, Döwlet täjirçilik banky, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklary ýuridiki şahslar we hususy telekeçiler üçin bu ulgamy ulanylyşa girizerler. 2019-njy ýyldan bäri şeýle hyzmatlar «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

Häzir Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ilata edilýän jemagat hyzmatlary sanly ulgama geçirildi, hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň gerimi giňeldildi we olar bir bitewi döwlet hyzmatlar ulgamyna birikdirildi. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler. Şeýle hem gurluşyk-senagat we söwda toplumlarynyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, bilim ulgamynda, obasenagat toplumynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

                                                                   

Döwrebap media tehnologiýalary türkmen diplomatiýasynyň işinde-de işjeň ulanylýar. Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüminde sanly diplomatiýa bölüminiň açylmagy hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ählisinde resmi internet saýtlarynyň döredilmegi ýurdumyz baradaky maglumatlary dessin ýaýratmak, onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we netijeli başlangyçlaryny beýan etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berýär. Şeýle hem Daşary işler ministrligi tarapyndan ilata sanly ulgam arkaly konsullyk hyzmatlaryny bermek boýunça işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz maglumatlary bermek ulgamyny hem-de aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek we Ministrler Kabinetiniň ýanynda Möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerini derejelendirmek boýunça pudagara topary döretmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Salgyt kodeksine degişli ähli resminamalary, käbir nyrhlary we salgytlary täzelemegiň, bu ulgama gözegçilik etmegiň sanly tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi hem-de bir hepdäniň dowamynda bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2022-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekip, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna galla hasylynyň ýygnalmagyna, onuň meýdanlardan kabul ediş bölümlerine ýitgisiz daşalmagyna we tabşyrylmagyna gözegçilik etmek hem-de zerur goldawy bermek üçin sebitlere iş saparlaryny amala aşyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen hepdede gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy, 2022-nji ýylyň 16 — 27-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahatlaryny geçirmek bellenildi hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. 

                                                                   

12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa gatnaşdylar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş edip, parlamentleriň içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde ägirt uly ornuny nygtady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara hukugy, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini berkarar etmekde, hukugyň ret edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ýoýulmagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagyň maksadalaýykdygyny belläp, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we olardan netijeli peýdalanmagy teklip etdi. Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentarilere uly we döredijilikli işleriň garaşýandygyny belledi. Azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, elýeterli lukmançylyk hem-de bilim biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly adam kuwwatyna, tebigy baýlyklaryň iri gorlaryna, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan hem-de çäk taýdan ýakynlygy bilen birleşen, tebigy we birek-biregiň üstüni ýetirýän giňişligi emele getirýän Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň köpugurly hyzmatdaşlygyndaky ykdysady gatnaşyklaryň meselelerine aýratyn üns berdi. Ulag, energetika, senagat taýdan ýakynlaşmak ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk gurallaryny döretmegiň, olary herekete girizmegiň, milli kanunçylyklary ýakynlaşdyrmagyň we sazlaşdyrmagyň, hyzmatdaşlyk we işewürlik gatnaşyklaryny kynlaşdyrýan hukuk hem-de beýleki bökdençlikleri aradan aýyrmagyň üstünde işlemegiň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Soňra mejlisde çykyş eden Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşyjy ýurtlaryň şu görnüşde hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, bu meýdançany ulanmak arkaly bilelikdäki işleriň hemmeler üçin netijeli we peýdaly boljakdygyny nygtadylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň teklip eden parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň beýan edilen guramaçylyk esaslaryny goldady. Gahryman Arkadagymyz ony «Aşgabat görnüşi» diýip atlandyrmagy teklip edip, türkmen tarapynyň ştab-kwartirasy paýtagtymyzda ýerleşjek «Aşgabat görnüşiniň» Sekretariatyny döretmek baradaky teklibi işläp taýýarlamaga we hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. 

                                                                   

 Dabaraly mejlis tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekdiler. 

                                                                   

Forumyň plenar mejlislerinde “Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk”, “Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe gitmegiň ynamly ýoly”, “Ekologik abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” atly mowzuklarda pikir alyşmalar boldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň işiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama — Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. 

                                                                   

Parlamentara forumyň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň uly mejlisler zalynda sylaglamak dabarasy geçirildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşi tarapyndan esaslandyrylan “Hormatly aksakgal” altyn ordeni hem-de “Dede Korkut” milli gaznasy we “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnaly bilen bilelikde esaslandyrylan “Ulu türk” altyn ordeni, şeýle-de “Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin” milli baýrak bilen sylaglanyldy. Mundan başga-da, hormatly Arkadagymyz GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli esaslandyrylan “МПА СНГ. 30 лет” ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni gowşuryldy. 

                                                                   

12-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy Hökümet derejesinde bolşy ýaly, aýry-aýry döwlet hem-de işewür düzümleriň arasynda-da giňeldilmelidigini, şeýle-de hökümetara toparyň işiniň işjeňleşdirilmelidigini nygtadylar. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde parlamentara gatnaşyklara, şol sanda ugurdaş komitetleriň arasyndaky hem-de halkara derejedäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşan Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular geňeşiniň Başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew bilen geçiren duşuşyklarynda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

                                                                   

Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň Durmuş-medeni ösüş boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, bu ugurda gazanylanlary, zenanlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini gorap saklamak, olaryň syýasy-ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekdäki ornuny işjeňleşdirmek üçin döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna zenanlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar umumy bähbitlere laýyk gelýän sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri we teklipleri öňe sürdüler. 

                                                                   

Hususan-da, çykyşlarda türkmen tarapynyň Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde medeni mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, el işleri bilen meşgullanýan zenanlaryň sebit jemgyýetini döretmek baradaky başlangyjy diňlenildi. Forumyň wekilleriniň umumy pikirine görä, bilelikde goýlan binýat Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda döwleti dolandyrmakda, öňüni alyş diplomatiýasynda, daşky gurşawy goramakda, telekeçilikde we işewürlikde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sungatda, saglygy goraýyşda hem-de sportda, ýaşlary goldamakda, syýahatçylygy, maglumat tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ösdürmekde, gender deňligini üpjün etmekde gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

                                                                   

Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi. Ol gender deňligini üpjün etmek hem-de döwletiň syýasy we ykdysady durmuşyna, telekeçiligi ösdürmäge zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmek üçin milli we sebit derejelerinde amala aşyrylmaly işler babatda maslahatlary özünde jemleýär. Şeýle hem resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam bermekde zenanlaryň dialogynyň taýýardygy bellenilýär. Foruma gatnaşyjylar dialogyň Düzgünnamasyna hem-de 2022-nji ýyl üçin işleriň meýilnamasyna gol çekdiler. Meýilnama Türkmenistanda we dialoga gatnaşyjy beýleki ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejelerdäki çäreleri özünde jemleýär. 

                                                                   

Foruma gabatlanyp, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi guraldy. 

                                                                   

Sergä gymmatlyklar toplumyny görkezýänleriň 50-si gatnaşyp, olaryň 6-sy milli bölümler, 11-si ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, 33-si bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diwarlyklarydyr. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylar milli bölümler bilen tanyşdylar. Şolarda sebitiň ýurtlaryna we Russiýa mahsus däp-dessurlar, milli geýimler, zenanlaryň el işleri, sowgatlyklar, kitaplar görkezildi. Milli gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine halklary birleşdirmek üçin tükeniksiz mümkinçilikleri jemleýär. Bu pikir baýramçylyk sergisindäki baş taglym boldy. 

                                                                   

Geçen hepdede Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň hem-de BMG-niň ýurt boýunça toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine meýilnamalary durmuşa geçirmegiň hem-de BMG-niň düzümleriniň adam hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gatnaşmagy bilen bagly meseleler girizildi. 

                                                                   

Bu ugurdaky Hereketleriň milli meýilnamalarynyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” bilen sazlaşdyrylmagy pudagara toparyň alyp barýan işiniň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin Abu-Dabi şäherinde boldy. 

                                                                   

BAE-niň ýolbaşçylary we resmi adamlary hajy Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryna şeýle kyn pursatda bildiren goldawlary we duýgudaşlyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, munuň özleri hem-de ýurduň tutuş halky üçin uly hormatdygyny nygtadylar. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)