Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi 

                                                                   

 Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. 

                                                                   

Şu köptaraplaýyn duşuşyk hem bu maksatlara hyzmat edýär. Foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Türkmenistana geldiler. 

                                                                   

 Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy. 

                                                                   

Irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasyna geldi we şol ýerde daşary ýurtly kärdeşlerini mähirli mübärekledi. Soňra Parlamentara foruma gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna tarap ugradylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň milli parlamentleriniň ýolbaşçylary Garaşsyz Watanymyzyň döwlet esaslarynyň, onuň demokratik ýörelgeleriniň hem-de täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýän halk häkimiýetiniň köpasyrlyk däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül goýdular. 

                                                                   

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine tarap ugradylar. 

                                                                   

Bu ýerde dostlukly döwletleriň milli parlamentleriniň ýolbaşçylaryny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. 

                                                                   

 Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly açylyşy boldy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna giriş sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda tüýs ýürekden mübärekledi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu forumyň Aşgabatda geçirilmegine biz ýurdumyza hem-de türkmen halkyna hormatyň nyşany, biziň döwletlerimiziň dostlugyny, özara düşünişmegini pugtalandyrmaga, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmaga Türkmenistanyň saldamly goşandynyň ykrarnamasy hökmünde garaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek boýunça ýöredýän ugry, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň toplanan baý tejribesine, hyzmatdaşlygyň barşynda açylýan uly mümkinçiliklere düşünmäge esaslanýar. 

 Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy zala ýygnananlaryň ählisiniň şeýle çemeleşmä düşünýändiklerine ynam bildirdi. Bu çemeleşme döwletlerimiziň ýolbaşçylarynyň strategik wezipelerine laýyk gelýär, halklaryň isleglerini we jana-jan bähbitlerini beýan edýär, olaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň maksatlaryna hyzmat edýär.  

                                                                   

Parlamentleriň bu işe goşýan goşandy örän uludyr. Giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň her biriniň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. 

                                                                   

Parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmaklaryny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýet ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde parlamentleriň orny örän uludyr. 

                                                                   

Häzirki döwürde, aýratyn hem häzirki şertlerde kanun çykaryjylygyň halkara işi, parlament diplomatiýasy örän möhümdir. Bu iş halkara ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, netijeli täsir etmäge, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy dikeltmek üçin şertleri döretmäge, halklaryň özara düşünişmegine ýardam etmäge, dürli milletli we syýasy garaýyşly adamlaryň arasynda deňhukukly özara hormat goýmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga, siwilizasiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň köprülerini gurmaga gönükdirilendir we hatda şuňa borçludyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjy ýurtlaryň parlament hyzmatdaşlygynyň mysalynda hut şeýle çemeleşmäniň ähmiýetini we üstünligini aýratyn belledi. Gürrüňsiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halk wekilleri häzirki wagtda ählumumy möçberde parahatçylyk, durnuklylyk işine uly goşant goşmaga, tutuş dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, howpsuzlygyň arhitekturasynyň bozulmagyna ýol bermezlige ukyplydyr. 

                                                                   

Garaşylyşy ýaly, şu günki duşuşygyň barşynda bu babatda zerur çözgütler kabul ediler, biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň, olaryň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiniň, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine mundan beýläkki bilelikdäki işi üçin anyk ugurlar kesgitleniler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we hemmeleri forumyň açylmagy bilen gutlady we netijeli işlemegi arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag sözi bilen çykyş etmek üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli kärdeşlerine ýüzlenip, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumyna gatnaşyjylary hem-de myhmanlary tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Şu günki duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi we oňa ýokary derejede taýýarlyk görlendigi hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Walentina Matwiýenko sebitde durnuklylygy berkitmekde, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň goşandyny aýratyn belledi we hormatly Arkadagymyza Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde bu wajyp işi üstünlikli dowam etjekdigine, şeýlelikde, köptaraply hyzmatdaşlygyň täze, has belent derejä çykjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy forumyň işine goldaw berendigi we oňa gatnaşyjylaryň mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. 


                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň ornunyň ýokarlanýandygyny nazara alanyňda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlament ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän bu duşuşygyň häzirki döwürde aýratyn wajypdygyny nygtady. Hakykatda, GDA-nyň we umuman, Ýewraziýa giňişliginde parlamentara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Aşgabat forumy parlamentara hyzmatdaşlyk ulgamynda täze, ähmiýetli gural bolmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň sebitiň has möhüm meseleleri boýunça göni gepleşikleri geçirmäge mümkinçiligi üpjün etdi. Munuň özi syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň möçberlerini nazara alanyňda aýratyn wajypdyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenko forumyň meýdançasynda ýerine ýetirilýän işleri ähli ugurlar boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň parlament agzalarynyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine mümkinçilik berýär we köp sanly wajyp meseleleriň çözgüdine umumy çemeleşmeleriň tapylmagyna ýardam berer diýip belledi. 

                                                                   

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesiniň forumyň işinde ulanylmagynyň bähbitli boljakdygyny belläp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň bu düzümiň ugry boýunça geçirilýän birnäçe çärelere, şol sanda GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşygyň bu oňyn ýörelgeleri dowam etmek, ägirt uly parlament maşgalasy hökmünde biziň gatnaşyklarymyzy ýygjamlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. 

                                                                   

Forumyň çäreleriniň maksatnamasynyň örän netijelidigini we onuň biziň ýurtlarymyzyň parlament bileleşikleri üçin uly gyzyklanma bildirilýän meseleler toplumynyň ara alyp maslahatlaşylmagyny esasy ugur edinýändigini nygtap, Walentina Matwiýenko zenanlar meselesine, deputat zenanlaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gatnaşmagyna aýratyn üns berilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu bolsa geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygy we onuň güýji raýatlaryň wekilleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Bu bolsa adamlar üçin ähmiýetli bolan wajyp hem-de möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, biziň ýurtlarymyzyň raýatlary üçin, hakykatdan-da, bähbitli we olaryň goldawyna eýe boljak täze başlangyçlary we teklipleri tapmaga ýardam berer. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, forumyň dowamynda anyk netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirildi. Bu bolsa köptaraply parlamentara gatnaşyklaryň örän netijelidigini we häzirki döwürde uly isleg bildirilýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Şeýlelikde, şunuň ýaly görnüşde yzygiderli duşuşyklary guramak üçin ygtybarly binýat emele gelýär. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa öňe süren başlangyjy we myhmansöýer türkmen topragynda duşuşmak, özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýan paýtagta aýlanyp görmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, foruma gatnaşyjylaryň hemmesine işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de bir gezek hemmeleri Aşgabatda mübärekledi we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylaryna we agzalaryna Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň işine gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çykyşyny ýurdumyzyň taryhyna nazar aýlamakdan başlamak bilen, türkmen parlamentiniň Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaşdygyny belledi. Ýöne milli parlamentarizmiň many-mazmuny we häsiýeti asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. 

                                                                   

Gadymy döwürlerden bäri, türkmenlerde möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmekde çözmek hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny bermek üçin örän mynasyp, uly durmuş we döwlet tejribesine eýe bolan, jogapkärli hem-de öňdengörüjilikli adamlary saýlamak däp bolupdyr. Munuň özi giň, häzirki döwürde aýdylyşy ýaly, demokratik esasda amala aşyrylypdyr. Biz bu däbi, taryhy parasatlylygy saklap galdyk, asyrlarboýy aýawly dowam etdirdik hem-de iş ýüzünde ulanyp, özygtyýarly we garaşsyz ösüş ýoluna düşdük diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. 

                                                                   

Özboluşly gurama — Ýaşulular geňeşi şeýle wekilçiligiň görnüşleriniň birine öwrüldi. Bu gurama ýurdumyzda uly abraýa hem-de hormat-sarpa eýedir. Biz hakyky halk wekilçiliginiň baý mirasyna daýanyp, häzirki zaman şertlerinde onuň dowamatlylygyny üpjün etdik diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biz türkmen parlamentarizmini ösdürmek işini emeli wagt çäklerine salmaga synanyşmadyk. Gaýtam, adamlara, ýurdumyzyň raýatlaryna özlerine aňly-düşünjeli hem-de öňki nesilleriň tejribesi, milli özboluşlylyk, ahlak ýörelgeleri esasynda olaryň ýurdumyzyň baş kanun çykaryjy edarasynda wekilçiliginiň nähili bolmalydygyny seçip almaga, onuň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny we maksatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň parlamenti özüniň işini yzygiderli ösdürip, ýakynda işiň iki palataly görnüşine geçdi, onuň ygtyýarlyklary we san taýdan düzümi ep-esli giňeldildi. Bu gün bolsa biziň parlamentimiz diňe bir häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy däldir, ol türkmen halkynyň köki-damary, biziň asyrlaryň synagyndan geçen taryhy däp-dessurlarymyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanda köppartiýalylyk baradaky meselä hem şeýle yzygiderli, tapgyrlaýyn çemeleşildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda durmuş ýagdaýlarynyň esasynda täze iki partiýa — Agrar partiýa hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. Häzirki wagtda olar Demokratik partiýa bilen bilelikde parlamentde wekilçilik edýärler we öz saýlawçylarynyň bähbitlerini mynasyp goraýarlar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, beýleki ýurtlardan gelen dostlarymyzyň we kärdeşlerimiziň türkmen parlamentiniň nähili edaradygyna has gowy düşünmekleri üçin geçmişe gysgaça syn berildi. Şu ýerde onuň hakyky halk parlamentidigi, onda uly tejribä eýe bolan adamlaryň hem, ýaşlaryň hem — dürli sosial gatlaklaryň wekilleriniň işleýändigini buýsanç bilen aýtmak bolar. Olaryň ählisini bir maksat — halka we döwlete hyzmat etmek maksady birleşdirýär. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we olaryň esasylary barada durup geçdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Gürrüňsiz, Merkezi Aziýanyň içinde hem-de Russiýa bilen gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ruhy diňe bir saklanyp galmak bilen çäklenmän, eýsem, pugtalandyrylmalydyr, ösdürilmelidir, uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan ugur bolmalydyr. 

                                                                   

Bu babatda biziň parlamentlerimiziň orny örän möhümdir. Ol biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk gatnaşyklarynyň üstüni ýetirmelidir hem-de berkitmelidir. Şeýlelikde, parlamentariler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwletara hyzmatdaşlygyny üpjün etmäge özleriniň goşantlaryny goşmagy dowam etdirerler. 

                                                                   

Dünýädäki ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe halkara hukugyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda, hukugyň ret edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ýoýulmagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentlerini has işjeň we bilelikde işlemäge, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Parlamentara Bileleşikde netijeli işlemäge çagyrdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda parlament diplomatiýasynyň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guralyna öwrülmelidigine berk ynam bildirdi. Onuň baş maksady, many-mazmuny we wezipesi hem şundan ybaratdyr. Hut şeýle wezipede biziň halkara parlament işimiz häzirki wagtda örän ähmiýetlidir. Bu babatda biz işjeň we batyrgaý işlemelidiris, tutuş dünýä gapma-garşylyklaryny aradan aýyrmaga we olaryň öňüni almaga, garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilen täze pikirleri we çemeleşmeleri teklip etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmak, olary anyk wezipeleri çözmäge ugrukdyrmak maksadalaýykdyr. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bular barada aýtmak bilen, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we olardan netijeli peýdalanmagy teklip etdi. Munuň özi geljege goşantdyr. Häzirki ýaş parlamentarileriň köpüsi öz ýurtlarynyň döwlet dolandyryşynda, daşary syýasatda, ykdysadyýetde, bank ulgamynda esasy wezipeleri eýeläp bilerler. Şu kuwwatdan peýdalanmak, ýaşlaryň parlamentara işiniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek zerurdyr. 

                                                                   

Munuň özi zenan parlamentarileriň işine hem degişlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Rehim-şepagatlylyk we duýgudaşlyk duýgusy güýçli bolan eneler, aýallar, uýalar halkara gatnaşyklaryny has-da ynsanperwerleşdirmäge, onuň üstüni şu dünýäde ýaşamaly geljekki nesiller, çagalarymyz, agtyklarymyz hakyndaky alada bilen ýetirmäge ukyplydyrlar. 

                                                                   

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem biziň parlamentarilerimize uly we döredijilikli işler garaşýar. Azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, elýeterli lukmançylyk we bilim biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidir. 

                                                                   

Şu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjylaryň ünsüni Aral deňziniň meselesine çekdi. Bu mesele Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisine gönüden-göni degişlidir. Türkmenistan mundan birnäçe ýyl ozal Russiýa Federasiýasynyň Aralyň ekologiýa betbagtçylygyny ýeňip geçmek işine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi we taýýardygy barada resmi taýdan beýan edendigine ýokary baha berýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň howandarlygynda Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Merkezi Aziýa döwletleri we Russiýa tarapyndan utgaşykly parlament goldawyna umyt edýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Häzirki wagtda pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde halkara tagallalara ýardam bermek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjylara bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmek çagyryşy bilen ýüzlendi. 

                                                                   

BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen mejlisinde Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we halkara tagallalary utgaşdyrmagyň anyk meýilnamasyny hödürledi. Şol meýilnama howply ýokanç keselleri öwrenmek we olaryň öňüni almak boýunça birnäçe teklipleri özünde birleşdirýär. Bu meýilnamanyň örän oýlanyşyklydygyny hem-de şol kesellere halkara derejede netijeli garşy durmak maksatlary bilen şertlendirilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentarilerini şu mesele boýunça umumy çemeleşmeleri kemala getirmegiň, halkara parlament meýdançalarynda ilerletmegiň we goldamagyň üstünde işlemäge çagyrdy. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň köpugurly hyzmatdaşlygynda ykdysady gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki olar ägirt uly adam kuwwatyna, tebigy baýlyklaryň iri gorlaryna, önümçilik, tehnologik kuwwatlyklara eýe bolan hem-de çäk taýdan ýakynlygy bilen birleşen, tebigy we birek-biregiň üstüni ýetirýän giňişligi emele getirýär. 

                                                                   

Şu serişdelerden netijeli peýdalanmak, özara bähbitli uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak biziň ýurtlarymyz üçin möhüm zerurlyk, olaryň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň wajyp şerti bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda parlamentarileriň çetde galyp bilmejekdiklerine ynam bildirdi. 

                                                                   

Ulag, energetika, senagat taýdan ýakynlaşmak ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk gurallaryny döretmek we olary herekete girizmek, milli kanunçylyklary ýakynlaşdyrmagyň we sazlaşdyrmagyň, hyzmatdaşlyk we işewürlik gatnaşyklaryny kynlaşdyrýan hukuk we beýleki bökdençlikleri aradan aýyrmagyň üstünde işlemek zerurdyr. Parlamentarilerden zerur bolan we dessin çözgütlere garaşýarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk meselesine geçip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklarynyň asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýandyklaryny, olary berk şahsy, maşgala, hünär gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. 

                                                                   

Biz bilelikde agyr synaglardan geçdik. Bilelikde ajaýyp ýeňişleri we üstünlikleri gazandyk diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Biziň halklarymyzyň her biriniň dürli-dürlüdigine we özboluşlydygyna garamazdan, olary berk medeni gatnaşyklaryň, binýatlaýyn gymmatlyklaryň ahlak ýörelgeleriniň we däp-dessurlarynyň birleşdirýändigini geň görüp oturmaly däl. Olaryň esasyny bolsa döredijilik, Watana we mähriban ojaga söýgi, maşgala gatnaşyklarynyň mukaddesligi, beýleki halklara hormat goýmak, adalatlylyk, raýdaşlyk we özara goldamak ýaly ýörelgeler düzýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gymmatlyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, anyk, düşnükli we ygtybarly kanunçylyk esaslaryny döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şol kanunçylyk esaslary döwlet we jemgyýetçilik gurluşyna garaýyşlarymyza hem-de onuň nusgasyny özygtyýarly seçip almagymyza laýyklykda, öňe gitmek üçin ygtybarlylygyň syýasy we ruhy mümkinçiliklerini üpjün eder. 

                                                                   

Bu babatda medeniýet we bilim möhüm, belki-de, aýgytlaýjy şert bolup durýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjylary bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek üçin parlament gurallaryny işjeň ulanmagy, has ysnyşykly medeni gatnaşyklary, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmäge, döredijilik ylmy intelligensiýanyň arasynda gatnaşyklar üçin şertleri döretmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň buýsanmaga, birek-birege teklip etmäge zatlarymyzyň bardygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Parlament we onuň netijeli işi üstünlikli döwlet gurluşynyň, syýasy ulgamyň ösüşiniň, sagdyn we sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biridir. Munuň özi bolsa biziň üstümize aýratyn jogapkärçiligi ýükleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Häzirki zaman parlamentarizminiň many-mazmuny her bir meselä, hatda ilkibaşda ýönekeý görünýän meselelere hem oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çemeleşmekden, öz işini raýatlaryň, her bir adamyň isleglerine laýyk getirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Şöhratparazlyk, az salymlyk syýasy bähbitlere kowalaşmak, biriniň ýoluna köre-körlük bilen eýermek uzak möhletli döwürde döwlete-de, jemgyýete-de hiç haçan peýda getirmändi. Şonuň bilen birlikde, elbetde, biz halkara parlamentarizmiň we kanun çykaryjylygyň hakykatdan-da, peýdaly tejribesinden ýüz öwürmeli däldiris, ondan iň gowy we durmuş taýdan ykrar edilen zatlary almalydyrys diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, biziň birek-birege açyklygymyz, ýola goýlan gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär. Türkmen parlamenti, onuň ähli agzalary Merkezi Aziýadaky we Russiýadaky kärdeşleri bilen has ysnyşykly, yzygiderli, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlyga meýillidir, özüniň tejribesini we meýilnamalaryny paýlaşmaga hemişe taýýardyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Şu gezekki forum döwletara gatnaşyklara döredijilikli itergi bermelidir, onuň yzygiderliligini, dolanuwsyzlygyny üpjün etmelidir, ony täze pikirler we many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Biziň ýurtlarymyz we halklarymyz hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege tüýs ýürekden hormat goýmagyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň uly tejribesini topladylar. 

 Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy halkyň saýlanlarynyň bu beýik baýlygy aýawly saklamalydyklaryny hem-de artdyrmalydyklaryny, ony adamlaryň hyzmatynda goýmalydygyny, olara mynasyp zähmet çekmäge, öz döwletleriniň geljegine, olaryň rowaçlygyna we ösüşine berk ynam bilen çagalary terbiýelemäge mümkinçilikleri üpjün etmelidigini belläp, ähli maksatlara ýetiljekdigini nygtady. 

                                                                   

Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmeleri forumyň işiniň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we ýygnananlara berk jan saglyk hem-de jogapkärli we möhüm işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewe söz berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy şu gezekki duşuşygyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi, sebäbi ol döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilýär. 

                                                                   

Geçen döwürde özara hormata, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege üýtgewsiz goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýär. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşi hem netijeli häsiýete eýedir. 

                                                                   

Şunda Gazagystan Respublikasynyň sebitiň ýurtlary hem-de Russiýa Federasiýasy bilen parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýokary gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy, şeýle hyzmatdaşlyk GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde döwletara ganaşyklaryň üstüni ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki işleriň şu foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin bähbitli boljakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlyk aýratyn möhümdir. Gazagystan Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň sebiti bolup galmagyna, gürrüňsiz suratda, gyzyklanma bildirýär. Bu babatda şu gezekki forumyň işi sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça anyk hem-de netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berip bilerdi. Parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde beýleki köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp hem-de olaryň çözgüdi boýunça umumy oňyn çemeleşmeleri işläp bolar. 

                                                                   

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy şeýle hem häzirki wagtda kanun çykaryjy edaralaryň biziň döwletlerimiziň syýasy ulgamlarynda uly orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda Gazagystanda konstitusion özgertmeler amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, parlamentiň hem-de ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň orny ep-esli güýçlenýär. 

                                                                   

Lukmançylyk diplomatiýasy gatnaşyklaryň täze ugry bolmak bilen, forumyň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde kesgitlenildi, soňky ýyllarda bu ugur has möhüm ähmiýete eýe boldy. Görlüp-eşidilmedik СOVID-19 pandemiýasy ilatyň saglygyna, döwletleriň ykdysadyýetlerine ägirt uly zyýan ýetirdi. Maulan Aşimbaýewiň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk hem-de tejribe alyşmak geljekki döwür üçin lukmançylyk diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup biler. Gazagystan şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr. 

                                                                   

Forumyň gün tertibine ekologiýa abadançylygyny hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm meseleler hem girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Aral deňzi bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerini ýeňip geçmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň örän möhümdigi bellenildi. Bu babatda Türkmenistana hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüne Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini ýokary derejä çykarandygy üçin hoşallyk bildirildi. Nygtalyşy ýaly, Gazagystan Merkezi Aziýa boýunça goňşy döwletler hem-de Russiýa bilen sebitiň ekologiýa meselelerini çözmekde ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. 

                                                                   

Şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine düýpli itergi berjekdigine, däp bolan hyzmatdaşlyk, dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň tutuş halkyny ýetip gelýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady, şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ählisine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtalan çuň manyly çykyşy üçin gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanyň doganlyk Gazagystan bilen bilelikde sebitiň ähli halkynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýandygyny belledi.  

                                                                   

Biziň ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we bu köptaraply hyzmatdaşlygy özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardyr. 

                                                                   

 Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowa söz berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny we ähli kärdeşlerini gutlap, Gyrgyzystanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendikleri hem-de şu günki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Mümkinçilikden peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy öz ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalarynyň adyndan we hut öz adyndan türkmen halkyny şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlary bilen gutlady hem-de täze saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Lideriň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam etjekdigine hem-de doganlyk Türkmenistanyň öz ösüşinde uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine önjeýli goşandy aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Dostlukly döwletiň parlamentiniň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň goňşy ýurtlar bilen bilelikde sebitara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň we onuň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalanmagynda ygrarlydygyny tassyklady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda emele gelen taryhy gatnaşyklar örän berkdir we ol strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň ähli ugurlar, şol sanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dowam etmeginiň derejesinde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. 

                                                                   

Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa bilen özara gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi bu ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Talant Mamytow biziň ýurtlarymyzyň parlamentleriniň goşandyna ýokary baha berdi. Çünki giň ugurlar boýunça sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine kanunçylyk taýdan goldaw bermekde parlamentlere möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjy döwletleriň parlamentara hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürilýär. Munuň özi parlamentara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Däp bolan özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler we umumy gyzyklanmalar bar. Bellenilişi ýaly, Gyrgyzystan “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde birinji Parlamentara forumynyň geçirilmegini goldady. 

                                                                   

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygynyň belleýşi ýaly, Gyrgyz Respublikasy köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şunda ykdysady we durmuş ösüşi, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, ekologiýa we howanyň üýtgemegi, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilelikdäki tagallalaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda parlament diplomatiýasy aýratyn möhüm orun eýeleýär. Döwrüň görkezişi ýaly, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we giňeldilmegi dostluk, ynanyşmak we halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Sözüniň ahyrynda gyrgyz parlamentiniň ýolbaşçysy foruma gatnaşyjylaryň hemmesine alyp barýan netijeli işlerinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň Başlygyna Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri beýan edilen çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň iki doganlyk halkyň abadançylygyň bähbidine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy. 

                                                                   

Forumyň dabaraly mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko söz berdi. 

                                                                   

Russiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy bu foruma ýokary derejede taýýarlyk görlendigi hem-de şeýle görnüşde ýygnanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin onuň guramaçylaryna Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň wekiliýetiniň adyndan ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Merkezi Aziýanyň düýpgöter aýratyn ähmiýetli sebit bolup durýandygyny belledi. Bu sebit döwletleriň, many-mazmunly köpasyrlyk taryha, aýalyp goralýan däp-dessurlara hem-de ägirt uly ösüş mümkinçiliklerine eýe bolan halklaryň hakyky şamçyragydyr. 

                                                                   

Günbataryň we Gündogaryň arasynda, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda birleşdiriji köpri hökmünde Merkezi Aziýanyň geosyýasy taýdan eýeleýän täsin orny onuň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň aýratyn ähmiýetini şertlendirýär. Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinde bolşy ýaly, bu sebitiň çäklerinden häzir köp sanly ulag hem-de energetika geçelgeleri geçýär, halkara söwda işjeň häsiýetde alnyp barylýar. Merkezi Aziýa dünýä ykdysady, syýasy işlerine barha giňişleýin goşulýar, muňa ägirt uly serişde, ykdysady hem-de adam mümkinçilikleri ýardam berýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň toplumlaýyn ösmegine, sebitde abadançylyk we howpsuzlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna üýtgewsiz gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy. Russiýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň ykballary taryhy taýdan ýakyndan baglanyşyklydyr. Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, bizi köp zatlar baglanyşdyrýar, biz birek-birege doly düşünişýäris, şol bir taglymatlara hem-de gymmatlyklara eýerýäris, munuň özi, gürrüňsiz suratda, netijeli, açyk gatnaşyklary ösdürmek üçin daýanç bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, duşuşyga gatnaşyjylary Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ählisiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllyk senesi bilen gutlady. Geçen ýyllaryň dowamynda biz bu gatnaşyklary diňe bir saklamak bilen çäklenmän, ony dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýynda pugtalandyrmagy dowam etdik diýip, Walentina Matwiýenko döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini nygtady, parlamentara hyzmatdaşlyk onuň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

“5+1” görnüşdäki gepleşikler ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde özüni netijeli häsiýetde görkezdi, mundan beýläk bolsa parlamentara derejede ösdürilýär. Bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, döredilen dostluk toparlarynyň ugry boýunça üstünlikli tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy şeýle hem biziň parlamentlerimiziň ugurdaş komitetleriniň, komissiýalarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada garaýyşlary teklip etdi hem-de şeýle işleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Federal Geňeşiň howandarlygynda geçirilýän, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen guralýan sebitara forumlary we maslahatlar hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Şeýle işler döwlet häkimiýetiniň beýleki edaralary bilen hem alnyp barylýar. Mysal üçin, Russiýada nobatdaky Hazar ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirildi diýip, Walentina Matwiýenko, Türkmenistanyň öz wagtynda şeýle bähbitli we netijeli görnüşdäki hyzmatdaşlygy teklip edendigini ýatlatdy. 

                                                                   

Mundan başga-da, halkara parlament guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar hem-de Russiýa tarapy geljekde hem şeýle hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy öwrenýär. Parlamentariler sebit derejesinde gatnaşyklaryň ösdürilmegine düýpli goldaw berýärler. RF-iň sebitleriniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleriniň arasynda dürli ugurlarda ylalaşyklaryň ýüzlerçesi baglaşyldy. 

                                                                   

Sebit hyzmatdaşlygy söwda işlerine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär, özara haryt dolanyşygynyň düýpli artdyrylmagyna ýardam edýär. Ýokary derejeli statistiki maglumatlara garamazdan, biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri heniz ýeterlik derejede peýdalanylmaýar. Ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, şeýle hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylmagy parlamentarileriň baş wezipeleriniň biridir diýip, RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy belledi. 

                                                                   

Ynsanperwer ulgamy, ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşýar, bu ulgamda hem heniz peýdalanylmadyk mümkinçilikler köp. 

                                                                   

RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy öz çykyşynda Türkmenistanyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny ýatlatdy. Bu başlangyjyň BMG-niň ugry boýunça goldanylmagy halkara bileleşigiň Türkmenistanyň syýasatyna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň özüniň aýratyn ösüş ýoluny — oňyn Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagy hem aýratyn hormata mynasypdyr, indi ol 30 ýyla golaý wagt bäri bu ýörelgä üýtgewsiz eýerýär. 

                                                                   

Walentina Matwiýenko foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Russiýada hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýran “Köp dosty bolan adam sähra ýaly giňdir” diýen nakyly aýtdy, bu nakyl biziň döwletara hyzmatdaşlygymyzyň ruhuny örän takyk kesgitleýär. Russiýa we sebitiň döwletleri diňe bir ýakyn goňşular bolman, umumy uly taryhy hem-de umumy uly geljegi bolan hakyky dostlardyr we hyzmatdaşlardyr. 

                                                                   

RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy biziň ýurtlarymyzyň parlamentleriniň şeýle hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, oňa täze gerim bermäge ukyplydyklaryna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, hakykatda, hyzmatdaşlygyň bu täze görnüşiniň maksatlary hem-de wezipeleri ony esaslandyryjynyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda anyk beýan edildi. 

 Hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň yzygiderli häsiýete, onuň taryhynyň uzak möhlete hem-de baý many-mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirip, RF-iň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bu forumyň nähili ýygylykda geçirilmelidigi, onuň hemişelik häsiýete eýe boljakdygy, şeýle hem ony “Aşgabat görnüşi” diýip atlandyrmak mümkinçilikleri barada pikir alyşmagy teklip etdi. Şunuň bilen öz çykyşyny tamamlap, Walentina Matwiýenko duşuşyga gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna düýpli we çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belledi. Myhmanyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi babatda Russiýa tarapynyň garaýyşlary beýan edildi. 

                                                                   

Biz dostlugyň we hyzmatdaşlygyň taryhy gatnaşyklaryna esaslanyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda, milli bähbitleri nazara almak bilen giň ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. 

                                                                   

 Soňra Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomala söz berildi. 

                                                                   

Täjigistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny çagyrmak başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa we Russiýa umumy taryhy giňişligiň aýrylmaz bölekleridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklar dünýä giňişliginde we ählumumy ykdysadyýetde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar wagtynda has-da gymmatlydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlarymyzyň syýasy erki netijesinde ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn durnukly ösüşi ýola goýuldy. Howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda hem gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. 

                                                                   

Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy milli parlamentleriň “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde hyzmatdaşlyk etmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini hem-de ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň çäklerinde, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýardam berýändigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitinde hemmetaraplaýyn gatnaşyklar işjeň giňeldilýär, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda oňyn ösüş syn edilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberleri barha artýar. 

                                                                   

Rustam Emomali “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde parlamentara gatnaşyklaryň geljegi babatda öz garaýşyny aýtmak bilen, bu hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna, şeýle hem hukuk ulgamynda gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine ýardam berip biljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň gün tertibine milli kanunçylyklary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga degişli meseleleri goşmak bolar. Myhmanyň pikirine görä, bu ugurda, ilkinji nobatda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan tejribesine esaslanmak zerurdyr. 

                                                                   

Çykyşda häzirki pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de özara söwdany giňeltmek üçin zerur bolan bilelikdäki çözgütleri kabul etmegiň wajypdygy nygtaldy. Senagat we energetika ulgamlaryna aýratyn üns berilmelidir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ykdysadyýetiň senagat pudagyny 2025-nji ýyla çenli depginli ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrýan Täjigistanyň Merkezi Aziýanyň döwletleri we Russiýa bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. 

                                                                   

Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly üns berilmelidir. Merkezi Aziýanyň döwletleri we Russiýa ulag ulgamynda köptaraplaýyn ylalaşyklara gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. 

                                                                   

Rustam Emomali sebitara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Russiýanyň senagatda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, obasenagat toplumynda, medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, parlament düzümleriniň bar bolan mümkinçilikleriň netijeli işledilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasy wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bu forumyň ýokary derejede guralandygy hem-de däp bolan myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna sebit parlamentara hyzmatdaşlygynyň wajypdygy bellenilen çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, kanun çykaryjylyk, lukmançylyk diplomatiýasy we ekologiýa meselelerinde biziň kanun çykaryjy edaralarymyzyň arasynda işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan üçin Täjigistan doganlyk ýurt bolup durýar. Biz bu ýurt bilen giň ugurlar boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu däp bolan hyzmatdaşlyga geljekde hem hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Soňra türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa söz berdi. 

                                                                   

Özbegistanyň wekiliýetiniň adyndan foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, goňşy ýurduň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle wekilçilikli çäräni geçirmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini belledi, munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýyny tassyklaýar. Özbek tarapy hem bu forumyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak we teklipleri işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülmelidigi baradaky teklibi goldaýar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistan Respublikasynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatda milli parlamente möhüm orun berilýär. Özbegistan 2020-nji ýylda tassyklanylan “Parlament diplomatiýasynyň konsepsiýasynyň” çäklerinde sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam bermäge taýýardyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge we doly derejede açmaga aýratyn üns berilýär, bu gatnaşyklar durnukly häsiýete eýedir hem-de giň ugurlary öz gerimine alýar. Özbegistan üçin sebitiň döwletleri diňe bir goňşular bolman, örän ýakyn, umumy taryhy, medeniýeti hem-de köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary birleşdirýän doganlyk ýurtlardyr. 

                                                                   

Russiýa bilen hyzmatdaşlyk hem açyklyk, özara ynam, hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgeleri esasynda işjeň giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Özbegistanyň sebitiň ýurtlary hem-de Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy strategik ähmiýetli derejä çykarandygy bellenildi. Gürrüňsiz suratda, biziň döwletlerimiziň Liderleriniň şahsy tagallalary hem-de syýasy erk-islegi bu hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup durýar. 

                                                                   

Özbegistan özara söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna, sebitiň ýurtlarynyň we RF-iň ykdysadyýetleriniň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagyna gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem uzak möhletleýin ykdysady ösüşiň esasy çeşmeleri hökmünde tehnologiýalar, innowasiýalar, “ýaşyl” ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy döwrüň talabydyr. 

                                                                   

Biz şeýle hem kärdeşlerimiziň tekliplerini goldaýarys we durnukly ösüşiň hem-de ilatyň saglygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýan daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga taýýar diýip, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Parlamentler tarapyndan ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny, şol sanda ulag-kommunikasiýalar torlaryny ösdürmegi işjeňleşdirmäge ýardam berilmeginiň möhümdigini nygtap, Tanzila Narbaýewa zerur bolan hukuk binýadyny döretmek baradaky teklibi aýtdy. 

                                                                   

Özbegistan şeýle hem goňşy döwletleriň we Russiýanyň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär, bu ugurda parlamentleriň bilelikdäki tagallalaryny netijeli utgaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyz köp asyrlaryň dowamynda medeniýetiň we ylmyň özara baýlaşmagyna ýardam edýän ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürdiler hem-de berkitdiler, muňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem aýratyn üns berdi. Biz, hakykatdan-da, adamzat siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik, dünýä meşhur alymlarymyza, akyldarlarymyza, şahyrlarymyza buýsanyp bileris. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy parlamentleriň howandarlygynda foruma gatnaşyjy ýurtlarda giňden baýram etmek üçin meşhur şahsyýetleriň ýubileýleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak meselesini öwrenmegi teklip etdi. 

                                                                   

Şeýle hem 2021-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan Liderleriniň dialog meýdançasy esaslandyryldy, oňa şol döwürde Özbegistan başlyklyk etdi. Şu ýyl zenanlaryň dialogyna Türkmenistan başlyklyk edýär. Şeýle görnüşdäki gatnaşyklara bu ugurda örän baý tejribä eýe bolan Russiýa Federasiýasynyň hem goşulyşýandygy bellemeli ýagdaýdyr. 

                                                                   

Özbegistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy şeýle hem hyzmatdaşlyga ýaşlaryň hem çekilmegine, şol sanda akademiki hem-de talyplary alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň ýaş nesliniň wekilleriniň gatnaşmagynda festiwallary, forumlary we sport ýaryşlaryny geçirmek arkaly olary işjeň çekmek meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Özbegistan halkara parlament düzümleriniň çäklerinde, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek, şeýle hem özara goldaw bermek tejribesini dowam etmäge gyzyklanma bildirýär hem-de şu duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bu ugruň öz beýanyny tapandygyny goldaýar. Şu gezekki forum halkara derejeli möhüm parlament çäreleriniň tutuş toplumynyň öňüsyrasynda geçirilýär, olaryň birnäçesi Özbegistanda hem guralýar. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentarileriniň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagynyň şeýle çäreleriň gün tertibini düýpli baýlaşdyrmaga hem-de parlamentleriň döwlet dolandyryş işlerinde ornuny pugtalandyrmak boýunça anyk maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirip, Oliý Majlisiň Senatynyň Başlygy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de türkmen halkyna mahsus bolan tüýs ýürekden myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtalan çuň manyly çykyşy üçin özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Özbegistany köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ýurdumyzyň iki halkyň abadançylygyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlygyny nygtady. 

                                                                   

 Soňra GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş Sekretary Dmitriý Kobiskä söz berildi. 

                                                                   

Myhman çykyşynyň barşynda foruma gatnaşmaga çakylyk we onuň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti bellenildi. Şonuň netijesinde häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň bu görnüşi täze many-mazmuna eýe bolýar. 

                                                                   

GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady, syýasy, ulag ulgamlarynda we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Bu hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ýakynlaşmagy üpjün etmekde hem-de milli, sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedir. Ynsanperwer-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek hem möhüm ugur bolmagynda galýar. 

                                                                   

Bu gezekki forumyň geçirilmegi netijeli gatnaşyklara bolan umumy gyzyklanmalaryň aýdyň beýanyny emele getirip, ol sebitleýin gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Türkmenistanda ýene birnäçe günden ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatlap, D.Kobiskiý Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şu döwürde ýeten derejesiniň ägirt uludygyny we döwleti dolandyrmagyň kämil usullaryny işläp taýýarlamakda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. 

                                                                   

Aşgabat forumy we onuň plenar mejlisleri barada aýdyp, myhman bu günki geçirilen duşuşygyň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işiniň esasy ugurlary bilen utgaşyklydygyny belledi. Forumda kabul edilen çözgütleriň baş maksady Arkalaşygyň ýurtlarynyň hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmagy özünde jemleýän täze kanunlary we resminamalary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň halkara ülňülere laýyk derejede ösdürilmegine uly üns berilýändigini belläp, myhman şunlukda, bu ulgamda ýokary derejeli düzümiň kemala getirilýändigini aýratyn nygtady. 

                                                                   

Ynsanperwer ugur barada aýdylanda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentara gatnaşyklarynda ýaşlar syýasatyna möhüm orun berilýär. 2012-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar Parlamentara Assambleýasynyň döredilmeginiň ähmiýetlidigi barada nygtaldy. GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň wekillerini bu düzümiň çäklerinde bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.  

                                                                   

Şunda tebigaty goramak işiniň kanunçylyk üpjünçiligine möhüm üns berildi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ekologiýa ugry bolup durýar. Bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Assambleýanyň iki günlük Newa halkara ekologiýa kongresini guraýandygy habar berildi. 

                                                                   

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary sözüniň ahyrynda forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we hemmelere netijeli işlerinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň çäklerinde köptaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri beýan edilen many-mazmunly çykyşy üçin jenap Dmitriý Kobiskä minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň dabaraly mejlisiniň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlara jemleýji söz bilen ýüzlendi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu duşuşygyň barşynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada möhüm, gyzykly we çuň manyly pikir alyşmalar boldy, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary kesgitlenildi, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bellenildi. 

                                                                   

Çykyşlar foruma gatnaşyjylaryň ýokary hünär derejesini, olaryň kanuna, döwlete, adamlara hyzmat etmegiň belent ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezdi. Biz köp sanly täzeçil pikirleri we çemeleşmeleri, garaýyşlary we bahalary diňledik. Şolaryň kanun çykaryjylygyň nazaryýetini we tejribesini baýlaşdyrjakdygy, geljekki iş üçin oňat ugrukdyryja öwrüljekdigi şübhesizdir. 

                                                                   

Şu gezekki mejlis Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara gatnaşyklarynyň şu görnüşiniň peýdaly häsiýete, ägirt uly kuwwata eýedigini görkezdi diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Bu gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary örän giňdir we dürli-dürlüdir. Ol özüne içeri hem daşary syýasatyň meselelerini, sebit we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegi, ykdysadyýeti we söwdany, ulag, kommunikasiýa ulgamlaryny, energetikany, senagat taýdan ýakynlaşmagy, ekologiýany, Durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibini, medeniýeti, ylmy we bilimi hem-de beýleki birnäçe meseleleri birleşdirýär. 

                                                                   

Munuň özi häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzda parlament işiniň barha iş ýüzündäki wezipeleri çözmäge, döwletara hyzmatdaşlygyň anyk meýilnamalaryna ýardam bermäge gönükdirilendigini alamatlandyrýar. Şu görnüşdäki özara gatnaşyklaryň dürli taraplary şundadyr. 

                                                                   

Forumyň işi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň kanun çykaryjylarynyň täzeçe pikirlenýändiklerini, biziň döwletlerimiziň birek-birek üçin wajypdygyna we gerekdigine düşünýändigini, hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki kuwwatynyň uludygyna göz ýetirýändiklerini hem-de ondan netijeli peýdalanmaga ýardam bermäge taýýardyklaryny aýdyňlyk bilen görkezdi diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

                                                                   

Forum ýeňil bolmadyk döwürde geçirilýär. Dünýä entek pandemiýadan aýňalmady. Halkara ýagdaý çylşyrymlaşdy. Şu şertlerde Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlylygy aýratyn ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Munuň özi biziň bilelikde täze wehimlere üstünlikli garşy durup biljekdigimize, döwletlerimiziň syýasy ulgamlarynyň durnuklylygyny, olaryň ykdysady ösüşini, durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etjekdigimize ynamymyzy has-da artdyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dabaraly mejlisiň netijelerine ýokary baha berip, onuň netijeleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň beýan eden parlamentara gatnaşyklaryň täze görnüşiniň işiniň çuň manyly we guramaçylyk esaslaryny ösdürmek boýunça tekliplerine ünsi çekip, olary goldaýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk ediji hökmünde muny Aşgabat görnüşi diýip atlandyrmak mümkin hasaplaýaryn. Türkmen tarapy onuň hemişelik ornaşmagy baradaky meselä garamaga taýýardyr diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Şoňa görä-de, garşy bolmasaňyz, ýakyn wagtda ştab-kwartirasy Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşjek Aşgabat görnüşiniň Sekretariatyny döretmek baradaky teklip taýýarlanylar hem-de garamak üçin hödürleniler.  

                                                                   

Görkezilen teklipler goldanylan halatynda, kabul edilmegi göz öňünde tutulan Jemleýji resminamany — Aşgabat Jarnamasynyň taslamasynda degişli ýazgy ediler. 

                                                                   

Sözüniň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

 Dabaraly mejlis tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekýärler. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekýärler. 

                                                                   

Soňra parlamentara forumyň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň uly mejlisler zalynda sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Dabaraly ýagdaýda sahna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow çagyrylýar. 

                                                                   

Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýewe söz berilýär. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň uly dostudygyny, diňe bir öz Watanynda däl, eýsem, onuň daşynda hem şol sanda tutuş türki dünýäsinde uly abraýdan peýdalanýan ajaýyp döwlet we syýasy işgärdigini nygtady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan doganlyk döwletlerdir. Emele gelen taryhy umumylyk bilen birleşen halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi häzirki döwürde hemmetaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Eldar Allahýar ogly Guliýew Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Hormatly aksakgal” altyn ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul edendigini habar berdi. 

                                                                   

Bu orden ýokarda agzalan Geňeş tarapyndan ýurduň we daşary ýurtlaryň ajaýyp jemgyýetçilik-syýasy we döwlet işgärlerini, şol sanda Türki döwletleriň durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ösüşe, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşan ýokary wezipeli wekillerini sylaglamak maksady bilen döredildi. 

                                                                   

Myhman hoşniýetli goňşuçylygy, doganlyk türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmekde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren uly hyzmatlaryny belläp, ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Gahryman Arkadagymyza Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň iň ýokary sylagy bolan “Hormatly aksakgal” altyn ordenini we degişli şahadatnamany gowşurdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolandygyny belläp, Eldar Allahýar ogly Guliýew bu şanly waka mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Soňra “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnalynyň esaslandyryjysy we baş redaktory, “Dede Korkut” milli gaznasynyň başlygy Eldar Ismaýyl ogly Ismaýylowa söz berilýär. 

                                                                   

Myhmanyň belleýşi ýaly, Azerbaýjanda Bitarap Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli parahatçylyk dörediji işine ýokary baha berilýär we doly goldanylýar. 

                                                                   

Eldar Ismaýyl ogly Ismaýylow şeýle hem “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnalynyň baş redaktory bolmak bilen, öňden bäri bu neşiriň aýratyn sanyny biziň ýurdumyza bagyşlamak isleýändigini belledi. 

                                                                   

Myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de ählumumy parahatçylygy, netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşan ajaýyp goşandyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzy “Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin” milli baýrak hem-de “Ulu türk” altyn ordeni bilen sylaglamak barada karara gelnendigini habar berdi. 

                                                                   

Bular “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen “Dede Korkut” milli gaznasynyň ýokary sylaglarydyr. “Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin” atly milli baýrak ajaýyp şahsyýetlere, hakyky watançylara döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanan aýratyn üstünlikleri, işjeň döredijilik we parahatçylyk dörediji işi üçin gowşurylýar. “Ulu türk” altyn ordeni bilen türki dünýäsiniň görnükli syýasy işgärleri öz ýurtlaryny ösdürmekde aýratyn hyzmatlary üçin sylaglanýar. 

                                                                   

“Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnalynyň esaslandyryjysy we baş redaktory, “Dede Korkut” milli gaznasynyň başlygy Eldar Ismaýyl ogly Ismaýylow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin” milli baýragy hem-de “Ulu türk” altyn ordenini we degişli şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurýar we bu waka mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýokary sylaglaryň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk azerbaýjan halkynyň wekillerini Türkmenistanda mübärekleýändigine şatdygyny belledi we olara ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Azerbaýjan Türkmenistanyň Hazar deňzindäki hoşniýetli goňşusy bolmak bilen çäklenmeýär. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, binýatlaýyn gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýärler, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda medeniýetde, ylymda, bilimde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar kuwwatly itergä eýe boldy. 

                                                                   

Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy dünýä giňişliginde, BMG, ÝHHG, GDA, YHG, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly iri halkara hem-de sebit guramalarynda hem örän jogapkärli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Biz Azerbaýjanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa howpsuzlygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sebitdäki gapma-garşylyklaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ulgamlarynda kabul edilen kararnamalary yzygiderli goldaýandygy hem-de olaryň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris we ýokary baha berýäris. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bular barada aýdyp, azerbaýjan tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygyny aýratyn belledi. Biziň ýurtlarymyzyň şeýle oňyn garaýyşlary ählumumy durnuklylygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar, sebit işlerine oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Türkmenistan Azerbaýjan bilen toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge berk ygrarlydyr. Azerbaýjan biziň üçin doganlyk ýurtdur, doganlyk halkdyr we biz gatnaşyklarymyzy gyşarnyksyz, yzygiderli berkideris diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň dostuna, doganyna — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek barada yzygiderli alada edýändigi we uly üns berýändigi, bu işe ägirt uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, goňşy döwletiň Liderine we onuň üsti bilen Azerbaýjanyň ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

Dabaranyň dowamynda sahna Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý çagyryldy. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp döwlet we syýasy işgär, ömrüni Watanyna we halkyna hyzmat etmäge bagyşlan milli Lider, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşan oňyn başlangyçlaryň awtory hökmünde hemmelere meşhurdyr. 

                                                                   

Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyza ýüzlenip, Russiýada ony ýurduň dosty hökmünde tanaýandyklaryny we hormat-sarpa goýýandyklaryny belledi. Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow işiniň örän köpdügine garamazdan, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hem-de islendik döwletde möhüm demokratik institut hökmünde Parlamentara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine oňat düşünýär we bu gatnaşyklary, şol sanda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy goldap geldi. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna “Merkezi Aziýa — Russiýa” parlamentara forumyny geçirmek baradaky başlangyjy hem-de oňa ýokary derejede taýýarlyk görlendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Bu forum parlamentara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Bu format amala aşyryldy, ol örän çuň many-mazmunly geçdi hem-de “Aşgabat görnüşi” diýlip atlandyrylar diýip, Walentina Matwiýenko belledi we Gahryman Arkadagymyza bu teklibi goldandygy üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary parlamentarizmi ösdürmek we pugtalandyrmak işindäki hyzmatlary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işiniň hukuk esaslaryny ösdürmäge we kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklary hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminama okaldy. 

                                                                   

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “МПА СНГ. 30 лет” ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýokary sylagy kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, bu sylaga Türkmenistana we türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge goşandynyň ykrarnamasy hökmünde garaýandygyny belledi. 

                                                                   

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işi biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir, bu iş ony kanunçylyk taýdan goldamaga gönükdirilendir. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy öz işiniň 30 ýylynyň dowamynda abraýly we täsirli edara, dürli ulgamlarda köp sanly netijeli teklipleriň we taslamalaryň başyny başlaýjy gurama öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we onuň bu ornunyň geljekde hem berkidiljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, türkmen parlamentarileri GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirer, Arkalaşygyň ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen bilelikde döwletlerimiziň ösüşiniň bähbidine ýadawsyz zähmet çeker. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň adyndan we tabşyrygy boýunça oňa Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordenini gowşurmak hormatyna eýe bolandygyny habar berdi. Bu döwlet sylagy uly hormat-sarpanyň nyşany, onuň dostluk gatnaşyklaryny, özara düşünişmegini we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak işinde bitiren uly hyzmatlarynyň ykrarnamasy bolup durýar. 

                                                                   

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda Walentina Matwiýenkonyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy hökmünde ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn üns berýändigine ýokary baha berilýär. Köp babatda onuň bu ugurdaky işjeň we tutanýerli zähmeti netijesinde Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklary häzirki wagtda yzygiderli hem-de durnukly häsiýete eýe boldy, hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkeýär we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

                                                                   

Uly döwlet tejribesi, ýokary hünär ussatlygy, guramaçylyk zehini, ajaýyp adamkärçilik häsiýetleri Walentina Matwiýenko ýurdumyzda onuň kärdeşleriniň — türkmen parlamentarileriň arasynda uly hormat we abraý getirdi. Ol Türkmenistanyň uly dosty, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň berk tarapdary bolmak bilen bu asylly işe saldamly goşant goşup, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň, hoşniýetli goňşuçylygyň berkliginiň we mizemezliginiň, olaryň parahatçylygyň, ösüşiň we öňegidişligiň bähbidine bilelikde işlemek meýillidiginiň ýene-de bir nyşanyna öwrülendigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony bu sylag bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uly şahsy bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet hem-de jemgyýetçilik işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okaýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Permanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenkonyň Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglanylýandygy bellenilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordenini hem-de degişli şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurýar. 

                                                                   

Walentina Matwiýenko bu ýokary döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, munuň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Russiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, bu orden Russiýa Federasiýasynyň tutuş Federal Ýygnagyna, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin köp işleri edýän senatorlara, deputatlara berlen sylagdyr. Bu sylag diňe bir parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin däl, eýsem, ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk babatda şertleriň döredilendigi üçin gowşuryldy. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy däp bolan dost-doganlyk türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeň ilerletmek üçin has uly tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Şol gatnaşyklaryň geljegi bolsa uludyr. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işini plenar mejlislerde “Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk”, “Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe gitmegiň ynamly ýoly”, “Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” mowzuklary boýunça dowam etdirdi. 

                                                                   

Çykyşlarda bu köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň milli parlamentleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, däp bolan dostluk gatnaşyklaryny, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigi nygtaldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň göni parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, täze geljegi uly ugurlara çykmak arkaly olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmak meselelerinde jogapkärli we möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Munuň özi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşynda ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen tassyklanyldy. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň işiniň netijeleri onuň jemleýji mejlisinde jemlenildi hem-de kabul edilen jemleýji resminamada — Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we netijeli gatnaşyklar hem-de tejribe alyşmak üçin oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

                                                                   

Türkmen tarapynyň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylaryň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.