Täzelikler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçirilen on birinji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň baş maliýe resminamasyna we dürli ugurlara degişli kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan guralan maslahatlara, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 23-nji güýzki mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji çäresine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, halkara standartlar esasynda, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara auditor kompaniýalarynyň sanawyna girýän we tejribeli daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”, “Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek, onuň hyzmatlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň nebitli känlerinde hem-de meýdançalardaky guýularda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär. “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy we ol umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy. Munuň özi bu käniň geljeginiň uludygyny we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmakda örän ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere uglewodorod serişdelerine baý bolan nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamagyň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak babatda zerur çäreler görülýär. Suw hojalygy pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri netijeli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara görä ideg etmek, pagta meýdanlarynda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzda taýýarlyk işleri, hususan-da, şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany, onuň daş-töweregini bezemek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, Aşgabatda bezeg işlerini geçirmegiň, Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda bolsa «Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, Bitaraplyk binasynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Dekabr aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň, estrada, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe, şeýle-de beýleki wajyp çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bilim bermegiň hilini, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde mugallymlar we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary milli hem-de halkara tejribeler esasynda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlar, nesil terbiýesi baradaky taglymatlaryna, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek, okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary döwrebaplaşdyrmak, okuw işine häzirki zaman tehnologiýalaryny, emeli aňy ornaşdyrmak arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim babatda halkara şertnamalara laýyklykda, bilim işgärleriniň ýokary taýýarlygyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn resminamalar esasynda ulgamlaýyn alnyp barlyp, dürli ugurlar boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, bilelikdäki işleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Ösüş maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşleriniň nobatdaky mejlislerinde BMG-niň bu agentlikleriniň Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamalary tassyklanyldy. Bu orta möhletleýin resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, 2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen döwletimiziň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamalar we olar babatdaky degişli teklipler hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýadan gelip çykýan milli borçnamalary, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” ýerine ýetirmek, hususan-da, çagalar babatda milli kanunçylyk binýadyny, adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi, Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Şeýle-de çagalaryň we maşgalalaryň durmuş goraglylygyny berkitmek, mekdep ýaşyna çenli çagalaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, inklýuziw bilim syýasatyny, “Ýaşyl” mekdep maksatnamasyny ornaşdyrmak, bilim edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna ýardam bermek, çaganyň köptaraplaýyn ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyn ýyllar üçin iş meýilnamalary hödürlenildi. Bu resminamalar çagalar bilen bagly ýokary hilli statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek, hasabatlylygy kämilleşdirmek, köpölçegli klasterleýin syn bilen bagly hünär ýokarlandyryş çärelerini geçirmek, maglumatlardan milli derejede netijeli peýdalanmak, çagalar barada edilýän işleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat beriş çäreleri arkaly giňden beýan etmek üçin taýýarlanyldy. Şolaryň arasynda beýleki ugurdaş döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ÝUNISEF-niň wekilhanasy bilen 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary hem bar.

Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, bu ugurda toplumlaýyn işi kämilleşdirmek maksady bilen, Mejlis, Ýokary kazyýet, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu abraýly guramanyň ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýük we ýolagçy teplowozlaryny düýpli abatlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy we pudagyň üstaşyr ulag mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.11.2025
Suw diplomatiýasy — Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmek, şol sanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda wajyp daşary syýasy başlangyçlary öňe sürüp, olar bilen bagly ylmy çemeleşmä esaslanýan iň amatly çözgütleri hödürleýär.

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda suwy gymmatlyk hökmünde sarpalap, onuň her damjasyny altyn dänesine deňändigini bellemek gerek. Ata-babalarymyz suwy rejeli peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar, dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, ýörite howuzlary, jykyrlary gurupdyrlar. Pederlerimiziň suwa aýawly çemeleşmek ýaly asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, ony keramat derejesine ýetiripdirler.

Häzirki zaman dünýäsinde suw meselesi Ýer togalagynyň ekologik howpsuzlygy bilen berk bagly möhüm ählumumy meseleleriň biri bolmagynda galýar. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin suw serişdeleri has wajyp ähmiýete eýedir. Şunda suw we ekologiýa meselesiniň howa bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Bu babatda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy üns çekilmäge mynasypdyr.

Sebitde goňşy döwletler bilen suw boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasy, ykdysady, ekologik nukdaýnazardan örän möhümdir. Diňe Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek esasynda bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmek, sebitde durnukly ösüşiň we durnuklylygyň esasy ugurlarynyň biri bolan suw serişdelerini netijeli dolandyrmagyň nusgalaryny işläp düzmek mümkindir. Türkmenistan öz toplan baý tejribesini, döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, suw we ekologik meselelere hemişe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan çölleşmä garşy göreşmek ulgamynda yzygiderli işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmäge degişli teklipleri BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy sebit hem-de ählumumy derejede suw serişdelerini dolandyrmak meselesinde ünsi jemleýärler. Bu hyzmatdaşlyk halkara forumlara gatnaşmagy, suwy tygşytly ulanmak boýunça Hereketleriň milli meýilnamalaryny işläp düzmegi, suwdan rejeli peýdalanmak bilen bagly başlangyçlary goldamagy öz içine alýar. Bu ugurdaky maksatlar sebitara dialogy pugtalandyrmakdan, maýa goýumlary çekmekden, gurakçylyk we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek üçin tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugruny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de ony «Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy» diýip atlandyrdy. Bu maksatnamada Aral sebitinde ýagdaýy durnuklylaşdyrmak hem-de gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji we 2019-njy ýyllarda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň mysalydyr.

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şoňa görä, gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny, wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek teklip edildi. Bu işleri AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri esasynda alyp barmagyň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegi üçin täze, deňagramly çemeleşmeleriň işlenip düzülmeginde Watanymyzyň başlangyçly orny eýeleýändigini aýdyň görkezdi. “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljek nesil” diýen mowzukda guralan bu ýokary derejeli suw meselesini ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek arkaly bu ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Häzirki wagtda köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garalýan suw diplomatiýasy suw serişdeleriniň gözbaşlaryny döretmek hem-de täzeden dikeltmek, olaryň oýlanyşykly, rejeli sarp edilmegi bilen bagly meseleler boýunça ulgamlaýyn gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan suw dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgä berk eýerýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, suw serişdelerine elýeterlilik we olaryň netijeli dolandyrylmagy döwletleriň ösüşine, ykdysadyýetlerine, durmuş ulgamlaryna, abadançylygyna we ýaşaýşynyň hiline gönüden-göni baglydyr. Bitarap Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy hökmünde özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýar.

Suw hojalygy pudagynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. Bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Hazar deňzi Türkmenistanyň suw diplomatiýasynda möhüm orny eýeleýär. 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen III Hazar sammitinde Türkmenistan Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak babatda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp düzmek başlangyjyny öňe sürdi. IV Hazar sammitine çenli işlenip tamamlanylan bu resminama 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) gol çekildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen Maglumatda bu resminamanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde eden çykyşynda bu möhüm meselä ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr. Ol adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmek hem deňizde gözleg-halas ediş işlerini geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda gözleg we halas ediş işleri ulgamynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak zerurdyr. Bu başlangyja laýyklykda, türkmen hünärmenleri Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarladylar. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralaryna iberildi.

Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijesinde Hazar syýasatynyň umumy esasy ýörelgeleri işlenip düzüldi. Esasy resminama bolan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi. 2022-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde ähli gatnaşyjylar ekologiýa meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyklaryny berk tassykladylar. Bu bolsa Hazarýaka döwletler bilen BMG-niň arasynda işjeň we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek teklibini öňe sürdi.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda suw hojalygy pudagyna iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu pudagy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda suw howdanlary we suw saklaýjy desgalar guruldy. Bu bolsa suwuň bellenen ölçeglerde üznüksiz akymyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak boýunça giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu özboluşly suw howdanynyň — çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanda hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletli ekologik abadançylygy üpjün etmegiň üstünde netijeli işlemäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýyl Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan we Germaniýanyň öňdebaryjy «PSE» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary, nou-haulary bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň degişli desgasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar. Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde-de kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanmaga berildi.

Türkmenistan suw serişdelerini, serhetüsti suwlary rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, bu ulgamda umumy bähbitlere laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň serhetüsti suwlary hem-de halkara kölleri peýdalanmak we goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurda nobatdaky ädim boldy. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de bu ugurdaky beýleki halkara ylalaşyklaryň kadalaryny üýtgewsiz berjaý edýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy Bitaraplyk hukuk derejesiniň çäklerinde halkara hukugyň ýörelgelerine, özara bähbitlilige we ähli taraplaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmaga esaslanýar. Suw hojalygy pudagyna öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary we dünýäniň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän anyk çäreler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär.

(TDH)


Beýleki habarlar
28.11.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary

Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere geldi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä derejeli syýahatçylyk we dynç alyş şertlerini özünde jemleýän zolaga öwrüldi. Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden ykrar edilýär. Gaznanyň şahamçasynyň ýerleşmegi teklip edilýän binany oňlap, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen şertler we şahamçanyň netijeli işini ýola goýmakda möhüm ähmiýeti bolan mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde öňde durýan wezipeleri kesgitlemek, täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iş alyp barjak hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirer hem-de gaznanyň işini köptaraply esasda alyp barmaga mümkinçilik döreder. Şunda bu işleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmeginde ähmiýetlidigine üns çekildi.

Häzirki döwürde haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän düzüme öwrüldi. Munuň özi ýaş nesilleriň sagdyn ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Soňky ýyllarda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalaryň saglygy dikeldildi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine höwesli bolmaklary ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda olaryň saglygyny bejermek işiniň bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrylmagyna zerur üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamakda oňyn tejribe toplandygynyň güwäsidir.

Soňra Milli Liderimiz “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatyň geçiriljek ýerine geldi. Güýz paslynyň ahyrky günlerinde Awazanyň çäginde bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýan ajaýyp görnüşler emele gelipdir. Halkara forumyň geçiriljek binasynyň taýýarlyk derejesi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadançylygy Awazanyň gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn orna mynasyp bolan taryhy wakalara beslenýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny we şu mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek meselelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz halkara çäreleriň guramaçylyk derejesinde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Soňra binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpany şöhlelendirýän gymmatlyklar we maglumatlar görkezilmelidir.

“Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Hazaryň kenarynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatyň geçirilmegi we oňa gatnaşmaga isleg bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara düzümleriň wekilçilik derejesi ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan hormatyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň anyk delilidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň jemini jemläp, Hökümet agzalarynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiziň günbatar sebite iş saparynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen bu topara türkmen halkynyň Milli Lideri ýolbaşçylyk edýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny alamatlandyrýan iri çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şoňa görä, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, paýtagtymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine aýratyn üns çekildi.

Şunda Awazada zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna we olaryň ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan goşandyna bagyşlanan halkara maslahatyň, onuň çäklerinde guraljak serginiň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Olarda zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň dünýä medeniýetine goşan goşantlary, halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklary öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada dörediljek şahamçasynyň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Munuň özi gaznanyň ynsanperwer işiniň geriminiň has-da giňemegini şertlendirer. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz gaznanyň işini kämilleşdirmek barada öz maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäreleriniň üstüni ýetirjek halkara maslahatlardyr duşuşyklaryň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamakda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalary zerurdyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny belläp, ähli çäreleriň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirip, hemmelere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

25.11.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi giň möçberli halkara çäreleriň talabalaýyk guralmagynda, olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.

...Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Säheriň hoştap howaly çaglarynda bu künjegiň gözelligi ynsan ruhuna oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyz şäheriň abadançylygyna, bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini belläp, meýilleşdirilen halkara çärelerde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerleriň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gök zolaklar talabalaýyk bolmalydyr we alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidir.

Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini, bu ýere ildeşlerimiziň we şäheriň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine bolan milli buýsanjynyň aýdyň nyşanydyr. Milli Liderimiz Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk derejede taýýarlanylmalydygyny nygtady. Ähli çäreler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň ugurlaryna doly laýyk gelmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ak mermerli Aşgabat halkara giňişlikde gözelligiň hem-de geljegiň şäheri hökmünde ykrar edilýär. Milli binagärligiň iň gowy däplerini, häzirki zamanyň öňdebaryjy şähergurluşyk tejribelerini özünde jemleýän dürli maksatly desgalar ýokary derejedäki durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze keşbini emele getirýär. Aşgabadyň çäklerinde bina edilen döwrebap desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Diýarymyzda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýeri gelende aýtsak, Aşgabat ak mermer örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde dünýäde ykrar edildi.

Häzirki döwürde paýtagtymyz sebitiň innowasion, ylym-bilim, medeniýet we senagat merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Onuň nurana ýollary, abadançylyk, ekologik derejesi Aşgabadyň halkara giňişlikdäki abraýyny belende göterýär. Şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara forumlaryň, sergileriň we giň möçberli çäreleriň yzygiderli guralýan mekanyna öwrülmegi guwandyryjydyr. Munuň özi Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak mermerli Aşgabada dünýä derejesinde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň güwäsidir. Bu ýerden hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary Ýer ýüzüne ýaýylyp, Aşgabadyň dost-doganlyk, ylalaşdyryjylyk merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda dowam etdirmek, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek barada maslahatlaryny berdi.

Şäheriň ösüşinde paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şol bir wagtyň özünde ak mermerli Aşgabadyň halkara giňişlikde wasp edilmegi ugrunda maksatnama taýýarlanylyp, onuň ýerine ýetirilişine ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şunda halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, myhmanlara milli myhmansöýerlik däpleri esasyndaky hyzmatlary hödürlemek babatda hemme zerur şertler döredilmelidir. Şeýle-de guralýan hyzmatlar myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidir. Munuň özi gelýän myhmanlarda mähriban Watanymyz we zähmetsöýer türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolar diýip, Milli Liderimiz nygtady we degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ugrunda dag çeşmeleriniň suwundan emele gelen suw howdanynyň deňinde saklandy. “Bitaraplyk» suw howdany” diýlip atlandyrylan bu howdan paýtagtymyzyň ak mermerli binalary bilen sazlaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Sahawatly topragyň berekedine bereket goşýan suwuň ähmiýeti barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň rejeli ulanylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şoňa görä, degişli ýolbaşçylara suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, sil suw akabalaryny kadaly ulanmak babatda maslahatlar berildi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisde garaljak meseleler barada aýdyp, forumyň we onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda çäreleriň medeni maksatnamasynyň baý many-mazmuna eýe bolmagyna zerur üns berilmelidir. Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň söwda merkezlerinde dürli görnüşli önümleriň, baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagynyň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz çärelere bagyşlanan giň möçberli sergä we halkara foruma gatnaşyjylara myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän hyzmatlaryň hödürlenilmelidigini belledi.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp baryp, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz halkara çäräni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işlere mynasyp goşant goşulmalydygyny aýdyp, olara meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlyk derejesine hemmetaraplaýyn üns berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde forumyň geçirilýän wagtynda myhmanhanalarda, çäräniň geçiriljek ýerlerinde ýokary derejeli aragatnaşyk we internet ulgamynyň mümkinçilikleri elýeterli bolmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny äleme äşgär edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, hemme döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, şanly senäniň hormatyna guraljak halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap döwletimiziň at-abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz halkara çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, “Myhman ataňdan uly”, “Gelen — döwlet” diýen paýhasly jümleleri esasy ugur edinýän türkmen myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini dünýä ýaýmak babatda alyp barýan işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.

Mejlise gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

24.11.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

AŞGABAT, 22-nji noýabr (TDH). Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, Diýarymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu kanunçylyk taslamasy taýýarlanylanda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gelip gowşan teklipler öwrenilip, ol milli parlamentiň ähli komitetlerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda giňden seljerildi.

Ýurduň esasy maliýe resminamasy iri möçberli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri amala aşyrmagyň özboluşly ýyllyk ýol görkezijisi bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasata laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlary, ulag-aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty ýaly binýatlaýyn pudaklary depginli ösdürmek göz öňünde tutulýar. Tassyklanylan durmuş-ykdysady strategiýa görä, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde iri taslamalaryň, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, ulag-aragatnaşyk, önümçilik düzümleriniň täze desgalarynyň gurulmagyna, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylymda, tehnikada soňky gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagyna iri möçberli serişdeler bölünip berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtaýşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet býujeti bolsa ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary arkaly beýan edilýän durmuş maksatly syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň esasy maliýe resminamasynda serişdeleriň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge niýetlenendir. Şeýlelikde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary ölçeglere ýetirmegi baş maksat edinýän ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ugruna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdiriler. Şoňa görä, parlamentariler çykyşlarynda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna täze iş orunlaryny döretmegiň, adamlaryň zähmetiniň netijeliligini, ýaşaýyş dowamlylygyny, bilim derejesini, intellektual, medeni mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, raýatlaryň goraglylygyny üpjün etmegiň durmuş ugurly syýasatyň geljek ýyldaky esasy maksatlary bolmagynda galjakdygyny nygtadylar.

Milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, 2026-njy ýylda telekeçiligi goldamak babatda-da çäreler meýilleşdirildi. Şunda ýurdumyzda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna, içerki bazarda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle-de bank we salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde bellenen meýilnamalary amala aşyrmak üçin goşmaça maliýe çeşmelerini ýüze çykarmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Deputatlar “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Oýlanyşykly hasaplamalara esaslanýan, döwletiň we jemgyýetiň serişde mümkinçiliklerine daýanýan esasy maliýe-hukuk resminamasy täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tiz wagtda ýetmäge hyzmat eder. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun ýurdumyzda wirtual aktiwleriň döredilmeginde, saklanylyşynda, ýerleşdirilmeginde, ulanylyşynda we dolanyşygynda döreýän gatnaşyklary kadalaşdyryp, olaryň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitlär. “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň döredilmeginde hem-de peýdalanylmagynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Ol ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukuk goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Deputatlar 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem seretdiler.

Maslahatyň dowamynda “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde kabul edilen halkara şertnama bolup durýan bu Konwensiýa gatnaşyjy ýurtlaryň raýatlaryna we olaryň çäklerinde ýaşaýan beýleki adamlara deň hukuk kömegini hem-de şahsy we eýeçilik hukuklarynyň goraglylygyny üpjün edýär. Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek bu möhüm resminamalaryň tassyklanylmagy Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge berk ygrarlydygynyň güwäsidir.

Deputatlar “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna hem seretdiler.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde, hojalyk iş maslahatynda şanly senä bagyşlanyp guraljak halkara forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli möhüm çäreler barada pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler kesgitlenildi.

Milli parlamentiň deputatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda, giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmekde, olary wagyz etmekde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

24.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň 22-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, oňyn halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň nobatdaky maslahatyna we 59-njy plenar mejlisine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde guralan sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu resminama ýurdumyzda sanly aktiwleriň bazarynyň ygtybarly esasda hereket etmegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutup, bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, olaryň möhletlerini, jogapkär edaralary belleýär. “Ýol kartasynda” halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, synag taslamalaryny geçirmek ýaly ugurlar kesgitlenilýär. Mundan başga-da, taslamada kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we degişli ugurlarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli kärhanalarda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň hem-de ony daşarky bazarlara ygtybarly ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, Lebap welaýatynda şaly hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant şugundyryny kabul edip almak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär. Möwsümiň dowamynda saýaly, pürli we miweli bag nahallaryny ekmek, olara ideg etmek, döredilen tokaý zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işler geçirilýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň özi zawodyň önümçiliginiň has-da ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň netijeli işlemegini gazanmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek üçin ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri üstünlikli dowam etdirildi. Hususan-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda degişli işler geçirildi.

Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda bilim alýandyklaryny aýtdy hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýakyn goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlandygy bellenildi. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Munuň özi halkara ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Mejlisde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşyklar barada-da aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti tarapyndan guralan maslahatlara gatnaşdylar, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 151-nji Assambleýasyna we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde guralan çärä gatnaşmak üçin iş saparlary amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli taýýarlyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasylyň talabalaýyk saklanylmagyna, gaýtadan işlenilmegine berk gözegçilik etmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň şaýollaryny, köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. “Özbegistan Respublikasy biziň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler awtomobil ulag serişdelerinde işleriň guralyşyny kämilleşdirmäge, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulaglary pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady hem-de awtomobil ulagynda ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işini kämilleşdirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, topraga aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň babadaýhanlaryny gazanan zähmet üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimize welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň şalyçy babadaýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlap, olara işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Sebitde bugdaý ekişi doly geçirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. 2026-njy ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagat üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap welaýatynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Sebitlerde pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iýmiň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.11.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaljakdygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäresi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýändigini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň ýokary derejede, giňden belleniljekdigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreleriň guralandygyny belläp, ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigine ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda çagalaryň we ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu ýyl gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli halkara maslahat hem ýokary derejede geçirildi. Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürildi. Bularyň ählisi biziň maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, bilim bermek bilen bagly işlerde halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ilerledýändigimizi tassyklaýar. Munuň özi berkarar döwletimizde her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir diýip, Milli Liderimiz nygtady. Mätäje ýardam we goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Şeýle ynsanperwer işler geçmiş taryhymyzdan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden ugur alýar.

Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, amala aşyrylan bejeriş işleri, bu düzümiň halkara hyzmatdaşlygy, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary, onuň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleleriň mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar barada çykyş etmek üçin gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi.

R.Bazarow täze taryhy döwürde ýurdumyzda ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde çagalaryň sagdyn, sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Ol gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alnyp barylýan işleriň ýyl-ýyldan giň gerime eýe bolýandygyny, hasabat döwründe-de köp sanly sahawatly işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Bu bolsa saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

R.Bazarow gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi. “Gaznanyň esaslandyryjylary bilen bagly Tertipnama girizilen goşmaçalar haýyr-sahawat işini has-da özgertmekde, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli bolar” diýip, R.Bazarow sözüni jemledi.

Hormatly Arkadagymyz gazna tarapyndan alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Soňra Milli Liderimiz haýyr-sahawat düzümi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilişi barada çykyş etmek üçin gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.

O.Atabaýewa gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky çäreleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde saklanýar. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy. Şunda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşikde mümkinçiligi çäkli çagalaryň hem baýrakly orunlary eýeländiklerini, Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine girýän çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň bardygyny bellemek gerek.

Hasabatyň dowamynda şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň geçirilendigi, oňa dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan we halkara guramalardan wekilleriň gatnaşandygy barada aýdyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýändigini aýtdy. Dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Şeýle hem gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň internet saýtlarynda ýerleşdirilýändigine ünsi çekip, O.Atabaýewa bu düzümiň işine döwlet tarapyndan ýakyndan ýardam berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Mejlisde gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada çykyş etmek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.

M.Hojamberdiýewa häzirki döwürde Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyna” we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, çaganyň ýaşamaga, ösmäge, saglygyny goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek, olar üçin ýola goýulýan hyzmatlary, berilýän goldawy halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, gaznanyň işini düzgünleşdirýän kadany has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna täzeden seredilip, onuň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Onda gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi, berk dolandyryş binýadyny pugtalandyrmak bilen, oňa täze Esaslandyryjylaryň girizilmeginiň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň kesgitlenilmegi bilen bagly kadalar goşuldy. M.Hojamberdiýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi. “Ýokarda beýan edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň Karary bilen resmileşdirilýär” diýlip taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň taslamasynda gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz öňünde tutup, onuň gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek.

Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa söz berdi.

Ý.Çernowa şu ýylyň başyndan bäri gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy we serişdeleriň anyk hasabyny ýöretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gelen ýüztutmalar esasynda ýurdumyzyň kömege mätäç çagalaryna ynsanperwerlik goldawy berilýär. Şol bir wagtyň özünde bu düzüm tarapyndan daşary ýurtlaryň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna degişli kömekler ugradylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy baradaky anyk maglumatlaryň bolmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi onuň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Arkadagymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde ynsanperwer däplere eýerilip, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler hakynda aýratyn alada edilýändigini, döwletimiziň bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň bilimli, Watana wepaly bolup ýetişmegi, özlerini agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, sahawatlylyk däplerini dowam etdirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda çagalaryň hiç biriniň hossarsyz däldigini, olaryň arkasynda dag ýaly döwletiň durandygyny aýdyp, mundan beýläk-de çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleriň dörediljekdigini, geljek nesillere hemişe goldaw we hemaýat beriljekdigini tassyklady. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Türkmen halky goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşap, şatlygyny hem, gynanjyny hem onuň bilen paýlaşypdyr. Halkymyz kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň goňşusyna goýýan sylag-hormatyndan, ynsanperwer däplerinden nyşandyr. Ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegi berler. Şoňa görä, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi.

Ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. “Biz mundan beýläk-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýaly mukaddes däp-dessurlaryny dowam etdireris” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemledi. Milli Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gaznanyň wise-prezidentleri häzirki döwürde alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hususan-da, bu düzümiň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.

Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, halkymyzyň asylly däplerine eýerip, goňşy ýurtlara doganlyk golunyň uzadylmalydygyna üns çekildi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Owganystanyň pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna, çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermek meselelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Munuň özi gaýragoýulmasyz kömek bolmak bilen, ejir çeken ilata berilýän goldawyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden täze şäheriň “Arkadag” seýilgähine tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, “Arkadag” seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman Arkadagymyza hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagalla edilýär.

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Gahryman Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna, olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini belledi. “Halkymyzyň dünýä nusgalyk gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, adamlaryň hemişelik hemrasy bolan alabaýlar, türkmen halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ynsan gylykly arwana düýeleri milli buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

06.11.2025
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda durnukly ösüşi gazanmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasat aýdyň beýanyny tapdy.

31-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri durnukly ösüş häsiýetine eýe boldy. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,7 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary hödürlenildi. Döwlet býujetiniň taslamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň pudaklaryny, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge maýa goýumlaryň gönükdirilmegi meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu resminamanyň möhüm ähmiýetini nygtap, Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakynda degişli hata gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemläp, onuň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belledi. Ykdysadyýetiň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginine kanagatlanma bildirdi. Şunuň bilen birlikde, nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklary dowam edýär.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşinde we üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde täze tapgyryň açylýandygyny alamatlandyran dabaraly çärelere gatnaşdy. Türkmenbaşy etrabynyň çäginde karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna girişilmegi, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagy mynasybetli dabaralar şolaryň hataryndadyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilen dabarada çykyş edip, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler barada durup geçdi hem-de olaryň ýurdumyzy senagatlaşdyrmakdaky, üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini belledi. Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň sanly ulgam arkaly geçirilen açylyş dabarasynda bu desganyň ilatyň arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitjekdigi nygtaldy. Çünki adamyň saglygy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygydyr. Bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr deňiz suwuny arassalaýan desga 8 gektar çäkde ýerleşip, onda Ýewropanyň iň döwrebap, ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap suw desgalary gurlup ulanmaga berilýär.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň çäklerindäki bu taslama türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly, iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir. Ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde gurlan köpri goňşy döwletleriň arasynda söwda we haryt dolanyşygyny giňeltmäge, ýük daşalyşyny, ýolagçy gatnadylyşyny artdyrmaga hem ýardam eder.

Täze awtomobil ugry Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyk-taslama işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine ýardam berer.

Jemi uzynlygy 207 kilometre barabar boljak döwrebap awtomobil ýoly 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre ýeter. Bir sagatda 580, 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany awtoulaga hyzmat etjek ýoluň ugrunda 8 sany awtobus duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýolunyň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýol-ulag desgalary halkara ulag geçelgeleriniň wajyp bölegi bolar. Köpri we awtomobil ýoly ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam bermek bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük dolanyşygynyň artmagyny şertlendirer.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän toplum ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşar. Uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýan toplumyň gurluşygy Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» we Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň tehnologiýasydyr tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň «Topsoe» kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid önümçiligi Germaniýanyň «ThyssenKrupp», kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Döwrebap toplum bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndürmäge niýetlenip, ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler.

Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdeleri ýokary derejede peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Hususan-da, täze toplumyň taýýar önümlerini eksport ýollary arkaly daşamak üçin Gyýanly gämi duralgasyny abatlamak, bar bolan demir ýoly täze topluma çenli uzaltmak, bu toplumy Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Täze kärhanada müňden gowrak iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olar işlemek üçin ähli zerur şertler bilen üpjün ediler.

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki taslamalar, dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda, energetika we himiýa senagaty pudaklarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň strategik mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem kabul etdi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, türkmen-türk hyzmatdaşlygy birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýä we şol ýerden beýleki ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiliginiň dörejekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen karbamid öndürýän toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly, Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi bilen, ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.

Geçen hepdede Balkan welaýatynyň edermen daýhanlarynyň «ak altynyň» bereketli hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada hoş habar gelip gowuşdy. Sebitiň ekerançylary nobatdaky zähmet üstünligini döwletimiz tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawlaryň netijesinde gazandylar. Zähmetkeş daýhanlar mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary bilen üpjün edilýär. Ýetişdirilen hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ägirt uly ykdysady kuwwatyna, ylmy-tehniki ösüşine, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga, halkymyzyň döredijilik kuwwatyna we maksada okgunlylygyna daýanmak bilen, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

(TDH)

05.11.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň bilimini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli bähbitlerimizi ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanmaga berlen döwrebap toplumlar, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, raýatlaryň hukuk düşünjesini ýokarlandyrmak, ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmagyň, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelýändigine gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň, gullugyň işine ösen dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda guralýan çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi we gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.

Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy guramaçylykly geçirildi.

Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri barada-da maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra wise-premýer şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,7 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz baglydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyna ünsi çekdi. Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 101,8 göterim amal edildi. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 128,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 254,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edildi. Degişli meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 113,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 106,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,7 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 100,1 göterime ýetdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,4 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça edilen işleriň möçberi 109 million manada deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, elektrik energiýasyny öndürmekde zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek barada tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Hasabat döwründe Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.

Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasynyň hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyna gabat gelmegi hem-de bu möhüm çärä döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy türkmen-italýan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini we taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan dostlugyň barha berkäp, täzeden galkynýandygyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini aýtdy we medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Medeniýet günlerini, festiwallary geçirmäge-de aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy innowasion usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. Şeýle hem halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň, ders bäsleşikleriniň ençemesi geçirildi. Mekdep okuwçylary, talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp boldular.

Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Oktýabr aýynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýi, Mary welaýatynda 300 orunlyk inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, şeýle-de küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirip durmagy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli çäreler görüldi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Owganystana saparlary boldy.

Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenistanda saparda boldular.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin şu ýylyň sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy.

Sebitara we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlary we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 492-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 356-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 179 sany resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Nepaldaky, Kipr Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky, Monako Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa Respublikasyndaky, Efiopiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen Waşington şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. “Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 100,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 105 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň hem-de ony giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle hem häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

01.11.2025