Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahata gatnaşdy

11.12.2021. Şu gün paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irden halkara forumyň geçirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar we milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny we öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aňladýan bu gezekki forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine we onuň dowamynda tutuş adamzat üçin bähbitli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Taryhda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alanyňda, onuň iň täze taryhyň möhüm seneleriniň biridigi gürrüňsizdir. Bu hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna belent hormat-sarpa hem-de örän ýokary baha boldy.

Garaşsyz Türkmenistan bildirilýän çäksiz ynama eýe bolup, ähli syýasy-diplomatik we ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmak bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny doly güýjünde amala aşyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz Aşgabat işjeň halkara durmuşyň dünýä derejeli merkezi, iri wekilçilikli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Bu hem Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ine, bu gün hem şanly waka mynasybetli Maslahatlar merkeziniň giň zalyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Aşgabada çagyrylan belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary we beýlekiler bar.

Maslahata gatnaşyjylaryň düzüminiň şeýle köp sanly hem-de wekilçilikli bolmagy Garaşsyz Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň hem-de dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin netijeli gural hökmünde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ägirt uly mümkinçiliginiň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir tassyklanmasydyr.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar, uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Dabaraly ýagdaýda halkara forum açyk diýlip yglan edilýär.

Döwlet Baştutanymyza söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň dabaraly mejlisine gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, hemmelere foruma gatnaşýandygy hem-de köpugurly dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tekliplerini we pikirlerini alyşmaga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de sebit we dünýä derejelerinde birnäçe möhüm halkara çäreler — maslahatlar, köptaraplaýyn forumlar we söhbetdeşlikler, okuw maslahatlary we sapaklary geçirildi. Bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň agzalary, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, tanymal syýasatşynaslar, diplomatlar, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörişine öwrülen şol çäreleriň halkara gatnaşyklarda we häzirki zamanyň möhüm soraglarynda çözgütleri tapmakda ähmiýetiniň örän uly bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biziň bu günki maslahatymyz hem Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu halkara maslahatyň çäklerinde biz milli we umumadamzat bähbitli birnäçe soraglaryň üstünde durup geçeris hem-de olar barada pikir alşarys. Şeýle hem ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrmaly wezipelerimizi kesgitläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada biragyzdan Kararnama kabul etdi.

Şu başlangyjy öňe sürmek bilen, biz Birleşen Milletler Guramasynyň abraýy netijesinde goldanan köptaraplaýyn ylalaşygyň ykrar edilen şeýle görnüşi giň dünýä jemgyýetçiligini, syýasatşynaslary, diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, çözgütleri kabul edýän adamlary häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan äşgär meýillere giňden çekmek mümkinçiligine öwrüler diýip hasap etdik. Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, soňky döwürde düýpli üýtgedi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde dünýäde harby-strategik bäsdeşligiň ýitileşýändigini, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňelýändigini we güýçlenýändigini biziň ählimiz aýdyň görýäris. Şonuň netijesinde dünýädäki wakalar öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählumumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyrýar. Deňsizlige we garyplyga garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda, bosgunlara hem-de migrantlara kömek bermekde köp soraglary döredýär. Şeýle hem adamzadyň öňünde durýan ençeme beýleki düýpli soraglary çözmekde köp kynçylyklary ýüze çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek, özara gatnaşyklar medeniýetini ykrar etmek, biziň pikirimizçe, emele gelen ýagdaýy düzetmäge we netijeli ugra gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş edenimizde, biz hut şu wezipelerden ugur aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hakykatda bolsa bu başlangyç möçberine, syýasy gurluşyna, ykdysady we harby kuwwatyna garamazdan, ähli döwletlere gönükdirilen ýüzlenmä öwrüldi. Dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçilik duýmaga uly itergi berdi.

Ol dawalaryň we ylalaşyksyzlygyň güýjemeginiň öňüni almaga, dünýädäki häzirki ýagdaýy paýhasly seljermäge şert döretdi. Taryhyň we geljegiň nukdaýnazaryndan, täzeden oýlanmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

Bu çagyryş dünýäde uly seslenme döretdi. Sebäbi, ozaly bilen, parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň örän uly ählumumy ähmiýeti bardyr. Bu taglymat hemişe zerurdyr we netijelidir. Özi hem ol ählumumy ösüşiň we öňe gitmegiň wagtlaýyn däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär.

Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, biziň pikirimizçe, giň dünýägaraýyşlary hem-de ynsanperwer pikirleri we wezipeleri aňladyp, uly goldawa, oňyn seslenmä eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu döwürde Türkmenistanda ençeme iri halkara çäreler — maslahatlar, seminarlar, «tegelek stollar», maglumat pikir alyşmalary geçirildi. Bu çärelere dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet wekilleri, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, belli syýasatşynaslar, diplomatlar, işewürler, bilermenlerdir žurnalistler gatnaşdylar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda toplanan baý tejribäniň sebit meseleleri çözülende, häzirki döwrüň esasy soraglary boýunça halkara gatnaşyklarda we umumy garaýyşlar işlenip düzülende peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen çäreler daşary syýasat hem-de hukuk ulgamynda nazary düşünjeleri ösdürmäge we barlaglary geçirmäge uly itergi berdi. Milli diplomatik mekdepleriňdir däpleriň mümkinçiliklerini baýlaşdyrdy. Halkara gatnaşyklar babatdaky binýatlyk esaslara täze garaýyşlary girizdi.

Esasy zat bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bütin dünýäde oňyn seslenme döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň wagt we ýagdaý bilen hiç wagt çäklendirilmedik gün tertibine bu düşünjeleri girizmekde möhüm hem-de täsirli gurala öwrüldi. Bu üstünliklere biziň ählimiz kanuny esasda buýsanyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň dilleriniň birinde, ýagny rus dilinde maslahaty dowam etdirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze wehimler we howplar bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň dikeldilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda men dünýä howp salan koronawirus pandemiýasyny göz öňünde tutýaryn. Hut ynamyň ýetmezçiligi, aýratyn hem birinji tapgyrda, bu howpa netijesiz halkara jogabyň, gaýragoýulmasyz köpçülikleýin çäreleriň görülmeginiň zerurlygynda özara düşünişmegiň ýokdugynyň sebäbine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu şertlerde jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-de pandemiýa garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ugurlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Ynanyşmak, özara düşünişmek halkara maliýe-ykdysady giňişlikde häzirki çökgünlik ýagdaýlaryndan çykmak bilen baglylykda, ykdysady, söwda, ulag, maýa goýum gatnaşyklaryny dikeltmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna bu işde esasy orunlaryň birini eýelemegi teklip edip, Baş Assambleýada agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan Kararnamalaryň taslamalaryny öňe sürendigini belledi. Hususan-da, munuň özi ulag we energetika ulgamlarynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir.

Häzirki döwürde netijeli ykdysadyýetiň ynanyşmagyň esasynda guralýandygyna ynanýarys. Işewür çaklamada ynanyşmagyň, ynamyň bar ýerine maýa goýumlar hem gelýär. Ynanyşmak ýok bolsa, maýa goýumlar bu zolaklardan sowlup geçýär, kooperasiýa, işewür gatnaşyklar ýitirilýär, ykdysady ösüşde durgunlyk bolup geçýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, gatnaşyklara açyklyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyna — hemişelik Bitaraplygyna sazlaşykly mahsusdyr. Biz ertir Bitaraplygyň halkara ykrarnamasynyň 26 ýyllygyny belläris. Elbetde, şu günki halkara maslahatyň bu möhüm waka gabatlanylmagynyň çuňňur manysy bardyr, biz ony köp sanly pikirdeşlerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde garşylaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna biz giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň şerti hökmünde garaýarys. Biz öz Bitaraplygymyzy ählumumy ösüşiň we öňegidişligiň, BMG-niň maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksadynda amala aşyrýandygymyzy buýsanç bilen aýdýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine berk daýanýan türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy barada aýdyp, hut Bitaraplygyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýändigini, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, onuň birnäçe Kararnamalary, şol sanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda mazmuny we maksady boýunça ýakyn bolan Kararnamalary biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul etmegi Bitaraplygyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy möhüm görkezijidir. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agza döwletleriň ählisine biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Sekretariatynyň netijeli işini belledi.

Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwrüň dünýä bileleşiginiň durmuşyndaky syýasy medeniýet — bu netijeli, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esasyndaky gatnaşyklara taýýarlyk we ukyplylykdyr diýip belledi. Şeýle gatnaşyklaryň ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz.

Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrardym diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we hemmeleri onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirlenmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hemmelere parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly mejlisi dowam edip, çykyş etmek üçin parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary wezipeli myhmanlaryna söz berdi.

Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä söz berildi.

Belent mertebeli myhman myhmansöýerlik we forumyň ýokary derejede guralandygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol syýasat häzirki döwür üçin has durnukly geljegi gazanmakda esasy şert bolup durýar.

Geçen ýyllarda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesini açyklyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetlilik ruhunda ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň baş ýörelgesi hökmünde kesgitläp, özüniň oýlanyşykly daşary syýasat doktrinasyny kemala getirdi.

H.Noziriniň pikirine görä, geografik, taryhy we medeni taýdan gelip çykyşyň anyk ýagdaýlary, türkmen halkynyň milli häsiýeti hem-de onuň özara hormat goýmak we bilelikde parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine esaslanan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlylygy Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty üçin ylham çeşmesi boldy.

YHG-nyň Baş sekretary hemişelik Bitaraplyk derejesi baş ýörelge bolup çykyş edýän bu syýasatyň Ýer ýüzüniň hemme döwletleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrandygyny nygtady. Bitaraplyk ählumumy meseleleri diňe parahatçylykly serişdeler arkaly çözmekde özüni möhüm hem-de netijeli gural hökmünde görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ilkinjileriň biri bolup goldan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyna örän uly ähmiýet berýär.

Biz bu ýere häzirki döwürde parahatçylyga, durnuklylyga we ykdysady ösüşe uly howp döredýän çynlakaý wehim bilen ýüzbe-ýüz bolýan sebitimiz üçin çylşyrymly döwürde ýygnandyk. Globallaşma şertlerinde ýüze çykýan ähli gapma-garşylyklar hem-de meseleler, köpçülikleýin ylalaşykly jogapkärçiligi talap edýär, çünki bu meseleler diňe ýakyn hyzmatdaşlyk we umumy tagallalar arkaly çözüp bilner diýip, YHG-nyň Baş sekretary nygtady.

YHG parahatçylyk bilen durnukly ösüşiň arasyndaky berk özara baglanyşygy ykrar edýär hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň ykdysady ösüşiň hakyky maksatlaryny amala aşyrmak, ýurtlaryň we sebitiň halklarynyň abadançylygy üçin zerur şert bolup durýandygyna pugta ynam bildirýändigini beýan edýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň YHG-nyň hyzmatdaşlyk etmek nusgasy bilen sazlaşykda, köpçülik bolup sebitleýin durmuş-ykdysady rowaçlygy we gülläp ösüşi gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini aýdyp, ýokary wezipeli myhman Türkmenistany ýakynda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli guralandygy bilen gutlady hem-de munuň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini we durnukly ösüşi hem-de rowaçlygy gazanmak üçin YHG-nyň howandarlygynda sebitleýin hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýändigini aýan edýändigini belledi.

Sammitde kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy sebit durnuklylygyna hem-de YHG sebitinde durmuş-ykdysady ösüşiň we rowaçlygyň esasy maksatlaryna ýetmäge ýoly hödürleýär.

Sözüniň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary sebitleýin ösüşiň umumy maksadyna ýetmekde YHG-ny hemişe goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirdi hem-de şu forumda beýan edilen başlangyçlaryň we teklipleriň soňky döwürde ýüze çykýan meseleler babatda ählumumy we sebitleýin durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde onuň ägirt uly şahsy goşandyny nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Husraw Nozirä we onuň üsti bilen Sekretariatyň ähli işgärlerine şu ýyl Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk eden döwründe, 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmeginde berlen goldaw we ýardam üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijeleriniň hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen uzak möhletli resminamanyň — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň guramanyň kuwwatyny we mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, YHG-a agza ýurtlar tarapyndan bellenen maksatlara ýetmek hem-de wezipeleri çözmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz mazmunly çykyşy üçin myhmana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew çykyş edip, maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de gün tertibine möhüm meseleler girizilen forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelýän çylşyrymly ýagdaý düýpli oýlanyşmagy hem-de has netijeli hereket etmegi talap edýän köp sanly möhüm meseleleri ýüze çykarýar. Şunda türkmen Bitaraplygy olary çözmekde özüniň ukyplylygyny görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanylan hem-de halkara bileleşigiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Geçen 26 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygy sebit we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň kemala gelmegine ýardam etdi we beýleki döwletlere görelde boldy. Häzirki wagtda bu dereje Türkmenistanyň özüniň ösüşi üçin hem, tutuş sebit üçin hem amatly şertleriň döredilmegine uly goşant goşmagyny dowam edýär. Bular barada aýtmak bilen, myhman şu günki maslahatyň hem-de onuň jemleýji resminamasynyň bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini öňe sürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, türki dünýäniň aýrylmaz bölegi hem-de türki halklaryň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hazynasy bolup durýar.

Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan 90-njy ýyllarda geçirilen türki döwletleriň sammitleri boýunça meseleleriň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde çykyş etdi hem-de bu guramanyň duşuşyklaryna, onuň kemala gelmegine hemişe işjeň gatnaşdy.

Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilen Stambul sammitiniň dowamynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde resmi taýdan goşuldy. «Netijede, türki hyzmatdaşlygyň düzüminde ozal ýetmeýän gymmatly halka emele geldi» diýip, myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şol sammitiň üstünlikli geçirilmegine uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň bu guramanyň hyzmatdaşlyk gurallaryna gatnaşmagynyň onuň maksatlarynyň hem-de uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, wezipeleriniň netijeli durmuşa geçirilmegi babatynda goşmaça kuwwat boljakdygy nygtaldy. Birnäçe taslamalary bilelikde amala aşyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar, munuň özi dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň agzalarynyň, sebitde we halkara giňişlikde agza döwletleriň arasynda parahatçylygy, rowaçlygy we ösüşi saklamak boýunça tagallalaryna ýardam etjekdigi gürrüňsizdir.

Bagdad Amreýew çykyşynyň ahyrynda guramanyň Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen, sebitleýin mümkinçiliklerini giňeltjekdigini nygtady. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine dost-dogan ýurtlaryň we halklaryň hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk ruhunyň berkidilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewe çykyşy hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Ýurdumyz agza döwletleriň goldaw bermeginde gurama synçy hökmünde goşuldy.

Milli Liderimiz bu wakanyň Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny nygtap, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna hem-de guramanyň Sekretariatyna Türkmenistanyň daşary syýasy tagallalaryny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şol bir wagtyň özünde, biz nobatdaky gezek Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak boýunça gün tertibini durmuşa geçirmekde Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy ulgamynda toplan tejribesini ulanmaga taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra çykyş etmek üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowa söz berildi.

Dýusen Kaseinow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy bu gün söýginiň we parahatçylygyň şäheri bolan Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýygnanandygyny, bu şäheriň bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňyn meýdança öwrülendigini belledi.

D.Kaseinow 26 ýyl mundan ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 185 ýurduň goldamagynda ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini belläp, Garaşsyz türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebit we ählumumy möçberde dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.

Biziň guramamyza agza ýurtlar bilen bolşy ýaly, tutuş halkara bileleşik bilen medeni diplomatiýanyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan ýokary halkara abraýa eýe boldy diýip, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy belledi.

Dýusen Kaseinow parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmakda milli Liderimiziň aýratyn hyzmatlarynyň bardygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň işjeň we netijeli guralyny kemala getirendigini aýtdy.

Myhman «parahatçylyk» we «ynanyşmak» diýen wajyp düşünjeleriň adamzat üçin öz ähmiýetini ýitirmeýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň medeni diplomatiýasynyň ähmiýetini we ony durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda Mary şäherine gadymy Merwiň mirasdüşeri hökmünde türki dünýäniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde, döwlet we halkara ähmiýetli ägirt uly çäreleri geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky başlangyjynyň we goldawynyň, şeýle hem Aşgabatda doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirýän türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda her ýylda geçirilýän köp sanly döredijilik çäreleriniň ähmiýetini belledi.

Dýusen Kaseinow ýolbaşçylyk edýän guramasynyň türki dilli halklaryň taryhy tejribä we pederleriň ruhy mirasyna esaslanýan giň möçberli parahatçylyk döredijilikli mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna bolan gyzyklanmalary barada aýdyp, ýurdumyzyň bu ugurda alnyp barylýan işlere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ýokary wezipeli myhman çykyşyny tamamlap, doganlyk türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we dünýä ýurtlarynyň durnukly ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer ulgama köptaraplaýyn, sebit we ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde garaýandygyny nygtady. Munuň özi türki dilli döwletler bilen gatnaşyklarymyza hem degişlidir.

Türki dilli döwletleriň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymynyň wideogörnüşiniň tanyşdyrylyşy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu çäre düýn Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan dabaralaryň çäklerinde geçirildi.

Biziň köklerimiz birdir, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz umumydyr, biz bitewi gymmatlyklara eýerýäris. Häzirki wagtda şu gymmatlyklara esaslanyp, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we dostlugyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambulda guralan sammitiň barşynda Türkmenistanyň medeni gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi bermek zerurlygyndan ugur alyp, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegi teklip edendigini ýatladyp, häzir türki özboluşlylygy saklap galmak we ösdürmek, biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, bu teklibi iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada oýlanmagyň wagtynyň ýetendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşlary we Garaşsyz Türkmenistana hem-de onuň halkyna aýdan hoşniýetli sözleri üçin abraýly sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, iri halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German çykyş etdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň wajyp we öz wagtynda öňe süren başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

BMG-niň Baş sekretary Aşgabatda geçirilýän we hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan bu foruma uly goldawyny beýan edýär.

Natalýa German BMG-niň Baş sekretarynyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Antoniu Guterrişiň belleýşi ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hemmetaraplaýyn goldaw bermek arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň işine önjeýli goşant goşdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynda birnäçe möhüm başlangyçlaryň kabul edilmegine ýardam berdi.

BMG-niň Baş sekretary hut Türkmenistanyň teklibi boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp, tutuş dünýäni gurşap alan COVID-19 ýokanjyndan başlap, garyplyga, deňsizlige, adalatsyzlyga, adatdan daşary howa ýagdaýlaryna, gapma-garşylyklara çenli ähli wajyp meseleleriň çözülmeginde bilelikde iş alnyp barylmagy netijesinde, parahatçylygyň berkidilmeginiň we ynanyşmagyň dikeldilmeginiň mümkindigini nygtady.

Antoniu Guterriş BMG-niň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, Gutlag hatynda parahatçylyga, durnukly ösüşe, adam hukuklarynyň üpjün edilmegine goldaw bermäge bolan umumy gyzyklanmalary nazara alnyp, däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German häzirki döwürde ynanyşmak ýörelgeleriniň döwletara we milli derejelerde durnukly we howpsuz ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki zamanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmegiň binýadyny emele getirýär.

Onuň pikirine görä, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda syýasy gatnaşyklaryň, durnukly ösüşi, raýdaşlygy we sazlaşygy berkitmek maksady bilen, özara düşünişmek hyzmatdaşlygynyň esasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyny başlamak bilen, medeni gatnaşyklary, birek-birege hormat goýmak hyzmatdaşlygyny berkitmek, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ägirt uly işleri amala aşyrýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, şeýle hem Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýaly ýokary derejedäki halkara ähmiýetli çäreler 2021-nji ýylyň möhüm tapgyrlaryna öwrüldi. Şeýle hem «Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentarileriň orny» atly parlamentara forumyň, Halkara ýaşlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna sebitiň döwletleriniň oňyn goşantlarynyň bardygyny belledi.

N.German emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almakda we parahatçylyk, ösüş, howpsuzlyk meselelerini oňyn çözmekde toparlaýyn tagallalara goldaw bermek işinde Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýurdumyzyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň netijeli jemlenmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy we manyly çykyşy üçin Natalýa Germana minnetdarlyk bildirip, öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm ugry we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.

Biz, ilkinji nobatda, 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldaw bermeginde Baş Assambleýanyň çözgüdi esasynda Bitarap ýurdumyzyň paýtagtynda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ornuny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döredilen pursadyndan bäri sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, ählumumy ösüşiň gün tertibiniň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini işjeňleşdirmekde netijeli binýat hökmündäki orny pugtalandy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamany kabul etmegi merkeziň mümkinçiliklerini hem-de halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmekde şanly waka öwrüldi.

Häzirki döwürde merkeziň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy dolandyryş topary işleýär hem-de Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk ugurlary boýunça maksatlaýyn Iş topary we beýlekiler hereket edýär.

Merkeziň mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, suw meselesi, daşky gurşawy goramak, maglumat we biologik howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak we onuň ýaýradylmagynyň öňüni almak ýaly möhüm ugurlarda zerur boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ilçi Natalýa Germana hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli işgärlerine olaryň alyp barýan işleri, hünär ussatlygy we öz işine bolan yhlaslary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maslahaty dowam edip, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berdi.

Ol ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga berlen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Halkara Bitaraplyk güni hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň yglan eden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlady.

Kararnamalaryň kabul edilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, saklamak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, durmuşa geçirýän syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna 20-den gowrak döwletiň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen esasy ýörelgeleriň hem-de maksatlaryň, onýyllyklaryň dowamynda kabul edilen ylalaşyklaryň möhüm binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler birek-birege düşünişmek, halkara hukuga hormat goýmak we parahatçylygy, howpsuzlygy saklamaga gyzyklanmalary beýan etmekde köptaraply ösüşiň zerur şertleriniň biri bolup durýar diýip, D.Şlapaçenko belledi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmakda köpugurly ýörelgelere möhüm ähmiýet berýär. Şunlukda, parahatçylyk — munuň özi diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, oňyn hereketlere giňden gatnaşylmagyna esaslanýan sazlaşykly ösüşdir. Onda köptaraply gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigi, onuň ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen strategik gatnaşyklara öwrülendigi nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda D.Şlapaçenko BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ynamdar hyzmatdaş bolup durýandygyny we parahatçylygyň, durnukly ösüşiň saklanmagyna goldaw berýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, tutuş türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni we ýetip gelýän 2022-nji ýyl bilen gutlady hem-de hemmelere parahatçylyk, durnuklylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugur, halkara giňişlikde biziň tutuş işimiziň binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, ählumumy howpsuzlygyň kemala gelen binýadyny aýawly saklamak we pugtalandyrmak, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibiniň meýilnamalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işinde onuň syýasy-diplomatik tagallalaryna işjeň gatnaşmaga we ýardam bermäge berk ygrarlydygymyzy beýan etmegimizi dowam edýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda BMG-niň topary bilen bilelikde biz halkara derejede parahatçylyk hem-de gatnaşyklar medeniýetini ilerletmek üçin ählumumy çäräniň başyny başladyk, bu hereketiň çägini sebitiň çäklerinden daşda hem giňeltdik, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki nusgasyny gurmaga mümkinçilik berýän netijeleri gazandyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün BMG-niň dürli edaralary bilen möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekilýändigine aýratyn ünsi çekdi. Şol resminamalar ýakyn we uzak möhletli geljek üçin gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitlär.

Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan maksatlara ýetmäge yzygiderli çemeleşmäniň durnukly ösüşiň ählumumy we sebit strategiýalaryny doly amala aşyrmagyň berk kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasyna, BMG-niň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň her birine olaryň Türkmenistan bilen strategik gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň täze, has belent sepgitlerine çykmaga taýýardygyna ynandyrdy.

Soňra ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregoryň çykyşy diňlenildi. Ol sözüniň başynda hormatly Prezidentimizi we Türkmenistanyň ähli halkyny türkmen dilinde Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de ýokary derejede geçirilýän duşuşygyň guramaçylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Bu gezekki maslahatyň ähmiýetini belläp, Jon MakGregor dünýä medeniýetiniň ýörelgeleriniň we durnukly ösüşe ýetmekde ählumumy şertleri üpjün etmekde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň ähmiýetini nygtady.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden bäri Türkmenistanyň halkara diplomatiýanyň gapma-garşylyklary kadalaşdyrmakda netijeli, parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryny işjeň peýdalanýandygyny belledi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň dürli ugurlardaky howpsuzlyk bilen baglanyşykly başlangyçlaryny we onuň sebitleýin howpsuzlygy berkitmekde eýeleýän ornuny goldaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly goldaw bermek boýunça edýän tagallalaryna, onuň goňşy ýurda berýän hemmetaraplaýyn goldawyna ýokary baha berildi.

Jon MakGregoryň belleýşi ýaly, ÝHHG Türkmenistanyň ykdysady, ulag we ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky, ulag we energetika howpsuzlygy, guramanyň birnäçe möhüm borçnamalaryny özünde jemleýän ykdysady taýdan özara bähbitli halkara başlangyçlaryny goldaýar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ÝHHG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellemek isleýärin. Munuň özi bu möhüm ugurlar boýunça ýokary derejede geçirilýän halkara we sebit maslahatlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigini aňladýar diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy nygtady.

Şeýle hem Jon MakGregor pursatdan peýdalanyp, Bitarap Türkmenistanyň halkyny bu ýurduň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de bu oňyn başlangyjyň deňhukukly gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegini we halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegini üpjün edendigini belledi.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, bu möhüm senä bagyşlanan forumyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň gazananlaryny hem-de onuň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn meýdança öwrülendigine we uzak möhletleýin esasda ynanyşmagy, parahatçylygy berkitmek üçin gymmatlyklary, däp-dessurlary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly anyk işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Foruma gatnaşyjy çykyşynyň ahyrynda ýygnananlary öňümizdäki şanly baýram bilen gutlap, türkmen dilinde: «Halkara Bitaraplyk günüňiz gutly bolsun!» diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Jon MakGregora minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn üns berýändigini nygtady.

Her ýyl ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanylýar. Gatnaşyklaryň özüni oňat tarapdan görkezen ulgamlary bilen bir hatarda, geljek ýylda taraplar syýasy, ykdysady we ekologiýa hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmek boýunça netijeli işe girişerler.

Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, şu ýylyň dowamynda ÝHHG bilen bilelikde guralan forumlar, maslahatlar, hususan-da, ÝHHG-niň «Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny» atly forumy, energetika we ulag howpsuzlygy, ekologiýa hem-de howa durnuklylygy ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝHHG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de hyzmatdaşlygyň entek ulanylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň Helsinki jemleýji jarnamasyna goşulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatladyp, ikitaraplaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň gatnaşmagynda 30 ýylyň dowamynda gazanylan netijeleri seljermek we geljekde uzak möhletli köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, birnäçe çäreleri geçirmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan çäreleri guramak üçin zerur şertleri hödürlemäge taýýardygy beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz gysgaça jemleýji söz bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz halkara maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, maslahatyň barşynda beýan edilen ähli teklipleriň, pikirleriň, gymmatly başlangyçlaryň halkara gatnaşyklaryň ylmy-amaly binýadyny baýlaşdyrmak, häzirki döwürdäki köptaraplaýyn gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ulanyljakdygyny nygtady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde giň halkara çäreleriň jemlerini jemleýän bu maslahatyň parahatçylygyň medeniýeti ulgamynda ählumumy Jarnamada beýan edilen gymmatlyklaryň ýörelgelerini, dünýägaraýyşlary hem-de parahatçylygy aýawly saklamagyň we höweslendirmegiň däplerini dikeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Häzirki wagtda bu tagallalar öňküden hem zerurdyr. Türkmenistan ýokarda agzalan maksatlara Bitaraplygyň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge daýanyp, halkara syýasatyň häzirki ýagdaýlaryna laýyk gelýän çemeleşmeleriň başyny başlap we olary ulanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň özeni bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny doly ulanmak bilen ýetip boljakdygyna ynanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, maslahatyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň çuň manysy bardyr we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamak we pugtalandyrmak babatda Bitaraplyk syýasatynyň ägirt uly kuwwata eýedigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň dabaraly mejlisiniň netijeleriniň hem-de geçiriljek mowzuklaýyn umumy mejlisleriň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüşi maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki işiň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny ilerletmekde köptaraplaýyn tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolmaga ukyplydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz şu günki çykyşynda bu filosofiýany «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip, atlandyrandygyny ýatlatdy.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, gatnaşyjylara Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler hem-de türkmen tarapynyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryna berlen ýokary baha üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlary ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýlelikde, maslahatyň dabaraly umumy mejlisi ýapyk diýlip yglan edildi.

Mejlis tamamlanandan soň, köptaraplaýyn namalaryň 26-syndan ybarat bolan resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Ýewropa Bileleşiginiň – Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki sebitleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça bölüminiň «Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlary boýunça platformany döretmek» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany maliýeleşdirmegi AIDS-e /Inçekesele/ Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy barada Grant Ylalaşygynyň Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Ýokary hilli nesil saglygy hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi gowulandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda «Ýaşlaryň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge, gender deňligini we ýaşlaryň gatnaşygyny ilerletmäge gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi boýunça taslamasyny» durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirişiň milli prosesiniň kämilleşdirilişi boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy; 2021 — 2025 ýyllarda Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Çarçuwaly maksatnama; «Parnik gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak üçin ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» atly taslamany bilelikde amala aşyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Durnukly ösüş üçin ilat baradaky dezagregirlenen maglumatlar» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsirini gowşatmak we oňa uýgunlaşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

***

Günüň ikinji ýarymynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda mowzuklaýyn plenar mejlisleriň üçüsiniň çäginde öz işini dowam etdi.

Mejlisleriň «Parahatçylygy we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti», «Parahatçylyk medeniýeti bilen bütindünýä durnukly ösüş Gün tertibiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk», «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy medeniýetini emele getirmegiň ynsanperwer ölçegi» diýen atlary hem geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlaryny we mowzuklaryny kesgitledi.

Çykyşlarda hem-de sanly ulgam arkaly iberilen ýüzlenmelerde foruma gatnaşyjylar parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň ornuna we ähmiýetine hemmetaraplaýyn baha berdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplygyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — dünýäniň aýry-aýry ýurtlary hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi, içerki syýasy durnuklylygy şertlendirip, türkmenistanlylaryň aň-düşünjesini kesgitledi. Raýatlarymyz üçin dawa-jenjelsiz ösüş hem-de umumymilli bitewülik parahat we abadan durmuşyň şertlerine öwrüldi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň umumy ykrar edilen hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşigiň tagallalary bilen doly raýdaşdyr.

Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak işinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, onuň häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk institutynyň artýan ornuna we ähmiýetine düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine ulanýan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýä gün tertibiniň esasy meselelerini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işi tamamlanandan soň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Jemleýji resminama kabul edildi.

www.tdh.gov.tm

13.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 10-njy dekabry)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Biz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm soraglaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarys.

Geçen ýyl, belli sebäplere görä, şeýle düzümde duşuşyk geçirilmedi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara giňişlikde häzirki döwürde alyp barýan işini şu gün toplumlaýyn seljermek uly ähmiýete eýedir. Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň geljek döwürdäki syýasy-diplomatik işiniň wezipelerini we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek örän möhüm bolup durýar.

Ilki bilen, geçen iki ýylda dünýäde ýagdaýlaryň düýpli özgerendigini bellemek zerurdyr. Umumy geostrategik ýagdaý çylşyrymlaşdy. Sebit derejesinde, şol sanda ýurdumyzyň serhetleriniň gönüden-göni golaýynda üýtgeşmeler bolup geçdi.

Koronawirus pandemiýasy we onuň bilen bagly ykdysady, söwda, maýa goýumlar we ynsanperwer gatnaşyklardaky çäklendirmeler dünýä syýasatynyň umumy ýagdaýyna öz täsirini ýetirdi.

Bu ýagdaýlaryň ählisi bizden Türkmenistanyň uzak möhletli milli bähbitlerini nazara alyp, halkara strategiýamyzyň binýatlyk esaslaryna — Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige, ähli döwletlere we olaryň saýlap alan içerki gurluşynyň, daşary syýasat ugrunyň nusgasyna hormat goýmagy talap edýär. Bolup geçýän üýtgeşmelere laýyklykda çalt, ýöne oýlanyşykly we hakyky ýagdaýdan ugur alyp hereket etmegi, jogapkärli hem-de öňdengörüji çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň hatda ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýlar şertlerinde hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen syýasaty bir maksat esasynda yzygiderli alyp barandygyny bellemek zerurdyr.

Bitarap döwletimiz halkara hukuk kadalarynyň berkarar bolmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki esasy köptaraplaýyn institutlaryň ornuny we abraýyny berkitmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrdy. Möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, sebitde hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam etdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şu ýylyň döredijilikli başlangyçlara, anyk many-mazmuna, hakyky hereketlere esaslanýan çärelere baý bolmagy üçin ähli tagallalary etdi.

Bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, netijeli bolmagyna, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen we şu ýylky mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça möhüm Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň arasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýalary görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy buýsandyryjy görkeziji boldy.

Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň halkara meseleler düzgünleşdirilende Bitaraplyk kadalaryny netijeli ulanmak boýunça Düzgünleriniň ýygyndysyny taýýarlamak boýunça işler hem alnyp barylýar.

Türkmenistanyň sebit derejesinde alyp barýan işleriniň netijesinde uly wakalar bolup geçdi. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu duşuşykda örän möhüm çözgütler kabul edildi. Olarda biziň sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy üçin ähli esasy ugurlar boýunça hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk esasynda, sebitiň her bir döwletiniň bähbitleri nazara alnyp we ykrar edilip, strategik ugurlar kesgitlendi.

Bu duşuşygyň jemleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr. Onuň netijeleri sebit birleşikleriniň birnäçesiniň mejlisleriniň dowamynda hem bellenip geçildi.

Köptaraplaýyn görnüşden başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn esasda hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi. Muňa mysal hökmünde geçen döwürde sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň ählisiniň Türkmenistana döwlet, resmi we iş saparlary bilen gelendiklerini aýtmak ýeterlikdir.

Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Sammit bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýakyndan goşulyşyp, özara hyzmatdaşlyk etmäge örän uly isleg bildirýändiklerini we pugta eýerýändiklerini görkezdi. Ösüşiň möhüm wezipelerini bilelikde çözmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, ulag we energetika pudaklarynda, ekologiýa ulgamynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Şu ýylyň noýabr aýynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Stambulda geçirilen sammiti hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu guramadaky möhüm we netijeli ornunyň ykrar edilmegi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy durnuklylygyň şerti hökmünde möhüm ornunyň aýdyň tassyklanmasy boldy. Doganlyk döwletleriň ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge umumylykda çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýokary abraýa eýe bolandygyny aýdyň görkezýär. Bitarap döwletimizi ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde doly hukukly kabul edýän halkara bileleşik tarapyndan biziň alyp barýan daşary syýasatymyza berilýän goldawyň barha artýandygyny aýdyň subut edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz geljek döwürde gazanylan netijeleri has-da berkitmelidiris. Dünýäde gazanan ornumyzy has-da pugtalandyrmalydyrys we güýçlendirmelidiris. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň konseptual esaslaryna gyşarnyksyz eýerip, halkara ýagdaýyň üýtgeýän şertlerine laýyk getirmelidiris.

Bu ýerde esasy ugur döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm şerti hökmünde Bitaraplygymyzy yzygiderli berkitmek bolmalydyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda alyp barýan işlerimizi güýçlendirmek we anyk ugurlara gönükdirmek zerur bolup durýar. Häzirki döwürde munuň üçin ähli şertler — syýasy şertler hem, hukuk şertleri hem bar.

Şu esaslara daýanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzyň geçiren köp sanly çärelerinde toplan tejribesini ýokary derejede ulanmaly.

Geçen ýyl halkara guramalaryň we dünýä jemgyýetçiliginiň giňden gatnaşmagynda bellenen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen bagly düýpli nazary we amaly tejribäni netijeli peýdalanmaly.

Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlar bilen hem işjeň we bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmaly.

Şunuň bilen baglylykda, men ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň ýanyndaky wekillerine, daşary ýurtlardaky ähli ilçilerimize degişli diplomatik işleri yzygiderli esasda geçirmegi tabşyrýaryn. Siz sebitdäki we ýurtlardaky gatnaşyjylaryň sanyny artdyryp, hakyky işler we giň mazmunly başlangyçlar bilen üstüni ýetirip, toparyň işine ýakyndan goldaw bermeli.

Bu ugurda işleri diňe bir arzuw-islegler görnüşinde däl-de, birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaly. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlara, gatnaşyklaryň şeýle görnüşine gatnaşmagyň bähbitli taraplaryny tutanýerli we ynamly görkezmeli.

Bu hyzmatdaşlygyň Birleşen Milletler Guramasynyň strategik we maksatnamalaýyn wezipelerini durmuşa geçirmekde mümkinçiliklerini hem-de aýratynlyklaryny anyk beýan etmeli.

Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bitaraplyk bilen baglanyşykly kabul eden Rezolýusiýalaryna hem degişlidir. Bu resminamalaryň we başlangyçlaryň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini, olaryň kadalaryna we tertibine eýerilmegini gazanmaly.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň we döwletiniň däl-de, eýsem, Bitaraplygymyzy iki gezek ykrar eden, goldan bütin dünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr.

Bu goldawy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, mümkin boldugyça, köp sanlysynyň hakyky işler bilen berkitmegini üpjün etmeli. Bitaraplygyň Watanyna wekilçilik edýän diplomatlar hökmünde siziň wezipäňiz şundan ybaratdyr. Siz öz jogapkärçiligiňizi doly duýup, bu ugurda biziň tagallalarymyza giň halkara goldawyň berilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde döwletimiziň beýleki ýurtlar, halkara birleşikler, maliýe institutlary bilen özara bähbitli we uzak möhletli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy onuň häzirki zaman geoykdysadyýetiniň öňdäki hatarlarynda bolmagyny aňladýar. Bu bolsa halkara bazarlarda artykmaç mümkinçilikleri bolan ornumyzy üpjün etmäge, tehnologik we innowasion ösüş üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Biziň ýurdumyz şeýle hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ähli ýurtlar we döwletara birleşikler bilen kooperasiýa we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, men Daşary işler ministrligine, söwda-ykdysady toplumyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyz we wekilhanalarymyz, käbir ýurtlarda döredilen Söwda öýlerimiz bilen bilelikde, ykdysady diplomatiýanyň ýollaryny has-da işjeňleşdirmegi tabşyrýaryn. Şeýle hem bu diplomatiýany amala aşyrmagyň anyk düzgünlerini döretmeli. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen özara gyzyklanma bildirilýän we yzygiderli işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikleri döretmeli.

Şundan ugur alyp, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi teklip edýärin. Olary zerur serişdeler bilen üpjün etmeli. Olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmaly.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns bermeli. Oňa biziň ykdysady ölçeglerimize meňzeş ölçegleri bolan döwletleriň gatnaşmagynyň tejribesini maksatly we hemmetaraplaýyn öwrenmeli.

Bu wezipe koronawirus pandemiýasy bilen bagly dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp duran şertlerinde, ulag gatnawlarynda köp soraglaryň bar ýagdaýynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz şeýle şertlerde gatnaşyklary çalt dikeltmek we durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin öz hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasyna aýratyn üns bermeli. Şu ýylyň ýazynda Sues kanalynda gämi gatnawlarynda dörän kynçylyk däp bolan ulag gatnawlary ulgamynda soraglaryň bardygyny görkezdi.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjün edilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze ulgamlary we ölçegleri ýola goýmak örän möhüm wezipe bolup durýar.

Türkmenistan şeýle şertlerde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň möhüm we geljegi uly bolan merkezi hökmünde öz mümkinçiliklerini teklip etmelidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni gury ýol we deňiz üpjünçilik ulgamlaryna çekmelidir. Biziň diplomatiýamyz hem köp derejede bu wezipäni çözmäge niýetlenendir.

Pandemiýa bilen bagly soraglar barada aýtmak bilen, ylmy diplomatiýa boýunça tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny hem bellemek isleýärin.

Biz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, onuň Aşgabatdaky Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça edarasy bilen oňat iş gatnaşyklaryny ýola goýduk. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pandemiýa garşy göreşde tagallalaryny goldaýarys, özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde howply ýokanç kesellere garşy göreşde halkara ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda anyk hereketleriň we başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmegi, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda olary goldamak we durmuşa geçirmek boýunça maksatlaýyn çäreleri geçirmegi tabşyrýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň halkara syýasy orny we abraýy artýar. Ýurdumyzyň ykdysady, serişde, önümçilik binýady we mümkinçilikleri berkeýär. Şonuň netijesinde, dünýäniň dürli sebitlerinde ýurdumyzyň bähbitleriniň gerimi hem giňelýär.

Merkezi Aziýa we Hazar sebiti döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bu döwletlerdäki ilçilerine köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esaslarda gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmegi tabşyrýaryn.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ilçilerimiz bu döwletleriň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň syýasy we ykdysady netijelerini ýerine ýetirmek we öňe sürmek boýunça işlere aýratyn üns bermelidir. Şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hyzmatdaşlarymyzyň ünsüni hemişe çekmegi üpjün etmelidir.

Azerbaýjandaky, Eýrandaky, Gazagystandaky, Russiýadaky ilçilerimize bu ýurtlaryň hökümetleri bilen Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly özara gatnaşyklary güýçlendirmegi tabşyrýaryn. Bu sammit şu ýyl belli sebäplere görä geçirilmedi. Ýagdaýlar mümkinçilik beren badyna, biz bu sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde we many-mazmuna baý görnüşde hökman geçireris. Bu soragy hemişe gözegçilikde saklamak geljek döwürde siziň öňüňizde durýan ileri tutulýan wezipedir.

Geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin hem ähli zerur şertleri üpjün etmeli.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazandyk. Gatnaşyklarymyzy, şol sanda Hazar we Gara deňizleriniň zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklarymyzy toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinýändigimizi we oňa taýýardygymyzy tassykladyk. Bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişlidir.

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy we Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge doly eýerýär. Biziň şol döwletler bilen gatnaşyklarymyz üýtgewsizdir we olara daşky ýagdaýlar täsir etmeýär. Häzirki döwürde biz bu gatnaşyklarda ykdysady, energetika, ulag ugurlaryna aýratyn üns berýäris.

Geljek döwürde Owganystan, Eýran, Pakistan, Hindistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hem örän uly üns bereris. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlarynda örän möhüm üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň ençemesini gurmak öňe sürüldi.

Türkmenistan olary durmuşa geçirmäge özüniň doly eýerýändigini, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklaýar.

Şeýle hyzmatdaşlygyň oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine we onuň dowam etdiriljekdigine ynanýarys.

Biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýäris. Bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Biz hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman şäher aglomerasiýalaryny döretmek babatda gözlemäge taýýar.

Biz Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmegi goldaýarys. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda bu döwletler bilen biziň bähbitlerimiz golaýdyr ýa-da gabat gelýär. Şonuň netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly giňişlik açylýar.

Biz Arap dünýäsi, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen has ýakyndan we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy tassyklaýarys.

Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen ählumumy möhüm soraglary çözmekde özara düşünişmegi we tagallalary birleşdirmegi berkitmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris.

Türkmenistan üçin köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň işine başlangyçlary öňe sürüp, ýakyndan gatnaşmak strategik taýdan ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, Milletler Bileleşiginiň maksatlaryny we gymmatlyklaryny, bu guramanyň Tertipnamasynyň kadalaryny mundan beýläk-de ileri tutarys. Olar häzirki zaman dünýäsiniň binýadynyň esasy sütünleri bolmagynda galýar.

Bu esasy sütünler deňhukuklylyk, halkara hukugyň kadalaryna, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bolup durýar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň wezipeleriniň ähmiýetini ýitirmäge, onuň dünýäniň halklary üçin ýokary wezipesini peseltmäge synanyşyklary hiç wagt ylalaşyp bolmajak ýagdaý hasaplaýarys. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi dowam ederis.

Soňky döwürde Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi ýaly iri birleşikler bilen özara gatnaşyklarynda ösüş gazanyldy. Şu ösüşi bellemek bilen, biz hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan ugurlaryny, Ýewraziýada häzirki zaman energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri dowam etdirmegi we has-da güýçlendirmegi maksat edinýäris.

Biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna netijeli we döredijilikli gatnaşmagy hem dowam ederis.

Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy hökmünde dünýä giňişliginde parahatçylygy söýüjilik, adalatlylyk we deňhukuklylyk maksatlaryny ykrar etmäge öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, yslam dünýäsiniň kanuny bähbitlerini goramakda onuň ornuny berkitmek hem Türkmenistanyň daşary syýasatynda mundan beýläk-de möhüm orny eýelär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de dünýä giňişliginde uly we döredijilikli işleri alyp barar. Biziň daşary syýasatymyz we diplomatiýamyz hemişe işjeň ýagdaýda bolup, başlangyçlary öňe sürmelidir. Bolup geçýän özgerişlere laýyklykda öz wagtynda netijeli hereket etmelidir.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Çalt depginler bilen ösýän, kuwwatly we durnukly döwlete öwrüldi. Gazanan bu örän uly üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz häzirki döwürde we geljekde dünýäde ýurdumyzyň berk ornuny üpjün etmäge niýetlenendir. Biziň dostlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň sanyny artdyrmaga, içerki ösüş we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatyň ykrar edilen we täsirli şertine öwrüldi. Özüniň häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýändigini, örän zerurdygyny we ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna gabat gelýändigini doly subut etdi.

Bitaraplyga esaslanyp, bu ugra sazlaşykly laýyk gelýän parahatçylygy söýüjilik, hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak mümkinçiliklerini artdyryp, Türkmenistan daşary syýasat ugruny ynamly we üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Öz strategik maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Bu işde biz diplomatiýamyza esasy orny degişli edýäris. Mukaddes Watanymyzyň milli bähbitlerini goramakda siziň ýokary hünär ussatlygyňyza, tejribäňize, bilimleriňize we tutanýerliligiňize bil baglaýarys.

Hormatly ilçiler!

Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Sag boluň!

11.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramçylyklarymyzyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanow bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iş kesilen 338 raýatyň günäsini geçmek baradaky degişli Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlap, her ýyl dekabr aýynda diplomatik gullugyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin DIM-niň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Diplomatlar üçin möhüm waka bolýan bu duşuşyk milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, döwrüň möhüm meselelerini düýpli seljermäge hem-de öňde durýan işlere degişli anyk tabşyryklara ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýýan wezipelerini netijeli çözmek üçin hemme şertleriň bardygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, DIM-niň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň binalary öňdebaryjy enjamlar we ähli zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Türkmen diplomatlary hem-de olaryň maşgala agzalary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri döredildi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz halkara syýasy sahnada parahatçylygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk babatynda yzygiderli işleri amala aşyrýar, hyzmatdaşlygyň geografiýasyny we many-mazmunyny giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ündewlerinden ugur alnyp, DIM dürli döwletler, köptaraplaýyn birleşikler bilen giň gerimli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri alyp barýar.

Türkmenistan uzak möhletleýin milli maksatlara we dünýä jemgyýetiniň bähbitlerine laýyk gelýän daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, sebitleýin we global ösüş işine anyk goşandyny goşýar.

Şu güne çenli Türkmenistanyň BMG-de 17 sany dürli ugurlardaky Rezolýusiýany öňe sürendigi we olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Biziň ýurdumyz 6 gezek Baş Assambleýanyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça Geňeşi, Ilat hem-de ösüş boýunça komissiýasy, Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy ýaly 12 sany düzüm birlikleriniň agzasy bolup durýar.

Beýleki halkara birleşikler bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Bu gün ýurdumyz 49 sany halkara guramalarda mynasyp wekilçiligi alyp barýar, dünýäniň 40 döwletinde ilçihanalarymyz, konsullyklarymyz we wekilhanalarymyz açyldy we olar öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň daşary syýasaty netijesinde soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyna berk itergi berildi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hyzmatdaşlygyň täze guraly Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy döredildi. Onuň üçünji mejlisi şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda geçirildi.

Noýabryň ahyrynda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçdi. Onuň dowamynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe anyk başlangyçlar beýan edildi. Indiki ýyl bolsa ýurdumyz 6-njy Hazar sammitini kabul eder.

Aýratyn hem ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy ýola goýmak işinde milli Liderimiziň başlangyçlarynyň örän wajyp ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky teklibi parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek babatyndaky işde dünýä ýurtlaryna tagallalary birleşdirmegi ugrukdyrýan ähmiýetli alamat boldy. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan goldanyldy.

Şeýlelikde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde Türkmenistanyň hem-de onuň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetli orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesini mundan beýläk-de amala aşyrmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy degişli toplumlaýyn işleri geçirýär diýip, wise-premýer aýtdy we türkmen diplomatlarynyň öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary edip, Watan öňündäki borçlaryny mundan beýläk-de gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekip, bu resminama bilen ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň çykdajylarynyň we işgärler sanynyň tassyklanylýandygyny hem-de diplomatik işgärler we olaryň maşgala agzalary üçin durmuş ýeňillikleriniň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi we degişli ýolbaşçylara bu resminamany ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylda döwletiň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýynyň garaşylýan netijeleri, geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny gowy netijeler bilen jemlemek, durnukly makroykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijelerini gazanmak, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň üstümizdäki 2021-nji ýyl üçin bellenen iş meýilnamalaryny doly amala aşyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

Şu ýylyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 101 göterim we çykdajy böleginiň 99,6 göterim ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Wise-premýer 2022-nji ýyl üçin gaýragoýulmasyz wezipeler barada hasabat berip, milli ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny artdyrmaga, pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak arkaly pudaklaryň girdejililigini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň görüljekdigini aýtdy. Mundan başga-da, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzyň eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak, ýerli önümçilikleriň hasabyna importyň möçberini azaltmak, işewürlige amatly şertleri döretmek bilen hususy telekeçiligi has-da ilerletmek wezipelerini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrmagyň hasabyna hem-de giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek bilen, geljek ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterime çenli möçberde emele gelmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp bolan we gurluşygy alnyp barylýan binalaryňdyr desgalaryň, saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, agyz suw üpjünçilik desgalarynyň hem-de mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarys diýip belledi.

Geçen ýyl, belli sebäplere görä, şeýle düzümde duşuşyk geçirilmedi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara giňişlikde häzirki döwürde alyp barýan işini şu gün toplumlaýyn seljermek uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň geljek döwürdäki syýasy-diplomatik işiniň wezipelerini we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek örän möhüm bolup durýar.

Ilki bilen, geçen iki ýylda dünýäde ýagdaýlaryň düýpli özgerendigini bellemek zerurdyr. Umumy geostrategik ýagdaý çylşyrymlaşdy. Sebit derejesinde, şol sanda ýurdumyzyň serhetleriniň gönüden-göni golaýynda üýtgeşmeler bolup geçdi.

Koronawirus pandemiýasy we onuň bilen bagly ykdysady, söwda, maýa goýumlar we ynsanperwer gatnaşyklardaky çäklendirmeler dünýä syýasatynyň umumy ýagdaýyna öz täsirini ýetirdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ýagdaýlaryň ählisi bizden Türkmenistanyň uzak möhletli milli bähbitlerini nazara alyp, halkara strategiýamyzyň binýatlyk esaslaryna — Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige, ähli döwletlere we olaryň saýlap alan içerki gurluşynyň we daşary syýasat ugrunyň nusgasyna hormat goýmagy talap edýär. Bolup geçýän üýtgeşmelere laýyklykda çalt, ýöne oýlanyşykly we hakyky ýagdaýdan ugur alyp hereket etmegi, jogapkärli hem-de öňdengörüji çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň hatda ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýlar şertlerinde hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen syýasaty bir maksat esasynda yzygiderli alyp barandygyny bellemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz halkara hukuk kadalarynyň berkarar bolmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki esasy köptaraplaýyn institutlaryň ornuny we abraýyny berkitmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrdy. Möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, sebitde hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam etdi.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi hem-de şu ýylyň döredijilikli başlangyçlara, anyk many-mazmuna, hakyky hereketlere esaslanýan çärelere baý bolmagy üçin ähli tagallalary etdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, netijeli bolmagyna, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen we şu ýylky mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça möhüm Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şolaryň arasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýalary görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy buýsandyryjy görkeziji boldy.

Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň halkara meseleler düzgünleşdirilende Bitaraplyk kadalaryny netijeli ulanmak boýunça Düzgünleriniň ýygyndysyny taýýarlamak boýunça işler hem alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň sebit derejesinde alyp barýan işleriniň netijesinde uly wakalar bolup geçdi. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu duşuşykda örän möhüm çözgütler kabul edildi. Olarda biziň sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy üçin ähli esasy ugurlar boýunça hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk esasynda, sebitiň her bir döwletiniň bähbitleri nazara alnyp we ykrar edilip, strategik ugurlar kesgitlendi.

Bu duşuşygyň jemleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr. Onuň netijeleri sebit birleşikleriniň birnäçesiniň mejlisleriniň dowamynda hem bellenip geçildi.

Köptaraplaýyn görnüşden başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn esasda hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi. Muňa mysal hökmünde geçen döwürde sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň ählisiniň Türkmenistana döwlet, resmi we iş saparlary bilen gelendiklerini aýtmak ýeterlikdir.

Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Sammit bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýakyndan goşulyşyp, özara hyzmatdaşlyk etmäge örän uly isleg bildirýändiklerini we pugta eýerýändiklerini görkezdi. Ösüşiň örän möhüm wezipelerini bilelikde çözmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, ulag, energetika pudaklarynda, ekologiýa ulgamynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Şu ýylyň noýabr aýynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Stambulda geçirilen sammiti hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu guramadaky möhüm we netijeli ornunyň ykrar edilmegi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy durnuklylygyň şerti hökmünde möhüm ornunyň aýdyň tassyklanmasy boldy. Doganlyk döwletleriň ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge umumy çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýokary abraýa eýe bolandygyny aýdyň görkezýär. Bitarap döwletimizi ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde doly hukukly kabul edýän halkara bileleşik tarapyndan biziň alyp barýan daşary syýasatymyza berilýän goldawyň barha artýandygyny aýdyň subut edýär.

Biz geljek döwürde gazanylan netijeleri has-da berkitmelidiris. Dünýäde gazanan ornumyzy has-da pugtalandyrmalydyrys we güýçlendirmelidiris. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň konseptual esaslaryna gyşarnyksyz eýerip, halkara ýagdaýyň üýtgeýän şertlerine laýyk getirmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ýerde esasy ugur döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm şerti hökmünde Bitaraplygymyzy yzygiderli berkitmek bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň we anyk ugurlara gönükdirmegiň zerur bolup durýandygyny, häzirki döwürde munuň üçin ähli şertleriň — syýasy şertleriň hem, hukuk şertleriniň hem bardygyny belledi.

Şu esaslara daýanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň geçiren köp sanly çärelerinde toplan tejribesini ýokary derejede ulanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we geçen ýyl halkara guramalaryň, dünýä jemgyýetçiliginiň giňden gatnaşmagynda bellenen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen bagly düýpli nazary we amaly tejribäni netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlar bilen hem işjeň we bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmak zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň ýanyndaky wekillerine, daşary ýurtlardaky ähli ilçilerimize degişli diplomatik işleri yzygiderli esasda geçirmegi tabşyrdy. Siz sebitdäki we ýurtlardaky gatnaşyjylaryň sanyny artdyryp, hakyky işler we giň mazmunly başlangyçlar bilen üstüni ýetirip, toparyň işine ýakyndan goldaw bermeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ugurda işleri diňe bir arzuw-islegler görnüşinde däl-de, birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaly. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlara, gatnaşyklaryň şeýle görnüşine gatnaşmagyň bähbitli taraplaryny tutanýerli we ynamly görkezmeli.

Bu hyzmatdaşlygyň Birleşen Milletler Guramasynyň strategik we maksatnamalaýyn wezipelerini durmuşa geçirmekde mümkinçiliklerini hem-de aýratynlyklaryny anyk beýan etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň özüniň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bitaraplyk bilen baglanyşykly kabul eden Rezolýusiýalaryna hem degişlidigini nygtady. Bu resminamalaryň we başlangyçlaryň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini, olaryň kadalaryna we tertibine eýerilmegini gazanmak möhümdir.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň we döwletiniň däl-de, eýsem, Bitaraplygymyzy iki gezek ykrar eden, goldan bütin dünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr.

Bu goldawy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, mümkin boldugyça, köp sanlysynyň hakyky işler bilen berkitmegini üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz belledi we Bitaraplygyň Watanyna wekilçilik edýän diplomatlaryň wezipesiniň şundan ybaratdygyna ünsi çekdi. Siz öz jogapkärçiligiňizi doly duýup, bu ugurda biziň tagallalarymyza giň halkara goldawyň berilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde döwletimiziň beýleki ýurtlar, halkara birleşikler, maliýe institutlary bilen özara bähbitli we uzak möhletli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy onuň häzirki zaman geoykdysadyýetiniň öňdäki hatarlarynda bolmagyny aňladýar. Bu bolsa dünýä bazarlarynda artykmaç mümkinçilikleri bolan ornumyzy üpjün etmäge, tehnologik we innowasion ösüş üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurdumyz şeýle hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ähli ýurtlar we döwletara birleşikler bilen kooperasiýa we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Daşary işler ministrligine, söwda-ykdysady toplumyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyz we wekilhanalarymyz, käbir ýurtlarda döredilen Söwda öýlerimiz bilen bilelikde, ykdysady diplomatiýanyň ýollaryny has-da işjeňleşdirmegi, şeýle hem bu diplomatiýany amala aşyrmagyň anyk düzgünlerini, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen özara gyzyklanma bildirilýän we yzygiderli işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikleri döretmegi tabşyrdy.

Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmegi, olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns bermeli. Oňa biziň ykdysady ölçeglerimize meňzeş ölçegleri bolan döwletleriň gatnaşmagynyň tejribesini maksatly we hemmetaraplaýyn öwrenmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu wezipe koronawirus pandemiýasy bilen bagly dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp duran şertlerinde, ulag gatnawlarynda köp soraglaryň bar ýagdaýynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz şeýle şertlerde gatnaşyklary çalt dikeltmek we durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin öz hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we ulag diplomatiýasyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şu ýylyň ýazynda Sues kanalynda gämi gatnawlarynda dörän kynçylyk däp bolan ulag gatnawlary ulgamynda soraglaryň bardygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we häzirki döwürde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjün edilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, täze ulgamlary we ölçegleri ýola goýmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistan şeýle şertlerde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň möhüm we geljegi uly bolan merkezi hökmünde öz mümkinçiliklerini teklip etmelidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni gury ýol we deňiz üpjünçilik ulgamlaryna çekmelidir. Biziň diplomatiýamyz hem köp derejede bu wezipäni çözmäge niýetlenendir.

Pandemiýa bilen bagly soraglar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ylmy diplomatiýa boýunça tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Biz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, onuň Aşgabatdaky Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça edarasy bilen oňat iş gatnaşyklaryny ýola goýduk. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pandemiýa garşy göreşde tagallalaryny goldaýarys, özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde howply ýokanç kesellere garşy göreşde halkara ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda anyk hereketleriň we başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmek, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda olary goldamak we durmuşa geçirmek boýunça maksatlaýyn çäreleri geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň halkara syýasy ornunyň we abraýynyň artýandygyny belledi. Ýurdumyzyň ykdysady, serişde, önümçilik binýady we mümkinçilikleri berkeýär. Şonuň netijesinde, dünýäniň dürli sebitlerinde ýurdumyzyň bähbitleriniň gerimi hem giňelýär.

Merkezi Aziýa we Hazar sebiti döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ýurdumyzyň bu döwletlerdäki ilçilerine köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esaslarda gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ilçilerimiz bu döwletleriň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň syýasy we ykdysady netijelerini ýerine ýetirmek we öňe sürmek boýunça işlere aýratyn üns bermelidir. Şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hyzmatdaşlarymyzyň ünsüni hemişe çekmegi üpjün etmelidir.

Azerbaýjandaky, Eýrandaky, Gazagystandaky, Russiýadaky ilçilerimize bu ýurtlaryň hökümetleri bilen Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly özara gatnaşyklary güýçlendirmek tabşyryldy.

Bu sammit şu ýyl belli sebäplere görä geçirilmedi. Ýagdaýlar mümkinçilik beren badyna, biz bu sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde we many-mazmuna baý görnüşde hökman geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu soragy hemişe gözegçilikde saklamagyň geljek döwürde öňde durýan ileri tutulýan wezipedigini nygtady.

Geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin hem ähli zerur şertleri üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazandyk. Gatnaşyklarymyzy, şol sanda Hazar we Gara deňizleriniň zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklarymyzy toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinýändigimizi we oňa taýýardygymyzy tassykladyk. Bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişlidir.

Biziň ýurdumyz Hytaý Halk Respublikasy we Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge doly eýerýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we şol döwletler bilen gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini we olara daşky ýagdaýlaryň täsir etmeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde biz bu gatnaşyklarda ykdysady, energetika, ulag ugurlaryna aýratyn üns berýäris.

Geljek döwürde Owganystan, Eýran, Pakistan, Hindistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hem örän uly üns bereris. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlarynda örän möhüm üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň ençemesini gurmak öňe sürüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmäge özüniň doly eýerýändigini, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, şeýle hyzmatdaşlygyň oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine we onuň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi.

Biz hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda, maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman şäher aglomerasiýalaryny döretmek babatda gözlemäge taýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etmegiň goldanylýandygyny nygtady. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda bu döwletler bilen biziň bähbitlerimiz golaýdyr ýa-da gabat gelýär. Şonuň netijesinde, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly giňişlik açylýar.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Arap dünýäsi, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen has ýakyndan we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen möhüm ählumumy soraglary çözmekde özara düşünişmegi we tagallalary birleşdirmegi berkitmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Türkmenistan üçin köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň işine başlangyçlary öňe sürüp ýakyndan gatnaşmak strategik taýdan ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, Milletler Bileleşiginiň maksatlaryny we gymmatlyklaryny, bu guramanyň Tertipnamasynyň kadalaryny mundan beýläk-de ileri tutarys. Olar häzirki zaman dünýäsiniň binýadynyň esasy sütünleri bolmagynda galýar.

Bu esasy sütünler deňhukuklylyk, halkara hukugyň kadalaryna, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bolup durýar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň wezipeleriniň ähmiýetini ýitirmäge, onuň dünýäniň halklary üçin ýokary wezipesini peseltmäge synanyşyklary hiç wagt ylalaşyp bolmajak ýagdaý hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz nygtady we BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň dowam etdiriljekdigini belledi.

Soňky döwürde Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi ýaly iri birleşikler bilen özara gatnaşyklarynda ösüş gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan ugurlaryny, Ýewraziýada häzirki zaman energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň we has-da güýçlendirmegiň maksat edinilýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna netijeli we döredijilikli gatnaşmagyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy hökmünde dünýä giňişliginde parahatçylygy söýüjilik, adalatlylyk we deňhukuklylyk maksatlaryny ykrar etmäge öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, yslam dünýäsiniň kanuny bähbitlerini goramakda onuň ornuny berkitmek hem ýurdumyzyň daşary syýasatynda mundan beýläk-de möhüm orny eýelär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de dünýä giňişliginde uly we döredijilikli işleri alyp barar. Biziň daşary syýasatymyz we diplomatiýamyz hemişe işjeň ýagdaýda bolup, başlangyçlary öňe sürmelidir. Bolup geçýän özgerişlere laýyklykda, öz wagtynda, netijeli hereket etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Çalt depginler bilen ösýän, kuwwatly we durnukly döwlete öwrüldi. Gazanan bu örän uly üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz häzirki döwürde we geljekde dünýäde ýurdumyzyň berk ornuny üpjün etmäge niýetlenendir. Biziň dostlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň sanyny artdyrmaga, içerki ösüş we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatyň ykrar edilen we täsirli şertine öwrüldi. Özüniň häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýändigini, örän zerurdygyny we ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna gabat gelýändigini doly subut etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bitaraplyga esaslanyp, bu ugra sazlaşykly laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak mümkinçiliklerini artdyryp, Türkmenistan daşary syýasat ugruny ynamly we üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Öz strategik maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Bu işde biz diplomatiýamyza esasy orny degişli edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we mukaddes Watanymyzyň milli bähbitlerini goramakda olaryň ýokary hünär ussatlygyna, tejribesine, bilimlerine we tutanýerliligine bil baglanylýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda ilçilere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň diplomatlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen yglan edilen we tutuş dünýäde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň biragyzdan goldawyna mynasyp bolýandygy nygtaldy. Ýurdumyzda ýokary derejeli möhüm çäreleriň üstünlikli geçirilmegi, döwlet Baştutanymyzyň iri halkara forumlara gatnaşmagy, şu ýyl YHG-da başlyklyk etmegi ata Watanymyzyň hem-de milli Liderimiziň dünýä giňişliginde abraýynyň barha belent derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty sebit we dünýä derejesinde ykrar edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasydyr. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlaryň döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny hem-de öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändikleri bellenildi.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen, netijeli zähmet çekmek hem-de ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin diplomatik gulluklaryň işgärlerine ähli şertleriň döredilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalary gurulýar. Türkmen diplomatlary döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Munuň özi diplomatlary has netijeli işlemäge ruhlandyrýar we borçly edýär.

Bularyň ählisi diplomatik gulluklaryň işgärleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň öňündäki jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ajaýyp üstünlikler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan iri düzümleýin taslamalar gülläp ösýän Watanymyza, onuň belent halkara abraýyna hakyky buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň HHR-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi türkmen diplomatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ähli asylly başlangyçlarynda täze, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini jemläp, türkmeniň toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini belledi. Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenildi. Toýlarymyz toýlara ulaşýar. 12-nji dekabrda bolsa Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläris.

Şu gün siz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga hem-de ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyňyz üçin Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny alarsyňyz diýip, milli Liderimiz aýtdy. 11-nji dekabrda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara maslahata garnaşarsyňyz. Bu sene türkmen halkynyň tutuş taryhyň dowamynda eýerip gelýän parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk hem-de ynsanperwerlik ýaly belent ýörelgeleriniň dabaralanmasynyň aýdyň nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, abadan we bagtyýar durmuş, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, Russiýada ýokary ykdysady görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Astrahan oblastynyň gubernatory pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň ýakynlaşyp gelýän 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de rowaçlyk we gülläp ösüş ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen bu dereje gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň işjeň hem-de oňyn orny eýeleýändiginiň beýanydyr.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýtdy we türkmen-rus gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we esasy senagat merkezleri bilen oňyn gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzy öňden gelýän ykdysady hem-de medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, möhüm ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar soňky wagtda ösüşiň oňat depgini bilen tapawutlanýar.

Milli Liderimiz Russiýanyň ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwletara, hökümetara hem-de beýleki derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün edýär. Bu bolsa häzirki döwrüň ýagdaýyny we geljekki meýilnamalary nazara alyp, özara gatnaşyklaryň döwrebap görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Myhmanyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, ilkinji nobatda, transmilli üstaşyr ulag geçelgeleri we logistika merkezlerini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleri açýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek geljegi uly we häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň deňiz menzilleriniň birnäçesine, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň “Olýa” deňiz portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan möhüm pudaklardaky özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmek, döredijilikli başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça oňyn pikirleri öňe sürýär. Türkmenistan bu babatda anyk çäreleri görýär. Munuň şeýledigine bu ulgamda durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylýan sebit ähmiýetli taslamalar mysal bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanda iri forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we onuň jemleri boýunça döwletara hem-de sebitara gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän ähmiýetli çözgütleriň kabul edilýändigini nygtady.

Nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly işler möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalarynyň işleýändigi nygtaldy. Olar bilen bilelikde wajyp taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikler bar.

Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde türkmenleriň uly kowçum bolup ýaşaýandygyny nazara alanyňda, wajyp ähmiýete eýe bolan ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýaly gubernator ýurdumyzyň talyplaryny Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde okatmak işini dowam etdirmek babatda pikirini aýtdy. 2009-njy ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, Astrahan oblastynda türkmen tarapynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdebi gurmagy medeniýet hem-de bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklaryň ajaýyp mysallary bolup hyzmat edýär.

Igor Babuşkin pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine örän uly üns berýändigi, Türkmenistanyň bu sebite koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekdäki ynsanperwer kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine özara ynam bildirildi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

***

Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan geňeşiniň çäklerinde bilelikdäki işleriň ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, söwda, gurluşyk, gämigurluşyk hem-de deňiz logistikasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň sebitleriniň deňizara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini hem bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Astrahan oblastynyň ykdysady düzümleri, hususan-da, “Perwomaýskiý sudoremontnyý zawod” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen ýük we nebit guýulýan tankerleri abatlamak boýunça türkmen tarapynyň netijeli hyzmatdaşlygy barada aýdyldy.

Söhbetdeşler ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar bolan beýleki ulgamlarda hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

10.12.2021
Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Ugurdaş düzümi öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Buýruga gol çekdi. Resminama bilen, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda işleýän Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitiniň “B” böleginiň günbatar tarapynda ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalarynda suw üpjünçiligini gurnamak üçin umumy meýdany 26,55 gektar, şol sanda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwründe, suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer bölegini gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä bermek bellenildi.

Oktýabr aýynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama bar.

Bu resminamalar ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Şeýle resminamalar ýurdumyzyň diňe bir çig mal serişdelerini ibermek bilen çäklenmän, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemäge hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, telekeçilik işini üstünlikli alyp barmakda ähli şertler döredilýär. Energetika pudagynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Nebitgaz toplumyny ösdürmäge düýpli serişdeler goýberilýär, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberijileriň esasylarynyň hatarynda durýar. Eziz Diýarymyz çäk taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary göz öňünde tutulanda, Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary hem-de beýleki dürli ugurlar boýunça tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplanan oňyn tejribesini, türkmen “mawy ýangyjyny” dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Ýurdumyz tebigy gazy has düýpli hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberiji hökmündäki abraýly ornuny pugtalandyrdy hem-de energetika eksportynyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika telekeçiliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky mümkinçiliklerini hil taýdan özgerdýär.

Eksport etmek bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine ösýän içerki islegi kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesidir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki ulgamlaryň çalt depginde ösdürilmegi bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze iri senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi.

Nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hem-de düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugrudyr.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga tutuş dünýäde abadançylygyň hem-de rowaçlygyň esasy şerti hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekip gelýär. Bu ugurda halkara derejedäki işler amala aşyrylýar.

Dünýä işewürlik senenamasynda pugta orun eýelän forumlar hem-de maslahatlar ýurdumyza hem-de onuň mümkinçiliklerine bolan uly gyzyklanma şaýatlyk edýär. Bu bolsa işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ösdürmek, maýa goýumlar üçin netijeli ugurlary gözlemegiň esasy şertidir.

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat munuň aýdyň mysaly boldy. Wekilçilikli forum energetika pudagynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. Bu maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn görnüşde dünýäniň onlarça ýurduna görkezildi. Oňa Hökümet düzüminiň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata dünýäniň 30-a golaý döwletinden kompaniýalaryň 100-den gowragynyň, iri daşary ýurt guramalarynyň hem-de banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly goşuldylar. Çärä gatnaşyjylaryň şeýle giň düzümi ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de nebitiň we gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen dürli döwletleriň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmasynyň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanma milli Liderimiziň “Açyk gapylar” syýasaty hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlary bilen baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde ugradýan döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bolup durýar.

Maslahatyň işiniň barşynda “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn”, «Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn”, “Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary”, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljegiň açary”, “Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlary hem-de nou-haulary” ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berildi.

“Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljegiň açary” diýen mesele boýunça mejlisiň Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminde hem geçirilip, şol ýerden göni ýaýlymda görkezilmegi bellärliklidir.

Foruma gatnaşan daşary ýurtly bilermenler dünýäniň energetika bazarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny seljerdiler, şol sanda transmilli düzüm taslamalaryny amala aşyrmak babatda tejribe alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelerde parasatly öňdengörüjiligi, ýangyç-energetika toplumynyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary, şeýle hem bu guramanyň Sekretariaty tarapyndan guralan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň işewürleriniň duşuşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen giň we köpugurly gatnaşyklar olaryň hem-de iri maýadarlaryň yklymyň ykdysady ýollarynyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyndan peýdalanmaga hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Daşary ýurtly esasy maýadarlaryň gyzyklanmalary ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleri hem-de eksport mümkinçilikleri we senagatlaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.

“YHG-nyň sebitinde senagat pudagyny hem-de ulag-logistika hyzmatlaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek” atly forumyň mejlisiniň çäklerinde durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, rezin-tehniki önümler, emeli süýüm, organiki polimerler ýaly tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň netijeli önümçiligini ýola goýmak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Dürli pudaklarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürlik düzümleriniň, kiçi we orta telekeçiligiň ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.

Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleriniň hem-de YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi ata Watanymyzyň ýangyç-energetika bazarynda esasy strategik tarap hökmünde geljegi uly orny üçin mäkäm binýady döretdi.

Ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň serişde kuwwatyna we artykmaçlyklaryna sebit we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge oňyn täsiriň şertleri, hyzmatdaşlaryň türkmen uglewodorodlarynyň çeşmelerine hem-de olary ibermegiň serişdelerine deňhukukly elýeterliligiň esasynda energetika giňişliginde bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň möhüm şerti hökmünde garalýar.

Döwletimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň şanly wakasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga, esasy sebit we dünýä wezipelerini çözmekde işjeň orna ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygy meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak, guramanyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin mümkinçilik döretdi.

Sammite gatnaşyjylar duşuşygyň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygyny biragyzdan kabul etdiler, ol sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we berkitmek boýunça agza ýurtlaryň esasy ugurlaryny özünde jemledi.

Bu möhüm resminamada, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, hususan-da, adalatly we deňhukukly energetika geçilmeginiň dünýäniň we sebitiň energetika howpsuzlygynyň, rowaçlygyň möhüm esasyna öwrüljekdigini ykrar etdiler. Şeýle hem olar YHG-nyň agza döwletleriniň milli energetika ulgamlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýyny artdyrmak hem-de energiýanyň durnukly önümçiligini, energonetijeliligini we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň 21-nji bölüminde energetika pudagynda, şol sanda nebit we gaz, elektrik energiýasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, gidroenergiýa we beýleki ulgamlarda, şol bir wagtda energiýa netijeliligine, energetika düzümleriniň ösdürilmegine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, şeýle hem nebit we gaz geçirijileriniň, energiýa bilen sebit içi söwdany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygyň zerurdygyny tassyklamak; YHG sebitinde energiýa serişdeleriniň söwdasyny hem-de olaryň iberilişini giňeltmek, elektrik energiýasynyň eksportyny we importyny ýönekeýleşdirmek hem-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, şeýle hem sebitiň energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek maksady bilen, elektrik energiýasynyň sebit bazaryny (YHG ESB) döretmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça öňdengörüjilikli strategiýasy ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

(TDH)

09.12.2021
2021-nji ýylyň noýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen aý ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşginleri çaýyp, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny, abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýetli wakalara beslendi.

Ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi syýasy geňeşmeleri, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde köp sanly duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri, ugurdaş sergileri, işewürler forumlaryny, beýleki medeni çäreleri geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol çäreler hasabat döwründe ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan giň gerimde guraldy.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu mejlis geçen aýyň başynda Beýik Britaniýanyň iri şäherleriniň biri bolan Glazgoda geçirildi.

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli babatda adamlaryň abadan durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Her ýyl geçirilýän ählumumy foruma ýurdumyzyň gatnaşmagy Türkmenistanyň garalýan meselä örän jogapkärli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin uly wehimlere garşy göreşmekde umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň wajypdygyna düşünýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Wise-premýer forumda çykyş edip, türkmen tarapynyň howa meselesi boýunça yzygiderli halkara gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýandygyny hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň gazanylan çözgütleri ýerine ýetirmek boýunça tagallalaryny goldaýandygyny, olary ýerine ýetirmäge ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Möhüm oňyn başlangyçlary öňe süren türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çuň manyly çykyşy maslahata gatnaşyjylaryň giň goldawyna mynasyp boldy. Bu teklipler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beýan eden pikirlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Şol teklipler bolsa ýurdumyzyň örän wajyp howa we ekologik meselelerinde düýpli garaýyşlaryny beýan edýär hem-de bu meseleleri milli, sebit, ählumumy derejede çözmegiň anyk ýollaryny, gurallaryny kesgitleýär.

3-nji noýabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly BMG-niň Merkezi Aziýa üçin adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdiriýetiniň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem gatnaşdy.

Taraplar bu möhüm ulgamda ýurdumyzyň gazananlaryny belläp, ynsanperwer ölçegleriň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuk ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň şu ýylyň ikinji ýarymy üçin hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň agzalary sanly ulgam arkaly Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň şu ýylyň 3-4-nji noýabrynda geçirilen 19-njy güýzki mejlisine gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi, hususan-da, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almak we kadalaşdyrmak, gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna gatnaşýan parlamentleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşyk geçirildi. Geçirilen netijeli söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Awstriýanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini geçirmek teklip edildi.

Halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde dünýä bileleşiginiň owgan meselesini parahatçylykly hem-de ynsanperwerlikli ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça tagallalaryny mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen Owganystandaky ýagdaý boýunça sanly ulgam arkaly duşuşygyň öz wagtynda guralandygy nygtaldy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler Federal ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi.

Şol gün Söwda-senagat edarasynda bu dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Awstriýaly hyzmatdaşlar bilen maýa goýum babatda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljegi, innowasion enjamlaryň, şol sanda radiogepleşikleri alyp bermek, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Umumy pikire görä, Awstriýanyň wekiliýetiniň şu sapary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen giň gerimli gatnaşyklaryň ösdürilmegini göz öňünde tutýan daşary syýasy strategiýasy bilen baglylykda däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty güýz paslynyň soňky aýynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Ol “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga hem-de ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlary bilen baglylykda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde sanly ulgam arkaly geçirilen foruma dünýäniň 25 ýurdundan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary — aragatnaşygyň dürli görnüşleri hem-de maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless”, “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýalar düzümini ösdürmäge aýratyn üns berýändigi netijesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi bolsa diňe bir ýurdumyzyň tutuş ilatyny häzirki zaman hyzmatlary bilen gurşap almaga däl, eýsem, maglumatlary geçirmekde möhüm üstaşyr merkez hökmünde Türkmenistanyň sebitde eýeleýän ornunyň has-da pugtalanmagyna mümkinçilik berýär. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşanlar ýurdumyzda döwrebap pudaklaýyn düzümiň, innowasion iş üçin mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny belläp, özleriniň türkmen kärdeşleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Şu ýylyň 10 — 12-nji noýabry aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde pandemiýa we saglyk bilen baglanyşykly beýleki meseleleri beýan etmek boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslahatyny gurady. Ysraýylyň, Russiýa Federasiýasynyň halkara bilermenleri jemgyýetçilik saglygy goraýşy, şol sanda pandemiýa bilen baglanyşykly meseleleri beýan etmekde žurnalistleriň hünär standartlary we borçlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlarynyň many-mazmunynyň ölçegleri, maglumatlara ünsi çekmegiň usullary barada jikme-jik maglumatlary berdiler.

15-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit direktory hanym Dorit Nisanyň ýolbaşçylygyndaky BSGG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen geçiren duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen BSGG-niň hyzmatdaşlygynyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy hem-de türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň birnäçesi, şol sanda wirusologiýa we bakteriologiýa, epidemiologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek hem-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak baradaky başlangyçlary boýunça teklipler beýan edildi.

18-nji noýabrda, ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan 2021 — 2025-nji ýyllar döwür üçin Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Maksatnamanyň esasy maksady gidrologiýa ulgamynda bilimleri giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, bu ulgamda ylmy-barlaglaryň usullaryny we çemeleşmelerini ösdürmäge, dünýäde suw serişdelerini netijeli durnukly dolandyrmak we rejeli ulanmak üçin strategiýany hem-de syýasaty işläp taýýarlamaga ýardam bermekden ybaratdyr. Halkara gidrologiýa maksatnamalaryny meýilleşdirmek, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak Hökümetara geňeşiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça halkara we sebit işlerine işjeň gatnaşmak boýunça edýän tagallalarynyň nobatdaky aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ekologiýa we suw diplomatiýasy ulgamynda amala aşyrylýan Döwlet maksatnamalaryna laýyk gelýär.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky ÝTÖB-niň wekiliýeti bilen 19-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, köp ugurlar, şol sanda energetika, ulag, ýeňil senagat ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek, ekologik meseläni nazara almak bilen, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili ÝTÖB-niň 2019 — 2024-nji ýyllar döwri üçin ýurt strategiýasyna laýyklykda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtap, geljekde bilelikde işlemek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

19-njy noýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Merkezi Aziýadaky Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň sebit wekili Hans Fridrih Şodder bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işe syn berildi hem-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine garaldy.

Şol gün sanly ulgam arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Taraplar şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nebitgaz pudagynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlisiň çäklerinde şeýle hem söwdanyň möçberini artdyrmak, gaz ýataklaryny özleşdirmek, önümçiligi artdyrmak hem-de maliýeleşdirmek ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şondan birnäçe gün soň, 22-nji noýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP-niň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Onlaýn duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Taraplar köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem-de “Hytaý + Merkezi Aziýa” görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Mejlisiň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň 5-nji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021 — 2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bar.

22-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşinde Täjigistanyň paýtagtynda geçen nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmen tarapy şu aýyň başynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen “ÝB — Merkezi Aziýa” ykdysady forumynda kesgitlenen maksatlar we ileri tutulýan ugurlar barada aýdyp, ykdysady ulgamda bilelikdäki hereketleriň yzygiderliligini işläp taýýarlamagy, ylalaşmagy hem-de indiki ykdysady forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi, energetika, senagat, söwda, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny onuň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň işine işjeň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň beýany bolup durýar.

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin ösüşe ygrarlylygyna esaslanýar.

Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýubileý duşuşygyna gatnaşyjylara Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi. Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegini “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolandygyny bellemek gerek. 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti şu döwürde ýerine ýetirilen işleriň özboluşly jeminiň jemlemesine öwrüldi.

Bu ählumumy forumyň öňüsyrasynda YHG-a agza ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň utgaşykly görnüşde işewürler duşuşygy geçirildi. Onuň işine wekilleriň 170-den gowragy gatnaşdy, şeýle hem dürli ýurtlardan gatnaşyjylaryň 270-den gowragy ara alyp maslahatlaşmalara sanly ulgam arkaly goşuldy. Şeýlelikde, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň, banklarynyň we hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini birleşdiren işewürler forumy halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolup, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda YHG-a agza ýurtlaryň ýokary wezipeli adamlarynyň maslahaty hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyry boldy.

Umumy pikire görä, sammitde kabul edilen çözgütler we onuň jemleýji resminamasy, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşi, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge ýardam eder.

Noýabr aýynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen halkara ähmiýetli dürli möhüm çäreleriň syny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan täze ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan açyklyk, halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini giňeldýär we berkidýär.

(TDH)

08.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmaga alyp barýan ýoldur

16-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekip, soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleriň öndürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Şolaryň ykdysady taýdan bähbitliligi şol dökünlerde, iň azyndan, iki täsirli serişdeleriň bardygy bilen tapawutlanýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, ýeriň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygy esasynda taýýarlanyldy. Karara laýyklykda, şol önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin gazna tarapyndan karz serişdeleriniň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu çözgüt içerki Karz ylalaşygy esasynda amala aşyrylar. Ylalaşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň arasynda baglaşylar.

Obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, oba hojalygy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň şu ýyl tamamlanýan bilelikdäki “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” taslamasy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu taslama Ählumumy ekologiýa gaznasynyň ýanyndaky Ýörite howa gaznasynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde amala aşyrylýar. Taslamanyň maksady suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ahyrky netijede bolsa, kärendeçileriň girdejilerini hem-de oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk işini ilerletmek üçin innowasion tehnologiýalar we uýgunlaşmak çäreleri barada tejribe hem-de bilimleri almaga ýardam etmekden ybaratdyr.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda maldarçylyk hojalyklarydyr daýhan birleşikleri taslamada göz öňünde tutulan işler bilen gurşalyp alyndy. Maksatnamanyň çäklerinde suw hojalyk we oba hojalyk ulgamlarynda uýgunlaşmak tehnologiýalaryny ulanmak arkaly birnäçe çäreler amala aşyryldy.

Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen oba hojalygyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu gurama bilen bilelikde sebit taslamalarynyň 5-si durmuşa geçirilýär hem-de ýokarda agzalan ulgamlarda halkara tejribä daýanylyp, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we häzirki zaman ylmy çemeleşmeleri ornaşdyrylýar.

Türkmenistanda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň wekilhanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilmegi FAO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, täze, ýurdumyz üçin örän wajyp taslamalary işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýardam eder. «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna» esaslanyp, FAO guramasynyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.

Türkmenistan FAO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berip, ykdysadyýetiň oba hojalygy ýaly möhüm pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, şol sanda obasenagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önüm öndürijileri goldamak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çärelerde özüniň oňyn tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.

Obasenagat toplumy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň örän möhüm pudagy bolup, ol senagaty çig mal bilen üpjün edýär, ilat üçin azyk bolçulygyny döredýär hem-de tutuş halk hojalygynyň ösmegine kuwwatly itergi berýär. Soňky ýyllarda bazar özgertmeleriniň amala aşyrylmagy hem-de telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde bu pudak diňe bir içerki wezipeleri çözmekde däl, eýsem, ýokary hilli türkmen önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda hem özüniň kuwwatyny barha artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, obalaryň durmuş we ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin maliýe-ykdysady höweslendiriş çärelerini, ýeňillikli şertleri hödürlemäge, hojalygy ýöretmegiň innowasion tehnologiýalaryny we döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler obasenagat toplumynyň okgunly ösmegine ýardam edýär. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda bellenilip geçilen, däp bolan Hasyl toýy oba zähmetkeşleriniň obasenagat toplumynyň ähli ulgamlarynda gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezdi.

Ýurdumyzda esasy oba hojalyk önümleri bolan bugdaý we pagta öndürmek boýunça döwlet tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirildi. Hususan-da, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilen ýylynda türkmen daýhanlary, kärendeçileri, mehanizatorlary guşgursak bugdaýyň 1,4 million tonnadan gowragyny hem-de “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Bu gazanylan üstünlikler azyk howpsuzlygy babatda möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen birlikde, maldarçylyk, guşçulyk, gök we bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik, balçylyk ýaly pudaklar hem-de oba hojalyk işiniň beýleki görnüşleri okgunly ösdürilýär.

Şeýlelikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ekerançylary şalynyň, Mary we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary bolsa gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň hem-de guşlaryň baş sany artýar. Türkmen daýhanlary banan, zeýtun, malina, pisse ýaly önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler.

“Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” ýer we suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümçiligine ylmyň we sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, tohumçylygy we seçgiçiligi kämilleşdirmek, oba hojalygynyň gaýtadan işleýän senagatynyň hem-de pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi obasenagat toplumynyň jemi içerki önüme goşandyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan täze ýyladyşhana toplumlarynyň altysynyň açylmagy Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana iberilýän pomidoryň möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam etdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde hususy maýa goýumlaryň döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmegiň esasy bolmalydygyny nygtaýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberlerini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde hususy önüm öndürijilere bellenen tertipde bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek üçin ýer bölekleri berilýär.

Hökümetiň ýokarda agzalan mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek we olary paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, ýuridik şahslara hem-de raýatlara uzak möhletleýin ulanmaga bermek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Bu ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin bugdaý we gowaça hasylyny ösdürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä we döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açýar.

Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmek hukugyna eýe bolan kärendeçiler, fermerler we daýhan birleşikleri, özüniň işewürligini açan telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, olary saklamak, daşamak hem-de ýerlemek bilen meşgullanýarlar, içerki bazarlary dürli azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Olar önümleriň artyk bölegini daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligine eýedirler.

Türkmenistanda ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmäge we olaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, obasenagat toplumynyň tehniki parkyny yzygiderli täzeläp durmak üçin dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri üçin “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň uly tapgyry satyn alyndy. Telekeçiler meşhur amerikan kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny bank karzlary arkaly satyn alyp bilýärler.

Ozal satyn alnan tehnikalary kadaly iş ýagdaýynda saklamak üçin “John Deere” hem-de “Claas” kysymly sürüm we bejergi traktorlary hem-de “John Deere” kombaýnlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada çözgüt kabul edildi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täze tehnikalar bilen üpjün edilmegi oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.

Döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly suw serişdelerini rejeli ulanmak oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň möhüm ugrudyr. Bu babatda Bereket etrabynda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlaryna Garagum derýasynyň suwuny akdyrmak üçin niýetlenen täze suw howdanynyň işe girizilmegi möhüm waka boldy. Göwrümi 18 million kub metre barabar bolan suw howdany güýz-gyş aýlarynda derýanyň aşaky akymynda suwy ýygnamak, ekerançylyk ýerleriniň suwarylýan wagtynda suwuň paýlanyşyny sazlamak üçin niýetlenendir.

Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan döwrebap suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi, oba hojalyk ulgamyny okgunly ösdürmegiň, dürli oba hojalyk ekinleriniň yzygiderli ýokary hasylyny almagyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň möhüm şerti hökmünde suwarymly ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, her bir welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan oba hojalyk ekinlerini özleşdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak maksady bilen, yzygiderli çäreler görülýär. Şonuň bilen birlikde, seçgiçilik, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan ekinleriň täze görnüşlerini döretmek ulgamynda işler işjeňleşdirilýär.

Şu günler oba zähmetkeşleri agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmak, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak hem-de ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça giň gerimli möwsümleýin işleri alyp barýarlar. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasyly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de ilatyň ter we ýokary hilli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

(TDH)

07.12.2021
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň garamagyna “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Kanunlaryň hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.

Deputatlar aýry-aýry adamlara durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşanlarynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän uly çärelere ünsi çekdiler. Şol syýasatyň baş maksady mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Täze Kanunyň taslamasynda durmuş hyzmaty düşünjesine kesgitleme berilýär hem-de mazmuny açylyp görkezilýär. Ol aýry-aýry adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, öz şahsy isleglerini özbaşdak üpjün etmek mümkinçiligini giňeltmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleri hem-de hereketleri göz öňünde tutýar.

“Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” Kanunyň taslamasy ara alyp maslahatlaşylanda hem gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmek boýunça başy başlanan giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüni almak baradaky meseleleri çözmekde aýratyn jogapkärçilik görkezýär hem-de bu ugurda uly üstünlikleri gazandy. Munuň şeýledigine ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşan ajaýyp goşandy üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyza gowşuran güwänamasy şaýatlyk edýär.

Deputatlar bu Kanunyň taslamasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hem-de olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýändigini hem-de halkymyzyň saglygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan oňyn şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigini nygtadylar.

Soňra “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi. Ol aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, aw serişdelerini dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak babatdaky işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, bu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bu resminama ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatyna laýyklykda garalýandygy hem-de onuň aw baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmaga, awçylyga aňly-düşünjeli çemeleşmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler. Şol özgertmeler ata Watanymyzyň durmuşynyň dürli ulgamlaryny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilendir.

www.turkmenmetbugat.gov.tm

06.12.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze sepgitlerine tarap

Döwlet we halkara derejesindäki birnäçe wakalary özünde jemlän geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen okgunly öňe barýandygynyň, adamlar, olaryň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň iň esasy ugrudygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

29-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň alnyp barlyşy hem-de öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şol gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we geljegi, hususan-da, Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri barada pikir alşyldy.

Işewür hormatly Prezidentimizi “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde täze, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady. Şunda geljegi uly türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de hukuk binýadynyň uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegine, ugurdaş düzümleriň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini goýmak üçin ygtybarly kepil bolup durýandygy bellenildi.

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdiler.

Şeýle hem mejlisde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň işi hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Harby we hukuk goraýjy edaralar bu assosiasiýanyň agzalary bolmak bilen, türkmen alabaýlaryny degişli düzümleriň işinde, hususan-da, serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük hem-de migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanýarlar. Geljekde assosiasiýa harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde itşynaslyk boýunça ýörite okuwlary hem-de türgenleşik çärelerini guramagy meýilleşdirýär.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetini döretmek baradaky Karara gol çekdi. Müdiriýet harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak hem-de dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek işini ýola goýmak arkaly kömekçi hojalyklaryň işini döwrebap usulda kämilleşdirmek maksady bilen döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim, haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.

Milli Liderimiz dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak we ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi hem-de dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek, milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnamany tassyklady.

Bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlary işjeň çekmegiň, Hazarda geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň depginlerini artdyrmagyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Pudagyň düzümini, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen täze kärhanalary gurmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň depginine nägilelik bildirdi we geljek ýyl gurluşyklaryň sanyny has-da köpeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny, şunuň bilen baglylykda, bu toplumda gyssagly özgertmeleri geçirmegiň, gurluşyk serişdeleriniň senagat önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de täze iş orunlaryny döretmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça-da köp işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işlerini dowam etdirmek wajypdyr.

Milli Liderimiz telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalaryň ösmegi üçin maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek bermek boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak, şol harytlary beýleki döwletlerde mahabatlandyrmak zerurdyr. Ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirmäge hem-de ösüş meselelerini çözmäge ukyply täze iri tehnologik kompaniýalary we şereketleri döretmek dowam etdirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aýratyn-da, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, Garagum sährasynyň çäklerinde ekologik taslamalary amala aşyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy.

Ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlary barada aýdylanda bolsa, bu ulgamlaryň ähli ugurlarynda maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýatlaryny kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek wajypdyr.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, ýokanç keselleriň öňüni almagyň zerurdygyna ünsi çekdi we ýurdumyzyň ilatyna sanjym işleriniň doly derejede geçirilmegini talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmegiň meselelerine-de garaldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky meýdançalarda dabaralar ýaýbaňlandyrylyp, şol ýerde meşhur artistler, sungat ussatlary we çagalar döredijilik toparlary çykyş ederler.

Maşgala bolup garşylanylýan Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar şatlyk-şowhuna, ulular üçin bolşy ýaly, körpe nesiller üçin hem ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne we mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy dabaralandyrylan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ruhuna laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi hem-de ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlardyr azyk önümleri bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy, iň esasysy bolsa, nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi tabşyrdy.

Şeýle hem halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde milli hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezendigini belledi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli bellenen esasy çäreleriň köpüsi ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Şu ýyl 30 sany iri desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilen bolsa, hakykatda, olaryň sany 73-e ýetdi.

Ykdysadyýetde, öňküsi ýaly, ýokary, ýagny 6,2 göterim ösüş depgini saklandy. Hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Ýurdumyzda häzirki döwürde hem iri senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysynyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar bar.

Şeýle hem kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir. Işe girizilmegi bellenen ähli desgalaryň gurluşygy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmalydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy geljek ýylda ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamalara goşmaça itergi berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmalydygyny aýdyp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň dowam etdirilmelidigini, gyzyl pulda gelip gowuşýan serişdeler boýunça bellenen tabşyrygyň ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Biz dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän her hili üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidiris. Şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap, geljek ýylda ony has-da artdyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu aýda biz ýene-de bir senäni — Halkara Bitaraplyk gününi belläris. Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu baýram indi bütin dünýäde bellenip geçilýär. Şoňa görä-de, bu baýramy hem ýokary derejede geçirmek üçin hemmämiz gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýubileý ýylynda eziz Diýarymyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetdi. Işde gowy netijeler gazanyp, Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşan ýolbaşçylaryň ençemesi döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz yhlasly zähmeti bilen tapawutlanyp, berkarar döwletimiziň gazanýan ajaýyp netijelerine uly goşant goşan ýolbaşçylaryň ýene-de birtoparyny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Geçen hepde paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, gurama agza döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başlamagynyň öň ýanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sylaglamak dabarasy boldy.

Metbugat maslahatynda Aşgabat forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy. Onuň ähmiýeti YHG ýurtlarynyň bähbitlerinden has daşary çykýar hem-de kabul edilen çözgütleriň gerimi we derejesi babatynda yklymda tutuş geoykdysady ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge ukyplydyr.

YHG-nyň sammitinde ekologik taýdan arassa energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işler ylalaşyldy, COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bu guramanyň giňişliginde ulag we aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek, sebitiň baý energetika serişdelerini has netijeli peýdalanmak, YHG-nyň Erkin söwda zolagyny döretmek boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak babatda çözgütler kabul edildi.

Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda sammitde kabul edilen çözgütleriň hem-de onuň jemleýji resminamasynyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Bu çözgütler we resminama sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenildi.

YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda durmuş goldawyna mätäç çagalara aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan şol gazna degişli ugurda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplaryndaky we şäherlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Häzir olaryň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarynda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, olar üçin lukmançylyk maksatly degişli serişdeler bilen bagly tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada Çözgüde gol çekdi.

2-nji dekabrda Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Şunda eksport-import amallaryny artdyrmak we iberilýän harytlaryň, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmek boýunça iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar beýan edildi. Hususan-da, ýurtlarymyzy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak barada teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy gyrgyz hyzmatdaşlara Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Kanunlar kabul edildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ylmy taýdan esaslandyrylan, halk hojalyk toplumyny okgunly ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyz tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan çäreler öz beýanyny tapdy. Bu çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belent sepgitlerine ýetmäge kuwwatly itergi berýär.

(TDH)

06.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

03.12.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barlan gurluşyklar baradaky hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen we ulanylmaga berlen durmuş, önümçilik maksatly desgalar barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyk boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Sebäbi ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda heniz köp algy-bergiler bar. Şoňa görä-de, her ýolbaşçy öz pudagynyň maliýe ýagdaýyny seljermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligine haýal etmän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyny seljerip, özara hasaplaşyklary geçirip başlamagy tabşyrdy.

Alnan karz serişdeleri, beýleki edara-kärhanalaryň öňündäki bergiler öz nobatynda üzülmelidir. Umuman, bu ugurdaky meseleleriň ählisi çözülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ähli salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalyp alynmagyna berk gözegçilik edilmelidir. 2022-nji ýyl üçin gelip gowuşýan serişdeleri Merkezi bank seljermelidir.

Soňra Hökümet Baştutanynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de häkimlikleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak we ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça çäreler hakyndaky Kararyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleri we maslahatlary nazara alnyp, şeýle hem şu ýylyň 13-nji noýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ugurda öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak üçin anyk işleriň wajypdygyny belläp, Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, hödürlenen Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli ýolbaşçylara kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, bitum öndürmegiň meýilnamasy 140,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 121,4 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 132 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 göterim hem-de 136,7 göterim üpjün edildi.

Maýa goýumlar barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň, Hazarda geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň depginlerini artdyrmagyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlarda utgaşykly işi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, pudagyň düzümini, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen täze kärhanalary gurmagyň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de Hökümetiň ýylyň netijeleri boýunça geçiriljek mejlisinde bu ulgamdaky ýagdaýlara garaljakdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň geçen on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hakynda hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 139,5 göterim ýerine ýetirildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 113,6 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,6 göterime deň boldy.

Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 132,9 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,2 göterime, onuň eksporty bolsa 135,9 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 152 göterim berjaý etdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy şu ýylyň on bir aýynda 151,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň depginleri babatda nägilelik bildirdi we geljek ýyl gurluşyklaryň sanyny has-da köpeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny, şunuň bilen baglylykda, gurluşyk toplumynda gyssagly özgertmeleri geçirmegiň, gurluşyk serişdeleriniň senagat önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz täze iş orunlaryny döretmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça-da köp işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz telekeçiler bilen işleri güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar hem-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen gurluşyk we tehnologik kompaniýalardyr şereketleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz gurluşyk pudagy üçin maýa goýumlaryny köpräk gözlemegiň we çekmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we dokma toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 116,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 108,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,2 göterime, nah matalaryň önümçiligi 105,5 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 116,4, gön önümleriniň önümçiligi 104,7 göterime deň boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň on bir aýynda birža söwdalarynyň 273-si geçirilip, 29 müň 419 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 108 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 115,4 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 125,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalaryň ösmegi üçin maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek bermek boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň başlanandygyny, şoňa görä-de, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda, aýratyn-da, baýramçylyk günleri dürli önümleriň bolelin bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny, nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hem güýçlendirmegi tabşyryp, telekeçilere geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady.

Öz öndüren harytlarymyzyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň, şol harytlary beýleki döwletlerde mahabatlandyrmagyň üstünde hem köp işlemek zerurdyr. Milli Liderimiz ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirmäge hem-de ösüş meselelerini çözmäge ukyply, täze iri tehnologik kompaniýalaryny we şereketlerini döretmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda 2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe obasenagat toplumynda önümçilik möçberiniň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,7 göterime deň bolandygyny habar berdi. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 153,9 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe maýa goýumlaryň, esasan, oba we suw hojalygyny ösdürmek, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine ýüzlenip, häzirki döwürde geljek ýylda däneden, gowaçadan, şalydan, gök we miwe ekinlerinden bol hasyl almagyň binýadynyň tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede alyp barmagy, suwaryş we zeý akabalaryny arassalamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aýratyn-da, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, Garagum sährasynyň çäklerinde ekologiýa taslamalaryny amala aşyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň on bir aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.

“Türkmendemirýollary” agentliginde ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 137,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 131,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 111 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde, tutuş dünýäde çäklendirmeleriň girizilmegi bilen agentlikleriň maliýe durnuklylygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz sanlylaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda amala aşyrylýan taslamalary işjeňleşdirmegi we sanly ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan çäreler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şanly senelere bagyşlanyp döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, wagyz-nesihat işleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, döwlet maksatnamalaryndan hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler geçirildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 103,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda gazet-žurnallary elektron görnüşde ilata ýetirmegi üpjün etmek ulgamy kämilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, olara gabatlap gyzykly teleradiogepleşikleri, metbugatda makalalary taýýarlamagyň zerurdygyna wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz, şunuň bilen baglylykda, hünärmenleriň taýýarlyk derejesini hem-de ýaýlyma goýberilýän telegepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak we milli telewideniýäni ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň, tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetini düşündirmek, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça geçirilýän çäreler barada habardar etmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere we häkimleriň ählisine anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2021-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigi, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallaryna, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň jemi 132 görnüşi neşir edildi.

Ýylyň başyndan bäri halkara forumlaryň we ylmy maslahatlaryň birnäçesi geçirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri lukmançylyk işine ornaşdyrmak işjeň dowam etdirildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy we Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana açylyp, ulanylmaga berildi.

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyklaryna badalga berildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 20-sine gatnaşyp, bäş altyn, on kümüş, on dokuz bürünç, jemi 34 medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ylym we bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň ähli ugurlarynda maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýatlaryny kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Munuň özi ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalaryna hem degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda anyk işleriň we köp sanly çäreleriň, şol sanda halkara derejedäki wezipeleriň kesgitlenendigini belläp, wise-premýere olary degişli derejede taýýarlamak hem-de alnyp barylýan işlere gözegçiligi üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, ýokanç keselleriň öňüni almagyň zerurdygyna ünsi çekdi we ýurdumyzyň ilatyna sanjym işleriniň doly derejede geçirilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramagyň we olaryň abadançylygynyň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýandygyny belläp, giň halkara hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajypdygyny belläp, bu ugurda bilelikde iş alyp barmak boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri döwlet saparlary, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen geldiler.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin sebitiň ähli döwletleriniň Prezidentleri ýurdumyza geldiler.

28-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistan Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda hem-de resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynda boldy.

Ýylyň dowamynda onlaýn tertipde döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumyna, YHG-nyň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammitine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler, maslahatlaşmalar yzygiderli geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri hyzmatdaşlygyň dürli görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň hem birnäçesine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bagyşlanan halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, eýýäm häzirden halkara çäreleriň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, saparlaryň hem-de geljek ýylda ýurdumyza daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlarynyň meýilnamalaryny taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny nygtady. Şu ýylyň ahyrynda degişli resminamalara garalar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine ýüzlenip, ýakyn wagtda Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegiň iberilmeginiň guralmalydygyny belledi.

Soňra mejlisiň dowamynda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, ýurdumyzyň baş şäherini öňde boljak baýramçylyklara, şol sanda Täze ýyla taýýarlamak we bezemek boýunça beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan abadanlaşdyryş işleriniň meýilnamasy barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu ugra degişli birnäçe şekil taslamalary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem Täze ýyl baýramyny mynasyp derejede garşylamak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow geçen on bir aýda sebitde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralaryň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky meýdançada ýaýbaňlandyryljakdygy barada hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, häkim degişli şekil taslamalarynyň üsti bilen halkymyzyň agzybirliginiň we bagtyýar durmuşynyň nyşany bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde oturdyljak Täze ýyl arçasynyň bezegleri, yşyklandyryş ulgamy, meýdançanyň abadanlaşdyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň ilatynyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň söýgüli künjegine öwrülen we medeni-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde guraljak baýramçylyk dabaralary barada şekil taslamalarynyň üsti bilen hasabat berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow 2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda demirgazyk sebitde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, ýaz ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada hasabat berdi.

Häkim milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde Täze ýyl baýramy mynasybetli belli artistleriň, sungat ussatlarynyň we çagalar döredijilik tans toparlarynyň çykyşlarynyň guralmagynyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, dabaralaryň şu günüň ösen ruhuna kybap derejede guraljakdygyny aýtdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gündogar sebitiň ähli düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde Täze ýyl baýramy mynasybetli oturdyljak arçanyň bezeg işleri we meýdançanyň abadanlaşdyrylyşy barada şekil taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň etraplarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ekerançylyk meýdanlarynda şu günler möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda we onuň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, häkim şol ýerde guraljak medeni çäreler, aýdym-sazly çykyşlar we Täze ýyl arçasynyň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlaryň häkimlerine hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda Täze ýylyň hormatyna guraljak dabaralarda bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň şu günki ýeten derejesiniň, halkymyzyň eşretli durmuşynyň we ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda edilýän aladanyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.

Maşgala bolup garşylanylýan Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar şatlyk-şowhuna, ulular üçin bolşy ýaly, körpe nesiller üçin hem ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne we mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy dabaralandyrylan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ruhuna laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdiler.

Şeýle hem Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, ilatyň arasynda geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäreler barada habar berildi. Şonuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de sanly ulgamy we öňdebaryjy kanun çykaryjylyk tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowy sanly ulgam arkaly göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi we Halk Maslahaty bilen bilelikde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, milli hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertidir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, türkmenistanlylaryň jebisligini has-da berkitmek boýunça işler yzygiderli esasda geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde hem işlenip taýýarlanylýan täze Kanunlaryň hem-de döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini we many-mazmunyny, Bitarap Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän hem-de halkara ykrarnama we goldawa eýe bolan oňyn başlangyçlaryň mazmunyny düşündirmek boýunça çäreleriň guralmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlaryna hem-de Halk Maslahatynyň agzalaryna on bir aýyň jemleri boýunça ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçiriljek iş maslahatlaryna gatnaşmagy maslahat berdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezendigini belledi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli bellenen esasy çäreleriň köpüsi ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Şu ýyl 30 sany iri desga ulanmaga berilmeli bolsa, olaryň sany 73-e ýetdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetde, öňküsi ýaly, ýokary, ýagny 6,2 göterim ösüş depgini saklandy. Hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Ýurdumyzda häzirki döwürde hem iri senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdeplerdir çagalar baglary hem-de ençeme beýleki desgalar bar.

Şunuň bilen birlikde, haýal etmän çözülmegini talap edýän ençeme meseleler hem bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hasabat döwründe maýa goýumlaryň möçberi azaldy. Hususylaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek işleri haýal alnyp baryldy. Birnäçe pudaklar heniz talabalaýyk işlemeýär.

Şeýle hem kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmelidiris. Işe girizilmegi bellenen ähli desgalaryň gurluşygyny ýylyň ahyryna çenli tamamlamalydyrys. Ýurdumyzy geljek ýylda ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak döwlet maksatnamasyna goşmaça itergi bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy barada aýdyp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň dowam etdirilmelidigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz gyzyl pulda gelip gowuşýan serişdeler boýunça bellenen tabşyrygyň ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Häzirki döwür sazlaşygy bozmazdan, ykdysadyýetimizi işjeň ösdürmek üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär. Şoňa görä-de, biz dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän her hili üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidiris. Şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap, geljek ýylda ony has-da artdyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýylyň ahyryna çenli az wagt galandygyny aýdyp, galan döwrüň içinde ýubileý ýylynyň gowy netijeler bilen tamamlanmalydygyny, täze, 2022-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin köp meseleleriň çözülmelidigini belledi.

Şu aýda biz ýene-de bir senäni — Halkara Bitaraplyk gününi belläris. Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu baýram indi bütin dünýäde bellenip geçilýär. Şoňa görä-de, bu baýramy hem ýokary derejede geçirmek üçin hemmämiz gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýubileý ýylynda eziz Diýarymyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetdi. Işde gowy netijeler gazanyp, Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşan ýolbaşçylaryň ençemesi döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz yhlasly zähmeti bilen tapawutlanyp, berkarar döwletimiziň gazanýan ajaýyp netijelerine uly goşant goşan ýolbaşçylaryň ýene-de birtoparyny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna 6-njy dekabrda Milli Geňeşiň wekilleri bilen bilelikde, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine 7-nji dekabrda häkimliklerde, 8-nji dekabrda bolsa Milli Geňeşiň Mejlisinde we Halk Maslahatynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine jikme-jik seretmegi hem-de öňde duran wezipeleri kesgitlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

www.tdh.gov.tm

06.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/49204

04.12.2021
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer assosiasiýanyň işi hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary bolmak bilen, türkmen alabaýlaryny degişli düzümleriň işinde, hususan-da, serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük, migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanýarlar. Geljekde assosiasiýa harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde itşynaslyk boýunça ýörite okuwlary, türgenleşik çärelerini guramagy meýilleşdirýär.

Milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmak hem-de tohum arassalygyny saklamak, ýaş nesle itşynaslyk sungatyny öwretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçildi. Munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan tutuş dünýä peşgeş berlen gymmatlyklaryň örän uly ähmiýete eýediginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, 2021-nji ýylda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik geçirildi. Bu ada Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alabaýyň hem ahalteke bedewleri we ajaýyp halylar ýaly halkymyzyň milli baýlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Şol baýlyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alabaýlarynyň tohumçylygyny ösdürmek, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek şu ulgamda alnyp barylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Alabaýlaryň şan-şöhratyny artdyrmak, olary goramak we köpeltmek hem-de aýawly saklamak, şol sanda bu babatda halkara derejede işleri geçirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere, assosiasiýanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralar üçin gulluk itlerini taýýarlamagyň wajypdygyna aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, gulluk itlerini ýetişdirýän häzirki döwrüň itşynaslaryna ata-babalarymyzyň alabaýlary idetmekdäki tejribesi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we mundan beýläk-de bu ugurda maksadalaýyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň öz düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew harby bölümlerdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak hem-de Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, şu ýylyň 11 aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň döredijilikli durmuşyny üpjün etmekde goşunyň möhüm ornuny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Harby doktrinada ýurdumyzyň Bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarlydygyny nazara almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň anyk wezipeleriniň kesgitlenendigini nygtap, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy we goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz işgärleri taýýarlamagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, şahsy düzümiň okadylmagyny guramak hem-de hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, usulyýet, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýýarlygyny pugtalandyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda amala aşyrylan işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň prokuratura edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň bu edaranyň işiniň esasy ugry bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde sanly ulgamy işjeň ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi prokuratura edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gözegçilik işlerini çalt amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge, sanly düzümiň durnukly we bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge hem-de maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk prokuror gözegçiligini amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýollarda howpsuzlyk kadalaryny, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça görlen çäreler hem-de ýangyn howpsuzlygy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň öňünde möhüm wezipäniň — amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny döretmek, hukuk tertibiniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek wezipesiniň durýandygyny belläp, içeri işler ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin işgärleriň hünär derejesini we başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň guramaçylykly, maksadalaýyk häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda awtoulag serişdeleriniň sanynyň köpelmeginiň ulaglaryň gatnawynyň ýygylygynyň artmagyna täsir edýändigini aýdyp, ýol hereketiniň sazlaşykly guralmagynyň hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministrine bu edaranyň işgärleriniň durmuş meseleleriniň çözülmeginiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de milli kazyýet önümçilik ulgamyny özgertmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu edaranyň işgärleriniň öz işinde diňe hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydygyny belledi. Milli Liderimiz mundan beýläk-de işbaşarjaň, ýokary hünärli işgärleri seçip almaga aýratyn üns berilmelidigini nygtap, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda durnukly we asuda ýagdaýy saklamak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler hem-de işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şahsyýetiň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň konstitusion gurluşy, döwlet özygtyýarlylygyny, ýurdumyzyň çäk bitewüligini, ykdysady, ylmy-tehniki we goranyş kuwwatyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň 2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahsy düzümiň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, serhet bölümlerini döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly we oňyn gatnaşyklary ösdürmek işinde mynasyp orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna Watanymyzyň serhetlerinde asudalygy üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilata ýokary hünär derejesinde hukuk kömegini bermegiň, şol sanda hereket edýän we golaýda güýje giren kanunlary düşündirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz raýatlaryň yzygiderli guralýan jemgyýetçilik kabul edişlikleri mahalynda hukuk maslahatlaryny bermek tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de serhetden geçýän ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün etmek we edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä bileleşiginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň ýokarlanýandygynyň, ýurdumyza getirilýän harytlaryň hem-de üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ykdysady özgertmeler bilen şertlendirilendigini aýdyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, edaranyň işgärleriniň hem jogapkärçiliginiň artýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtap, geçirilýän ýükleriň has içgin barlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew döwlet syýasatynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen şu ýylyň on bir aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu edaranyň sazlaşykly işiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, umuman, eziz Diýarymyzyň dünýä giňişliginde abraýyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu edaranyň işgärleriniň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, ýokary hünär derejesini hem-de işe jogapkärli çemeleşmäni görkezmelidigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärler düzümini pugtalandyrmak hem-de harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hem aýdyldy.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby-syýasy strategiýanyň Watanymyzyň ählumumy howpsuzlyga we parahatçylyga berk ygrarlydygyny hem-de onuň öz bähbitlerini goramaga çalyşýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip, resminamada bellenilen işleriň ýerine ýetirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegiň ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmelerini amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Harby goranyş doktrinasyna laýyklykda, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gaýduwsyz Watan goragçylarynyň gullugy we durmuşy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine-de aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine öz üstlerine ýüklenen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/49001

03.12.2021