Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary
Mary — Türkmenabat, 4-nji ýanwar (TDH). Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy we iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew 2022-2023-nji ýyllar üçin niýetlenen iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologik-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem ýurdumyzda geofiziki we geologiýa-gözleg işlerini ösdürmäge döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlar üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ylmyň gazananlarynyň netijeli özleşdirilmegine möhüm ornuň degişlidigini belläp, ýola goýulýan hyzmatlaryň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan gaz känlerini döwrebaplaşdyrmak, täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek, dünýäde ekologik taýdan arassa gaz hökmünde ykrar edilen “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol pudakda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, sanly ulgama geçirmek, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliklerini döretmek ugrunda giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, amala aşyrylýan özgertmeleriň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Wise-premýer Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde ekologiýa ýagdaýyna, işleriň howpsuzlyk derejesine möhüm üns berilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitgaz toplumyna köp mukdarda maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini, şol serişdeleriň pudagy ösdürmekde, nebitgaz kärhanalaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmekde, geologiýa-gözleg, buraw işlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz känlerinde ýerine ýetirilýän işleriň howpsuzlyk derejesi hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hasabatlarda tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze känleri özleşdirmek boýunça bellenilen işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi.
Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işler, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze uglewodorod känlerini gözläp tapmak we ýüze çykarmak, olary ylmy esasda özleşdirmegiň hasabyna gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň mukdaryny artdyrmak hem-de önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Nebite we gaza baý gorlary bolan guýulary senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen meýdançalarda sanly ulgamy ulanmak arkaly degişli barlag işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, nebitgaz senagatyna maýa goýum serişdelerini çekmek, bu ugurda öňdebaryjy hasaplanylýan halkara tejribäni işjeň öwrenmek, täzeçil usullary yzygiderli ulanmak hem-de ugurdaş hyzmatlary ýerine ýetirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde hereket edýän guýulary düýpli abatlamagyň hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Bu bolsa önümçilik bilen bir hatarda gaýtadan işleýän senagatyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.
Häzirki döwürde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, oňa innowasion häsiýet bermek, nebitgaz senagatynda sanly ulgamy işjeňleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda “Galkynyş” gaz käninde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.
Şol bir wagtyň özünde ýangyç-energetika toplumynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurtlary, iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, pudagy düýpli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginiň milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmak bilen bir hatarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň soňky gazananlaryna kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, nebitgaz senagatyna degişli kärhanalarda işleriň guralyşynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işgärleriniň öndürijilikli işi ugrunda zerur şertleri döretmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçirilýän geologik-gözleg işleriniň depginlerini has-da güýçlendirmegi, aýratyn-da, nebitiň we gazyň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly dünýäniň abraýly ugurdaş bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmelidigine ünsi çekdi.
Ýangyç-energetika toplumynyň, şol sanda geologik-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilmelidir. Önümçilik desgalarynda zerur bolan döwrebaplaşdyryş işleri geçirilmelidir, täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk teklipler taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz görkezme berdi.
Soňra milli Liderimiz Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berdi.
Häkim, ilki bilen, täze ýylyň başynda iş saparyny Mary welaýatyndan başlandygy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanşandygy, hormatly Prezidentimiziň sahawatly gadamynyň nur-bereket bilen utgaşýandygy üçin milli Liderimize welaýatyň tutuş ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Häkim döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatda pagtadan alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak arkaly, gowaça ekilýän meýdany azaltmagyň hasabyna, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ösdürip ýetişdirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda ösdürilýän gök we bakja ekinleriniň önümçiligi, maldarçylyk önümleriniň möçberleri artdyrylar.
Häkim sözüniň ahyrynda sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, maldarçylykda, aýratyn-da, dowardarçylykda işleýänleriň iş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin milli Liderimize ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz sebitleri ösdürmek boýunça kabul edilýän Maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň hemişe alada etjekdigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden dikuçarda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” gaz känine tarap ugrady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda türkmen topragynyň ajaýyplyklaryny, sähra giňişliklerini synlady. Dowarlar üçin amatly öri meýdanlary hasaplanylýan Garagum sährasynyň gyşky pursatlarynda utgaşykly täsinlik duýulýar. Aýratyn-da, sähra giňişligi siňňin ýagan ýagyşdan soň has-da gözel görünýär. Asmandan inen nur-berekediň ýylyň bu paslynda ekerançylyk meýdanlary üçin has-da ýakymlydygyny bellemeli.
Ýaşyl maýsaly meýdanlaryň görnüşi ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär.
Biraz wagtdan milli Liderimiziň dikuçary “Malaý” gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, “Malaý” gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.
Onda, ilki bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory bu ýerde görkezilýän taslamalaryň we çyzgylaryň üsti bilen tebigy gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak, täze guýulary gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gümmez gatlagyndan alynýan tebigy gaz ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän, ekologik taýdan iň arassa gaz hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa dünýä bazarlarynda türkmen tebigy gazyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Milli Liderimiz täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň berekedi hasaplanylýan tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ondan alynýan önümleriň hojalyk we gurluşyk harytlarynyň köp görnüşleriniň önümçiliginde giňden ulanylýandygyny belledi. Tebigy gazdan alynýan polietileniň, polipropileniň dürli görnüşli önümleri taýýarlamakda, haly we dökün önümçiliginde, şeýle hem ekologik taýdan arassa awtoulag ýangyjynyň önümçiliginde giňden ulanylýandygy türkmen tebigy gazynyň örän gymmatly hem senagat önümçiliginde ähmiýetli çig mal bolup durýandygyny görkezýär.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geofiziki we geologik-gözleg işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de olaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, korporasiýanyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda ýerli hünärmenleriň ýerine ýetirýän işleriniň gerimini giňeltmek, ylmy açyşlary höweslendirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň batly depginlerde dowam edýändigini aýtdy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy bu işleri ýerli hünärmenleriň alyp barmaklary, olaryň hünär taýdan kämilleşmekleri ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz milli baýlygymyz bolan “mawy ýangyjy” çykarmak, harytlyk derejesine getirmek we sarp edijilere ýetirmek boýunça türkmen hünärmenleriniň mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygy hem-de degişli goldawyň berilýändigi üçin milli Liderimize toplumyň ähli işgärleriniň adyndan sagbolsun aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylym babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz türkmen topragynda tebigy gazyň baý gorlary bar, olaryň adamzadyň abadan durmuşynyň bähbidine ulanylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda “Malaý” gaz käninde geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz awtoulagda bu ýerden Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi. Ýylyň bu paslynda Garagum sährasynda özboluşlylyk bar. Siňňin ýagşa ezilen sähranyň ösümlik dünýäsinde özüne çekijilik duýulýar.
Özboluşly ekoulgamly Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde sähra jandarlary üçin ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmäge-de ýardam berýär diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen bir hatarda, ekologiýa syýahatçylygyny kemala getirmek üçin hem mümkinçilikleriň artýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklandy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykow milli Liderimizi gadyrly garşylady.
Hormatly Prezidentimiz düýe çopan bilen salamlaşyp, onuň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.
Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz “Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň düýe malyna aýratyn gadyr goýýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz düýe ýüňüniň, süýdüniň, çalynyň hem-de agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygynyň ylmy esasda subut edilendigini gürrüň berdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, düýeler taryhyň dowamynda ynsanyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir. Asyrlaryň dowamynda döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy bolan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan söwda kerwenleriniň hatarynda köp sanly düýeler, şol sanda arwana düýeleri bolupdyr.
A.Paşşykow häzir hem düýeleriň ornunyň uludygyny, arwana tohumyndaky düýeleriň baş sanynyň artmagy ugrunda edilýän aladanyň oňyn netije berýändigini guwanç bilen gürrüň berdi. Şeýle hem ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgala agzalary bolup bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen aýtdy we şunuň bilen baglylykda milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Çopana döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýe çopanyna örän hormatly käriniň bardygyny aýdyp, oňa mundan beýläk-de uly üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Türkmenabat şäherine tarap ugur aldy.