Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili birek-biregi şu gün bellenilýän Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşurdy. Dostlukly ýurduň Baştutany hatynda ähli türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem milli Liderimize Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşuryldy.

Çakylyk hatynda, hususan-da: “Hytaý tarapy 2022-nji ýylyň 4 — 20-nji fewraly aralygynda Pekinde Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirer. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, hytaý tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Pekinde geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrýar” diýlip bellenilýär.

Diplomat Hytaýyň Hökümetiniň häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän we halkara syýasatyň esasy ugurlarynda sebit hem-de sebitara gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny ýola goýmaga oňyn çemeleşmäni görkezýän, şeýle hem Hytaýyň strategik hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ilçä gowşurdy hem-de Hytaýyň Liderine Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde dünýäde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edilen sportuň ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmeginiň wajyp şertidigini belledi hem-de şeýle ähmiýetli çäräniň geçirilmeginiň sporta parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ornuň degişlidiginiň nobatdaky beýanydygyny nygtady.

Ýokary derejedäki ýaryşlaryň guralmagy türgenler we millionlarça adamlar üçin özboluşly baýramçylykdyr. Dünýäniň onlarça döwletleriniň ilaty ýaryşyň geçişine tomaşa eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň 2008-nji ýylyň awgust aýynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen XXIX Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine bolan saparyny aýratyn ruhubelentlik bilen ýatlaýandygyny belledi.

Ýurdumyzda hem bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Raýatlaryň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýäniň olimpiýa hereketiniň asylly maksatlarynydyr ýörelgelerini pugtalandyrmakda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny dünýä äşgär etdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Aşgabat Aziadasyna diňe bir Aziýa ýurtlarynyň däl, eýsem, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň türgenleriniň gatnaşmagynyň Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejedäki halkara ýaryşlaryň ilkinjisine öwrülendigini aýtdy.

Bäsleşiklere hytaýly türgenleriň köp sanlysynyň gatnaşandygyny we olaryň üstünlikli çykyş edip, dürli derejedäki medallaryň 100-e golaýyna mynasyp bolandygyny bellemek ýakymlydyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 6-njy ýanwarda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Hytaýyň Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biridiginiň çuňňur mana eýedigini aýdyp, şu döwürde deňhukuklylyk, özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnama gol çekilip, döwletara gatnaşyklaryň täze, ýokary derejesine çykyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň halkara ýagdaýa we daşarky täsire bagly däldigini belledi. Bu biziň gatnaşyklarymyzyň häsiýetini kesgitleýän taryhy pursatdyr. Munuň özi iki ýurduň gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyny äşgär edýär.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurt bilen gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini belläp, onuň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyna ünsi çekdi. Hytaý biziň dostumyzdyr, ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi. Şunda Hytaý tarapyna ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine hem-de biziň halkara başlangyçlarymyza, tekliplerimize goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň köp ýyllaryň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, şol sanda energetika, ulag we kommunikasiýa, dokma hem-de himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Nebitgaz pudagy däp bolan ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Onda birnäçe bilelikdäki wajyp taslamalar durmuşa geçirildi. Bu gün türkmen tebigy gazy ugradylýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi netijeli hereket edýär.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köpdügine ünsi çekip, şunda özara bähbitli täze ugurlary bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetine, şeýle hem onuň kiçi komitetlerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Bu düzümleriň netijeli işi ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň ýüze çykarylmagyna kömek edýär.

Bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga türkmen-hytaý gatnaşyklarynda möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlarynda oňyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň dostlukly hyzmatdaşlygy esasynda yzygiderli berkidilýär.

Biz köptaraply türkmen-hytaý gatnaşyklaryny iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny hem-de halklaryň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryny nazara alyp, uzak möhletleýin we birek-birege hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene özara bähbitli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana berk jan saglyk, üstünlikler, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler we beren maslahatlary üçin hoşallyk bildirip, diplomat “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçjek 2022-nji ýylda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Hytaýda dostlukly döwletiň ýeten derejesine uly gyzyklanma bildirilýändigini nygtap, Sýan Naýçen ynanyşmak esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we iki ýurduň halklarynyň bähbidine täze, özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.