Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hususan-da, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 12-nji aprelinde geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibi barada aýdyldy. Deputatlar “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny, “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňleniler.

Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekili BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşmak üçin Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Mundan başga-da, deputatlar döwlet syýasatyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek, kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Soňra milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň wekiliýetiniň Parlamentara Birleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 5 — 7-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada maglumat berdi. Saparyň çäklerinde Parlamentara Birleşigiň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Birleşigiň “Durmuş ösüşiniň we adalatlylygyň bähbidine parlament hereketi” ady bilen geçirilen 150-nji ýubileý assambleýasynda çykyş etdi. Çykyşda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Şeýle hem assambleýanyň çäklerinde dürli ugurlarda geçirilen çärelerde türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş etdiler. Mejlisiň ýolbaşçysy Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga beren ählitaraplaýyn goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumy şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda hasaba almak işi dowam edýär. Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere Malaýziýada guraljak Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli işletmek, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri, pile öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirmegi, häzirki wagtdan başlap galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegi we tamamlamagy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, senagat pudagynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi içerki bazary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudagynyň işini döwrebap alyp barmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, hereket edýän kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini, olarda meýilnamalaýyn abatlaýyş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak üçin geçiriljek sergä milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk toparyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün ösüşiň milli ýörelgesine üstünlikli eýerýän ýurt hökmünde dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, parahatçylygy goldaýan döwletleriň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini hem döwrüň talabyna laýyk derejede guramaga, medeni mirasymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge, halkara media giňişligine çykmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 22 — 25-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Şeýle hem yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy bellenildi.

Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlary ýapon dilini öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini, ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara guramalar bilen bilelikde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň bütin dünýä boýunça awiasiýa işgärlerini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga gönükdirilen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň howa ulaglary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 9-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherine barýan ýollaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýol ýakalarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, bezeg serişdeleriniň görnüşlerini kesgitlemek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly ösüşinde we ony abadanlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan işler barada giňişleýin maglumat berýän birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleri oturdylar. Olary döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewleriň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesillerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýginiň has-da artmagyny şertlendirer.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyklara ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär. Şeýle-de D.Orazow Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga hem-de şol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary barha artýar. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde guruljak döwrebap awtomenziliň we ikinji tapgyrda bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk we bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem dowam edýändigini belläp, desgalaryň taslamalary taýýarlananda, ilkinji nobatda, olaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmagynyň, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, şäheriň ekologik derejesiniň saklanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Binalaryň gurluşygynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň ugurdaş düzümlere degişli desgalar bilen sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi barada-da birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn şäherara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. G.Mämmedowa hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guraljak dabaralaryň, halkara çäreleriň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň şäheriň ýaşaýjylary üçin uly hormatdygyny belläp, bu babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň atşynaslar toparyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Arkadagymyz milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň täze şäherde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Çünki ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda şanly senäniň hormatyna dabaralaryň guralmagy halkymyzyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesine doly kybap gelýär. Şunda Milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen halkara çäreleriň, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny jemläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýändigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

Hajy Arkadagymyzyň hepdäniň çarşenbe güni täze şäherde metjidiň gurulýan ýerine gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşmagy paýhasly pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsi boldy. Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow Milli Liderimize täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap metjitler gurlup ulanmaga berildi. Türkmençilikde “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan haýyr işleriň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Metjitleriň binalar toplumynyň çäginde sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin ugurdaş desgalar hem gurulýar. Şol bir wagtyň özünde haýyr-sahawatyň, ýagşy işleriň amal bolýan mekany hasaplanýan metjitleriň özboluşly binagärlik çözgütlerine eýe bolmagyna, olaryň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk, bezeg serişdeleriniň ulanylmagyna zerur üns berilýär. Şunda olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy-da möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Metjitleriň daşky görnüşinde bolşy ýaly, içki timarlaýyş işlerinde-de ýokary hilli serişdeler peýdalanylýar. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar olaryň esasy bezegleri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň dini dessurlary erkin ýerine ýetirmekleri üçin döwlet derejesinde alada edilýändiginiň mysalydyr. Şoňa görä, din wekilleri asyrlar aşyp gelýän ýagşy däp-dessurlaryň türkmençilik ýoly bilen dowam etdirilmegi babatda yzygiderli alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.

Welaýatlarda, Aşgabat şäherinde hereket edýän metjitlerde tutuş adamzat bähbitli sogap işleriň rowaçlyklara beslenmegi barada dilegler edilýär. Arkadag şäherinde gurulýan nurana metjit hem şeýle sahawatly ýörelgeleriň dowamata atarylmagynda möhüm orny eýelär.

...Soňra Arkadag şäherinde täze gurulýan metjidiň bezeg aýratynlyklaryna we onda ulanylýan serişdelere degişli maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly, metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Şol sanda bu ýerde birbada 5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde tutulandygy aýdyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini dowam etdirmek, Gurban we Oraza baýramlaryny degişli derejede bellemek babatda zerur tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýurdumyzda üç günläp mukaddes Gurban baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň müftüsi şol günlerde haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzyň ýüzlerçesini Mekgä we Medinä ugratmak, bu ugur boýunça howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza din wekilleriniň we ähli halkymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýän ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu işleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.

Hajy Arkadagymyz türkmençilikde ýol çekmegiň, köpri, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň milli ýörelgelere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. “Haýyr-sahawatyň hasabyna bina edilýän metjitleriň türkmen topragynyň mukaddes künjeklerinde gurulmagynda çuňňur many bar. Arkadag şäherinde gurulýan metjit hem türkmençilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ol ýagşy dessurlary haýyr işler bilen utgaşdyrmak, asyrlar aşyp gelýän mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Mukaddes toprakda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze metjidiň ulanmaga berilmeginiň parz işleriň dowamat-dowamdygynyň güwäsidigini belläp, hajy Arkadagymyz din wekillerine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hemaýat beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, haýyr işleriň üstünliklere beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

09.04.2025
Bütindünýä saglyk güni — belent ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan baýram

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramlaryň milli senenamasynda mynasyp orun alan we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan Bütindünýä saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Saglygyň we sportuň biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanýan döwlet Baştutanymyz dürli sport çärelerine gatnaşyp, hemmelere görelde bolýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreleri guramak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwürdi.

Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşýarlar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.

...Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem her ýylda guralýan şeýle ýörişlere gatnaşýan ýaşlaryň, şol sanda uly ýaşly adamlaryň sany barha artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu möhüm ulgamyň ösdürilmegi ynsan saglygyny berkitmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň, adamlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, sport ussatlaryny, degişli düzümiň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem-de mümkinçiliklere eýedir. Muňa anyk mysal hökmünde paýtagtymyzdaky köpugurly Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar. Onuň degişli desgalarynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, ondan soňky ýyllarda bolsa beýleki birnäçe iri halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Döwrebap sport desgalarynyň toplumy Arkadag şäherinde hem guruldy. Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda-da göz öňünde tutulandyr. Ýerli howa şertleri üçin adaty bolmadyk gyşky sport görnüşlerine, hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň häzirki wagtda uly höwes bilen özleşdirýän figuralaýyn typmagyň we hokkeýiň ösüşine-de täze itergi berildi.

Döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän goldawlaryna mynasyp jogap hökmünde türgenlerimiz abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, ajaýyp netijeleri gazanýarlar hem-de täze baýraklar bilen Watanymyzyň sport üstünlikleriniň üstüni ýetirýärler. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlaryny ilerletmäge, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik ýaly maksatlaryny goldamaga amatly şertleri döredýär. Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, degişli Kararnama 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Welosport barada aýdylanda, ol sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen we dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda hem uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň özboluşly taryhy bar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistanlylaryň arasynda-da welosipedi ulag serişdesi hökmünde hem-de wagty peýdaly geçirmek maksady bilen ulanýanlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen birlikde, welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýar. Ony gezelençlerde we syýahatlarda ýa-da sport ulagy hökmünde ulanmak bilen, adamlar diňe bir saglygyny berkitmän, eýsem, daşky gurşawa aýawly we jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini hem görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ähli durmuş-ykdysady, pudaklaýyn maksatnamalaryň, gurluşyk taslamalarynyň ekologik ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtamak zerurdyr.

Halkymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek boýunça asyrlaryň dowamynda kemala getiren parasatly ýol-ýörelgeleri häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan, ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletli strategiýada öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli her ýylda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri esasynda Watanymyzda tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň çäkleri barha giňeýär. Munuň özi ýerli howa şertlerine, umumylykda bolsa ekologik ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

...Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurdumyzda ekologik abadançylygy mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa bolsa paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Saglygy goraýyş, sport we ekologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wezipeleri çözmekde jogapkärçilikli orny eýeleýän Türkmenistan bu babatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, ýurdumyzyň welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek boýunça teklipleri dünýä giňişliginde uly goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky başlangyjy ýurdumyzyň ekologiýa babatda hyzmatdaşlyga jogapkärli we uzak möhletleýin esasda çemeleşýändiginiň anyk mysalydyr.

Welosipediň ähmiýeti baradaky gürrüňe dolanyp, onuň artykmaçlyklary hakynda hem nygtamak möhümdir. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan welosipedi dolandyrmak örän ýeňil bolup, ol bedeni sagdyn, ykjam saklamak üçin ajaýyp türgenleşik serişdesidir. Welosipedde gezim etmek adam bedeninde deňagramlylygy saklamaga, onuň çeýeligini ýokarlandyrmaga, kesellere durnuklylygyny berkitmäge, dürli keselleriň döräp bilmek ähtimallygyny azaltmaga ýardam edýär. Şeýle-de welosipedli gezelençler daşky gurşawyň tebigy gözelliklerini synlap, olardan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Arassa howada geçirilen wagt göwnüňi göterip, süňňüňe güýç-kuwwat eçilýär. Munuň özi adamyň ruhy hal-ýagdaýyna, umumy pikirleniş ukyplaryna oňyn täsirini ýetirip, iş öndürijiligini ýokarlandyrýar, döredijilik bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Umuman, welosport hem-de welosipedli gezelençler ruhubelentligiň, saglygy berkitmegiň, maşgala bolup wagtyňy hoş geçirmegiň çeşmesidir. Bu gyzykly güýmenje bilen meşgullanýanlaryň we onuň bilen baglanyşykly geçirilýän sport çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň sany barha artýar. Welosiped aglaba wagtyny okuw bilen geçirýän ýaş nesil üçin sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine eýermegiň netijeli usulydyr. Bilim işiniň internete we sanly ulgamlara, interaktiw-multimedia tehnologiýalaryna geçýän zamanynda bilim alýan ýaşlar köp wagtyny kompýuteriň öňünde geçirýärler. Şeýle ýagdaýda yzygiderli welosipedli gezelençler ajaýyp maşk hem-de sagdyn dynç almagyň bir görnüşi bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi ýaş nesilleriň beden saglygynyň pugtalanmagyna, aň-paýhas işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Welosipedde gezim etmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.

Türkmenistanda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

...Hormatly Prezidentimiziň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary paýtagtymyzyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Ýaz paslynyň säheriniň jana tenekar arassa howasy, ýaşyl begrese bürenen Köpetdagyň gözellikleri şähdiňi açyp, ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlaýar. “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip atlandyrylýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.

Güllere beslenen seýilgählerdir seýilbaglar Aşgabadyň iň gözel we özboluşly künjekleridir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi oturdylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabaralar döredijilik mirasy bütindünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen görnükli söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri bolan meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlardyr sazandalaryň heýkelleriniň hatary toplumyň gaýtalanmajak binagärlik düzümini emele getirýär. Munuň özi häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

...Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynsanperwer gymmatlyklara, durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, saýlap alan döredijilik ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

* * *

Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň hataryndadyr.

07.04.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 147,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek çäreleri hem guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112,8 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 120,5 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de işleriň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 127,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 142,9 göterime, nah matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 104,3 göterime, gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamak, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda-da dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden beýan edildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 55 medala mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde, “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahat, dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly alnyp baryldy. “Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ýanwar — mart aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Gaznanyň hasabyna saglygy dikeldilen çagalara, olaryň hossarlaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlaryň türgenleri medallaryň birnäçesini gazandylar. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat hem-de dabaraly çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de orta mekdepleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri we olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammit geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti, ulag we sanly arabaglanyşygy ösdürmek, bilim hem-de beýleki durmuş ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary berkitmek bilen bagly meselelere seredildi. Şunda sammitiň gün tertibiniň şu ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynda işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň we Ýewropa Komissiýasynyň arasynda örän wajyp çig mallar ulgamynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.

4-nji aprelde «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara forumyň geçirilendigi aýdyldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy we ekologiýa, daşky gurşawy goramakda beýleki halkara resminamalar babatda alyp barýan işleri barada beýannama bilen çykyş etdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary netijeli özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem netijeli çäreler görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda-da degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen üç aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 125,5 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 122 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.04.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy giňden ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora kanunlaryň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda hasabat döwründe açylyp ulanmaga berlen desgalar barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, polisiýanyň podpolkownigi W.Ataýewi içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä polisiýanyň podpolkownigi Ö.Kakalyýewi bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitleriniň goralmagyny, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly meselelere berk gözegçilik edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we ministre anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralary tarapyndan kanunylygy, adalatlylygy, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kazyýet önümçilik işlerini netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ulgamyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dost-doganlygyň serhedi bolup durýan döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, serhet goşunlaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek, milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetini belläp, ministre bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, gullugy ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere we ulag serişdelerine hereket edýän halkara kadalara, milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda gümrük gözegçiligini ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işine döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, migrasiýa ulgamynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Balkan welaýaty, 1-nji aprel (TDH). Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Taryhdan belli bolşy ýaly, ir döwürlerde Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara derejede üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi gadymy aragatnaşyk ýollarynyň täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatynyň, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orny eýelejek täze howa menziliniň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy. Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulagyň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Milli Liderimiz täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Desgalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy onuň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän watandaşlarymyz üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi. Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesinde ýerleşmegi bu ýere geljek adamlaryň howa menzilinden seleňläp görünýän şypahana wagt ýitirmän baryp bilmekleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň çäginde bar bolan binalar toplumlary, olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň üstüni täze uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, döwrebap howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Diýarymyzda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze howa menzillerini gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde, Aşgabatda ýokary derejede enjamlaşdyrylan, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän Halkara howa menzilleri işe girizildi. Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanmaga berlendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işleriň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Ýeri gelende, 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň iri howa ýollar düzümi bolan “Сargolux” kompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işi ýerine ýetirilip başlandy. Şu geçen döwürde ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi, 2025-nji ýylyň üç aýyny hasaba alanyňda, 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginden Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara gatnawlaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmaga, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen birnäçe halkara forumlaryň geçirilendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylda durnukly ulag ulgamyny döretmäge bagyşlanyp guralan ýokary derejeli halkara maslahat bar. Onuň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Şeýle-de 2016-njy ýylda paýtagtymyzda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynda ulag diplomatiýasynyň möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ulag ulgamynyň wajyp düzüm bölegi bolan Halkara howa menzilleriniň gurulmagy hem bu işe mynasyp goşantdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalary kabul edildi.

Şeýlelikde, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziliniň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün eder. Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşen ýurdumyz sebitiň hem-de yklymyň döwletleriniň arasynda ulag-logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine jogapkärçilikli çemeleşýär, milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyryp, öz halkara üstaşyr ulag kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler Türkmenistany yklymlaýyn ugurlar boýunça halkara geçelgeleriň möhüm halkasyna öwürýär. Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgeleri babatda öz mümkinçiliklerini umumy bähbitler esasynda amala aşyrmagy maksat edinýär. Şunda abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýurdumyz döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýär.

...Soňra Gahryman Arkadagymyz täze gurulýan howa menziliniň desgalary we olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow täze howa menziliniň gurluşygyny, degişli binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.

Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtap, onuň ýokary hilli bolmagynyň we gurluşyklaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şunda binalary enjamlaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak meselelerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň depginini has-da ýokarlandyrmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, täze toplumda hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürlemek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

01.04.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatyna we duşuşygyna gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we halkara derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn bermek, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmak we beýleki meseleler barada özara pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de wise-premýere Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gowy taýýarlyk görmegi we oňa işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini, şol sanda Rumyniýa bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaý oragyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň tohumlaryny, olaryň idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak, şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarynda, transformator beketlerinde meýilnama esasynda abatlaýyş we durkuny täzelemek işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de elektrik ulgamlarynda abatlaýyş işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, döwlet elektrik stansiýalarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine, Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sport çäreleri geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda dürli maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, medeni çäreleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we dabaraly sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialog, bilelikdäki komitet, adam hukuklary boýunça dialog yzygiderli esasda hereket edýär.

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlyk hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly utgaşykly maslahat geçirildi. Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwrebap demir ýol ulagy pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, munuň üçin demir ýol menzilleriniň häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 30-njy martda Oraza baýramynyň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de Oraza baýramyny bellemek we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta — duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda beýik işler amala aşyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çägine geldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz, ilki bilen, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, bu ýerde arassaçylygyň, ähli binalaryň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş we çagalar seýilgähleriniň, beýleki desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlyk hem-de gurluşyklara girişmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunda şäheriň abadançylyk derejesine, ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, binalaryň bezeg serişdeleriniň döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän taslamalar, medeni-dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Şeýle hem bu ýerde şäheriň çagalar seýilgähiniň şekil taslamalary, onda ýerleşdiriljek oýun-güýmenje toplumlarynyň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin döwlet derejesinde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, çagalar üçin gurulýan seýilgähde körpeleriň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilmelidir. Seýilgähde çagalaryň ünsüni özüne çekýän özboluşly sazlaşyk emele getirilmelidir. Döredilmegine dört ýyl dolýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň baş maksady hem çagalaryň sagdyn ösüşine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik esasynda terbiýelenmegine, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Çagalar seýilgähiniň bezeg aýratynlyklaryna, onuň oýun-güýmenje toplumynyň enjamlaşdyrylyşyna birnäçe bellikleri aýdyp, Milli Liderimiz bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna, halkymyzyň milli ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän amfiteatryň görnüşleri, ony abadanlaşdyrmagyň ugurlary barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz amfiteatryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini belledi. Medeniýet we sungat ulgamyna degişli bu desganyň gurluşygy, enjamlaşdyrylyşy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen maslahatlaşyp, oňyn netijeleri gazanmak zerurdyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, onda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalarynyň milli neçjarçylyk däplerine esaslanýan usullary netijeli peýdalanylmalydyr. Her bir bezeg işinde millilik duýulmalydyr.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň germewleriniň bezeg işleri barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz onuň göze gelüwlilik babatda bolşy ýaly, her bir şekiliniň ölçeg babatda dürslügine-de möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Germewde oturdyljak şekillerde türkmen halkynyň şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýoluň ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynda şol bedewiň nesil ugruna, taryhyna, gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň anyk bolmagy hökmany talapdyr. Şeýle-de bu şaýoluň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk bolmagynyň, häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygy aýdyldy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň degişli derejede we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen gutladylar.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryga laýyklykda, “Ahalteke atlary” şaýolunyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen giň möçberli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenilýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Şeýle hem “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek heýkelleriň aradaşlygy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna, hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Milli Liderimiz şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň çäklerinde gurluşygy dowam edýän binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz çagalaryň durmuşyň gülleridigini, olary goramagyň ertirki günüň bagtyýarlygynyň kepilidigini belläp, ösüp barýan ýaş nesilleriň sagdyn, sazlaşykly ösmegi, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny nygtady.

Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň körpeleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çagalarynyň hem gatnaşýandyklary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Bäsleşigiň dowamynda körpeleriň çekjek suratlary, ýerine ýetirjek aýdymlary şanly senä mynasyp sowgat bolmalydyr. Geçiriljek dabaralarda we bäsleşiklerde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpeleriň sazlaşykly ösüşine, olaryň sagdyn jemgyýetiň wekilleri bolup ýetişmeklerine gönükdirilen asylly işleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

28.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlaryny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak we kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we önümiň hilini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, 26-njy martda welaýatda gowaça ekişine girişmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş döwründe işlediljek oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edilip, pagta öndürijiler ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilýär. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagtda pile kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi hem-de möwsümleýin işleriň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmak üçin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Diýarymyzda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümiň hilini ýokarlandyrmaga, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda şu ýylyň 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bugdaýly meýdanlary ikinji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, bu ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, pile öndürmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.03.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 321 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda adyl kazyýetligiň döwrebap kanunçylyk esasyny döretmäge, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmäge, administratiw edaralar tarapyndan kabul edilýän namalaryň hukuk esaslaryny, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, awtomobil ulagy çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmäge, migrasiýa syýasatynyň has-da netijeli guralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen we başga-da birnäçe ugurlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

Şeýle hem halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde görülýän çäreler barada aýdyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iş duşuşygy geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny” atly maslahat geçirildi. Onda döwletimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmekde gazanan üstünliklerini, öňe sürýän başlangyçlaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmakda halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçirýän işleriniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, deputatlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny, ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, kabul edilen kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda görülýän çäreleriň ýurdumyzyň bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi nebitgaz ýataklarynyň tapgyrlaýyn özleşdirilmegini netijeli dowam etdirmäge, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny talabalaýyk alyp barmaga, nebit we nebithimiýa senagatyny okgunly ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýazlyk ekinleri ekmek, ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlarda gowaça ekişi möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, gowaça tohumlary möwsüme taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlardyr mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilen meýdanlarynda ideg işlerini alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigini, onuň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we Diýarymyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ammonili superfosfat döküni, “Maryazot” önümçilik birleşiginde ammiak selitra döküni, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlarynda karbamid döküni, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda kaliý döküni öndürilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri konserniň zawodlarynda öndürilýän mineral dökünler bilen doly üpjün edilýär. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmekde himiýa pudagyna uly ornuň degişlidigini aýtdy we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bu ugurda alyp barýan işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň maýynda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu sergide halkymyzyň milli medeni gymmatlyklary, ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, eksport ugurly täze önümleri tanyşdyrylar. Oňa dürli pudaklaryň wekilleri, hususy haryt öndürijiler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Halkara festiwalyň esasy maksady dünýä halklaryny türkmen milli tans sungaty we gadymy folklory bilen tanyşdyrmakdan, olary wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýunynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hormatly Prezidentimiziň adyndan 2025-2026-njy okuw ýylynda mekdebe barjak 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine ilkinji gadam basýan çagalara kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary öwrenildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri sowgat bermek bilen bagly işleri talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýaşlar syýasaty babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmagyň, olaryň döwrebap bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. BMG-niň “Ýaşlar — 2030” strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 15 — 17-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýaşlar forumynyň işine gatnaşmagy, şeýle hem onuň çäklerinde 16-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygyny guramak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş hünärmenleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem BMG-niň agentlikleri tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 — 2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly bilelikdäki maksatnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň ýaşlara gönükdirilen degişli sebitleýin taslama resminamasy amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hünär okuwlaryny geçirmek üçin Okuw-maglumat merkezlerini döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli we ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýaşlar syýasaty babatda ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli okuw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň dowamynda dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Okuw maslahatyna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagy, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki döwlet we hususy taraplaryň çagyrylmagy göz öňünde tutulýar. Agentligiň ýolbaşçysy bu okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga itergi berjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň we bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deňiz ulagy boýunça okuw maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, 21-nji martda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, 22-nji martda bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy. Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň, dost-doganlygyň baýramydyr. Nowruz baýramy halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin işler ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelere laýyklykda, sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş işleri tamamlanyp, häzirki wagtda çil çekmek, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň daýhan yhlasynyň ýerine düşmeginiň hem-de bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ekişe guramaçylykly girişmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlykly girişmek, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde durýan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmegiň, möwsümleýin işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de ony agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine badalga bermek hem-de ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudaklarynyň biridigini, şoňa görä-de, bu pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň, oba hojalyk önümçiliginde milli ekerançylyk däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ikinji gezek mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini gazanmagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, welaýatlarda ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramy mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede geçirmegi, baýramçylyk günlerinde sebitleriň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.03.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, salgytlar bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli 7-8-nji martda geçirilen baýramçylyk çäreleri, hususan-da, Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlary sarpalamak, olaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, netijeli zähmet çekmegi üçin döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Mejlisde Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň arasynda 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Mundan başga-da, deputatlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny, 2025-nji ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmegi dowam etdirmegiň, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy namanyň taslamasynda bilermenleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibi we möhletleri, talap edilýän resminamalaryň sanawy, hünär synag toparynyň işiniň düzgünleri kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sazlaşykly we netijeli ösdürmekde ýokary bilimli hünärmenlere uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, olary taýýarlamagyň hem-de hünär synagyndan geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamlarynda, sebitara baglanyşyk, şertnama-hukuk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla oragyna taýýarlyk görmek, möwsümde ulanyljak däne kombaýnlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini guramaçylykly we bellenen möhletlerde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak işi dowam edýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, owlak-guzy, köşek almak möwsümi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragy we gowaça ekişi möwsümlerine gowy taýýarlyk görmegi, ýokary hilli tohumlary taýýarlamagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri, dürli görnüşli bezeg agaçlaryny, gülleri ekmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer Aşgabatda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bag nahallarynyň oturdyljak ýerlerini we ekiljek nahallary taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Baýramçylyk çäreleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasy bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmek, baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler giňden beýan ediler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilmegi teklip edilýän çäreleriň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Şeýle-de bu ýerde dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalary; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary; bilim we pedagogika ylymlary; oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary; inženerçilik işi; tehnologiýalar we tehniki ylymlar; matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döwletimiz tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi. Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini, Diýarymyzda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertleriň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi birnäçe ugurlar boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.03.2025