Arkadagymyzyň ýoly — sahawat ýoly

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Diýarymyzda geljegimiz bolan çagalaryň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr.

Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda çagalaryň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, olarda belent ynsanperwer häsiýetleriň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalary etdi. Häzirki wagtda bu tagallalar Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri arkaly dowamata atarylýar.

Gahryman Arkadagymyz jogapkärli döwlet işiniň köpdügine garamazdan, hemişe ýurdumyzyň ýaş nesilleri, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalar bilen duşuşmaga, olaryň hal-ahwaly, saglyk ýagdaýy, okuwy, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklanmaga wagt tapýar. Milli Liderimiz: «Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris. Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir! Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr» diýmek bilen, olary atalyk mähri bilen gurşap alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda mährem enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagynda-da uly many bar. Çünki ynsana durmuşy peşgeş beren enelere hormat goýmak, haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesi, mertebäniň mizan terezisi hasaplanýar.

Sanlyja günden Diýarymyzda saglygyny bejertmekde goldawa mätäç çagalaryň ýüzlerçesiniň aýaga galyp, nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp bolan, hormatly Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy belleniler. Geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesine dürli operasiýalaryň geçirilmegi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şeýle-de çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Bu düzümiň ýardam bermeginde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary, ýöriteleşdirilen lukmançylyk enjamlary sowgat hökmünde gowşuryldy. Gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik eden türgenlere gymmat bahaly sowgatlar berilýär. Ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, onuň howandarlygynda dürli bäsleşikleri geçirmek hem asylly däbe öwrüldi.

Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň uly güýçdügine ünsi çekip, bütin dünýä boýunça çagalaryň geljegi göz öňünde tutulanda, adamlaryň hiç hili araçäk babatda bölünmeli däldigini, güýçleriň we tagallalaryň birleşdirilmelidigini aýratyn belläpdi. Sebäbi, haýsy millete degişlidigine garamazdan, çagalara ýardam goluny uzatmak möhümdir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 7-nji martynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, guraljak çäreleriň ýaş nesillerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan ajaýyp pursatlara beslenmelidigini aýtdy. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda amal edilýän nusgalyk işleri giňden wagyz etmekde nobatdaky ähmiýetli waka bolar.

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärler. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döredip, onuň işini has-da ilerletmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler giň jemgyýetçiligi adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýandygy, jemgyýetde nurana duýgulary has-da ösdürýändigi bilen aýratyn ähmiýete eýedir.

«TÜRKMENISTAN»