Şu ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýurdumyzyň başlangyjy boýunça yglan edilen 2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi.
Geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy hem-de bu uly ähmiýetli waka degişli maglumat we habar beriş meýdançasyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça YHG-nyň döredilen gününde geçirilen sammit öz işine başlamagynyň öňüsyrasynda žurnalistler tarapyndan, ýokary derejede geçirilen köptaraply gepleşikleriň we onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň syýasy ähmiýeti nazara alnyp, umumydünýä ähmiýetli wakalaryň hatarynda goýuldy.
Öňdebaryjy halkara habarlar agentlikleri, maglumat-syn portallary, telewideniýe ýaýlymlary hem-de köp sanly internet serişdeleri Aşgabat sammitine we onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara syn berdiler. YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlaryny, tekliplerini hem-de başlangyçlaryny, abraýly sebitleýin guramanyň işiniň geljekki ugurlaryny teswirlediler.
Türkiýäniň «Anadolu» habarlar agentligi, Eýranyň «Mehrnews» we «IRNA», Pakistanyň «Assoсiated Press of Pakistan» agentlikleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň sanly hem-de metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdeleri paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk barada ilkinjiler bolup seslendiler.
Aşgabatda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler köp sanly daşary ýurtlaryň elektron neşirleriniň üns merkezinde boldy. Russiýanyň PRIME ykdysady habarlar agentligi YHG-a agza ýurtlaryň Liderleriniň guramanyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine seretjekdiklerini habar berdi. Şunda energetika hem-de onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem-de pandemiýa ýokanjyna garşy göreşmek, onuň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm üns beriljekdigi bellenildi.
Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasylarynyň birine öwrüldi. Russiýanyň «RIA Nowosti» halkara habarlar agentligi YHG-nyň Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň wajypdygyny ykrar edýändigini hem-de bu ýurdy dikeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirip, üýtgewsiz goldaw berilmelidigi baradaky başlangyjyny beýan etdi.
«Kaspiýskiý westnik» maglumat-syn portaly öz gezeginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi. Ol sebitara we halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak, aýratyn-da, YHG-a agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de onuň päsgelçiliklerini aradan aýyrmak boýunça Eýranyň eýeleýän ornuny, tekliplerini beýan etdi.
Ýokary derejede geçirilen giň möçberli guramaçylyk işleriniň netijesinde wekilçilikli forumyň işi ähli isleg bildirýänler üçin açyk meýdança öwrüldi. Täzeçil sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly sammite gatnaşyjylaryň hemmesiniň çykyşlary onlaýn tertibinde ýaýradyldy hem-de türkmen telewideniýesinde we öňdebaryjy maglumat giňişliklerinde göni ýaýlyma berildi.
Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wakanyň geçýän ýerinde surata düşürdiler we wideogepleşikleri taýýarladylar. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly žurnalistleriň netijeli işi üçin köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» otelinde häzirki zaman kompýuter enjamlary we zerur aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen giň metbugat zaly berildi.
Dünýä metbugaty bu gezekki forumy dolulygyna beýan etdi. YHG-a agza ýurtlar ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ähli möhüm ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynda bir pikire geldiler.
Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamyndaky çykyşlar, olary beýan etmek işi täzeçil nukdaýnazardan, dostlukly we erkin gatnaşyklar esasynda alnyp baryldy. Bu ýere ýygnanan döwlet we hökümet Baştutanlary forumyň jemleri hem-de onda gazanylan ylalaşyklar boýunça umumy pikire gulluk etdiler.
Sammitiň üstünliklere beslenmeginiň şu ýyl YHG-a başlyklyk edýän Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde mümkin bolandygy bellenildi. 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz şu ýyllaryň dowamynda köpugurly özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşdy we gurama agza döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde YHG-a başlyklyk edýän ýurdumyzyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlandygy we ony BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň garamagyna hödürländigi bellenildi. On ýurduň awtordaşlyk etmeginde hödürlenen bu halkara resminamanyň şu ýylyň 9-njy sentýabrynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.
«Ýörite işlenip taýýarlanylan hem-de sebit derejesinde durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, guramanyň giňişligindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we onuň çäginiň giňeldilmegine, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak işiniň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ýörite Konsepsiýa esaslanyp, YHG-a başlyklyk eden Türkmenistanyň anyk netijeleri gazanmagy, bu jogapkärçilikli wezipäniň ýerine ýetirilmegine oýlanyşykly çemeleşmeleri aýan edýär» diýip, halkara media wekilleri bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna hem-de möhüm ugurlardaky sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňe sürlen tekliplere möhüm üns berildi. Milli Liderimiziň çykyşynda aýdan sözleri öňdebaryjy täzelikler we habarlar agentlikleriniň, ýokary tehnologiýaly hem-de tutuş dünýäde köp million okyjylary bolan meşhur internet saýtlarynyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň: «Biz bu forumyň geçirilmegine biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda-maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny berkidýän möhüm waka hökmünde doly esas bilen garaýarys» diýen sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň bu gün dünýäniň ösüşiniň esasy ugry ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini YHG-nyň wajyp ugry hökmünde görkezýändigi nygtaldy.
Häzir YHG-nyň giňişligindäki ýurtlaryň arasynda hem-de onuň çäklerinden daşarda-da goşmaça energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek zerurdyr. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu ugurda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletara birleşmeleri bilen maksadaokgunly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, meşhur elektron neşirler döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda Hazar we Gara deňiz sebitlerinde Ýewropa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgeleri işjeňleşdirmek maksady bilen, logistik we düzümleýin desgalary peýdalanmagyň meselelerini öwrenmegi teklip edendigini nygtadylar.
Milli Liderimiziň söwda-maýa goýum gatnaşyklarynyň durnukly, sazlaşykly ösüşini üpjün edýän netijeli gurallary döretmek hem-de ony köpugurly esasda ösdürmek, orta we kiçi telekeçilik ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda öňe süren täze teklipleriniň halkara bileleşikde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi.
Sammitde döwlet Baştutanymyz YHG-nyň ýöriteleşdirilen işewürlik binýadynda döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny döretmek boýunça oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Olaryň her biri gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we giňeltmek boýunça öz ugurlary boýunça işläp bilerler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ozaly bilen, ýokary sanly tehnologiýalary, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek örän möhüm ugurdyr. Munuň özi harytlary we hyzmatlary öňe ilerletmekde döwrüň möhüm talabydyr.
Iri sebit neşirleri milli habarlar agentlikleriniň maglumatlaryna salgylanyp, duşuşyga gatnaşyjylaryň saglygy goraýyş we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada aýdanlaryny giňişleýin beýan etdiler.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebit gatnaşyklarynyň ýagdaýyna oňyn täsirini nygtamak bilen, bu gün YHG-nyň hormata eýe bolan abraýly halkara ykdysady düzüme öwrülendigini, umumy taryhy, söwda hem-de medeni gatnaşyklary bilen baglanyşykly halklary birleşdiriji guraldygyny bellediler.
Pakistanyň «Associated Press of Pakistan» habarlar agentligi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň eýeleýän geostrategik ýagdaýy hem-de Hytaý, Ýewropa, Russiýa we Pars aýlagy ýurtlary bilen goňşuçylykda ýerleşýän sebitiň uly mümkinçiliklerini aýratyn nygtady.
«YHG-a agza döwletleriň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy, hakykatdan-da, yklymda täze geoykdysady giňişligiň emele gelmeginde hil taýdan täze ädimi alamatlandyrýar, hyzmatdaşlyk, daşary ýurtlaryň iri maýa goýum serişdelerini çekmek, birnäçe durmuş meselelerini çözmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar» diýlip, şu günler çap edilýän makalalarda bellenilýär.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wezipä täze bellenilen Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşyna salgylanmak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG), Ýewropa komissiýasy, Yslam Ösüş banky (YÖB), Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG), ASEAN, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG), Türki döwletleriň guramasy hem-de beýleki guramalar, düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň YHG-nyň daşary gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhüm ugrudygyny habar berdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda we anyk tekliplerinde bu guramanyň mundan beýläk-de ösüşiniň geljegine garaýyşlaryny beýan etmek bilen, YHG-nyň 15-nji sammitiniň «Geljege bilelikde» diýen şygaryny goldadylar.
Özbegistanyň Milli habarlar agentligi, bu goňşy ýurduň sammitiň işini giňden beýan eden uz.sputniknews, yuz.uz, darakchi.uz internet serişdeleri 2022-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmegiň Özbegistan Respublikasyna geçmegi bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň möhüm başlangyçlaryna, hususan-da, YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA) bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek baradaky teklibine ünsi çekdiler.
«AZERTAC» we «TREND» habarlar agentlikleri, öz nobatynda, Azerbaýjanyň Prezidentiniň täze ulag geçelgelerini döretmek hem-de möhüm ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek baradaky tekliplerini nygtadylar.
Gyrgyzystanyň «24.kg» habarlar agentligi Prezident Sadyr Žaparowyň YHG-a agza döwletleriň bu guramanyň maksatlaryna, wezipelerine ýetmek üçin, şol sanda ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy, şeýle hem ägirt uly tebigy serişdelerine eýedikleri baradaky aýdan pikirlerini getirýär.
Täjigistanyň täzelikler saýtlary — «tj.sputniknews» hem-de «tajikistan24.com» internet serişdeleri howanyň üýtgemegi we tebigy heläkçilikleriň wehimlerini peseltmek meselelerine çynlakaý üns bermegi teklip eden Prezident Emomali Rahmonyň çykyşyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň 2025-nji ýyly «Buzluklary goramagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek, Buzluklaryň Bütindünýä gününi esaslandyrmak hem-de YHG-da Buzluklaryň halkara gaznasyny döretmek baradaky teklipleriniň goldanyljakdygyna ynam bildirildi.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi maglumat serişdesi hem halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekdi. Hususan-da, Russiýanyň meşhur «TASS» habarlar agentligi Gazagystanyň hökümet Baştutanynyň her ýurduň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, guramanyň çäklerinde söwda akymlaryny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagy teklip edendigini belledi.
YHG-nyň Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň işi, onda beýan edilen teklipler, forumyň çäklerinde geçirilen çäreler, hususan-da, ikitaraplaýyn duşuşyklar we YHG-nyň işewürlik maslahaty barada «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — «Mir 24» teleýaýlymy hem-de habarlar internet portaly, SNG.TODAY, Central Asia.news saýtlary, köp sanly beýlekiler jikme-jik habar berdiler.
«Duşuşykda köp sanly teklipler, peýdaly garaýyşlar we baha bermeler beýan edildi. Olar, gürrüňsiz, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlär. Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy YHG-nyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezdi. Onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryň iri hem-de täsirli düzüm bölegi hökmünde häzirki zaman dünýä we kontinental işlerine işjeň, netijeli gatnaşmaga ukyplydygyny subut etdi, durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, öňe gitmäge ýardam etmäge ukyplydygyny aýdyň görkezdi» diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemleýji çykyşyndan jümleleri getirdiler.
Hususan-da, Hytaýyň Sinhua habarlar agentligi sammitiň jemleri boýunça özünde agza ýurtlaryň sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlaryny jemleýän Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň biragyzdan kabul edilendigini habar berdi.
Görnükli halkara bilermenleriň belleýşi ýaly, bu resminamada YHG-a agza döwletler umumy geografiýany, taryhy we medeniýeti, şeýle hem artykmaçlyklary, serişdeleriň köpdürlüligini YHG-nyň giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmagy üpjün etmekde hemmetaraplaýyn ulanmagyň wajypdygyny nygtadylar.
«YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryny» hyzmatdaşlygyň esasy alty ulgamynda netijeli durmuşa geçirmek üçin ýardam bermäge özara gyzyklanma beýan edilendigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň bu alty ulgamyna söwda, ulag we aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de öndürijilik, durmuş üpjünçiligi we daşky gurşaw degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işleri mundan beýläk-de sazlaşykly alyp barmak üçin has berk binýady döretmäge gönükdirilen bu resminamany işläp taýýarlamaga gatnaşan ähli kärdeşlerine we bilermenlere minnetdarlyk bildirip, «bilelikde iň çylşyrymly wezipeleri çözmäge ukyplydygymyzy» nygtady.
«Häzirki döwürde, halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk şertlerde, bütindünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýynda biziň ýurtlarymyz özara ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jogapkärçiligiň, birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysallaryny, el-ele berip, öňe gitmäge taýýardyklaryny görkezýärler». Milli Liderimiziň bu sözleri forum tamamlanandan soňra dünýä maglumat torunda peýda bolan köp sanly teswirlerde aýratyn bellenildi.
Mahlasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede guralan we geçirilen 15-nji sammiti Türkmenistanyň bu guramada üstünlikli başlyklyk etmeginiň jemini jemläp, bilelikdäki mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmegiň meselelerini hem-de ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.
Okyjylarymyzyň dykgatyna ýetiren dünýä metbugatyna synymyzy jemlemek bilen, YHG-nyň giňişligindäki döwletleriň we halklaryň umumy taryhynda täze sahypanyň açylýandygyny, bu sebitiň asyrlarboýy Beýik Ýüpek ýoluny birleşdirendigini hem-de bu ýoluň Ýewraziýa yklymynda häzirki döwürde dostluk, parahatçylyk, ylalaşyk ýörelgelerinde döwrebap görnüşde dikeldilýändigini gypynçsyz aýdyp bileris.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48881?type=feed